​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

Ekologiýa diplomatiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz özüniň parahatçylyk söýüjilikli we belent maksatly daşary syýasy ugruny yzygiderli dowam etdirýär. Dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen ýola goýlan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çäginde ykdysady, ulag, suw we energetika, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda adamzat jemgyýetiniň öňünde duran iň möhüm meseleler ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasynyň, Biologik dürlülik baradaky Konwensiýasynyň we beýleki halkara resminamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar we daşky gurşawy goramak boýunça netijeli başlangyçlary öňe sürýär. Häzirki wagtda bu ugurda amala aşyrylýan milli strategiýa Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş maksatlary hem-de ekologiýany goramak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, durnukly ösüş konsepsiýasy üç sany esasy ugry, ýagny ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlaryny birleşdirmegiň netijesinde peýda bolandyr. Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny gazanmak we suw serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasyny parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» syýasaty düzýär. Ýurdumyz energiýa, ulag-logistika, suw diplomatiýasy we ekologiýa ýaly möhüm meselelerde halkara başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.

Türkmenistan döwletimiziň halkara we sebit guramalary bilen dürli ugurlarda şeýle hem tebigaty goramak biologiýa taýdan köpdürlülik baradaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny, halkara kölleri goramak we ulanmak bilen baglanyşykly bilelikde amala aşyrylýan we beýleki birnäçe halkara hukuk resminamalary görkezmek bolar. Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly Konwensiýa, Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýa, Çölleşmä garşy göreşmek boýunça konwensiýa, Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşleriniň goralyp saklanylmagy boýunça Konwensiýa, Suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar konwensiýasy netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezýär. Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek, BMG-niň Suw strategiýasyny we Aral deňzi sebiti üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugruna öwürmek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça anyk wezipeler durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň degişli maddalarynda tebigy serişdeleri rejeli ulanmaga we daşky gurşawy goramaga döwlet gözegçiligi baradaky düzgünler berkidilip, döwrüň talaplaryna hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, işlenip taýýarlanylýar. Türkmenistanyň «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Agyz suwy hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Himiýa howpsuzlygy hakynda», «Galyndylar hakynda», «Öri meýdanlar hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Kanunlary, şeýle hem Tokaý we Suw kodeksleri hereket edýär we olar yzygiderli kämilleşdirilýär.

Türkmenistan ekologiýa meselelerine möhüm ähmiýet bermek bilen tebigy baýlyklary we biodürlüligi artdyrmaga, gorap saklamaga gönükdirilen netijeli çäreleri yzygiderli geçirýär.

Serdar GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy.

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ar­ka­dag­ly­ Gah­ry­man­ Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly­ baş­tu­tan­ly­gyn­da­ Ga­raş­syz,­ ba­ky­ Bi­ta­rap­ Di­ýa­ry­myz­da­ sag­dyndur­muş­ ýö­rel­ge­le­ri­ni­ ber­jaý­ et­mekbo­ýun­ça­ al­nyp­ ba­ryl­ýan­ döw­let­ syýa­sa­ty­ üs­tün­lik­li­ dur­mu­şa­ ge­çi­ril­ýär.­ Ýur­du­my­zyň­ dür­li­ mi­nistr­lik­le­rin­de we­ pu­dak­la­ýyn­ do­lan­dy­ryş­ eda­ra­laryn­da­ zäh­met­ çek­ýän­ il­deş­le­ri­mi­ziň ara­syn­da ­zy­ýan­ly­ en­dik­le­riň ­ýa­ra­maz tä­si­ri­ni­ dü­şün­dir­mek­li­ge,­sag­dyn­-durmuş,­ mil­li­ ah­lak­ ýö­rel­ge­le­ri­ni­ halk köp­çü­li­gi­ne­ ýe­tir­mek­li­ge­ ba­gyş­la­nylan ­wa­gyz­-ne­si­hat­ du­şu­şyk­la­ry­ yzy­gider­li­ ge­çi­ril­ýär.­ Go­laý­da­ Türk­me­nista­nyň­ söw­da­ top­lu­myn­da­ hem­ şeý­le wa­gyz-­ne­si­hat ­du­şu­şy­gy ­gu­ral­dy.

Wa­gyz­-ne­si­hat ­du­şu­şy­gyn­da ­edi­len çy­kyş­lar­da­ bel­le­ni­li­şi­ ýa­ly,­ hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýurdu­myz­da­ al­nyp­ ba­ryl­ýan­ sag­lyk­ syýa­sa­ty­nyň­ esa­sy­ mak­sa­dy ­ila­tyň­ sagly­gy­ny­ has­da­ go­wu­lan­dyr­mak­dan,­ her­ bir­ türk­me­nis­tan­ly­nyň­ aba­dan dur­mu­şy­ny­ üp­jün­ et­mek­den,­ adam öm­rü­niň­ do­wam­ly­ly­gy­ny­ art­dyr­makdan,­ ra­ýat­lar­ üçin­ sag­ly­gy­ go­ra­mak ba­bat­da ­hem­me­ta­rap­la­ýyn­ giň­ mümkin­çi­lik­le­ri,­ döw­re­bap­ şert­le­ri­ üp­jün et­mek­den,­ sag­ly­gy­ go­raý­şy­ hal­ka­ra öl­çeg­le­re­ la­ýyk­lyk­da­ ös­dür­mek­den hem­de­ in­no­wa­si­on­ teh­no­lo­gi­ýa­la­ra,­ öň­de­ba­ry­jy­ luk­man­çy­lyk­ yl­my­na­ wetej­ri­be­le­ri­ne­ esas­lan­ýan­ kä­mil,­ ýo­kary­ ne­ti­je­li­ sag­ly­gy­ go­ra­ýyş­ ul­ga­my­ny dö­ret­mek­den ­yba­rat­dyr.

