​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

SAHAWATLY ÝÖRELGELERIŇ HUKUK ESASY

 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz çykyşlarynda ýurdumyzyň raýat-hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şunda Türkmenistanyň Raýat kodeksinde halkara hususy hukugyna degişli kadalary hem beýan etmek barada berýän gymmatly maslahatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen «Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň esasynda amala aşyrylýan haýyr-sahawat işiniň kämil hukuk binýadyny emele getirmek maksady bilen, Raýat kodeksiniň borçnamalaryň aýry-aýry görnüşlerine dahylly kadalar beýan edilýän ikinji bölümine haýyr-sahawat işi bilen bagly kadalar bellenilýän täze, üçünji baby, şonuň ýaly-da, daşary ýurt raýatlarynyň ýa-da ýuridik şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da beýleki daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan halkara hususy hukugynyň kadalary beýan edilýän altynjy bölegi, jemi 61 sany täze maddalar girizildi. 

     Kodekse ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwerlik syýasatyna laýyklykda, täze goşulan bapdaˆfiziki we ýuridiki şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary öz beýanyny tapýar. 

     Şu Kanun bilen kodekse täze goşulýan altynjy bölekde fiziki şahsyň şahsy hukugyna düşünje berilýär, ýagny bu adamyň raýatlygy bolan ýurdunyň hukugy hasap edilýändigi, eger-de daşary ýurt raýatynyň Türkmenistanda ýaşaýan ýeri bar bolsa, ýurduň çäginde ýüze çykýan raýat-hukuk gatnaşyklary babatda onuň şahsy hukugy Türkmenistanyň hukugy bolup durýandygy, eger-de şahsda birnäçe daşary ýurtlaryň raýatlygy bar bolsa ýa-da şahsyň raýatlygy bolmasa, onda olaryň ýaşaýan ýeri bolan ýurdunyň hukugy şahsy hukuk diýlip hasap edilýändigi beýan edilýär. Şonuň ýaly-da, Kanunda  fiziki şahsyň hukuk ukyby, kämillik ukyby, adyna bolan hukugy, telekeçilik işi bilen meşgullanmaga bolan mümkinçiligi kesgitlenilende ulanylýan hukuk hem-de hossarlyk we howandarlyk babatda we  fiziki şahs nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilende we ölen diýlip ykrar edilende ulanylýan hukuk baradaky kadalar öz beýanyny tapýar. 

     Şeýle hem, ýuridik şahsyň şahsy hukugy, daşary ýurt hukugy boýunça ýuridik şahs bolup durmaýan daşary ýurt guramasynyň şahsy hukugy hem-de döwletiň daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklaryna gatnaşygyny düzgünleşdirýän kadalar berkidilendir. Ýurdumyzyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, gozgalmaýan we gozgalýan emläge eýeçilik hukugy we beýleki emläk hukuklary bu emlägiň ýerleşýän ýurdunyň hukugy boýunça kesgitlenilýär. Şonuň ýaly-da, geleşigiň görnüşine, sarp edijiniň gatnaşmagyndaky şertnama we zyýan ýetirilmegi netijesinde ýüze çykýan borçnamalar babatda ulanylýan hukuk, şertnamanyň taraplarynyň hukugy saýlap almagy, miras gatnaşyklary babatda ulanylýan hukugy kesgitleýän kadalar doly kepillendirilendir. 

     Ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadynyň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegi we daşary ýurt şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan hukuk esaslaryň berkidilmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan bu kanunyň işlenip taýýarlanylmagy barada gymmatly maslahatlaryny beren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, bu ugurdaky belent tutumlary rowaç bolsun! 

 

Rasul SADULLAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

BILIM — BAGTYŇ AÇARY

 

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip bellemek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, sagdyn ruhly, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, şeýle-de Watanymyza, il-günümize, milli ýörelgelerimize wepaly bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagalla edýär. Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň, okuw kitaplarydyr gollanmalaryň kämilleşdirilmegi we many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagy, ýaş nesiller üçin döredilýän giň şertlerdir mümkinçilikler hem şeýle tagallalaryň netijesidir. 

     Bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeler ulgamyň işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Bu hakykat 11-13-nji awgustda geçirilen pedagogik işgärleriň etrap usuly-amaly okuwlarynda has aýdyň duýuldy. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmelerini maksadalaýyk durmuşa geçirmek, hil taýdan täze derejä çykarmak, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, çagalaryň innowasion tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak başarnyklaryny we döredijilik ukyplaryny ösdürmek, olara hünär öwretmek babatda durmuşa geçirilmeli işleri maslahatlaşmakda we özara pikir-tejribe alyşmakda 14-nji awgustda geçiriljek öňdebaryjy bilim işgärleriniň etrap maslahatlarynyň ähmiýeti hem uludyr. 

     Bilim işgärleriniň maslahatyna Kaka etrabynda hem ýokary taýýarlyklar bilen gelindi. Onda etrabymyzyň bilim edaralarynda 2024-2025-nji okuw ýylynda alnyp barlan işler hem-de täze okuw ýylynda öňde duran wezipeler dogrusynda hasabatlar diňleniler, şeýle-de geçen okuw ýylynda aýratyn tapawutlanyp zähmet çeken bilim işgärleri sylaglanar. 

     Biz — bilim işgärlerini begendirýän zatlaryň biri-de ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň, şeýle-de Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda Konsepsiýasynyň hereket etmegidir hem-de olarda göz öňüne tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigidir. Munuň özi ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini, derejesini we netijeliligini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Özümiz üçin döredilýän döwrebap şertlerdir mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, bagtyýar ýaşlarda Watana, milli gymmatlyklarymyza hormaty we söýgini, ynsanperwerligi terbiýelemek we ösdürmek ugrundaky tagallalara mundan beýläk-de mynasyp goşandymyzy goşarys. Şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw edýäris. 

 

Gur­ban­gö­zel MU­HAM­ME­DO­WA, Ka­ka et­ra­byn­da­ky ýöriteleş­di­ri­len 21-nji or­ta mek­de­biň mü­di­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Mejlisi­niň de­pu­ta­ty.

Birleşen tagallalar — möhüm çözgütler

 

     BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda hususy kärhanalaryň we işewürleriň öndüren ýokary hilli önümleriniň sergisiniň guralmagy döwletimiziň önümçilik we ykdysady kuwwatyny dünýä ýaýdy. Bu forumda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler telekeçilik, maýa goýumlary çekmek, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek arkaly, söwda-haryt dolanyşygynyň gerimini giňeltmek, täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmak bilen bagly bolup, geçirilen çäreler tejribeleri alyşmakda, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meselelerini çözmekde ähmiýetli meýdança öwrüldi. Şeýle maslahatlaryň geçirilmegi az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan, şeýle-de kiçi ada döwletleri goldamakda, olara ýakyndan ýardam bermekde tagallalary birleşdirmek, ýüze çykýan meseleleriň çözgüdini ara alyp maslahatlaşmak, netijeli çözgüdi tapmak ýaly maksatlardan ugur alýar. 

     2024-nji ýylyn 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde «Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem şeýle maksatlary durmuşa geçirmekde aýratyn ähmiýetlidir. Bu Konwensiýa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üstaşyr söwda gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek bilen, onda deňiz portundan peýdalanmaga hem-de deňizde hereket etmäge mümkinçilik berilýändigi nygtalýar. «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygaryna esaslanyp geçirilen çäre ynsanperwer häsiýetleri, raýdaşlyk, arkalaşykly ýaşamak, hemaýata mätäji goldamak ýörelgelerini dünýä ýaýmak bilen bir hatarda, umumadamzat durmuşyna dahylly täze başlangyçlara hem özboluşly badalga boldy. 

     Goý, Diýarymyzy gülledýän, telekeçiligi goldaýan, halkymyzyň bagtyýarlygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, döwletli işleri uly üstünliklere beslensin! 

 

Tu­wak­gy­lyç Weliýew, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we telekeçi­ler par­ti­ýa­sy­nyň we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň orunba­sa­ry, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty.

PARLAMENT DIPLOMATIÝASY: ABADAN DURMUŞYŇ BÄHBIDINE

 

     Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len «Awaza» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da BMG-niň Deň­ze çykalgasy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji masla­ha­ty üs­tün­lik­li ta­mam­lan­dy. Onuň çäk­le­rin­de il­kin­ji ge­zek dür­li maz­mun­ly fo­rum­lar­dyr çä­re­ler hem gu­ral­dy. Şo­laryň arasyn­da Par­la­ment fo­ru­my-da bo­lup, mu­nuň özi hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de ka­nun çy­ka­ry­jy­ly­gyň hal­ka­ra işi bo­lan par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň barha uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­ny nobatda­ky gezek gör­ke­zen wa­ka öw­rül­di. Çün­ki dip­lo­ma­ti­ýa­nyň bu gör­nü­şi hal­ka­ra ýag­daý­la­ry sag­dyn­laş­dyr­maga, oňa ne­ti­je­li tä­sir et­mä­ge, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar­da yna­nyş­ma­gy di­kelt­mek üçin şert­le­ri dö­ret­mä­ge, halk­la­ryň öza­ra dü­şü­niş­me­gi­ne ýar­dam et­mä­ge, dür­li mil­let­li we sy­ýa­sy ga­ra­ýyş­ly adam­la­ryň ara­syn­da deň­hu­kuk­ly­ly­ga, öza­ra hor­mat goý­ma­ga esas­lan­ýan gatnaşyklary ýo­la goý­ma­ga esaslanýar. 

   

     Parlamentara gatnaşyklar kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bir hatarda, bu ugurda anyk işleri durmuşa geçirmek, dünýä derejesinde umumy meseleleri çözmek we beýleki möhüm ugurlar boýunça tejribe alyşmak üçin hem netijeli gurallaryň biri hasaplanýar. Parlament her bir ýurtda häkimiýetiň kanun çykaryjy şahasy bolmak bilen, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunlary kabul edýär. Şonuň ýaly-da, döwlet syýasatynyň işlenip düzülmeginde, ýerine ýetirilmeginde we oňa gözegçilik edilmeginde netijeliligi üpjün edýär. BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde ilkinji gezek Parlament forumynyň geçirilmegi bolsa ýurdumyzyň parlament diplomatiýasynyň uly üstünligidir. Munuň özi DÇBÖBD-niň arasynda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesine, Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjyna laýyklykda, parahatçylyk, dialog we ynanyşmak ýörelgelerini wagyz etmekde-de aýratyn ähmiýete eýe boldy. 

     Türkmenistanyň Mejlisiniň, BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasynyň Parlamentara Birleşik bilen hyzmatdaşlykda guran giň möçberli forumyna deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. DÇBÖBD-niň kanun çykaryjy edaralary bu döwletleriň geografik ýerleşişi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge gönükdirilen Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýär. Parlamentariler ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmäge, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýän milli kanunlaryň, syýasatlaryň kabul edilmegini hem-de ornaşdyrylmagyny üpjün edýärler. Şo­ňa görä, Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda gazanylan tejribäni paýlaşmak, parlamentarilere Hereketleriň Awaza maksatnamasyny amala aşyrmaga ýardam bermek üçin mümkinçilikleri döretmek, parlamentarileriň ýerli, milli we sebit derejesinde alyp barýan syýasy işi arkaly bu maksatnamanyň ýerine ýetirilmegini çaltlandyrmak maksady bilen, olaryň tejribe alyşmagyna ýardam bermek, deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň öz kanun çykaryjylyk we beýleki işlerine Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny girizmegi üçin anyk çäreler babatda maslahatlary işläp taýýarlamak hem-de paýlaşmak Parlament forumynyň esasy maksady boldy. 

     «Ugry kesgitlemek: deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» şygary astynda geçirilen forum öz işini «Wenadan Awaza: çözülmedik meseleler, toplanan tejribeler we täze mümkinçilikler», «Deň­ze çykalgasy bolmadyk ähli ösüp barýan ýurtlara ýaýraýan köptaraplaýyn söwda ulgamyny kemala getirmek we pugtalandyrmak», «Parahatçylygy, ynanyşmagy we hasabatly dolandyryşy döretmek: deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda durnukly ösüşe ýardam edýän şertler», «Parlament wekilleriniň ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen, Hereketleriň maksatnamasy boýunça gyzyklanma bildirýän taraplaryň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy» atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. Olara gatnaşyjylar parlamentarileriň kanun çykaryjylyk, wekilçilik we gözegçilik wezipeleri arkaly Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde eýeleýän ornuna ünsi çekdiler. «Parlamentler serişdeleri çekmekde, syýasatyň kanunçylyk binýadyny döretmekde we onuň berjaý edilişine gözegçilik etmekde möhüm orun eýeleýärler. Bu bolsa DÇBÖBD-niň meseleleri bilen baglylykda aýratyn wajypdyr» diýip, çykyş edenler biragyzdan bellediler. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda bu ýurtlaryň Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýüzbe-ýüz bolan esasy meseleleri barada-da durlup geçildi. 

