Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Mejlisi daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

Türkmenistanyň Mejlisi daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli alyp barýar we giňeldýär. Türkmenistan parlament diplomatiýasynyň esasy ugurlary hökmünde parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmegi, ýaşlar we zenan parlamentarileriň işini goldamagy, şeýle hem ählumumy gün tertibinde durýan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň amal edilmegi ugrunda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi ileri tutýar.

Hazirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisinde dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň 46-sy bilen ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlary hereket edýär. 

Türkmenistanyň Mejlisi Parlamentara Bileleşigiň (IPU) hem-de  Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň (OSCE PA) agzasydyr. 

05.09.2023

Türkmenistanyň Mejlisiniň Parlamentara Bileleşigindäki Milli parlament toparynyň düzümi:

Türkmenistanyň Mejlisi 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda Parlamentara Bileleşiginiň agzalygyna girmek we TürkmenistanyňMejlisiniň Parlamentara Bileleşigindäki Türkmenistanyň  Mejlisiniň deputatlaryndan ybarat Milli parlament toparyny döretmek hakynda k a r a r kabul etdi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Parlamentara Bileleşigindäki Milli parlament toparynyň düzümi:

 

Gulmanowa Dünýägözel Akmuhammedowna ‒ Türkmenistanyň  Mejlisiniň Başlygy, toparyň ýolbaşçysy;

Rozyýew Gahryman Öwlýakulyýewiç – Türkmenistanyň  Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary;

Eşşäýew Ýusupguly Aşyrgulyýewiç ‒ Türkmenistanyň  Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy;

Baýlyýew Batyr Orazdurdyýewiç – Türkmenistanyň  Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy;

Muhamedow Begmurat Rahmangulyýewiç – Türkmenistanyň  Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy;

Ataýewa Enejan Meredowna ‒ Türkmenistanyň  Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.

05.09.2023

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasydyr.

Türkmenistanyň Mejlisi 2014-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýanyndaky Hemişelik wekiliýetini tassyklamak hakynda karar kabul etdi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýanyndaky Hemişelik wekiliýetiniň düzümi:

 

Gulmanowa Dünýägözel Akmuhammedowna – Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy (wekiliýetiň ýolbaşçysy);

Eşşäýew Ýusupguly Aşyrgulyýewiç – Türkmenistanyň  Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy;

Muhamedow Begmurat Rahmangulyýewiç – Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ätiýaçdaky Hemişelik wekiliýetiniň düzümi:

Baýlyýew Batyr Orazdurdyýewiç – Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy;

Akyýewa Çemen Jumamyrat gyzy – Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy;

Ataýewa Enejan Meredowna – Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.

 

Wekiliýetiň sekretary Türkmenistanyň Mejlisiniň Iş dolandyryş bölüminiň Halkara gatnaşyklary we protokol bölümçesiniň müdiri Mekan Babaýew.

05.05.2023