Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

PARAHATÇYLYK ÝÖRELGELERI ROWAÇLANÝAR

 

     Paýtagtymyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatyň geçirilip, oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 

     Sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk durnukly ösüşi üpjün etmekde strategik ähmiýete eýedir. Bu hyzmatdaşlyk söwda, energetika, ulag we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary öz içine alýar. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek diňe bir ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmak dialogyny hem pugtalandyrýar, bu bolsa durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. 

     Milli Liderimiziň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolmagy beýik işleriň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdan, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmekden, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary alyp barmakdan ybaratdyr. Ýurdumyz dünýä döwletleriniň ençemesi bilen ykdysady, medeni, gumanitar we ylym, bilim babatynda hyzmatdaşlygy giň gerimde ýola goýýar. Häzirki döwürde energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi sebitiň we dünýäniň ösüşi, umumadamzat bähbitleri üçin täze mümkinçiliklerdir. 

 

 

Merdan ORAZMEREDOW,

Türkmenistanyň Döwlet 

energetika institutynyň mugallymy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

05.05.2025 Giňişleýin

GADYMY ÝOLUŇ ŞÖHRATLY DOWAMATY

 

    Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze taryhy türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk ösüş ýolunyň beýikligini, dünýäde rejeli şan-şöhratyny gaýtadan ýüze çykaran aýratyn ähmiýetli döwürdir. Bu döwürde döwlet durmuşynda-da, jemgyýetçilik durmuşynda-da köp zat özgerdi. Durmuşyň özgerýän şertleri adamlaryň aň-düşünjesine, garaýyşlaryna belli bir derejede täsir etdi. Garaşsyz ösüşimiziň anyk maksatnamalary, ýurdumyzyň syýasatynda, ykdysadyýetinde, medeni-ynsanperwer ýörelgelerinde anyklygyň we kesgitliligiň ýüze çykmagy halkyň geljek baradaky ynamyny has-da berkitdi.

 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleridir maksatnamalary häzirki döwürde döwleti dolandyrmagyň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady ugurlarynda örän netijeli tejribe hökmünde nusgalyk ösüş ýoluna öwrüldi. Şunda halkymyz täze taryhymyzyň döwletlilik ýolunyň ösüşlere ukyply, döwrüň özgerişlerine çalt uýgunlaşýan döwrebap ýörelgelerini döretmekde we ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn şahsyýetlik derejesine bada-bat göz ýetirdi. Munuň özi dünýä jemgyýetçiliginiň hem nazaryndan sypmady. Öz döwründe daşary ýurtly meşhur syýasatçylaryň Milli Liderimiziň zehinli syýasatçy, başarjaň döwlet ýolbaşçysy hökmünde ornuna ýokary baha berip, Türkmenistanyň Prezidentiniň öz döwletini, öz halkyny siwilizasiýanyň gazananlaryna ýakynlaşdyrýandygy, munuň bolsa ýurduň abadançylygynyň hatyrasyna ösüşe barýan göni ýoldugy baradaky pikirleriniň örän dogrudygyny wagt görkezdi. Dünýä metbugatynda Milli Liderimiziň alyp barýan ýolunyň türkmen döwletini uly ýeňişlere ýetirjekdigi hakynda öňdengörüjilik bilen aýdylypdy. Türkmenistanyň diňe bir içerki ösüşde däl-de, halkara derejede ileri tutýan işiniň many-mazmunyndaky ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer döwlet syýasaty täze döwrüň garaýyşlary hökmünde öňe çykdy. Gahryman Arkadagymyzyň kemala getiren, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasaty ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň daýanjydyr, gazanýan ýeňişlerimiziň gözbaşydyr. 

