Her ýylyň 18-nji maýynda uly baýramyňTürkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň giňden we dabaraly bellenip geçilmegi aýratyn ähmiýete eýe. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30ýyllygy halkara derejede bellenilýän 2025-nji ýylda bu şanly sene has üýtgeşik taryhy öwüşgine eýe bolýar. Konstitusiýada we baýdakda milletimiziň mertebesi, sarpasy, buýsanjy, döwletimiziň kuwwaty, taryhy, şu güni hem-de geljegi şöhlelenýär. Olarda şöhratly ata-babalarymyzyň özbaşdak, erkin we abadan döwlet gurmak baradaky arzuwlary, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşy jemlenýär. Biz Esasy Kanunymyzyň we mukaddes baýdagymyzyň ähli halk baýramyny bellemek bilen, ata-babalarymyzyň paýhasly wesýetlerine öz hormatymyzy beýan edýäris. Ol wesýetler, ilkinji nobatda, ata Watanymyzy söýmekden, oňa wepaly gulluk etmekden we parahat, agzybir ýaşamakdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň mukaddes gymmatlyklarynyň biri bolan Konstitusiýamyzyň ähmiýeti barada: «Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň hem-de berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar» diýip, jaýdar belleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bolsa: «Adyllygyň, halallygyň, ynsanperwerligiň güwäsi bolan Oguz begleriniň tuglary, Seljuk soltanlarynyň sanjaklary türkmen halkynyň döwlet nyşanlaryny döreden dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolandygyna şaýatlyk edýär» diýmek bilen, Döwlet baýdagymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyny nygtaýar. Munuň özi döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň binýadyna öwrülen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň döwrümiziň ýokary döredijilik ruhuny, milli döwletlilik ýörelgelerimizi şöhlelendirýändigini, ýurdumyzyň okgunly ösüşini, nesilleriň taryhy arabaglanyşygyny alamatlandyrýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmagy maksat edinip, her bir adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetde raýatlyk asudalygyny, milli agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny, dünýäde dost-doganlygy, halkara parahatçylygy berkarar etmäge gönükdirilen esasy kanun bolup hyzmat edýär.
Häzirki zaman syýasy-jemgyýetçilik gatnaşyklarynda döwletleriň we halklaryň gadymy taryhyndan hem-de ýörelgelerinden ruhlanyp döredilen milli nyşanlara aýratyn orun degişlidir. Özüniň baý geçmişi, ynsanperwerlige ýugrulan parahatçylyk söýüjilikli içeri hem-de daşary syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan döwletimiziň şöhratly taryhymyzy alamatlandyrýan nyşanlarynyň degişli hukuk kadalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilendigi bellärliklidir.
Esasy Kanunymyzyň 22-nji maddasynda beýan edilişi ýaly: «Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr. Döwlet nyşanlarynyň ýazgysy we olary peýdalanmagyň tertibi kanun bilen kesgitlenýär». Döwlet nyşanlaryny ulanmak we olara sarpa
goýmak halkara hukuk kadalarynda hem tertipleşdirilýär. Konsullyk gatnaşyklary hakynda 1963-nji ýylda kabul edilen Wena Konwensiýasynyň 29-njy maddasynyň 1-nji we 2-nji bentlerinde milli baýdagy we tugrany germek hem-de asmak babatynda akkreditleýän ýurduň we konsullyk edarasynyň ýerleşýän ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklar düzgünleşdirilýär. Diplomatik gatnaşyklar hakyndaky 1961-nji ýylyň Wena Konwensiýasynyň 20-nji maddasynda akkreditleýän döwletiň milli baýdagyny ilçihananyň bolýan ýurdunda ulanmak meselesi düzgünleşdirilýär. Şundan görnüşi ýaly, milli hem-de halkara hukuk kadalarynda beýanyny tapýan döwlet baýdagy halklaryň birek-birege bolan hormatynyň, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarynyň hem esasynda durýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Döwlet baýdagymyzyň ähmiýetini, syýasy, medeni gymmatyny hem-de onuň mukaddesligini ýaş nesillere düşündirmek wajyp wezipeleriň biridir. Baýdak Zeminde millet hökmünde tanalmagymyzy şertlendirýän milli buýsanjymyzdyr, mertebämizdir. Bütin dünýäde belentde we buýsançly parlaýan türkmen baýdagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyny äşgär edýär. Baýdagyň belentligi ýurduň belentligidir. Oňa söýgimiz Watana söýgimizdir. Ol türkmen halkynyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky amala aşan iň beýik arzuwynyň nyşanydyr.
Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň şanyna tutulýan toýlar halkymyzyň gadymyýetden biziň günlerimize çenli gelip ýeten asylly däpleriniň, milli ýörelgeleriniň dowamatydyr. Toýlary goşa-goşadan tutulýan türkmen halkynyň ýokary döredijilik ruhy, milli döwletlilik ýörelgeleri bu baýramçylykda mynasyp beýanyny tapýar. Konstitusiýa biziň milli döwletliligimiziň, jemgyýetçilik gatnaşyklarymyzyň beýany bolsa, baýdak halkymyzyň tutuş dünýäde ykrar edilmeginiň aýdyň güwäsidir. Baýdak milli buýsançdyr. Baýdak dowamatdyr. Baýdak ygrarlylykdyr. Baýdak mertebedir. Bu iki gymmatlyk halkymyzyň bir bitewi gymmatlyga, ýagny agzybirlige eýermeginiň gözbaşy hökmünde çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, agzybir halkymyzyň halal hem yhlasly zähmeti bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň barha rowaçlanýandygyna şaýat bolýarys. Mälim bolşy ýaly, agzybirlik, jebislik we bitewülik ýörelgesi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.
Täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň Konstitusiýasy berkarar döwletimiziň mizemez ýörelgeleri bolan Garaşsyzlygy, Bitaraplygy, milli jebisligi we demokratiýany özünde jemläp, ýurduň hem-de halkyň hemmetaraplaýyn ösüşlerini şertlendirdi. Başymyzyň täjine, gözümiziň görejine deňelýän ýaşyl baýdagymyz beýikligiň we mukaddesligiň täze derejesine göterildi. Milletimiziň kalby deý nurana, tebigatymyz kimin owadan Döwlet baýdagymyzyň bu gün halklary dostluga, hoşniýetlilige çagyrýandygy biziň her birimizi buýsandyrýar. Ol
watançylyk terbiýesiniň hem aýrylmaz bölegi bolup, Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň mukaddes gymmatlyklardygyny dabaralandyrýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, welaýat merkezlerindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky belent sütünli Baýdak meýdançalary aýdyň maksatlara tarap barýan ýolda halkymyzy mäkäm jebisleşdirmek bilen, buýsanç çeşmesi bolup çykyş edýär.
Bu günki günde tugumyzyň halkara giňişlikde belentden parlamagy ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň nyşanydyr. Nesilleriň oňa bolan söýgüsi, Watana, ýurda, halka bolan söýgüsiniň hem aňlatmasydyr. Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň giňden we dabaraly ýagdaýda bellenip geçilmegi möhüm wakadyr. Ýeri gelende aýtsak, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi döwlet Baştutanymyzyň täzeçil başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzda ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär. Munuň özi Garaşsyz Watanymyza, Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza buýsanmak üçin hem ýene-de bir uly esasdyr. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy halkara derejede bellenilýän 2025-nji ýylda bu şanly sene bütin dünýäde parahatçylygy döretmäge çagyrýan berkarar döwletimiziň döwletlilik binýadynyň baýramydyr.
Goý, biziň Döwlet baýdagymyz hemişe üstünliklerimize, rowaçlyklarymyza ýaran bolup, buýsançly parlasyn! Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni gutly bolsun!
Gahryman ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň
Başlygynyň orunbasary.