Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

GÖTERILDI OL YKBALY TÜRKMENIŇ

 

     Türkmen Bitaraplygy bu ýurdumyzyň diňe bir halkara hukuk derejesi däl. Ol parahatçylyksöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, durnukly ösüşiň bilelikdäki jemidir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara derejesinde hem abadançylygy üpjün etmekde, dost-doganlygy we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekde hem uly ähmiýete eýe bolýar. Çünki ýurdumyzyň bu hukuk derejesinde jemlenen milli ýörelgelerimiz tutuş adamzadyň geljegine gönükdirilen asylly başlangyçlar bilen sazlaşyp, dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagynda täze sahypalary açýar.

 

     Häzirkizaman dünýä jemgyýetçiliginde halklaryň arasynda ykdysady arabaglanyşygy kemala getirmek, hyzmatdaşlygy berkitmek, medeni sazlaşygy döretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurlarda bilelikdäki maksatlara ýetmekde bolsa Gahryman Arkadagymyz tarapyndan kämilleşdirilen we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatymyzyň, şeýle-de milli ýörelgelerimizi özünde jemleýän türkmen Bitaraplygynyň orny barha pugtalandyrylýar. Geçen 30 ýylyň içinde döwletleriň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary, dostlugy, abadançylygy berkitmekde asyrlara barabar menzil aşyldy we beýik işler durmuşa geçirildi. Ynamly ädimler bilen öňe gidilip, asudalykda we agzybirlikde ýaşamaga giň ýol açyldy, ynsanperwerlik, parahatçylyk taglymatlarymyz tutuş dünýäde dabaralandyryldy. Hut şu esasdan hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary esasynda üçünji gezek belent ykrarnama eýe boldy.

      Ýurdumyzyň oňyn daşary syýasatynyň üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän köpugurly işlerinde hem aýdyň duýulýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurtlaryň birnäçesine resmi saparlary amala aşyrmagy, sammitlere we forumlara gatnaşmagy, şeýle hem ýurdumyzda halkara derejeli çäreleriň köpsanlysynyň geçirilmegi beýik maksatlara tarap dostlukly halklaryň bilelikdäki tagallalarynyň giň hataryny düzdi. Şeýle-de beýik geljegiň hatyrasyna ählumumy hyzmatdaşlygy berkitmekde baý tejribe toplan ýurdumyz ylalaşygyň we dost-doganlygyň merkezine öwrüldi. Halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak medeniýetini ösdürmek babatynda hormatly Prezidentimiziň umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary-da dünýä jemgyýetiniň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Bu hakykata dünýäniň belent münberinde ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň giň goldawa mynasyp bolmagynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şu günlerinde ýurdumyzyň ähli ýerinde, şeýle-de dostlukly döwletleriň birnäçesinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp tutumly toýlar tutulýar. Bu şanly senäniň hemişelik Bitaraplygymyzyň esaslaryny düzýän parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, agzybirlik ýaly köpasyrlyk milli ýörelgelerimizden ugur alnyp bellenilýändigi hem guwandyryjy ýagdaýdyr. Çünki türkmen Bitaraplygy parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga çagyrýan beýik taglymatdyr. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanylyp meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Welaýatymyzyň etraplarynda we şäherlerinde geçirilýän medeni çäreleriň, aýdym-sazly dabaralaryň uly ruhubelentlige eýe bolmagy bolsa halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň özboluşly beýanydyr. Bize şeýle bagty miýesser eden, Ýer ýüzüniň parahatçylygy, asudalygy, dünýä halklarynyň dost-doganlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Merdan DOSMEDOW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

20.11.2025 Giňişleýin

Adamzat ýaşaýşynyň ygtybarly binýady

 

     Adam — dünýäniň görki, ýaşaýşyň dowamlylygy. Ýaşaýyş adamyň aň-paýhasy, zähmeti we özara gatnaşygy esasynda dowam edýär. Adam gymmatlygy baradaky düşünjeler bolsa bize gadymdan mälimdir. Söz ussady Omar Haýýamyň rubagylaryndaky «Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa, //Ynsandyr-bezegi, zynaty, gaşy» diýen setirleri hem muňa mysaldyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky çuň mazmunly setirler hem şeýle hakykatyň beýanydyr: «Adam gymmatlygy hakyndaky düşünje şu zamanyň derwaýys ýörelgesidir. Çünki taryh ýaşaýşyň asyl maksadynyň adamlardadygyny, olaryň durmuşa gatnaşygyndadygyny anyk beýan etdi. Häzirki döwür ýaşaýşyň manysynyň, ilkinji nobatda, adama goýulýan gadyr-gymmatdan başlanýandygyny ykrar etdi. Şonuň üçin hem biziň döwrümizde dünýäniň dynuwsyz hereketini hut adamlar barasyndaky maksatda jemleýän taglymatlar rowaçlanýar». 

     Parahatçylyk adamzat siwilizasiýasynyň ösmeginiň baş şertidir. Ol tutuş adamzat  gatnaşyklarynyň berkäp, täze ösüşlere, belent derejelere ýetmegiň möhüm guralydyr. Şonuň üçin hem Bitarap Türkmenistanyň syýasy taglymatynyň esasy maksadynyň adam gymmatlygyny wagyz etmek, ynsanyýetiň ilkinji arzuwy bolan parahatçylygy berkarar etmek, ählumumy bähbitleri goramak, şonuň esasynda durnukly ösüşi gazanmak ýörelgelerinde jemlenýändigi döwrüň häsiýetli aýratynlygydyr. Türkmenistan döwletimiz hemişelik bitaraplyk ýörelgeleri esasynda dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen bilelikde umumadamzat bähbitli işlere işjeň gatnaşýar, hususan-da, adam hukuklaryny goramak, adamlaryň ýaşamaga bolan hukuklaryna hormat goýmak ýaly ýörelgelerde ynsanperwer hereketlerini ilerledýär. Soňky ýyllarda bosgunlaryň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleri babatdaky möhüm işlere aýratyn ähmiýet berlip, ýurdumyzyň raýatlygyna kabul edilen adamlaryň sanynyň artmagy hem nusgalyk häsiýete eýe bolan milli ýörelgelerimiziň aýdyň güwäsidir. 

     Özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine gyşarnyksyz eýerýän Türkmenistan BMG bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň çäginde adamzat bähbitli meseleleri çözmeklige, halklaryň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegine, umuman, parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, ýaşaýşyň ygtybarly dolandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlarda mynasyp orun alýar. Adamlaryň arasyndaky gapma-garşylyklary, düşünişmezlikleri ýok etmek, özara dialoglary ilerletmek, birek-birege ynanmak we hormat goýmak döwletimiziň syýasy hereketleriniň baş maksadydyr. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki taryhy çykyşy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. 

     “Türkmen ilim, eý, adamzat! //Azat il, güzer gözlär men” diýip, diňe bir türkmen halkyny däl, eýsem, tutuş adamzady agzybirlige, asudalyga, azat-erkin ýaşaýşa çagyran söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlaryny wysal edip, älem giňişliginde parahatçylygy we jebisligi wagyz edýän, adamzat bähbitli ynsanperwer ýörelgeleri rowaçlandyrýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, türkmen bitaraplygyna esaslanýan beýik başlangyçlary baky rowaçlyklara beslensin! 

 

Annabagt Ma­ýewa, welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe, bilim we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

20.11.2025 Giňişleýin

Durnukly ösüşiň möhüm şerti

 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ýol-ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak babatda başy başlanan döwletli tutumlar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda täze taryhy eýýamda belent sepgitleri nazarlaýar.  Munuň özi ulag ulgamynyň  dünýä  ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýanlygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik  Bitarap Diýarymyz  daşary  ýurtly  hyzmatdaşlar bilen bilelikde, ýol-ulag pudagyna dahylly iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek bilen, sebit we dünýä möçberinde köpşahaly  ulag düzümini döretmäge  saldamly  goşandyny  goşýar. 

