​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

TÜRKMENISTANYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY ROWAÇLANÝAR

 

Häzirki döwürde ýol-ulag düzümleri dünýä ykdysadyýetiniň «gan damarlary» hökmünde häsiýetlendirilýär. Sazlaşykly işleýän, kämil ulag düzümleri ählumumy ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Ulag ulgamy ýaşaýşyň derejesini gowulandyrmagyň, geljekki nesilleriň abadançylygynyň, dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyň we ony ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Ulag logistikasy ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde hem here­ket­len­di­ri­ji güý­je öw­rül­di.De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta we Gün­dogar — Gün­ba­tar üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­mak Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr. 

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ulag syýasaty özüneçekijiligi we maýa goýum işjeňligi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, şol sanda durnukly ulag ulgamynda ählumumy tagallalary goldamaga gönükdirilen başlangyçlary dünýäde giň goldaw tapýar. 2025-nji ýylyň dekabrynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyl­lar)» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edilmegi hem döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň barha rowaçlanýandygyny görkezýär. Bu wajyp halkara resminama 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijelerini öz içi­ne al­mak bi­len, 2024 — 2034-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň Awaza maksatnamasynda beýan edilen strategik ugurlary özünde jemleýär. Onda, esasan, 2026-njy ýyldan başlap, tutuş on ýylyň dowamynda halkara jemgyýetçiliginiň ünsüniň durnukly ulag düzümlerine gönükdirilmegi dünýä döwletleriniň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň täze belentliklere çykmagyna, harytlaryň we hyzmatlaryň elýeterliliginiň artmagyna ýardam berer. 

Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň syýasy meýdançasynda Durnukly ulagyň dostlary toparynyň döredilmegi hem-de bu Topara goşulmaga isleg bildirýän döwletleriň yzygiderli artmagy ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 

 

Begenç GURBANGELDIÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky 

komitetiniň agzasy.

 

ÝYLYŇ ŞYGARY TÄZE ÜSTÜNLIKLERE RUHLANDYRÝAR

 

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2026­-njy ýyl halkymyza sagdynlygy serpaý etjekdigine, ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe gitjekdigine, eziz Diýarymyzyň tebigy gözelliginiň, binagärlik keşbiniň has­-da artjakdygyna, dünýä döwletleri, goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli, dostlukly gatnaşyklaryň rowaçlanjakdygyna, kalby ýagşy arzuwlardan doly ýaşlarymyzyň halkara ders we sport bäsleşiklerinde öňdäki orunlary gazanyp, ýaşyl Tugumyzy has-da belentde parlatjakdygyna ynam döredýär.

Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda geçiriljek şanly senelere ýylyň başyndan taýýarlygyň görülmegi biziň her birimizi guwandyrýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, bu ýerde ýylymyzyň şanly wakalarynyň birine öwrüljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanşyp, özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi. Türkmenistanyň halk atşynasy Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň milliliklerini goramakda, olary nesilden nesle geçirmekde ýaşlarymyza nusgalyk mekdepdir.

 «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda atlary ösdürip ýetişdirmek, saklamak we olara ideg etmek, atlar üçin ot-iým öndürmek, atlary öri meýdanlarda bakmak hem köpeltmek, tebigy şertlere uýgunlaşdyrmak, atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işi, atçylyk babatda weterinariýa işi, at çapyşyklaryny we atly sport ýaryşlaryny, atlaryň arasynda gözellik bäsleşiklerini guramak, atly syýahatçylygy guramak, atlaryň gelip çykyşyny tassyklamak üçin genetiki barlaglary geçirmek, eminler toparynyň işi, atçylyk babatda geçirilýän ylmy-barlag işleri atçylyk işiniň görnüşleri hökmünde kesgitlenýär. Bu işleri durmuşa geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi mähriban halkymyzy has-da guwandyrýar. Eziz Diýarymyzda hünärine yhlasly seýisleriň, atşynaslaryň tagallasy bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri ösdürilip ýetişdirilýär. Halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän, türkmeniň toý-baýramlarynyň bezegine öwrülen bedewleri ýetişdirýän atşynaslary, seýisleri sylaglamak maksady bilen, 2015-nji ýylda «Türkmenistanyň halk atşynasy», 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlaryň döredilmegi türkmen halkynyň bu ajaýyp milliligini dowam etdirmekde özleriniň goşandyny goşýan adamlara hormat goýulýandygynyň güwäsi boldy. 

Ata-babalarymyz ýylky ýylyny adamlary öňe ymtylmaga, öz öňünde täze maksatlary goýup, olary üstünlikli amala aşyrmaga ruhlandyrýan döwür hasaplapdyrlar. Bedew — ýyndamlygyň, gözelligiň, hereketiň, zähmetsöýerligiň we wepalylygyň nyşany, täze menzillere, ösüşiň belentliklerine ymtylyşyň, sagdynlygyň alamaty. Bu ýyly ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde, jemgyýetçilik durmuşynda hem-­de ruhy­-ahlak ýörelgelerinde mähriban halkymyzyň işjeňliginiň artmagy bilen häsiýetlendirmek bolar. 

Goý, 2026-njy ýyl — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda agzybir halkymyza täze-täze üstünlikler ýar bolsun! 

 

Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy

 

 

ASYLLY ÝÖRELGELER DABARALANÝAR

 

Türkmen halkymyz müňlerçe ýyllyk şöhratly taryhynyň dowamynda parahatçylygy, dost-doganlygy, ynanyşmagy baş ýörelgeler hökmünde öňe sürüp, Ýer ýüzüniň halklarynyň bagtyýar durmuşynyň rowaçlanmagy üçin tagalla baryny edipdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby bu hakykaty ýene bir ýola dabaralandyrýan eserdir.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de 
pe­der­le­ri­mi­ziň bu yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri­ni üs­tün­likle­re bes­läp do­wam et­dir­ýän hormatly Prezidentimiziň gym­mat­ly ki­ta­byn­da Oguz han 
ata­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy ün­de­ýän pä­him-paý­has­la­ry­nyň aý­ratyn 
nyg­tal­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Kitapda ösüş­le­re bes­len­ýän 
za­ma­na­myzda ýur­du­my­zyň yna­nyş­mak, je­bis­leş­mek ar­ka­ly dün­ýä­de dost-do­gan­lyk gat­naşyk­la­ry­ny ýaý­baň­lan­dyr­mak­da nus­ga­lyk döw­le­te öw­rü­len­di­gi­niň nyg­ta­lmagy hem buý­san­dy­ry­jy­dyr. 

Bi­ta­rap­ly­gyň geç­mi­şi, şu gü­ni we gel­je­gi bi­rik­dir­ýän al­tyn 
köp­rü­di­gi­ne, halk­la­ry ag­zy­bir­li­ge, dost-do­gan­ly­ga, pa­ra­hat­çy­ly­ga, 
yna­nyş­ma­ga ça­gyr­ýan bu köp­ri­niň mi­ze­mez­li­gi­ni ga­zan­mak­da 
döw­le­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän iş­le­ri­niň bi­möç­ber­di­gi­ne ki­ta­by 
oka­nyň­da ma­gat göz ýe­tir­mek bol­ýar. «He­mi­şe­lik bi­tarap­lyk –mu­nuň özi bi­ta­rap­ly­gyň ýo­ka­ry gör­nü­şi bo­lup, bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hatçy­ly­gy we howp­suz­ly­gy gol­da­mak üçin uly müm­kin­çi­li­ge eýe­dir. Ge­lip çy­ky­şy 
bo­ýun­ça «yk­rar edi­len», gör­nü­şi bo­ýun­ça «he­mi­şe­lik», ma­ny­sy bo­ýun­ça «oňyn» häsi­ýe­te eýe bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­raply­gy bol­sa dün­ýä­de iň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li hal­ka­ra dü­züm bo­lan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan yk­rar edi­len, ta­ry­hy Ka­rar­na­ma bi­len ber­ki­di­len hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy­dyr. Ol öz göz­başyn­da türk­men hal­ky­nyň 
müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da baý­dak edi­nen pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, 
bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, yn­san­per­wer­lik ýa­ly be­lent adam­kär­çi­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni sak­la­ýar» di­ýip, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz aja­ýyp ki­ta­byn­da bel­le­ýär. El­bet­de, ýur­du­my­zyň he­mi­şelik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň düýp ma­ny-maz­mu­ny­ny, dün­ýä­dä­ki äh­mi­ýeti­ni, or­nu­ny şun­dan anyk, şun­dan çe­per gör­nüş­de, şun­dan ýo­ka­ry us­sat­lyk 
de­reje­sin­de açyp gör­kez­mek müm­kin däl­dir. Bu ki­ta­byň gym­mat­ly­ly­gy hem, şol aja­ýyp ha­ky­kat­da jem­le­nen­dir.

Per­man SA­PA­ROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň dur­muş sy­ýa­sa­ty 

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni.

PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR: NETIJELI DIALOG ÜÇIN AÇYK MEÝDANÇA

 

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galky­ny­şy döw­rün­de Türkmenis­ta­nyň alyp bar­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li, oňyn Bita­rap­lyk ýö­rel­ge­si­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de uly gol­da­wa eýe bol­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Bita­rap­lyk di­ňe bir hu­kuk 
ýag­da­ýy bol­man, eý­sem, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len deň­hu­kukly, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dürme­giň ne­ti­je­li gu­ra­ly­dyr» di­ýip bel­le­ýär. Deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­ly­gyň we dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň 
ös­dü­ril­me­gi­ni mak­sat edin­ýän hoş­ni­ýet­li döw­let sy­ýasa­ty­nyň dün­ýä bile­le­şi­gin­de uly gol­daw tap­ma­gy türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň üstünlikle­re bes­len­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk edýär. Ge­çen ýyl­la­ryň dowamynda, şol sanda Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da dur­mu­şa ge­çi­ri­len be­ýik iş­ler geljek­ki tu­tum­ly mak­sat­la­ry­my­zyň berk binýa­dy bo­lup dur­ýar. Ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» diý­lip atlandyrylan 2026-njy ýy­lyň hem ok­gun­ly ösüş­le­ri­ne ýol aç­ýar.

Hä­zir­ki zaman halkara gatnaşyklarynda parlamentleriň orny barha ýokarlanýar. Parlamentleriň öz döwletleriniň daşary syýasatyna işjeň goşulyşyp, halkara gatnaşyklaryň dürli meseleleri babatynda özara hyzmatdaşlyga gatnaşmaklary diplomatiýada täze bir ugruň — parlament diplomatiýasynyň döremegine getirdi. Parlament diplomatiýasy dünýäniň halklarynyň we ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Parlamentara guramalaryň sanynyň artmagy we olaryň arasynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, bu guramalaryň çäklerinde parlamentara gepleşikleriň giň gerime eýe bolmagy, degişli resminamalaryň kabul edilmegi halkara gatnaşyklar ulgamynda parlamentleriň ornunyň ýokarlanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiziň dünýä ýurtlary bilen parlamentara hyzmatdaşlygyň gerimini gi­ňeltmäge möhüm ähmiýet bermeginiň netijesinde, Türkmenistanyň Mejlisi bilen dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar işjeň häsiýete eýe bolýar we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda parlamentara gatnaşyklar di­ňe bir kanunçylyk tejribesini alyşmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä döwletleri bilen parahatçylyk we ynanyşmak dialogyny gurmaga hem giň mümkinçilikleri döretdi. Soň­ky ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisi parlament diplomatiýasyna işjeň gatnaşyp başlady we bu ugurda baý tejribe toplady. Şol bir wagtyň özünde milli parlament diplomatiýasynyň geljekki ösüş ugurlaryny anyk kesgitlemek üçin bu babatda dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesiniň ylmy esasda düýpli öwrenilmegi derwaýys meseleleriň birine öwrülýär. 