     Häzirki döwürde dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, ylalaşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek wajyp wezipe bolup durýar. Halkara gatnaşyklardaky çylşyrymly ýagdaýlaryň çözgüdini tapmagyň aňsat bolmadyk şertlerinde Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Ählumumy

ösüşiň ýagdaýlary seljerilende, parahatçylygy üpjün etmegiň we ylalaşyk gazanmagyň şertleriniň syýasy-jemgyýetçilik çemeleşmeleriniň çygryndan has giňdigine hem-de çuňdugyna göz ýetirmek bolýar. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň MilliLideriniň häzirki döwürde dünýä gatnaşyklarynda ýüze çykýan özgerişleriň diňe birsyýasy garaýyşlary, ykdysady gatnaşyklary üýtgetmek bilen çäklenmän, eýsem, durmuş medeniýetine, jemgyýetiň ruhy durmuşyna, ylalaşykly ýaşamagyň ahlagyna wepelsepesine täsir edýändigi baradaky çuň manyly pikirine aýratyn üns bermek möhümdir. Gahryman Arkadagymyz bu ugurda täze özgerişleriň zerurdygyny nygtaýar. Şunda jemgyýetiň aňyýet, ruhy kämilligi bilenbagly iňňän derwaýys wezipäni çözmegiň jogapkärçiliginiň döwlet syýasatyndaky düýpli ornuna ünsli garamakzerurdyr. «Döwlet» diýen düşünje adamzatjemgyýetiniň öňde-soňda döreden iň kämil, iň adalatly, iň ýokary derejeli gurluşy bolup, döwletiň kämilligini kesgitleýängörkeziji hem onuň alyp barýan syýasatyna baglydyr. Döwletlilik düşünjesi, döwlet bilen halkyň arasyndaky gatnaşyklar, ilki bilen, hukuk taýdan kesgitlenilýärwe kanunçylyk arkalyaňladylýar. Munuň özi nazaryýet hemdurmuş babatda bu düşünjeleriň düýp manysyna anyklyk berýär. Şunda aňyýet işini, ynsanperwerlik ideýalaryny durmuşa geçirmegiň jemgyýetçilik ulgamlarynyň garamagyndaky iş diýlip hasaplanmagy kähalatda kadagiren düşünje bolupdurýar. Emma häzirki döwür bu garaýşa täzeçe çemeleşmegiň zerurdygyny äşgär edýär.

     Döwletiň ähli ugurlarda alyp barýan syýasaty, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine ýolbaşçylyk edýän dolandyryş, guramaçylyk düzümleriniň işleri, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny kadalaşdyrýan kanunçylyk, hukuk ulgamynyň işi jemgyýet bolup ýaşamagyň ilkinji şerti hasaplanýar. Şunuň bilen birlikde, döwletiň wezipe çygrynda raýatlaryň aňyýet, ruhy sazlaşygy baradaky tagallanyň möhüm ornunyň bolmalydygyny «maglumatlar asyrynyň» ösüş ýagdaýlary aýdyň görkezýär. Munuň özi adamzat jemgyýetiniň geljeginiň kepilligini üpjün etmek derejesindäki jogapkärli wezipe bolup durýar. Döwletiň, tutuş ýurduň, jemgyýetiň maksada okgunly, kadaly ösüş ýoluny dowam etdirmegiň esasy şerti döwlet bilen halkyň arasyndaky jebislik bolýan bolsa, döwletiň daşary syýasatynyň netijeliligi hem her bir ýurduň jemgyýetçilik, syýasy, durmuş taýdan durnuklylygyna köp derejede baglydyr. Şoňa görä-de, döwletiň alyp barýan medeni-ynsanperwer syýasaty derwaýys ugurdyr. 

     Üçünji müňýyllygyň ýaşaýyş şertleriniň «maglumatlar asyrynyň» ösen derejesi netijesinde düýpli özgerýändigini bellemek bilen, ýene bir durmuş hakykatyna üns bermek zerurdyr. Şertler näderejede özgerse-de, ynsan öz duýgy-düşünjesi, ruhy-aňyýet ýagdaýy babatda tebigy durkuny saklap galýar. Adamyň maddy we ruhy islegleri, ymtylyşlary, bu ugurdaky tagallalary öňküligine galýar. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň: 