Eziz­ Di­ýa­ry­my­zyň­ sag­ly­gy­ go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň­ öz­bo­luş­ly­ mil­li­ nus­gasy­ hal­ky­my­zyň­ kö­pa­syr­lyk­ sag­dyn-dur­muş­ ýö­rel­ge­le­ri­ni­ dün­ýä­niň­ bu ugur­da­ky­ öň­de­ba­ry­jy­ tej­ribe­le­ri­ bi­len­ bir­leş­dirýär.­ Mu­ňa­ my­sal­ edip,­ ene­-ma­ma­la­ry­my­zyň dür­li­ ösüm­lik­ otla­ryn­dan­ taý­ýar­lanan­ mel­hem­ler­den,­ ata-­ba­ba­la­ry­my­zyň at­ üs­tün­dä­ki­ oýunlar­dan­ we­ ta­ryh­dan gel­ýän­ beý­le­ki­ sag­ly­gy ber­kid­ýän­ dur­muş­ en­dikle­rin­den­ peý­da­la­nyp,­ dert­le­riň öňü­ni­ alan­dyk­la­ry­ny,­ ke­sel­le­re­ şy­pa ta­pan­dyk­la­ry­ny,­ bu­ gün­ki­ gün­de­ şol däp­le­riň­ döw­rüň­ iň­ tä­ze­ luk­man­çylyk­ tej­ri­be­le­ri­ bi­len ­ut­ga­şyp,­ il­deş­le­rimi­ziň ­sag­dyn dur­muş­da ­ýa­şa­ma­gy­na hyz­mat ­ed­ýän­di­gi­ni ­gör­kez­mek bo­lar.­

Mä­lim­ bol­şy­ ýa­ly,­ äh­li­ ýaş­da­ky­ raýat­la­ryň­ sag­ly­gy­ny­ go­ra­mak,­ ola­ryň hu­kuk­la­ry­ny­ hem­-de­ müm­kin­çi­likle­ri­ni­ gi­ňelt­mek,­ ada­myň­ ýa­şy­ bi­len bag­ly­lyk­da­ dö­räp ­bil­jek­ dür­li­ ke­sel­leriň ­öňü­ni­ alyş­ we ­be­je­riş­ iş­le­ri­ni­ ýo­la goý­mak­ döw­le­tiň­ iň­ mö­hüm ­we­zi­pele­ri­niň ­bi­ri­dir.

Bil­şi­miz­ ýa­ly,­ sag­ly­gy­ go­ra­ýyş­ ul­gamyn­da­ mak­sat­na­ma­lar­ hem stra­te­giýa­lar­ döw­rüň­ ta­lap­la­ry­na­ we­ Bü­tindün­ýä­ Sag­ly­gy ­Go­ra­ýyş­ Gurama­sy­nyň mas­la­hat­la­ry­na­ la­ýyk­lyk­da­ yzy­gi­der­li ka­bul­ edil­ýär.­ Jem­gy­ýe­ti­miz­de­ sag­lyga­ zy­ýan­ ýe­tir­ýän­ ýa­ra­maz­ en­dik­le­re gar­şy­ gö­reş­mek,­ hal­ky­my­zyň,­ aý­ratyn­da,­ ýaş­la­ry­my­zyň­ be­den­ we­ ru­hy taý­dan­ sag­dyn­ly­gy­ny ­ga­zan­mak ­üçin bi­möç­ber ­uly ­iş­ler ­dur­mu­şa­ ge­çi­ril­ýär.

«Ra­ýat­la­ryň­ sag­ly­gy­nyň­ tem­mä­ki tüs­se­si­niň­ tä­si­rin­den­ we­ tem­mä­ki önüm­le­ri­ni­ ulan­ma­gyň­ ne­ti­je­le­rinden­ go­ral­ma­gy­ ha­kyn­da­ky»­ Türk­menis­ta­nyň­ Ka­nu­ny­nyň­ ka­bul edil­me­gi­ tem­mä­kä­ gar­şy gö­reş­mek­ bo­ýun­ça­ ýurdu­my­zyň­ dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy­ or­ny­ eýele­ýän­di­gi­ni­ aý­dyň gör­kez­ýär.­ Ýur­du­myz dün­ýä­ de­re­je­sin­de tem­mä­ki­ önüm­le­ri­ni ulan­mak­da­ iň­ pes­ görke­zi­jä­ eýe­ bol­mak­ bi­len,­ yn­san­ sag­ly­gy­na­ zy­ýan­ ýe­tirýän­ bu­ we­him­den­ azat­ ýurt­ hökmün­de ­bellidir.

