Türkmenistanyň Mejlisi daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli alyp barýar we giňeldýär. Türkmenistan parlament diplomatiýasynyň esasy ugurlary hökmünde parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmegi, ýaşlar we zenan parlamentarileriň işini goldamagy, şeýle hem ählumumy gün tertibinde durýan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň amal edilmegi ugrunda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi ileri tutýar.
Hazirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisinde dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň 46-sy bilen ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlary hereket edýär.
Türkmenistanyň Mejlisi Parlamentara Bileleşigiň (IPU) hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň (OSCE PA) agzasydyr.