Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE KUWEÝT DÖWLETINIŇ ILÇISI KABUL EDILDI

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bader Abdullah Almunaýehden ynanç hatyny kabul etdi. 

D.Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

Şeýle hem, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ilçini milli parlamentiniň düzümi hem-de kanunçykarjylyk işi bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, geljekde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşyldy.

 

Duşuşygyň ahyrynda Kuweýt Döwletiniň ilçisi iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

07.12.2023

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISINDEN YNANÇ HATY KABUL EDILDI

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Zimbabwe  Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Braýt Kupembadan ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar, döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.

07.12.2023

BENIN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Benin Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akambi Andre Okunlola-Biaudan ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ilçi oňyn Bitaraplyk, «açyk gapylar» we deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.

05.12.2023

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DUBAÝ ŞÄHERINE IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

2023-nji ýylyň 3-4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň we parlamentarileriniň 10-njy duşuşygyna gatnaşdylar.

Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky şertnamalaryndan we konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalary, howanyň üýtgemeginiň halkara meýilnamasyna esaslanyp, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, milli meýilnamalary, maksatnamalary we strategiýalary işläp düzmekde we ony durmuşa geçirmekde uly işleriň ýerine ýetirilýändigini bellediler. 

Şunuň bilen baglylykda, BMG–niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP-28) Türkmenistanyň bütindünýä Metan borçnamasyna resmi taýdan goşulmagy ýurdumyzyň hukuk binýadyny güýçlendirmäge şeýle hem bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäginde halkara guramalary we hyzmatdaş ýurtlar bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge itergi berjekdigini tassykladylar. 

04.12.2023

Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy

Şu gün agşam hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy. Bu ýerde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geçirilýär.

Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 12-nji dekabryna çenli dowam etjek bu iri foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlary, ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşýarlar.

Düýn BMG-niň Bütindünýä howa sammitinde çykyş edip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň şu maslahata gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, 2012-nji ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa Türkmenistanyň ählumumy howa gün tertibine doly derejede goşulyşmagynyň ýolunda başlangyç nokada öwrüldi. Soňra ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen baglylykda, bu Strategiýanyň täze redaksiýasy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýändigini nygtady. Şol iş bolsa howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz ýokary derejeli forumyň münberinden metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara saldamly goşant goşýan ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny hem-de howa meselelerini çözmek boýunça halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen, birnäçe degişli milli maksatnamalar kabul edildi. Şolara laýyklykda, metanyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmaga we olaryň ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryny, aýratyn-da, olary energetika, senagat we ulag pudaklaryna ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak barada barýar. Şeýle hem forumdaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtady. Şol sebit maksatnamalary howa tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň döwletlerine geçirmäge gönükdirilendir. Bu resminama Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini açmak baradaky meselä jikme-jik garamak üçin ilkinji ädim hem-de düýpli hukuk şerti hökmünde garalýandygyna üns çekildi.

Ýer ýüzüniň bagtyýar we abadan geljeginiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hem-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny beýan edýän Türkmenistan ýokary derejeli köptaraplaýyn duşuşykda taýýarlanylan resminamalary, hususan-da, Howa we saglyk boýunça Jarnamany, Durnukly oba hojalygy, durnukly azyk ulgamlary we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny, şeýle hem birnäçe başlangyçlary, şol sanda Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin “COP28” koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy goldady.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny, Kioto teswirnamasyny we Pariž ylalaşygyny tassyklap, geçen ýyllaryň dowamynda öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirip gelýär. Rejelenen görnüşde tassyklanan Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa ähli pudaklarda, ilkinji nobatda, nebitgaz, ulag, elektroenergetika pudaklarynda, obasenagat toplumynda, gurluşyk senagatynda zyýanly zyňyndylaryň möçberini peseltmäge gönükdirilen yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly üns berilýär. Sebäbi ekologik meseleleriň çözülmegi ählumumy, sebit we milli derejede tagallalaryň birleşdirilmegini, köptaraplaýyn dialogy, her bir döwletiň bu ugurdaky hereketlerini BMG bilen utgaşyklykda alyp barmagyny talap edýär.

Şeýlelikde, BMG-niň Bütindünýä howa sammiti dünýä jemgyýetçiliginiň soňky onýyllyklarda tutuş adamzat üçin derwaýys bolan howanyň üýtgemegi bilen bagly meseläni bilelikde çözmegiň, bu wehime garşy syýasy we ykdysady çäreleri ylalaşykly durmuşa geçirmegiň zerurdygyna düşünýändigini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-birege hormat goýmak ýörelgesinde ýola goýulýan köpugurly türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine garamaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz öz adyndan we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýokary wezipeli wekili Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni bilen gutlady we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, dostlukly döwletiň ähli halkyna bagtyýarlyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle hem şu gezekki Ählumumy foruma işjeň gatnaşandygy we türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, Dubaý şäherinde geçirilýän “COP28” maslahatynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Bu maslahat şu ýylyň ähmiýetli halkara çäreleriniň biri boldy.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Birleşen Arap Emirliklerinde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler ýolunda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandyklaryny belläp, Emirlikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri hoşlaşanlarynda birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimize BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň adyndan mukaddes Gurhanyň aýatlarynyň altyn suw bilen ýazylan ýörite sowgady gowşuryldy.

Arkadagly hajy Serdarymyz sowgady minnetdarlyk bilen kabul edip, muňa depginli ösdürilýän hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan dostlukly türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nyşany hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Ählumumy forumyň iki gününiň dowamynda köp döwletleriň Baştutanlary we hökümet ýolbaşçylary ekologiýa, azyk howpsuzlygy, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, “ýaşyl” energetika meseleleri, howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňip geçmek üçin az ösen ýurtlara maliýe goldawyny bermek babatda öz ýurtlarynyň garaýyşlaryny beýan etdiler. Howanyň üýtgemegi bilen bagly dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin “COP28” meýdançasynda plenar mejlisler bilen utgaşyklykda birnäçe beýleki çäreler geçirilýär. Şolara Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

2-nji dekabrda ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary tebigaty goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ýaşlaryň orny, agyz suwuny we howany goramak boýunça çäreleri durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak, adalatly, deňhukukly, utgaşdyrylan energiýa akymyna, hususan-da, häzirki döwürde ulanylýan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçmegi çaltlandyrmak meselelerine bagyşlanan köptaraplaýyn duşuşyklara gatnaşdylar. “Saglygy goraýyş howanyň üýtgemegi boýunça gün tertibiniň merkezinde” ady bilen geçirilen duşuşyga aýratyn üns berildi. Onuň netijeleri boýunça Howa we saglyk boýunça “COP28” Jarnamasy kabul edildi. Ählumumy howa başlangyjynyň çäklerinde köptaraplaýyn dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny hemişe beýan edýän türkmen tarapy bu Jarnamany goldady hem-de Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek üçin saglygy goraýyş meselelerinde umumy tagallalara ygrarlydygyny tassyklady.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň möhüm çäreleriniň dostlukly döwletiň her ýylyň 2-nji dekabrynda bellenilýän baş baýramy — BAE-niň Milli güni bilen gabat gelendigini bellemelidiris.

Häzirki wagtda Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan kuwwatly we depginli ösýän ýurtlarynyň biri bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesi, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Abu-Dabi şäherine saparlarynyň çäklerinde bolan duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň aýratyn netijeli häsiýete eýe bolmagy muňa şaýatlyk edýär.

Geçen ýylyň 21-22-nji noýabrynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-emirlikler gepleşikleri iki döwletiň we olaryň halklarynyň däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, özara gyzyklanma bildirilýän birnäçe esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda täze tapgyr boldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 11-12-nji fewralynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm sahypany açdy. Saparyň çäklerinde geçirilen duşuşyklar we gepleşikler ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ony häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän has ýokary derejä çykarmaga ýardam berdi.

Türkmenistanda amala aşyrylýan “Açyk gapylar” syýasaty we ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy daşary döwletleriň, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlarynyň işewürlerini özüne çekýär. BAE-niň wekilleri milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny innowasion taýdan ösdürmäge hem-de halkymyzyň rowaçlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalara uly gyzyklanma bildirýärler.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri diňe bir ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, birek-biregiň başlangyçlaryny goldap, halkara giňişlikde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň şu gezekki 28-nji maslahaty munuň nobatdaky güwäsidir.

Agşam hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy. BAE-niň döredilmeginiň 52 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy.

Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Watanymyza ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde BAE-niň ilçihanasynyň wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy BMG-niň Bütindünýä howa sammitine (COP28) üstünlikli gatnaşmagy, çuň many-mazmunly çykyşy hem-de onuň çäklerindäki duşuşyklaryňdyr gepleşikleriň netijeli geçmegi bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, sammitde öňe sürlen başlangyçlaryň häzirki günüň derwaýys wezipeleriniň biri bolan ekologik meseleleri çözmekde wajyp ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy. Şeýle hem saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrülendigi bellenildi.