     Berkarar Watanymyzyň geografiki taýdan amatly künjekde ýerleşmeginiň giň mümkinçiliklerini diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, Ýewraziýanyň ägirt uly çäklerinde köp sanly döwletleriň, şol sanda dünýä döwletleriniň hem bähbitleriniň hyzmatynda goýmakda alnyp barlan işler juda köpdür. Milli ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda toplumlaýyn amala aşyrylan işler, bar bolan ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmakda, olaryň täzelerini gurmakda ýörite milli maksatnamalaryň çäklerinde ýetilen sepgitler muny aýdyň görkezýär. Durmuşa geçirilýän bu işleriň ählisi milli ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa  düzümine  işjeň  goşulyşmagynda,  ýurdumyzda iri ulag-logistika merkeziniň döredilmeginde möhüm ähmiýetlidir.  Döwletimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän iri maýa goýum taslamalary, öňe sürýän başlangyçlary dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek babatda kabul eden Kararnamasy  muňa  anyk  subutnamalaryň biridir. 

     Diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, syýasy nukdaýnazardan hem uly bähbidi bolan ýol-ulag pudagynyň okgunly ösüşinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wajyp ähmiýetli taslama bolandygyny  nygtamak gerek. Deňiz portunyň işe girizilmeginiň Aziýanyň we Ýewropanyň  arasyndaky  söwda  hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny täze derejelere çykarandygyny buýsanç bilen nygtap bileris. Ol Aziýa bazarlarynyň Ýewropa üçin eleýeterliligini  üpjün  etmekde täze  mümkinçilikleri  döretdi. Şeýle-de  bu iri  möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň suw-ulag pudagy belent sepgitleri nazarlaýar. 

 

Eziz Mat­dy­ýew, «Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jem­gy­ýe­ti­niň baş in­že­ne­ri­niň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

20.11.2025 Giňişleýin

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW: — Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys.

 

ÝAŞLAR — döwletlilik ýolunyň baky dowamaty

 

    Türk­me­niň Oguz han­dan gaýd­ýan döw­let­li­lik ýo­ly, asyr­lar aşyp gel­ýän asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýamynyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de do­wa­mat-do­wam tap­ýar. Atala­ryň  ýo­ly  al­tyn  ýo­la  de­ňe­lip, pe­der­le­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýaly, «ony sö­ýen Wa­ta­ny sö­ýer». Döw­let­li­lik ýo­ly — ata-babalarymy­zyň  ne­sil­le­re go­ýan nus­ga­lyk ýo­ly, be­ýik mek­de­bi. Ol ýol­da geç­mi­şe sar­pa, şu gü­ne ga­dyr, gel­je­ge  ynam jemlenýär. Ol ýol­da hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­lik, je­bis­lik, bi­te­wü­lik, ynsanperwer­lik  ýö­rel­ge­le­ri  bir­leş­ýär. Ol ýol­da ýa­şu­lu­la­ra sarpa goý­lup, ýaş­la­ra  uly ynam bil­di­ril­ýär. Şu jä­het­den, hormat­ly  Prezi­den­ti­miz: «Ýaş­lar türk­men hal­ky­nyň döw­let­li­lik ýol-ýörelge­si­niň  mi­ze­mez  mer­te­be­si­dir, ba­ky  do­wa­ma­ty­dyr» di­ýip bel­le­ýär. Çün­ki ýaş­lar pe­der­le­ri­mi­ziň  şol mi­ze­mez, binýady berk ýö­rel­ge­le­ri­ni do­wam et­dir­me­li, şu gün­den er­ti­re ýe­tir­me­li  nesiller­dir. Şun­dan ugur al­nyp, hä­zir­ki wagt­da ýaşlary  watansöýü­ji­lik  we mil­li­lik  ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek, olaryň  jemgyýet­çi­lik dur­mu­şy­na iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy­ny gazanmak, zehin­li ne­sil­le­ri ýü­ze çy­kar­mak we­zi­pe­le­ri döw­let ýaş­lar syýasaty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da­dyr. Wa­ta­na  söý­gi  äh­li  duý­gu­la­ryň baş­lan­gy­jy we çür­ba­şy bo­lup, bu wezipele­riň  üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de 1991-nji ýylyň 16-njy  no­ýab­ryn­da  dö­re­di­len, hä­zir­ki  wagt­da  düzüminde 912 müň­den  gow­rak  ag­za­ny  jem­le­ýän Türkmenista­nyň  Mag­tym­gu­ly  adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy myna­syp or­ny eýe­le­ýär. Ýaş­lar gurama­myz türk­men hal­ky­nyň Mil­li  Li­de­ri Gah­ry­man  Arkadagymy­zyň  nus­ga­lyk  başlangyçla­ry­ny  üs­tün­lik­li  do­wam  etdir­ýän  Arka­dag­ly Gahryman  Serda­ry­my­zyň  tab­şy­ryk­la­ryn­dan  we öwüt-nesihatla­ryn­dan  ugur al­mak bi­len, de­giş­li ugur­da anyk iş­le­ri ama­la aşyr­ýar.

 

MILLI BUÝSANÇ — MIZEMEZ GYMMATLYK 

 

     Ýurt Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda, has takygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Arkadagymyz: «Milli buýsanç nesil terbiýesi üçin giň mümkinçilikleri açýan gymmatlykdyr. Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ýaş raýatyň döwrebap bilim almagy bilen birlikde, milli buýsanç duýgusynyň kemala gelmegini gazanmagy hem öňümizde durýan örän möhüm wezipe hasap edýärin» diýip belledi. Sebäbi, taryhdan mälim bolşy ýaly, halklaryň we döwletleriň iň beýik ösüşleri milli buýsançdan gözbaş alýar. Milli buýsanç, umumymilli gymmatlyklaryňa, halkyňa, Watanyňa  bolan  guwanç  halkyň tükeniksiz kuwwat çeşmesidir. Bu hakykaty çuňňur pelsepä ýugrup beýan etmek bilen, Milli Liderimiz häzirki nesilleri millilik ruhunda terbiýelemegiň ýaşlarymyzyň bilimleriniň we garaýyşlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine, terbiýäniň özboluşly  mekdebi bolan milli mirasymyzda Watany, topragy, zähmeti söýýän, päk ahlakly, edep-ekramly nesilleri ýetişdirmegiň ajaýyp däpleriniň jemlenendigine ünsi çekýär.

     Dogrudan-da, halkymyzyň şöhratly geçmiş sahypalaryny agtaranyňda, pederlerimiziň beýik işleri ýaş nesillerde guwanç duýgularyny oýarýar. Öz halkynyň aslyny bilmäge ymtylýan we şoňa laýyk bolmaga çalyşýan ynsana bolsa türkmençilikde «asylly ynsan» diýilýär. Diýmek, müňýyllyklara uzaýan taryhymyzy — aslymyzy çuňňur öwrenmek, oňa guwanmak ýaşlarymyzyň pederlerimize laýyk asylly nesiller bolup ýetişmeginde örän ähmiýetlidir, diýseň wajypdyr. Nesilleriň milli hakydasy hut geçmiş taryhy öwrenip, oňa guwanmak we buýsanmak arkaly kemala gelýär. Hut şu nukdaýnazardan, Ýaşlar guramamyzyň hünärmenleri dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, şol sanda ýurdumyzyň ýokary, orta we başlangyç  hünär  okuw mekdeplerinde, umumybilim berýän orta mekdeplerde wagyz-nesihat duşuşyklary geçirenlerinde, köpçülikleýin  habar  beriş  serişdelerinde çykyş edenlerinde halk hazynamyzdan işjeň peýdalanýarlar. Biz her bir işimizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent taglymatlaryndan, nusgalyk durmuş ýörelgelerinden, beýik sapaklaryndan ugur alýarys.

 

DÖWRÜŇ SESINE SES GOŞUP 

 

     Ýaşlara uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimiz: «Döwre mynasyp nesil bolmak üçin döwür bilen aýakdaş gitmeli we ol her bir ýaş nesliň öňünde goýýan maksatlarynyň biri bolmaly» diýip nygtaýar. Berk taryhy we milli binýada daýanyp, döwrüň täzeliklerini ruhuňa-süňňüňe siňdirip, bilim hem ylym ummanynda  gulaçlap  ýüzüp, döwrüň  sesine ses goşmak her bir ýaş raýatyň mukaddes borjudyr. Sebäbi  kosmiki  tizlik bilen öňe barýan üçünji müňýyllykda adamzat ylmyň, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň iň täze gazananlaryna esaslanyp ýaşaýar, döredýär, gurýar. Hormatly Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn durmuşa geçirýän beýik özgertmeleri netijesinde bu täzelikler biziň durmuşymyza  hem  giňden  ornaşdyrylýar. Bütin dünýäde bolup geçýän bu özgerişleriň esasynda adamzat millilige we döwrebaplyga esaslanyp ýaşamalydyr. Biz dünýä dillerini, medeniýetini, sungatyny, häzirki zaman ylmyny we tehnologiýalaryny öwrenmek arkaly ene dilimizi, milli medeniýetimizi, ruhy-ahlak ýörelgelerimizi, milli ykdysadyýetimizi we senagatymyzy kämilleşdirmelidiris. Türkmen  ýaşlary haýsy ugurda bilim alýandygyna ýa-da zähmet çekýändigine garamazdan, ýurdumyzyň umumymilli bähbitlerini maksat edinýän milli aňyýet bilen ýaşamalydyr. Çünki milli köklerden gözbaş alyp döwrebaplyk bilen utgaşan özgertmeler abadan we durnukly, asuda we jebis geljegi gurmagyň hamyrmaýasydyr, gönezligidir.

 

ZEHINLI ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ GELJEGI. 

 

     Ösüp gelýän nesillerimizi ylym-bilime, döredijilik işlerine höweslendirmek we olaryň arasynda dürli bäsleşikleri geçirip, täze ýaş zehinleri ýüze çykarmak Ýaşlar guramamyzyň esasy maksatlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, guramamyz degişli edara-kärhanalar bilen bilelikde dürli bäsleşikleri yzygiderli guraýar. Olaryň hatarynda talyp ýigitleriň arasynda geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşigini, talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli — 2025» atly gözellik bäsleşigini, «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşigini, çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Talyp joşguny — 2025» atly döredijilik festiwalyny, estrada aýdymçylarynyň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy», «Meniň sesim» atly bäsleşikleri, gazet-žurnallaryň redaksiýalary, hususanda, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guralýan «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiklerini görkezmek bolar. 

     Bulardan başga-da, zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşurylýar. Bu baýrak ýaşlygyň uly serpaýydyr. Ol ýaşlara, ýaşlyga  goýlan  ilkinji hormat, ilkinji ykrar bolup, olary geljekki uly menzillere  atarýar. Şunuň  bilen  baglylykda, Ýaşlar baýragyna ýaş nesilleriň 2021-nji ýylda 62-siniň, 2022-nji ýylda 75-siniň, 2023-nji ýylda 140-synyň, 2024-nji ýylda 135-siniň, 2025-nji ýylda 141-siniň mynasyp bolandygyny nygtamalydyrys. Şeýle hem döredijilik äleminde we beýleki dürli ugurlarda ýokary netijeleri gazanan çagalara Türkmenistanyň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy gowşurylýar. Bu baýraga çagalaryň 2021-nji ýylda 66-synyň, 2022-nji ýylda 65-siniň, 2023-nji ýylda 70-siniň, 2024-nji ýylda 71-siniň, 2025-nji ýylda 92-siniň mynasyp bolmagy altyn nesillerimiziň zehinleriniň zyýadadygyny tekrarlaýar.

 

YLYM ÝOLY ABADAN ERTIRLERE BARÝAN ŞUGLALY ÝOLDUR 

 

     Ylym ýoly çuňňur zehini, irginsiz yhlasy, dowamly gözlegi talap edýän inçe ýol hasaplanýar. Şoňa görä-de, ylym dünýäsiniň altyn gapysyny açmak üçin altyn açar gerek. Ol açar bilen arzuw wysal bolýar, maksat myradyna gowuşýar. Şundan ugur alsak, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýylyň-ýylyna ýaşlaryň arasynda yglan edýän ylmy işler boýunça bäsleşigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri, täze ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar». 

     Diýmek, ýaşlaryň ylmy açyşlary döwletimizi hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, bu bäsleşige ýaşlaryň 2021-nji ýylda 1 müň 53-siniň gatnaşyp, olardan 57-siniň; 2022-nji ýylda 1 müň 140-synyň gatnaşyp, olardan 72-siniň; 2023-nji ýylda 1 müň 362-siniň gatnaşyp, olardan 67-siniň; 2024-nji ýylda 1 müň 670-siniň gatnaşyp, olardan 107-siniň; 2025-nji ýylda bolsa 1 müň 665-siniň gatnaşyp, olardan 118-siniň ýeňiji bolandygyny bellemek diýseň guwandyryjydyr.

 

ÝAŞLARYŇ SESI — PARAHATÇYLYGYŇ SESI 

 

     Häzirki zaman dünýäsinde umumadamzat ähmiýetli meseleleriň oňyn çözgüdini tapmakda, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmekde ýaşlara aýratyn orun degişlidir. Çünki bu günki ýaşlar ertirki abadan we asuda durmuşymyzyň gurujylardyr. Hut şu jähetden, döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Ýaşlaryň başarnygyny, kuwwatyny milletiň, adamzadyň bähbidi, dünýäniň parahatçylygy üçin ulanmak esasy wezipeleriň biridir. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir». Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn üns berlip, muňa şu ýylyň 5 — 8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde guralan Ýaşlar forumynyň mysalynda aýdyň göz ýetirdik. 

     Bu giň möçberli forum inklýuziw ösüş üçin ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirildi. Ýaşlaryň häzirki zaman dünýäsinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda aýratyn orny eýeleýändigine, bu maksatlaryň ugurlaryň giň toplumyny, şol sanda ýokary hilli bilim almagy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we ykdysady ösüşe ýardam bermek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýandygyna üns çekildi. Forumyň dowamynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly Ýaşlar jarnamasynyň tassyklanylmagy röwşen geljegi gurmakda ýaşlaryň pikirlerine we başlangyçlaryna  maýa  goýmagyň tutuş halklaryň gülläp ösüşine ýardam berjekdigini görkezdi. 

     Ýeri gelende bellesek, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyz ýaşlaryň mümkinçiliklerini  giňeltmäge gönükdirilen netijeli syýasaty alyp barýar. Diňe üstümizdäki ýylyň özünde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyzyň wekilleriniň ýurdumyzyň çäklerinde halkara derejede, şeýle-de Hindistan, Gazagystan, Özbegistan, Türkiýe, Azerbaýjan, Eýran, Hytaý, Russiýa, Marokko ýaly ýurtlarda geçirilen duşuşyklara işjeň gatnaşyp, özara tejribe alyşmaklary munuň hakykatdan-da şeýledigine güwä geçýär. 

 

BITARAPLYK — BELENT ÖSÜŞLERIMIZIŇ BINÝADY 

 

     Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen, şu ýyl 30 ýyllyk ýubileý senesi giňden dabaralandyrylýan  hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şeýle-de Bitaraplyk ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik ösüşleriň berk binýadydyr. Şu nukdaýnazardan, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyz  tarapyndan «Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň mekany», «Biz owaz bilen», «Arkadagly ýaşlar», «Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi», «Ynamly öňe» atly täze telegepleşikler ýola goýlup, yzygiderli halk köpçüligine ýetirilýär. «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek», «Edebi penjire», «Kitap — dünýäniň açary», «Zehinlije», «Ýaş zehin», «Milli miras — nesillere görelde» atly gepleşikler ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kitapsöýer, kämil şahsyýetler bolup  ýetişmeginde möhüm ähmiýetlidir. Şeýle hem 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri aýda bir gezek okyjylar köpçüligine ýetirilýän «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalda dürli žanrdaky makalalar, çeper eserler, türkmen we dünýä ýaşlarynyň durmuşyndan söhbet açýan maglumatlar çap edilýär.

