The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY: DÖWLET BILEN HALKYŇ JEBISLIGI

 

Her bir güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýetýän belent sepgitleri, gazanýan üstünlikleri abadan we parahat durmuşda ýaşamagymyzy üpjün edýär. Täze taryhy eýýamyň her pursady agzybir türkmen halkyna buýsançly wakalary, beýik özgertmeleri bagyşlaýar.

Geňeşilip, maslahatlaşylyp başlanylýan işiň rowaçlyklara, şowlulyklara beslenýändigine Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan işler hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Her bir işde il­-halka geňeşmek parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik ýörelgelere esaslanmak bilen, şöhratly ata-­babalarymyzyň ýolunyň dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem döwrümize şan getiren taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Dürli kärdäki, hünärdäki raýatlaryň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen döwletli mejlise gatnaşyjylaryň biragyzdan makullamagy bilen il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän Permanlaryň, Kararlardyr çözgütleriň kabul edilmegi gazanýan ösüşlerimiziň dowamata dowam bolýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Ildeşlerimize gowşurylan döwlet sylaglary bolsa mukaddes toýuň bosagasynda halkymyzyň buýsanjyny has-da goşalandyran waka öwrüldi. 

Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden taryhy çykyşynda, türkmen halkynda köp nakyllaryň bardygyny aýdyp: «Ýagşy niýet — ýarym döwlet», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Agzybire Taňry biýr...», «Köpüň dilegi köl bolar», «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz», «Arkalaşan dag aşar», «Ýoly ýörän ýeňer», «Ýagşydan at galar», «Döwletliden döwlet ýokar», «Ilim­-günüm bolmasa, Aýym­-Günüm dogmasyn», «Söýenişen ýykylmaz», «Akylly iş — ganatly guş» ýaly parasatly sözleri mysal getirmegi, türkmeniň gadymdan gelýän däp­dessurlaryna aýratyn sarpa goýýandygynyň beýanyna öwrüldi. Munuň özi, «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatyny öňe sürýän ýurdumyzyň binýadynyň berkligini, ilimiziň agzybirligini dünýä ýaýýan asylly ýörelgedir. 

Alym Arkadagymyzyň täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-­da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýändigini aýratyn bellemegi, şu jähetden, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary yzygiderli geçirmek baradaky teklibi ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda alnyp barylýan Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy wezipesi ýaş nesliň amatly şertlerde ýaşamagy, dynç almagy, zähmet çekmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmekden, ýaşlaryň durmuş kepilliklerini gorap, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda ähli zerur tagallalary etmekden ybaratdyr. 

Umumymilli forumda Milli Liderimiziň ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak bilen bagly mesele dogrusynda­-da durup geçmegi, hususan­-da, ýokary okuw mekdeplerinde ylym­-bilim önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek; ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-­dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmak; Arkadag şäheriniň dünýäniň ylym-­bilim merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, şäherde Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, arheologik, binagärlik ýadygärliklerini, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny öwrenýän hem-de wagyz edýän halkara ylmy-­barlag merkezini döretmek ýaly öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp bermegi, ýaş nesle berilýän ünsüň durmuş-­ykdysady ugurlar bilen deň hatarda goýulýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. 

Tylla güýzüň ilkinji gününde — Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzda täze, döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Birinji synpa kabul edilen okuwçylaryň 155 müň 641­-sine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen kompýuterler sowgat hökmünde gowşurylmagy, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028­-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirmäge badalga berilmegi bolsa döwletimiziň ylym­-bilim ulgamynyň ösüşiniň özenini düzüp, ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam edýär. 

Açyklyk hem-­de aýanlykda, dürli kärdäki we ýaşdaky raýatlaryň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatyna Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň hem gatnaşdyrylmagy guramanyň agzalarynyň buýsançly başyny göge diräp, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda geçirilýän syýasy-­jemgyýetçilik çärelerine ýaşlaryň yzygiderli gatnaşmagy, olaryň ýurdumyzda alnyp barylýan parahatsöýüjilikli syýasata doly düşünmeklerine, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän Döwlet maksatnamalaryna mynasyp goşant goşýan hakyky watançy ogullar, gyzlar bolup kemala gelmeklerine uly mümkinçilikleri döredýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň: «Men Watanymyzyň güýç-­kuwwaty, abraý-­mertebesi hem­-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr» diýen ganatly sözleri ýaşlary Watanymyzy dünýä çykarmagyň hatyrasyna gönükdirilen beýik işlere, täzeçe başlangyçlara ruhlandyrýar. Şeýle uly ynama ygrarly ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary ýüreklerinde gaýnap ­joşýar. 

Ýurdumyzy ösüşiň belent sepgitlerine tarap ynamly öňe alyp barýan, ýaşlary Watanymyzyň güýç-­kuwwatyna deňäp, olaryň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-­de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, Diýarymyzyň ak ertirlerine gönükdirilen döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky­ Ýaş­lar­ 

gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi­ Ge­ňe­şi­niň­ baş­ly­gy, 

Mej­li­siň­ de­pu­ta­ty

 

02.10.2024 Details

RÖWŞEN GELJEGIMIZ UGRUNDA

 

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, toýly günlerde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň biri boldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler mundan beýläk-de ýurdumyzyň durnukly ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň bu mejlisde eden taryhy çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly, geljek ýyllarda-da döwletimiziň we halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap aljak düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna giň gerim berler. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda hiç bir mesele ünsden düşürilmeýär. Munuň özi mähriban halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym-bilim özgertmeleri barada nygtamak bilen, mundan beýläk-de bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barmak, halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmek işleriniň möhüm wezipeleriň biridigini nygtady. Bu ugurda üstünlikli dowam edip gelýän döwlet we milli maksatnamalaýyn işleriň oňyn netijeleri eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň galkynmagyna mynasyp goşant goşýan ýaşlarymyzyň ylmy we döredijilik başlangyçlarynyň mysalynda hem anyk görünýär. Bu işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň döwlet syýasatymyzda öz beýanyny tapýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek maksady bilen, halkymyzyň ýaşaýyş -durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmagyň hem möhümdigini nygtady. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň we yzygiderli kämilleşdirmegiň häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridigini görkezýär. 

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky degişli resminamalara gol çekmegi watandaşlarymyzy ýene-de yhlasly zähmete, döredijilikli üstünliklere ruhlandyrdy. Maňa hem şanly ýylymyzda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Bu döwletli döwranymyza buýsanjymy, geljekde Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga hyjuwymy has-da artdyrdy. Biz mundan beýläk-de hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň ösüşi, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda durmuşa geçirýän işlerine öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Halkymyzyň bagtyýar şu gününi we nurana ertirlerini berkarar etmekde tagallalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary mundan beýläk-de üstünliklere beslensin! 

 

Amangeldi HEZZIÝEW, 

Lebap welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

01.10.2024 Details

ПРИОРИТЕТЫ МОЛОДЁЖНОЙ ПОЛИТИКИ ТУРКМЕНИСТАНА

 

Национальный Лидер туркменского народа Гурбангулы Бердымухамедов в ходе своего выступления на очередном заседании Халк Маслахаты определил краеугольные цели дальнейшего совершенствования государственной молодёжной политики, которые стали основополагающими для деятельности Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули. 

В числе ключевых задач молодёжной политики уважаемый Герой-Аркадаг определил увеличение числа образовательных учреждений. В данной связи необходимо отметить, что в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства образование содействует форми­рованию личностей-патриотов с широким кругозором и высоким уровнем интеллектуальной подготовки. Молодёжная организация Туркменистана имени Махтумкули является организатором крупнейших в стране молодёжных инициатив, содействует проведению различных интеллектуальных и творческих конкурсов среди молодого поколения туркменистанцев.

Следующим важным направлением, определённым Национальным Лидером туркменского народа Героем-Аркадагом, является дальнейшая и комплексная работа с детьми с ограниченными возможностями здоровья. В данном контексте, важная роль отводится деятельности Благотворительного фонда по оказанию помощи нуждающимся в опеке детям имени Гурбангулы Бердымухамедова, средства которого помогают поправить и восстановить здоровье этой категории детей. Немаловажно отметить, что инклюзивное развитие представителей подрастающего поколения также является приоритетным направлением деятельности Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули, которая на протяжении многих лет помогает их социализации, создавая необ­ходимые условия для полноценной жизни, наполненной яркими красками созидания. 

Актуальным аспектом государственной молодёжной политики нашей организации является и проведение мероприятий по увековечению памяти выдающихся личностей туркменского народа с целью воспитания молодого поколения в духе гордости за славную историю, национальные традиции, приверженности многовековым духовным ценностям на основе жизнеутверждающих и гуманных принципов. 

В нашей стране проводится комплексная работа по изучению и популяризации богатого и бесценного литературного наследия выдающегося мастера слова, поэта и философа Махтумкули Фраги, вошедшего в сокровищницу духовной культуры человечества и ставшего основой национальной школы по формированию у молодого поколения туркменистанцев высокой нравственности, гуманизма и патриотизма. Со­держание и идейный посыл девиза нынешнего года «Кладезь разума Махтумкули Фраги», объявленного в нашей стране, призваны поднять патриотиче­ский дух, способствовать гармо­ничному воспитанию молодёжи, воодушевлять его на новые до­стижения во имя дальнейшего процветания Туркменистана. 

Также хотелось бы отметить, что глава высшего представительного органа народной власти предложил до конца текущего года провести повсе­местные мероприятия, посвя­щённые вопросам дальнейшего совершенствования сфер науки, образования, культуры, а также молодёжной политики. Безусловно, поднятые на них вопросы придадут новый импульс развитию социально-гуманитарной сферы. Сопряжение культуры и духовных ценностей нашего народа на фоне модернизации материально-технической базы научно-образовательного сегмента и его развитие в духе со­временных тенденций поможет взрастить новое поколение туркменистанцев, готовое к актуальным вызовам современности. Очевидно, что изучение дости­жений современности и предшествовавших им исторически значимых побед туркменского народа будет неразрывно связано с вовлечением молодёжи в общественно-политическую и экономическую жизнь страны. 

Следует обратить особое внима­ние и на другой важный аспект молодёжной политики, акцент, на который был сделан Национальным Лидером туркменского народа, уважаемым Гурбангулы Бердымухамедовым. В частности, речь идёт об укреплении позиций города Аркадаг как мирового центра науки и образования. Здесь в ближайшем будущем будет создан международный научно-исследовательский центр по вопросам изучения и популяризации истори­ческого прошлого Туркменистана, археологических, архитектурных памятников и т.д. 

Уважаемый Герой-Аркадаг Гурбангулы Бердымухамедов также акцентировал внимание на вопросах качественного совершенствования многогранной работы, связанной с основной миссией высших учебных заведений – профессиональной подготовкой будущих высококвалифицированных специ­алистов, остро востребованных на отечественном рынке труда. 

Таким образом, внимая при­оритетным направлениям, выдвинутым Национальным Ли­дером туркменского народа Гурбангулы Бердымухамедовым и уважаемым Президентом Сердаром Бердымухамедовым, которые были озвучены на очередном заседании Халк Маслахаты Туркменистана, наша молодёжь достигнет новых рубежей своего развития, расширит границы своих про­фессиональных возможностей и внесёт достойный вклад в славную летопись побед эры Возрождения новой эпохи могущественного государства. 

 

Язполат КЕРИЕВ, 

председатель Центрального совета Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули, 

депутат Меджлиса Туркменистана

01.10.2024 Details

BEÝIK MILLI BUÝSANJYMYZ

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenip, täze taryhy zamanamyzyň ýyl senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýar. Ynha, 33 ýyl mundan ozal halkymyzyň özygtyýarly döwlet gurmak baradaky isleg-arzuwynyň wysalyna gowuşmagy netijesinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion Kanun kabul edilip, ata Watanymyz Garaşsyz döwlet diýlip yglan edildi. Beýik milli buýsanjyna — Garaşsyzlyk bagtyna eýe bolan merdana halkymyz ata Watanymyzyň garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň ykrarnamasy hökmünde Döwlet baýdagyny hem-de Döwlet tugrasyny döretdi. 

Toýlary toýa ulaşýan berkarar döwletimizde Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik desgalarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi, joşgunly baýramçylyk dabaralarynyň, maslahatlaryň we sergileriň guralmagy ildeşlerimiziň şatlygyna şatlyk goşup, kalplaryna egsilmez ylham berýär. Bu günki gün ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmaga ýardam berýän düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ýetilen belent sepgitler bütin dünýäde ykrar edilýär. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzyň Milli Parlamenti hem hil we düzüm taýdan döwrebap özgerişlige eýe boldy. Täze döwrüň ruhuna laýyk gelýän Kanunlar işlenilip düzüldi we kabul edildi.

Ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde esasy wezipe döwletiň we jemgyýetiň bähbitleriniň sazlaşygyna gönükdirilen kanunlary kabul etmekden ybarat bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň baş maksady ata Watanymyzyň kanunçylygyny döwrebap kämilleşdirmeklige, kanun çykaryjylyk işiniň iň kämil, ösen dünýä tejribesini milli kanunçylygymyza ornaşdyrmaklyga gönükdirilendir. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda Milli Liderimiz tarapyndan yglan edilen «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä laýyklykda güneşli Diýarymyzda amala aşyrylýan işler, ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmeler mähriban halkymyzyň parahat we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp durmuşa geçirmegi bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslary barha berkidilýär. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz ösüşimiziň häzirki tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik we adalatly jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek, adam hakyndaky aladany, il-ýurt bähbitlerini ileri tutmak bilen, jan Watanymyz Türkmenistany, agzybir halkymyzy bagtly geljege alyp barýar. Şu nurana ýolda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty bize ruhy ganat, egsilmez hyjuw berýär. 

 

Amangeldi HEZZIÝEW, 

welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

26.09.2024 Details

BERKARARLYGYŇ WASPY

 

Mundan 33 ýyl ozal dünýäniň kartasynda Garaşsyz Türkmenistanyň ady ýazylypdy. Geçen döwrüň içinde döwletimiziň diňe bir ady däl, eýsem, şan-şöhraty, abraý-mertebesi-de dünýä doldy. Parasatly pederlerimiziň hasyl bolan arzuwy — mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzyň ählumumy ösüşleriniň binýady, nesilleriň geljeginiň ýagty şamçyragy boldy. Bu gün milliligi şöhlelendirýän öwüşgini bilen belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň astynda ildeşlerimiz döwrüň eşretlerinden peýdalanyp, Garaşsyzlygyň miwelerine buýsanyp, bagtyýar durmuşda erkana ýaşaýar. Ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler bolsa, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde uly ösüşlere eýe bolýar. Ol ulgamlarda döredilýän amatly şertlerden peýdalanýan ildeşlerimiz tutanýerli zähmet çekýärler. 

Ýurdumyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň toýunyň dabaralary uludan tutulýar. Bagtyýar halkymyz gözel Diýarymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna döredýär we gurýar. Garaşsyzlygyň peşgeş beren egsilmez bagtyna buýsanyp ýaşaýar, toý-baýramlarymyzy agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde toýlaýar. 

Garaşsyzlyk — bu bereketli toprakda el-ele berip, agzybir ýaşaýan halkymyzyň durmuşynda iňňän möhüm ähmiýetli syýasy wakadyr. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, ýurdumyz, ilkinji nobatda, içeri we daşary syýasatyny hem-de döwletliligiň milli ýörelgelerini özbaşdak işläp düzmäge, ynamly ösdürmäge, demokratik, hukuk we dünýewi döwletini we raýat jemgyýetini esaslandyrmaga doly hukuk gazandy. Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Döretmäge we gurmaga güýç kuwwat berýän hem-de milletimizi beýik maksatlara birleşdirýän mukaddes düşünjedir. 

Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gözel Diýarymyzy ösdürmek, halkymyzy abadan durmuşda ýaşatmak maksatly alyp barýan işleri rowaç bolsun! 

 

Ali RAHMEDOW. 

Ýolöten etrap häkimliginiň bölüm müdiri, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

26.09.2024 Details

DÖWLETLILIK ÝOLY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri buýsançly günler bilen baýlaşýar. «Pähim-­paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistan döwletimiz özüniň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belleýär. Elbetde, Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde ýurdumyz dünýäniň syýasy giňişliginde ykdysady taýdan okgunly ösýän, durmuş abadançylygyna eýe bolan, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açyk döwlet hökmünde mynasyp orun aldy. Muňa Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Amala aşyrylýan köpugurly işler türkmen döwletiniň beýik ösüşleriniň ýyl ýazgysyna täze şanly seneleri, nurana sahypalary ýazýar. Bular bolsa halkyň bähbidine gönükdirilen strategik döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çözgütleriň kabul edilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzyň özgertmeler ýolunyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini, has giň gerimde ösdürilýändigini görkezýär. 

Ýeri gelende, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyz tarapyndan uly ynama eýe bolup, döwlet Baştutany wezipesine saýlanylmagynyň ýokary ähmiýeti barada nygtamak raýatlyk borjumyz hökmünde ýerlikli bolar. Çünki halkymyz hormatly Prezidentimize öz ykbalyny we mähriban Watanymyzyň geljegini ynandy. Munuň özi täze döwlet Baştutanymyzyň uly syýasy abraýyny dünýä ýaýyp, Watanymyzyň mundan beýläk­de gülläp ösmegine, onuň dünýädäki abraýynyň has­-da belende galmagyna, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryny we başlangyçlaryny halkymyzyň dolulygyna goldaýandygyny görkezýär. Geçen iki ýarym ýylyň dowamynda ýurdumyzda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Milli ykdysadyýetimiz durnukly ösýär, durmuş ulgamy kämilleşýär, halkymyzyň ýaşaýyş-­durmuş derejesi barha ýokarlanýar, Watanymyzyň halkara abraýy belende göterilýär. Ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler halkymyzyň giň goldawyna eýe bolýar. 

Özygtyýarly döwletimiz saýlap alan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna üýtgewsiz eýerýär. Geçen iki ýarym ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli syýasatçylar we işewür toparlaryň wekilleri bilen köp sanly duşuşyklary geçirdi. Halkara gatnaşyklaryň hem­-de Türkmenistanyň sebitdäki goňşulary, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin täze sahypany açan ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi hem-­de möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Ynha, ýaňy ýakynda bolsa goňşy Owganystan — Türkmenistan döwletleriniň duldegşir goňşy serhedinde taslamalar amala aşyryldy. Olaryň iki ýurt, sebit, dünýä üçin bähbidi, ähmiýeti ýeneki onýyllyklar, asyrlar bilen ölçenýär. Ählumumy abadançylyga hyzmat etjek bu döwletli taslamalaryň her biri özbaşyna uly iş, aýratyn söhbet. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ilimiz, ýurdumyz barada edýän bimöçber aladalaryndan nyşan. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň her bir raýaty özüni bagtly hasaplaýar. Çünki haçan il agzybir bolanda, ýurt parahat bolýar, parahatlygyň bar ýerinde bolsa bagtyň, bagtyýarlygyň bardygy ikuçsuz. Bu aýdanlarymyza 22-­nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly, Arşa göterilýär halkyň ykbaly» diýen at bilen geçirilen aýdym-­sazly dabara gatnaşyjylaryň «Arkadagly Serdarymyz, rowanadyr ak ýollaryň, Ýüreklerden joşup çykýar, ulus-­iliň alkyşlary» diýip, bilelikde ýerine ýetirilen aýdymy agzybirlikde gaýtalamaklary hem doly şaýatlyk edýär. 

Agzybirlik we jebislik jemgyýetimiziň esasy gymmatlyklary, döwlet berkararlygymyzyň synmaz sütünleri bolup, ýurdumyzda beýik ösüşleriň gazanylmagynda, halkymyzyň bähbitlerine, röwşen geljegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan döwletli ýörelgämizdir. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 12 ­nji iýulynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek barada belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda 20­-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Bu Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-­nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Bu döwletli mejlisde ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň 33 ýyllygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmekde gazanylan taryhy üstünlikler, geljek üçin esasy maksatlar we wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Taryhy ähmiýetli ählihalk forumy il­-ulsuň wekilleriniň bir ýere jemlenip pikir alyşmagy ýaly türkmen demokratiýasynda öz mynasyp ornuny alan döwletlilik taglymynyň ýene-­de bir aýdyň şöhlesidir. Munuň özi halka hyzmat etmek, onuň bähbitlerini goramak we jemgyýetde ruhy galkynyşy üpjün etmek ýaly ýörelgeleriň özygtyýarly türkmen döwletiniň esasy maksatlarydygyny tassyklaýar. Çünki halk döwlet häkimiýetiniň ýeke­-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty — halk demokratiýasynyň belent nusgasy bolup, onda ýurduň ýakyn we uzak geljegini nazarlaýan dürli meseleleriň oňyn çözgüdi ara alnyp maslahatlaşylar. Ýurdumyzyň durmuşynda uly orna eýe bolan şanly senäniň bellenilýän günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Watanymyzyň dürli kärdäki, hünärdäki raýatlarynyň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda il-­günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan wajyp, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän anyk kararlardyr çözgütler kabul ediler. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň röwşen geljege ynam bilen barýandygynyň nyşanydyr. 

