Mejlis 125 deputatdan ybarat bolup, olar saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan saýlaw okruglary boýunça bäş ýyl möhlete saýlanýarlar.
Mejlis:
1) Konstitusiýany we kanunlary kabul edýär, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizýär, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrýar;
2) Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak barada meselä garaýar;
3) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklamak barada meselelere garaýar;
4) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garaýar;
5) ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözýär;
6) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär;
7) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada meselelere garaýar;
8) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlaýar;
9) döwlet sylaglaryny döredýär, Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, oňa harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakýar;
10) döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny kesgitleýär;
11) halkara şertnamalaryny tassyklaýar we ýatyrýar;
12) Türkmenistanyň Döwlet serhedini we dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselelerini çözýär;
13) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar;
14) Konstitusiýa we kanunlar bilen Mejlisiň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.
Türkmenistanyň Mejlisinde 8 komitet hereket edýär:
Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky;
Kada-kanunçylyk baradaky;
Ylym, bilim medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky;
Ykdysady meseleler baradaky;
Durmuş syýasaty baradaky;
Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky;
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky;
Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky.
Türkmenistanyň Mejlisiniň alyp barýan köp taraplaýyn işinde esasy wezipesi halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermek bolan halkara we parlamentara işiniň meseleleri möhüm orun tutýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisinde dünýäniň onlarça döwletiniň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlary hereket edýär. Türkmenistanyň Mejlisi parlamentara assambleýalaryň birnäçesiniň işine işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Mejlisi dünýäniň abraýly parlamentara guramalary bolan ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň we Parlamentara Bileleşiginiň agzasydyr.