02.12.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary bilen ugrady. Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinden resmi adamlar ugratdylar.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan duşuşygynyň barşynda ähli ugurlar boýunça okgunly ösýän döwletara gatnaşyklaryň dostlukly, netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Dubaýda BMG-niň howandarlygynda geçirilýän, häzirki döwürde adamzady tolgundyrýan möhüm meselelere bagyşlanan ählumumy forumyň ähmiýeti bellenildi.

BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili ählumumy derejede derwaýys wezipeleriň, şol sanda ekologik meselelere degişli wezipeleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmakda Türkmenistanyň uly goşandyny nygtap, döwlet Baştutanymyza iş saparynyň hem-de “COP-28” maslahatyna gatnaşmagynyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Dubaýa çenli uçuşy amala aşyryp, Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gondy. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Ozal habar berlişi ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty Dubaýda şu ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabryna çenli geçirilýär. Bu iri forum dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekilleri, şol sanda döwletleriň we hökümetleriň, ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, bilermenleri, raýat jemgyýetiniň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, ýaşlary we beýlekileri birleşdirýär. “Dubai EXPO City” toplumynda geçirilýän “COP-28” maslahatynyň çäklerinde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek meselelerine bagyşlanan dürli çäreler guralar. Şunda ýokary derejedäki çäreler aýratyn ähmiýete eýedir. 1-2-nji dekabrda Dubaý Bütindünýä howa sammitini kabul edýär.

Ählumumy forumyň barşynda howa boýunça Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilişiniň jemleri jemlener, geljekki hereketleriň meýilnamasy kesgitlener. Dünýä bileleşigi öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin şol meýilnamadan ugur alyp biler. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, onuň netijelerini aradan aýyrmaga, ekologik we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, saglygy goraýşa, “ýaşyl” energetika, tebigy serişdeleri rejeli ulanmaga, galyndylary gaýtadan işlemäge degişli meseleler we beýlekiler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa ýaramaz täsir edýän zyňyndylary azaltmak möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Ählumumy metan borçnamasy bu wezipäni çözmäge ýardam etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, ekologik meseläniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady we durmuş ulgamyndaky ähli giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bu mesele bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekologiýa we tebigaty goramak babatdaky talaplaryň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzda iri düzümleýin we şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hem esasy şerti bolup durýar. Bu babatda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurlan täze “akylly” şäheri — Arkadag şäherini mysal getirmek bolar.

Ýurdumyz howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ählumumy tagallalary utgaşdyrmak boýunça halkara başlangyçlara we ylalaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, Pariž ylalaşygyny goldady hem-de ony 2016-njy ýylyň oktýabrynda tassyklady. Howa gün tertibi boýunça maksatlara ýetmek üçin Türkmenistan degişli kanunçylyk-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirýär. Soňky ýyllarda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa, 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2020-nji ýylda ýurdumyz BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan yglan edilen “Şäherlerdäki baglar” atly halkara maksatnama goşuldy. Şeýle hem Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistan Milli derejede kesgitlenen goşandyny (NDC) taýýarlady we ony tassyklady.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynda ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasy baradaky başlangyjy goldady. Şol günden bäri degişli maksadalaýyk işler geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara topar döredildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň 2023-2024-nji ýyllar üçin Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” tassyklanyldy.

Türkmenistan Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 24-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bolsa “COP-28” maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen, birnäçe degişli milli maksatnamalar kabul edildi. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryny, aýratyn-da, energetika, senagat we ulag pudaklaryna ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak hakynda barýar.

Mälim bolşy ýaly, metan atmosferada ähmiýeti boýunça üçünji parnik gazydyr. Ol kömürturşy gazyndan soňra, howanyň ählumumy maýlamagynyň ikinji çeşmesi bolup durýar. Metanyň atmosferada jemlenmeginiň artmagy howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagyna we parnik täsiriniň güýçlenmegine getirýär.

Howanyň üýtgemegi baradaky meseläniň halkara gün tertibinde möhüm orun eýeleýändiginden ugur alyp, Türkmenistan bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar we pes uglerodly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda tebigy gazdan wodorod öndürmegiň taslamalaryny amala aşyrmaga hem “ýaşyl” ykdysadyýetiň çäklerinde geljegi uly ugurlaryň hatarynda garalýar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň ekologik abadançylygy üpjün etmek wezipelerini çözmäge örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsidir. Munuň özi ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dubai EXPO City” toplumyna tarap ugrady. Bu innowasion şäherçäniň “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň geçirilen ýerinde gurlandygy bellärliklidir. Şol köpugurly gözden geçirilişde Türkmenistanyň pawilýony hem gurnaldy. Bu sergi Watanymyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleriniň, durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň, köptaraply halkara hyzmatdaşlyga ygrarlylygynyň, şeýle hem halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň sergi bölümi “EKSPO — 2020-ä” gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sergi bölüminde ekologik meseläniň hem aýdyň beýanyny tapandygyny bellemek gerek.

