Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

BEDEW BADY BILEN TÄZE MENZILLERE

Ahal­te­ke be­dew­le­ri türk­men hal­ky­nyň dün­ýä at­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­ne saldam­ly go­şan­dy bol­mak bi­len, hal­ky­my­zyň milli buý­san­jy, Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik ösüş­le­ri­niň ny­şa­ny­dyr. Şan­ly ýyl­da dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­de we Di­ýa­ry­myz­da ge­çi­ril­ýän be­dew ruh­ly çä­re­ler ola­ryň Ýer ýü­zün­dä­ki şan-şöhra­ty­ny bar­ha art­dyr­ýar, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­muş­da­ky or­nu­ny ber­kid­ýär. Türk­me­niň be­hiş­di be­dew­le­ri, ulu­dan tu­tul­ýan toý­la­ryň be­ze­gi bol­mak bi­len bir­lik­de, tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da dost­lu­gyň, döw­let­li­li­giň, üs­tün­li­giň we ro­waçly­gyň ny­şa­ny­dyr, şeý­di­bem ola­ryň at-ab­ra­ýy gaý­ta­dan dün­ýä dol­ýar.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejesi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dowamyndaky dabaralarda aýdyň beýanyny tapýar. Baş baýramymyzyň toýlanýan günlerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisinde hem atçylyk sungatyny, ylmyny ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, möhüm çözgütler kabul edildi. Olaryň esasynda ahalteke atlaryny konkuryň we atly sportuň beýleki görnüşleriniň halkara talaplaryna laýyklykda taýýarlamak boýunça ýöriteleşdirilen okuw-türgenleşik maksatnamalaryny işläp düzmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem naýbaşy tohum atlaryň arasynda geçiriljek atly sport boýunça iri bäsleşiklerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite halkara baýraklaryny we kuboklaryny döretmek meýilleşdirilýär. Geljekde ahalteke atlarynyň tohumçylyk işlerini halkara derejede utgaşdyrmaga, tohumçylyk maglumatlarynyň alyş-çalşygyny, arassa ganly ahalteke atlarynyň genetik goragyny we tohumçylyk standartlarynyň kämilleşdirilmegini üpjün etmäge hem aýratyn üns berler.

Paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde ýokary ruhubelentlikde geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen il-ýurt bähbitli resminamalaryň hatarynda «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem orun almagy arassa ganly tohumyň döwlet tarapyndan goraglylygyny has-da berkitdi. Ahalteke bedewlerini döwlet tarapyndan berk goraga alýan kanunçylyk namasy Esasy Kanunymyza we beýleki kadalaşdyryjy resminamalara, hususan-da, «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar. Ahalteke bedewlerini her taraplaýyn öwrenmek, olaryň şöhratyny dünýä ýaýmak, bu milli gymmatlygymyzy wasp edýän eserleriň örüsini giňeltmek, köpugurly çäreleri guramaga ýardam bermek täze Kanunda göz öňünde tutulan esasy maksatlaryň hatarynda görkezilýär. Ahalteke atçylyk sungatynda we seýisçilikde halypa-şägirt ýörelgesini rowaçlandyrmaga, bedewler bilen bagly innowasion ulgamlary döretmäge çenli ençeme goldaw-hemaýat ediji ugurlary öz içine alýan Kanun naýbaşy milli gymmatlygymyzyň goragy babatda döwrebap hukuk binýadyny döredýär.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 35 ýyllyk toýy ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň durmuşyndaky mizemez ornuny äleme äşgär etdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ilkinji gezek Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň özboluşly dowamyna öwrülen köpöwüşginli çäreler halkymyzyň behişdi baýlygyna bolan buýsanjyny, söýgüsini, yhlasyny, sarpasyny şöhlelendirdi.

Bedew halkymyzyň taryhy hakydasynda möhüm orun eýeleýär. Şu gün hem bedewleriň keşbi güýç-kuwwatyň, ýyndamlygyň, wepalylygyň nyşanydyr. Täze taryhy döwürde ahalteke bedewleri bilen halkymyz dünýä çykýar, halkara derejede diplomatik gatnaşyklary berkidýär. Hususan-da, 29-njy sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Köpetdagyň jana melhem künjeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň bedew janköýerlerine gapylaryny giňden açmagy şanly wakalaryň üstüni ýetirdi. Onuň açylyş dabarasynda türkmen halkynyň toý tutmak, bedew ýetişdirmek, aty seýislemek, çapuwa taýýarlamak, aýlawa goşmak ýaly däp-dessurlary öz beýanyny tapdy. Häzirki zaman atçylyk medeniýetiniň gazananlaryny saklamaga, bedewleriň baş sanyny artdyrmaga ýöriteleşdirilen innowasion düzümleri özünde jemleýän toplumda geçen ajaýyp dabaralar! Şol dabaralar arkaly bütin dünýä halkymyzyň öz taýsyz gymmatlygyna goýýan sarpasynyň juda belentdigine ýene bir gezek şaýat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Watan öňündäki harby gulluk borjuny berjaý edýän agtygy Kerimguly Berdimuhamedowyň seýislän Daghan atly bedewinde toý çapyşygyna gatnaşyp, ýeňiş gazanmagy bedew janköýerlerinde hoşallyk, halkymyzda egsilmez buýsanç döretdi. Ýaryşda üstün çykan Gahryman Arkadagymyzyň özüne gowşurylan gymmat bahaly ýeňil awtoulagy Türkmenistanyň Goranmak ministrligine, ýagny Kerimguly Berdimuhamedowyň gulluk edýän harby bölümine sowgat bermegi behişdi bedewlerimiziň nesilleriň arasynda baglanyşygy üpjün edýän ajaýyp gymmatlykdygyny nobatdaky gezek görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen döredilen we şu güne çenli dünýäniň 6 gezek çempiony bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary üçin bu şanly ýyl rowaçlyklara we taryhy üstünliklere beslendi. Toparyň agzalary milli sirk sungatymyzyň özboluşly ugry bolan atly çykyşlary bilen janköýerleri haýrana goýup, ahalteke bedewleriniň şöhratyny dünýä ýaýýarlar. Ýylyň başynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» toparynyň ýokary derejeli halkara güwänamalara mynasyp bolmagy munuň ykrarnamasydyr. Bu topar Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasynyň guramagynda geçirilen VIII Halkara etnosport we medeniýet festiwalynda hem täsirli çykyşlary bilen uly meşhurlyk gazanyp, baýraklar bilen sylaglanyldy. Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda Toýly atly ajaýyp bedewiň «Iň owadan bezelen at» ugrundan baş baýragy eýelemegi, şeýle-de milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda görkezen çeperçilik ussatlygy üçin toparyň «Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan» atly abraýly baýraga mynasyp bolmagy bu üstünlikleriň üstüni ýetirdi.

Ynsan gylykly bedewler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşyna, wepaly hemrasyna öwrülipdir. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli dünýägaraýşynyň we seýisçilik sungatynyň äleme nusgalyk ýörelgelerini özünde jemleýär. Şeýlelikde, türkmen atlary dünýä giňişliginde aýratyn orna mynasyp bolýar. Bedew berkarar türkmen döwletiniň okgunly ösüşlerini alamatlandyrýar. Bedew bady bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany Ýer ýüzüniň iň ösen ýurtlarynyň birine öwürmek, türkmen halkynyň mundan-da eşretli durmuşyny gazanmak, külli adamzady dost-doganlyga, parahat durmuşa, hyzmatdaşlyga, ösüşe çagyrmak babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ahalteke bedewlerine bagyşlanan çäreler we halkara forumlar ýylyň ahyryna çenli dowam eder. Şeýle giň gerimli, nusgalyk çemeleşme behişdi bedewlerimiziň dünýä siwilizasiýasyndaky ornuny has-da pugtalandyrar.