Ata­ Wa­ta­ny­myz­da­ «Sag­lyk»­ Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň­ esa­syn­da­ al­nyp ba­ryl­ýan­ giň­ ge­rim­li­ iş­ler­de,­ ga­za­nylýan­ üs­tün­lik­ler­de­ türk­men­ hal­ky­nyň Mil­li­ Li­de­ri,­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Halk Mas­la­ha­ty­nyň­ Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň­ «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ­ösüm­lik­le­ri» at­ly­ köp­jilt­li yl­my-­en­sik­lo­pe­dik­ ki­ta­by­nyň­ äh­miýe­ti ­hem ­örän­ ulu­dyr. Bu­ düýp­li ­yl­my iş ­ýur­du­my­zyň­ luk­man­çy­lyk­ yl­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ bi­len­ bir­ ha­tar­da­ dün­ýä fi­to­te­ra­pi­ýa­sy­nyň­ kä­mil­leş­di­ril­me­gine ­hem­ uly­ go­şant goş­dy.

Mäh­ri­ban­ hal­ky­my­zyň­ sag­ly­gy­ny go­ra­mak­ ug­run­da­ uly­ ta­gal­la­la­ry­ edýän,­ sag­ly­gy­ go­ra­ýyş­ ul­ga­myn­da­ giň öz­gert­me­le­ri­ dur­mu­şa­ ge­çir­ýän­ türkmen­ hal­ky­nyň­ Mil­li­ Li­de­ri,­ Türk­menis­ta­nyň­ Halk ­Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­zyň­ hem­-de Ar­ka­dag­ly­ Gah­ry­man­   Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry­ sag,­ ömür­le­ri­ uzak­ bol­sun,­ alyp­ bar­ýan­ asyl­ly­    iş­le­ri­ el­my­da­ma ro­waç­lyk­la­ra ­bes­len­sin!

Serdar ARAZOW,

Türk­me­nis­ta­nyň ­Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty, 

Mejlisiň Yk­dy­sady ­me­se­le­ler ba­ra­da­ky

­ko­mi­te­tiniň ­ag­za­sy.

С ЗАБОТОЙ О БУДУЩЕМ

Ежегодно 1 июня планета празднует Международный день защиты детей. В Туркменистане этот праздник имеет особое значение и отмечается с большим размахом. От всей души детям страны адресует своё поздравление Президент Туркменистана, подчёркивая, что эта дата является воплощением гуманистических ценностей – мира и дружбы. Торжества в Туркменистане в этот день демонстрируют приверженность страны идеалам Организации Объединённых Наций в сфере защиты прав и интересов детей, а также заботу о подрастающем поколении. Президент страны отмечает, что проводимые мероприятия ярко отражают достижения Туркменистана – страны процветания и благополучия.

Какие основополагающие принципы лежат в основе государственной политики, направленной на поддержку детства? Как реализуется эта политика на практике? Какие аспекты требуют повышенного внимания и дальнейшего развития, а также почему День защиты детей важен для каждого из нас? На эти и другие вопросы в интервью корреспонденту «НТ» отвечает Дженнет Овекова, депутат Меджлиса Туркменистана, член Комитета по законодательству и его нормам.

«НТ»: Учитывая международный характер праздника и его связь с правами детей, давайте начнём с истории праздника и важности Конвенции о правах ребёнка, которая является основным международным документом по защите детей.

– Идея праздника зародилась на Всемирной конференции в Женеве, посвящённой вопросам благополучия детей, где впервые был поднят вопрос об их защите. Официально праздник был учреждён в 1949 году парижским конгрессом Международной демократической федерации женщин, чтобы позаботиться о благополучии тех, кто лишился родителей и жилищ в военные годы. Впервые его отметили 1 июня 1950 года, торжества тогда прошли в 51 стране мира.

Главный международный правовой договор, защищающий права детей во всём мире, – это Конвенция ООН о правах ребёнка. Документ был принят Генеральной Ассамблеей ООН 20 ноября 1989 года. Конвенция определяет ребёнка как самостоятельную личность в возрасте от 0 до 18 лет и его права как права человека. Каждый ребёнок имеет право на выживание, здоровье и благополучие, обучение и развитие, на отсутствие дискриминации и на то, чтобы в полной мере реализовать свой потенциал, а также право быть услышанным.

Международный день защиты детей должен привлечь внимание общества к правам всех детей на планете. На международном уровне ими занимается Детский фонд Организации Объединённых Наций (ЮНИСЕФ).

«НТ»: туркменистан ратифицировал Конвенцию о правах ребёнка в 1994 году. Какие шаги на законодательном уровне были предприняты в туркменистане по реализации положений Конвенции?

– Защита детства – это гуманитарная основа и цель государственной политики Туркменистана. Она опирается на положения и принципы Конвенции о правах ребёнка, ценностные нормы и традиции туркменского народа, суть которых передаёт пословица «Сладок мёд, да дитя слаще». Положения Конвенции имплементированы в Конституцию, Закон о государственных гарантиях прав ребёнка, а также в Семейный, Трудовой кодексы, Законы об образовании, здравоохранении и другие. Закон о государственных гарантиях прав ребёнка закрепляет основные принципы и направления государственной политики. Туркменистан гарантирует равенство прав и свобод каждого ребёнка, проживающего на территории Туркменистана. Равные права ребёнка обеспечиваются законами и иными нормативными правовыми актами Туркменистана, общепризнанными принципами и нормами международного права. Приоритетом государственной политики в интересах ребёнка является обеспечение его наилучших интересов.

