Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
31.07.2025

Hoşniýetli hyzmatdaşlyga esaslanýan gymmatlyk

 

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde alnyp barylýan daşary we içeri syýasat parahatçylygy, howpsuzlygy, sebitleýin hem-de ählumumy möçberdäki durnuklylygy üpjün etmekde ileri tutulýan maksatlar we wezipeler bilen berk baglanyşyklydyr. Eziz Diýarymyz beýleki döwletler bilen dostlukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, özüni halkara gatnaşyklar ulgamynda oňyn teklipleri öňe sürýän ýurt hökmünde dünýä tanadýar. Bu günki gün döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly daşary syýasaty täze derejä çykýar we ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki ornuny has-da pugtalandyryp, öz hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipelerine wepalydygyny aýdyň subut edýär. 

     Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýan üstümizdäki ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şu mynasybetli jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynda möhüm wakalar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar, parahatçylykly we rowaç durmuşyny üpjün edýän hem-de dünýäniň halklary bilen parahatçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berýän hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Ýurdumyzyň taryhynda 30 ýyla barabar bolan bu döwürde Türkmenistanda ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeler bolup geçdi we dürli ugurlar boýunça guwandyryjy üstünlikler gazanyldy. Munuň özi ählumumy ösüşiň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ugur edinýän daşary syýasaty durmuşa geçirýän ýurdumyzyň ýokary halkara abraýa eýe bolmagyny şertlendirýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz şu ýyllaryň dowamynda tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak ýörelgelerine işjeň gatnaşmak bilen, birnäçe oňyn başlangyçlary öňe sürdi. Bu başlangyçlar dünýä ýurtlary tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň badalga berýän iri taslamalarynda we başlangyçlarynda aýdyň ýüze çykýar. Olar dünýä halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam berýär, parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyklaryň giňden ýaýbaňlanmagyna amatly şertleri döredýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi hem munuň şeýledigini subut edýär. Bu maslahat ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatyna eýerýän ählumumy we durnukly ösüşe, parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmäge gönükdirilen işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň we halkara derejedäki abraýynyň has belentdiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. 

     Milli özgertmeleriň we taryhy ösüşleriň esasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýan eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny belende galdyrýan Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleri has-da rowaç alsyn! 

 

Wezirgeldi Aşyrow, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.