     Sözlär bolsaň ýagşy sözle,

     Halk ýamanyň bizarydyr­

diýen setirleri-de adam ruhunyň hiç haçan özgermeýän içki özeniniň manysyny çözleýär. Düşnükli, sadalyk bilen aýdylýan bu pikirde adamzat ýaşaýşynyň beýik hakykaty hem-de adam aňyny dogry ýola gönükdirýän güýç bar. Ol duýgy güýjüdir. Ynsanlary ýagşy sözlemäge, haýyr işlere iterýän, ýürekden we aňdan gaýdýan şol güýji oýarýan köp aňyýet ulgamlary bar. Ylahyýetiň, sungatyň, medeniýetiň, edebiýatyň, halk döredijiliginiň müňýyllyklaryň dowamynda döredilen umman ýaly çäksiz hazynasy tutuşlygy bilen pany dünýäniň «ynsan» atly gudratynyň ruhuna, aňyna, duýgy-düşünjesine gönükdirilen bolsa, adam aňynyň iň belent ideýalary ynsanperwerligi ündeýän bolsa, ýaşaýşyň baky ýoly hökmünde adalatyň dowam etmegini nesihat edýän bolsa, onda bu beýik adamkärçilikli maksadyň hemişe we hemme zatdan ýokarda durmalydygy düşnüklidir. Bu düşünje halkara gatnaşyklar babatda-da esasy çelgi bolmalydyr. 

     Elbetde, dünýä ösüşinde, döwletleriň gatnaşygynda kähalatda bäsdeşligiň we bähbit aramalaryň netijesinde käbir meseleleriň ýüze çykýan halatlary bolýar. Bitarap Türkmenistan döwlet syýasatynda şeýle meseleleri çözmegiň hemmeler üçin haýyrly ýollarynyň medeniýete hem-de ahlaga bagly bolmalydygy baradaky başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şoňa görä, Milli Liderimiz dünýäde syýasatyň ahlak tarapyna üns bermelidigi baradaky pikiri hemişe nygtaýar. Syýasat nähili mazmunda, nähili derejede alnyp barylsa-da, haýryň haýyr bolup galýandygyny, şeriň bolsa hemişe şer bolup galýandygyny döwrüň täze filosofik garaýşy hökmünde öňe sürýär. Diýmek, Gahryman Arkadagymyzyň paýhas-parasatlylyk, öňdengörüjilik bilen işläp taýýarlan we durmuşa geçirýän, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän döwletlilik ýörelgesiniň çylşyrymly dünýä ýagdaýlarynyň häzirki pursatlarynda ösüşiň we durnuklylygyň ajaýyp nusgasy hökmünde öňe çykmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan içeri hem daşary syýasatynyň beýik gazananydyr. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlaryň ynsanperwer maksatlaryna beslenen bu döwlet syýasatynyň netijeliligini we döwrebaplygyny ýurdumyzyň yzygiderli ösüşleri aýdyň görkezýär. 

     Ählumumy ösüşde köp zat özgerýär. Şol sanda geosyýasy, geoykdysady gatnaşyklaryň hilinde-de täzeçe garaýyşlar adat bolup gelen ugur-ýollara özgerişlik girizýär. Ählumumy ösüşiň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ornunyň ýokarlanýandygy halkara gatnaşyklardaky möhüm özgeriş bolup durýar. Gözbaşyny gadymy taryhy köklerden alyp gaýdýan türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň döwrüň talaplary bilen sazlaşýan gymmatly tejribesi bu günki gün eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny halkara derejede belende galdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkyň ruhy-aňyýet mirasyna, türkmen taryhynyň beýik tejribesine, nusgalyk ýoluna daýanýan döwlet syýasatyny döwrüň ösüş belentligine çykarmagynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmeniň milli ösüş ýoluny häzirki zaman dünýä tejribesi bilen has-da baýlaşdyrmagynyň halkara syýasy-ykdysady giňişlikde hyzmatdaşlyk üçin örän ygtybarly merkeziň döremegine, ösen döwletleriň ünsüni özüne çekýän sebit derejesine ýetmegine uly ýardam berýändigini bellemek zerurdyr.