“Dubai EXPO City” toplumyna gelende, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş mähirli garşyladylar.

“COP-28” maslahatyna gatnaşyjylaryň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Bütindünýä howa sammitiniň açylyş dabarasy boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan gutlag sözünde belent mertebeli myhmanlara sammite gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Onuň gün tertibine tutuş adamzat üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan meseleler girizildi. BAE-niň Prezidenti “COP-28” maslahatynyň häzirki döwrüň esasy wehimleriniň birine garşy durmakda tagallalary birleşdirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirip, ählumumy howa meselelerini çözmäge niýetlenen täze gaznanyň döredilýändigini habar berdi.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş sammite gatnaşyjylara ýüzlendi. Ol dünýä bileleşigini howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça toparlaýyn hereketleri çaltlandyrmaga çagyrdy. Ýer ýüzüniň ähli döwletlerini we halklaryny tolgundyrýan howa meselesi bilen baglanyşykly kynçylyklary ýeňip geçmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde “COP-28” maslahatynyň wajypdygy nygtaldy.

Forumda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna we Hökümetine myhmansöýerlik, netijeli işlemek babatda döredilen mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan şu maslahata gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýar. BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyndan, soňraky iri forumlardan we Türkmenistanyň häzirki tagallalaryndan başlap, ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde dowamatlylygy, yzygiderliligi üpjün etmek bu strategiýada kesgitleýji orny eýeleýär.

2012-nji ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa ýurdumyzyň ählumumy howa gün tertibine doly derejede goşulyşmagynyň ýolunda başlangyç nokada öwrüldi. Türkmenistanyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy nobatdaky ädim boldy. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň täze redaksiýasy tassyklanyldy. Resminama inklýuziw häsiýete eýedir hem-de ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň ähli esasy pudaklarynyň täze talaplara uýgunlaşmagy boýunça çäreleriň giň sanawyny özünde jemleýär. Ýangyç-energetika toplumyna aýratyn üns berilýär. Bu toplumda ugurdaş nebit gazynyň gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak we tebigy gaz iberilende, onuň ýitgisini kemeltmek arkaly zyňyndylary azaltmak boýunça uly işler ýerine ýetirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýär. Şol iş bolsa howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge ýardam berer. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara ýurdumyzyň goşandy möhüm meseleleriň biri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldamak barada aýtdy we resminamany içgin öwrenmäge, ony durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny nazara almak bilen, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda ýurdumyz howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandyny (NDC) taýýarlady we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklady. Bu strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny, 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar.

Şu gün bu belent münberden Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan beýan edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz borçnamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etdirer.

Ýurdumyzyň Merkezi Aziýada howa meselelerini çözmek boýunça köp ýyllaryň dowamynda ilerledýän giň halkara hyzmatdaşlygy bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Şol sebit maksatnamalary bolsa howa tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň döwletlerine geçirmäge gönükdirilendir. Türkmen tarapy bu resminama Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini açmak baradaky meselä jikme-jik garamak üçin ilkinji ädim hem-de düýpli hukuk şerti hökmünde garaýar. Şeýlelikde, 80 milliona golaý ilatly, täsin tebigy serişdelere, biodürlülige eýe bolan, şol bir wagtyň özünde, düýpli ekologik wehimleriň zolagynda ýerleşýän sebit üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen merkezini döretmek baradaky ýurdumyzyň başlangyjy bu gün aýdyň mümkinçiliklere eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ählumumy howa başlangyçlarynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge doly ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan teklip edilýän Howa we saglyk boýunça Jarnamany goldaýar we Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek babatda saglygy goraýyş meselelerinde biziň umumy tagallalarymyzy, bitewüligimizi tassyklamak üçin Jarnamany goldamagy wajyp hasaplaýar.

Ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda howanyň üýtgemeginiň täsiriniň örän uludygyny nazara almak bilen, Türkmenistan Durnukly oba hojalygy, durnukly azyk ulgamlary we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny doly goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda milli Hökümetleriň we ýerli häkimiýetleriň arasynda utgaşykly hereketiň möhümdigini ykrar etmek bilen, Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin “СOP-28” koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy goldamaga taýýardyr.