     Şular bilen bir hatarda, Ýaşlar guramamyzyň yashlar.gov.tm elektron saýtynda «Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi» atly täze bölüm açylyp, onda  ýaşlaryň  eziz Diýarymyzyň ösüşlerini wasp edýän, döwrümiziň sesine ses goşýan makalalary türkmen, rus we iňlis dillerinde yzygiderli ýerleşdirilýär. Mundan başga-da, bu elektron saýtda abuna.yashlar.gov.tm sub domeni we «Arkadagly ýaşlar» programma üpjünçiligi döredildi. Bularyň ählisi  bütin  durky  bilen  Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlary kemala getirmäge gönükdirilendir.

 

EDEBIŇ ÝAGŞYSY WATANY SÖÝMEKDIR.

 

    Watan her bir ynsanyň ömrüniň örki, kalbynyň durky, ýüzüniň görki hasaplanýar. Watan depämiziň täji, kalbymyzyň hyrujydyr. Geçen akyldarlaryň, danalaryň öwüt-ündewlerini öwrenip, kalbyňa siňdirip, Watany depäňe täç etmek her bir türkmen raýatyna parzdyr. Bu dogrusynda Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Dünýäde şeýle bir mukaddes gymmatlyk bar. Oňa «Watan» diýilýär. Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Mukaddes söýgüdir. Watana bolan söýgi ynsanyň tutuş ömrüni bezeýär. Ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur. Bagtly bolmak üçin Watany söýmek gerek. Edebiň ýagşysy hem Watany söýmekdir. Çünki Watany söýmek — bu Watanyň  asudalygy,  gülläp  ösüşi üçin zähmet çekmekdir, yhlas etmekdir. Şoňa görä-de, Watana, halka hyzmat edip, sylag-hormata mynasyp bolmak her bir ynsan üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir.  Sebäbi  kim  Watanyny  depesine täç eýlese, Watany hem ony başyna täç eýlär». Bu jümleler watansöýüjiligiň  aýdyň  ýüze  çykmasy bolup, biziň her birimizi il-halkymyz üçin haýyrly işleri amal etmäge, belent maksatlara, täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Türkmen üçin Watan iň beýik mukaddeslikdir. Paýhasly pederlerimiziň döreden «Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol», «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan — ölinçä», «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» ýaly dürdäne jümleleri ýaş nesiller üçin watançylyk mekdebidir.

 

* * *

     Ýaşlar hakdaky alada geljek hakdaky aladadyr. Şundan ugur alyp, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy täze taryhy eýýamda ýaş türkmenistanlylaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary babatda netijeli işleri alyp barýar. Döwrüň zerurlygyndan we talaplaryndan ugur alyp, durmuşa geçirýän işlerimizi mundan beýläk-de ýokary guramaçylykly we täzeçil usullarda guramaga, ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek işine mynasyp goşant goşmaga çalşarys. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Ýaşlar döwletimiziň  kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir». 

 

Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň  Magtymguly  adyndaky Ýaşlar  guramasynyň  Merkezi  geňeşiniň  başlygy, Mejlisiň deputaty.

18.11.2025 Giňişleýin

IRI TASLAMALAR DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

 

     Bagtyýar zamanamyz barada söz açylanda, turuwbaşdan bir hakykaty aýratyn buýsanç bilen nygtamalydyr. Ol hem ýurdumyzyň sebitlerini özgertmek babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýanlygydyr. Ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, birnäçe iri senagat desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşmagy-da ajaýyp hakykatyň nobatdaky subutnamasydyr. Şol dabaralaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde  kuwwatlylygy  ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň hem-de Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine barýan awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz  böleginiň  gurluşyk işlerine badalga berdi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermeginde Esenguly etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desga we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi ulanylmaga berildi.

      Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň dabaralaryna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyran bu taryhy pursatlar ykbal özgerdiji mazmuna eýedir. Sebäbi bu iri möçberli  desgalar  önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagyna, içerki bazarlaryň isleglerini kanagatlandyrmaga, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, maýa goýumlary çekmegi işjeňleşdirmäge, täze iş orunlarynyň döredilmegine, sebitiň aýratynlyklaryny nazarda tutup, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Şol bir wagtda, bu işler ýurdumyza dünýäniň kuwwatly, durnukly ösýän döwletleriniň  hataryndaky mynasyp ornuny has-da pugtalandyrmaga şertleri üpjün edýär. 

     Ulanmaga berlen hem-de düýbi tutulan senagat we durmuş ähmiýetli  bu iri desgalaryň  gurluşyklarynyň mysalynda ýene-de bir buýsançly hakykata doly göz ýetirmek bolýar. Berkarar Watanymyzyň alyp barýan syýasatynyň baş maksady parahatçylyga, dost-doganlyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilendir. Çünki  biziň söhbedini edýän taslamalarymyzyň ählisinde hem dostlukly, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň nusgalyk göreldesini aýdyň görmek bolýar. Önümçilik  kuwwaty  bir gije-gündizde 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiaga, bir gije-gündizde 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid dökünine barabar bolan toplumyň gurluşyk işlerini ýaponiýaly hem-de türkiýeli hyzmatdaşlar bilelikde alyp bararlar. Täze taryhy eýýamyň ýokary talaplaryna kybap derejede guruljak toplum Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary bilen üpjün ediler. Ýene-de bir üns çekilmeli ýagdaý hem kärhanada öndüriljek karbamid döküniniň daşarky sarp edijilere-de  ugradyljaklygydyr. Türkmenbaşy - Garabogaz - Gazagystan serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan hem-de Garabogazköl  aýlagynyň üstünden geçip, umumy uzynlygy 354 metre, ini bolsa 21 metre deň bolan döwrebap awtomobil köprüsiniň gurluşygyny ýerli gurluşykçylar bilen hyzmatdaşlykda «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti alyp bardy. Ady rowaýata öwrülen gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täzeçil esasda dikeltmekde nusgalyk sepgitlere  ýetilýändiginiň  nobatdaky  subutnamasyna  öwrülen bu köpriniň sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady  kuwwatyny artdyryp, söwda-haryt dolanyşygyny, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň  gerimini  giňeltmekde möhüm  orun eýelejekdigi  dogrusynda  hem buýsançly söhbetleri edip bolar. 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmekdäki maksatnamalaýyn tutumlarynyň ajaýyp miweleriniň biri bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň berkarar Watanymyzyň dünýäniň ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna işjeň hem-de ynamly goşulyşmagynda täze amatly şertleri döretjekdigini nygtamak has-da ýakymlydyr. Halkara hil ülňülerine kybap derejede guruljak awtomobil  ýoly häzirki  zaman  talaplaryna  laýyklykda enjamlaşdyrylar. Jemi uzynlygy 207 kilometre barabar bolup, halkara ulag-logistika düzümini ösdürmekde wajyp ähmiýetli awtoulag ýolunyň ýurdumyzyň çäkleri bilen geçirilýän  üstaşyr  ýük dolanyşygy babatda amatly şertleri üpjün etjekdigi onuň ähmiýetli taraplarynyň biridir. 

     Esenguly etrabynda ulanylmaga berlen we bir gije-gündizde 20 müň kub metr agyz suwuny arassalaýan desganyň netijeli işini ýola goýmakda hem dostlukly hyzmatdaşlygyň oňyn netijelerini görmek bolýar. Umumy tutýan meýdany 8 gektara barabar bolan, Esenguly hem-de Etrek etraplarynyň ilatly nokatlarynyň 21-sini deňiz  suwundan  öndürilýän arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge şert döretjek bu desga Ýewropa döwletleriniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

     Görşümiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgelerini dowamata besleýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary arkaly amala aşyrylýan iri taslamalar ýurdumyzyň innowasion ösüş ýoluny üpjün edýär. Iri jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň wekilleri hem röwşen geljegimizi nurlandyrýan şeýle döwletli tutumlaryň möhüm ähmiýetini ildeşlerimiziň arasynda  giňişleýin  düşündirýärler.  Şunuň  ýaly  wagyz-ündew çärelerinde  Milli Liderimizi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy  alkyşlaýan  hoşallyk sözleri joşgunly ýaňlanýar. 

 

Guwanç  ÇENDIROW, TDP-niň  Balkan  welaýat  komitetiniň başlygy,  Mejlisiň deputaty.

15.11.2025 Giňişleýin

PARAHATÇYLYKLY ÖSÜŞ ÝOLUNDA YNAMLY GADAMLAR

 

     Mä­lim bol­şy ýa­ly, 6-njy no­ýabr­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Bi­ta­rap­lyk baý­ra­my­nyň çä­re­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek boýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk döw­let to­pa­ry­nyň no­batda­ky mej­li­si­ni geçir­di. 12-nji de­kabr­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­jek Hal­ka­ra parahat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň we­kil­çi­lik­li fo­ru­my iri çärele­riň bi­ri bo­lar. Türk­me­nis­tan Bi­tarap­lyk sy­ýa­sy-hu­kuk dere­je­si BMG ta­ra­pyn­dan üç ge­zek yk­rar edi­len döw­let hökmünde hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­ dün­ýä­de aba­dan, howp­suz, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de hal­ka­ra dia­log me­de­ni­ýe­ti­niň ornu­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ça­gyr­ýar. Bu ýö­rel­gä­niň äh­miýe­ti dialo­gyň — gep­le­şik­ler meý­dan­ça­sy­nyň döw­let­le­riň we halklaryň ara­syn­da gat­naşyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm şer­ti hök­mün­de ile­ri tu­tul­ýan­ly­gyn­da­dyr

 

     Ta­ry­ha nazar aýlanyň­da, türkmenleriň dürli döwürlerde esaslandyran döwletleriniň hemişe gurmaga, döretmäge, halklary asuda hem abadan ýaşatmaga ymtylandygyny görmek bolýar. Bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan ýoly hem gurmagyň we döretmegiň röwşen menzillerine uzaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazanmagymyz bilen döwlet berkararlygynyň binýady berkidilen bolsa, hemişelik Bitaraplygymyz adamzadyň abadançylygyny, Ýer ýüzünde parahatçylygy rowaçlandyrmagy maksat edinýän döredijilikli taglymatymyzy dünýä ýaýmaga giň ýol açdy. 

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda gysga döwürde belent sepgitlere ýetildi, eziz Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä doldy. Bu gün üsti hem, asty hem genji-hazyna bolan eziz Diýarymyzyň tebigy baýlyklary halkymyzyň tutanýerli zähmeti bilen özleşdirilip, ykdysadyýetiň pudaklary sazlaşykly ösdürilýär. Sebitde de­ňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň, döwrebap şäherçeleriň, obalaryň gurulmagy, her günümiziň toý-baýrama beslenmegi agzybirlikden, jebislikden, halallykdan, ynsanperwerlikden nyşan. 

     Jemgyýetiň we döwletiň ösüş ýolunda abadançylygyň hem durnuklylygyň berkidilmeginiň esasy şertleriň biri bolup durýandygy äşgär hakykat. Ýurduň tebigy baýlyklarynyň özleşdirilip, ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy bolsa jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady ösüşiň täze tapgyryny emele getirýär. Jemgyýetiň jebisligi, döwletiň berkararlygy berkidilenden soň, ösüşiň nobatdaky tapgyryna gadam goýulýar. Täze taryhy döwürde Türkmenistan ösüşiň hil taýdan täze derejesini nazarlap, has belent sepgitlere ymtylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris. Agzybirlikde we bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýoluny ynamly dowam etdireris» diýip, döwletimiziň saýlap alan syýasy ugrunyň esasy maksatlaryny anyk beýan etdi. 

     Syýasy ugur döwletiň öň­de goýýan maksadyny häsiýetlendirýän bolsa, oňa ýetmek üçin zerur bolan maddy binýat we serişdeler kuwwaty ykdysady ulgamda döredilýär. Döwlet Baştutanymyz 24-25-nji oktýabrda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Türkmen-italýan işewürlik maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistanyň strategik maksatlaryna ýetmegiň, ösüş gazanmagyň möhüm çelgilerini, esasan, dört ugurda görýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz senagat jemgyýetini döretmegi, ykdysadyýeti hem düzümleýin, hem-de geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrmagy, döwrebap ulag-logistika infrastrukturasyny yzygiderli ösdürmegi, energiýa serişdeleriniň eksportyny gi­ňeltmegi şol ugurlaryň hatarynda görkezdi. Häzirki döwürde bu ugurlara laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysady-geografik mümkinçilikleri durmuşa geçirilip, Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady gi­ňişligindäki orny berkidilýär. 

     Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalaryň kömegi arkaly ýokary hilli harytlaryň öndürilmegi hem-de zähmet bölünişiginiň ösen derejesi, şäherleriň çäginiň gi­ňeldilmegi, infrastruktura düzümleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ilatyň ýokary işjeň­ligi hem-de ykdysadyýetiň düzüminde senagatyň we telekeçiligiň paýynyň artmagy Türkmenistanda ösen senagat jemgyýetiniň kemala gelýändiginiň aýdyň görkezijileridir. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlary öndürýän kuwwatly senagat düzümleriniň artmagy, çig mallaryň we taýýar önümleriň eksport ugurlarynyň gi­ňeldilmegi, maýa goýum çeşmeleriniň köpelmegi milli ykdysadyýetimizdäki ynamly ädimlerden habar berýär. Ulaglaryň dürli görnüşleri üçin niýetlenen häzirki zaman düzümleriniň döredilmegi, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýollaryň­dyr köprüleriň gurulmagy, döwrebap ulag serişdeleriniň satyn alynmagy, ýurdumyzyň halkara logistika geçelgeleriniň möhüm halkasyna öwrülmegi ykdysady işjeň­ligi ýokarlandyryp, harytlary dünýä bazaryna bökdençsiz çykarmaga ýardam edýär. 

     Bu gün türkmen döwleti di­ňe bir ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly bolmak bilen çäklenmän, hoşniýetli hyzmatdaşlyk üçin gapylaryny giňden açýan sahawatly ýurt hökmünde-de tanalýar. Di­ňe soň­ky bir aýa barabar döwürde ýurdumyzda ýangyç-energetika, gurluşyk, senagat, ulag, aragatnaşyk pudaklarynda durnukly ösüşi nazarlaýan iri halkara forumlar geçirilip, olara daşary ýurtly işewürleriň­dir abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň ýüzlerçesi gatnaşdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 20-nji oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata bermegi bolsa sebitde abadançylygy we dost-doganlygy pugtalandyryp, uzak möhletleýin esasda durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen anyk tagallalaryň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Arkadagymyzyň taryhy ähmiýetli waka mynasybetli eden çykyşynda bu taslamalaryň umumy maksada — biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendigini bellemegi hem bu hakykatyň beýanydyr. 

