The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

DEMOKRATIK ÝÖRELGELER ROWAÇLANÝAR

 

     Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda halk demokratiýasy barha dabaralanýar. Bu ugurda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik ýörelgelere esaslanyp, şöhratly ata-babalarymyzyň ýoluny dowam etdirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr

 

     Döwlet derejesinde kabul edilýän resminamalar, çözgütler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesine, abadançylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Çünki ýurdy ösdürmegiň täze belentliklerini nazarlaýan çözgütler şol ýurduň ilatynda ýagty geljege ynamy berkidýär. Ynamyň bar ýerinde agzybirligiň, rowaçlygyň pugtalanýandygy hakykat. Haçan-da, adam döwlet tarapyndan edilýän aladany, döredilýän mümkinçilikleri duýanda, jebislige, döredijilikli zähmete ymtylýar. Geňeşmelerdir maslahatlary gurap, birek-biregiň garaýşyny öwrenmek, özara düşünişmek we ylalaşykly goldaw ýaly jemgyýetçilik gatnaşyklary raýat jemgyýetiniň ýörelgelerini kemala getirýär. 

     Il bähbitli meseleleriň maslahatlaşylyp çözülmegi gadymdan gözbaş alýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň döwlet gurluşy babatda toplan tejribelerini, döwrüň talaplaryny, taryhy däp-dessurlary özünde jemlemek bilen, asylly ýörelgeleriň häzirki zaman dowamatyny alamatlandyrýar. 

     Döwleti dolandyrmakda, ýurdy gülledip ösdürmekde demokratiýa, hukuk we döwletlilik ýaly özara sazlaşykly, biri-biriniň üstüni ýetirýän, berk sütünli, çuň manyly ýörelgelere daýanýan döwlet syýasaty, onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda bolsa halkyň we döwletiň birligi esasy şertleriň hatarynda öňe çykýar. Bu gün Gahryman Arkadagymyz hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz halk bilen bitewüligiň aýdyň nusgasyny kemala getirýärler. Her bir işi «ýedi ölçäp, bir kesip», örän sabyrlylyk, yhlaslylyk bilen ýerine ýetirýän, Türkmenistany gülläp ösýän ýurda öwren halkymyzyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda türkmen topragynda ajaýyp şäherler, şäher bilen bäsleşýän obalar, yklymlary birleşdirýän döwrebap ulag ýollary, demir ýol, awtomobil, howa menzilleri, dünýä derejeli ylym-bilim ojaklary gurlup ulanmaga berildi we bu beýik işler batly depginde dowam etdirilýär. Halkymyzyň abadan, asuda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär, ýurdumyzyň sebitlerini gurşap alýan toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde obalar özgerýär, senagat önümçiligi giňeldilýär. Türkmenistan ösen senagat ýurduna öwrülýär. 

     Halk Maslahaty ýurduň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we raýatlaryň bähbitlerini sazlaýar. Döwlet häkimýetiniň ýerli edaralarynyň hatarynda welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde döredilýän ýerli wekilçilikli edaralaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Olaryň agzalary degişli dolandyryş çäk birliklerinde ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramaga gatnaşýar. Býujeti we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklaýar. Kanunçylygyň berjaý edilişine we jemgyýetçilik tertibiniň goralyp saklanmagyna ýardam edýär. Şol bir wagtda onuň jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara gatnaşygynyň ýola goýulmagy-da üns berilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary Halk Maslahatynyň geçen mejlisleriniň netijelerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde düşündirmäge işjeň gatnaşýarlar.

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ildeşlerimiz häzirki günlerden bu iri syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň taýýarlyk işlerine işjeň gatnaşýarlar. Çünki halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlarynyň has-da rowaçlanjakdygyna tüýs ýürekden ynanýar. 

 

Kakamämmet NEPESOW, Görogly etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

21.08.2025 Details

IL-HALKYŇ BIR IŞ TUTSA...

 

     Merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerine eýerip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde beýik ösüşler bilen nobatdaky Halk Maslahatyna barylmagy döwletimizde milli demokratiýanyň barha dabaralanýandygynyň nobatdaky ýüze çykmasydyr. 

 

     Berkarar döw­le­tiň­ tä­ze eý­ýa­my­nyň­  Gal­ky­nyşy­ döw­rün­de­  türk­men hal­ky­nyň ­ Mil­li­  Li­de­ri­ Gah­ry­man Arka­da­gy­my­zyň,­  Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man­ Ser­da­ry­my­zyň­ ýolbaş­çy­ly­gyn­da ýurdumyz­da ­ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk ­işine,­ onuň ­döw­le­ti­miziň­ we­ jemgyýe­ti­mi­ziň­ ös­me­gindä­ki ­mö­hüm ­or­nu­na ­uly ­äh­mi­ýet berilýär.­ Eziz  Watany­myz­da ­döwlet ­we­ jem­gy­ýet­çi­lik­ durmuşynyň dür­li ­ugur­la­ry­ny ­öz ­içi­ne ­al­ýan ­tä­ze ka­nun­la­ryň­ kabul­ edil­me­gi, hereket ­ed­ýän ­hu­kuk ­ka­da­la­ry­nyň ­durmuş-ykdysa­dy­ ösü­şe, ­tä­ze ­ta­ry­hy döw­rü­mi­ze,­ ýur­du­myz­da ­dur­mu­şa geçi­ril­ýän ­öz­gert­me­lere ­la­ýyk­lyk­da döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­ giň­ möçber­li­ mak­sat­na­ma­la­ryň­ üs­tün­lik­li ýe­ri­ne­ ýe­ti­ril­me­gi­ni,­ demok­ra­tik ýö­rel­ge­le­riň ­da­ba­ra­lan­ma­gy­ny­ we jem­gy­ýet­çi­lik-syýa­sy­ gat­na­şyk­laryň ber­ki­dil­me­gi­ni ­üp­jün­ ed­ýär. ­Bu ba­ra­da Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­myz:­ «Ta­ryh­ üçin­ uzak­ bol­ma­dyk­ döwür­de biz­ döw­le­ti­ do­lan­dyr­ma­gyň yg­ty­bar­ly,­ de­mok­ra­ti­ýa ­we­ hu­ku­ga esas­lan­ýan­ nus­ga­sy­ny­ dö­re­dip,­ jem­gy­ýe­ti­mi­ziň­ her­ bir­ we­ki­li­niň erk-is­le­gi­ni­ be­ýan­ et­me­gi­niň­ neti­je­li­ ul­ga­my­ny­ ke­ma­la­ ge­tir­dik»­ di­ýip­ örän­ jaý­dar­ bel­le­ýär.­ Şu nuk­daý­na­zar­dan,­ hor­mat­ly­ Preziden­ti­mi­ziň­ dö­re­di­ji­lik­li­ sy­ýa­saty­nyň­ ne­ti­je­sin­de­ ösüş­le­riň­ tä­ze belentliklerine tarap bedew bady bi­len­ öňe­ bar­ýan­ Türkmenis­tan döw­le­ti­miz­de ­türk­men­ jem­gy­ýetin­de­ de­mok­ra­tik­ baş­lan­gyç­la­ry ös­dür­mek, ­ra­ýat ­jem­gy­ýe­ti ­eda­rala­ry­nyň işjeňligini ­ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ­giň­ möç­ber­li­ iş­ler­ durmuşa ge­çi­ril­ýär. 