Hatyja MUSTAKOWA,

Çärjew etrap bilim bölüminiň

müdiriniň orunbasary,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

17.10.2026 Giňişleýin

BUÝSANDYRYJY ÖSÜŞLERIŇ ÝYLY

Özbaşdaklygyň, özygtyýarlygyň ak ýoluna düşen Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygynyň 35 ýylynda tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi. Ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Çünki, Garaşsyzlygymyzyň ýyllarynda Diýarymyzyň ähli ýerlerinde täze tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizildi. Senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda we beýleki pudaklarda örän uly üstünliklere eýe bolundy. Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara abraýy arşa göterildi. Munuň özi Garaşsyzlygymyzyň il-günümize peşgeş beren datly miwesidir.

Garaşsyz Türkmenistanymyzda özbaşdaklygymyz, özygtyýarlygymyz bilen birlikde, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi hem baýdak kimin belentde görülýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly içeri hem daşary syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Şeýle öňegidişlikler egsilmez gözbaşyny Garaşsyzlygymyzdan alyp gaýdýar. Adamzat taryhy üçin bolsa juda gysga döwürde — 35 ýylda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara at-abraýy dünýä doldy. Garaşsyzlykda galkynýan eziz Diýarymyzy bu günki günde görmäge göz gerek, taryplamaga söz. Adam hakdaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň çäklerinde uly işler üstünlikli amal edilýär. Täze önümçilik kärhanalary ulanmaga berlip, ilatyň iş bilen üpjünçiliginde netijeli işler bitirilýär.

Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!

Maksat BABANYÝA ZOW,

Wekilbazar etrabynyň zähmet we ilatyň

iş bilen üpjünçiligi bölüminiň başlygynyň

wezipesini ýerine ýetiriji,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

15.10.2026 Giňişleýin

AHALTEKE BEDEWLERINIŇ KANUNY GORAGLYLYGY

Gahryman Arkadagymyzyň baş­lyk­ly­gyn­da şu ýy­lyň 23-nji sent­ýab­ryn­da ge­çiri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si hal­ky­my­zyň je­bis­ligi­niň, ata Wa­ta­ny­my­za, Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza beýik söý­gü­si­niň aý­dyň be­ýa­ny bol­dy. Bu ta­ry­hy wa­ka türkmen hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­laha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň be­ýik başlan­gyç­la­ry we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ta­gal­la­la­ry bi­len döw­le­ti­mi­zi maksatnamalaýyn öz­gert­meler esa­syn­da yzy­gi­der­li hemde dur­nuk­ly ös­dür­me­giň tä­ze tap­gy­ry­na uly iter­gi ber­di.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Bu waka Watanymyzy barha ösdürmek üçin yhlasyny gaýgyrmaýan, öndürijilikli we halal zähmeti bilen tapawutlanýan adamlara belent hormat-sarpa goýulýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.

Mejlisde ýurdumyzyň durmuşykdysady we senagat kuwwatyny artdyrmak, hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy. Bu resminama ýurdumyzyň ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany durmuşa geçirmek hem-de Bitaraplygymyzyň amaly mümkinçiliklerini açmak maksady bilen, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasy tassyklanyldy. Ýaşlaryň ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen gyzyklanmasyny artdyrmak, döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» we bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy kabul edildi. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak hem-de halkara borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy.

Umumymilli forumda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi ahalteke bedew atlarymyzyň döwlet tarapyndan goraglylygynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýän möhüm resminama — «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu Kanunda bedewleriň sport, seýisçilik hojalyk ähmiýeti bilen birlikde halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlygy we pederlerden galan mukaddes miras hökmündäki belent derejesi doly ykrar edilýär.

Kanunda gartaşan, şikes alan ýa-da atly sport ýaryşlaryna, önümçilik we medeni-köpçülikleýin çärelere gatnaşmagyny bes eden ahalteke bedewleriniň döwletiň goragynda durýandygy barada kada berkidildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda waspy ýetirilýän, «Görogly» eposynda: «Sa­ňa at diýmerin, gardaş diýerin» kimin sözler bilen taryplanylýan bedewlere türkmeniň söýgüsiniň egsilmezdigini görkezýär.

Täze kanunda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ahalteke atçylyk sungatynyň, atlary bezemek däpleriniň we milli bezeg şaý-sepleriniň asyl nusgalaryny ýasamagyň tehnologiýasynyň goragy, bedewleriň milli nusgalara laýyklykda taýýarlanylan şaý-sepler bilen bezelmegi babatdaky kadalar beýan edildi. Ahalteke bedew atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny artdyrmak maksady bilen, hünärmenleri taýýarlamagyň hem-de bedewleriň şekilini haryt nyşanlarynda, mahabatda ulanmagyň tertibini belleýän kadalar berkidildi.

Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda «Dünýäniň arassa ganly ahalteke atlarynyň halkara derejeli tohumçylyk kitabynyň» (Studbuk) döredilmeginiň wajypdygyny belleýär. Täze kanunda ahalteke bedew atlarynyň taryhy watany hökmünde Türkmenistanyň şejere maglumatlaryny barlamak, arassa ganlylygyny tassyklamak we bu ugurda bilermenlik ornuny berkitmek, şeýle-de «Dünýäniň arassa ganly ahalteke atlarynyň halkara derejeli tohumçylyk kitabyny» döretmek boýunça başlangyçlaryň doly goldanylýandygy beýan edildi. Munuň özi ahalteke bedewiniň her bir taýçanagynyň gelip çykyşyny ylmy esasda barlamaga we dünýäde bar bolan atlaryň merkezleşdirilen hasabyny ýöretmäge giň mümkinçilik döreder.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen şeýle taryhy resminamalar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna şert döredýär. Şöhratly mirasymyzyň geljekki nesillere ýetirilmeginiň kepili bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de bedew bady bilen öňe gitmegini üpjün edýär.

Serdar GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak,

tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy

baradaky komitetiniň başlygy.

14.10.2026 Giňişleýin

ЭФФЕКТИВНЫЙ ФОРМАТ СОТРУДНИЧЕСТВА

Государственный визит нашего уважаемого Президента в Республику Корея, состоявшийся 14–16 сентября 2026 года, стал свидетельством выхода стратегического сотрудничества между двумя странами на качественно новый уровень.

Туркменистан и Республика Корея в двусторонних отношениях действуют на основе взаимного интереса. Огромные природные ресурсы и геоэкономические возможности Туркменистана, сочетаясь с развитыми технологиями, опытом в цифровой системе и промышленным потенциалом Республики Корея, представляют для сторон взаимовыгодный интерес.

В истории туркмено-корейских отношений наблюдается последовательное и уверенное укрепление двустороннего сотрудничества. В дипломатических отношениях, установленных в 1992 году, важными событиями являются открытие в 2007 году Посольства Республики Корея в Туркменистане, в 2013 году – Посольства Туркменистана в городе Сеул. Начало работы этих дипломатических представительств подняли взаимоотношения дружественных государств на новый, качественно более вы­ сокий уровень.

В качестве примера последовательно развивающегося экономического сотрудничества следует отметить приобретение нашей страной пассажирских автобусов и автомобилей, произведённых компанией «Hyundai Motor Company» в целях совершенствования парка автомобильного транспорта Туркменистана. А также известные в мире компании Кореи как «LG», «Samsung», «Daewoo» активно участвуют в строительстве про­ мышленных и энергетических объектов Туркменистана, в том числе проектов Национальной туристической зоны «Аваза».