     Günorta-gündogara kuwwatly turba geçirijileri, döwrebap elektrik geçiriji ulgamlaryny çekýän Türkmenistandan demirgazyga we günbatara tarap häzirki zaman ulag ýollary barha uzap, olar di­ňe bir milli ykdysadyýetiň däl-de, halkara söwdanyň hem ösmegine itergi berýär. 2-nji noýabrda gojaman Hazaryň kenarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürjek kuwwatly toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak, şeýle hem Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň we Esenguly etrabynda kuwwatly suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralarynyň geçirilmegi hem şanly ýylyň taryhy wakalarynyň üstüni ýetirdi. Parasatly pederlerimiziň ýol, köpri, bina gurmak, içit çekmek ýaly sogaply işleriniň rowaçlanyp, döwletli ýörelgelerimiziň dowamata beslenýändigi ählimizi guwandyrýar. Bu taslamalar ýurdumyzyň geografik ýerleşişiniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, möhüm halkara geçelgeleriň altyn halkasyna öwrülmäge, Garabogazköl aýlagynyň baýlyklaryny özleşdirmäge, tebigy gazdan gymmatly önümleri öndürip, içerki bazaryň zerurlyklaryny üpjün etmäge hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga ugur alýar. Şunuň bilen birlikde-de bu işler halkymyzyň durmuş abadançylygyny üpjün etmegi nazarlaýar. 

     Bagtyýar şu gününi we röwşen geljegini gurýan döwletimize bütin dünýäde gyzyklanma artýar. Bu gün Türkmenistanyň ösüşleri bilen di­ňe bir goň­şy döwletlerdir sebitleýin hyzmatdaşlar däl, eýsem, ykdysady taýdan ösen ýurtlar hem içgin gyzyklanýarlar. Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparlary hem munuň aýdyň mysalydyr. Özara bähbitli gatnaşyklary has-da ilerletmäge gönükdirilen saparlaryň dowamynda köp sanly netijeli ylalaşyklaryň gazanylmagy guwandyrýar. Bu saparlara ýurdumyzyň işewürleriniň hem gatnaşmagy bolsa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmekde anyk ädimleriň ädilmegini şertlendirdi. Şunuň bilen birlikde, golaýda Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde döwlet düzümleri bilen bir hatarda, hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ykdysadyýet günleriniň üstünlikli geçirilmegi daşary ykdysady hyzmatdaşlyga gönükdirilen forumlaryň üstüni ýetirip, özara bähbitli ylalaşyklary gazanmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

     Hyzmatdaşlyk, hoşniýetlilik, ynanyşmak döwletimiziň daşary syýasatyna, abadançylyk, asudalyk, bagtyýarlyk bolsa içeri syýasatyna mahsus ajaýyp gymmatlyklardyr. Olaryň üstüni parahatçylyk we ösüş gymmatlyklary ýetirip, gurýan we döredýän berkarar döwletimiziň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň röwşen keşbiniň şuglasy dünýä ýaýylýar. Söhbedini eden ösüş-özgerişlerimiz ýurdumyzda gysga döwürde bolup geçen wakalaryň beýanydyr. Taryhda islendik döwletiň şeýle okgunly, depginli, sazlaşykly ösýän, halkyň abadan hem eşretli durmuşda ýaşaýan çagy «altyn eýýam», «şöhratly döwür» diýlip atlandyrylýar. Garaşsyzlyk bilen galkynyp, hemişelik Bitaraplyk bilen şöhraty dünýä dolýan Türkmenistan hem parahatçylyga esaslanýan ösüş ýörelgelerine daýanyp, ajap eýýamyny gurýar. Eşretli eýýamyň hözirini görýän ildeşlerimiziň kalplarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş-hoşallyk bar. 

 

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty. 

14.11.2025 Giňişleýin

ŞANLY BAÝRAM - ŞÖHRATLY WAKA

                                                    

     Şan­ly ­ ýy­lymy­zyň ­ 6 - ­njy ­ no­ýab­rynda ­ türkmen ­ halkynyň Mil­li ­Li­de­ri,­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň ­Baş­lygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň­ ýol­baş­çy­ly­gyn­da Hal­ka­ra­ parahat­çy­lyk ­we yna­nyş­mak­ ýy­ly ­hem­-de­ he­mi­şe­lik Bitaraplygymy­zyň ­şan­ly 30­ ýyl­lyk ­baý­ra­my ­my­na­sy­bet­li ­çä­re­le­ri ýo­ka­ry­ de­re­je­de ­geçir­mek ­bo­ýun­ça­ gu­ra­ma­çy­lyk ­döw­let­ toparynyň­ no­bat­da­ky mej­li­si­niň ­ge­çi­ril­me­gi ­ta­ry­hy ­wa­ka­ bol­dy.­ Hö­kü­met ­ag­zala­ry­nyň­ gat­naş­ma­gyn­da­ gu­ra­lan ­mej­li­siň­ dowamyn­da hal­ka­ra ­çä­re­le­re ­de­giş­li ­gu­ra­ma­çy­lyk,­ ho­ja­lyk mese­le­leri­niň ­giň­ top­lu­my­ ara ­al­nyp ­mas­la­hat­la­şyl­dy. 

 

     Mä­lim ­bol­şy ­ýa­ly, hal­ky­myzdan ­we ­jem­gy­ýet­çi­lik wekillerin­den­ ge­lip­ gow­şan tek­lip­le­riň­ esa­syn­da,­ Türkmenistanyň ­Mej­li­si­niň ­hö­dür­le­me­gi­ bi­len,­ hor­mat­ly­ Preziden­ti­miz­ 2025-nji ýy­lyň­ adyny ­we­ ny­şa­ny­ny ­tas­syk­lap,­ belent­ tu­tum­la­ra­ ba­dal­ga­ be­rip­di.­ Ar­ka­dag­ly­ Gah­ry­man­ Serdarymy­zyň bel­leý­şi­ ýa­ly,­ 2025-nji­ ýyl ­ýur­du­myzyň­ hemişelik­ Bi­ta­rap­ly­gy­nyň­ 30­ ýyl­ly­gy­na,­ BMG-niň döredilmeginiň 80­ ýyl­ly­gy­na ­bes­len­ýär. 

     Ýy­lyň­ ba­şyn­da­ Hal­ka­ra­ pa­ra­hatçy­lyk ­we­ yna­nyş­mak­ ýy­ly­na­ hem-de he­mi­şe­lik Bitaraply­gy­my­zyň­ şan­ly 30 ýyl­lyk ­baý­ra­my my­na­sy­bet­li­ çäre­le­re ­ba­dal­ga­ be­ril­me­gi ­bi­len,­Türkme­nis­ta­nyň Hal­ka­ra ­pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak­ ýy­ly­nyň­ do­wa­myn­da­ky işle­ri­niň­ we­ ile­ri­ tut­ýan­ ugur­la­rynyň­ Kon­sep­si­ýa­sy­ ka­bul­ edil­di. ­Oňa la­ýyk­lyk­da ­ýy­lyň do­wa­myn­da­ ýurdu­myz­da­ we­ dün­ýä­ döwlet­le­rin­de hal­ka­ra çäreler­ yzy­gi­der­li­ ge­çi­ril­ýär. 

      BMG-niň­ dö­re­dil­me­gi­niň­ 80­ ýyllygyna­ ga­bat­ ge­len­ Halka­ra­ pa­ra­hat­çy­lyk­ we­ ynanyş­mak­ ýy­ly­ hä­zir­ki wagt­da­ dün­ýä­niň­ gün­ ter­ti­bi­niň esasy­ ýö­rel­ge­si hökmünde ­pa­rahat­çy­lyk ­we ynanyşmak baradaky baş­ pi­ki­ri­ durmu­şa­ ge­çir­mä­ge iter­gi­ ber­di.­ Şeý­le­ hem­ şu­ ýyl Bir­le­şen­ Millet­ler­ Gu­ra­ma­sy­nyň,­ dün­ýä­ döwlet­le­ri­niň,­ hal­ka­ra­ we sebitleýin­ gu­ra­ma­la­ryň ­dün­ýä­de parahat­çy­ly­gyň­ üpjün­ edil­me­gi ba­bat­da­ oňyn­ baş­lan­gyç­la­ry­ny we­ ta­gal­la­la­ry­ny­ bir­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik­le­ri­ art­dyr­dy. 