      Halkara gatnaşyklarda we özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli ýola goýmakda diňe bir ykdysady mümkinçilikleriň ýeterlik däldigini, ilki bilen, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň zerurdygyny, hiç bir päsgelçiliksiz öňe gitmek, bagtyýar durmuşy, okgunly ösüşleri üpjün etmek üçin dünýä syýasatyny ynsanperwerleşdirmegiň ähli ugurdaky gatnaşyklaryň esasynda durmalydygy döwrüň talabydyr. Gahryman Arkadagymyzyň dünýä döwletleriniň ylalaşykly ýaşamagynyň ahlak we pelsepe jähetlerine pugta üns bermegiň zerurdygy baradaky pikiri döwrebap halkara gatnaşyklaryň binýatlaýyn esasyny kemala getirmegiň taryhy taraplaryny açyp görkezýär. Şu nukdaýnazardan, Milli Liderimiziň: «Ahlak kadalary durmuş üçin ýöredilendir. Bu gymmatlyklar adamzady goramak we onuň hemmetaraplaýyn kämilleşmegine we ösmegine ýardam bermek üçin döredilendir. Syýasat hem şeýledir» diýen paýhasly sözleriniň häzirki zaman halkara syýasatyny kadaly dowam etdirmekde möhüm ähmiýete eýedigini ýurdumyzda, sebitde soňky wagtlarda bolup geçýän halkara wakalar hem aýdyň subut edýär. 

     Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda belleýşi ýaly, bu gün Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak, halkara gatnaşyklarda ynanyşmak medeniýetini ösdürmek babatda alyp barýan umumadamzat ähmiýetli tagallalaryna ýokary baha berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasynyň ählumumy ähmiýeti, oňa hemişe isleg bildirilýändigi, onuň oňyn häsiýete eýedigi baradaky pikirleri häzirki döwürde halkara gatnaşyklary sazlaşykly alyp barmagyň ýörelgelerini aňladýan paýhas dürdänesi bolup dünýä dolýar. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň döwrüň çylşyrymly meselelerini çözmekde, ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde esasy daýanja, ösüşleriň kepiline öwrülmeginde döwlet bilen halkyň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrýan, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy halkyň ruhy durmuşynyň binýadyna öwürýän nusgalyk tejribäniň taryhy orny bardyr. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenler öz durmuş medeni nusgasyny, parahatçylygy, agzybirligi üpjün edip gelen milli ýörelgelerini döreden halk hökmünde tanalýar» diýip nygtamak bilen, halkyň hatyrasyna bitirýän ähli beýik işlerinde şol milli ýörelgelere esaslanýar. Şeýle düşünje we döwür baradaky garaýyşlar bilen halk bähbitli beýik işleri amala aşyrýan hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäniň iň ösen döwletleri bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ýoluna düşdi. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ählumumy parahatçylyk barada belent maksadyň hasyl bolmagy ugrundaky ählumumy hereketiň öň hatarlarynda orun alýandygy türkmen halkyny buýsandyrýar. Goý, bu gadymyýetden gözbaş alýan şöhratly ösüş ýolumyz dowamat-dowam bolsun! 

 

Ata SERDAROW,

Türkmenistanyň Demokratik 

partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

26.04.2025 Giňişleýin

Gülläp ösüşiň binýady

 

    Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny, döwletli tutumlaryny ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi agzybir halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmäge, dünýäde parahatçylygy, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär.  2025­nji ýylyň dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Munuň özi hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadynda durýan gymmatlyklaryň dünýäde giňden ykrar edilýändiginiň nyşanydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem­de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde türkmen Bitaraplygy halkara giňişlikde uly gyzyklanma eýe bolýar. Ýakynda, has takygy, 21­nji martda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79­njy sessiýasynyň 61­nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan üçünji gezek kabul edilmegi bagtyýar zamanamyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan buýsançly waka öwrüldi. Bu waka BMG­niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň sebitiň ýurtlary we dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde eýeleýän işjeň ornuny ykrar edýändigini tassyklaýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän iri forumlarda, maslahatlarda hem eziz Watanymyzyň köpugurly başlangyçlary, asylly maksatlary gyzgyn goldanylýar. Şu ýylyň 19­njy martynda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu halkara forum ýurdumyzyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. 