     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisi Parlamentara Birleşigiň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolup, Ýewropa Parlamenti bilen ikitaraplaýyn dialogyň çäklerinde wekiliýetleriň yzygiderli duşuşyklary guralýar. Olar bilen parlament işini, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, bilelikdäki maksatnamalaýyn taslamalary durmuşa geçirmek babatda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy forumda eden çykyşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ýurdumyzyň umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň halkara gi­ňişlikde giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidigini nygtady. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bolsa parlamentarileriň kanun çykaryjylyk, gözegçilik işi we býujet çözgütleri arkaly ählumumy borçnamalary milli derejede durmuşa geçirmäge konstitusion ygtyýarlyklara eýedigini aýtdy. Hereketleriň Awaza maksatnamasy hem parlamentleri bu resminamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmäge, degişli kanunlary kabul etmäge we hiç kimiň çetde galmazlygyny üpjün etmäge çagyrýar.

     Parlamentara hyzmatdaşlyk dostlukly gatnaşyklaryň möhüm ugrudyr. Şonuň üçinde Hazaryň kenarynda geçirilen wekilçilikli maslahatyň çäklerinde guralan Parlament forumy deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde, özara hyzmatdaşlygy gi­ňeltmekde wajyp ädimleriň biri boldy. Awaza forumynyň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň halkara hyzmatdaşlykda has netijeli ugurlaryň ýüze çykarylmagyny, dostlukly döwletleriň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin tagallalaryň birleşdirilmegini üpjün etjekdigi şübhesizdir. Daşary döwletleriň parlamentleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň gazanýan üstünliklerini dünýä ýaýmak babatda döredýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. 

 

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW, Türk­me­nis­ta­nyň Mejlisiniň de­pu­ta­ty.

ÝOKARY DÖWLET SYLAGY

 

     2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň iň ýokary döwlet sylagy — «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanyldy. Sylaglamak dabarasy Awazada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň  Baştutanlarynyň  ýedinji  Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk çäreleriniň çäginde geçirildi. Ony Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gowşurdy.

     Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 5-nji awgustyndaky Permanyna laýyklykda, Şawkat Mirziýoýew bu ýokary sylaga türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy, iki halkyň arasynda dost-doganlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegi hem-de Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagyna goşan hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

     Gahryman Arkadagymyz Şawkat Mirziýoýewiň strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan aýratyn tagallalaryny nygtap, onuň Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna edýän goldawyna minnetdarlyk bildirdi.

     Dabarada Özbegistanyň Prezidenti:

 — Bu sylagy kabul etmek meniň üçin uly hormatdyr. Muny Özbegistana bildirilen aýratyn hormatyň we Merkezi Aziýada dostluk,  goňşuçylyk we ynamy  pugtalandyrmak boýunça edýän bilelikdäki tagallalarymyzyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde kabul edýärin — diýip aýtdy.

     Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2017-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparyny ýatlap, geçen ýyllarda iki döwletiň arasynda gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetendigini, iri ykdysady we ynsanperwer taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, özara söwdanyň möçberiniň ep-esli artandygyny belledi. Şeýle-de, ol sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň goşandyny aýratyn nygtady.

 — Häzirki wagtda halkara jemgyýetçiligi biziň sebitde täze hyzmatdaşlyk modelini döretmekde gazanan bilelikdäki üstünliklerimizi ykrar edýär. Bu — sebitiň ähli doganlyk döwletleriniň gazanan netijesidir — diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti  aýtdy.

     Çykyşynyň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew BMG-niň maslahatynyň hem-de şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara Sammitiň halklaryň ýakynlaşmagyna we dialogyň ösmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.

 

 Baýrammyrat Hajymämmedow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,  Mejlisiň durmuş syýasaty baradaky  komitetiniň agzasy.