     Ýy­lyň­ do­wa­myn­da geçi­ri­len ­halka­ra­ fo­rum­la­ryň,­ yl­my­ masla­hatla­ryň,­ du­şu­şyk­la­ryň,­ ser­gi­le­riň,­ seminar­la­ryň,­ festiwalla­ryň,­ bäsle­şik­le­riň,­ sport­ çärele­ri­niň,­ okuw sapaklarynyň,­ köp­ta­rap­la­ýyn­ dialog­la­ryň,­ taýýar­la­ny­lan­ teswirle­riň,­ mag­lu­mat­la­ryň­ we­ çap­ edi­len­ neşirleriň ­äh­mi­ýe­ti örän ­ulu­dyr. 

     Ýe­ri­ ge­len­de­ bel­läp­ geç­sek,­ kanu­ny­ly­gy­ we­ demokra­tik­ dolan­dy­ry­şy­ pug­ta­lan­dyr­ma­ga,­ adam­ hu­kuk­la­ry­nyň­ we­ azatlykla­ry­nyň­ hor­mat­la­nyl­ma­gy­na,­ huku­gyň­ hökmürowanlygyna ýar­dam­ ed­ýän,­ şeý­le­ hem­ ählumumy­ maksat­la­ryň­ dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň­ hu­kuk­ esaslaryny­ eme­le­ ge­tir­mek­de,­ döw­let­le­riň­ ara­syn­da dost­luk­ly­ hyz­mat­daşlyk­ gatnaşyk­la­ry­ny ber­kit­mek­de­ par­lament­ guramalary­nyň we­ mil­li par­la­ment­le­riň işi­niň ­wa­jyp­ly­gy­ny ýylyň dowamynda geçirilen çä­re­ler­ hem­ su­but et­di.

     Türkmenista­nyň ­Halk ­Mas­la­haty­nyň ­şu ýy­lyň ­19-njy sentýabryn­da ge­çen ­mej­li­sin­de­ hor­mat­ly­ Prezidenti­mi­ziň «Bitarap ­Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk ­we ynanyş­mak syýasatynyň ­hu­kuk­ esas­la­ry ­ha­kyn­da»­ Türkmenistanyň­ Konstitu­si­on ­ka­nu­ny­na gol­ çek­me­gi ­hal­ka­ra giňiş­lik­de­ ýurdumy­zyň ­umu­ma­dam­zat ­bäh­bit­le­ri­ni na­zar­la­ýan ynsanperwer ­döw­let­ syýa­sa­ty­nyň­ ka­nun­çy­lyk-hu­kuk­ bin­ýady­ny has-da­ pug­ta­lan­dy­ryp,­ hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ­hu­kuk­ esaslaryny kä­mil­leş­dir­mä­ge­ ýar­dam­ ed­ýär. 

     Ýy­lyň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len ­çäre­ler­de­ biz­ halk­la­ryň­ ara­syn­da öza­ra ­dü­şü­niş­mek, hor­mat­ goý­mak,­ yn­san­per­wer­ kö­mek,­ dostluk­ we hoş­ni­ýet­li­lik­ köp­rü­le­ri­ni­ gur­mak iş­le­rin­de ­par­la­ment ­we ­halk­ diplomatiýasyna, ­ha­ýyr-sa­ha­wat ­gaz­nala­ry­nyň hyzmatdaşlygyna, ­me­de­ni alyş-ça­lyş­la­ra, ­ze­nan­la­ryň,­ ýaş­laryň, ylym-bi­lim­ we­ sport­ we­kil­leri­niň ­gat­na­şyk­la­ry­na­ mö­hüm orun de­giş­li­di­gi­niň ­hem­ şa­ýa­dy ­bol­duk. 

     Mä­lim ­bol­şy­ ýa­ly,­ Hal­ka­ra Bi­tarap­lyk­ gü­nü­niň­ we­ Ga­raş­syz ýurdu­my­zyň ­he­mi­şe­lik Bitarap­ly­gy­nyň şan­ly­ 30­ ýyl­ly­gy­nyň­ belle­nil­ýän gün­le­rin­de ýurdu­myz­da ­Hal­ka­ra para­hat­çy­lyk ­we yna­nyş­mak ­ýy­ly­nyň wekil­çi­lik­li­ fo­ru­my,­ giň­ möç­ber­li mede­ni çä­re­ler ­we ­da­ba­ra­lar ge­çi­ri­ler. 

     Hä­zir­ki­ wagt­da­ ýy­lyň­ do­wamyn­da­ ge­çi­ri­len­ hal­ka­ra­ çä­re­le­ri,­ de­kabr­ aýyn­da­ ge­çi­ril­jek ­Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk­ we­ ynanyş­mak­ ýyly­na,­ Hal­ka­ra­ Bi­ta­rap­lyk­ gü­nü­ne we­ Türkmenistanyň­ hemişelik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň­ 30­ ýyl­ly­gy­na­ bagyşla­nan­ hal­ka­ra­ forum­ giň­den wa­gyz­ edil­ýär. ­Bu­ çä­rä­ni­ guramaçy­lyk­ly ­ge­çir­mek ­bi­len­ bag­ly­lyk­da,­ baý­ram­çy­lyk­ günlerin­de­ iş­le­jek meý­le­tin­çi­ler­ to­pa­ry­ny­ düz­mek we­ onuň­ düzü­mi­ne­ gö­rel­de­li­ ýaş mugallymlary,­ iş­jeň­ ta­lyp­la­ry­ seçip­ almak­ iş­le­ri­ ýaýbaňlandyrylýar.­ Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­zyň tagallalary bilen myhmana hormat goý­lup­ aý­dyl­ýan­ «Ge­len­—­ döwlet»­ di­ýen­ paý­has­ly­ ýö­rel­gä­mi­ze eýe­rip,­ myh­man­la­ry ýokary de­reje­de garşy ­al­mak,­ hal­ka­ra­ çä­re­le­re gat­naş­jak­ myhman­la­ryň,­ ha­bar beriş­ se­riş­de­le­ri­niň­ ara­gat­na­şygyň­ hem-de­ in­ter­ne­tiň­ ýo­ka­ry dere­je­li müm­kin­çi­lik­le­ri ­bi­len­ üpjün­ edil­me­gi­ ba­bat­da­ iş­ler­ alnyp ba­ryl­ýar.­ Me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler­de Wa­ta­ny­my­zyň­ äh­li ­ugurlar­ bo­ýun­ça ­ýe­ten ­de­re­je­si­ni,­ ýurdumyzda­ ga­za­nyl­ýan­ üs­tün­lik­le­ri tä­sir­li ­be­ýan ­et­mek, ­şol bir wagt­da söw­da­ we­ durmuş­ hyz­mat­la­ry­nyň me­de­niýe­ti­niň­ ýoka­ry ­hal­ka­ra görkezijile­re,­ milli­ myh­man­sö­ýer­lik däp­le­ri­ne­ laýyk­ bol­ma­gy­na­ üns be­ril­ýär. 

     Hä­zir­ki­ wagt­da­ Aş­ga­bat­ şäherindä­ki­ Hal­ka­ra­ mas­la­hat­ merke­zin­de çä­re­le­ri­ guramaçylykly­ ge­çir­mek bo­ýun­ça häzirki za­man ­ta­lap­la­ry­na laýyk­ gel­ýän­ giň ­müm­kin­çi­lik­ler­ döredil­ýär. Paý­tag­ty­my­zyň­ gözel ­kün­jegin­de­ ýer­leş­ýän ­Hal­ka­ra ­ka­bul­ edişlik mer­ke­zin­de­ bol­sa ­ýo­ka­ry­ de­re­je­li myh­man­la­ry kabul­ etmek­ hem-de ola­ra ýoka­ry­ hil­li­ hyz­mat­la­ry­ hödür­le­mek üçin hem­me­ ze­rur­ şert­ler üp­jün ­edil­ýär.­ Şä­he­ri­mi­ziň ­äh­li­ myhmanhana­la­ryn­da,­ il­kin­ji­ nobat­da,­ «Ar­ka­dag»­ myhmanhanasyn­da ­ýoka­ry­ de­re­je­li­ myhman­la­ry we ­hal­ka­ra gura­ma­la­ryň ­we­kil­le­ri­ni­ ka­bul­ et­mek üçin ­bar ­bo­lan­ döw­re­bap­ müm­kin­çilik­ler ­has-da kämilleşdirilýär. 

     Bu ­top­lum­la­ýyn­ çä­re­ler ­Türk­menis­ta­nyň Birleşen ­Mil­let­ler Gu­ra­masy­ ta­ra­pyn­dan­ res­mi­ taý­dan­ yk­rar edilen­ bi­ta­rap­lyk,­ para­hat­çy­lyk ­we hal­ka­ra­ hyz­mat­daş­ly­gy­ ýörelge­le­ri­ne ygrarlydy­gy­ny ýe­ne ­bir­ ýo­la­ su­but eder, ­şeý­le hem ­da­şa­ry ­ýurt­ly ­myhman­lar­da­ Türk­me­nis­tan ­we ­türk­men hal­ky bara­da­ ýa­kym­ly ­ýat­la­ma­la­ry gal­dyr­mak­da ­äh­mi­ýet­li ­bo­lar.

 

Mak­sat­ KU­LY­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň Hal­ka­ra­ we par­la­men­ta­ra  ara­gat­na­şyk­lar­ ba­ra­da­ky komiteti­niň ­baş­ly­gy

13.11.2025 Giňişleýin

BAG EKEN — ÝALKANAR

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ösüşlerden ösüşlere barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda döwlet derejesinde amala aşyrylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň  taýsyz  tagallalary  bilen üstünliklere beslenýär. 

 

     Halkymyzda  sogap hasaplanýan işleriň biri-de bag ekmekdir. «Bag - ekeniňki, ýap - çekeniňki», «Bag aýdypdyr: «Bak maňa, bakaýyn saňa!», «Bir agaç ekseň, ömrüň bakydyr», «Bagym bar - barym bar» diýen aýtgylardyr nakyllar halk dilinden  düşmän,  ýörgünli  bolmagy-da  muny doly tassyklaýar.  Ata-babalarymyz  her bir işiň başyny başlanlarynda, şol işiň peýdaly taraplaryny göz öňünde tutupdyrlar hem-de onuň terbiýeçilik ähmiýetini nazara alypdyrlar.  Bu   barada  bilýänlerini  öwredipdirler. 

     Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda howanyň arassalygyny gazanmak, biodürlüligi gorap saklamak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda tebigaty goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak, ekologiýa syýasaty bilen baglanyşykly kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň  Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda: «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumy milli baýlygy bolup durýar, döwlet  tarapyndan goralýar we rejeli  peýdalanmaga degişlidir» diýlip beýan edilmegi bolsa, bizi tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmaga, olary goramaga borçlandyrýar. 

     Häzirki wagtda Türkmenistanyň  Konstitusiýasyna esaslanýan Türkmenistanyň Suw kodeksi, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny, «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ösümlikleri goramak  hakynda», «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki hukuknamalarynyň hereket etmegi we kämilleşdirilmegi bu ugurda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň esaslaryny düzýär. 

    «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş  şertlerini  özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür  üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» esasynda ýurdumyzyň  ähli  sebitlerinde  miweli, saýaly baglaryň ekilmegi we olaryň ösdürilip ýetişdirilmegi, tokaý zolaklarynyň döredilmegi üçin, degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda agaç nahallary ýurdumyzyň toprak, howa şertlerine laýyklykda ekilýär. 

     Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda her ýylyň ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerinde miweli, saýaly, agaç nahallarynyň ekilmegi netijesinde ekologiýa syýasaty  üstünlikli  durmuşa  geçirilýär. Ýurdumyzyň  ekologiýa syýasatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, ilkinji nobatda, daşky gurşawy  goramaga  gönükdirilendir. Şeýle döwletli  işleriň  durmuşa geçirilmegi halkymyzyň tebigy gurşaw bilen sazlaşykda ýaşamak arkaly, tebigaty goramak boýunça  asylly ýörelgesiniň dowamat-dowamdygyny görkezýär. Bu mukaddes ýörelge Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän bag ekmek dabaralaryna il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, ýurdumyzyň  edara-kärhanalarynda  zähmet  çekýän ildeşlerimiz, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary uly ruhubelentlik bilen işjeň ýagdaýda gatnaşýarlar. 

     Türkmen  halkynyň  Milli  Lideri Gahryman  Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyp bag nahallaryny oturtmagy ildeşlerimiz, şol sanda ýaşlar üçin görelde mekdebi bolupdur. 

     Bag nahallaryny ekmek arkaly ýurdumyzyň tebigatyny baýlaşdyrylýar,  arassa we sagdyn ekologik  gurşawy  döredilýär. Diýarymyzy bagy - bossanlyga öwürmek ählihalk işidir. Bu işe gatnaşmak mukaddes borçdur. Şeýle asylly işiň rowaçlanmagy ugrunda uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys. 

 

Nepes  ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň  Ylym, bilim,  medeniýet  we ýaşlar  syýasaty  baradaky komitetiniň agzasy.

12.11.2025 Giňişleýin

ATA WATAN ÖŇE BARÝAR

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan waka bolup, şol gün türkmeniň döwletlilik ýoluna esaslanylyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. 

     Umumymilli forumda ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri  ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýlip beýan edilen kadalaryň hakykata öwrülýändiginiň subutnamasy boldy. 

     Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň biri-biri bilen berk baglanyşykly milli buýsanjymyzdyr, parahatçylygyň, ynanyşmagyň şöhratly ýoludyr. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň mizemezliginiň, jebisligimiziň, ähli rowaçlyklarymyzyň esaslaryny düzýän taglymatymyzdyr» diýip bellemegi türkmen halkynyň Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk diýen iki mukaddeslige goýýan belent sarpasyndan nyşandyr.

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hormatly Prezidentimiz hem gatnaşyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda alnyp barlan işler barada birin-birin durup geçip, öňde durýan wezipeleri kesgitledi. 

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz şu ýylyň dekabrynda dünýä bileleşigi bilen bilelikde örän möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçeris.  

     Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzdan ugur alyp, biz ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur tagallalary edýäris» diýen sözleri biziň ýurdumyzda dünýäde ählumumy howpsuzlygy, parahatçylygy we durnukly ösüşe ýetmegi, adam hukuklaryny, azatlyklaryny, adamyň bähbidine döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny öňe ilerletmekde möhüm orny eýeleýän medeni diplomatiýanyň dabaralanýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. 

     Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, Altyn asyr, Garaşsyzlyk, Gubadag, Farap, Döwletli, Garabekewül, Oguzhan etraplarynyň häkimlikleri döredildi. Bu bolsa eziz Diýarymyzda kanunyň hökmürowanlygyny, halkyň teklipleriniň oňlanylýandygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň rowaçlanýandygyny, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylýandygyny, raýatlarymyzyň ýüzlerçesi üçin iş orunlarynyň döredilýändigini tassyklaýar. 

     Dünýäniň ýurtlarynyň, halklarynyň, medeniýetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, adamzadyň parahat we ylalaşykly ýaşaýşyny gazanmak Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän teklipleriniň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji ýubileý sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etmegi Türkmenistanyň başlangyçlarynyň adamzadyň şu günki ýeňil bolmadyk meselelerini çözmekde, dünýäde dialogyň üsti bilen parahatçylygy berkarar etmekde barha täsirli ýol-ýörelgä öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy berkitmek babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň derwaýyslygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. 

     Türkmen halkyna zähmet çekmäge, asuda asmanyň astynda parahat durmuşda ýaşamaga, toý-baýramlaryny belentden toýlamaga mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan il -ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işleri mydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Nepes ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

07.11.2025 Giňişleýin
1 ... 5 6 7 8 9 ... 109