В области защиты прав и инте­ ресов детей Туркменистан активно сотрудничает с международными ор­ ганизациями, такими как ЮНИСЕФ и другие, обмениваясь опытом и внедряя лучшие мировые практики. Это позволяет стране оставаться на передовой в вопросах формирования благоприятной среды для подрастающего поколения и вносить свой вклад в глобальные усилия по обеспечению счастливого и безопасного детства для всех детей мира.

«НТ»: надо сказать, что наряду с законодательными мерами был реализован и широкий комплекс социально-экономических мер для осуществления норм, определённых в Конвенции о правах ребёнка и законодательстве страны.

– Заметный прогресс Туркменис­тана в деле создания благоприятной среды для благополучия детей под­ тверждают многие международные организации. Эти достижения включают в себя всеобщий доступ к квалифицированной медицинской помощи во время родов в Туркменистане, всеобщие вакцинации детей, повышение коэффициента исключительно грудного вскармливания, всеобщий доступ к бесплатному образованию, широкий охват дошкольными учреждениями, а также высокую готовность к школе. Система социальных гарантий включает пособия по рождению ребёнка, пособия на детей до трёх лет и пособия на детей с инвалидностью. В ряду особо важных достижений отмечается создание и деятельность Благотворительного фонда по оказанию помощи нуждающимся в опеке детям имени Гурбангулы Бердымухамедова.

«НТ»: скажите, а есть вопросы в отношении детства, которые требуют повышенного внимания и дальнейшего продвижения?

– Во всём мире существуют вопросы, которые касаются детей и которые до конца не разрешены. На достижениях и опыте предыдущих планов был разработан Национальный план действий по реализации прав детей в Туркменистане на 2023–2028 годы. Это государственный документ, направленный на защиту благополучия детей и обеспечение их прав в соответствии с Конвенцией ООН о правах ребёнка. Основные направления плана включают: обеспечение доступа к качественной медицинской помощи, здоровому питанию и чистой воде; развитие инклюзивного и качественного образования; защита прав детей, создание безопасной и здоровой окружающей среды для гармоничного развития. Нацио­ нальный план служит механизмом, который укрепляет координацию действий всех органов государ­ ственной власти и гражданского общества для реализации госу­ дарственной политики в области детства. Дальнейшего продвижения требует усиление ответственности взрослых, прежде всего родителей, школы, учителей в правильном воспитании, укреплении семейных ценностей. Немаловажным явля­ ется просвещение самих детей. В этой связи стало практикой, когда во время летних каникул депутаты Меджлиса проводят обучающие семинары для детей в Детских оздоровительных центрах.

В целом, говоря о государственной политике в области детства в Туркменистане, надо подчеркнуть, что это не просто набор мер, а целенаправленная, комплексная стратегия, пронизывающая все сферы жизни общества и направленная на раскрытие потенциала каждого ребёнка. Свидетельством достижений Туркменистана является дважды избрание в члены Исполнительного совета Детского фонда ООН (UNICEF) на период 2018–2020 годов и на 2024–2026 годы. Это избрание подтверждает признание усилий страны в реализации международных обязательств по защите прав детей.

«НТ»: Дети – это будущее любой страны и мира в целом. От того, насколько безопасно и гармонично они развиваются, зависит то, каким станет мир через десятилетия. Вот почему Международный день защиты детей – это не только праздник, но и глобальное напоминание нам, взрослым, о важности соблюдения прав детей на защиту, на семью, заботу и всестороннее развитие. Это призыв к каждому взрослому человеку проявлять заботу, внимание и участие не только к собственным, но и ко всем детям, нуждающимся в поддержке. Международный день защиты детей важен каждому человеку, так как защищает права детей на жизнь, здоровье и образование, подчёркивая, что благополучие каждого ребёнка – это фундамент здорового будущего всего человечества.

Беседу вела

Ирина ИМАМКУЛИЕВА.

УСПЕХИ ШЕЛКОВОДОВ СЕВЕРНОГО РЕГИОНА

Шелководство, являясь отраслью отечественного сельского хозяйства, ежегодно получает широкое и устойчивое развитие. Расширение площадей под тутовые плантации, использование качественных сортов грены, уход за гусеницами шелкопряда в соответствии с агротехническими требованиями – основа получения высокого урожая коконов. В этом плане ценный практический опыт накоплен арендаторами Сельскохозяйственного акционерного общества (САО) имени Садуллы Розметова этрапа Шават Дашогузского велаята.

В этом передовом хозяйстве в северном регионе страны успешно ведётся работа по увеличению объёма производства полноценных шелковичных коконов, эффективному использова- нию новых технологий в шелководстве, сдаче государству без потерь ценного сырья для текстильной промышленности. Высокими трудовыми показателями ознаменовали нынешний год арендаторы-шелководы САО имени Садуллы Розметова. Основной этап производства шелкопряда начинается весной. Особое внимание было уделено подготовке инкубаторов, где происходит активация грены шелкопряда. От их технического состояния напрямую зависит качество будущего сырья. Специалисты провели комплексную очистку и дезинфекцию помещений, обработку инкубаторов специальными растворами, а также проверили системы вентиляции и поддержания микроклимата.