     Türk­me­nis­ta­nyň­ Kons­ti­tu­siýasynyň­ 3-nji­ maddasynda Türkme­nis­ta­nyň­ özyg­ty­ýar­ly­ly­gy ­halk ta­ra­pyn­dan ­ama­la aşyrylýar, ­halk döw­let­ hä­ki­mi­ýe­ti­niň­ ýe­ke-täk göz­ba­şy­dyr. Türkme­nis­ta­nyň ­halky­ öz ­hä­ki­mi­ýe­ti­ni­ gös-gö­ni­ ýa-da wekilçilik­li­ eda­ra­la­ryň­ üs­ti­ bi­len ama­la ­aşyr­ýar» ­diý­lip ­be­ýan edilýän­ ka­da­la­ryň özi, ­ha­ky­kat­da­nam bi­ziň­ ýur­du­myz­da­ demokra­tik başlangyçlaryň­ nä­hi­li­ de­re­je­de ösen­di­gi­niň­ aý­dyň be­ýa­ny­dyr. 

     Ýe­ri gelende­ bel­le­sek,­ Halk Mas­la­ha­ty­nyň ­baý ­ta­ry­hy ­kök­le­ri bar.­ Ol­ döw­let­ we­ jemgy­ýet­çi­lik sy­ýa­sy ­gur­lu­şy­ kämilleşdirmekde mö­hüm ­sy­ýa­sy ­gu­ra­ma­dyr. ­Jemgy­ýe­ti­ dolandyr­ma­gyň ­iň ­ga­dy­my ins­ti­tut­la­ry­nyň­ bi­ri­ ha­sap­lan­ýan Türkme­nis­ta­nyň­ Halk ­Mas­la­ha­ty ýurdumyzyň­ Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da­ hal­kyň­ bäh­bit­le­ri­ne we­kil­çi­lik ­ed­ýän ­ýo­ka­ry wekilçilikli­ eda­ra­dyr.­ Ol ­türk­men ­hal­ky­nyň döwleti dolandyrmak babatdaky kö­pa­syr­lyk­ tej­ri­be­si­ne­ da­ýa­nyp,­ jemgyýet­çi­lik­ we­kil­le­ri­ bi­len­ iň wa­jyp,­ sy­ýa­sy,­ yk­dy­sa­dy­ mesele­le­ri­ mas­la­hat­la­şyp­ çöz­mä­ge giň­ şert­le­ri­ döredýär. Türkmenista­nyň­ Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň­ mejlis­le­ri­ ýyl­da­ azyn­dan­ bir­ ge­zek ça­gy­ryl­ýar. ­Oňa­ Türk­me­nis­ta­nyň Konstitusiýa­sy­ny ­we ­kons­ti­tu­si­on ka­nun­la­ry­ny­ ka­bul­ et­mek,­ olara üýt­geş­me­le­ri­ we­ goş­ma­ça­la­ry gi­riz­me­giň­ me­se­le­le­ri­ boýun­ça tek­lip­le­re­ ga­ra­mak­ we­ ma­kul­lamak,­ döw­le­tiň­ içe­ri­ we­ da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň­ esa­sy­ ugur­la­ry­na,­ şeý­le­ hem­ ýur­dy­ sy­ýa­sy,­ yk­dysa­dy,­ dur­muş ­we mede­ni­ taý­dan ös­dür­me­giň maksatnamalary­na,­ pa­ra­hat­çy­lyk­ we ­howp­suz­lyk ­mese­le­le­ri­ne­ ga­ra­mak, ­Türk­me­nista­nyň kanunlarynda ­göz ­öňün­de tu­tu­lan­ gaý­ry ­yg­ty­ýar­lyk­la­ry ­ama­la aşyr­mak­ ýa­ly­ me­se­le­ler ­gi­ri­zil­ýär. 

     Hä­zir­ki­ wagt­da­ Türk­me­nista­nyň­ Halk ­Mas­la­ha­ty­ny­ ýo­ka­ry de­re­jede­ ge­çir­mek­ bo­ýun­ça­ döre­di­len gu­ra­ma­çy­lyk ­to­pa­ry­ tarapyn­dan ­bu­ äh­li­halk ­fo­ru­my­na­ jemgy­ýet­çi­li­giň ­we­kil­le­ri­ni­ saý­la­ma­gyň Ter­ti­bi­ne ­ la­ýyk­lyk­da,­ ýer­ler­de Türk­menis­tanyň Halk­ Mas­la­ha­tynyň­ ag­za­ly­gy­na­ da­laş­gär­le­ri­ seçip ­al­mak,­ ola­ryň­ şah­sy ­we­ iş­jeň hä­si­ýet­le­ri­ni­ öw­ren­mek­ bo­ýun­ça iş­ler­ üs­tün­lik­li­ al­nyp barylýar. Nobatdaky ählihalk maslahatynda ýur­du­my­zyň dür­li­ kär­dä­ki,­ hü­närdä­ki ­ra­ýat­la­ry­nyň, ­jem­gy­ýet­çi­li­giň dür­li ugur­la­ry­nyň­ we­kil­le­ri­niň ­gatnaş­ma­gyn­da­ mö­hüm­ me­se­le­ler ara al­nyp­ mas­la­hat­la­şy­lar.­ Mu­nuň özi­ asyr­la­ryň­ do­wa­myn­da­ asyl­ly ýö­rel­ge bo­lup ­gel­ýän ­hal­kyň ­yg­tyýar­ly­ we­kil­le­ri­ne ­sar­pa­ goýmagyň,­ ola­ryň­ ab­raý-mer­te­be­si­ni­ ýo­ka­ry gö­ter­me­giň,­ ösüp gel­ýän­ ýaş­ nesil­le­ri­mi­zi­ wa­tan­sö­ýü­ji­lik,­ ha­lal­lyk,­ zäh­met­sö­ýer­lik­ we­ ýo­ka­ry ah­lakly­lyk ­ru­hun­da ­ter­bi­ýe­le­mek­de, halky­my­zyň­ agzy­bir­li­gi­ni,­ je­bis­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da, ­il-ýurt­ bäh­bit­li mese­le­le­ri ­hal­kyň­ yg­ty­ýar­ly ­we­kille­ri ­bi­len­ mas­la­hat­la­şyp çözme­giň aý­dyň ­su­but­na­ma­sy­dyr.

     Umu­man,­ hal­ky­my­zyň­ abadan­ we­ bag­ty­ýar­ dur­muş­da ýaşama­gy­na­ gö­nük­di­ri­len­ ägirt uly maksatnamalary mundan beý­läk-de üs­tün­lik­li­ dur­mu­şa ­geçir­mä­ge ­gö­nük­di­ri­len­ il­ bäh­bit­li,­ döw­let ­äh­mi­ýet­li­ çöz­güt­ler,­ şeý­le hem ­Gah­ry­man Arkadagymyzyň,­ hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ sargyt­la­ry­dyr­ öwüt-ün­dew­le­ri­ tu­tuş halkymyzy yhlas bilen zähmet çek­mä­ge­ we­ ýurdu­my­zyň ­be­ýik ösüş­le­ri­ne ­my­na­syp­ go­şant­ goşma­ga ruhlandyr­ýar. 

 

Gahryman ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary

21.08.2025 Details

MILLI TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY

 

     Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşlarymyz ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişýärler. Şunda ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegine, il-güne, Watana wepaly bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Baý medeni mirasy bolan türkmen halky adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna uly goşant goşan millet hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Hut şonuň üçin hem milli medeniýetimiz täze taryhy döwürde giňden dünýä ýaýylýar. 

     Halkymyzyň edebi mirasyny öwrenmek, milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Geljegimiz bolan ýaşlaryň merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň milli medeniýetine, edebi döredijiligine siňen terbiýeçilik mekdebi «Kowusnamada», «Gorkut ata», «Oguznama», «Görogly» ýaly şadessanlarda, şeýle hem halk döredijiliginde doly beýan edilýär. Akyldar Magtymgulynyň, Döwletmämmet Azadynyň, şeýle hem beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň edebi mirasynda terbiýeçilik baradaky pikirler öň hatarda goýulýar. «Görogly» şadessanynda pähimdar Jygalybeg özüniň toplan durmuş, terbiýeçilik tejribesini, akyl-paýhasyny dürli ýagdaýlaryň, usullaryň üsti bilen agtygy Görogla geçirýär. Paýhasly Oguz handan, Gorkut atadan, pähimdar Jygalybegden, Göroglydan gözbaş alýan türkmen milli 

terbiýeçilik mekdebi wagtyň geçmegi bilen barha kämilleşip, döwrebaplaşyp, çeper edebiýatda öz giňişleýin beýanyny tapýar. Terbiýeçilik tejribesiniň gymmatly hazynasynyň köp bölegi dilden-dile geçip, biziň günlerimize gymmatyny birjik-de ýitirmän gelen halk döredijiliginde jemlenendir. 

     Nakyllar, dana sözler, rowaýatlar, tymsallar nesilleriň durmuş paýhasynyň çäjiniň içinden elenip alnan tylla dänejiklerdir, olarda yrýa söz ýok. Ata-babalarymyzyň bu gymmatly mirasy bahasyna ýetip bolmajak gollanmalardyr. Rowaýatlardaky, tymsallardaky, nakyllardaky durmuş tejribelerini jaýdar, ýerlikli ulanylmagynyň halkyň aňyna, ýaşlaryň terbiýeçilik işine edýän täsiri islendik döwürde hem netijeli häsiýete eýe bolýar, terbiýeçilik işinde deňsiz-taýsyz öwüt-nesihat guralyna öwrülýär. Adamzat durmuşynda gabat gelýän dürli ýagdaýlardan, meselelerden söhbet açýan rowaýatlardaky wakalaryň köpüsi iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alyp, yzygiderli taraşlanyp, diýseň çuň manylary özünde jemleýär. Olardaky düşünjeleriň, pikirleriň aglabasynda ynsan gatnaşyklary, halallyk, dogruçyllyk ýaly ýagşy gylyk-häsiýetler ilkinji orunda durýar. Belent adamkärçiligi öwüt edýän rowaýatlaryň, tymsallaryň düýp manysy, esasan, milli ýörelgä esaslanýan terbiýe mekdebini kemala getirmek bolup durýar.

     Ýüzýyllyklaryň synagyndan geçip, kämilleşip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da uly ähmiýete eýe bolýan milli däp-dessurlarymyzdaky asyllylyk, hoşniýetlilik, agzybirlik ýaly ýörelgeler ýaşlaryň durmuşyna özboluşly şugla saçýar. Halallyk, edep-terbiýelilik baradaky paýhas ummanyny emele getirýän rowaýatlardyr tymsallar, nakyllar her bir ynsan üçin nusgalyk mekdepdir.

 

Aýnabat TOÝLYÝEWA,

Köneürgenç etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

21.08.2025 Details

AÝDYŇ MENZILLERI NAZARLAP

 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ählumumy başlangyçlarynyň täze sepgitleri taryhyň altyn sahypasyna ýazylýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty we ugurdaş çäreler guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirildi. Foruma döwlet we Hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurduň, 50-ä golaý halkara guramanyň ýokary wezipeli wekilleri, 20-den gowrak dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin Awaza dünýäniň 40-a golaý ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 160-dan gowrak wekili geldi. 

     Maslahatda hormatly Prezidentimiz forumyň münberinden «Geljegiň ählumumy lukmançylygy — raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk» başlangyjyny öňe sürdi. Bu taryhy başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara lukmançylyk diplomatiýasynyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmagy ileri tutýar. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň çykyşynda türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup çykyş edýän energetika, ulag we suw ekologiýa diplomatiýasy boýunça başlangyçlar eriş-argaç bolup geçýär. Geçen ýyl Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde biziň ýurdumyz hyzmatdaşlyk etmegiň täze görnüşini — Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmegi teklip etdi. Türkmenistan hemişe suwa deň we adalatly elýeterliligiň halklaryň hem-de her bir adamyň tebigy we düýpli hukugydygy hakda berk we üýtgewsiz çykyş edýär. 

     2030 — 2040-njy ýyllar aralygyndaky döwür üçin wodorod energetikasyna geçmegiň ählumumy maksatnamasyny döretmek başlangyjy hem öňe sürüldi. Bu başlangyçlar ýurdumyzyň ulag, energetika we suw-ekologiýa diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň geriminiň giňeýändigini, çuňlaşýandygyny aýdyň görkezýär. 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Häzirki wagtda parahatçylygy hem-de durnuklylygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, halklaryň, ähli sagdyn, netijeli güýçleriň gatnaşyk etmäge, özara düşünişmäge, hyzmatdaşlyga ymtylmalaryny goldamak üçin diplomatiýanyň, şol sanda halk diplomatiýasynyň ähli mümkinçiliklerini ulanmak möhümdir» diýip, maslahatyň çäklerinde guralýan köpugurly çäreleriň ähmiýetini belläp geçdi. Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, raýat jemgyýetiniň we hususy pudagyň forumlary, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy, şeýle hem parlament we ýaşlar forumlary aýratyn ähmiýete eýe boldy. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag we energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, sebit integrasiýasy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan mowzuklaýyn «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri geçirilen pikir alyşmalaryň işjeň häsiýetini görkezdi. 

     Hereketleriň Awaza maksatnamasyny milli, sebit, ählumumy derejede yzygiderli durmuşa geçirmek möhüm wezipe bolup çykyş edýär. Maksatnamany amala aşyrmagyň dowamynda hemişelik gözegçilik etmäge, utgaşdyrmaga we hasabatlylygy ýöretmäge ukyply milli utgaşdyryjylaryň toruny berkitmek üstünligiň möhüm şerti hökmünde bellenildi. 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda üstaşyr ulag ulgamlaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýetleri diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly özgertmeleri tizleşdirmek, howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak, maýa goýumlary çekmek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde inklýuziw hem-de durnukly ösüş üçin binýat döretmek boýunça anyk çäreler beýan edilýär. 

     Awaza syýasy Jarnamasy BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyny üpjün etmäge umumy ygrarlylygy tassyklamak bilen, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň milli we ählumumy derejede durmuşa geçirilmegine badalga boldy. 

     Metbugat  neşirlerinde  aýdyň beýan edilişi ýaly, ýurdumyzda geçirilen maslahatyň gün tertibine girizilen meseleler, öňe sürlen başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý mejlisiniň gün tertibinde hem öz beýanyny tapar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30  ýyllygy bellenilýän şanly ýylda şeýle ýokary derejeli  maslahatyň çäginde täze başlangyçlary öňe sürmek bilen, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göteren  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun! 

 

Kerimguly GELDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.

21.08.2025 Details

TARYHY WAKANYŇ ÄHMIÝETI

 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan döwletimizi syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän parasatly içeri we daşary syýasaty rowaçlanýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň durnukly ösüşiň ýolundaky gadamy barha batlanýar. Ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky orny ýylsaýyn pugtalandyrylýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatdan gözbaşly adamhakdaky aladail-gün bähbitli tutumlyişlerde öz beýanyny tapýar. 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty şanly ýylymyzyň taryhy wakasy boldy. Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama kabul edildi. Onlarça döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu halkara forum Türkmenistan döwletimiziň at-abraýynyň täze belentliklere çykýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. 

     BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň esasy maksady Milletler Bileleşigine agza deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan, ulag we logistika ulgamlaryny kämilleşdirmekden, sebitara we yklymara söwda gatnaşyklaryny has-da ösdürmekden, şeýle hem şol ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine doly derejede goşulyşmagyna ýardam bermekden ybarat bolup durýar. Munuň özi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady-söwda, ulag we logistika babatda durnukly ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirjekdigi şübhesizdir. Şonuň ýaly-da, bu halkara maslahatda ulag geçelgeleri, serhetüsti söwda, energiýa çeşmeleri bilen ygtybarly üpjünçilik, azyk howpsuzlygy, sanly ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi ýaly, halkara ähmiýetli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu halkara forumynyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreler guraldy. Şol döwürde MerkeziAziýanyň her bir ýurdunyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda milligününiň geçirilmegi, ondahalklaryň özboluşly millimedeniýetiniň, sungatynyň wemilli tagamlarynyň görkezilmegi dünýä halklarynyň ysnyşykly wedost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam etdi.

     Türkmenistan Hazar deňziniň kenarynda suw we gury ýer ýollarynyň geografiki taýdan amatly çatrygynda ýerleşmek bilen sebitara we yklymara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçiligine eýe bolup durýar. Bu mümkinçilikler bolsa, ýurdumyzyň aýdyň geljegini şöhlelendirýär. 

 

Çary GURBANMYRADOW. Mary etrap hassahanasynyň 2-nji çagalar bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

21.08.2025 Details

SUW — ÝAŞAÝŞYŇ ÇEŞMESI

 

     «Ýaşaýyş üçin iň zerur zat näme?» diýlip sowal berilse, köpümiz «Arassa howa we suw» diýip, jogap bersek gerek. Çünki arassa howa we agyz suwy ýaşaýyş üçin ilkinji zerurlykdyr. Suw diňe bir adamzat üçin ýaşaýyş çeşmesi bolman, eýsem, ähli janly-jandarlar, ösümlik dünýäsi üçin möhümdir. 

     Türkmen halky suwa bolçulygyň we abadan ýaşaýşyň gözbaşy hökmün­de ga­ra­ýar. «Ýer gör­ki-suw, suw gör­ki-guw», «Odu­nyň-gu­rusy, su­wuň-du­ru­sy», «Te­reň suwlar bulanmaz», «Daýhanyň hazynasy-ýer, suw», «Suw­ly ýer-gül, suw­suz ýer-çöl» di­ýen na­kyl­lary döreden halkymyz taryhda suwdan netijeli peýdalanmagyň birnäçe ýollaryny döredip, nesillere miras galdyrypdyr. Ata-babalarymyz çöl şertlerinde gyş aýlarynda asmandan inýän bereket çeşmesini ýaz-tomus aýlarynda peýdalanmak üçin «kak» diýlip atlandyrylýan emeli suw howdanyny gurupdyrlar. Çuňlugy onlarça metre uzap gidýän guýulary gazyp, ýeriň aşaky gatlagyndaky suwlary almagy başarypdyrlar. Çölde ýagyş-ýagmyryň suwy ýygnalyp saklanýan üsti ýapyk howzy, ýagny sardobalary döredipdirler. Dag eteklerinde ýaşaýan halkymyz bolsa uzynlygy kilometrlere uzalyp gidýän söwleri gazyp (söw — kä­riz gu­ýu­la­ry­nyň suwunyň akyp geçýän ýoly), ýerasty süýji suwlary çykarmak bilen, etekdäki obalary we ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün edipdirler. 

     Taryhy maglumatlara görä, Türkmenistanyň çäklerinde ilkinji kärizler b.e.öňki I müňýyllygyň ortalarynda peýda bolupdyr. Kärizleriň  agramly  bölegi Köpetdagyň eteklerinde, az mukdary bolsa Bathyzda gazylypdyr. XX asyryň otuzynjy ýyllarynda diňe Köpetdagyň eteginde kärizleriň 376-sy ha­sa­ba al­nyp­dyr, 1948-nji ýylyň ýer titremesi kärizleriň onlarçasynyň ýumrulmagyna, olaryň käbiriniň akýan suwunyň bolsa peselmegine getiripdir. Muňa garamazdan, olaryň köpüsi soňraky ýyllarda dikeldilipdir. 1958-nji ýy­la çen­li ýur­du­myz­da olaryň 180-e go­la­ýy, 1965-nji ýyl­da 98-si, 1985-nji ýyl­da 65-si iş­läp­dir. Olar agyz suw üpjünçiliginde hem-de ekerançylykda giňden ulanylypdyr. 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Ilatly ýerleri agyz suwy bilen üpjün etmäge, ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligini hem-de ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň suw gorlarynyň esasy bölеgi Amydеrýanyň, Murgap, Tеjеn wе Etrеk dеrýalarynyň, olaryň goşantlarynyň, şеýlе-dе dеrýaçalaryň wе çеşmеlеriň akymyndan, ýerasty suwlardan emеlе gеlýär. 

     Ýakynda Hazaryň kenarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen BMG­niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň birinji umumy mejlisindäki taryhy çykyşynda hormatly  Prezidentimiz ählumumy işleriň örän möhüm bölegi hökmünde suw meselesi boýunça hyzmatdaşlyga ünsi çekmek bilen, «Türkmenistan hemişe suwa deň we adalatly elýeterlilik halklaryň hem­de her bir adamyň tebigy we düýpli hukugydyr diýip, berk we üýtgewsiz çykyş edýär. Şoňa görä­de, biziň düýpli ynanjymyz boýunça tutuş suw meselesi toplumyna seretmek şu üç sany binýatlaýyn kada, ýagny: 

   ­ halkara  hukugyň berjaý  edilmegine; 

   ­ bähbitleriň  özara hasaba alynmagyna; 

   ­ halkara  guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagyna esaslanmalydyr» diýip, pugta belledi. Gahryman  Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda  mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin! 

 

Orazgeldi SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak,  tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.

20.08.2025 Details

BMG-niň AWAZA FORUMY: PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYKDA TÄZE TAPGYR

 

     Dün­ýä­niň ­geoyk­dy­sa­dy ­gur­şa­wy­ny ­de­ňag­ram­ly­laş­dyr­mak­da­ mö­hüm­ äh­mi­ýe­te ­eýe bo­lan­ BMG-niň­ Deň­ze­ çykal­ga­sy­ bolmadyk­ ösüp­ bar­ýan­ döwletler­ bo­ýun­ça­ üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň 80­ ýyl­lyk ­ta­ry­ha­ eýe ­Mil­let­ler ­Bi­le­le­şi­gi ­ta­ra­pyn­dan ­üç­ ge­zek ykrar ­edi­len he­mi­şe­lik ­Bi­ta­rap­lyk ­hu­kuk­ de­re­je­si­niň­ 30­ ýyllygyny­ bel­le­ýän ­ýur­du­myz­da ­gu­ral­magy­ türk­men ­hal­ky­nyň Mil­li­ Li­de­ri ta­ra­pyn­dan­ ba­şy ­baş­la­nyp, ­hä­zir­ki­ wagt­da­ hor­mat­ly Prezidentimi­ziň ­baş­tu­tan­ly­gyn­da ­al­nyp ­ba­ryl­ýan­ daşary syýasatyň üs­tün­lik­li­ dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň­ no­bat­da­ky­ aý­dyň ­gü­wä­si­ bol­dy.­ Dur­nuk­ly­ ösü­şiň­ bäh­bi­di­ne­ hal­ka­ra hyzmatdaşlygy­ ös­dür­mä­ge,­ hem­me­ler­ üçin­ ada­lat­ly­ we­ aba­dan gel­je­gi­ gur­ma­ga­ gönük­di­ri­len­ bu­ iri­ we­kil­çi­lik­li­ hal­ka­ra­ çä­rä­niň­ çä­gin­dä­ki­ Par­la­ment­ fo­ru­my­ hem­ deň­ze çy­kal­ga­sy­ bolmadyk ösüp­ bar­ýan­ döwletleriň­ öňün­de­ dö­re­ýän­ me­se­le­le­re­ jogap tapma­ga,­ ola­ryň­ ösü­şi­ üçin­ ugur­la­ry­ ag­tar­ma­ga­ we­ dün­ýä­ ykdysa­dy­ýe­ti­ne­ go­şu­lyş­ma­gy üçin­ hal­ka­ra­ bi­le­le­şi­giň­ tagallalary­ny­ iş­jeň­leş­dir­mek­de­ ka­nun­ çy­ka­ry­jy­ dü­züm­le­riň­ giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne­ göz­ aý­la­ma­ga­ uly­ müm­kin­çi­lik­le­ri­ dö­ret­di.­ 

 

     Mil­let­ler Bileleşiginiň Az derejede ösen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasynyň Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde guramagynda geçirilen Parlament forumy gatnaşyjy ýurtlaryň milli parlamentarizminiň taryhynda ösüşiň täze tapgyryna ýene bir ynamly ädime öwrüldi. Maslahata gatnaşyjy döwletleriň parlament wekilleri bilen bir hatarda, oňa Parlamentara Bileleşigiň we Arkalaşygyň Parlament birleşiginiň wekilleri hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň-da gatnaşmagy çäräniň geriminiň örän giňdigine ýene-de bir mysaldyr. Forumyň hut «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» diýlip atlandyrylmagy BMG-niň bu gezekki maslahatynyň çäginde parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge nähili derejede uly ähmiýet berlendigini görkezýär.

     Parlament forumy öz işini 4 ugur boýunça, ýagny «Wenadan Awaza: çözülmedik meseleler, toplanan tejribeler we täze mümkinçilikler», «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraplaýyn söwda ulgamyny döretmek hem-de pugtalandyrmak», «Parahatçylygy, ynanyşmagy we jogapkärli dolandyryşy pugtalandyrmak: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüşiň şertleri», «Parlament wekilleriniň ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen, hereketleriň meýilnamasy boýunça gyzyklanma bildirýän taraplaryň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy» atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. Görnüşi ýaly, olaryň her biri aýratyn bir ugra — foruma gatnaşyjy ýurtlaryň umumy ýüzbe-ýüz bolýan we bilelikdäki hereketleri birleşdirmezden çözülmegi mümkin bolmadyk meselelere bagyşlanýar. 

     Parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürlen pikir-garaýyşlaryň, gazanylan ylalaşyklaryň, kabul edilen çözgütleriň, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleriň jemini geçirilen giň wekilçilikli çäräniň binýatlaýyn esaslarynyň biri hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Parlament forumy BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ählumumy Gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde dünýä ýurtlarynyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda barha ösýän hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik döretdi. Hususan-da, onuň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy berkitmegiň, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýändigi öz beýanyny tapdy. Bu Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistanyň öňe sürýän parlament diplomatiýasy häzirki wagtda parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň netijeli guraly bolmalydyr» diýen parasatly sözleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. 

     Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-siniň kanun çykaryjy edaralarynyň gurluşy, iş usullary, ýörelgeleri bilen giňden tanyşmakda-da forum aýratyn ähmiýetli boldy. Şeýle hem onda gürrüňi edilýän ýurtlaryň söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, sanly tehnologiýalar we beýleki ugurlarda ösüşiniň täze tapgyryna badalga bermekde iň esasy hem-de ilkinji ädimiň kanun çykaryjy, halk häkimiýeti edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmakdan, kämilleşdirmekden, umumylaşdyrmakdan başlanýandygyna üns çekildi. Şonuň ýaly-da çäräniň häsiýetli aýratynlyklaryna milli parlamentleriň alyp barýan işini hil taýdan täze derejä çykarmaga, kanun çykaryjylygyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek bilen bir hatarda döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy berkitmäge, özara düşünişmäge, dürli milletden bolan adamlaryň arasynda deň hukuklylyga hem-de hormata esaslanýan dialogy ýola goýmaga, medeniýetleriň arasynda aragatnaşyk köprülerini gurmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilmegi bilen baglanyşykly pikir-garaýyşlaryň çygrynda has aýdyň göz ýetirmek mümkin. Hususan-da, bu häzirki döwürde halkara jemgyýetçiligiň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň ählumumy dialogyň gurallarynyň täzelenilmegini talap edýändigi bilen düşündirilýär. Şunuň bilen baglylykda, dürli formatlarda parlament alyşmalaryny ilerletmek, parlamentarileriň netijeli başlangyçlaryny goldamak boýunça hem täze teklipleriň beýan edilmegi ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmekde, hususan-da, durnukly ösüşi üpjün etmekde we beýleki ugurlarda Birleşen Milletler Guramasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde milli parlamentleriň ornunyň ýokarlandyrylmagynyň möhümdigini aňladýar. Şu babatdaky pikir-garaýyşlaryň BMG-niň Awaza maslahatynyň çägindäki Parlament forumynda öz beýanyny tapmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. 

     Parlament forumynyň ähmiýetini, esasanda, dürli ýurtlaryň kanun çykaryjylaryna öz tejribelerini paýlaşmaga, öňdebaryjy tejribelerden ugur almaga we kanun çykaryjylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge oňyn şertleri döredendigi bilen has aýdyň ýüze çykarmak mümkin. Bu parlamentara meýdançanyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň logistika, gümrük, ulag, energetika ýa-da söwda bilen baglanyşykly kanunlary nähili düzendikleri barada pikir we tejribe alyşmakda peýdaly bolandygy düşnüklidir. Sebäbi her döwletiň milli bähbitleriniň bardygyny, şol bir wagtda olaryň köpdürlüligini nazara alsak, onda birnäçe döwletleriň arasynda işleri sazlaşdyrmagyň örän çylşyrymly mesele bolup durýandygyna göz ýetirmek bolýar. Muňa oňyn çözgütleri tapmakda hut halk häkimiýetiniň wekilçilikli edaralary, aýratynam, parlament institutlary giň mümkinçiliklere eýedir. Bu babatda barha bat alyp, giň gerime eýe bolýan özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmegi parlamentiň iňňän möhüm wezipesi hasap etmek bilen, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetleriň döwlet gurluşynyň wezipelerini bilelikde, mäkäm ysnyşyklylykda çözmäge borçludygy öňe sürlen garaýyşlaryň biri boldy. Munuň üçin diňe tagallalary birleşdirip, sazlaşykly hereket edilende, hakyky netijeleri gazanyp boljakdygy öz-özünden düşnüklidir. Şunda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleriniň bu babatda öňde goýlan maksatlara ýetmekde hereketlendiriji güýje öwrülendigini anyk aýdyp bileris. 

     2024 — 2034-nji ýyllar üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasynda Parlamentara forumyň netijelerine-de aýratyn orun berildi. Ýagny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň aýrylmaz bölegi hökmünde geljekki onýyllykda deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerde durnukly ösüşi gazanmakda parlament özgertmeleriniň hem möhüm ähmiýeti beýan edildi. Şonuň üçin-de, Parlament forumynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatynyň çäginde ilkinji gezek geçirilýändigine garamazdan, iň netijeli çäreleriň biri hökmünde maslahatyň many-mazmunyny baýlaşdyrmakda örän täsirli meýdança bolandygyny nygtamak zerur. 

     Forumyň jemleri Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna Parlament ýüzlenmesinde öz beýanyny tapdy. Onda kanun çykaryjy edaralaryň öz wezipelerini ýerine ýetirmekleri üçin olara tehniki we maliýe ýardamlaryny, şol sanda degişli halkara guramalar tarapyndan institusional maslahatlaryň, gözükdirmeleriň hem-de mümkinçilikleri artdyrmak üçin serişdeleri işjeňleşdirmek babatda ýardamlaryň berilmegini üpjün etmek göz öňünde tutuldy. Bu resminama Hereketleriň Awaza maksatnamasy babatda işleriň durmuşa geçirilişine parlamentleriň gözegçilik etmäge, degişli kanunlary kabul etmäge we hiç kimiň çetde galmazlygyny üpjün etmäge mümkinçiligini artdyrmaga hukuklarynyň göz öňünde tutulmagyna ýardam etdi. Şeýlelikde, parlamentara dialogyň Awaza formaty durnukly we inklýuziw ösüşi tizleşdirmäge, sanly söwdany işjeňleşdirmäge, parlamentlerde zenanlaryň wekilçiligini artdyrmaga hem-de ýaşlar, raýat jemgyýeti, hususy pudak bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berýän netijeli mehanizmleri özünde jemledi. 