ФОРУМ В АВАЗЕ ОБЪЕДИНИЛ МОЛОДЁЖЬ МИРА

 

     На живописном побережье Каспийского моря в рамках Третьей  Конференции ООН по развивающимся странам, не имеющим выхода к морю, состоялся Молодёжный форум на тему «Создание мостов мира и доверия для будущего развивающихся стран, не имеющих выхода к морю». Форум собрал молодых людей, специалистов в области молодёжной политики, представителей международных организаций и стал важной площадкой для налаживания диалога, обмена опытом и выработки совместных инициатив, подтверждая, что молодёжь играет ключевую роль в современном обществе. 

 

     Прежде всего была подчёркнута роль молодых людей как носителей новаторских идей, энергичных и целеустремлённых к позитивным переменам. Молодые люди из разных стран мира сегодня активно участвуют в разработке новых экономических, социальных и экологических решений. В этой связи особое внимание на Форуме было уделено необходимости создания платформ, где молодёжь может объединять усилия для решения региональных и глобальных задач. Именно такой платформой стал Форум в Авазе, который способствует созданию международного молодёжного диалога и развитию совместных позитивных инициатив. 

     Одной из центральных тем обсуждения стало международное сотрудничество. Участники высоко оценили вклад Туркменистана в развитие молодёжной политики, отметив  активное сотрудничество страны с ООН в этой сфере. Было подчёркнуто, что внешняя политика нейтрального Туркменистана способствует межкультурному диалогу и миротворческим инициативам с участием молодёжи. В этом контексте был отмечен Международный молодёжный форум «Диалог – гарантия мира», который прошёл в городе Аркадаг в 2023 году. По его итогам был учреждён Диалог молодёжи стран Центральной Азии, который получил своё продолжение на втором заседании в штаб-квартире ООН в Нью-Йорке в апреле 2025 года. Эти инициативы создают прочную основу для дальнейшего взаимодействия. 

     Форум в Авазе также послужил эффективной площадкой для дискуссий о достижении Целей устойчивого развития. ЦУР – это универсальная повестка для стран и народов всего мира. Участники отметили, что молодёжь Туркменистана активно вовлечена в реализацию ЦУР. Ярким примером этой деятельности является Программа «Молодые послы ЦУР», в рамках которой молодые люди становятся проводниками знаний о важности устойчивого развития в своих сообществах. 

     На фоне современных глобальных вызовов на молодёжь возлагается особая надежда. Она не просто будущее, а активный участник перемен, двигатель прогресса. Как подчеркнул Генеральный секретарь ООН Антониу Гутерриш, «молодёжь – это не завтрашний день, это сегодняшний день. Ваши голоса должны быть не просто услышаны – они должны стать руководством к действию». Эти слова, прозвучавшие на Форуме, вдохновили участников. 

     Участники Форума уделили внимание и тому, что 2025 год объявлен Генеральной Ассамблеей ООН «Международным годом мира и доверия». Это событие совпадает с 30-летием постоянного нейтралитета Туркменистана. Туркменистан, будучи нейтральной страной, активно продвигает программы и инициативы, направленные на мир и сотрудничество. В рамках «Группы друзей нейтралитета во имя мира, безопасности и устойчивого развития», созданной по инициативе Туркменистана на площадке  Сообщества  Наций, придаётся большое значение разрешению разногласий мирным, политико-дипломатическим путём и укреплению доверия между странами. 

     На молодое поколение возлагается серьёзная ответственность: принимать активное участие в реализации целей Международного года мира и доверия, продвигая идеи миролюбия, добрососедства и взаимопонимания через образование, труд и общественную деятельность. В этом контексте молодёжная дипломатия, основанная на уважении и диалоге, приобретает всё большее значение и становится одним из ключевых инструментов продвижения мира и устойчивого развития. 

     На Форуме была также отмечена роль Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули, которая является одним из крупнейших общественных объединений страны. Значимым достижением нашей организации стало её включение в Глобальное молодёжное сообщество ЮНЕСКО, что открывает новые перспективы для туркменской молодёжи, чья деятельность созвучна миротворческим инициативам Туркменистана. 

     Форум в Авазе убедительно продемонстрировал, что внешняя политика Туркменистана, основанная на постоянном нейтралитете и миролюбии, является надёжным фундаментом для развития международного сотрудничества и укрепления доверия между странами. Эти принципы, воплощённые в практические действия и инициативы, находят живой отклик в сердцах молодых людей со всего мира, создавая прочную основу для достижения Целей устойчивого развития и обеспечения мира на планете. 

 

Язполат КЕРИЕВ, председатель Центрального совета Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули, депутат Меджлиса Туркменистана

ÜSTAŞYR GEÇELGELER – TÄZE MÜMKINÇILIKLERIŇ ÝOLY

 

     Taryhymyzda altyn harplar bilen ýazylan, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça  üçünji Konferensiýasy uly ähmiýete eýe boldy. Onuň gün tertibinde häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň möhüm meseleleriniň birnäçesine seredildi.

                                                                              

     Bu forumda durnukly infrastruktura, üstaşyr geçelgeler we giň gerimli kommunikasiýa mümkinçilikleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler aýratyn orna eýe boldy. Durnukly infrastruktura diňe bir ýol-ulag gurluşy däl-de, eýsem bu ulgamyň ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen utgaşykly işlemegini üpjün edýän düzümdir. Täze ulag ýollarynyň gurulmagy, demirýol geçelgeleriň çekilmegi ýa-da halkara howa menzilleriň işe girizilmegi – olaryň her biri diňe bir bir ýurduň çäginde däl, eýsem, tutuş sebitde hem dünýäde söwda, maýa goýum we syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňeldýär.

     Türkmenistan bu ugurda giň möçberli taslamalary durmuşa geçirýär. Olaryň hatarynda «Lapis Lazuli» geçelgesi, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi, Türkmenistanyň çäginden geçýän köp şahaly awtomobil we demir ýol ugurlary we beýlekiler halkara hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetiň dünýä bazarlaryna utgaşmagyny çaltlandyrýar.

     Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de üstaşyr geçelgeler – sebitleýin bitewleşmegiň açary bolup durýar. Päsgelçiliksiz üstaşyr geçelgeleri döretmek, olaryň döwrebap enjamlaryň, sanly tehnologiýa ulgamlarynyň we hukuk taýdan ygtybarly binýatlaryň esasynda işlemegini üpjün etmek häzirki zaman ykdysady gatnaşyklarynyň talaby bolup durýar. Bu mesele esasan hem deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerleşýän döwlet hökmünde bu mümkinçilikden giňden peýdalanyp, öz çägini halkara ýük geçelgeleri üçin ygtybarly arabaglanyşyk merkezine öwürmekde düýpli we tutanýerli işleri durmuşa geçirýär.

     Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda çykyş eden döwlet we Hökümet ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri hem-de bilermenler infrastruktura maýa goýumlarynyň diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem bu ulgamyň syýasy durnuklylyk, sebit utgaşmasy hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly ugurlarda hem möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn bellediler. 

     Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň hatarynda – halkara bazarlara çykmakdaky päsgelçilikler, ýük daşamalaryň gymmatynyň artmagy we üstaşyr düzgün-tertipleriň çylşyrymlaşýan wagtynyň bardygyny görkezýär. Awaza forumyndaky özara maslahatlar we kabul edilen çözgütler bu kynçylyklary aradan aýyrmakda uly ähmiýete eýe bolup hyzmat eder. 

     Şeýle-de maglumat tehnologiýalarynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly ugurda sanlylaşdyrmak arkaly harytlaryň serhet üsti geçirilmegi, elektron resminamalar ulgamy, sanly logistika meýdançalarynyň döredilmegi ýaly çäreler üstaşyr geçelgeleriň netijeli işlemegini üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanda soňky ýyllarda döwrebap aragatnaşyk we internet ulgamlarynyň giňeldilmegi bu ugurda örän möhüm ösüşleriň bolandygyny görkezýär. 

     «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde ýokary derejeli duşuşyklar guralyp, olaryň hatarynda «Durnukly infrastrukturalary döretmek, kommunikasiýalaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we päsgelçiliksiz üstaşyr geçelgeleri döretmek» bilen bagly temasyna bagyşlanan duşuşyk hem boldy. Bu duşuşyga dünýäniň dürli künjeklerinden gelen döwlet wekilleri, halkara guramalaryň bilermenleri we hususy pudaklar gatnaşyp onda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan halkara logistikanyň döwrebap ösüşlerine seredildi. Onuň dowamynda çykyş eden wekiller deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň – şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň halkara bazarlara girmekde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