В настоящее время в нашем многопрофильном хозяйстве трудятся 826 арендаторов-шелководов. В их числе одними из первых успешно выполнили личные договорные обязательства по сдаче государству полноценных коконов тутового шелкопряда шелководы Фахреддин Менглиев, Роза Матякубова и многие другие. Каждый из них сдал на приёмный пункт 110–150 килограммов ценного сырья для текстильной промышленности Туркменистана, что намного больше личных договорных обязательств.

Pасул САДУЛЛАЕВ,

заместитель председателя САО

имени Садуллы Pозметова,

депутат Mеджлиса Tуркменистана.

SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ BAÝRAMY

Türkmenistan durnukly ösüşiň, sagdynlygyň we sportuň ýurdy hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki sport diplomatiýasynyň, parahatçylyk söýüji başlangyçlarynyň we ekologiýa ýörelgeleriniň nobatdaky belent dabaralanmasy boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu baýramçylyk ýurdumyzda aýratyn şatlyk, dabaraly ýörişler we ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýär.

Welosiped diňe bir ulag serişdesi ýa-da sport guraly bolman, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, ekologik arassalygyň ajaýyp nyşanydyr. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde ekologik meselelere, howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge aýratyn üns berilýär. Şeýle şertlerde welosiped iň elýeterli, tygşytly we daşky gurşawa düýbünden zyýansyz ulag serişdesi hökmünde öňe çykýar. Ýurdumyzda guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişler ekologik medeniýeti kemala getirmekde, şäherlerimiziň howasynyň arassa saklanmagynda uly ähmiýete eýedir. Welosiped sürmegiň ekologiýa peýdasy atmosfera zyýanly gazlaryň bölünip çykmagynyň öňi alynýar, ykdysady taýdan tygşytlylygy, ýangyç we goşmaça harajatlary talap etmeýär. Şonuň ýaly-da, welosiped sürmek şaýollaryň ugrunda awtoulag dyknyşyklarynyň azalmagyna ýardam berýär.

Gündelik durmuşymyzda welosiped sürmek arkaly saglygymyzy berkidýäris. Lukmanlaryň bellemegine görä, yzygiderli welosiped sürmek adamyň ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar, gan aýlanyşygyny işjeňleşdirýär, nerw ulgamynyň dynç almagyny üpjün edýär.

Welosiped sporty adamyň fiziki taýdan kämilleşmegine, erkiň we durnuklylygyň terbiýelenmegine hem uly ýardam edýär. Ýurdumyzyň her bir künjeginde gurlup ulanmaga berlen döwrebap sport toplumlary, welosiped ýollary Gahryman Ark adagymyz yň we Ark adagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň saglygy baradaky çäksiz aladalarynyň anyk miwesidir.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda biziň welaýatymyzda hem köpçülikleýin ýörişler guralýar. Bu ýörişlere dürli kärdäki ildeşlerimiziň, ýaşlaryň gatnaşmagy halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, sagdyndurmuş ýörelgelerine ygrarlylygyny görkezýär.

Halkymyzy ak ýollardan diňe öňe gadam urmaga ruhlandyrýan, sportuň we sagdyn durmuşyň dabaralanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Aýnabat TOÝLYÝEWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

KÄRHANAMYZYŇ ÝEŇIŞLI GADAMLARY

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halk hojalygynda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler rowaçlanýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanyp, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndaky orny has-da pugtalanýar.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň iri pudagy bolan oba hojalygynyň çalt depginlerde we durnukly ösdürilmegine uly üns berýär. Ýurdumyzda pagtanyň, dänäniň, gant şugundyrynyň bol hasyly alynýar. Dokma senagatynyň kärhanalary üçin gymmatly çig mal bolan pagtanyň öndürilişine möhüm ähmiýet berilýär. Şu ýerde bir zady nygtamalydyrys. Garaşsyzlyk ýyllarynda pagtany gaýtadan işläp, bäsleşige ukyply taýýar önümleriň alynmagy döwletimiziň ykdysady ösüşinde aýgytly ädim boldy. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagyna itergi berdi.

Pagta arassalaýjy kärhanamyzda önümçilik talabalaýyk ýola goýlup, ýokary görkezijiler gazanylýar. Kärhanamyzyň bölümleriniň sazlaşykly işi pagtany gaýtadan işlemekde ýokary netijeleriň gazanylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Pagta gaýtadan işlenende alynýan süýümiň hili hemişe ýokary gözegçilikde saklanylýar. Kärhanamyzda geçen ýylyň pagta hasyly gaýtadan işlenilýär. Bu ýerde tehnologiki düzgün-nyzamyň berk berjaý edilmegi işimiziň ilerlemegine kuwwatly itergi berýär.

Türkmen ili hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şanly ýylymyzy uly üstünliklere beslemek maksadynda tutanýerli zähmet çekýär. Şu ýörelgä eýerýän kärhanamyzyň zähmetsöýer adamlary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy wakasy boljak Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň baýramyna mynasyp sowgatly barýarlar.

Kerwen ZYRRYÝEW.