 

Hatyja MUSTAKOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

19.08.2025 Details

ÝAŞLAR — GELJEGIŇ YGTYBARLY BINÝADY

 

     Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty dünýä ýaň salan möhüm wakalaryň biri boldy. 

     Halkara  maslahatyň  çäklerinde Ýaşlar forumy hem geçirildi. Ýaş türkmenistanlylaryň beden we ruhy taýdan ösen şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri üçin amatly şertleri döretmek, olaryň intellektual, döredijilik, ruhy kuwwatyny jemgyýetiň we döwletiň bähbidine gönükdirmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr. 

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda, jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilýär hem-de olaryň gazanan uly üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri barada giňden beýan edilýär. Awazadaky Ýaşlar forumynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň  parasatly  baştutanlygynda  ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak üçin yzygiderli işler alnyp barylýar. 

     «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyz­mat­daş­ly­gy­nyň 2023 — 2030-njy ýyl­lar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyz ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen syýasaty alyp barýar. Bu ugurda amala aşyrylýan anyk işleriň mysaly hökmünde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen «Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogyny» görkezmek bolar. Awazadaky forumda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly Ýaşlar Jarnamasy kabul edildi. Bu Jarnama deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde çözgütleri kabul etmek işine ýaşlaryň gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 

     Ýaşlar jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýar we olaryň çözgütleri kabul etmek işine gatnaşmagy durnukly ösüşi üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Bu forum nesilleriň arasynda dialog bolup hyzmat etdi. Islendik ýurduň ösüşi diňe bir onuň tebigy serişdeleri, ykdysady we durmuş mümkinçiliklerine däl-de, eýsem, ýokary hünärli, köptaraplaýyn taýýarlykly hünärmenleriniň, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň derejesine hem bagly bolup durýar. Täzeçil usullar, sanlylaşdyrma, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar häzirki döwürde döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň, umuman, jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär. Şunda ýaşlaryň başlangyçlary möhüm orny eýeleýär. Bu forum ýaşlar bilen dünýä döwletleriniň we halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlyk üçin platformany döretmekde möhüm ädim boldy.

 

Ýeňiş MOLLABERDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

19.08.2025 Details

BMG-niň Awaza maslahaty: RÖWŞEN GELJEGI NAZARLAÝAN TAGALLALAR

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri häzirki zaman şöhratly taryhymyzyň altyn sahypasy bolup, geljek nesilleriň bagtyýar durmuşynyň berk binýadyny esaslandyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýlaryna taýýarlyk görülýän günlerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda uly üstünlikler bilen geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty döwlet berkararlygymyzyň ýeten belent derejesini ýene bir ýola bütin dünýä äşgär etdi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhaslylyk we öňdengörüjilik bilen durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň halkara derejede giňden ykrar edilýändigini görkezdi.

 

     Awa­za forumy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde doly beýan edildi we onuň bilen bagly wakalar taryh sahypalaryna ýazyldy. Maslahata gatnaşan myhmanlaryň we öz ýurdumyzyň wekilleriniň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyran ol wakalar baradaky gürrüňler entekler dowam eder. Bu wekilçilikli maslahat hakynda ilkinji nobatda bellemeli zat, ol hem döwletimiziň halkara derejedäki çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmekde baý tejribe toplandygydyr. Maslahatyň başlanmagy mynasybetli geçirilen dabarada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň bu halkara guramada 20 ýyla golaý dürli wezipelerde işlän döwründe Türkmenistanyň Hökümeti bilen işjeň işleşendigini, guramanyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary hökmünde ýurdumyza amala aşyran ilkinji saparynda döwletimizde raýatsyzlyk bilen baglanyşykly meseläniň netijeli çözülendigini hoşallyk bilen ýatlamagy garaşsyz ösüşiň berk syýasy-hukuk binýadynyň kemala gelendiginiň anyk mysaly boldy. BMG-niň Baş sekretary Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň bu döwletler we dünýä jemgyýetçiligi üçin taryhy wakadygyny hem buýsanç bilen belledi. 

     Awaza forumynyň maksatnamasy, esasan, deň­ze çykalgasy bolmadyk döwletleriň dünýä hojalyk gatnaşyklaryndaky ornuny pugtalandyrmak, bu ýurtlaryň ykdysady bähbitleriniň deň­hukukly goraglylygyny üpjün etmek, halkara üstaşyr söwda-ykdysady ýollardan amatly ýagdaýda peýdalanyp bilmekleri üçin çözgütleri kabul etmek ýaly möhüm wezipelerden ybarat boldy. Maslahatyň birinji plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň: «Biziň şu maslahatymyzda seredilýän meseläniň ählumumy ähmiýeti bardyr. Ol halkara işiň esasy ölçeglerini, ýagny ynsanperwer, ykdysady, durmuş, ekologiýa we beýleki ugurlary öz içine alýar. Ilkinji nobatda, ynsanperwer meseleleriň möhümdigini bellemek isleýärin. Türkmenistanyň döwlet syýasaty adama, onuň isleglerine we zerurlyklaryna gönükdirilendir. Bu syýasat şahsyýetiň mümkinçiliklerini, döredijilik kuwwatyny ýüze çykarmakdan, ruhy we beden saglygyny üpjün etmekden, kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramakdan ybaratdyr» diýip bellemegi hyzmatdaşlyk we ösüş bilen bagly möhüm ýagdaýa düýpli düşünmäge ýardam berdi. 

     Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan gatnaşmagynda alnyp barlan taýýarlyk işlerinde, düzülen maksatnamalaryň mazmunynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan ýörelgeleriniň halkara ähmiýeti bütin aýdyň­lygy bilen ýüze çykdy. Munuň özi deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň we foruma gatnaşan ähli wekilleriň Awazada ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň, olar barada kabul edilen çözgütleriň taryhy ähmiýetine, zerurlygyna pugta ynam bilen garamaklary, geljekde bu işleri amala aşyrmaga goşant goşmaklary üçin örän uly syýasy, jemgyýetçilik we ruhy daýanç bolup hyzmat etdi. Halkara tagallalary birleşdirip, dost-doganlyga, ynanyşmaga, parahatçylykly gatnaşyklara daýanyp, dünýäde ýüze çykýan islendik çylşyrymly meseleleriň çözgüdini tapmagyň mümkindigine ynam döretdi. Her bir halkyň dünýä ösüşinde öz taryhy, medeniýeti, däp-dessury, durmuş ýörelgeleri bilen mynasyp orun eýeleýändigi, röwşen geljegi di­ňe bilelikde, umumy tagallalar bilen gurup bolýandygy baradaky düşünje forumyň ähli çäreleriniň esasyny düzdi.

