Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy, bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisi Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady we alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşyny, durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy taýdan sagdyn ösüşini, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, döwrebap bilim almagyny, watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi barada alyp barýan ýadawsyz tagallalaryny we çagalaryň hukuklaryny goramakda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde gazanan üstünliklerini hem-de ata-babalarymyzyň pähim-parasatly, berk bedenli, arassa ahlakly, kesp-hünärli nesilleri kemala getirmekde döreden kämil ýörelgelerini, maşgala gymmatlyklaryny, haýyr-sahawatlylygy döwlet syýasatynyň derejesine çykarmakda we durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r  e d ý ä r :

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynydakmaly we ony mundan beýläk Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy diýip atlandyrmaly.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy     

G.Mämmedowa

Aşgabat şäheri.

2021-nji ýylyň 29-njymarty.

361-VI.

Resminamanyň mazmuny

Karar nomeri: 361-VI


Kabul edilen senesi:  29.03.2021 


Neşir edilen ýeri:


Çagyryş: VI