Garagum pagta arassalaýjy kärhanasynyň

taýýar önümler we çig mal bölüminiň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.

AŞGABAT – AZIÝANYŇ MERJENI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly ösüşleriň röwşen ýolundan okgunly öňe barýan ýurdumyzda halkymyzyň döwrebap, abadan, asuda, erkana ýaşamagy barada uly alada edilýär. Türkmen halkynyň taryhy demokratik gymmatlyklaryny nazara almak bilen, türkmen döwletiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli we anyk maksada gönükdirilen işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň türkmen nusgasynyň, milli däpleriň we umumadamzat gymmatlyklarynyň, aýratyn hem adam we raýat hukuklarynyň, azatlyklarynyň erkin amala aşyrylmagynyň, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr diýip ykrar edilen binýatlaýyn ýörelgäniň hakykata öwrülýändigini «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bolup geçýän wakalarda hem görmek bolýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagtynda amala aşyrylýan giň gerimli işleri dünýä ýaýmak, döwletimiziň syýasy, durmuş­-ykdysady, ylym-­bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ornuny has­da ýokarlandyrmak, sebitde iri ylalaşdyryjy merkeze hem-­de Aziýanyň merjen şäherine öwrülen paýtagtymyzyň halkara abraýyny has­da belende galdyrmak maksady bilen, 2013-­nji ýylyň 25-­nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni döredildi. Şol wagtdan bäri hem her ýylyň 25­-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni hem­-de ýurdumyzyň ak mekdeplerini tamamlaýan uçurymlaryň «Soňky jaň» dabarasy uly ruhubelentlikde bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 24-­nji maddasynda «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir» diýlip bellenilmegi bilen ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezi bolup durýan Aşgabat şäheriniň konstitusion hukuk esaslary, şeýle hem 2016-njy ýylyň 26-­njy martynda kabul edilen «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kanunçylyk esaslary berkidilýär. Bu Kanun paýtagtymyzyň hukuk ýagdaýyny kesgitläp, Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň paýtagtynyň wezipelerini amala aşyrmagynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady şertlerini berkidýär.

Häzirki wagtda paýtagtymyz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary netijesinde ajaýyp keşbe eýe bolýar. Aşgabat halkymyzyň göz guwanjy, ýürek joşguny bolmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. 2013­-nji ýylyň 25-­nji maýynda ak mermer bilen örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda paýtagtymyz Aşgabadyň orun alandygyny, şeýle hem paýtagtymyzyň 2020-­nji ýylda Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigini, 2023-­nji ýylda ÝUNESKO­-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilendigini, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2024­-nji ýylyň 24-­nji maýynda Aşgabatda geçirilen nobatdaky mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilendigini, bulardan başga­-da gözel paýtagtymyzda ýerleşýän ençeme binalaryň dürli ýyllarda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini belläp geçmek has­-da ýakymly.

Aşgabat şäheriniň sebitde parahatçylyk dörediji merkeze, halkara ylmy-­amaly maslahatlaryň, sergileriň, sport bäsleşikleriniň geçirilýän ýerine öwrülendigi bellenilmäge mynasypdyr. 2025-­nji ýylyň jemleri boýunça paýtagtymyzda 190 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 160 sany umumybilim we mekdepden daşary edarasy, 21 sany sport mekdebi, 22 sany ýokary hünär bilim edarasy , 17 sany orta hünär bilim edarasy, 25 sany kitaphana, 6 sany teatr, 4 sany muzeý we 10 sany medeniýet öýi hereket edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap bilim­-terbiýe almagynda, milli medeniýetimize has içgin düşünmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Häzirki wagtda Aşgabat halkara çäreleriniň, maslahatlaryň geçirilýän ýerine, syýahatçylary özüne çekýän şähere öwrüldi. Aşgabat şäherinde syýahatçylygy ösdürmek ugrunda ýerine ýetirilen işler sanardan köpdür. Olaryň hatarynda myhmanhanalaryň, söwda we dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, döwrebap ulaglaryň hereket etmegi, türkmen milli gymmatlyklaryny synlamak üçin ýörite binalaryň, desgalaryň, mundan başga­da syýahat etmek üçin birnäçe ýerleriň bardygyny belläp geçmek bolar. Aşgabatda gurlan binalar, döredilen ýaşyl zolaklar, baglar, owadan we giň, arassa köçeler şäherimiziň görküne görk goşýar. Paýtagtymyzyň bahar güllerine beslenip oturan gündizleri, müň dürli öwşün atýan owadan gijeleri, gür baglyga bürenip oturan keşbi ynsan kalbyny gözellige besleýär.

2022-­nji ýylyň 22-­nji aprelinde Aşgabat şäherine Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin degişli halkara güwänama berlendigini bellemek gerek. Bu bolsa Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyny berkitmäge ähmiýet berýändigini, bu ugurda goşulan halkara resminamalaryna ygrarlydygyny, 2030­-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň meselelerini amal etmekde bitirýän işleriniň nobatdaky ykrarnamasy bolandygyny alamatlandyrýar.

Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi, toýlaryny uludan toýlamagy üçin şeýle mümkinçilikleri we şertleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize gözel paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň alkyşlary çäksizdir.

