Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
02.08.2025

HALKARA HYZMATDAŞLYKDA TÄZE TAPGYR

 

     Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň «Awaza» milli syýahatçylyk  zolagynda  geçirilmegi Watanymyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. Bu forum hem-de onuň çäklerinde geçiriljek ugurdaş çäreler diňe bir ykdysady taýdan däl, syýasy we medeni taýdan hem ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň barha berkidilmegine ýardam eder. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahat bilen bagly degişli Kararnama kabul edildi. Dünýäniň 57 döwleti şol resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi. 4-nji iýulda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda gol çeken Karary bu halkara çäräni hemmetaraplaýyn guramaçylykly geçirmäge badalga berdi.

 

     Hal­ka­ra parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni möhüm ähmiýetli wakalara beslenýär. Bu şanly ýyl we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreler ýurdumyzyň çäklerinde we daşary ýurtlarda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Şolaryň üstüni ýetirjek möhüm çäreleriň biri hem 4 — 8-nji awgust aralygynda Hazar deň­ziniň türkmen kenarynda geçiriljek BMG-niň Awaza forumydyr. Soň­ky ýyllarda halkara gepleşikleriň özboluşly meýdançasyna  öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýeti barha artýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň sebitde we dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň durnukly mehanizmini döretmek boýunça başlangyçlaryna daýanýar.

     BMG bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň dowamynda guralmagy göz öňünde tutulýan çäreler jemi 7 sany ugry öz içine alýar. Olaryň ýokary derejede geçirilmegi üçin oňaýly şertler dörediler. Şonuň bilen birlikde, bu ýerde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça geçiriljek çäreler hem uly orun tutýar. Munuň özi döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiligine ýetirilmegine  uly ýardam berer. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda bu maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini hem bellemek gerek. 

     Dünýäde 32 sany deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwlet bar. Jemi 570 milliondan gowrak ilatly bu ýurtlaryň deňiz söwda ýollaryndan we esasy dünýä bazarlaryndan uzaklygy, ýokarlandyrylan ulag çykdajylary, serhetlerdäki logistika meseleleri hem-de goň­şy döwletleriň syýasy durnuklylygyna we söwda syýasatlaryna garaşlylygy olarda birnäçe durmuş-ykdysady kynçylyklary döredýär. Bu ýagdaý geografik çäklendirmeleri ýe­ňip geçmek üçin ýörite strategiýalary gözlemegi talap edýär. Forumyň çäklerinde tejribe alyşmak, hyzmatdaşlyk mehanizmlerini işläp düzmek ösüşiň täze basgançaklaryna ýol açar. Tejribeleriň paýlaşylmagy we özara goldaw ykdysady durnuklylygyň berkemegine, deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň dünýä ykdysady ulgamyna işjeň gatnaşmagyna mümkinçilik berer. 

     Ulag infrastrukturasyny yzygiderli berkidýän hem-de geografik taýdan örän amatly gi­ňişlikde ýerleşýän Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm logistik geçelgä öwrülýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamyny ösdürmek bilen bagly Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Olarda öňe sürülýän başlangyçlardyr teklipler bilelikdäki tagallalary dogry ugra gönükdirmekde hem-de deň­ze çykalgasy bolmadyk döwletleriň arasynda gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. 

     Birleşen Milletler Guramasynyň Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty şol ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün edýän strategik platformadyr. Maslahatyň barşynda deň­ze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň halkara söwda ulgamyna gatnaşmagyny ýeňilleşdirýän täze strategiýalaryň kabul edilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly halkara taslamalaryň öňe sürülmegi mümkindir. Ekologiýa, energetika hem-de sanly arabaglanyşyk ugurlary boýunça bilelikdäki başlangyçlaryň döredilmegi hem özara hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmaga ukyplydyr. 2022-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilmegi bu ugurda hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim bolupdy. Bu maslahat 40-a golaý döwletden we halkara guramalardan, maliýe, işewürlik we ylmy edaralardan ýokary derejeli wekilleri ýurdumyza jemläpdi. BMG-niň bu gezekki ýokary wekilçilikli forumyna hem-de onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çärelere deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