Agzybirligiň hem jebisligiň ýoly bilen ynamly ilerleýän türkmen halky Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny uly üstünliklere, taryhy wakalara besleýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent şan­şöhratyny artdyrýar. Eziz Diýarymyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan, berkarar Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza hem­de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.

 

Begenç GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky

komitetiniň agzasy.

26.04.2025 Giňişleýin

KÄMIL KANUNLAR — BERKARARLYGYŇ BINÝADY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy günlerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçirilip, onda döwletimiziň ösüşine, halkyň bagtyýar durmuşyny pugtalandyrmaga degişli birnäçe kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.

Olaryň hatarynda «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýany, «1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda», «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Döwlet syrlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda», «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar. 

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Mejlisiň deputatlarynyň öňünde goýýan wezipelerinden, berýän maslahatlaryndan ugur alnyp, şeýle hem döwletimiziň kanunçylyk binýadyny döwrüň gazananlaryna laýyk kämilleşdirmek maksady bilen kabul edilen bu kanunlar, ilkinji nobatda, özünde adam hakdaky aladalary jemleýändigi bilen gymmatlydyr. «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýany kazyýet ulgamynyň işiniň hukuk esaslaryny halkara ölçeglerine laýyklykda has-da kämilleşdirmekde, maşgala mukaddesligini goramakda we agzybirligini saklamakda, çagalaryň iň gowy bähbitlerini üpjün etmekde adyl kazyýetliligiň döwrebap kanunçylyk esasyny döretmäge uly ýardam eder. Şeýle hem «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Jenaýat, Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş, Türkmenistanyň Zähmet we Maşgala kodekslerine, «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna, «Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.  

Hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda hem: «Täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we yzygiderli kämilleşdirip durmak häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biri diýip pikir edýärin» diýip aýratyn nygtap geçdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda kabul edilen kanunlar ýurdumyzy durnukly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmak babatda berk binýat bolup hyzmat edýär. 

Adam hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

 

Ýeňiş HAÝYTJANOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

deputaty.

24.04.2025 Giňişleýin

ÝYNDAMLYGYŇ NUSGASY

 

Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde behişdi bedewlerimiz halkyň köňül buýsanjyna öwrülip, ýurdumyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. 

Türkmeniň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanylýan behişdi bedewleriň taryhyna ser salanyňda asman giňişligi ýaly giň we çuň hakykatyň ýatandygyny bilmek bolýar. Türkmen ýigidi üçin bedew üsti Süleýmanyň tagty hasaplanylýar. Bu barada nusgawy şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň:

   

     Müneňde şaý bolsa tükel esbaby,

     Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň.

    Juleýleseň atlaz bile zerbaby,

    Şonda biarmandyr üsti bedewiň. —

 

— diýen setirleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Owadanlykda, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň tarypy şahyrana döredijilige, nusgawy edebiýata, geçmiş taryhymyza siňendir. «Kowusnamada»: «Dünýe ynsan bilendir, ynsanam haýwan bilendir haýwanlaryň iň gözeli bolsa atdyr. At saklamak hojalykçylykdyr, mertlikdir. Aty we lybasyňy gowy sakla, at bilen lybas hem seni gowy saklar» diýen ýaly çuň manyly sözlere duş gelmek bolýar. Mundan başga-da, ahalteke bedewiniň ýyndamlygy, owadanlygy, çydamlylygy, wepalylygy, duýgurlygy barada geçmişiň taryhçylary, alymlary, atşynaslary özleriniň eserlerini taryhyň sahypalarynda galdyrypdyrlar.  

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň atçylyk sport toplumlarynda bu baýramçylyga bagyşlanylyp geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmak biz — ýaşlar üçin örän buýsançlydyr. Çünki gözüňi dokundyryp duran ahalteke bedewlerini synladygyňça synlasyň gelýär. 

“Paýhas çeşmesi” atly kitapda hem toý-tomaşalaryň bezegi hasaplanýan behişdi bedewler hakynda «Bedew at menzil keser», «At ady bilen, ýigit ody bilen», «At dosty — ata dosty», «At gylygyna eýesi ýetik», «At keselini andyz açar», «At ýaly bilen owadan, zenan — saçy bilen» ýaly birnäçe nakyllar we atalar sözleri bar. 