     Şunuň bilen baglylykda, tematik maslahatda şu teklipler öňe sürüldi:

- üstaşyr geçelgeleriň sanlylaşdyrylmagyny we maglumat alyş-çalşygyny çaltlandyrmagyny üpjün etmek;

- ulag-üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça sebitleýin ylalaşyklary giňeltmek;

- logistika düzümlerine maýa goýumlaryny çekmek üçin halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek;

- üstaşyr geçelgeleriň tizleşdirilmegi ugrunda netijeli hereketleri durmuşa geçirmek we başga-da birnäçe teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

     Şeýle-de duşuşykda çykyş eden wekiller dünýäniň birnäçe döwletleriniň bu ugurda gazanan tejribelerini aýratyn bellediler. Türkmenistanyň bu ugurda durmuşa geçiren ileri tutulýan işleri, ýurduň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleri diňe bir ýurduň içki ösüşine däl, eýsem dünýä ykdysady integrasiýasyna hem goşant goşýar. Türkmenistanda gurulýan täze demir ýollary, awtomobil ýollary, port we howa infrastrukturalary halkara ýük dolanyşygyny aňsatlaşdyrmakda we çaltlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. 

     «Durnukly infrastrukturalary döretmek, kommunikasiýalaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we päsgelçiliksiz üstaşyr geçelgeleri döretmek» atly tematiki tegelek stoluň dowamynda aýdylan pikirler we teklipler häzirki döwrüň ykdysady ösüşiniň möhüm binýadynyň halkara hyzmatdaşlyk arkaly durnukly, döwrebap we sanlylaşdyrylan infrastruktura ulgamynyň döredilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezdi. 

     Durnukly infrastruktura, giň kommunikasiýa mümkinçilikleri we päsgelçiliksiz üstaşyr geçelgeler — diňe bir ykdysady ösüşiň däl, eýsem döwletleriň arasynda ynanyşmagyň, hyzmatdaşlygyň guramaçysy bolup hyzmat edýär. Bu ugurda alnyp barylýan anyk ädimler häzirki we geljekki nesilleriň bähbitlerine hyzmat edip, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornuny has-da berkitmäge mümkinçilik berýär. 

     Foruma gatnaşyjylar mejlisiň dowamynda tanyşdyrylan öňdebaryjy tejribäniň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ulag infrastrukturasy ulgamynda maýa goýum taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

 

Serdar ARAZOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.

HALKARA GATNAŞYKLARDA TÄZE SAHYPA

 

     Bu gün­ki gün ady dün­ýä do­lan «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len Bir­le­şen Mil­letler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çykal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji masla­ha­ty hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de uly gy­zyk­lan­ma we ses­len­mä eýe bol­dy. 

 

    Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­na, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyl­ly­gy­na bes­len­ýän Hal­ka­ra parahatçy­lyk we yna­nyşmak ýy­ly­nyň dün­ýä möç­be­rin­däki uly wa­ka­sy­na öw­rü­len hal­ka­ra mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de en­çe­me çäreler hem ge­çi­ri­lip, olar döwlet­le­riň ara­syn­da dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny, ne­ti­je­li hyz­matdaş­ly­gy ös­dür­mek­de ýurdumyzyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ta­gal­la­lary ed­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di. 

    Awa­za­da ge­çi­ri­len Par­la­ment fo­ru­my hem dün­ýä jemgyýetçili­gi­niň üns mer­ke­zin­de bol­dy. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra dia­log üçin he­mi­şe açyk­dy­gy­ny no­batda­ky ge­zek aýan eden fo­rum­da He­re­ket­le­riň We­na maksatnama­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de al­nyp bar­lan iş­le­re, gazany­lan üs­tün­lik­le­re sel­jer­me ber­lip, He­re­ket­le­riň Awa­za maksatnama­sy­ny üs­tün­lik­li ama­la aşyrmak­da öň­de dur­ýan wezipe­ler ha­kyn­da gi­ňiş­le­ýin pi­kir al­şyl­dy. Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler, olar bi­len goň­şy döw­let­le­riň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­magyň gu­ra­ly hök­mün­de par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny we dia­lo­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça tejribe­ler hem-de stra­te­gi­ýa­lar ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan, Hereket­leriň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi­niň aýratyn uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi öw­ran-öw­ran nyg­ta­lan çy­kyş­lar ýur­du­my­zyň dün­ýä­de uly at-ab­ra­ýa eýe­di­gi­ni no­bat­da­ky ge­zek gör­kez­di. 