Nepes ROZYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

«ÝAŞYL» YKDYSADYÝET WE ZENANLAR: durnukly ösüşiň dabaralanmasy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan para­hat­çy­lyk sö­ýü­ji da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de Türkmenistanyň dün­ýä ýurt­la­ry bi­len dost­luk­ly we öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry bar­ha ber­ke­ýär. Ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gy da­ba­ra­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä jemgy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan giň gol­da­wa eýe bol­ýar. Bu hal­ka­ra tek­lip­ler di­ňe bir Wa­ta­ny­my­zyň däl, eý­sem, tu­tuş se­bi­tiň we dün­ýä­niň dur­nuk­ly­lygy­ny, howp­suz­ly­gy­ny hem-de gül­läp ös­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şun­da eko­lo­gi­ýa dip­lo­ma­ti­ýa­sy ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri hökmün­de çy­kyş ed­ýär.

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasadyndan kemala gelen halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri dünýä halklarynyň parahat we bagtyýar durmuşynyň kepilidir. Ýurdumyzyň parlamentara gatnaşyklarynyň barha rowaçlanmagy Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň hatyrasyna öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä derejesinde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna hem-de onuň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdy. Forumyň gün tertibiniň özenini ylym, bilim, ekologiýa durnuklylygy we emeli aň ýaly häzirki zamanyň möhüm ugurlarynda zenanlaryň ornuny berkitmek bilen bagly meseleler düzdi.

Häzirki zaman dünýäsinde «ýaşyl» tehnologiýalar we ekologiýa diňe bir ylmyň ösüş ugry däl, eýsem, tutuş adamzat jemgyýetiniň ykdysady we durmuş durnuklylygynyň özeni bolup durýar. Tebigy baýlyklary tygşytly ulanmak we daşky gurşawy goramak iň derwaýys wezipeleriniň hataryna girýär. Ýurdumyz bu ugurda dünýä bileleşiginiň öňünde jogapkärli hyzmatdaş hökmünde çykyş edip, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri hökmünde yglan etdi.

Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny goldamak bilen, Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýany we Pariž ylalaşygyny gyşarnyksyz berjaý edýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän Milli tokaý maksatnamasy we Aral deňziniň sebitindäki ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen başlangyçlar munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu çäreler diňe bir milli bähbitleri däl, eýsem, tutuş sebitiň ekoulgamyny geljekki nesiller üçin amatly ýagdaýda saklamagy maksat edinýär. Döwletimiziň durmuş-ykdysady strategiýasy ekologiýa talaplary bilen berk utgaşýar. Ýigrimiden gowrak halkara konwensiýalaryň agzasy bolan ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna energiýany tygşytlaýjy we daşky gurşaw üçin zyýansyz «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ýurdumyz anyk we netijeli ädimleri ädýär. Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyň çäginde ýörite «Ýol kartasynyň» kabul edilmegi we pudagara toparyň döredilmegi bu ugurdaky işleriň ulgamlaýyn häsiýete eýedigini subut edýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ekologiýa syýasatynyň berk kanunçylyk binýady kemala getirildi. Tebigy serişdeleri goramak we olardan rejeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kanunlarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmekde ygtybarly hukuk kepilligi bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Buhara şäherinde geçirilen Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna hem-de Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogyna gatnaşmagy ýurdumyzyň umumadamzat ähmiýetli meseleleri çözmek ugrundaky tagallalarynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Bu sapar Türkmenistanyň sebit we dünýä derejesinde ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekdäki işjeň ornuny görkezmek bilen bir hatarda, ýurdumyzda zenanlaryň hukuklarynyň goralmagy we olaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi baradaky döwlet syýasatynyň dabaralanýandygyny subut etdi.

Ýurdumyzyň halkara abraýyny beýgeldip, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Baýramgözel MYRADOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar

syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.

KONSTITUSION ÖZGERTMELERIŇ WE MILLI BUÝSANJYŇ MIZEMEZ NYŞANLARY

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­lygyn­da tä­ze sep­git­le­re ta­rap be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýar. Adam hu­kuk­la­ry go­ral­ýan hem-de Kons­ti­tu­si­ýa, ka­nun­la­ra da­ýan­ýan de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­let bolan eziz Wa­ta­ny­myz­da ösü­şiň tä­ze tap­gy­ryn­da ägirt uly öz­gert­me­ler amala aşy­ryl­ýar. Şanly senelere, taryhy wakalara beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hal­ky­myz buý­sanç­ly baý­ram­la­ryň bi­ri bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Döw­let baý­da­gy­nyň gü­nü­ni hem ýo­kary ru­hu­be­lent­likde giňden baýram etdi.

Türk­me­nis­tan Garaşsyzlygyna eýe bolan wagtyndan bäri ýylsaýyn belent sepgitlere ýetmek bilen, parahatçylykly ösüş ýolundan ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda demokratik özgertmeleri pugtalandyrmak boýunça tagallalar edilip, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär, giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan di­ňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarlaryny döwlet syýasatynyň baş ýörelgesi hökmünde kesgitlän, Konstitusiýasynda adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar eden ýurdumyzyň taryhyna şöhratly sahypalar ýazylýar. Beýik geçmişli türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda toplan baý taryhy tejribesiniň, täze eýýamda kemala gelen erk-isleginiň, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgeleriň esasynda amala aşyrylan konstitusion özgertmeler ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk binýadyny has-da berkitdi.