Asuda Watanymyzyň goýnunda atçylygy ösdürmekde gadymy ýol-ýörelgeleriň rowaçlanmagyna giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

 

 

Aýjemal ALLANOWA.

Murgap etrabyndaky 28-nji orta 

mekdebiň mugallymy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty. 

24.04.2025 Giňişleýin

YNANYŞMAGYŇ ÖSÜŞLI ÝÖRELGESI

 

Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Milletler Bileleşiginiň taryhynda möhüm sahypa öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Çünki bu başlangyçlar parahatçylyk we ynanyşmak arkaly durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Şu aýdýanymyza mysal hökmünde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalary ýatlamak bolar. 

Garaşsyz Türkmenistanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň baýramy “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan ýylymyzyň taryhy wakasy bolup, şanly senäniň toý dabarasy dünýä dolar. Indi 30 ýyla golaý döwrüň içinde Türkmenistan döwletimiz möhüm wezipeleri halkara tagallalary birleşdirmek we syýasy-diplomatik şertleri döretmek üçin zerur çäreleri görüp, parahatçylykly ýol bilen çözülmegi ugrunda çykyş edip gelýär. Bu bolsa, döwletimiziň halkara abraýynyň täze belentliklere çykmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

 

Ali RAHMEDOW.

Ýolöten etrap häkimliginiň bölüm müdiri, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

24.04.2025 Giňişleýin

DÜNÝÄNIŇ BELENT YKRARY

 

     Ajaýyp döwrümiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň döwlet syýasatynda halkara gatnaşyklar işjeň häsiýetde ösýär.

 

     1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynyň hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynyň türkmen halky üçin ýatdan çykmajak şanly seneler bolup, taryhyň altyn sahypalarynda orun almagy zamananyň beýikligi bilen sazlaşýar. Garaşsyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalary esasynda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň iki gezek ykrar edilmegi gadymy 

türkmen halkynyň ýurt parahatçylygyna, il agzybirligine, goňşuçylyk gatnaşyklarynda hoşniýetlilige, ynsanperwerlige, ylalaşdyryjylyga uly ähmiýet berýändiginiň beýanydyr. Şu geçen çärýek asyryň dowamynda Türkmenistan baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine ygrarlydygyny subut etdi. Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä döwletleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolmaga we olar bilen dürli ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga täze mümkinçilikleri açdy. Ýurdumyz dünýäniň dürli döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen iki tarapa bähbitli işjeň gatnaşyklary ýola goýdy. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy uly many-mazmuny öz içine alýar. Munuň özi halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ählumumy parahatçylyk, howpsuz geljek bilen bagly öňe sürýän başlangyçlarynyň özeninde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we asuda durmuşyň mynasyp orny eýeleýändiginiň aýdyň 

mysalydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi baky Bitaraplygymyzyň mizemez binýadynyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwer ýörelgelerden gözbaş alýandygyny äleme ýaýdy. 

     Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň parahatçylygyň berkarar bolmagy ugrunda amala aşyrýan işlerine ýokary baha berýän taryhy wakadyr. Taryhy döwrümiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu şanly günlerde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler bagtyýarlygymyzyň nyşany bolup nur saçýar.

Ýakup ATABAÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Halkara we parlamentara 

aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.

 

24.04.2025 Giňişleýin

Sport — ruhubelentligiň we sagdynlygyň sakasy

 

     Bu gün eziz Diýarymyz diňe bir ykdysady babatda ägirt uly ösüşleri gazanýan ýurt hökmünde ählumumy ykrarnama eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde-de giňden tanalýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, sport berk bedenliligiň, ýokary ruhubelentligiň, gaýratlylygyň düýp binýadyny emele getirýär. Halkymyzda berk bedenlilige, gujur-gaýratlylyga, şähdaçyklyga we ruhubelentlige hemişe aýratyn üns berlipdir. Toýlarda guralýan göreş tutmak, at çapmak, ýaglyga towusmak ýaly milli oýunlar ynsana beden saglygyny eçilýär. 