Участие передовых компаний Кореи в крупных проектах и инвестициях в Туркменистане служит формированию в нашей стране современной промышленной структуры, а для Кореи – расширению устойчивой и надёжной площадки сотрудничества в регионе.

Отношения между нашими странами развиваются на двусторонней основе, а также в рамках крупных международных организаций и межрегиональных форматов. Туркменистан и Республика Корея последовательно поддерживают международные инициативы сторон, международные ре­ золюции по всеобщему миру, стабильности и энергетической безопасности в таких авторитет­ ных организациях мира, как Организация Объединённых Наций (ООН). Политическое и дипломатическое взаимодей­ ствие, в том числе совместная деятельность в рамках форума сотрудничества «Централь­ ная Азия–Республика Корея» имеют большое значение в обеспечении всеобщей безопасности, устойчивого развития и экологической дипломатии. По инициативе Туркменистана Организация Объединённых Наций приняла ряд исторических резолюций по вопросам стабильности энергетических ресурсов, развития транспортных коридоров, а также о значении принципов нейтралитета в достижении мира, безопасности и взаимного доверия. В качестве свидетельства этому можно привести историческую Резолюцию «Год международного права, 2028», единогласно принятую по инициативе Туркменистана Генеральной Ассамблеей Организации Объединённых Наций в числе соавторов и Республика Корея. Это событие является ещё одним свидетельством последовательной поддержки межрегиональных и глобальных инициатив двух дружественных государств по сохранению и укреплению всеобщего мира, доверия и между­ народного права.

Форум сотрудничества «Центральная Азия–Республика Корея» был основан в 2007 году по инициативе корейской стороны в качестве многосторонней кoнсультативной площадки с целью укрепления доверия между регионами и расширения взаимных связей. до конца 2024 года деятельность данного форума проводилась в основном в формате заседаний на уровне министров иностранных дел. В 2023 году Туркменистан успешно председательствовал на данном форуме, 16-oе заседание которого было проведено на высоком уровне в городе Ашхабад.

Участие нашего уважаемого Президента в первом историческом Саммите «Центральная Азия–Республика Корея» в рамках успешно осуществлённого государственного визита в Республику Корея и принятие Сеульской декларации по его итогам наглядно продемонстрировали активную и стратегическую роль Туркменистана в решении важных вопросов регионального и глобального развития.

Встречи на высоком уровне и достигнутые в ходе данного государственного визита нашего уважаемого Президента соглашения, наряду с укреплением двусторонних торгово- экономических, культурно-гуманитарных связей обогатили межпарламентское сотрудничество новым содержанием. Это свидетельствует об огромном значении парламентской дипломатии, которая в настоящее время является важным инструментом укрепления взаимного доверия и дружбы между государствами и народами.

Проведение встреч руководителей парламентов в рамках регионального сотрудничества в формате «Центральная Азия–Республика Корея» повышает двустороннее и многостороннее взаимодействие на новый уровень. данная платформа межпарламентского сотрудничества, основанная по инициативе Национального Лидера туркменского народа, Председателя халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы бердымухамедова, за короткий период превратилась в эффективную площадку переговоров и диалога. Учитывая последовательно проводимые межпарламентские переговоры, были выработаны конкретные планы проведения встреч высокого уровня: в 2023 году состоялась первая историческая встреча в городе Сеул Республики Корея, в 2024 году – вторая встреча в столице Туркменистана городе Ашхабад, в 2025 году – было проведено третье заседание в городе Ташкент Республики Узбекистан. Совместные декларации, принятые государствами-участниками, направлены на укрепление мира, экономического и культурного сотрудничества. В соответствии с совместными планами предусматривается проведение очередной парламентской конференции в данном формате в Республике Казахстан.

В настоящее время перед парламентариями двух стран стоят большие задачи по дальнейшему укреплению сотрудничества и дружбы между двумя народами. Важным направлением является создание наиболее приемлемой усовершенствованной законодательной базы и правовых гарантий для беспрепятственного осуществления инвестиционных проектов бизнес-групп и торговых связей, на которых законодатели должны сосредоточить своё внимание. Предстоит ещё более укреплять духовные и культурные мосты между нашими народами путём активизации парламентской поддержки в сферах образования, науки, культуры и спорта. Основным движущим инструментом в достижении данных высоких целей станет совершенствование деятельности групп межпарламентской дружбы, действующих между двумя странами. Целесообразно оказание парламентской поддержки в реализации сотрудничества молодёжи, современных инициатив, новых идей по цифровым технологиям и социальным инновациям. Парламентарии двух стран поддерживают эффективную деятельность по дальнейшему укреплению межгосударственного сотрудничества посредством парламентской дипломатии, последовательно обмениваясь опытом в законодательной системе.

Политика «открытых две­рей» и доброжелательного со­ трудничества, осуществляемая в направлении мирной, бла­ гополучной и процветающей жизни нашего народа, а также последовательного повышения престижа нашей страны на международной арене имеет огромное значение. Стратегиче­ ские отношения, установленные с государствами-партнёрами в интересах мира, стабильности и устойчивого развития в ре­ гиональном и глобальном из­ мерении, способствуют также укреплению дружбы народов.

Желаем нашему уважаемому Президенту и Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу, укрепляющим мосты дружбы и братства с государствами мира и демонстрирующим пример миралюбия, здоровья, долгих лет жизни, а также успехов в многогранной деятельности на благо наших народов!

Mаксат КУЛЫЕВ,

Председатель Kомитета Mеджлиса

Tуркменистана по международным и

межпарламентским связям.

22.09.2026 Giňişleýin

Juwaz

Ata-ba­ba­la­ry­myz müň­ýyl­lykla­ryň do­wa­myn­da dö­re­den mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny yzy­gi­der­li kämil­leş­di­rip ge­lip­dir­ler. Olar her bir dö­re­den gym­mat­lyk­la­ry­ny sun­gat de­re­je­si­ne ýe­tir­me­gi ba­şa­ryp­dyr­lar. Hal­ky­my­zyň gün­de­lik dur­muş­da ula­nan gu­ral­la­ry bu gün­ki ne­sil­ler üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gymmat­lyk bo­lup, geç­mi­şi­mi­ziň ga­dymy kök­le­rin­den ha­bar ber­ýär. Ola­ry öw­ren­mek we go­rap sak­la­mak bi­ziň mu­kad­des bor­ju­myz­dyr.

Şeý­le gym­mat­lyk­la­ryň bi­ri hem ju­waz­dyr. Ju­waz kün­jü­den ýag almak üçin peý­da­la­ny­lyp, ol esa­san, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň çäk­le­rin­de köp ula­ny­lyp­dyr. On­dan baş­ga-da, ga­wun çi­gi­din­den, zy­gyr­dan ýag al­mak üçin hem ula­ny­lyp­dyr. Halk ara­syn­da ju­waz ha­kyn­da:

Sary maýam çöküp otyr, 

Iç ýagyny döküp otyr.

Öküz-öküz aýlanar,

Dünýä sekiz aýlanar—

di­ýen ýa­ly ma­tal­lar hem dö­re­dilip­dir.

Ju­wa­za dü­ýe, at ýa­ly mal go­şu­lyp iş­le­dil­ýär. Oňa go­şu­lan mal birsyh­ly aý­la­nyp du­ran­soň, ba­şy­nyň aý­lan­maz­ly­gy üçin gö­zü­ne ma­ta da­ňyl­ýar. Ol ma­ta “göz­lük” di­ýilýär. Gö­züň üs­tü­ne düş­ýän ýe­ri gö­zi gy­syp dur­maz­ly­gy üçin göz­lük güber­çek edi­lip bag­lan­ýar. Ju­wa­zyň ýer­leş­di­ri­len ta­my­na “ju­waz­tam”, ju­waz iş­led­ýän ada­ma bol­sa “juwaz­çy” di­ýil­ýär. Ju­wa­zyň so­ku­sy ta­myň or­ta­syn­da di­ki­lip­dir. Ju­wazta­myň giň­li­gi onuň tö­we­re­gin­den ju­wa­za go­şu­lan iş ma­ly ar­ka­ýyn aý­la­nyp bi­ler ýa­ly hem ju­wa­za degiş­li en­jam­lar ýer­leş­di­ri­lip bil­ner ýa­ly ulu­lyk­da bo­lup­dyr.Ju­wa­zyň iň esa­sy bö­le­gi onuň so­ku­sy­dyr. On­da kün­jü­den we beý­le­ki dä­ne­ler­den ow­lup ýag çy­ka­ry­lyp­dyr. Ju­waz so­ku­sy­na guý­lan kün­ji­niň owul­ýan ýe­ri­ne ker­sen di­ýil­ýär. So­ky­nyň agzy 70—80 san­ti­metr giň­lik­de, 4—5 san­ti­metr çuň­luk­da dä­ne gu­ýu­lar ýa­ly er­ňek edi­lip kö­wül­ýär. Oňa bir­ba­da 9—12 ki­log­ra­ma çen­li künji gu­ýul­ýar. Onuň aý­lan­ma­gy bi­len ju­wa­zyň ag­zy­na dü­şen dä­ne ow­lup baş­lan­ýar.

Ju­wa­zyň pi­ri Us­sa Bad­ýan ba­banyň ýa­san ju­wa­zy il­ki ýag ber­mändir. Ol hü­nä­ri­niň ba­şa bar­man­dy­gyna gy­na­nyp, Al­la­ta­ga­la na­lyş edip ag­lap­dyr. Şon­da onuň gö­zün­den akan ýaş ju­wa­zyň so­ku­sy­na damyp­dyr we ýag çy­kyp baş­lap­dyr. Şon­dan soň ol so­ka guý­lan kün­jä suw se­pil­me­li­di­gi­ni bi­lip­dir.

Gyş gün­le­ri ho­wa­nyň so­wuk bol­ýan­dy­gy üçin ýaz aý­la­ry­na se­rede­niň­de, ju­waz ha­ýal­rak gyz­ýar. Ol oňat gyz­ma­sa-da, kün­ji ýa­gy go­wy alyn­ma­ýar. Şo­nuň üçin gyş aý­la­ry ju­waz­da ýag çy­kar­mak to­mus pasly­na se­re­de­niň­de, köp wag­ty ta­lap ed­ýär. Her gün­de ju­waz­dan 350 kilog­ram kün­jü­den 190 litr tö­we­re­gi ýag alyn­ýar. Kün­ji ýen­ji­li­be­ren­de üs­tü­ne iki go­şa­wuç suw se­pil­ýär. Oňa “gaý­nar suw” di­ýil­ýär. Ju­wa­za go­şu­lan mal (dü­ýe, at) 300—400 ge­zek aý­la­nan­dan soň, ju­waz­da­ky kün­ji­niň köp bö­le­gi döw­lüp, tal­han bol­ýar we ýe­ne-de suw be­ril­ýär, soň ýag in­ýär. Kün­ji bu­la­mak ýa­ly çaý­ka­nyp ug­ra­ýar. Şon­da so­ka iki go­şa­wuç kün­ji taş­lan­ýar. Şon­dan soň kün­ji ga­tap, kün­ja­ra­dan ýag saý­la­nyp ug­ra­ýar. Soň­ra hu­mar­ça (agaç­dan edi­len ýö­ri­te gap) bi­len ýa­gy az-az­dan su­sup al­ýar­lar.

Köp­lenç, ju­waz­da ýag çy­ka­rylýan­dy­gy üçin kün­ja­ra­sy ju­waz­ça el ha­ky hök­mün­de ber­lip­dir. Ýag çykar­ma­ga ge­len­le­re ju­waz­çy “Eli­me ýo­kan ýa­gy­ňa ra­zy bol!” di­ýer eken.

So­ky­nyň için­den aý­lan­ýan 1,5—2 metr uzyn­lyk­da­ky aga­ja “ju­wazyň oky” di­ýil­ýär. Onuň bö­lek­le­ri: kel­le­si, boý­ny, egin, gu­lak, çö­püdir. Okuň kel­le bö­le­gi ser­ha­na­nyň ýa-da tah­ýa­nyň sy­gym­ly­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da onuň için­de er­kin aýla­nar ýa­ly ýum­ru­la­nyp dur­ýar. Ol tah­ýa geý­di­ril­ýär, onuň kel­le­si bi­len boý­ny gyr­lan­da, onuň göw­re bi­len bir­leş­ýän ýe­ri­ne tä­ze ýa­sa­lan kel­le sep­leş­di­ril­ýär. Ok, so­ky ju­wa­zyň esa­sy hyz­ma­ty­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýän bö­le­gi­dir. Ok aý­la­nan­da, so­ky­nyň ker­se­ni­niň ýa­law­la­ryn­da dä­ne mynjy­ra­dyl­ýar we onuň maň­zyn­da­ky ýag ga­byk­dan—lö­de­re­den saý­lanýar.Ju­wa­zyň so­ku­sy wag­tal-wag­tal aras­sa­la­nyp du­rul­ma­ly­dyr.

Okuň uç ta­ra­pyn­dan de­şik de­şi­lip, agaç ge­çi­ril­ýär. Oňa “bö­rük” di­ýilýär. Onuň ýo­kar­sy oka ber­ki­dil­se, aşa­gy ýük sal­lan­ýan aga­ja ber­kidil­ýär. Ju­wa­zyň oky bi­len so­ky­nyň gap­da­lyn­da ýer­leş­ýän kün­dä­ni birleş­dir­ýän ýo­ka­ry ta­ra­pyn­da­ky eg­ri aga­jyň ady ge­jek­dir. Ol ig­de, tut, erik ýa­ly ga­ty, berk agaç­lar­dan edilýär. Onuň ýo­kar­ky eg­re­len ta­ra­py onuň uju­na geý­di­ril­ýär-de, oky aşak ba­syp dur­ýar.Ju­waz aý­la­nan­da,sürtül­mek güý­jü­ni azalt­mak üçin okuň uju­na ge­je­giň geý­di­ril­ýän ýe­ri­ne sa­byn ça­lyn­ýar. Ge­je­giň aşak ta­rapyn­da­ky çek­ge­ler ony kün­de bi­len bi­rik­dir­ýär. Ge­je­giň aşak ujun­dan de­şi­lip ke­se ge­çi­ril­ýän agaç­la­ra “ge­je­giň çek­ge­le­ri” di­ýil­ýär. Ol hem berk agaç­dan ýa­sal­ýar.

Ju­wa­zyň ke­je­be­si­ne “Pa­dar” di­ýil­ýär. Ju­wa­zy ýö­ret­mek, ýag al­mak we al­nan ýa­gy sak­la­mak üçin ula­nyl­ýan kö­mek­çi gu­ral­la­ryň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän hyz­ma­ty­na gö­rä şeýle at­la­ry bar:

Aý­ry—ju­wa­zyň oku­ny ýo­ka­ry çy­kar­mak ze­rur bo­lan­da ula­nylýan haç­ja. Ol okuň gu­lak çö­pü­niň aşa­gyn­dan goý­be­ri­lip, ony ýo­ka­ry gö­ter­ýär.

Bal­hy—ju­waz­dan çy­kan ýa­gy guý­mak üçin taý­ýar­la­ny­lan syr­ça­ly, iki gu­lak­ly uly küý­ze.

Dö­wüm—ju­wa­zyň so­ku­sy­na topla­nan ýa­gy al­mak üçin ula­nyl­ýan ki­çi gap­ja­gaz.

Kö­nek—ju­wa­zyň ser­ha­na­sy­na top­lan­ýan ýa­gyň ak­dy­ryl­ýan ga­by. (Bel­ki köý­ne­ge meň­zeş bo­lan­ly­gy üçin oňa kö­nek diý­len­dir).

Süň­ňül­kä­di—jü­rün­dik­den ak­ýan ýa­gyň gu­ýul­ýan ga­by.

Des­şeň­ňil—5,5 ki­log­ram ýag sygar ýa­ly, dü­ýä­niň ha­myn­dan ýö­ri­te taý­ýar­la­ny­lan çäý­nek sy­pat­ly gap.

Şä­girt gol­ça—ser­ha­na­da­ky ýa­gy alyp, des­şeň­ňi­le gu­ýul­ýan ki­çi­jik oka­ra.

Çeker—ju­wa­zyň ag­zy­na top­lanan ýa­gy su­sup al­mak üçin ýö­ri­te gap.

Tüfe—ju­wa­zyň so­ku­syn­da­ky ýagy so­rup al­ýan tur­ba­jyk.

Des­mal—ser­ha­na­nyň için­dä­ki ku­mar­ça­nyň su­sup alyp bil­me­dik ýa­gy­ny, sy­ryp al­ýan es­gi.

Misran—ju­wa­zyň içer­ki di­warla­ryn­da ga­tap ga­lan kün­ja­ra­ny gopar­ýan de­mir.

Öý­jaý—ju­wa­zyň tah­ýa­syn­da top­la­nan ýa­gyň ak­dy­ryl­ýan bed­resi­niň otur­dyl­ýan ýö­ri­te çu­ku­ry.

Ýa­na­gaç­lar—ujy ki­çi, ju­wa­za go­şu­lan ma­lyň iki ýa­nyn­dan uzynly­gy­na geç­ýän agaç­lar.

Yn­ha, şu söz­ler­den gör­şü­miz ýa­ly, ata-ba­ba­la­ry­myz ju­wa­zy ýasa­mak, iş­let­mek üçin bir­nä­çe zatlar­dan peý­da­la­nyp­dyr­lar.

Gurbangözel MUHAMMEDOWA,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky takyk ugurlar

boýunça ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň müdiri,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

22.09.2026 Giňişleýin

AŞGABAT HALK WEKILLERINI GARŞYLAÝAR

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak üçin paýtagtymyza ýurdumyzyň welaýatlaryndan ildeşlerimiziň uly topary geldi. Olar ähli amatlyklary özünde jemleýän «Aşgabat» hem-de «Sport» myhmanhanalarynda ýerleşdiler. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen dili senaly ýaşulularyň, kanun çykaryjy häkimiýetiň we syýasy partiýalaryň agzalarynyň, beýleki ugurlarda zähmet çekýän hünärmenleriň gözel paýtagtymyza saparynyň çäklerinde medeni maksatnama hem göz öňünde tutuldy. Munuň özi Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek umumymilli forumy ýatdan çykmajak wakalara beslär.

Düýn Aşgabadyň demir ýol we Halkara howa menzillerinde guralan çäreler oňa gatnaşyjylara toý ruhuny bagyşlady. Balkan, Lebap we Mary welaýatlaryndan gelen ildeşlerimiziň demir ýol menzilinde garşylanyş pursadynda döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlaryň ýaň­lanmagy dabara aýratyn ýaraşyk berdi. Goýny üç ýüz altmyş pirli Daşoguz topragyndan gelen myhmanlarymyz bolsa halkara howa menzilinde milli däp-dessurlarymyza laýyklykda duz-çörek bilen garşylanyldy.

Ge­ňeş etmek, döwletli işiň başyna barlanda maslahatlaşmak ýaly asylly ýörelgeler halkymyzyň durmuşyna berk ornaşan. Her ýylda döwletli ge­ňeşiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, onda kabul edilýän çözgütlerden halkymyzyň hoşal bolmagy bilen hem muny delillendirmek mümkin. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz hem-de Milli Liderimiz ata-babalarymyzdan miras galan şeýle ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmek babatynda ähli şertleri döredýärler. Döwlet tarapyndan berilýän goldaw-hemaýatlaryň netijesinde, baş baýramymyzyň öňüsyrasynda guralýan bu jemgyýetçilik-syýasy çärede halk bähbitli kararlar kabul edilip, abadan ýaşaýşyň berkidilmegine goşant goşulýar.

Berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, halkymyzyň agzybirligini, abadançylygyny berkitmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, giň gerimli maksatnamalaýyn işleri rowaçlandyrmakda Halk Maslahatynyň möhüm orny bar. Şo­ňa görä-de, 23-nji sentýabrda jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bu wajyp çäre döwletli ýörelgeleriň dowamat-dowamdygyny görkezer. Şol taryhy wakalara gözli şaýat boljak ildeşlerimiz hem mejlisde aýdyljak möhüm tekliplere öz seslerini goşarlar.

Şähere myhman bolýan ildeşlerimiz bilen söhbetdeş bolanymyzda, Aşgabadyň ýyl-ýyldan gözel keşbe eýe bolýandygyny belleýärler. Şu günlerde hem paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde baýramçylyk öwüşginli ýazgylaryň goýulmagy, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny wasp edýän şekilleriň ornaşdyrylmagy olary synlaýanlaryň kalbyna buýsanç duýgularyny bagyşlaýar.

— Toý-baýramlara beslenýän ajaýyp zamanamyzda halka sala salmak, ge­ňeş etmek ýaly asylly ýörelgeleriň üstünlikli dowam etdirilýändigi buýsandyryjydyr. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu ajaýyp hakykaty ýene bir ýola dabaralandyrar. Umumymilli forumyň esasy aýratynlygy jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan dürli kärdäki we ýaşdaky raýatlaryň öz pikir-garaýyşlaryny beýan etmäge mümkinçiligiň döredilýändigindedir. Bu bizi örän guwandyrýar. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän sarpasy belent Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumlary oňuna bolsun! — diýip, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jeren Gylyçmyradowa gürrüň berdi.

21.09.2026 Giňişleýin

PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR — DOSTLUGY BERKITMEGIŇ ÝOLY

Türk­me­nis­tan bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da, äh­li ulgam­lar­da bol­şy ýa­ly, par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­lyk hem iş­jeň hä­si­ýete eýe bo­lup, ol dost­luk­ly döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň wa­jyp bö­le­gi­ne öw­rül­ýär. Şun­da iki­ta­rap­la­ýyn esas­da par­la­men­ta­ra dost­luk to­parla­ry­nyň he­re­ket et­me­gi ýurt­la­ry­my­zyň oňyn hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry, içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga, ka­nun çy­kary­jy­lyk işin­de tej­ri­be alyş­ma­ga, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy ar­ka­ly gol­da­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Hormat­ly Prezidentimiziň Seu­la amala aşy­ran il­kin­ji döw­let sa­pa­ry­nyň çä­gin­de Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Milli As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­ri ge­çir­me­gi-de bu ugur­da Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan bin­ýa­dy goý­lan gat­na­şyk­la­ryň my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di.

Mä­lim bolşy ýaly, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Häzirki wagtda parlament hyzmatdaşlygy ýurtlaryň arasynda netijeli dialogy alyp barmagyň, halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Milli Liderimiz Türkmenistanyň öňe sürýän parlament diplomatiýasynyň parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň netijeli guraly bolmalydygyny nygtaýar. Syýasy ulgamda gatnaşyklary baýlaşdyrmakda, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmakda türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklaryna uly ornuň degişlidigini bellemek gerek. 2022-nji ýylyň noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň şol wagtky Başlygy bilen geçiren duşuşygy, onuň dowamynda parlamentara dostluk toparynyň işini işjeň­leşdirmek we ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ilerletmek babatda anyk wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge kuwwatly itergi berdi.

Şol duşuşykda ýaşlaryň parlamentara hyzmatdaşlygynyň usullaryny döretmek hem-de ondan netijeli peýdalanmak, zenan parlamentarileriň halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmek işinde, oňa hoşniýetli mazmun çaýmakda, nesiller barada alada etmekde uly mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutup, türkmen we koreý zenan parlamentarileriniň özara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny işläp taýýarlamak meseleleri barada pikir alşylypdy. Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy bolsa Koreýanyň işewür düzümleriniň, öň­debaryjy kompaniýalarynyň Türkmenistanda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. Soň­ky ýyllarda iki ýurduň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň, ýola goýlan işewür gatnaşyklaryň, geçirilen özara duşuşyklaryň esasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, maglumat-tehnologiýa, ýangyç-energetika, dokma senagaty, oba hojalygy, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle-de şäher gurluşygy, binagärlik babatda özara tejribe alyşmakda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary açylyp, olar boýunça uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen bir hatarda, iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna, hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna-da mümkinçilik berýär.

2023-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň ýurdumyza saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisinde türkmen-koreý parlamentara dostluk toparynyň işini giňeltmek, kanun çykaryjylyk ulgamynda özara tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen işjeň­leşdirmek babatda netijeli gepleşikler geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet saparynyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Ço Çon Sik bilen duşuşyp, parlamentara gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlar hakynda pikir alyşmagy hem bu babatda möhüm ädimleriň birine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz duşuşykda Türkmen-koreý parlamentara dostluk toparynyň işine aýratyn ünsi çekip, 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň parlamentara dostluk toparlarynyň yzygiderli esasda hyzmatdaşlyk edýändiklerini, olaryň işiniň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşýandygyny nygtady. Ýeri gelende ýatlasak, 2024-nji ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy üstünlikli geçirildi. Onda durnukly ösüşi üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmekde milli tejribeleri alyşmak, parlament, kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, zenan parlamentarileriň, ýaş deputatlaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy. Şol duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ikinji türkmen-koreý ge­ňeşme maslahatynda bolsa söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag, energetika, ýokary tehnologiýalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy gi­ňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylypdy. Bu bolsa köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemekde, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň gerimini gi­ňeltmekde uly ähmiýete eýedir.

Seula saparynyň çäginde hormatly Prezidentimize Koreýanyň öň­debaryjy uniwersitetleriniň biri bolan Songýungwan uniwersitetiniň hormatly doktory diýen akademiki derejäniň berilmegi iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrdy. Bu hormatly at döwlet Baştutanymyza daşary işler, kanun çykaryjylyk, ýerli dolandyryş, ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça baý tejribesi, Bitarap daşary syýasaty alyp barmak we sebitiň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek babatda tagallalary, Merkezi Aziýanyň syýasy durnuklylygyna, ykdysady ösüşine goşan uly goşandy göz öňünde tutulyp berildi. Umuman, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran taryhy saparynyň iki ýurduň özara hyzmatdaşlygynda täze sahypany açandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň halkara gi­ňişlikdäki abraýyny has-da belende götermek, döwletara gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmak ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Baýramgözel MYRADOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar

syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.

18.09.2026 Giňişleýin

DÖWLETLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da şöh­rat­ly geç­mi­şi­mi­zi, bag­ty­ýar şu gü­nü­mi­zi we be­ýik gel­je­gi­mi­zi bag­la­nyş­dy­ryp, ösüş­le­ri­mi­ziň bin­ýa­dy­ny berkid­ýän çöz­güt­ler Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ka­bul edil­ýär. Halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň iň ýo­ka­ry gu­ra­ma­sy hök­mün­de çy­kyş edip, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň pä­him-paý­ha­sy­ny we ada­lat­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän bu gu­ra­ma mil­li de­mok­ra­ti­ýa­my­zyň kö­pa­syr­lyk ösüş ýo­lu­nyň da­ba­ra­lan­ma­sy­dyr. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 35 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­jek Halk Maslahatynyň no­bat­da­ky mej­li­si Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň da­şy­na je­bis­le­şen ag­zy­bir hal­ky­my­zy tä­ze ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dy­rar.

Halk Mas­la­ha­ty­nyň ma­ny­-maz­mu­nyna dü­şün­mek üçin, il­ki bi­len, mil­le­ti­miziň köpa­syr­lyk şöh­rat­ly ta­ry­hy­na na­zar aý­la­ma­ly­dyr. Şon­da türk­men hal­ky­nyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da dün­ýä siwi­li­za­si­ýa­sy­nyň ösü­şi­ne my­na­syp go­şant go­şan dö­re­di­ji, gu­ru­jy, döw­let­li halk bo­landy­gy­na göz ýe­tir­ýär­siň. Hal­ky­myz asyr­laryň kül­pet­le­ri­ne döz ge­lip, mil­li öz­bo­luşly­ly­gy­ny sak­la­ma­gy we dün­ýä nus­ga­lyk gym­mat­lyk­lary ke­ma­la ge­tir­me­gi ba­şaryp­dyr. Türk­me­niň dur­muş pel­se­pe­sin­de köp­çü­li­giň bäh­bi­di­niň ile­ri tu­tul­ma­gy mil­le­ti­mi­ze ta­ry­hyň sy­nag­la­ryn­dan üs­tünlik­li ge­çip, özyg­ty­ýar­ly döw­le­ti­ni ber­ka­rar et­mä­ge ýar­dam edip­dir. Ta­ry­hy äh­mi­ýet­li pur­sat­lar­da halk bäh­bit­li çöz­güt­le­ri ka­bul et­mek­de äh­li me­se­le­le­ri köp­çü­lik bi­len mas­la­hat­la­şyp çöz­mek mil­le­ti­miz üçin asyl­ly dä­be öw­rü­lip­dir. Şeý­le mas­la­hat­la­ra baý dur­muş tej­ri­be­si bo­lan ýa­şu­lu­lar, kethu­da­lar, gaý­duw­syz ser­ker­de­ler, ser­dar­lar bi­len bir ha­tar­da, daý­han­lar, se­net­çi­ler, mah­la­sy, jem­gy­ýe­tiň äh­li gat­lak­la­ryn­dan we­kil­ler gat­na­şyp, öz pi­kir-­ga­ra­ýyş­la­ry­ny be­ýan edip­dir­ler. Mas­la­hat­da ka­bul edilýän çöz­güt­ler jem­gy­ýe­tiň äh­li ag­za­la­ry­nyň gy­şar­nyk­syz be­ýan ed­ýän ka­nun­la­ry­na öw­rü­lip­dir. Hut şeý­le asyl­ly däp­-des­sur­lar, bi­rek-­bi­re­gi gol­da­mak, ar­ka­laş­mak, pa­rasat­ly ýa­şu­lu­la­ryň pi­kir­le­ri­ne sar­pa goý­mak hal­ky­my­zyň asyr­lar­bo­ýy do­wam ed­ýän döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­ti­rip­dir. Tä­ze ta­ry­hy döw­rüň Halk Mas­la­ha­ty şol ga­dy­my däp-­des­sur­la­ryň, pa­ra­sat­ly ýörel­ge­le­riň hä­zir­ki za­man şert­le­ri­ne ky­bap ge­ti­ri­lip, kons­ti­tu­sion ka­da­lar esa­syn­da ber­ki­di­len döw­re­bap keş­bi­ni jem­le­ýär.

Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan aba­dan­çy­ly­gyň,­ dur­nuk­ly ­ösü­şiň­ we ynam­ly ­öňe­gi­diş­li­giň­ aja­ýyp ­nus­gasy­ny gör­kez­ýär. Şeý­le ro­waç­ly­gyň bin­ýa­dyn­da pa­ra­sat­ly pe­der­le­ri­miziň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri, hal­ky­myzyň ru­hy gym­mat­lyk­la­ry dur­ýar. Türkmenistanyň Halk Mas­la­haty ýa­şu­ly nes­liň pä­him­-paý­ha­sy­ny ýaş­la­ryň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty bi­len bir­leş­dir­ýär. Bu ­gün­ki ­gün ­ata-­ba­bala­ry­my­zyň asyl­ly däp-­des­sur­la­ry di­ňe bir­ ta­ry­hy­ gym­mat­lyk­lar­ hök­mün­de go­ral­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, saz­la­şyk­ly iş­le­ýän döw­let do­lan­dyryş ul­ga­my­nyň mö­hüm şer­ti hökmün­de yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Gahryman Arkadagymy­zyň asylly baş­lan­gyç­la­ry­nyň we bin­ýa­dyny go­ýan döw­let stra­te­gi­ýa­sy­nyň Arkadag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry esa­syn­da my­na­syp hem­-de ok­gun­ly­ do­wam ­et­di­ril­me­gi ­hem ­şu ha­ky­kat­dan ­göz­baş­ al­ýar.­

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty mil­li je­bis­li­gi ber­kit­mek­de-­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Umu­my­mil­li fo­rumda asyr­lar­bo­ýy do­wam edip gel­ýän ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze la­ýyk­lyk­da, dür­li we­zi­pe­dä­ki, ­dür­li­ kesp­-kär­dä­ki, ­dür­li ýaş­da­ky ra­ýat­lar pi­kir­le­ri­ni we tek­liple­ri­ni be­ýan et­mä­ge, ka­bul edil­ýän çöz­güt­le­re ­öz­ se­si­ni ­goş­ma­ga ­mümkin­çi­lik al­ýar. Döw­let­li mas­la­hat­da daý­han­lar, ýaş alym­lar, luk­man­lar, mu­gal­lym­lar, te­le­ke­çi­ler, gur­lu­şyk­çylar­ we ­beý­le­ki ­kär­dä­ki­ adam­lar­ ýurdu­my­zyň dur­muş­-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­me­gi bi­len bag­ly ga­ra­ýyş­la­ry­nydy ­tek­lip­le­ri­ni­ be­ýan ­ed­ýär­ler. Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­ýän çöz­güt­ler jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da aý­ra­tyn hor­mat­ sar­pa eýe bol­ýar. Şeý­le bi­te­wü­lik we agzy­bir­lik ­döw­le­ti­mi­ziň­ be­lent­ mak­satla­ry­nyň ­my­ra­da­ go­wuş­ma­gyn­da­ uly äh­mi­ýe­te­ eýe­dir.

Äh­li­halk ­fo­ru­my­ di­ňe ­bir­ da­ba­ra­ly mej­lis bol­man, Wa­ta­ny­my­zyň uzak möh­let­le­ýin dur­muş­yk­dy­sa­dy ösüşin­de ­yk­bal ­kes­git­leý­ji ­äh­mi­ýe­ti­ bolan ­stra­te­gik­ me­ha­niz­miň­ we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­lis­le­rin­de ýur­du­my­zyň on­lar­ça ýyl­lyk ösü­şi­ne ýol aç­ýan, gel­jek­ki keş­bi­ni kes­git­le­ýän döw­let mak­satna­ma­la­ry ­we ­mö­hüm­ ka­nun­lar ­ka­bul edil­ýär. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry­nyň ta­ryhyn­dan­ gör­şü­miz­ ýa­ly,­ umu­my­mil­li fo­rum­lar­da ­her ­bir ­ra­ýa­tyň ­dur­mu­şyny öz­gerd­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­lere ba­dal­ga be­ril­ýär. Mu­ňa my­sal edip, mil­li ­ag­ro­se­na­gat ­top­lu­my­ny ­düýp­li döw­re­bap­laş­dy­ryp, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny ­üp­jün et­mä­ge ­müm­kinçi­lik ber­ýän çöz­güt­le­riň, şä­her­le­riň we iň çet­ki ilat­ly ýer­le­riň ýa­şa­ýyş dere­je­si­ni ­deň­ de­re­jä ­ýe­tir­mä­ge ­ýar­dam ed­ýän Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň ka­bul­ edil­me­gi­ni ­we ­beý­le­ki ­mö­hüm çöz­güt­le­ri gör­kez­mek bo­lar. Şo­nuň esa­syn­da bu gün ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de döw­re­bap bi­lim ojak­la­ry, mek­dep­ler, ­ça­ga­lar ­bag­la­ry, ­sag­ly­gy go­ra­ýyş  mer­kez­le­ri, sport top­lum­la­ry, me­de­ni­ýet ­öý­le­ri ­he­re­ket­ ed­ýär.

Tä­ze ­ta­ry­hy­ dö­wür­de­ ýur­du­my­zygiň ge­rim bi­len se­na­gat­laş­dyr­mak, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýalaş­dyr­mak, «akyl­ly» şä­her tas­la­mala­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, ulag­-logis­ti­ka dü­züm­le­ri­ni kä­mil­leş­di­rip, Türk­me­nis­ta­ny tä­ze­den gal­kyn­ýan Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mö­hüm halka­sy­na öwür­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­na we dur­muş ugur­la­ry­na san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly mö­hüm çöz­güt­ler hem­ hut­ Halk ­Mas­la­ha­ty­nyň ­mej­lisle­rin­de­ ka­bul ­edil­ýär.

Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­lis­le­ri­niň ýur­du­my­zyň baş baý­ra­my­nyň­ —­ Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­me­gi­ aý­ra­tyn­ ma­ny­-maz­mu­na bes­le­nen­dir. Ga­raş­syz­lyk­—­ hal­kymy­zyň iň mu­kad­des gym­mat­ly­gy, özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­my­zyň, er­kin­li­gimi­ziň, ösüş­le­ri­mi­ziň bin­ýa­dy. Hut şeý­le mu­kad­des gym­mat­ly­gy da­bara­lan­dyr­ýan baý­ra­myň öňü­sy­ra­synda ge­çen ýo­lu­my­za tä­ze­den na­zar aý­la­mak, ­ýe­ri­ne­ ýe­ti­ri­len ­iş­le­re ­ba­ha ber­mek, gel­jek üçin me­ýil­na­ma­la­ry kes­git­le­mek, tu­tan­ýer­li zäh­me­ti bi­len Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant ­goş­ýan­ il­deş­le­ri­mi­zi ­sy­lag­lamak üçin il­deş­le­ri­miz ag­zy­bir­lik­de bir­ sup­ra­nyň­ ba­şy­na ­jem­len­ýär.­ Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de tu­tan­ýer­li zäh­me­ti bi­len ösüş­le­ri­mi­ze go­şant goş­ýan il­deş­le­ri­mi­ziň döw­let sy­lag­lary bi­len sy­lag­lan­ma­gy, ola­ra hor­mat­ly at­la­ryň be­ril­me­gi her bir ada­myň zähme­ti­ne ­döw­let ­de­re­je­sin­de ­ go­ýul­ýan uly ­sar­pa­nyň ­ny­şa­ny­dyr.

«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türkmenis­tan­—­ be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň tyl­la güýzün­de ­türk­men­ hal­ky­ tä­ze, ­has ­be­lent sep­git­le­riň, ­be­ýik ­iş­le­riň ­bo­sa­ga­synda dur. Gah­ry­man Arkadagymyzyň pä­him-pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry, Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň dö­re­di­ji­lik­li ta­gal­la­la­ry esa­syn­da eziz Wa­tany­myz ösü­şiň tä­ze göz­ýe­timle­ri­ni na­zar­la­ýar. Mil­li Liderimiziň, döw­let Baş­tu­ta­ny­myzyň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry, sy­ýa­sy we yk­dysa­dy stra­te­gi­ýa­la­ry Wa­ta­ny­my­zy XXI­ asy­ryň ­kuw­wat­ly ­se­na­gat ­döwle­ti­ne,­ pa­ra­hat­çy­ly­gyň­ we ­aba­dan­çyly­gyň me­ka­ny­na öwür­mä­ge gö­nükdi­ri­len­dir. «Ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek, san­ly ul­ga­my ös­dür­mek, in­no­wa­sion­ önüm­çi­lik­le­ri­ dö­ret­mek,­ bi­lim­li,­ ter­bi­ýe­li,­ wa­tan­sö­ýü­ji, ­be­den hem ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek, her bir ra­ýa­tyň bagty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek döw­leti­mi­ziň ­öňün­de­ dur­ýan­ mö­hüm­ we­zipe­ler­dir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myzyň ýo­ly­—­ aba­dan,­ röw­şen,­ gül­läp­ ösýän gel­je­ge uza­ýan ýol. Bu ýol­da pa­ra­sat­ly pe­der­le­ri­mi­ziň ýö­rel­ge­le­ri yg­ty­bar­ly çel­gi, hä­zir­ki za­man teh­nolo­gi­ýa­la­ry­ bol­sa ­ösü­şiň­ he­re­ket­len­diri­ji­si ­bo­lup­ çy­kyş ­ed­ýär.

Umu­my­mil­li­ fo­ru­myň­ no­bat­da­ky mej­li­sin­de halk pa­ra­sa­dy­nyň kö­pa­syrlyk ­tej­ri­be­si­ne ­da­ýa­nyp ­ka­bul­ edil­jek çöz­güt­le­riň Mil­li Li­de­ri­mi­ziň hem­de döw­let ­Baş­tu­ta­ny­my­zyň­ ta­gal­la­la­ry,­ ag­zy­bir hal­ky­my­zyň yh­las­ly zähme­ti­ ne­ti­je­sin­de­ röw­şen­ gel­je­ge­ giň ýol aç­jak­dy­gy­na berk ynan­ýa­rys. Goý, Gahry­man Ar­kadagy­my­zyň, Ar­kadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myzyň da­şy­na ­je­bis­le­şen ­hal­ky­my­zyň ­ag­zybir­li­gi bar­ha ber­käp, Ga­raş­syz, hemi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ösüş­le­ri do­wa­mat-do­wam ­bol­sun!

Saparmyrat OWGANOW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler

partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy,

Mejlisiň deputaty.

15.09.2026 Giňişleýin

HALKA DAÝANYP, HALKYŇ BÄHBIDINE

Ge­çen asy­ryň soň­ky on­ýyl­ly­gy­nyň ba­şyn­da ga­dy­my oguz top­ra­gyn­da berk bin­ýat­ly Türk­me­nis­tan at­ly döw­let ber­ka­rar bol­dy. Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da ada­my jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy di­ýip yg­lan eden ýur­dumyz hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýe­wi döw­let hök­mün­de dep­ginli ös­ýär. Şol ösüş­le­riň bin­ýa­dyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mö­hüm or­ny bar­dyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her ýylky giň gerimli mejlisi ýurdumyzda jemgyýetiň jebisligini hem-de halkymyzyň agzybirligini üpjün etmekde, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkitmekde hereketlendiriji güýje öwrülýär. Halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasy raýatlaryň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine, olaryň döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugynyň kepili bolup çykyş edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda pederlerimizden miras galan milli demokratik ýörelgeler täzeçe ruhda dowam etdirilýär. Şonuň esasynda döwletimiziň berkararlyk binýady hem-de konstitusion gurluşy berkidilýär, jemgyýetimiz mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylýar, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň ygtybarly goragy üpjün edilýär. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler halkara giňişlikde parahatçylyk dörediji döwlet, bedew batly ösüşleriň, abadançylygyň, agzybirligiň mekany hökmünde tanalýan Diýarymyzyň nurana geljegine mizemez ynamy berkidýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giňden ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmekde, döwlet ähmiýetli meseleleri geňeşli çözmekde, jemgyýetimiziň jebisligini, agzybirligini, bitewüligini, abadançylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň parahatçylykly ýol bilen depginli ösmegini üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahaty dünýä nusgalyk döwrebap işleri alyp barýar. Onuň maksadyna, wezipelerine Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwrenişiň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýip, örän jaýdar düşündiriş berýär.

Ählihalk geňeşiniň baş baýramymyzyň dabaralara beslenýän günlerinde geçirilmeginde hem çuňňur many bar. Çünki umumymilli forumda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de depginli ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar hem-de çözgütler kabul edilýär. Ýurdumyzyň garaşsyz ösüş ýyllarynda gazanan üstünlikleri, ýetilen sepgitler seljerilip, öňde durýan wezipeler kesgitlenilýär.

Biz, deputatlar hem häzirki döwürde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri bilen bilelikde ýerlerde Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek boýunça degişli işleri alyp barýarys. Maslahatlarda, duşuşyklarda demokratiýanyň özboluşly milli nusgasyna öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täze taryhy eýýamda döwlet bilen halkyň jebisligini dabaralandyrýan esasy jemgyýetçilik-syýasy güýç bolup durýandygy nygtalýar.

23-nji sentýabrda baş şäherimizde geçiriljek ählihalk geňeşi beýik Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 35 ýyllyk toýuna milli jebislik ruhuny bagyşlar. Umumymilli forumyň şanyna guraljak medeniköpçülikleýin çäreler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny has-da dabaralandyrar. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerinden täze zähmet ýeňişlerine ruhlanýan halkymyz ählihalk geňeşiniň röwşen geljege şamçyrag boljakdygyna, beýik işlere badalga berjekdigine berk ynanýar.

Intizar AWLÝAKULYÝEW,

Farap etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň müdiri,

Mejlisiň deputaty.

 

12.09.2026 Giňişleýin
1 2 3 4 5 6 7 ... 125