Pederlerimizden miras galan ýörelgelerden — ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmek däplerinden ugur alnyp, ilatyň giň gatlagynyň döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli möhüm çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Bu konstitusion özgertme raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goragynyň kepilliklerini güýçlendirmekde, halk häkimiýetliliginiň we döwlet dolandyryşynyň kämilleşdirilmeginde, döwletimiziň berkararlyk binýadyny pugtalandyrmakda taryhy wakadyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan halkara bileleşikde eýeleýän abraýly ornuny barha berkidýär. Ýurdumyzyň ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri, şol sanda ekologiýa, daşky gurşawy goramak, durnukly ulag, energetika, parahatçylygy üpjün etmek, halkara gatnaşyklarda dialog medeniýetini berkitmek boýunça öňe sürýän oňyn başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda öňe süren başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtamak gerek. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek barada öňe süren teklibi parahatçylyk, ynanyşmak we hoşniýetli hyzmatdaşlyk, özara bähbitlilik, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň halkara hukuk binýatlaryny berkitmekde örän derwaýys başlangyçdyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanuny, jemgyýetimiziň kanunçylyk-hukuk esaslarynyň gözbaşy we mizemez binýadydyr. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň ösüş derejesine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirildi, onda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçen taryhy ähmiýetli wakalar öz beýanyny tapdy. Öň­debaryjy dünýä tejribesiniň, milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasyny düzýän ýörelgeleriň ornaşdyrylmagy bilen, Konstitusiýamyz di­ňe bir mazmun taýdan däl, eýsem, gurluş taýdan hem düýpli özgerdildi. Munuň özi ähli ulgamlarda döwlet syýasatyny düzgünleşdirýän kanunlaryň kämilleşdirilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Esasy Kanunymyzyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işiniň dünýä tejribesine laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Geçirilen konstitusion özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ýola goýan we barha işjeň häsiýete eýe bolýan hyzmatdaşlygynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine-de giň ýol açyldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny, ösüş ýolunda gazanýan üstünliklerini, dünýewi we hukuk döwletini gurmagyň tejribesini parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Ýakynda halkyň bagtyýarlygynyň kepili bolan Konstitusiýanyň ähmiýetini göz öňünde tutup, parlamentleriň milli tejribelerini paýlaşmak, bilelikdäki hereketleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň parlamentleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda utgaşykly görnüşde «Konstitusiýa — ýurtlaryň ösüşiniň we jemgyýetiň abadançylygynyň hukuk kepili» atly maslahat geçirildi. Onda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bellenilýän günlerinde dostlukly döwletleriň, halkara guramalaryň wekilleri bilen hukuk ulgamynda iň gowy tejribeleri alyşmak, halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde Konstitusiýanyň, milli kanunçylygyň orny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň parlamentleriniň arasynda kanun çykaryjylyk işini döwrebaplaşdyrmakda durmuşa geçirilýän işler, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara we milli hukuk kadalarynyň utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan mukaddes nyşanlaryň biridir. Ýaşyl baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, halkymyzy galkyndyrýan, eziz Watanymyzyň bähbitlerine beýik maksatlara ruhlandyrýan buýsançly döwlet nyşanymyzdyr. Merdana halkymyzyň şöhratly taryhynyň bütin dowamynda baýdaga milli gymmatlyklaryň biri hökmünde uly sarpa goýlupdyr. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň we beýleki halkara guramalaryň, şeýle-de daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarymyzyň öňünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň, parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň, türkmen halkynyň milli galkynyşynyň, dost-doganlyk, hoşniýetli goň­şuçylyk däpleriniň, döwletliligiň, bitewüligiň nyşany hökmünde al-asmanda parlaýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli kanunçylygyň berk binýady döredildi, häzirki zaman kanunçylygynyň milli nusgasy kemala geldi. Bu günki gün ýurdumyzyň milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, ony döwrüň talaplaryna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Mejlisi öz esasy wezipesini kabul edilen maksatnamalary kanunçylyk taýdan üpjün etmekde, syýasy, ykdysady, hukuk ulgamlarynyň ösüş ugurlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we dünýä tejribesine laýyk getirmekde, kanun çykaryjylyk, parlament işini döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmakda görýär. Esasy Kanunymyza laýyklykda kabul edilýän kanunlar raýatlaryň syýasy, ykdysady we durmuş hukuklarynyň iş ýüzünde üpjün edilmegine uly goşant goşýar.

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygyny, nurana geljegini üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan tutumly işleriň baş maksady her bir adamyň bolelin, abadan durmuşda ýaşamagy, eziz Watanymyzyň ykdysady, döredijilik kuwwatyny has-da artdyrmak üçin netijeli zähmet çekmegi üçin şertleri döretmekden ybaratdyr. Goşa mukaddesligimiz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy bolsa bu işde biziň ählimizi belent maksatlara ruhlandyrýar. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli döwletliligimizi, beýik ösüşlerimizi dowamata atarýan Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Dünýägözel GULMANOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy.

1 2 3 4 5 6 7 ... 117