Türkmenistanyň Mejlisinde halkara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn hukuk binýadyny berkitmek, daşary ýurtlaryň parlamentleri, abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek boýunça meýilnamalaýyn işler döwrüň talaplaryna laýyklykda guralýar. Kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şeýle hem ýurdumyzyň goşulyşan halkara resminamalaryny, döwletara ylalaşyklaryny hukuk taýdan tassyklamak hakynda kanunlar kabul edilýär. Türkmenistan parlament diplomatiýasynyň esasy ugurlary hökmünde parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmegi, ýaş we zenan parlamentarileriniň işini goldamagy, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda hyzmatdaşlygyň gerimini gi­ňeltmegi ileri tutýar. 

Ýurdumyzyň Mejlisi Parlamentara Bileleşigiň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolup durýar. Mejlisiň deputatlary bu parlamentara  guramalaryň,  Garaşsyz Döwletleriň  Arkalaşygynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň maslahatlaryna, Ýewropa Bileleşiginiň Parlament Assambleýasynyň wekilleri bilen guralýan duşuşyklara we maslahatlara yzygiderli gatnaşýarlar. Olar parlament meýdançalarynda döwletimiziň Bitarap ýurt hökmünde öňe sürýän başlangyçlaryny we ýurdumyzda ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin döredilýän mümkinçilikleri halkara jemgyýetçilige ýetirýärler. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli milli parlamentde geçirilen «Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahatda hem döwletimiziň ynsanperwer syýasaty, bu babatda BMG-niň düzüm birlikleri bolan ÝUNESKO, ÝUNISEF we beýleki guramalar bilen durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde gazanan üstünliklerini we öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmagyň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar. 

Mejlisde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy «Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly tema boýunça geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar milli we halkara strategiýalara Bitaraplyk ýörelgelerini ornaşdyrmak, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini ýerine ýetirmek babatda hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek bilen bagly pikirleri beýan etdiler. Şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygy ilerletmekde oňyn tejribeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralan «Ugry kesgitlemek: Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» atly Parlament forumy ýokary netijeliligi bilen tapawutlandy. Bu forumyň esasy maksady deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin 2024 — 2034-nji ýyllar aralygynda Hereketleriň maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary, has takygy, parlament agzalaryna we işgärlerine Hereketleriň Wena maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi babatda esasy syýasy düşünjeleri bermekden, parlamentleriň Hereketleriň täze Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine netijeli goşant goşmaklary üçin esasy mümkinçilikleri döretmekden ybarat boldy.

Geçen ýylyň dowamynda Mejlisde birnäçe ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, parlament wekilleri hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen 70-den gowrak duşuşyk geçirildi. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýurdumyza sapar bilen gelýän ýokary derejedäki myhmanlaryň köp sanlysy kabul edilip, ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça özara pikir alşyldy. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisde dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň 51-si bilen ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlary hereket edýär. Mejlisiň wekilleri Katar Döwletiniň Doha şäherinde 
Türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň birinji mejlisine, şeýle hem Türkmenistan — Gruziýa parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygyna gatnaşdylar. 

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky  türkmen  wekiliýeti Ankara, Pekin hem-de Moskwa şäherlerine resmi saparlary amala aşyrdy, Daşkent şäherinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşdy. Şeýle hem milli parlamentiň wekilleri Brýussel şäherinde Mejlisiň Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy bilen bilelikde geçiren «Parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde Bitaraplygyň orny» atly ýörite mejlisine, Portugaliýa Respublikasynyň Porto şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji mejlisine gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisi Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Porto şäheriniň «Alfandego» kongresler merkezinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň we Bitaraplygyň ýörelgeleri» atly utgaşykly çäre geçirdi. Bu çärelerde Mejlisiň wekilleri Bitarap döwletimiziň hoşniýetli başlangyçlary, milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi we ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada çykyş etdiler. 

Geçen ýylyň dowamynda Mejlis bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna, Mejlis bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda 2026-2027-nji ýyllar üçin «Gender deň­ligini kanunçylykda ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek» boýunça iş meýilnamasyna gol çekildi. Türkmenistanyň Mejlisi BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde «Gender deňligini ilerletmek: gender deň­ligi babatda kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça Parlamentara dialog» atly çäräni geçirmegi göz öňünde tutýar. Onuň esasy maksady gender deň­ligini, zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça milli kanunçylyk ulgamyny halkara kadalara laýyk getirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýolbaşçy, hünärmen, telekeçi we işjeň raýat hökmünde durmuş-ykdysady ösüşe hem-de ynsanperwer gymmatlyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr. 

 

Enejan ATAÝEWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara 

we parlamentara aragatnaşyklar 

baradaky komitetiniň agzasy.

HUSUSY PUDAK — ÖZGERTMELERE ITERGI BERIJI GÜÝÇ

 

13-nji few­ral­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin 
mej­li­sin­de be­ýan edi­len mag­lu­mat­lar, ka­bul edi­len çöz­güt­ler, öň­de 
goý­lan mak­satlar döw­le­ti­mi­ziň «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap 
Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da-da 
ok­gun­ly ösüş­le­riň, dep­gin­li öňe­gi­dişlik­le­riň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar.

Ga­raş­syz Türkmenistanyň bu günki ykdysady ösüş nusgasy di­ňe bir çylşyrymly şertlere durnuklylygyny subut etmek bilen çäklenmän, eýsem, hil taýdan täze derejä çykmaga-da ukyplydygyny görkezýär. 2025-nji ýylda uzak möhletleýin milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly üstünlikler gazanyldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy giň­den belleniljek ýyl bolan 2026-njy ýyl üçin kesgitlenilen maksatlar bolsa berkarar Watanymyzyň has belent sepgitleri nazarlaýandygyna şaýatlyk edýär. 

2025-nji ýylda ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň bolup, munuň dünýä boýunça ortaça görkezijiden ýokarydygyny bellemek gerek. Şeýle üstünlik agzybir we jebis halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň, ýurdumyzyň ykdysady we döredijilik mümkinçilikleriniň netijesidir. Maliýe serişdeleriniň oýlanyşykly sarp edilmegi di­ňe bir ilatyň durmuş üpjünçiligi bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmäge däl, eýsem, täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga hem mümkinçilik berýär. 

Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşişi, tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolmagy, döwletimiziň uzak geljegi nazarlaýan, 
çuň­ňur oýlanyşykly ykdysady strategiýany öňe sürmegi ykdysadyýetde gazanylýan okgunly ösüşleriň açarydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika, gurluşyk, senagat, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, maliýe, söwda we işewürlik ýaly önümçilik ugurly pudaklardaky ösüşleriň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlary bilen sazlaşykly utgaşmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler syýasatynyň barha rowaçlanýandygyny görkezýär. 

Soň­ky ýyllarda halk hojalygynyň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barlan özgertmeler netijesinde, milli ykdysadyýetimiz di­ňe bir çig malyň eksportyna däl-de, eýsem, ýokary goşulan gymmata eýe bolan taýýar önümleri dünýä bazaryna çykarmaga ukyply ykdysadyýete öwrüldi. 2025-nji ýylda polimerler, mineral dökünler ýaly gazhimiýa önümleriniň eksport möçberleriniň artmagy munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Senagat pudagy hem ýurdumyzyň ykdysadyýetinde öň­debaryjy orunlara ymtylýar. Innowasion tehnologiýalara esaslanýan iri senagat kärhanalarynyň birnäçesiniň işe girizilmegi netijesinde pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakda uly öňegidişlikler gazanyldy. Aýratyn-da, ýe­ňil senagatda we gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde gazanylan tejribeler importyň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly harytlaryň önümçiligini artdyrmaga mümkinçilik berdi. Şunda döwletimiziň goldawyndan galkynýan hususy pudagyň eýeleýän orny aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sebäbi dünýä tejribesiniň gazananlaryny üstünlikli özleşdirýän telekeçiler häzirki döwürde di­ňe bir kiçi we orta işewürlik kärhanalaryny däl, eýsem, ägirt uly önümçilik 
toplumlaryny-da işe girizmek bilen, içerki bazaryň zerurlyklaryny üpjün edýän hem-de eksporta niýetlenen önümleriň önümçiligini üstünlikli ýola goýýarlar. 

On ýyl mundan ozal hususy pudakdaky maýanyň esasy bölegi söwdada jemlenen bolsa, häzirki döwürde türkmen telekeçileriniň üstünlikleri önümçilik we hyzmatlar ulgamy bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň öň­dengörüjilikli başlangyçlary netijesinde döredilip, hormatly Prezidentimiziň goldawyndan ruhlanýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri bilen aýakdaş gadam urýandygyny, hususyýetçiligiň ösüşlere bat berýän esasy hereketlendirijileriň birine öwrülýändigini görkezýär. 

Düzüminde 30 mü­ňe golaý agzany birleşdirýän iri işewürlik birleşmesiniň wekilleri bu günki gün oba hojalygy, senagat, gurluşyk, söwda we hyzmatlar ýaly ugurlarda netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Tarp ýerleri özleşdirip, miweli baglaryň, ekin meýdanlarynyň müň­lerçe gektaryny dolandyrýan, aňyrsy-bärsi görünmeýän ýyladyşhana toplumlarynda bol hasyl ýetişdirýän, häzirki zaman maldarçylyk toplumlaryny işe girizýän telekeçiler uly öňegidişlikleri gazanýarlar. Häzirki döwürde türkmen telekeçileri ýeten sepgitleri bilen ýokary tehnologik ugurlarda bäsdeşlige ukyplydyklaryny-da tassyklaýarlar. Gurluşyk pudagynda hususy pudagyň gysga döwürde ýeten derejesi özbaşyna uly söhbet. Soň­ky ýyllarda ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalary ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyndan başlap, çylşyrymly inženerçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine çenli ýoly geçdiler. Sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy we Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasy türkmen gurluşykçylarynyň ukyp-başarnyklarynyň halkara derejä çykandygyny subut edýär. Senagatçylaryň we telekeçileriň 
önümleriniň­dir ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň Halkara standartlaşdyryş guramasynyň (ISO) we beýleki abraýly düzümleriň sertifikatlaryna mynasyp bolmagy olaryň hil derejesiniň ýokarlanyp, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň artýandygyny görkezýär. 

Döwletimiziň hususy pudaga berýän goldawy, esasan, döwrebap kanunçylyk binýady, ýe­ňillikli karzlar, ýerleriň uzak möhletleýin kärendesine berilmegi ýaly şertlerde jemlenýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hususy pudaga uly ynam bildirýär. Bu hakykaty «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek wezipesiniň kesgitlenendiginde-de aýdyň görmek bolýar. 

Maksatnama laýyklykda, milli ykdysadyýetimize 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmegiň, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna iş orunlarynyň 5 müň 300-den gowragyny döretmegiň, umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny, bilim ojaklaryny ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigi hem mu­ňa mysal bolup biler. Şular bilen birlikde, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, ýurdumyzyň sebitlerinde gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek, ekin ýerlerini özleşdirmek, ilat üçin ýokary hilli önümleri öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek ýaly möhüm ugurlarda telekeçileriň öňünde wajyp wezipeler durýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri bu ugurdaky hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagyna güýçli itergi berýär. 

Täze taryhy döwürde telekeçilik ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýurtlara amala aşyrýan saparlarynda hususy pudagyň wekilleriniň yzygiderli gatnaşyp, dostlukly döwletleriň degişli düzümleri bilen türkmen işewürleriniň arasynda ylalaşyklaryň gazanylmagy mu­ňa aýdyň mysaldyr. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary hem döwletara hyzmatdaşlygyň rowaçlanmagynda işewürlik gatnaşyklaryna aýratyn ornuň degişlidigini ýene bir gezek tassyklady. Milli Liderimiziň bu ýerde geçiren duşuşyklarynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň işewür düzümleriniň arasynda geljegi uly bolan ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ýurdumyzyň senagat, oba hojalygy, energetika ýaly möhüm pudaklarynda amerikan kompaniýalarynyň innowasiýalaryny ornaşdyrmak, golf meýdançalaryny gurmak, atçylyk sportunda we syýahatçylykda tejribeleri baýlaşdyrmak bilen bagly başlangyçlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň anyk maksatlara gönükdirilendigini äşgär edýär. Şunuň bilen baglylykda, hususy pudagyň wekillerine hem 
öň­debaryjy tehnologiýalary, halkara hil standartlaryny, täzeçil tejribeleri ornaşdyrmak babatda oňaýly mümkinçilikleriň açylýandygyny bellemek gerek. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ykdysadyýetiň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülip, maýa goýum maksatnamalarynyň, durmuş ugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşmak bilen, ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi üçin pugta binýady döretmegi maksat edinýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, şol sanda hususy pudagyň belent maksatlarynyň rowaç almagyna giň ýol açýar. 

Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. 

 

Saparmyrat OWGANOW, 

Türkmenistanyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler 

partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty

ОПИРАЯСЬ НА ДУХОВНУЮ СИЛУ И МУДРОСТЬ ЖЕНЩИН

 

С приходом весны в нашей стране, как и во многих уголках мира, отмечается Международный женский день 8 Марта. И это не просто дань традиции, а глубокое понимание роли женщины как хранительницы очага, семейных традиций и духовно-культурных ценностей, как активного участника всех сфер жизни страны. Туркменистан последовательно проводит политику, направленную на всестороннюю поддержку  женщин, создание условий для их самореализации и развития. О базовых принципах государственной политики в области женского развития, о конкретных шагах, предпринимаемых для обеспечения равных прав и возможностей для женщин и мужчин, а также о перспективах дальнейшего укрепления роли женщин в туркменском обществе в интервью корреспонденту «НТ» рассказала депутат Меджлиса Туркменистана, член Комитета по законодательству и его нормам Дженнет ОВЕКОВА.

– Говорить о женщине и легко, и трудно. Великие художники слова, в том числе величайший классик туркменской поэзии Махтумкули Фраги, посвятили женщинам свои лучшие строки. Для туркменского народа женщина – это богиня мать. Она – воплощение мудрости, верности семейному очагу, нравственной чистоты. Не случайно Национальный Лидер Герой Аркадаг озаглавил свою книгу «Поклонение матери – преклонение перед святыней». Традиция почитания женщин у туркменского народа уходит корнями в далёкое прошлое. В те времена, когда поклонялись великой богине матери, богине земли и плодородия, воды и домашнего очага, женщину, дающую начало новой жизни, сравнивали с весной, которая также дарует миру новую жизнь своим приходом. 

«НТ»: И сегодня практически во всех странах международный женский день ассоциируется с наступлением весны и олицетворяет нежность и женскую красоту. А какова история этого праздника?

– Идея учредить особый день как повод для привлечения внимания к проблемам прав и равенства женщин и мужчин возникла в начале XX века. В 1910 году на конференции в Копенгагене этот праздник был учреждён как международный по своему характеру. В 1921 году на 2-й международной женской конференции было принято решение отмечать праздник 8 марта. В 1975 году, когда отмечался Международный год женщин, Международный женский день 8 Марта был внесён в календарь Международных дат ООН. Но с того времени, когда возникла идея учредить Международный женский день, этот праздник приобрёл новые важные черты. Сегодня, когда женщины наравне с мужчинами участвуют в управлении государственными и общественными делами, успешно трудятся во всех отраслях экономики, достигают высот в своей профессии или посвятили себя семье и детям, общество поклоняется женщинам как матери, труженице и одновременно как прекрасной половине человечества. Включив в календарь государственных праздников Международный женский день 8 марта, независимый нейтральный Туркменистан тем самым подчёркивает высокий социальный статус женщин в современном туркменском обществе, проявление уважения к женщине матери, женщине труженице, реальной заботы общества и государства о женщинах. 

«НТ»: За годы независимости женщины нашей страны стали влиятельной общественной силой, принимают активное участие во всех сферах жизни общества и государства и вносят достойный вклад в процветание страны. Тем не менее в национальной повестке остаётся вопрос достижения гендерного равенства. Каковы сегодняшние приоритеты?

– В соответствии с ратифицированными основополагающими конвенциями ООН, касающимися прав женщин, наше государство оказывает всемерное содействие в достижении равных прав и равных возможностей для мужчин и женщин. В стране принят Закон о государственных гарантиях обеспечения равных прав и возможностей женщин и мужчин, аспекты гендерного равенства закреплены в Семейном, Трудовом кодексах и практически во всех законодательных актах. В гендерную повестку дня Туркменистана сегодня включены вопросы, связанные с поддержкой материнства и детства, укреплением института семьи и повышением роли женщины в семье в целях сохранения семейных ценностей и культурных традиций по воспитанию подрастающего поколения, а также с активным участием женщин в реализации преобразований и реформ, с повышением их роли в укреплении межгосударственного сотрудничества, развитии социально-экономических связей, культурных, научных контактов. Через национальные социально экономические программы реализуются меры по охране материнства и детства, репродуктивного здоровья женщин, мужчин, подростков, созданию новых рабочих мест, повышению профессионального уровня женщин, стимулированию развития женского предпринимательства, расширению участия женщин в отраслях с высоким уровнем оплаты труда. Заслуживают внимания и такие достижения, как оплачиваемый отпуск по беременности и по уходу за ребёнком. 

«НТ»: Как государственная поддержка помогает женщинам адаптироваться к новым экономическим условиям?

– Возможность реализовать себя и свои способности, укрепить свой социальный статус женщинам помогает проводимая нашим уважаемым Президентом целенаправленная политика по поддержке предпринимательства. Многие женщины воспользовались этой поддержкой: одни взяли землю в долгосрочное пользование и выращивают сельскохозяйственные культуры, другие взяли льготный кредит и открыли швейные мастерские, цеха по производству ковров и ковровых изделий, по выпечке кондитерских и хлебобулочных изделий, пекарни по выпуску национальных видов хлеба, салоны красоты или салоны по оформлению свадеб и других торжеств и т.д. Причём не только в столице и административных центрах велаятов и этрапов. Немало сельских жительниц открыли своё дело у себя в небольших посёлках и сёлах. И успешных женщин, которые создали свой бизнес, в нашей стране с каждым годом становится всё больше и больше. 

«НТ»: Надо заметить, что это не только повышает доходы и социальный статус женщин, но и содействует возрождению традиционных видов декоративно-прикладного искусства, которое у туркменского народа достигло непревзойдённого совершенства.

– С кардинальными изменениями в экономике последовали и кардинальные изменения в сфере традиционных ремёсел. Туркменские женщины стали активно включаться в сферу ремесленного производства и поставили семейные традиции ковроткачества, изготовления кошмы, национальной женской одежды и ручной вышивки на предпринимательскую основу. Среди видов прикладного искусства первое место, безусловно, принадлежит ковроделию.  Мастерство изготовления ручных ковров столетиями передавалось туркменским девушкам из поколения в поколение и достигло высокого совершенства. Созданные мастерством и художественным осмыслением ручные работы туркменских женщин вбирают радость созидания новой жизни, их счастье и благополучие. У туркменских женщин вызывает большую гордость тот факт, что традиции туркменского искусства ковроделия внесены в Репрезентативный список нематериального культурного на следия человечества ЮНЕСКО. 

«НТ»: Вы упомянули, что в гендерной политике большое внимание уделяется укреплению института семьи и повышению роли женщины в семье для сохранения семейных ценностей и культурных традиций по воспитанию подрастающего поколения. Как именно видится повышенная роль женщины в контексте современных реалий?

– У туркменского народа с женщиной, её нравственностью непосредственно связаны честь и достоинство семьи. В туркменской семье существует нравственная школа отношения к девочке. С детства её стараются окружить вниманием и заботой. С этого начинается уважительное отношение к женщине. Вся сила любви туркмен к дочерям как к будущим матерям заключается в том, чтобы уберечь её красоту, честь и достоинство. Но вместе с тем любовь не исключает воспитания в ней трудолюбия, её учат искусству национальной вышивки, ковроделия, ведению домашнего хозяйства. В мальчиках воспитывают силу воли, трудолюбие, как защитников своей семьи. Сохранить и укрепить роль женщины как нравственную опору туркменской семьи – такую задачу ставит Президент Туркменистана перед общественностью. Ведь чем крепче семья, тем духовно богаче общество. Поэтому очень важно сохранить преемственность социальных, этических и нравственных норм, а также тех семейных традиций, на которых держится народ и которые служат отличительной чертой национального характера туркмен. Государство по достоинству оценивает подвиг многодетных матерей, которые своим примером показывают, как бережно нужно относиться к семейным ценностям и устоям, как воспитывать детей в лучших традициях нравственности. Женщины, родившие и воспитавшие восемь и более детей, удостаиваются почётного звания «Ene mähri».

«НТ»: Как в своей деятельности по достижению гендерного равенства Туркменистан сотрудничает с международными организациями?