     Welaýatymyzda hem bedenterbiýäni we sporty ähli taraplaýyn ösdürmek, bu ulgamy adamlaryň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwürmek üçin ähli şertler döredilendir. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, ilkinji guramalarynyň hem-de olaryň işjeň agzalarynyň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek babatda alyp barýan işleri maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýar. Hemişe bolşy ýaly, bu asylly işlerimizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem yzygiderli dowam etdirýäris. Türkmen sportunyň halkara derejede gazanýan üstünliklerini halk köpçüligine wagyz etmekde tagallalarymyzy gaýgyramzok.

     Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde «Ruhy saglyk beden saglygynyň esasydyr, sagdyn ýaşaýşyň aýdyň ädimleridir», «Türkmen sporty dünýä ýaň salýar» atly şygarlar astynda welaýatyň edara-kärhanalarynyň, ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň wekillerinden düzülen toparlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçiren ýaryşlarymyz ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Welaýatymyzyň etrap-şäherlerindäki, oba-şäherçelerindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky döwrebap sport desgalarynyň, açyk asmanyň astyndaky sport meýdançalarynyň ýaşlarymyza sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, türgenleşmäge, ýurt we halkara derejedäki ýaryşlarda çykyş edip, baýrakly orunlary eýeläp, ýaşyl Tugumyzy belende götermäge giň mümkinçilikleri döredýändigini bolsa aýratyn nygtamak isleýäris. Sport ulgamynda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk hem dowam etdireris. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň ruhy taýdan kämil, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin dünýä nusgalyk mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyzyň çägi ýok. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris. 

Guwanç Çendirow,

Türkmenistanyň Demokratik 

partiýasynyň welaýat komitetiniň 

başlygy, Türkmenistanyň 

Mejlisiniň deputaty.

24.04.2025 Giňişleýin

SAGLYK ABATLYKDYR, ABADANLYKDYR

 

     Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde adam hakyndaky alada ilkinji orunda goýulýar. Döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak, her bir raýatyň, hususan-da, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak hormatly Prezidentimiziň baş aladasy bolup durýar. Sagdyn nesil sagdyn jemgyýeti, sagdyn jemgyýet bolsa sagdyn döwleti kemala getirýär. 

     Ynsan saglygynyň gymmaty baradaky düşünjeler Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Çaý — melhem hem ylham», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly kitaplarynda mynasyp orun eýeleýär. Adamyň durmuşdaky işjeňligi, döredijilikli zähmeti saglykdan gözbaş alýar. Bu babatda Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Saglyk — abatlyk» bölüminden şeýle setirleri mysal getirmek ýerliklidir: «Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk barada alada edilmeýän ýekeje döwlet hem bolan däldir». 

     Hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygyny goramak maksadyndan ugur alýan döwlet syýasaty dünýäde giň goldawa hem-de işjeň häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň adamy we onuň saglygyny goramak babatda iri halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyklary barha rowaçlanýar. Ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen bilelikde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, enäniň we çaganyň saglygyny goramakda, ilatyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda degişli işleri alyp barýar. Hususan-da, ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan ýaş nesilleriň saglygyny berkitmek meselesi kalby sahawata ýugrulan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns merkezinde durýar. Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça 2021 -2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene - sagdyn çaga - sagdyn geljek» atly Milli strategiýa şeýle asylly işleri durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bolsa çagalary alada bilen gurşap almagyň aňrybaş nusgasydyr. 

     Sagdynlyk, abadanlyk, jebislik ýörelgeleriniň amala aşyrylmagynda, adam gymmatyny dabaralandyrýan sahawatly işleriň dowamat-dowam bolmagynda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly 

Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaç bolsun!

Annabagt Maýewa,

welaýat Baş bilim müdirliginiň 

mekdebe çenli bilim, terbiýe we 

mekdepden daşary edaralar bölüminiň 

başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

 

24.04.2025 Giňişleýin
1 2 3 4 5 6 7 ... 80