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň hem-­de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman şertlerine kybapdaş senagatlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatda düýpli öňegidişlikler, netijeli işler alnyp barylýar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan durmuş-­ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde we demokratik başlangyçlary mundan beýläk­de ösdürmekde bu taryhy maslahatyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyna, Arkadagly Gahryman Serdarly, Gahryman Arkadagly Garaşsyz Watanymyzyň röwşen geljegine uzaýan ýolumyzy nurlandyrjakdygyna berk ynanýarys. 

 

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Durmuş 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

24.09.2024 Details

В АТМОСФЕРЕ ЕДИНЕНИЯ И ВСЕОБЩЕЙ ВООДУШЕВЛЁННОСТИ

 

– Заседание Халк Маслахаты, проводимое в преддверии Дня независимости Туркменистана, придаёт особое празд­ничное настроение всем жителям нашей страны. Делегации велаятов провожали в торжественной обстановке и также встречали в Ашхабаде. Сегодня представители общенародного форума возложили цветы к монументу великому поэту и мыслителю туркменского народа и всего Востока Махтумкули Фраги в культурно-парковом комплексе столицы. Это вызвало высокий духовный подъём. 

Под руководством уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова продолжается курс Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова на всестороннее развитие нашего государства, повышение уровня и качества жизни народа. Большое значение в этой связи придаётся развитию здравоохранения и медицинской промышленности. Повсеместно строятся медицинские центры, Дома здоровья, больницы, которые оснащаются современной меди­цинской техникой, уделяется внимание лекарственному обеспечению населения. Люди очень благодарны Герою-Аркадагу и Аркадаглы Герою Сердару за внимание к сфере здравоохранения и заботу о здоровье народа. Обсуждение на Халк Маслахаты всех вопросов жизни общества и государства и принятые решения станут очередной вехой в развитии страны в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства. 

 

ВЕЗИРГЕЛДЫ АШЫРОВ, 

депутат Меджлиса Туркменистана, 

заместитель начальника санитарноэпидемиологической службы Балканского велаята:

24.09.2024 Details

С АРКАДАГЛЫ ГЕРОЕМ СЕРДАРОМ В СВЕТЛОЕ БУДУЩЕЕ

 

– Став суверенным государством, Туркменистан активно и последовательно проводит свою внешнюю политику, направленную на обеспечение мира, безопасности и устойчивого развития. Под мудрым руководством уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова продолжается курс Героя-Аркадага по укреплению авторитета нашего государства на международной арене как миротворческого центра и ответственного экономического партнёра. 

Важную роль в развитии международных отношений играет парламентская дипломатия. Деятельность депутатов Меджлиса нацелена на создание условий для наведения дружественных мостов, содействие взаимопониманию и доверию между народами, поддержку международных инициатив нейтрального Туркменистана. В качестве примера отмечу, что в Меджлисе на двусторонней основе созданы межпарламентские Группы дружбы с 50 странами мира, наращивается взаимодействие с Межпарламентским союзом, Межпарламентской ассамблеей ОБСE, Межпарламентской ассамблеей СНГ. По инициативе нашей страны в Ашхабаде был организован Первый межпарламентский форум стран Центральной Азии и Российской Федерации. Сейчас Меджлис готовится к проведению в Ашхабаде Второй встречи спикеров Парламентов стран Центральной Азии и Республики Корея. В рамках этого мероприятия пройдут также межпарламентские встречи и встречи Групп дружбы стран Центральной Азии и Республики Корея. 

Символично, что в нынешнем году, проходящем под девизом «Кладезь разума Махтумкули Фраги», в Ашхабаде также пройдёт Международный форум «Взаимосвязь времён и цивилизаций – основа мира и развития». Он организован по случаю 300-летия со дня рождения великого поэта. Этот форум станет ещё одним важным событием в плане укрепления мер доверия, дружбы и сотрудничества между странами

 

 

 Керимгулы ГЕЛДИЕВ, 

депутат Меджлиса Туркменистана, 

член Комитета Меджлиса по международным 

и межпарламентским связям:

23.09.2024 Details

GARAŞSYZLYK GÜNI – NAÝBAŞY BAÝRAM

 

 Bag­ty­ýar dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gör­ýän il-ul­su­myz her bir to­ýy, baýra­my şat­lyk-şow­hun­ly, da­ba­ra­ly ge­çirip, ola­ryň ha­ky­da­lar­da hemişe­lik gal­jak ýa­kym­ly ýat­la­ma­la­ra bes­len­me­gi­ni ga­zan­mak üçin tagal­lasy­ny gaý­gyr­ma­ýar. Ýö­ne her bir hal­kyň dur­mu­şyn­da, ta­ry­hyn­da aý­ra­tyn orun alan şan­ly se­ne bo­lup, onuň toý­la­ny­ly­şy-da, da­ba­ra­sy-da, at-owa­za­sy-da üýt­ge­şik bol­ýar. El­bet­de, ol Ga­raş­syz­lyk gü­nü­dir.

 Türk­men hal­ky bu şan­ly se­nä­niň da­ba­ra­la­ry­nyň ýy­lyň-ýy­ly­na dünýä ýaň sal­ma­gy­ny ga­za­nyp gel­ýär. Se­bä­bi pe­der­leri­mi­ziň en­çe­me asyr­lap eden arzuw­la­ry­nyň ha­syl bo­lan­dy­gy­nyň gü­wä­si­ne öw­rü­len Garaş­syz­lyk döw­le­ti­mi­ziň ber­ka­rar­ly­gy­nyň, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, je­bis­li­gi­niň syn­maz bin­ýa­dy­dyr, ata Wa­tany­my­zyň ga­za­nan we ga­zan­jak ösüş­le­ri­niň göz­ba­şy­dyr. 

Ýurt Ga­raş­syz­ly­gymy­zy ga­zan­ma­gy­myz bi­len, ösüş ýo­lu­na dü­şen Türk­me­nis­tan Wa­tany­my­zyň şan-şöh­ra­ty, mer­te­be­si be­lent­lik­le­re göteril­di. Hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi, je­bis­li­gi, zäh­met­sö­ýer­ligi ne­ti­je­sin­de äh­li ugur­lar­da be­lent sep­git­le­re ýe­til­di. Mu­kad­des Ga­raşsyz­ly­gy­myz ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras bo­lup gel­ýän mil­li we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, asyl­ly däp­le­rimi­zi di­kelt­mä­ge, döw­re­bap de­re­je­de kä­mil­leş­dir­mä­ge giň müm­kin­çi­likle­ri dö­ret­di. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­myz dün­ýä döwlet­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy. Söw­da-ykdysady, ylym-bilim, me­de­ni­ýet, sport we beý­le­ki ugur­lar­da­ky giň gerim­li öz­gert­meler ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň ösü­şi­ni, dün­ýä halk­la­ry bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň has-da ber­ke­me­gi­ni üp­jün et­di. Bu gün Garaşsyz, ba­ky Bi­ta­rap döw­le­ti­miz gül­läp ösü­şiň we bag­ty­ýar­ly­gyň ýurdy, sag­dyn­lygyň hem ru­hu­be­lent­li­giň, spor­tuň me­ka­ny hök­mün­de Ýer ýü­zün­de uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. 

Aja­ýyp za­ma­na­myz­da Ga­raş­syzlyk­dan gal­ky­nan, eş­ret­li dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gör­ýän hal­ky­my­za ýa­şamak, oka­mak, iş­le­mek, dö­ret­mek, gurmak üçin dün­ýä nus­ga­lyk şert-müm­kin­çi­lik­le­ri üp­jün edip be­ren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary­nyň sag, ömür­le­ri­niň uzak, tu­tum­ly iş­le­ri­niň ro­waç bol­ma­gy­ny arzuw ed­ýä­ris. 

 

Perman SAPAROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň dur­muş sy­ýa­sa­ty 

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni.

21.09.2024 Details
1 ... 5 6 7 8 9 ... 61