     Türkmenistanda şeýle abraýly maslahatyň geçirilmegi di­ňe bir geografik taýdan däl, syýasy we diplomatik taýdan hem uly ähmiýete eýe bolýar. Hususan-da, bu halkara çäräniň dowamynda parlamentara forumyň geçirilmegi juda ähmiýetlidir. Onda syýasy hyzmatdaşlygyň berkemegi üçin emele gelýän mümkinçilik, bilelikdäki kanunçylyk başlangyçlaryny döretmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde parlamentleriň ornuny güýçlendirmek, parlamentara hyzmatdaşlygy sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň täze ugruna öwürmek, ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna goldaw bermek barada gürrüň ediler, kanun çykaryjylyk işi babatda tejribe alşylar, halklaryň pikir-garaýyşlary parlamentariler tarapyndan foruma gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetiriler. Parlamentara forum deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň parlament agzalaryna özara göni gepleşik geçirmek, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşmak we hyzmatdaşlygyň syýasy binýadyny pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat eder. Şeýle forumlar ýurtlaryň arasynda syýasy ynamy döretmäge we pugtalandyrmaga ýardam edýär. Bu bolsa daşary syýasat işiniň has-da gi­ňemegine we işjeň­leşmegine mümkinçilik berýär.

     Her bir ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi parlamentiň kabul edýän kanunlaryna baglydyr. Parlamentara forum dürli ýurtlaryň kanun çykaryjylaryna öz tejribelerini paýlaşmaga, öň­debaryjy tejribelerden ugur almaga we kanun çykaryjylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge oňyn şertleri döreder. Mysal üçin, deň­ze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň logistika, gümrük, ulag, energetika ýa-da söwda bilen baglanyşykly kanunlary nähili düzendikleri barada pikir we tejribe alyşmak peýdalydyr. Bu beýleki ýurtlara hem öz tejribelerini kämilleşdirmäge ýardam berer. 

     Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar, köplenç halatda, birmeň­zeş  kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ulag infrastrukturasynyň çäkliligi, ykdysady taýdan özbaşdaklygyň pesligi, importa we eksporta garaşlylyk şol kynçylyklaryň käbirleridir. Parlament forumy bu meseleleriň çözgüdine gönükdirilen bilelikdäki kanunçylyk başlangyçlaryny döretmekde giň mümkinçilik döreder. Şeýle başlangyçlaryň sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem ýardam etmegine garaşylýar. 

     Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde kanun çykaryjy edaralara möhüm orun degişlidir. Forumda ýurtlaryň bu ugurda görýän çäreleri, kabul eden kanunlary, degişli strategiýalary ara alnyp maslahatlaşylar. Bu pikir alyşmalar ýurtlaryň ösüşiniň di­ňe ykdysady däl, eýsem, durmuş we ekologiýa taýdan hem durnukly bolmagyna goşant goşar. 

     Parlamentara forumlar döwletleriň sebitleýin hyzmatdaşlygyny çuň­laşdyrmaga mümkinçilik berýär. Parlament diplomatiýasy ulag geçelgeleri, söwda şertnamalary ýaly möhüm meseleler boýunça bilelikde hereket etmäge ýol açýar. Türkmen deputatlarynyň daşary ýurtlaryň parlament agzalary bilen göni gatnaşyklary ösdürmegi, halkara meseleler boýunça pikir alyşmagy ýurdumyzyň halkara jemgyýetçilikdäki ornuny berkidýär. Şeýle çäreleriň geçirilmegi döwletimiziň hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär, daşary ýurtly maýadarlaryň we hyzmatdaşlaryň ünsüni özüne çekýär. Parlament agzalary halkyň saýlawly wekilleri hökmünde çykyş edýärler. Şeýle forumlarda çykyş edýän her bir parlament agzasy öz ýurdunyň halkynyň bähbitlerini goraýar, isleg-arzuwlaryny beýan edýär. Şonuň üçin BMG-niň Awaza forumy, onuň çäklerinde geçiriljek halkara çäreler di­ňe bir açyk, erkin we deň­hukukly dialog meýdançasy bolman, eýsem, öňdebaryjy başlangyçlaryň, oňyn çözgütleriň we netijeli hyzmatdaşlygyň hem döreýän möhüm syýasy platformasyna öwrüler.

      Dünýä ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç bolsun! 

 

Gahryman ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary.