Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

IŞEWÜRLIK: TÄZE ÖSÜŞ ÝOLUNDA

 

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli işleriniň ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmaga gönükdirilendigini her ädimde duýmak bolýar. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem kiçi we orta işewürlige hemmetaraplaýyn goldaw bermekden ybaratdyr. Häzir hususy eýeçiligi ösdürmegiň çäklerinde, ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri artdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat önümçiligine öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça wezipeler yzygiderli ýerine ýetirilýär. 

Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent döredijilik we gurujylyk ruhuna mynasyp işleri bitirmeklige Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komiteti hem öz goşandyny goşýar. Diýarymyzyň beýik ösüşleri, oňyn özgertmeler öň­de durýan wezipeler baradaky söhbetler etrabymyzdaky hususy kärhanalaryň we telekeçileriň arasynda ýygy-ýygydan geçirilýän duşuşyklardyr çäreleriň mazmunyny düzýär. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzyň hususyýetçileri hem milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda — senagat, gurluşyk, azyk, oba hojalygy ýaly ugurlarda yhlasly we üstünlikli zähmet çekýärler. 

Türkmenistanda bazar ykdysadyýetini döretmekde telekeçilere aýratyn uly ynam bildirilýär. Olaryň öz işlerini netijeli amala aşyrmaklary üçin kanunçylyk ulgamy döwrebaplaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, ýurtda telekeçiligi höweslendirmek we ösdürmek üçin amatly şertler döredilýär. Mu­ňa hususy kärhanalarda alnyp barylýan guwandyryjy işler hem güwä geçýär. Balkan welaýatynda döwlet eýeçiligine degişli däl ulgamda öndürilýän önümlerdir dürli maksatly harytlar di­ňe içerki bazarda däl, dünýä bazarlarynda-da ornuny berkidýär. 

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmek, telekeçiligiň gerimini gi­ňeltmek maksady bilen, eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaga, durmuş-ykdysady maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge, hususyýetçileri höweslendirmäge işjeň gatnaşýar. Hususy telekeçiligi ösdürmek, iş ýerlerini döretmek, raýatlaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek işleri esasy wezipeleriň hatarynda durýar. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary esasynda ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, eýeçiligiň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegi, senagatçylygyň we telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegi, olaryň hukuklarynyň goralmagy halkymyzy çäksiz begendirýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öň­debaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri öndürmek, olaryň elýeterliligini gazanmak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça telekeçilerimiziň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Ata Watanymyzy ykdysady taýdan dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmekde, döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda hususy pudagyň wekillerine uly orun degişlidir. Munuň özi döwletimiziň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, haryt bolçulygynyň döredilmegini üpjün edýär. Döwlet tarapyndan berilýän goldaw-hemaýatlara, edilýän aladalara mynasyp zähmet netijeleri bilen jogap bermek, hususy pudagyň öňünde goýlan il-ýurt bähbitli wezipeleri ak ýürekden ýerine ýetirmek telekeçileriň hemişe baş maksady bolup durýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, raýatlaryň bagtyýar, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işlerinde hemişe üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris. 

 

Tuwakgylyç WELIÝEW, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň 

Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň 

başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Mejlisiň deputaty.

08.08.2024 Giňişleýin

GEŇEŞLI IL

 

Mil­li ­de­mok­ra­tik­ we ­hu­kuk ­ýö­rel­ge­le­ri ­öz­ göz­ba­şy­ny­ uzak asyrlardan­ alyp­ gaýd­ýar. ­Hal­ky­my­zyň ­müň­ýyl­lyk­la­ra­ uza­ýan­ şöh­rat­ly tary­hyna ­ser­ sa­la­nyň­da, ­«Kö­püň ­di­le­gi­ köl­ bo­lar»­ diý­li­şi ­ýa­ly,­ türk­men jemgy­ýe­ti­niň ­her­ bir­ döw­let­li ­işi ­köp­çü­lik ­bi­len­ mas­la­hat­la­şy­lyp çözülipdir.

Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesinden, ata-­babalarymyzyň ähli halk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden, milli demokratik ýörelgelerinden ugur alyp, ilatyň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisi demokratik ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.

Ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak «Pähim­paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmek bilen bagly işler, serediljek meseleler, gazanylan taryhy üstünlikler hem­-de geljek üçin ileri tutuljak maksatlar Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda milli demokratiýany mundan beýläk hem ýaýbaňlandyrmakda, kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde özüniň oňyn netijesini berjekdigi şübhesizdir. 

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-­ykdysady ösüşi, halkyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolup, wajyp ähmiýete eýedir. Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi döwletimiziň halk häkimiýetliligi ýörelgesine ygrarlydygyny äşgär etmek bilen, döwletimiziň berkararlygynyň mizemezdiginiň, hormatly Prezidentimiziň daşynda berkden-­berk jebisleşen halkymyzyň döwletlilik ýörelgesiniň dowamat-­dowamdygynyň, türkmen halkyna we döwletine täze sepgitleriň, täze tutumlaryň we ösüşleriň garaşýandygynyň, şolara ýetmegiň gözbaşynda bolsa halkyň agzybirliginiň, ýurduň parahatçylygynyň durýandygynyň nyşanydyr. 

Garaşsyz Türkmenistanyň ähli taryhy üstünlikleri onuň jebisligine we bitewüligine esaslanandyr. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Bu beýik hem­-de çuň manyly sözde ata-­babalarymyzyň erkin, özygtyýarly, abadan hem-­de bagtyýar ýaşamak baradaky iň süýji arzuw maksatlary, eziz Diýarymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-­de beýik geljegi jemlenendir» diýen dana jümleleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetine berlen mynasyp bahadyr. Çünki eziz ýurdumyzda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge, halal zähmetiň hözirini görmäge, gurmaga, döretmäge giň mümkinçilikleri berýän ajaýyp durmuş möwç urýar. 

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň: 

Kö­ňül­ler,­ýü­rek­ler­ bir ­bo­lup­ baş­lar, 

Tart­sa ­ýy­gyn,­ erär­ top­rak­lar-daş­lar,

Bir ­sup­ra­da ­taý­ýar ­ky­lyn­sa ­aş­lar, 

Gö­te­ri­ler ­ol­ yk­ba­ly ­türk­me­niň!­—                                                           

diýen setirleriniň bu günki gün nusgalyk mekdebe, halky agzybirlige, parahat ýaşaýşa, erkinlige we watansöýüjilige çagyrýan ruhy ýörelgä öwrülendigini görmek bolýar. Şahyryň halkyny berkarar döwletde ýaşatmak ugrunda eden arzuwynyň bu günki gün hasyl bolandygyny uly buýsanç bilen aýdyp bileris. Beýik şahyryň ruhy hazynasy ähli türkmenleri birleşdirip duran nurana dünýädir. 

Döwletli maslahatda halkymyzyň, döwletimiziň bähbidine gönükdirilip kabul ediljek çözgütler milletimiziň kalbynda egsilmez hoşallyk hem kanagatlanma duýgularyny, belent sepgitlere ýetmeklige mynasyp goşant goşmaklyk höwesini, hyjuwyny artdyrýar. Her bir türkmenistanly öz eziz Watanyna, ajaýyp zamanasyna, döwlet Baştutanyna bolan buýsanjyny has-­da belentde göterýär. Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşaýan türkmen halkynyň ykbalynyň ýeten belent derejesini her bir üstünlikde, ösüşde we sepgitde görmek bolýar. 

Bu günki gün «Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!» diýen parasatly jümleleri bilen öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkyny Garaşsyz döwletde bagtyýar durmuşda ýaşadýar. Üstünlikleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem pajarlap ösmegini, ýurdumyzyň asuda, halkymyzyň abadan bolmagyny arzuw edýäris. 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet 

we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy

08.08.2024 Giňişleýin

BEREKETLI TOPRAK EŞRET GETIRÝÄR

 

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynda Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ösüşlerini berkidip, oýlanyşykly işlenilip düzülen, giň möçberli milli maksatnamalar esasynda ýene-de öňe barýarys. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesini düýpli gowulandyrmak üçin bar bolan ähli önümçilik, maliýe we zähmet serişdeleri herekete girizilýär. Sebitleri ösdürmek boýunça düýpli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. 

Geçen ýyllarda gazanylanlara ser salyp, döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda uly ösüş ýoluny geçendigi barada buýsanç bilen oýlanýarys. Milli Liderimiziň oba hojalyk önümçiliginiň kuwwatyny artdyrmak, ýeriň hasyl berijilik derejesini ýokarlandyrmak boýunça başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda yzygiderli dowam etdirilmegi pudagyň ösüşlerini ýene-de güýçlendirýär. Munuň şeýledigine biziň welaýatymyzyň mysalynda göz ýetirse bolýar. Şu ýyl welaýatymyzyň gallaçylary Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar.

Ilatyň galla bolan isleginiň üpjün edilmegi azyk garaşsyzlygynyň esasy görkezijisi bolup durýar. Häzirki wagtda oba hojalyk toplumy tarapyndan galla bolan içerki isleg doly kanagatlandyrylýar. Gallanyň ätiýaçlyk gory hem döredildi. Döwletimiz tarapyndan daýhanyň bol önüm öndürmegi üçin edilýän aladalar olaryň zähmet girdejileriniň artmagyna, şonlukda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Oba hojalyk önümçiliginde amala aşyrylýan özgertmeler pudagyň önüm öndürijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Sebäbi oba hojalygyny ösdürmek bilen döwletimiziň ykdysady binýady has berkeýär. Daýhanlaryň ekin meýdanlaryndan bol hasyl almaklary üçin zerur bolan şertleriň ählisi üpjün edilýär, öňde baryjy iş usullary ýerlikli ulanylýar. Ýerleriň ep-esli bölegi uzak möhletleýin ulanmak üçin raýatlara paýlanylyp berildi. Kuwwatly tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Şu ýyldan başlap, bugdaýyň we pagtanyň täze döwlet satyn alyş bahalary girizildi. Döwletimiz bugdaýyň täze hasylynyň bir tonnasyny gallaçy daýhandan 2000 manatdan satyn alýar. Bu bolsa daýhanlaryň netijeli zähmet çekmeklerine bolan höweslerine höwes goşdy. Döwlet harmanyna köp hasyl tabşyran gallaçylar yhlasly zähmetleriniň hözirini görýärler. 

Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagydyr. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň üns merkezinde saklanylmagy daýhanlaryň ruhlaryny göterýär. Bu syýasata laýyklykda oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin salgyt ýeňillikleri döredilýär. Daýhanlar ýer üçin tölegleriň az mukdaryny töleýärler.

Welaýatymyzyň çäginde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar hem köpelýär. Mineral dökünleriň önümçiligi giňeldi. Ýerleriň suwaryş we meliorasiýa ýagdaýlarynyň gowulanmagyna hem-de tohumçylygyň kämilleşdirilmegine berilýän üns güýçlendirildi. Bu bolsa daýhanlarymyzyň bugdaý, gowaça, şaly we gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl ýygnamaklaryna, öz zähmetleriniň netijelerine guwanmaklaryna oňyn täsirini ýetirýär. 

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynda welaýatymyzda azyk önümlerini öndürmek boýunça baý iş tejribesi toplanyldy. Häzirki wagtda welaýatymyz ýurt boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär. Oba hojalygynyň kuwwatly önümçilik binýady emele geldi. Bu ugur geljekde has-da güýçlendiriler. Bu barada Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 29-njy iýulynda oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda hem birin-birin aýdyldy. Iş maslahatynda seredilen meseleler boýunça gelnen çözgütler welaýatymyzyň oba hojalyk işgärlerini has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherinde oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahat hem pudagyň işiniň has ilerlemegine täsirini ýetirer. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda welaýatymyzyň çäginde döwrebap galla önümleri, pagta arassalaýjy kärhanalaryň uly topary guruldy. Türkmenabat şäherinde gurlan galla önümleri kärhanasynyň kuwwaty her ýylda 80 müň tonna uny öndürmäge hem-de 100 müň tonna gallany saklamaga barabardyr. Şeýle kärhanalar Dänew, Köýtendag etraplarynda hem guruldy. Azyklyk önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän görnüşleriniň aglabasy öz topragymyzda öndürilip başlandy. Gök we bakja önümleriniň, miweleriň, üzümiň welaýatymyzyň ilatynyň sarp edýän möçberleriniň ýeterli öndürilýändigini belläp geçeliň. Ilaty ter önümler bilen bütin ýylyň dowamynda üpjün etmek maksady bilen, welaýatymyzda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň uly topary guruldy. Bu bolsa ekinleriň bol hasylyny ýygnamaga mümkinçilik berýär. Artykmaç öndürilen önümleri daşary ýurtlara eksport etmek işi hem ösýär. Eksporta iberilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Welaýatymyzyň çäklerinde toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bezeg we miweli baglary, tut agaçlaryny ekmek, pile önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmak, ykdysady mümkinçiligini artdyrmak, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak bu işleriň esasy maksady bolup durýar. 

 

Bahadur ŞADYÝEW,

 «Lebap gallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşigindäki galla agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

08.08.2024 Giňişleýin

ÄHLIHALK FORUMY — UMUMYMILLI GALKYNYŞYŇ ROWAÇLANMASY

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçiriljek umumymilli foruma — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda hem uly taýýarlyk görülýär. Ählihalk forumda oba zähmetkeşleriniň hem sözüniň diňlenmegi, oba we suw hojalygyna, daşky gurşawy goramaga degişli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy, çözgütleriň kabul edilmegi buýsandyryjydyr. 

Ga­raş­syz döwletimiziň kuwwaty, at-abraýy, şöhraty, ýurdumyzda milli demokratiýanyň we onuň esasy şerti bolan raýat jemgyýetiniň ösüşi, agrar özgertmeleriň miweleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmäge, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Işjeň senagatlaşýan döwletimizde azyk we gaýtadan işleýän täze kärhanalaryň, elewatorlaryň, ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň, maldarçylyk, guşçulyk toplumlarynyň sany barha artýar. Bu bolsa gök we miwe önümleriniň möçberini artdyrmaga, ýurdumyzyň bazarlarynda ýylyň islendik döwründe haryt bolçulygyny üpjün etmäge ýardam edýär. 

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ekerançylykda we maldarçylykda halkara tejribäni ornaşdyrmak üçin dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Hasyllylygy ýokarlandyrmak, tohumçylygy gowulandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ekinleriň naýbaşy tohumlary önümçilige ornaşdyrylyp, tohumçylyk edaralarynyň işi halkara derejede kämilleşdirilýär. Daýhanlar daşary ýurtly öndürijileriň toprak-howa şertlerimize laýyk gelýän ýokary öndürijilikli häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Obasenagat toplumynda, gaýtadan işleýän ulgamda hususyýetçileriň zähmeti höweslendirilýär, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleri öndürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, netijede, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler açylýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň milli ykdysady nusgamyzda öňe sürýän baş wezipelerimiziň biri-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmekdir. Şu maksat bilen oba hojalygynyň ykdysady netijeliligi we düşewüntliligi ýokarlandyrylýar. Gaýtadan işleýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylyp, galyndysyz tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Azyk howpsuzlygynyň gazanylmagy ilatyň uzak ömrüniň we ýokary hilli ýaşaýşynyň möhüm esaslaryny emele getirmäge oňyn täsir edýär. 

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynda özgertmeleri geçirmek hemde azyk üpjünçiligini gowulandyrmak ugrundaky tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň obasenagat toplumy çalt depginler bilen ösýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028- nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda «ýaşyl» ykdysadyýetiň ösdürilmegine uly orun berlip, halkara ekologik talaplara laýyk gelýän zawod-fabrikler gurulýar, oba-şäherlerimizi bagy-bossanlyga öwürmek işleri giň gerimde alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasy esasynda hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri, mekdebe çenli çagalar hem-de umumybilim edaralary, medeniýet öýleri, sport mekdepleridir desgalary, suw, lagym, gaz, elektrik geçirijileridir desgalary, awtomobil ýollary, aragatnaşyk ulgamy, ýaşaýyş jaýlary gurulýar. 

«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipelerden, maksatlardan ugur alnyp, önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, eksporty artdyrmak, importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk hem-de beýleki azyk önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileri, tohumçylyk işini höweslendirmek hem-de howanyň üýtgemegi, ekologik meselelere degişli kanunçylygy seljerip, degişli işleri geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. 

2024-nji ýyl ýurdumyzyň oba hojalykçylarynyň durmuşynda şanly wakalara beslenýär. Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda» Permana gol çekdi, daýhanlary höweslendirmek boýunça çözgütler kabul edildi. Ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudagyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hemde «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredilip, häzirki wagtda olaryň işi döwrebap ýola goýuldy. 

Daşky gurşawy goramak ministrligi ekologik meseleler bilen bagly milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär, çölleşmä, ýerleriň şorlaşyp zaýalanmagyna garşy göreşmek, gurakçylygyň täsirini azaltmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan zerur işleri alyp barýar. Türkmenistan daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň «Ählumumy metan borçnamasy» atly täze başlangyjyny goldaýar. Ýurdumyzyň oba-şäherleri tokaý zolaklaryna beslenýär. Çöl, dag, derýa we köl ekoulgamlary, hususan-da, haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň seýrek görnüşleri, aýratyn goralýan tebigy ýerler aýawly saklanýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak babatda uly ähmiýete eýedir. 

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde oba hojalygyny suw bilen üpjün etmäge, suwy rejeli peýdalanmaga, suw desgalarynyň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzyň «Suw damjasy — altyn dänesi» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, önümçilige suw tygşytlaýjy öňdebaryjy usullardyr tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, suw diplomatiýasy ösdürilýär. 

Oba hojalyk ylymlarynyň ösdürilmegine we bu ugurda hünärmenleriň taýýarlygyna aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň kabul eden Kararyna laýyklykda, Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlarynyň döredilmegi ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleri hil taýdan täze derejelere çykarýar. 

«Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň, Ýaşulular geňeşiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisleri yzygiderli geçirilýär. Il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda häzirki döwrüň wajyp meseleleri üstünlikli çözülýär. Oba ýaşaýjylary hem jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işlere yzygiderli gatnaşýarlar. 

Halk maslahatlarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalary ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri bilen meýdan şertlerinde duşuşyklary geçirip, alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen tanyşýarlar, olaryň armasyny ýetirmek üçin dürli çäreleri geçirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen welaýat, etrap, şäher halk maslahatlaryna we Geňeşlere kanunçylyk babatda guramaçylyk hem-de usuly kömek bermek işleri kämilleşdirilýär, olar bilen amaly-usuly maslahatlar geçirilýär. Obalaryň we şäherleriň ýaşaýjylaryna kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek, adamlaryň isleg-arzuwlaryny, zerurlyklaryny öwrenmek we ýerli döwlet edaralary bilen bilelikde, durmuş-ykdysady wezipeleriň hem-de ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna degişli meseleleriň çözülmegine, raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça kabul edişliklere ýakyndan gatnaşmak biziň öňümizde goýlan möhüm wezipelerdir. Olary ýerine ýetirmekde geljekde hem yhlasymyzy gaýgyrman, döredijilikli işlejekdigimize ynandyrýarys. 

«Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, netijeli durmuş-ykdysady syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň janlary sag, ömürleri uzak, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleri rowaç bolsun! 

 

Bäşim ANNAGURBANOW, 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

07.08.2024 Giňişleýin

TÄZE EÝÝAMYŇ BELENT MAKSATLARY döwletiň we halkyň birleşen tagallalaryndan myrat tapýar

 

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde konstitusion hukuga eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty Garaşsyzlyk eýýamynda döwletliligi halkyň isleglerine laýyklykda has-da pugtalandyrmagyň, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny yzygiderli ösdürmegiň esasy ulgamlarynyň biri boldy. Geçen döwürde döwlet, jemgyýetçilik durmuşyny milli garaýyşlara, döwrebap ösüş ýagdaýlaryna, jemgyýetiň mümkinçiliklerine, döwrüň ýüze çykarýan şertlerine görä kämilleşdirmekde uly tejribe toplandy. Bu gün Garaşsyzlygyň arka atylan 33 ýyly halkyň durmuşynda-da, sebit we halkara derejede-de türkmen döwletiniň taryhy ornunyň aýratynlyklaryny kesgitlän, dünýä ýaýan döredijilikli döwür boldy diýip aýtmaga doly esas bar 

Ga­raş­syz Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri jemgyýetçilik aňynyň ösüşine milli nazaryýetden çemeleşip, täze döwür baradaky oňyn garaýyşlary kemala getirmekden ybaratdyr. Munuň özi häzirki zamanyň ählumumy ösüş hereketinde örän derwaýys bolan möhüm ugurlaryň biridir. 

Dünýäniň ösen medeniýeti, öň­debaryjy ykdysady, ýaşaýyş şertleri baradaky garaýyşlara milli nukdaýnazardan çemeleşmegiň zerurlygy di­ňe bir döwlet, jemgyýetçilik durmuşyny kadaly, durnukly dowam etdirmek bilen çäklenmän, eýsem, durmuş-ykdysady, ylmy-tehnologik ösüş bilen bagly meseleleri netijeli çözmegiň, bu ugurdaky jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň hem wajyp şertleriniň biridir. Çünki ösüşleri üpjün etmegiň, geljege tarap çalt hereket etmegiň ilerlediji güýji halkyň döwre we döwletiň, jemgyýetiň ösüş maksatlaryna çuň­ňur göz ýetirmegi, ol maksatlary öz durmuşynyň ýagdaýlary bilen pugta baglanyşykly kabul etmegi, öň­de goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli garamagy ýaly möhüm şertler bilen baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň ösüş ýolunyň bu şertleriniň kemala getirilmeginde, milli jemgyýetiň mizemez esasyna öwrülmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täsirli ornunyň bardygyny ykrar etmek bilen, bu umumymilli forumyň işini özgertmekde, ony ähmiýetli milli demokratik institutlaryň birine öwürmekde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň bitiren, bitirýän beýik taryhy hyzmatlarynyň ähmiýetine halkymyz oňat düşünýär.

Bitarap Türkmenistan Milletler Bileleşigine agza döwletleriň arasynda parahatçylykly ösüş ýoluny netijeli alyp barýan, ygtybarly hyzmatdaş ýurt hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň maksatlaryny we many-mazmunyny, durmuş-ykdysady ösüş ýollarynyň guramaçylyk, hukuk ýörelgelerini halkara jemgyýetçilikde giň­den wagyz etmekde hem Halk Maslahatynyň orny uludyr. Sebäbi bu umumymilli forum ösüşlerimiziň ähli ugurlaryny şöhlelendirýän, gazanylan netijelere we geljekki möhüm wezipelere içgin göz ýetirmäge mümkinçilik berýän döwletimiziň esasy milli demokratik ulgamy derejesinde öz ornuny pugtalandyryp gelýär. 

Garaşsyzlyk eýýamynyň ähli taryhy ösüş pursatlaryna, berkarar döwlet gurmagyň derwaýys meselelerine, ilki bilen, Halk Maslahatynyň (käbir döwürde Ýaşulular maslahaty) mejlislerinde garalýar we döwlet, jemgyýetçilik durmuşyny ösdürmäge gönükdirilen Permanlardyr Kararlar, çözgütler şol mejlislerde jemgyýetçilik wekilleriniň makullamagynda kabul edilýär. 

Hormatly Arkadagymyz milli demokratiýanyň täsirli syýasy-jemgyýetçilik edarasy hökmünde döwlet durmuşynda, türkmen halkynyň aň-düşünjesinde pugta orun alan Halk Maslahatynyň işi barada çuň­ňur garaýyşlary, paýhasly pikirleri halkymyzyň aňyna yzygiderli ýetirip gelýär. Halk Maslahatynyň birleşdiriji, ugrukdyryjy, ruhlandyryjy güýjüne çuň­ňur düşünýän Milli Liderimiz bu umumymilli forumyň jemgyýeti beýik geljege tarap ynamly alyp gitmekde, belent maksatlara ýetmekde ägirt uly ruhy, aňyýet güýjüniň ähmiýetine aýratyn üns berip, onuň halk paýhasynyň jemlenýän ýerine öwrülmegi babatda taryhy özgertmeler tapgyryny durmuşa geçirdi. Bu ugurda yzygiderli iş alyp barmak bilen, döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň netijeli ýoluny esaslandyrdy. Halkyň milli medeni, ruhy mirasynyň, durmuş ýörelgeleriniň, jemgyýetçilik garaýyşlarynyň esasynda, täze döwrüň şertlerine, wezipelerine laýyklykda ilerledilýän bu ösüş ýoly barada Gahryman Arkadagymyz şeýle diýýär: “Geçmişde di­ňe halalhon, ynsaply, adamkärçilige mahsus sypatlara eýe bolan adamlar iliň öňüne düşmegi başarypdyrlar. Şeýle adamlardan maslahat soralyp, olaryň pikiri durmuşda islendik ýagdaýda dogry, maksadalaýyk hereket etmäge dogry ýol görkezýän çelgi hasap edilipdir. Halk Maslahatynyň döredilmeginiň maksadynda hem ata-babalarymyzyň adalatly ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiliklerini ýokary derejede amala aşyrmak esasy orunda durýar”. 

Türkmen döwletiniň binýatlaýyn esaslaryny has-da berkitmekde beýik işleri bitirýän Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan ge­ňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aň­ladyp, syýasaty öwreniş ylmynyň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr. Sebäbi munuň özi halkyň wekiliniň döwleti dolandyryş işine gatnaşmagy babatda ýokary mümkinçiliklerini görkezýär. Hormatly Arkadagymyzyň şeýle çuň paýhasly pikirlerine esaslanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň di­ňe bir döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetçilik aňyna oňyn täsir etmekde, ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgelerini, terbiýeçilik ýoluny dowam etdirmekde hem aýratyn möhüm ornunyň bardygyny belläp bileris.

 Halk Maslahaty ýaşulular bilen ýaş nesilleriň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar, ony türkmen halkynyň milli garaýyşlary esasynda döwrebap şertlerde, täzeçe çemeleşmeler arkaly has-da ösdürýär. Döwlet derejesinde halkyň ynamdar wekillerine, esasan-da, ýaşululara tutuş jemgyýetiň öňünde durýan wezipeler barada sala salynmagy, olaryň pikirleriniň, teklipleriniň diň­lenilmegi halkyň aňyna düýpli täsir edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular ge­ňeşleriniň döredilmegi, il sylagly ýaşulularyň ile-güne haýyrly, sahawatly işlerde Gahryman Arkadagymyzyň ge­ňeşdarlary bolmagy watandaşlarymyzda döwletimiziň adalatly syýasatyna ynamy has artdyryp, uly goldawa mynasyp bolýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkyň agzybirligi baradaky paýhasly pikirleriniň durmuşda anyk beýanyny tapmagy babatda-da Halk Maslahatynyň möhüm orny bardyr. Ata-baba berk ýöredilip gelinýän, millet bolup ýaşamagyň esasy sütüni, üýtgewsiz düşünjesi hasaplanýan agzybirlik nesilbaşymyz Oguz hanyň, beýik Magtymgulynyň, taryhda yz goýan görnükli türkmen akyldarlarynyň, şahsyýetleriniň müň­ýyllyklaryň dowamynda ündäp gelen ýoludyr. Gahryman Arkadagymyz bu beýik ýoly dowam etdirmekde Halk Maslahatynyň mümkinçiliklerine uly orun berýär. Bu foruma ähli welaýatlardan, etrap-şäherlerden wekiller gatnaşýarlar. Dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlaryň bir ýere ýygnanyp, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň döwletiň ösüş ýollary, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde göz öňünde tutulýan belent maksatlar hakyndaky pikir-garaýyşlaryny diň­lemegi, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ugur-ýollaryna içgin göz ýetirmekleri, ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda görnükli orun alýan tutumly işler bilen ýakyndan tanyşmaklary adamlaryň ruhy taýdan jebisleşmegine, millet derejesinde türkmeniň at-abraýynyň dünýäde belende galmagynda agzybirligiň, jebisligiň ähmiýetine has çuň­ňur düşünmegine ýardam berýär. Gahryman Arkadagymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda şeýle diýýär: “Agzybirlik — adalatlylygyň we döwletliligiň sütüni. Il-ulus agzybir bolanda döwlet kuwwatly, ýurt asudadyr. Agzybirlik bagtyň gönezligidir. Agzybirlik döwletli bolmagyň ilkinji hem birjik-de ünsden düşürilmesiz kadasydyr. Agzybirlik Watan galasydyr”. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi ýurdumyzda di­ňe bir parlamentarizmiň kanun çykaryjylyk işine däl-de, türkmen döwletiniň parahatçylykly ösüşe gönükdirilen içeri-daşary syýasatynyň täsirini has-da ýokarlandyrmaga, milli ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli, netijeli ýerine ýetirilmegine ýardam bermek bilen, syýasy-jemgyýetçilik ulgamlarynyň tagallalaryny hem belent maksatlaryň daşynda jemleýär. Halk Maslahaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyny ösdürmek babatda uly işleriň durmuşa geçirilmeginde, bu ugurda möhüm başlangyçlaryň öňe sürülmeginde işjeň hereket edýär. Ol döwletiň dolandyryjy, ýerine ýetiriji, kanun çykaryjy düzümleri bilen utgaşykly hereket edip, ähli işlerde halkyň isleg-arzuwlarynyň, teklipleriniň, başlangyçlarynyň giň­den şöhlelenmeginde möhüm orny eýeleýär. 

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata-babalarymyzdan miras galan milli durmuş ýörelgelerini ýaşaýşyň ruhy tugy derejesinde kalbynda göterip, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işlere goşant goşmakda tutanýerli zähmet çekýän, önümçilikde görelde görkezýän, döredijilikde halkyň ruhuny galkyndyrýan, dünýäniň öň­debaryjy ylmy-tehnologik gazananlaryny üstünlikli özleşdirýän, öz durmuşyny toý-baýramlar bilen bezemegi başarýan halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini täze taryhymyzyň şöhratly ösüş ýolunyň ýene bir altyn sahypasyna öwürmek üçin döwrümizi beýik zähmet ýe­ňişlerine besleýär. Raýatlarymyzyň durmuşy zähmet adamlarynyň, döredijilik äleminiň zehinli wekilleriniň, sport ussatlarynyň gazanýan üstünlikleri bilen has-da şöhratlanýar, beýgelýär. Munuň özi Garaşsyzlygyň şöhratly döwrüniň belent maksatlarynyň hasyl bolýandygynyň buýsançly alamatydyr. 

 

Ata SERDAROW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

04.08.2024 Giňişleýin

ILATYŇ DURMUŞ GORAGLYLYGYNY PUGTALANDYRYP

 

 Garaşsyz ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Iş ýerlerini, ilatyň gazanç etmegi üçin beýleki şertleri döretmek, köp çagaly maşgalalara we döwlet kömegine mätäçlere hemaýat bermek durmuş syýasatynyň wajyp ugurlary hasaplanýar. Ilatyň girdejileriniň ýokary derejesini saklamak, ony hukuk, ykdysady, guramaçylyk taýdan üpjün etmek meselesi üns merkezinde saklanylýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynyň bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendigini belläp, 2025-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi. 

Ilatyň durmuş goraglylygy ulgamy dünýä meýillerini göz öňünde tutýar we şol bir wagtyň özünde ýurduň özboluşlylygyny, taryhyny, demografik, durmuş aýratynlyklaryny beýan edýär. Döwlet býujetiniň köp bölegi tölegsiz umumy orta bilime we saglygy goraýyş, ýaşaýyş jaýlarynyň, jemagat, ulag-aragatnaşyk hyzmatlarynyň tölegleriniň pes derejesini saklamaga gönükdirilýär. Ilatyň ýaşaýşy üçin zerur harytlara, jemagat hyzmatlaryna elýeterli bahalar kesgitlenilýär. Türkmenistanda-da döwlet kömek pullary, pensiýa üpjünçiligi ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, onuň işini, ykdysadyýeti dolandyrmagyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan özgertmeleri hasaba almak bilen, täzeçe guramak, ulgamyň maliýe durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli dowam etdirilýär. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen de­ňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 20,8 göterim artyp, ol jemi içerki önümiň 17,3 göterimine deň boldy. Şunda özleşdirilen düýpli goýumlaryň 48,5 göterimi önümçilik, 51,5 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 

Ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň kepilliklerini döretmek babatda 13-nji iýulda «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini bellemek gerek. Oňa laýyklykda, kodeksiň 8-nji maddasynyň üçünji bölegine täze düzgünler girizildi. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda bellenilmegiň sanly ulgam arkaly hem amala aşyrylyp bilinýändigi, pensiýalary ýa-da döwlet kömek pullaryny alýanlaryň bu gaznanyň degişli ýerli edarasynda sanly ulgam arkaly bellenilmeginiň tertibiniň Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan tassyklanylýandygy berkidildi. Bu kadanyň esasy maksady «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmekden, ulgamyň işini we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekden, sanly hyzmatlaryň gerimini gi­ňeltmekden ybaratdyr. Indi pensiýa, döwlet kömek puluny alýan adam her alty aýdan bir gezek Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda bellenilmäge borçludyr. Bu işi onlaýn usulynda hem amala aşyrmak mümkin. Elbetde, munuň özi bu hyzmatdan peýdalanýanlaryň işini ýe­ňilleşdirmäge, wagtyny tygşytlamaga ýardam eder. 

Ýurdumyzda durmuş hyzmatlarynyň, hususan-da, adamlaryň aýratyn toparlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak we esasy şahsy zerurlyklaryny özbaşdak üpjün etmegi babatda mümkinçiliklerini gi­ňeltmek, kyn durmuş ýagdaýyny ýe­ňip geçmegi, şahsy zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy üçin görülýän çäreleriň we hereketleriň toplumynyň maksadalaýyk guralmagy uly ýe­ňillikleri döredýär. Milli derejede meýilnamalaýyn ýerine ýetirilýän işleriň hatarynda durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň we guramalaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ilatyň durmuş taýdan goldawa mätäçlik çekýän gatlagyna edilýän hyzmatlaryň gerimi gi­ňeldilýär. Olary maddy taýdan goldamak boýunça çäreler döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Dünýä tejribesinde, adatça, özüne hyzmat etmek mümkinçiligini kem-käsleýin ýa-da doly ýitiren adamlara durmuş hyzmatyny etmek, eneligi we çagalygy goramak, gartaşan adamlar bilen işlemek boýunça durmuş goraglylygynyň edaralarynyň esasy işi köp halatda maddy kömek bermek bilen baglydyr. Emma häzir bu kömek şeýle adamlaryň ýaşaýyş taýdan möhüm hyzmatlara elýeterliligini ýe­ňilleşdirmäge, işjeň hereketiň döwrüni uzaltmaga gönükdirilýär. Mysal üçin, «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýokanç däl keselleriň esasy görnüşleriniň (ýürek-damar, onkologik keseller, öýkeniň obstruktiw keselleri (bronhial astma) we süýjüli diabet) döremeginiň öňüniň alynmagyna, olaryň güýçlenmeginiň töwekgelçiliginiň sebäpleriniň aradan aýrylmagyna gönükdirilen çäreler toplumy durmuşa geçirilýär. Şunda ýokanç däl keselleri (ýagdaýlary), olaryň güýçlenmeginiň esasy töwekgelçiliginiň sebäplerini ir ýüze çykarmak maksady bilen, her ýyl degişli saglygy goraýyş edaralary tarapyndan kesgitli ýaşa ýeten adamlaryň (erkekler üçin 45 — 62 ýaş, zenanlar üçin 45 — 57 ýaş) öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmesi amala aşyrylýar. Bu bolsa ilatyň ömür dowamlylygyny artdyrmak babatda saglygy goraýyş ulgamynyň öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini üpjün edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak, keseli irki döwürde anyklamagyň, ony bejermegiň saglygy goraýyş we ykdysady taýdan netijeli taslamalaryny amala aşyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipelerini düzýär. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen zähmet gorlarynyň hilini we ilatyň iş üpjünçiligi meselelerini, zähmet haklarynyň tölenilişini kämilleşdirmek, hususan-da, adamlaryň girdejilerini, durmuş derejesini ýokarlandyrmak, önümçiligiň netijeliligini artdyrmak üçin maddy taýdan höweslendirmek ýaly wezipelerden ugur alnyp, zähmet hakynyň hakyky möçberini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi täze hünärleri döredýär. Bu bolsa innowasion ösüşi gazanmakda we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda bilim ulgamy bilen zähmet bazarynyň özara baglanyşygyny üpjün edýär. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.

04.08.2024 Giňişleýin

NESILLER BARADAKY ALADA

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly ösüşleriň röwşen ýolundan öňe barýan eziz Diýarymyzda çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan bu işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan çagalar bilen baglanyşykly kanunçylygy kämilleşdirmek, kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak boýunça alnyp barylýan işler ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. 

Esasy Kanunymyzda Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigi aýdylýar. Ýurdumyzda kanunyň hökmürowanlygy, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adam diýlip ykrar edilen binýatlaýyn ýörelgä esaslanyp, raýat jemgyýetiniň kemala getirilmegi esasy gymmatlyklar hökmünde kesgitlenendir. Ýurdumyzda çagalaryň hukuk goragyny üpjün etmek ugrundaky kanunçylygy kämilleşdirmäge we olary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär. 

Türkmenistanyň Konstitusiýanyň 40-njy maddasynda: «Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar» diýip berkidilendir. 

Esasy Kanunymyzda göz öňünde tutulan çaganyň hukuklarynyň we borçlarynyň jemi özüniň gelip çykyşy boýunça konstitusion, durmuş wezipesi boýunça esasy bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletimizde her bir adamyň bilim almaga hukugy we çaganyň umumy hukuk ýagdaýynyň mazmunyny düzýän beýleki hukuklary görkezilendir. 

Döwrüň talabyna laýyklykda yzygideri kämilleşdirilýän milli kanunçylygymyzda çagalygy we eneligi goramak meselelerine uly üns berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýan Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, Maşgala kodeksi, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi, «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda», «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» , «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we olara esaslanýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hereket etmegi ýurduň geljegi hasaplanýan ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynda möhüm orny eýeleýändigini subut edýär. 

Çagalara döredilen ajaýyp mümkinçilikler we şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize mähriban halkymyzyň, hususan-da ýaş nesilleriň alkyşlary egsilmezdir. 

 

Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty

baradaky komitetiniň agzasy.

03.08.2024 Giňişleýin

SPORT ULGAMY: HUKUK BINÝADY BERKIDILÝÄR

 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan beýik işlerde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ilkinji nobatda bolsa ýaş nesliň röwşen geljegi ugrundaky aladalar baş wezipeleriň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek işini milli parlament esasy we möhüm wezipe edip öňe çykarýar. Çünki demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hukuk binýadyny döwrebap derejede kämilleşdirmek, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp döwrebaplaşdyrmak häzirki döwrüň möhüm talaby hasaplanýar. 

Döwletimiziň ösüş maksatnamalarynyň, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy ugurlarynda bilimde, ylymda we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, öň­debaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini amala aşyrmak derwaýys maksatlar hökmünde kesgitlenýär. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatynyň gün tertibine girizilen birnäçe kanunlar bilen bir hatarda, «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Ylmy edaralar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», şeýle hem «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi maksatnamalaýyn işleriň yzygiderliligini aýdyň görkezýär. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda, geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, sport çärelerine işjeň gatnaşmagy, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi, ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda alnyp barylýan işlere, özgertmelere goşant goşmagy, şeýle hem bilimdir tejribeleriniň ykdysady ösüşlere gönükdirilmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Kämilligiň sagdynlykdan gözbaş alýandygy şübhesizdir. Saglyk — munuň özi güýjüň, gözelligiň, bagtyýarlygyň we beýik sepgitlere ýetmäge ynamyň bir ýere jemlenmesi. Hut şonuň üçin hem ýaş nesliň bilim, ylym derejesini ýokarlandyrmak bilen birlikde, saglygyny goramak we dikeltmek boýunça edilýän aladalar döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, türkmen sportunyň abraýyny halkara derejede ýokarlandyrmak babatda döwlet tarapyndan alnyp barylýan beýik işler oňyn netijesini berýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy ýörelgelerinden ugur alýan bedenterbiýe we sport ulgamynyň hukuk binýady döwrüň talaplaryna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Kanunda maýyplygy bolan we saglyk mümkinçilikleri çäkli adamlaryň dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna, şol sanda Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyny düzgünleşdirmek we goldamak baradaky kadalar kämilleşdirildi. Şeýle hem bu ugurda ygtyýarly döwlet edarasynyň bedenterbiýe we sport bilen bagly hyzmatlary sertifikatlaşdyrmak babatda ygtyýarlylygyny gi­ňeltmek boýunça kadalar hukuk resminamasynda öz beýanyny tapdy. 

Türgenleşik geçirilýän fitnes zallaryny hem-de olardaky trenažýorlary tehniki howpsuzlyk düzgünlerine laýyk getirmek, şeýle hem bu ugruň tälimçileriniň tejribesini, bilimini, nazary we usuly taýdan taýýarlygyny düzgünleşdirmek babatda hyzmatlary sertifikatlaşdyrmak işini ýörite döwlet edarasynyň ygtyýarlygynda amala aşyrmak maksady bilen Kanuna girizilen goşmaça sporta ykbalyny baglanlaryň geljekde gazanjak üstünliklerini nazarlaýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerýän türkmen türgenleri halkara derejede geçirilýän sport ýaryşlarynda ýurdumyzyň abraýyny belende göterýärler. Şeýle ýaryşlarda ýüze çykýan gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Kanun Bütindünýä dopinge garşy agentligi tarapyndan kabul edilen, 2021-nji ýylda güýje girizilen bu agentligiň täze Kodeksiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Konwensiýasynyň kadalaryna laýyk gelýär. Has takygy, Türkmenistanyň Dopinge garşy göreşmek baradaky milli agentliginiň hukuk ýagdaýy, doping hökmany gözegçiligi we ony geçirmegiň şertleri baradaky kadalar, şeýle hem bedenterbiýe we sport guramalarynyň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň hem-de türgenleriň borçlary Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň Kodeksiniň talaplaryna laýyk getirildi we döwrebaplaşdyryldy. Sportda dopinge garşy kadalaryň bozulmagy bilen bagly jedelleriň Türkmenistanyň Dopinge garşy milli agentliginiň kadalaryna laýyklykda çözülýändigi kesgitlenildi. 

«Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, türgenlerimiziň milli we halkara derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmagyna, döwletimiziň sport abraýynyň has ýokarlanmagyna uly itergi bermek bilen, täze üstünliklere giň ýol açýar. 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet 

we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.

03.08.2024 Giňişleýin

MILLI KANUNÇYLYK ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

 

Be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mä­ge, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni iler­let­mä­ge, dur­muş-yk­dy­sa­dy dö­re­di­ji­li­ge iter­gi ber­ýän Türkmenistanyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da kes­git­le­nen, jem­gy­ýe­tiň we döwletiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan ada­myň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da Garaşsyz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Sporty we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hä­zir­ki wagtda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek hem-de wagyz etmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilmegi, her bir raýatyň beden, ruhy taýdan kämilleşmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň sany barha artýar. 

Milli kanunçylygymyzyň umumadamzat we milli gymmatlyklarynyň sazlaşykly utgaşmagy arkaly döwrebaplaşdyrylmagy hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň bähbidinden ugur alýar. Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, bu ugurda milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmakda we kämilleşdirmekde öňdebaryjy ýörelgeler yzygiderli ornaşdyrylýar. Munuň şeýledigini «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylymyzyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatynda kabul edilen «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem tassyklaýar. Kabul edilen hukuk namalarynyň bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga, raýatlarymyzyň bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, olaryň saglygynyň berkidilmegine gönükdirilendigi has-da guwandyryjydyr. 

Ata Watanymyzda bina edilen döwrebap sport desgalaryndan netijeli peýdalanyp, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň sanynyň artmagynyň netijesinde ata Watanymyzyň sport abraýy halkara derejesinde belende galýar. Döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy başarýan türkmen türgenleri halkara bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolup, mukaddes ýaşyl Tugumyzy al-asmana galdyrýarlar. 

Türkmenistan adam hukuklary we azatlyklary boýunça esasy halkara resminamalara goşulmak bilen, şol resminamalaryň kadalaryny milli kanunçylyga işjeň ornaşdyrýar we şol kadalary ýerine ýetirmekde ygrarly bolmagynda galýar. Munuň şeýledigini kabul edilen Kanunlar hem tassyklaýar. Bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgeleri häzirki döwürde tutuş jemgyýetimizi gurşap alyp, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda giň gerime eýe bolýar. Şoňa laýyklykda, eziz Diýarymyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak hem-de olaryň abraýly sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak ugrunda geçirilýän toplumlaýyn işler öz netijesini berýär. Ata Watanymyzda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmäge, sport bilen meşgullanmaga döredip beren mümkinçilikleri we şertleri, şeýle hem adamlaryň saglygy ugrunda edýän aladalary üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

 

Ne­pes RO­ZY­ÝEW,

 Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Ylym, bi­lim, 

me­de­ni­ýet we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ba­ra­da­ky 

ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy.

03.08.2024 Giňişleýin
1 ... 6 7 8 9 10 ... 55