Türkmenistanyň milli bähbitlerini nazara alyp, Emirlikler Jarnamasynyň maksatlaryna ýetmek üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen oba hojalygy, ekologiýa, energetika, maliýe, saglygy goraýyş ulgamlarynda sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we çykyşynyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylara üns berip diňländikleri üçin minnetdarlyk bildirip, hemmelere netijeli işlemegi arzuw etdi.

Plenar mejlislerde halkara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýan gün tertibiniň meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalaryň barşynda sammite gatnaşyjylar dünýäniň howpsuzlygynyň we sagdyn geljeginiň bähbidine wajyp wezipeleri çözmäge ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Şu gün “COP-28” maslahatynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä howa sammitine gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi. Çünki Ýer biziň umumy öýümizdir. Biz ony geljek nesiller üçin aýawly saklamalydyrys. Ýurdumyz örän wajyp wezipeleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermäge çalşyp, bilelikdäki ylalaşykly hereketleri pugtalandyrmaga anyk goşandyny goşýar. Tutuş adamzadyň geljegi bolsa şol hereketlere baglydyr.

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary dowam edýär.

***

Şu gün ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary “СOP-28” maslahatynyň çäklerinde geçirilýän we azyk üpjünçilik ulgamyny, daşky gurşawy goramagyň maliýeleşdirilmegini özgertmek, howa şertlerini nazara almak bilen, ekologik ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanan çärelere gatnaşdylar.

01.12.2023

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “COP-28” maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz we ÝUNEP-niň Ýerine ýetiriji direktory mähirli salamlaşyp, tebigaty goramak ulgamynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Dünýä bileleşigi bu meselelere uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklary tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan howanyň üýtgemegini durnukly ösüşe täsir edýän möhüm şert hökmünde görýär. Ýurdumyz howa boýunça Pariž ylalaşygyny işjeň goldap, ony 2016-njy ýylyň oktýabrynda tassyklady. Nygtalyşy ýaly, ekologik meseleleriň çözülmeginde ählumumy, sebit we milli derejede tagallalaryň birleşdirilmeginiň, döwletleriň her biriniň Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň hem-de hereketleriniň utgaşdyrylmagynyň zerurdygy göz öňünde tutulýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşjek howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmegi teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň bu ugurda bilelikde işlemek üçin binýat boljakdygyna ynam bildirildi.

Duşuşygyň dowamynda atmosfera metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselelerinde özara gatnaşyklar howanyň üýtgemegi ulgamyndaky halkara gün tertibiniň wajyp meseleleriniň hatarynda görkezildi. Şu günki maslahatda ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan borçnamadan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi göz öňünde tutýar.

Duşuşygyň barşynda Aral meselesine hem deglip geçildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda (AHHG) başlyklyk etdi. Şol döwürden bäri uly işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2018-nji hem-de 2019-njy ýyllarda “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalary kabul etdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň guramada başlyklyk eden döwründe Aral ýakasyndaky ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň maksatnamasynyň 4-nji tapgyrynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny döretmek meselesine degişli Kararnamany kabul etdi.

BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda amala aşyrýan işlerine, oňyn başlangyçlaryna hem-de bu ugurda ileri tutulýan ählumumy wezipeleri çözmäge goşýan goşandyna ýokary baha berdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklary ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

01.12.2023

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ GÜÝZKI MEJLISINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 18-20-nji noýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň güýzki mejlisine gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherine iş saparyny amala aşyrdy. 

Meýilnama laýyklykda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bu maslahatynda howpsuzlyk, hyzmatdaşlyk, demokratiýa bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri bilen bagly öňe süren halkara başlangyçlaryny beýan etdiler.

20.11.2023

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILIÝETI BELGIÝA PATYŞALYGYNA IŞ SAPARYNY AMALA ASYRDY

2023-nji ýylyň 13-15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Belgiýa Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. 

Meýilnama laýyklykda Mejlisiň wekilleri «Zenanlar parahatçylyk we howpsuzlyk» atly ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmekde we zenanlaryň ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda Ýewropa Bileleşiginiň degişli düzümleri bilen tejribe alyşmak maksady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň agzalarynyň maslahatyna gatnaşdylar.

Halkara maslahatyň dowamynda zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek we mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de olaryň parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekdäki ornuny ýokarlandyrmak boýunça maslahatlaşmalar geçirildi.

14.11.2023
1 2 3 4 5 6 7 ... 11