Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bilim syýasaty we onuň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň ýaş nesliniň geljekde ruhy hem beden taýdan kadaly ösen şahsyýetler hökmünde kemala getirilmegi üçin, nesilleriň edep-terbiýe meselesi we şunuň bilen baglanyşykly pedagogik-psihologik wezipeleriň hukuk taýdan düzgünleşdirilmesi üns merkezinde saklanylýar.
Konstitusion ýörelgelere esaslanýan milli bilimiň kanunçylyk binýady halkara hukuk kadalary bilen sazlaşykly utgaşyp, bilimiň ähli derejelerinde mugallymlaryň usulyýet başarnyklaryny ýüze çykarmagyny, okatmagyň döwrebap tehnologiýalardan üstünlikli peýdalanmagyny talap edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny düýpli kämilleşdirmek we dünýä standartlaryna laýyk getirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaş nesliň aňynda döwletlilik kadalaryny berkitmek, Watana bolan söýgini, kanuna bolan hormaty kemala getirmek, milli kanunçylygyň özenini düzýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki maksatnamalaýyn çykyşynda ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmeginiň, täze tehnologiýalaryň döremeginiň, ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişliginde işjeň goşulyşmagynyň bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegini talap edýändigini belledi we halkara bilim standartlaryna laýyk gelýän Konsepsiýany taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şonuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklandy. Bu Konsepsiýanyň maksady bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmekden, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmakdan, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny, ussatlygyny has-da ýokarlandyrmakdan, ýaş nesliň kalbynda ata Watana söýgini, milli däp-dessurlara, medeni mirasa we taryha bolan buýsanjy, hukuk medeniýeti we hukuk aňy ýaly düşünjeleri kemala getirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmak, täze tehnologiýalar esasynda okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek, bilim ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Konsepsiýanyň durmuşa ornaşdyrylmagy döwrebap şertlerde ýaşlaryň diňe bir tehnologik başarnyklaryny däl, eýsem olaryň kanuna, jemgyýetçilik gymmatlyklaryna bolan sarpasyny täze usullar arkaly kemala getirmäge uly itergi berýär.
Ýokary hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň iş tejribesiniň nukdaýnazaryndan hem-de 2021-nji ýylda kabul edilen “Bilim hakynda” (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynyň 28-nji maddasyndaky ýokary hünär bilimi derejeleriniň bilim maksatnamalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin taýýarlygyň ugurlary, hünärler boýunça ýokary hünärli işgärleriň düýpli nazaryýet we amalyýet taýdan taýýarlanylmagyny, şeýle hem şahsyýetiň akyl, medeni we ahlak taýdan ösmäge, hünär bilimini, ylmy-pedagogik hünär derejesini çuňlaşdyrmaga, giňeltmäge bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyny üpjün edýändigi baradaky düzgünlerden ugur alanyňda, bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin, ilki bilen, mugallymyň iş başarnygy - döwrebap bilimi, tejribesi, şahsy göreldesi zerurdyr, sebäbi döwletiň terbiýe ojagynyň esasy wekilleri hökmünde Watana wepaly, zähmetsöýer, hukuk kadalaryna we jemgyýetiň ahlak ýörelgelerine hormat goýýan, kämil başarnyklary bolan şahsyýetleri terbiýelemekde mugallymlar möhüm orny eýeleýärler.
Bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler her bir mugallymy okatmagyň innowasion görnüşlerini, usullaryny, serişdelerini gözlemäge, interaktiw umumy we amaly sapaklary guramaga hem-de geçirmäge borçlandyrýar. Okuw görnüşleriniň we usullarynyň dürlüligi, olaryň häzirki zaman bilim, terbiýe we talyplaryň intellektual ösüşi baradaky wezipeler bilen utgaşdyrylmagy okuw maglumatlarynyň has ýokary netijeli öwrenilmegine mümkinçilik berýär. Işjeň okuw görnüşleriniň döwrebaplygy, talyplaryň pikirleniş ukybynyň ösdürilmeginiň olarda okuw maksatnamalarynda, hünär häsiýetnamalarynda we bilim standartlarynda göz öňünde tutulan başarnyklaryň we endikleriň emele gelmegine oňaýly täsir edýändigini öňdebaryjy tejribeler görkezýär.