     He­re­ket­le­riň Awa­za mak­satna­ma­sy deň­ze çy­kal­ga­sy bolmadyk ösüp bar­ýan döw­let­ler­de dur­nuk­ly we inkl­ýu­ziw ösü­şi tiz­leş­dir­mä­ge ýar­dam ber­ýän ne­ti­je­li me­ha­nizm­le­ri özün­de jemle­ýän­di­gi, ösü­şiň tä­ze, yg­tybar­ly men­zil­le­ri­ni kes­git­le­ýändi­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň par­la­ment­le­ri­niň He­re­ket­le­riň Awa­za maksatnamasy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de mö­hüm or­ny eýeleýändik­le­ri­ni bel­le­mek ge­rek. 

     Umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li giň müm­kin­çi­lik­le­ri na­zar­laýan şeý­le uly fo­ru­myň Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da­ky «Awa­za» milli sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün edip, Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­raty­ny Ar­şa gö­ter­ýän Gah­ry­man Arka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, be­ýik iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun! 

 

Per­man SA­PA­ROW, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Dur­muş syýa­sa­ty ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni

UGRY KESGITLEMEK — DURNUKLY ÖSÜŞI ILERLETMEK

 

     Ählimize mälim bolşy ýaly, türkmeniň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, dünýäde BMG tarapyndan ilkinji we üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak  ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Ata Watanymyz tanalmaz derejede ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar. Şeýle ösüşleriň netijesinde belent sepgitlere ýetilýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sammitleriň, duşuşyklaryň, festiwallaryň, sergileriň, dürli görnüşli bäsleşikleriň we mundan başga-da milli hem-de halkara derejede guralýan dabaraly çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Şeýle çäreleriň biri BMG tarapyndan her 10 ýyldan geçirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň biziň ýurdumyzda, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi parahatçylyk söýüjiligi we dost-doganlygy öňe sürýän, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýan oňyn Bitaraplyk syýasatymyzyň bütin dünýäde dabaralanýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezýär.

 

     Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda guralan Parlament forumy kanun çykaryjy düzümleriň derejesinde häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda we olaryň oňyn çözgütlerini gözlemekde uly ähmiýete eýe boldy.

     Ýokary derejede guralan çäräniň «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» atly plenar mejlisine BMG-niň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary, dürli ýurtlardan parlament ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri gatnaşdy. Parlament forumynyň işi mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. «Wenadan Awaza: çözülmedik meseleler, toplanan tejribeler we geljege uzaýan ýollar» atly mejlisde Wena hereketler maksatnamasyndan Awaza hereketler maksatnamasyna geçmekde toplanan milli we sebitleýin tejribelere hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin täze mümkinçiliklere daýanmak bilen, geljegi nazarlaýan seljermeler berildi. Onda parlament wekillerine kanun çykaryjylyk, wekilçilik, gözegçilik we býujet wezipeleri arkaly Awaza hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmekde ygtyýarlyklaryň berlip bilinýändigi barada bellenildi. 

     «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraplaýyn söwda ulgamyny döretmek hem-de pugtalandyrmak» atly mowzuklaýyn mejlise gatnaşyjylar Bütindünýä söwda guramasynyň düzgünleriniň netijeliligini üpjün etmekde parlamentleriň eýeleýän ornuny ara alyp maslahatlaşdylar

     «Parahatçylygy, ynanyşmagy we jogapkärçilikli dolandyryşy pugtalandyrmak: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüşiň şertleri» ady bilen geçirilen mejlise gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda netijeli we inklýuziw dolandyryşyň jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmakda, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny we Durnukly ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmekde ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

      Forumyň jemleýji mejlisinde esasy pikirler hem-de maslahatlar ulgamlaşdyryldy. Bu bolsa Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde parlamentarileriň ornuny pugtalandyrmak üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemäge mümkinçilik berdi. 

     Umumadamzat bähbitli işlere badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik başlangyçlary rowaç bolsun!

 

Muhammetberdi GELDIMÄMMEDOW Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

1 2 3 4 5 6 7 ... 96