– В этом вопросе наша страна сотрудничает с ООН и её структурами. Это Программа развития ООН, Фонд ООН в области народонаселения и развития, Региональный центр ООН по превентивной дипломатии для Центральной Азии, Детский фонд ООН. Сотрудничество также развивается в рамках парламентской дипломатии, Диалога женщин Центральной Азии и Диалога женщин Центральной Азии и России. В августе 2025 года в рамках Конференции ООН по развивающимся странам, не имеющим вы хода к морю, которая проходила в Национальной туристической зоне «Аваза», состоялась встреча женщин лидеров, организованная Секретариатом ООН совместно с Правительством Туркменистана. Тема встречи «От обязательств к переменам: женщины – двигатели Авазинской программы действий для развивающихся стран, не имеющих выхода к морю» содействовала выработке консультативного механизма для совершенствования положения женщин в этих странах и консолидации усилий ООН и стран в обеспечении прав и возможностей женщин и девочек. В декабре 2025 года в «Авазе» состоялась Международная конференция «Роль женщин в современном обществе: развитие международного сотрудничества на пути достижения Целей устойчивого развития», организованная Правительством Туркменистана и Благотворительным  фондом по оказанию помощи нуждающимся в опеке детям имени Гурбангулы Бердымухамедова совместно с ООН. Форум предоставил хорошую возможность обменяться мнениями по вопросам роли женщин в обществе и заложить основу для создания платформы сотрудничества с участием женщин на региональном и международном уровнях. 

«НТ»: Если сделать собирательный пресс-портрет современных туркменских женщин, то можно сказать так: целеустремлённые, деловые и энергичные, ответственные и преданные своему делу, активные участницы общественной жизни.  Высокопрофессиональные специалисты в своих сферах, они остаются заботливыми матерями, хранительницами домашнего очага, народных традиций и культурного наследия, их глаза излучают доброту и наполнены теплом и внутренней красотой. Поздравляем всех женщин Туркменистана с прекрасным праздником весны. Пусть радостью и вдохновением ваши сердца наполняет политика государства, в результате которой для женщин создаются условия, позволяющие реализовать свои права и возможности. Спасибо  за это нашему уважаемому Президенту. Каждая женщина присоединится к нашим пожеланиям уважаемому Президенту, а также уважаемому Национальному Лидеру здоровья, долгих лет жизни и дальнейших успехов в деятельности во имя процветания страны и благополучной жизни каждой семьи.

MAŞGALALARYŇ BAGTYÝARLYGY — ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ BINÝADY

 

Ykdysady, durnukly ösüşi gazanmakda ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny, maşgalalaryň abadançylygyny üpjün etmek wezipeleri öňe çykýar. Ösüş düşünjesiniň diňe bir innowasion özgertmeler bilen çäklenmeýändigi mälim ýagdaý. Ösüş düşünjesi tutuş taryhyň dowamynda öz ähmiýetini ýitirmeýändigini subut eden ruhy-ahlak gymmatlyklaryň, durmuş institutlaryň döwrebap äheňde dowam etmegini hem öz içine alýar. Ýaşuly we ýaş nesliň arasyndaky gatnaşyklar, milli döwletlilik ýörelgeleriniň we maşgala däp-dessurlarynyň dowamatlylygy öz gymmatlygyny ýitirmeýän ösüşleriň esasyny düzýän binýady bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen zenanlara hormat goýmak ýaly asylly ýörelgelerimiz täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. 

Şular barada gürrüň edilende, 2022-nji ýylyň maýynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň birnäçe halyçylary bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň käbesi, ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň dakylmagy Garaşsyzlyk ýyllarymyzda kemala gelen asylly ýörelgelerimizi dabaralandyrdy. 

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli özgertmeleriniň özenini döwletiň baş gymmatlygy hökmünde adam, onuň eşretli ýaşaýşy baradaky durmuşa ornaşdyrylýan işlerde öz beýanyny tapýar. Maşgala gatnaşyklarynyň hukuk binýadynyň berkidilmegi, goralmagy babatynda döwrebap kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde maşgalada är-aýal, nika, emläk gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylyşyna, çaganyň erkin ösüşine, terbiýelenişine, sosial goraglylygyna zerur ýaşaýyş şertleriň doly döredilendigini görüp bilýäris. 

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, ýurdumyzda döwlet kömek pullarynyň birnäçe görnüşleri, ýagny olar wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly, çaga doglanda berilýän birwagtlaýyn döwlet kömek puly, çaga üç ýaşaýança seretmek boýunça döwlet kömek puly, maýyplyk boýunça döwlet kömek puly we beýleki döwlet durmuş kömek puly tölenilýändigi nygtalýar. Türkmenistanda pensiýalaryň tölegleri üçin ýaşy boýunça pensiýa, gulluk ýyllary boýunça pensiýa, hünär pensiýasy, maýyplyk boýunça pensiýa, ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa, toplaýyş pensiýasy ýaly görnüşlerde bellenilýär. Kömege mätäç adamlara, raýatlaryň kesgitlenen toparlaryna Türkmenistanda ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmak hukugy bellenilýär. 

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan zenanlaryň hersine Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň talaplaryna laýyklykda, birwagtlaýyn pul baýragy berilýär. Şeýle hem şu Kodeksiň talaplaryna laýyklykda, çaga seretmek boýunça her bir çaga onuň üç ýaşy dolýança, döwlet kömek pullary tölenilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere: diş protezleri hyzmatlaryndan, jemgyýetçilik awtoulag serişdelerinden (taksiden başgasy), hormatly ada mynasyp bolan enelere we olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryna, ene ölen ýagdaýynda, onuň iň soňky çagasy kämillik ýaşyna ýetýänçä, suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukuk berilýändigi hakynda durmuş ýeňillikleri göz öňünde tutulýar. 

Garaşsyz Diýarymyzda sagdyn nesli kemala getirmegi hem-de maşgala gymmatlyklaryny sarpalamagy döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri hökmünde hemişe üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun! 

 

Merjen BORJAKOWA,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.

 

BELENT MAKSATLARYŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan taryhy tutumlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna bedew badyny eçilýär. Ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler döwlet durmuşyny pugtalandyrýar, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini berkidýär. Ähli ugurlarda işleriň döwrüň gazananlaryna laýyk derejede guralmagy öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň meýilnamalaryny talaba laýyk ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň jemine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň netijelerinden hem aýdyň görmek bolýar.

 Mejlisde geçen ýyl üçin bellenen maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň makroykdysady görkezijileriniň ýokary bolandygy barada bellenip geçildi. Bu hakykat ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň baş ýörelgesiniň esasynda ähli ugurlar babatda gazanylýan sepgitleriň durmuşy beýanydyr. 

«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen, taryhy döwrümiziň ýene-de bir şanly ýyly — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny döwlet durmuşynyň ähli ugurlary babatda üstünliklere beslemek ugrundaky meýilleşdirilen işlere badalga berildi. Maksatnamada şu ýyl üçin ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işler, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde, welaýatlarda durmuş-ykdysady, maýa goýum görkezijiler bellenilýär. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini  has-da gowulandyrmak, girdejilerini yzygiderli artdyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutulýar. 

Ýaşaýyş jaýlarynyň, umumy bilim, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň uly toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi, welaýatlarda we paýtagtymyzda köpsanly binadyr desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmagy, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, oňa laýyklykda awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz we elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberilmegi ýaly maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi buýsançly şygara beslenen ýylymyza üstünlikleriň ýar boljakdygyna ynamy berkidýär. 

Hormatly Prezidentimiziň döwletimizi bedew batly ösüşlere beslemek maksadyndaky ähli tutumlarynyň özeninde halkymyzyň abadan durmuşy, bagtyýar geljegi hakdaky aladalar öz beýanyny tapyp, taryhy döwrümizde «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatyň durmuş hakykatyna eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. Şeýle asylly işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, maksatly hem döwletli tutumlary mundan beýläk-de rowaç bolsun! 

 

Gurbangylyç DURDYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

TÜRKMEN-GRUZIN GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR

 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gynda ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na esas­lan­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de bar­ha ro­waç­lan­ýar. Hemişelik Bi­ta­rap ýurdumyzyň se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­ler­de para­hat­çy­ly­gy, howpsuzlygy üp­jün et­mek ýa­ly mö­hüm we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de uly tagal­la­lar ed­ýär. 

Ýurdumyz hal­ka­ra gatna­şyk­lar ul­ga­myn­da deňhukuk­ly we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň aý­dyň, açyk we dostluk­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne gyşarnyk­syz eýer­mek bi­len, yg­tybar­ly ta­rap hökmün­de uly ab­ra­ýa we yna­ma eýe bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bitarap­ly­ga esas­la­nan daşa­ry sy­ýa­sy ýö­rel­gele­ri iş ýü­zün­de hil we maz­mun taý­dan baýlaş­mak bi­len bi­le­lik­de, se­bit­de howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­me­giň, hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gyň tä­sir­li we ne­ti­je­li gu­ra­ly­nyň binýat­lyk esas­la­ry bo­lup hyz­mat edýär. Ýur­dy­my­zyň hä­zir­ki dö­wür­dä­ki der­wa­ýys me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan giňden gol­daw tap­ýar. 

Dün­ýä­niň en­çe­me döwletleri bi­len bir ha­tar­da, 1992-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan bilen Gruziýa­nyň ara­syn­da­ky ýo­la go­ýu­lan dost­luk­ly gatna­şyk­lar sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer ugur­lar­da ös­dü­ril­ýär. Golaýda Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýurdu­my­zyň we­ki­li­ýe­ti Gru­zi­ýa iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Sa­pa­ryň çäkle­rin­de iki döw­le­tiň ka­nunçy­ka­ry­jy edara­la­ry­nyň we­ki­li­ýet­le­ri­niň duşu­şy­gy ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­da ýur­du­my­zyň Gru­zi­ýa bi­len par­lamen­ta­ra gat­na­şyk­la­ra ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi we ony äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ösdür­mä­ge taýýar­dy­gy aý­dyl­dy. Ta­rap­lar iki ýur­duň ara­synda­ky hyzmatdaş­ly­gy iler­let­mek­de hal­ka­ra hukuk ul­ga­myn­da­ky öza­ra hereketle­re uly or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­le­di­ler. Şun­da par­la­ment diplomati­ýa­sy mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, ol hal­ka­ra ýag­daý­la­ra netije­li tä­sir et­mä­ge, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar­da yna­nyş­ma­gy di­kelt­mek üçin şertle­ri döret­mä­ge, halk­la­ryň öza­ra düşü­niş­me­gi­ne ýar­dam et­mä­ge, dür­li mil­let­li we sy­ýa­sy ga­ra­ýyş­ly adam­la­ryň ara­syn­da deň­hu­kuk­ly­ly­ga, öza­ra hor­mat goý­ma­ga esas­lan­ýan gat­naşyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga gönükdirilendir. Duşu­şy­gyň ahy­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si bi­len Gruziýanyň Par­la­men­ti­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Ylala­şy­ga gol çe­kil­di. Yla­la­şyk öza­ra hor­mat goý­mak we deň­lik ýörelge­le­ri­ne esas­lan­ýan par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gönük­di­ri­len­dir. Bu bol­sa par­la­ment de­re­je­sin­de ýurt­la­ryň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň çuň­laş­dyryl­ma­gy­na uly go­şant bo­lar. 

Ýur­du­my­zy dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň de­re­je­si­ne çy­kar­mak­da ýa­daw­syz ta­gal­la­lar ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­leri uzak bol­sun! Il-ýurt bähbit­li, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li alyp bar­ýan be­ýik iş­le­ri he­mi­şe rowaç­lyk­la­ra bes­len­sin! 

 

Çemen REJEPOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

1 2 3 4 5 6 7 ... 112