Häzirki wagtda – ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ähli pudaklarynyň innowasion ösüşlere gönükdirilen şertlerinde ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesine bolan talaplar hem barha artýar. Diýmek, ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň öz geljekki hünärlerinde talap edilýän ukyp-başarnyklarynyň bolmagy, olaryň iş ýerine çalt uýgunlaşmagy, hünär ussatlygyna bolan ukyplary ýokary okuw mekdepleriniň, şonuň ýaly-da, mugallymlarynyň işiniň möhüm görkezijilerine öwrülýär.
“Ýokary bilimiň hili ylmy-pedagogik işgärleriň başarnyklary bilen kesgitlenýär” diýmäge hem doly esas bar. Hünärmenleri taýýarlamagyň köp derejeli ulgamyna geçilmegi, şeýle-de, bilim almagyň üznüksizligi we taýýarlygyň dürli derejeleriniň utgaşyklylygynyň üpjün edilmegi üçin, her bir ýokary okuw mekdebinde innowasion bilim bermegi meýilleşdirmegiň usulyýet, guramaçylyk we pedagogik esaslary talap edilýär.
Bilim ulgamyna we jemgyýetiň arasynda kabul edilen kada-kanunlaryna, milli däplere türkmen halkynyň ähli döwürlerde üns berendigi, hormat goýandygy baradaky taryhy we resmi maglumatlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynda ylmy-amaly nukdaýnazardan giňişleýin beýan edilýär. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň öz milli mirasyny nesilden-nesle geçirmek başarnygy bilen baglanşyklylykda, milletiň özüni tanamagynyň esasy bolan ylym we bilim döwürleriň ruhy baglanyşygyny berkidýär.
Jemgyýetiň sazlaşykly ösüşinde halkyň ruhy-medeni derejesini ýokarlandyrmak asyrlarboýy ýygnanan, ýyllaryň synagyndan geçen halk däplerine, adatlara we bilim bermegiň usullaryna, şeýle hem, milli terbiýä daýanýar. Taryhy maglumatlar we halk döredijiliginiň çeşmeleri türkmen halkynyň terbiýe bermek däplerini işjeňleşdirmäge, maksadalaýyk zähmeti we dynç alşy guramaga, adamlaryň arasynda ahlak gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy pedagogik işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmagy, olaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmagy, pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmegi, umumy we kesp-kär medeniýetini dünýä derejesine laýyklykda ösdürmegi, ylmyň, tehnologiýalaryň, halkara we milli tejribäniň häzirki zaman gazananlaryny hasaba almagy, hünär bilimleriniň döwrebaplygyny öz içine alýar.
Sanly ykdysadyýet, emeli aň, innowasion tehnologiýalaryň döwründe kemala gelýän ýaşlar diňe bir bilimli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, islendik ýagdaýdan baş alyp çykmaga bolan ukyby hem özünde kemala getirmegi başarmalydyr. Ýaşlaryň döwletiň çäginde hereket edýän kanunlary bilmegini, olara doly we dogry düşinmegini, döwlet gurallaryna sarpaly çemeleşmegini gazanmak parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün edýän esasy sütündir. Hukuk kadalaryna hormat goýýan, raýat jemgyýetini gurmagy başaran döwletde bilim berliş usullaryny döwrebaplaşdyrmak dünýä derejesindäki talaplardan yza galmazlygyň baş şertidir. “Maglumatlar asyry” diýip atlandyrylýan XXI asyrda bilim tehnologiýalarynyň ösdürilmegine aýratyn talaplar bildirilýär.
Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi hem möhümdir. BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNICEF) bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meýilnamasyna laýyklykda, «Bilim ulgamynda başarjaňlyk çemeleşmesine esaslanýan okuw maksatnamalaryny taýýarlamak we okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek» boýunça Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleriniň, Baş bilim müdirlikleriniň hünärmenleriniň we pedagogik işgärleriň gatnaşmaklarynda okuw maslahatlarynyň guralmagy şeýle mysallaryň hatarynda durýar.
