Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Umumy maglumat
Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Mejlisiniň işi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň (mundan beýläk Mejlis) işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Mejlis saýlaw okruglary boýunça saýlanylýan 125 deputatdan ybaratdyr. Deputatlar 5 ýyl möhlet bilen saýlanylýar. Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Mejlisiň deputatlygyna saýlanyp bilner. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň soňky (ýedinji çagyrylyş) saýlawlary 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirildi.
Mejlisiň we onuň düzümleriniň işiniň guralyşy
Mejlis öz işini maslahat görnüşinde amala aşyrýar. Mejlisiň maslahaty zerurlyga görä, ýöne ýylda azyndan iki gezek Mejlisiň Başlygy tarapyndan çagyrylýar. Mejlisiň nobatdan daşary maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen ýa-da Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden bir böleginiň teklibi boýunça çagyrylyp bilner. Mejlisiň maslahatyna Mejlisiň Dessurynda bellenilen tertipde döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ylmy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem beýleki adamlar gatnaşyp bilerler. Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mejlisiň ähli maslahatlaryna gatnaşmaga hukugy bardyr. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary Mejlisiň ähli maslahatlaryna gatnaşyp bilerler. Mejlisiň maslahatyny guramagyň we geçirmegiň tertibi Mejlisiň Dessury bilen kesgitlenilýär.
Mejlisde 8 komitet hereket edýär:
Mejlisiň ygtyýarlyklary
- Konstitusiýany we kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrmak;
- Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilen kanunlary tassyklamak barada meselä hökmany garamak;
- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak barada meselä garamak;
- Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklamak barada meselelere garamak;
- Döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garamak;
- Ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözmek;
- Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek we kanunçylykda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklar.
Deputatlaryň ygtyýarlyklary
Mejlisiň täze çagyrylyşynyň deputatlarynyň ygtyýarlyklary Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatynda ykrar edilýär. Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň deputatlary Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty açylýança öz ygtyýarlyklaryny saklaýarlar. Deputatlar halkyň doly ygtyýarly wekilleri bolmak bilen, Mejlisde olaryň işini üpjün edýän ähli hukuklara eýedirler. Kanunlary we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak, garamak,kabul etmek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek baradaky işler Mejlisiň deputatynyň işiniň esasy ugrudyr. Döwlet Mejlisiň deputatyna onuň öz ygtyýarlyklaryny päsgelçiliksiz we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, janynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň goralmagyny, şeýle hem şahsy eldegrilmesizligini kepillendirýär. Mejlisiň deputatynyň hukuklaryna, janyna, at-abraýyna, mertebesine we azatlygyna, şahsy eldegrilmesizligine hyýanat edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär. Mejlisiň deputaty şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, häkim, arçyn, kazy, prokuror wezipesini eýeläp bilmez. Mejlisiň deputaty görkezilen wezipeleriň birine bellenilen ýa-da saýlanylan ýagdaýynda, şol wezipä bellenilen ýa-da saýlanylan wagtyndan onuň deputatlyk ygtyýarlyklary ýatyrylan diýlip hasap edilýär.