     BMG-niň Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen forumlary, duşuşyklary, çäreleri, sergileri çuň­ňur seljerip görenimizde, berkarar türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň dünýäniň ösüş hereketinde täsirli orna eýe bolandygyna göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyz bu hakdaky paýhasly pikirlerini şeýle beýan etdi: «Biziň kalbymyz we maksatlarymyz dünýä üçin açykdyr. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy mazmunydyr. Türkmen halkynyň asylly häsiýetleri, beýleki halklara goýýan sylag-hormaty, ýardam bermäge, raýdaşlyk bildirmäge hemişe taýýardygy biziň halkara gi­ňişlikde alyp barýan işimizde öz beýanyny tapýar. Munuň özi ýöne bir tejribe bolman, eýsem, Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň filosofiýasydyr». Bu bolsa adamzat taryhynda hemişe öňe sürlen, durmuşda ýaşaýşyň esasy we ygtybarly ýoly hökmünde kabul edilen ynsanperwer ideýalaryň täze döwür üçin gymmatly ruhy-aňyýet binýady bolup durýandygyna güwä geçýän, syýasy, durmuş, jemgyýetçilik paýhasynyň wajyplygyny aň­ladýan düýpli pikirdir. 

     BMG-niň ýokary wekilçilikli maslahatyna 600 milliona golaý ilaty bolan deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwletden gelen wekilleriň, umuman alnanda bolsa, 100-den gowrak ýurduň, 50-ä golaý halkara guramanyň ýokary wezipeli wekilleriniň, 20-den gowrak dünýä belli kompaniýanyň wekilleriniň gatnaşmagy forumyň ählumumy ösüşe dahylly örän uly çäredigine şaýatlyk etdi. Oňa gatnaşan ýurtlaryň ähli yklymdan bolmagy Awaza forumynyň dünýä ösüşiniň köp meselelerini öz içine alýandygyny görkezdi. 

     4-nji awgustda geçirilen Parlament forumynda parlamentarilere Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek üçin mümkinçilikleri döretmek, olaryň kanun çykaryjylyk işlerinde we beýleki hukuk çärelerinde onýyllyk maksatnamanyň esasy ugurlaryna üns bermek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de degerli teklipler öňe sürüldi. Raýat jemgyýetiniň we Ýaşlar forumlarynyň çäklerinde hem deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasynda degişli ugurlarda hyzmatdaşlygy has gi­ňeltmek barada «Adamlaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan düzümleýin özgertmeler we ekologiýa durnuklylygy», «Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» ýaly wajyp mowzuklar boýunça pikir alşyldy, bular babatda derwaýys çözgütler we resminamalar kabul edildi. 

     Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk hökmünde geçirilen çäre hem möhüm wakalaryň biri boldy. Häzirki döwürde sebitimiziň ählumumy ösüş hereketinde we halkara gatnaşyklarda täsirli ornunyň yzygiderli ýokarlanýandygyny göz öňünde tutanyň­da, hyzmatdaş, goň­şy dostlukly ýurtlaryň Baştutanlarynyň öz halklarynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, sebiti abadançylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň zolagyna öwürmek barada pikir alyşmagyna mümkinçiligiň döremegi hoşniýetliligiň alamatydyr. Bu duşuşykda Milli Liderimiziň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeniň gowşurmagy bolsa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dost-doganlyk ruhunda alnyp barylýandygyny ýene bir gezek äşgär etdi. 

     Halkara derejeli maslahatyň plenar mejlisleriniň üç gün dowam etmegi garalýan meseleler boýunça düýpli pikirleriň, anyk teklipleriň, möhüm başlangyçlaryň öňe sürülmegine, olar hakda netijeli resminamalaryň we çözgütleriň kabul edilmegine oňyn şert döretdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň forumyň ýapylyşynda: «Awazanyň ady sagdynlyk, ýakymly owaz astynda dynç alyş hem-de syýahatçylyk bilen sazlaşýar. Mundan beýläk bu täsin künjegiň owadan owazly ady deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-si üçin umyt-arzuwy hem-de giň mümkinçilikleri alamatlandyrar» diýip bellemegi giň gerimde geçirilen bu halkara çäräni guramakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp baran işlerine berlen ýokary baha boldy. BMG-niň ýokary wezipeli wekili Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna bildirilen myhmansöýerlik hem-de halkara hyzmatdaşlyk üçin taryhy ähmiýete eýe bolan maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

     Awaza forumynyň çäklerinde geçirilen birnäçe ugurdaş çäreler, şol sanda «Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze ugry» atly duşuşyk, Bütindünýä Söwda Guramasynyň maslahatlaşmasy, Zenan ýolbaşçylaryň forumy, «Arabaglanyşyk: araçägiň daşyndaky sanly mümkinçilikler» atly çäre, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan guralan «Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri deňiz bilen baglamakda BMG-niň standartlaryny ulanýan sanly geçelgeler» atly çäre Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň geljekki on ýylyň dowamynda amala aşyrylmaly wezipelerini durmuşa geçirmegiň anyk ýollaryny kesgitlemäge ýardam berdi. Bu wezipeler wekilçilikli maslahatyň Başlygy tarapyndan hödürlenen Awaza syýasy Jarnamasynda beýan edildi. Jarnamada foruma gatnaşyjylaryň 2024 — 2034-nji ýyllar üçin deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmek babatda toplumlaýyn çäreleriň gaýragoýulmasyz ýagdaýda kabul edilmegine berk ygrarlydygy beýan edilýär. 

     Hereketleriň Awaza maksatnamasynda kesgitlenen we Awaza syýasy Jarnamasynda beýan edilýän wezipeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň Hökümetiniň, ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik düzümleriniň öňünde-de jogapkärli hem-de möhüm işler durýar. Bu işlere üstünlikli hötde gelmek eziz Watanymyzyň halkara abraýy üçin-de, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerini mundan beýläk-de güýçlendirmek üçinde ähmiýetli wezipe bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň öň­dengörüjilikli başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň mundan beýläk-de uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris. Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, adamzadyň abadan ösüşiniň hatyrasyna Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

 Ata SERDAROW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty.

18.08.2025 Details
1 2 3 4 5 6 7 ... 96