Konsepsiýa laýyklykda, okuwçylaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek üçin ylmyň, medeniýetiň, sportuň ugurlary boýunça döwrebap okuw maksatnamalaryny taýýarlamagy we okuwlara ornaşdyrmagy dowam etdirmek bilen, ylmyň, halkara tejribäniň soňky gazananlaryny ulanyp, täzelerini döretmek zerurdyr. Sanly ulgamdan netijeli peýdalanmak bilen, bilim-terbiýe bermegiň usulyýetini döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipe hasap edilýär. Bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabryndaky Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” maksatlary we wezipeleri bilen hem sazlaşykly utgaşýar.
“Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” sekizinji babynda, ýagny Konsepsiýanyň amala aşyrylmagyndan garaşylýan netijeleriň hatarynda:
- umumybilim maksatnamalary boýunça ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny baýlaşdyrmak hem-de okatmagyň usulyýetine innowasion häsiýet bermek bilen, okuw dersleri boýunça elektron okuw usuly toplumlaryny, ýagny okuw esbaplaryny, wideo-audio materiallaryny, elektron okuw kitaplaryny we elektron okuw usuly gollanmalaryny işläp taýýarlamaga üns güýçlendiriler;
- umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, bilim ulgamyna häzirki zaman maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary we innowasiýa taslamalary ornaşdyrylar;
- üznüksiz bilim ulgamynyň mazmunyny hil taýdan täzelemek, şeýle hem pedagogik işgärleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ussatlyklaryny, bilimlerini we başarnyklaryny yzygiderli ösdürmek babatdaky işleri döwrebaplaşdyrmak yzygiderli dowam etdiriler diýlip kesgitlenmegi ýokary bilimiň sanlylaşdyrylmagy şertlerinde, pedagogyň usulyýet başarnygyna bildirilýän talaplary aýdyň şöhlelendirýär.
Bilim gurşawynda sanlylaşdyrmagyň ileri tutulmagy jemgyýetiň ösüşiniň netijesidir, onda mugallymyň we talybyň sanly jemgyýetde möhüm bolan başarnyklary we bilimleri ýüze çykýar.
Konsepsiýada bilim bilen ylmy sazlaşykly alyp barmak boýunça hem wezipeler kesgitlenen. Şu nukdaýnazardan, pedagogik işgärleri taýýarlaýan pedagogik ugurly ýokary (orta) hünär bilim edaralarynyň okuw maksatnamalaryna pedagogik işgäriň gözleg-barlag işlerini alyp barmaga bolan ýörite başarnygyny kemala getirmäge we ösdürmäge ýardam edýän aýratyn temalaryň, ýörite okuwlaryň girizilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, okatmagyň usulyýeti ylmynda gazanylan üstünlikleri, öňdebaryjy dünýä we milli tejribäni nazara almak bilen, okuw meýilnamalaryny hemişe baýlaşdyrmaga çalşylýar.
Konsepsiýada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, pedagogik ugurly ýokary okuw mekdeplerinde döredilen hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetleriniň işini döwrebap ýola goýmak we has-da kämilleşdirmek maksady bilen, olaryň alyp barýan işlerine, guraýan hünär kämilleşdiriş usuly-amaly okuwlaryna Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yzygiderli gözegçilik amala aşyrylar hem-de ylmy-usuly taýdan seljerme bermek ýola goýlar. Şol fakultetlerde guralýan we geçirilýän hünär kämilleşdiriş usuly amaly okuwlarda okadýan pedagogik işgärler tarapyndan hünär taýýarlygynyň derejesine berilýän üns güýçlendirilýär, olar üçin zerur usuly-amaly okuwlar, okuw maslahatlary yzygiderli guralar.
Konsepsiýasyny üstünlikli amala aşyrmak boýunça yzygiderli ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy boýunça bilim edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ýola goýluşyna we dowamly alnyp barlyşyna üns has-da güýçlendirilýär. Bu ugurdaky möhüm işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramak, olara yzygiderli gözegçilik etmek maksady bilen, halypa-şägirt gatnaşyklarynyň tertibi bilim ulgamynyň edaralaryna ornaşdyrylýar, bu ugurdaky işleriň mazmuny yzygiderli baýlaşdyrylýar we hili ýokarlandyrylýar.
Jahangül Myradowa,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Daşky gurşawy goramak,
tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat
toplumy baradaky komitetiniň agzasy.