​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
02.03.2026

AHALTEKE BEDEWLERINIŇ DÜNÝÄDÄKI ŞAN-ŞÖHRATYNY ARTDYRYP

 

13-nji few­ral­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mejli­sin­de hormat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň gol çeken Ka­ra­ry­na la­ýyklyk­da, «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly diý­lip yg­lan edi­len 2026-njy ýylda at­çy­lyk we at­ly sport çä­re­leri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek boýunça gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry dö­re­dil­di hem-de onuň dü­zü­mi tassyklanyl­dy. Mu­nuň özi şan­ly ýy­lyň şy­ga­ry­ny giň­den dabaralandyrmak­da, be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň dün­ýä­dä­ki şan-şöh­ra­ty­ny has-da be­len­de gö­ter­mek­de no­bat­da­ky mö­hüm ädi­mi ala­mat­lan­dyr­ýar. 

Ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir raýatyň Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere dahylly bolup, oňa öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň uludan belleniljek şanly 35 ýyllygynyň çuňňur mazmunyny hem-de berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşlerini beýan edýär. Şanly ýylyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylandygy baradaky hoş habar täze üstünlikleriň nyşany hökmünde ählimizi buýsandyrdy. Bu üstünligiň şanyna «Galkynyş» toparynyň ýurdumyzyň Arkadag şäherine, paýtagtymyza, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň merkezlerine ýörişleriniň guralmagy, onuň halkara üstünliginiň giň gerimli toý dabaralary bilen şöhratlandyrylmagy şanly ýylyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň dowamynda «La Victoria» atçylyk toplumyna hem baryp gördi. Hormatly Arkadagymyz atçylyk toplumynyň bedewleri, olaryň saklanyş şertleri bilen tanşyp, bu ýerde atlary bäsleşiklere taýýarlamaga niýetlenen mümkinçilikler, seýisleriň iş tertibi bilen gyzyklandy. Bu iri toplumda atçylyk sporty boýunça bäsleşikleri guramak, atçylyk sportunyň konkur görnüşinden halkara ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertler bar. Bu ýerde konkur boýunça halkara bäsleşikler birnäçe aýlap dowam edýär. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň arasynda atçylyk sporty boýunça ýygjam gatnaşyklary ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy, özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipleriň öwrenilmeginiň möhümdigi bellenildi. 

Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda bolsa 2026-njy ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda behişdi bedewlerimizi wagyz etmek, ahalteke atlarymyzyň geçiriljek halkara ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere hem möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2026-njy ýylyň 11 — 23-nji awgusty aralygynda Germaniýanyň Aahen şäherinde geçiriljek «FEI World Championship — 2026» çempionatyna, sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynda boljak ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigine, Fransiýada, Beýik Britaniýada geçiriljek at bilen bagly çärelere gatnaşmagy gazanmagyň we olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. 

2015-nji ýylda kabul edilen «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamak boýunça işleri düzgünleşdirmekde möhüm ädim boldy. Kanunda atlary ösdürip ýetişdirmek, zooweterinariýa, ekologiýa we sanitariýa talaplaryny berjaý etmek, ylmy-barlag işlerini immunogenetiki barlaglaryň esasynda amala aşyrmak, at çapyşyklaryny guramak, okuw-türgenleşik we sport çäreleri geçirilen mahalynda adamlaryň we atlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, atlar üçin ot-iým öndürmek, atlary öri meýdanlarynda bakmak, köpeltmek, daşamak, tebigy şertlere uýgunlaşdyrmak, atçylykda seçgi-tohumçylyk işini, weterinariýa işini alyp barmak düzgünleşdirilýär. Mundan başga-da, synag çapyşyklaryny we atly sport ýaryşlaryny, atlaryň arasynda gözellik bäsleşiklerini guramak, atly syýahatçylyk, atlaryň gelip çykyşyny tassyklamak üçin genetiki barlaglary geçirmek, eminler kollegiýasynyň işi, atçylyk babatda geçirilýän ylmy-barlag işlerini amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň kanunçylyk taraplary beýan edilýär. Şeýle hem 2022-nji ýylda kabul edilen «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny sirk we sirk sungaty babatda döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny kesgitleýär. 

Sirk işiniň döwlet tarapyndan goldanylmagynyň görnüşlerini, şeýle hem raýatlaryň sirk sungaty babatda döredijilik isleglerini kanagatlandyrmaga we düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, ýurdumyzyň atşynaslarynyň we ussat çapyksuwarlarynyň bitiren işlerine hormat goýmak maksady bilen, «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly atlary döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu Kanunlar hem degişli ugurda alnyp barylýan köpugurly işleriň kanunçylyk esaslaryny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň döredijilik zehininiň we tebigat bilen sazlaşygynyň ýokary nusgasydyr. Halkymyzyň milli buýsanjydyr. Şoňa görä-de, halkymyz «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «Aty baryň ganaty bar» diýmek bilen, öz behişdi bedewlerine uly sarpa goýýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar 2026-njy ýyl üçin möhüm maksatlary özünde jemleýär. Çünki ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň, halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň nyşanydyr. Gündogar müçenamasynda ýylky ýyly güýç-kuwwaty, asyllylygy, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin tutanýerli erki aňladýar. Ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny, dünýä medeniýetiniň özboluşly hadysasy hökmünde ähmiýetini, olaryň gelip çykyşyny, arassa ganlylygyny, nesil dowamlylygyny saklamak babatda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! 

 

Azat SEÝDIBAÝEW, 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 

oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty