The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

DÖWRÜMIZIŇ RUHUNDA ÖSÜŞLERIŇ BADY BAR

 

Hormatly Prezidentimiz geçen hepdede şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýän meseleler bilen bir hatarda geljekde milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmeklige, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga aýratyn üns berilmelidigini aýtdy.

 Şuňa laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli ulgamlarynda we pudaklarynda ýylymyzyň şygarynyň mazmunyna muwapyk, döwrümiziň döredijilik ruhuna mynasyp işler amala aşyrylýar. Binýady berkden tutulan tutumlar, başyna barlan asylly işler we ýetilen belent sepgitler giň gerimliligi bilen göwünleri galkyndyrýar. Muňa anyk mysal hökmünde: şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde gurlup, ulanylmaga berlen köp sanly ýaşaýyş jaýlarynyň, Lebap sement zawodynyň, «Şir ýag» haryt nyşanly mineral we sintetiki ýaglary öndürýän hususy kärhananyň, şeýle-de ähli amatlylyklary özünde jemleýän 300 orunlyk metjidiň eçilýän eşret-höziri häzirki günlerde ildeşlerimiziň bagtyýarlygyna bagtyýarlyk gatýar, galkynyşdan ganatlanan döwrümiziň ösüşine ösüş goşýar. Häzirki günlerde welaýat merkezimizde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de 100-den gowragynyň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylmagy bolsa ykdysady taýdan kuwwatly ýurdumyzyň gurujylyk güýji bilen birlikde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hem barha ýokarlanýandygyny alamatlandyrýar. 

Milli Liderimiziň düýbüni mäkäm tutan döwletli ýörelgeleri esasynda hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, maliýe ulgamyny düýpli özgertmek boýunça makro ykdysady syýasaty ähli döwlet maksatnamalaryny doly durmuşa geçirmäge hem-de olaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. 

Ykdysadyýetiň ösüşine oba ýerleriniň ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeler hem öz täsirini ýetirýär. Bu bolsa ýurdumyzyň önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalarynyň gurluşygyna ummasyz köp möçberde pul serişdelerini goýbermäge göwnejaý şert döredýär. Milli ykdysadyýetimiz innowasion usullaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde täze belentliklere galýar. Abadan ýurdumyz çalt ösýär, onuň belent sepgitleri nazarlaýan bady durmuşymyzyň, bagtyýarlygymyzyň ygtybarly hem egsilmez çeşmesidir. 

Hormatly Prezidentimiziň dana tabşyryklary, kabul edýän kararlary alys geljegi nazarlaýar, döwletimiziň berkararlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün edýär. Täze taryhy eýýamymyzda gurmak gudratyny sungat derejesine ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli ajaýyp çözgütleri bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşda, abadançylykda ýaşamagy barada taýsyz tagallalary edýän milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, amala aşyrýan beýik işleriniň hemişe ileri bolmagyny arzuw edýäris. 

 

Merdan DOSMEDOW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

09.05.2024 Details

MERDANA PEDERLERIMIZE TAGZYM

 

Ata Wa­ta­ny­myz­da 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň 79 ýyl­ly­gy bel­lenil­ýär. Ýur­du­myz­da bu ur­şa gatna­şan we­te­ran­la­ra, sö­weş­de we­pat bo­lan es­ger­le­riň ýan­ýol­daş­la­ry­na, tyl­da zäh­met çe­ken­le­re uly sar­pa go­ýul­ýar. Halk gah­ry­man­la­ry döwletimiz ta­ra­pyn­dan hemme­ta­rap­la­ýyn üns-ala­da bi­len gur­şal­ýar. Wete­ran­la­ryň sag­ly­gy, ola­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň gowulandyrylma­gy bi­len bag­ly me­se­le­ler döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ýar. 

9-njy maý — ähmiýetli we mukaddes baýramlaryň biri. Taryha ýüzlenenimizde, XX asyryň kyrkynjy ýyllarynyň gazaply wakalaryna çuňňur aralaşýarys. Şol wakalary gören adamlar bolsa barha azalyp barýar. Ýöne ýowuz uruş baradaky ýatlamalar unudylmaýar. Şol ýyllarda urşa gatnaşan ildeşlerimiz agyr synaglara döz gelip, Beýik Ýeňiş üçin batyrgaý söweşdiler, tylda zähmet çekenler bolsa uly edermenlik görkezdiler. Müňlerçe türkmen esgerleri doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde edermenligi, gaýduwsyzlygy hemra edinip, janlaryny gaýgyrman söweşdiler. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň garry atasy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň bolandygyny bellemeli. Onuň ömür ýoly türkmen ýaşlary üçin watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, belent borja wepalylygyň nusgasyna öwrüldi. 

Adamzadyň taryhynda gazaply uruşlaryň biri bolan 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin watandaşlarymyzyň müňlerçesi orden-medallar bilen sylaglanyldy. Türkmenistanly esgerleriň ýüzden gowragy bolsa «Gahryman» diýen belent ada mynasyp boldy. Watanymyzyň azatlygyny, abadançylygyny goramak ugrunda edermenlik görkezen pederlerimiziň şöhraty baradaky ýatlamalar halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy we olaryň atlary «Hatyra», «Şöhrat» atly neşirlerde ebedileşdirildi. 

Ýeňiş güni — ynsanyýetiň parahatçylyk söýüjilik, dostluk baradaky duýgy-düşünjelerini has-da rowaçlandyrýan, ýaş nesillerde watansöýüjiligiň belent nusgasyny terbiýeleýän senedir. Watansöýüjilik, gahrymanlara goýulýan uly sarpa bolsa bu günki gün türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. 

Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, ähli şäherdir obalarymyzda milli gahrymanlaryň hatyrasyna dikeldilen ýadygärliklerde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Watanymyzyň edermen gerçeklerine hormatyň nyşany hökmünde gül desseleri goýulýar. Biz şol gün ähli doganlyk halklar bilen birlikde urşuň agyr synaglaryna mertlik bilen döz gelen Watan gerçeklerimizi ýatlaýarys. Şu mynasybetli watansöýüjiligi hem-de gaýduwsyzlygy terbiýeleýän medeni-jemgyýetçilik çäreler, beýik işlere ruhlandyrýan dabaralar geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli, uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Munuň özi uruş weteranlaryna goýulýan belent sarpadan nyşandyr. 

Biziň gadymy köklerimiz, milli mirasymyz täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň bagtyýar geljegini gurmagyň ygtybarly binýadydyr. Dünýä taryhynda adamzada iň uly ýitgi getiren Beýik Watançylyk urşunyň gazaply söweşlerine gatnaşan milli gahrymanlar baradaky hakyda we olary sarpalamak ýaly asylly işler jemgyýetimiziň mizemez ýörelgelerine öwrüldi. Merdana pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

 

Sahyberdi JEPBAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.

07.05.2024 Details

ENELIGIŇ WE ÇAGALYGYŇ GORAGLYLYGY— ýagty ertirleriň aladasy

 

Maşgalanyň we eneligiň goldanylmagy, sagdyn nesliň kemala getirilmegi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň goralmagy jemgyýetiň ösüş derejesiniň möhüm görkezijilerini kesgitleýär. Sagdyn, bagtly enelik we çagalyk, maşgalanyň durmuş taýdan goraglylygy babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty döwrüň ösen talaplaryny nazarlaýar. Munuň özi her bir ojakda maşgala gatnaşyklarynyň has-da berkemegine täsir edip, hut şu gymmatlyklaryň sarpalanmagy bilen, berk binýatly geljegi gurmagyň ähmiýetiniň aýratyn ünsde saklanýandygyny görkezýär. Çünki maşgalalaryň abadançylygy bilen jemgyýetiň jebisligi, halkyň döwletliligi pugtalandyrylýar. Şol bir wagtda, bu umumymilli gymmatlyklar esasynda Watanyň daýanjy bolan ýaşlaryň belent ahlak sypatlary-da kemala gelýär. 

Şu ýylyň fewralynda Milli Liderimiziň başlyklygynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirilip, onda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi. Olaryň hatarynda durmuş syýasaty ulgamynda iş üpjünçiligini we zähmet gatnaşyklaryny döwrebap kadalaşdyrmak, maşgalany, eneligi we çagalygy goramak, ýaşlary goldamak, saglygy goraýyş ýaly meselelere degişli kanunçylyk seljerilip, zerur işler bellenildi. 

Täze taryhy döwürde howandarlyga mätäçlere hemaýat bermek işini has ösdürmek, her bir adamyň, ylaýta-da, çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatdaky tagallalar ynsanperwerligiň belent nusgasyny, durmuş syýasatynyň ýokary netijeliligini tassyklaýar. ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna lukmançylyk hyzmatlarynyň hödürlenendigi we nesilleriň ýagty geljege umydyny pugtalandyrmaga goşandy üçin güwänamanyň gowşurylmagy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen bu merkeziň netijeli işine halkara derejede ýokary baha berilýändigini alamatlandyrdy. Mälim bolşy ýaly, bu gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara geçirilen operatiw bejergiler, edilen saglygy goraýyş hyzmatlary durmuş syýasatynyň oýlanyşykly alnyp barylýandygyny görkezýär. Howandarlyga mätäçlere berilýän ýardamyň mugt görnüşde amala aşyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny, sazlaşykly ösüşini hem şöhlelendirýär. 

Islendik döwletiň tejribesini seljersek, durmuş-ykdysady ösüşinde ýokary görkezijileri gazanmagynyň şertlerinde, ilkinji nobatda, ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň kepillikleriniň, jemgyýetde kömege mätäç toparlara durmuş taýdan berilýän goldawyň zerurdygy ýüze çykýar. Has takygy, ýurtda eneligiň we çagalygyň, maşgalanyň goraglylygyny, durmuş üpjünçiligini, saglygyny, mynasyp zähmet çekmäge we dynç almaga hukugyny üpjün etmek wajyp wezipeleriň hatarynda goýulýar. Hormatly Prezidentimiz milli döwletliligiň berkarar bolmagynda maşgala gymmatlyklarynyň sarpalanmagyna aýratyn üns berýär. Hut şu maksatlardan ugur alnyp, bagtyýar, ynsanperwer, milletiň ruhy-ahlak ýörelgelerine ygrarly, zähmetsöýer nesilleri ýetişdirýändigi üçin sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylýar. Häzirki wagtda çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi her bir çaga onuň üç ýaşy dolýança binýatlyk ululygynyň 75 göterimi möçberinde bellenilýär. 

Döwlet Baştutanymyz çykyşlarynda maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmekde, onuň hukuk binýadyny berkitmekde halkara tejribä aýratyn ähmiýet berýär. Hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, kabul edilýän döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan işleri wagtynda durmuşa geçirmek amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmakda esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Şu nukdaýnazardan, maşgala gatnaşyklary babatdaky kanunçylyk namalary yzygiderli berkidilýär. 

Maşgala kodeksine girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar çagalygyň goralmagy, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň umumadamzat gymmatlyklary ruhunda kemala gelmegi üçin şertleriň hukuk kepilliklerini döredýär. Kodeksiň 3-nji maddasynda eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmeginiň, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmeginiň bu kanunçylygyň maksady bolup durýandygynyň bellenmegi maşgalanyň hukuk gatnaşyklarynyň kanun arkaly kepillendirilýändigini aňladýar. 

Jemgyýetçilik gatnaşyklarynda hukugyň ykrar edilen ýerinde, elbetde, borjuň hem ýüze çykýandygyny bilýäris. Çagany ekläp-saklamak, edep-terbiýeli, bilimli-hünärli edip ýetişdirmek, öýli-işikli etmek ýaly jemgyýet tarapyndan ykrar edilen kadalar milletimiziň ata-baba dowam etdirilip gelinýän asylly ýörelgesine esaslanýar. Her bir ata-ene öňden ýörelgä öwrülen milli gymmatlyklary çelgi edinip, perzendini jemgyýetçilik ýaşaýşyna ýaramly, ukyply şahsyýet edip ýetişdirmegi bilen bagly jogapkärli wezipäni ýerine ýetirýär. Çagalara mertlik, edeplilik, watansöýüjilik ýaly türkmeniň ganyna siňen belent adamkärçilik sypatlary, ilki bilen, maşgalada öwredilýär. 

Döwlet aladalarynyň her biri ýaş nesilleriň geljegini, maşgalalaryň abadançylygyny, eziz Diýarymyzyň ösüşleriniň täze belentliklerini nazarlaýar. Munuň şeýledigine mähriban enelerimiziň alkyşlaryndan we zenanlaryň buýsanjyndan joşgun alyp, bagtyýarlyk aýdymy bolup ýaňlanýan hüwdülere diň salanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.

 

07.05.2024 Details

ŞYGYRLARY BAGŞYNYŇ AÝDYMLARYNDA

 

Akyl­dar­ şa­hy­ry­myz­ Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­ny­ öw­re­ni­ji­ alym­lar,­ mirasgär­ler,­ ýa­zy­jy­lar,­ heý­kel­ta­raş­lar,­ su­rat­keş­ler,­ bag­şy-sa­zan­da­lar... söz­ us­sady­nyň ­di­ňe ­özü­ni­ däl,­ eý­sem,­ dö­re­di­ji­li­gi­ni hem­ dün­ýä tanatdylar. ­Mu­ňa­ Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň­ Ber­di­ Ker­ba­ba­ýew tarapyndan re­dak­tir­le­nen­ il­kin­ji­ goş­gu­lar­ ýy­gyn­dy­sy,­ Türk­me­nis­ta­nyň halk­ ar­tis­ti­ Nu­ry ­Hal­mämme­do­wyň­ akyl­da­ryň­ «Pu­ka­ra­ýam»­ at­ly goşgusy­na ­dö­re­den ­ro­man­sy,­Türk­me­nista­nyň ­halk ­ar­tis­ti­ Al­ty Garlyýewiň­ su­ra­ta dü­şü­ren­ «Mag­tymgu­ly»­ at­ly­ çe­per ­fil­mi,­ ha­ly­pa­ ýazyjy­myz Ber­di­ Ker­ba­ba­ýe­wiň goş­gy­ bi­len­ ýa­zan­ «Mag­tym­gu­ly»­ at­ly dra­ma­sy­nyň­ Türkme­nis­ta­nyň­ halk­ artis­ti­ Aman­ Gul­mämme­dow­ tarapyndan il­kin­ji­ ge­zek ­sah­na­laş­dy­ryl­ma­gy,­Türk­menis­ta­nyň­ halk­ ar­tis­ti­ We­li­ Mu­ha­do­wyň ­il­kin­ji bo­lup,­ «Mag­tym­gu­ly­nyň­ ýa­dy­gär­li­gi­ne»­ at­ly­ sim­fo­ni­ýa­sy­nyň­ dö­re­dil­me­gi­ my­sal bo­lup ­bi­ler.­ Py­ra­gy­nyň ­şygyrlaryny sa­za sa­lyp, ­il-gü­nü­mi­ze­ ýaý­mak­da ­go­şant­ goşan­ us­sat­la­ryň ­bi­ri­ hem Türk­me­nis­ta­nyň halk ­ar­tis­ti,­ Mag­tym­gu­ly­ adyn­da­ky­ hal­ka­ra baý­ra­gy­nyň ­eýe­si­ Sa­hy­ Jep­ba­row­dyr. 

Gar­ry atam ­Sa­hy­ Jep­ba­row­ Ahal ­bagşy­çy­lyk ­ýolunda ­il­kin­ji­le­riň bi­ri ­bo­lup, ­halk aý­dym­la­ry­my­zyň­ dü­zü­mi­ne­ tä­ze­lik­le­ri gi­ri­zipdir.­ Ozallar­ di­ňe­ saz­ hök­mün­de çal­nyp­ gel­nen­ «Gy­zy­lin­jik»,­ «Gy­zyl­ börük»,­ «Şi­rin-şe­ker»,­ «Ýu­sup ­ow­gan»­ ýa­ly du­tar ­saz­la­ry­nyň­ he­ňi­ne ­bag­şy «Oýan»,­ «Düş­di­ na­za­rym»,­ «Ogul­bi­ke»,­ «Bu ­gün»­ ýa­ly­ uly meş­hur­lyk­ ga­za­nan­ aý­dym­la­ry dö­re­dip­dir.­ Şeý­le­lik­de,­ tä­ze ­bir­ ym­ty­ly­şa ga­dam­ basan­ Sa­hy­ Jep­ba­row­ ha­ly­pa şa­hyr­la­ryň­ goş­gu­la­ry­na ­aý­dym­la­ry ­dö­redip ­baş­lap­dyr.­ Be­ýik ­Mag­tym­gu­ly­nyň ­şygyr­la­ry ­ja­dy­ly sa­zyň syr­ly­ mukamla­ryn­da he­ňe­ gel­mek­ bi­len,­ Sa­hy­ Jep­ba­ro­wyň ýe­ri­ne­ ýetirmeginde aý­dym ­bo­lup­ dö­räpdir. ­«Ýu­sup­ ow­gan»,­ «Tap­ma­dym»,­ «Ýarahym»,­ «Ýan­dym»,­ «Ky­ýa­mat ­per­de­si»,­ «Sa­par­mäm­met»,­ «Pe­lek­ öm­rüm »,­ «Ýow­ bag­şy»,­ «Ha­tyr­jeň»,­ «Now­gül»­ ýa­ly­ on­lar­ça­ halk­ sazlary­nyň­ gym­ma­ty has-da­ ar­typ­dyr. ­Oňa ­Sa­hy­ Jep­ba­row ­tara­pyn­dan akyl­dar­ şa­hyr­ Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­den­ aja­ýyp ­şy­gyr­la­ry­nyň­ şol ­saz­la­ra sal­nyp ­aý­dym ­edil­me­gi ­se­bäp ­bo­lup­dyr.­ Mu­ňa­ «Bu ­gün»,­«Är­ ýa­nyn­da bel­li­dir», ­ «Gö­zel­sen», ­«Gö­rü­ner»,­ «Py­gan­ eg­lenmez»,­ «Yk­bal­ bolmady»,­ «Daş­ dö­ker»,­ «Jem­ bo­lup» ­ýa­ly­ en­çe­me ­goş­gu­lar­ de­lil bo­lup bi­ler. 

 

Sahyberdi JAFAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.

02.05.2024 Details

ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE

 

Häzirki zaman dünýäsiniň gün tertibinde parahatçylygy üpjün etmek ählumumy mesele bolup, döwletleriň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygynda özara düşünişmek arkaly tagallalaryny birleşdirmeklerini talap edýär. Şunda halklaryň bitewüligini ynsanperwer gatnaşyklar, parahatçylyk söýüjilik medeniýeti hasyl edýär. 

Zandynda dünýä halklary bilen ylalaşykly ýaşamak, özgelere hoşniýetli garamak ýaly häsiýetler jemlenen halkymyz birek-birege ynanyşmak, gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar, ýagny gepleşikler arkaly çözmek ýörelgesine ygrarly bolmagynda galýar. Şonuň üçin-de ata-babalarymyz parahatçylygy gazanmak medeniýetiniň mazmunyny kämilleşdirip, türkmen Bitaraplygynyň berk binýadyny emele getiripdirler. Islendik çylşyrymly meselede türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk söýüjiligi çelgi edinen maksatlarynyň syýasy jedellerde, düşünişmezliklerde, döwletleriň birek-birege garşy ulanýan hukuk taýdan gadaganlyklaryndan ýa-da ýaragly güýçlerinden rüstemdigi, onuň parasada, adamzadyň abadançylygyna gulluk etmäge daýanýandygy biziň günlerimizde hem nusgalyk mysala öwrüldi. 

Ministrler Kabinetiniň 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylýandygy hakynda Kararnamanyň kabul edilendigi barada hoş habar aýdyldy. Kararnamanyň kabul edilmegi dialog arkaly parahatçylygy berkitmegi nobatdaky gezek öňe sürýän Türkmenistanyň başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan ykrar edilýändigini ýene bir ýola äşgär etdi. Täze taryhy eýýamda türkmen Bitaraplygynyň nusgasynda parahatçylygyň kepili, ynanyşmagy berkitmegiň, ählumumy çylşyrymly meselelerde ylalaşygy gazanmagyň guraly hökmünde işjeň we netijeli dialogy alyp barmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurtlaryň özbaşdaklygyny, adam hukuklaryny hormatlamak, durnukly ösüşi goldamak ýaly gymmatlyklarydyr maksatlary ilerletmekde-de möhüm orny eýeleýär. 

Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, döwletiniň syýasy gurluşyna, ilatynyň sanyna, ykdysady mümkinçiliklerine garamazdan, adamzadyň öňünde durýan wezipeleri çözmäge Milletler Bileleşiginiň agzalary deň derejede gatnaşýarlar. Şunda senagat önümlerini öndürmegiň çaltlandyrylan usullarynyň ýüze çykarylmagy, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, tygşytlylyk hem-de ekologiýa abadançylygy, ynsan saglygy ýaly dünýäde barha giň gerim alyp, goldaw tapýan ugurlarda tagallalaryň birleşdirilmegi bagtyýar ýaşaýşy nazarlaýar. Bu geoykdysady we geosyýasy gatnaşyklarda ýurtlaryň arasynda öňe sürlen dürli garaýyşlaryň, bähbitleriň umumylygyny gazanmakda türkmen Bitaraplygy jedelleriň gepleşikler, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine itergi bermäge ukyplydyr. 

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoly bolup, ol dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýar. Döwletimiz köpugurly diplomatiýanyň netijeli gurallaryny ulanmak arkaly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi ýaly meseleler boýunça hyzmatdaşlyga netijeli goşandyny goşýar. Munuň şeýledigini geçen ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen, halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan Kararnamalar hem aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň teklibi boýunça 2020-nji ýylyň sentýabrynda Milletler Bileleşiginiň meýdançasynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredilip, oňa goşulýan döwletleriň sanynyň ýyl saýyn artmagy ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň giňden goldaýandygynyň nyşanydyr. 

Geçen ýylyň 19-njy sentýabrynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren, sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlary türkmen Bitaraplygynyň mümkinçilikleriniň giňdigini aýdyň ýüze çykardy. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň belent münberinde çykyş edip, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi. Şonuň ýaly-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Merkezi Aziýa — BMG» ugry boýunça inklýuziw, doly görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigini, Türkmenistanyň hyzmatdaşlaryny oňa girişmäge hormat bilen çagyrýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky başlangyç beýan edildi. Maslahatyň maksady sebit ýurtlarynyň hem-de dünýä bileleşiginiň, halkara guramalaryň, dünýäniň iri maýadarlarynyň, kompaniýalarynyň bähbitlerini utgaşdyrmakdan, sebiti durnukly ösdürmegi üpjün etmekden we döwrüň ählumumy meselelerine gönükdirilen çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ilkinji maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygy beýan edildi. 

Ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ugrunda ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlardyr çagyryşlaryň halkyň ýaşaýyş-durmuşyny özgertmek bilen birlikde, sebitiň, dünýä döwletleriniň durmuşyna-da oňyn täsir edýändigi aýdyň hakykatdyr. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.

02.05.2024 Details

BILIM BINÝADY BERKEÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwretmek ugrunda bagtyýar çagalarymyza döwrebap ylym-bilim bermekde degerli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde bagtyýar nesillerimize dünýä ölçeginde ylym-bilim, asylly terbiýe bermek üçin ähli şertler döredilýär. Hut şu maksat bilen biz — mugallymlar bilim ulgamynda ajaýyp zamanamyzyň bezegi bolan ýaş nesliň erkana ösmegi, olaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagy, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, kämil nesiller bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen janaýamazakly zähmet çekýäris. 

Ajap eýýamymyzda mekdebimiziň agzybir mugallymlary bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geljegimiz bolan bagtyýar çagalar üçin edýän bimöçber aladalaryny, öwüt-ündewlerini, sargytlaryny ýaş nesle giňden düşündirýäris. Mugallymlar we okuwçylar üçin döredilýän ajaýyp şertlere jogap edip, biz ýaş nesle bilim-terbiýe berlişini ýokary derejä çykarmak ugrunda yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekýäris. Bu ugurda bizde öz işine berlen, kämil mugallymlaryň ençemesi bar. Olaryň birleşen tagallasy bilen mekdebimiz ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermekde göreldeli mekdep hökmünde tanalýar. 

 

Aýjemal ALLANOWA. 

                                                                                                              Murgap etrabyndaky 28-nji 

                                                                                                orta mekdebiň iňlis dili mugallymy,                                                                                            Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

02.05.2024 Details

MAŞGALA — JEMGYÝETIŇ BERK BINÝADY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan giň möçberli döwlet syýasatyny kanunçylyk taýdan goldamak, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şol işler, ilkinji nobatda, ilatyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Bu babatda aýdylanda, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň 5-nji maslahatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça birnäçe kanunlar kabul edildi. Öň hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu işleriň amala aşyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052- nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. 

Maşgala ynsan durmuşynyň gözbaşy hasaplanýar. Maşgalanyň abatlygy, agzybirligi jemgyýetiň ösüşine uly täsir edýär. Şonuň üçin il arasynda agzybir maşgala döwletli maşgala hasaplanýar. Türkmen halkymyz maşgala bitewüligini ähli zatdan ýokary goýýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalany berkitmek, çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak babatynda ähli üpjünçilikler göz öňünde tutulýar. 

Her bir maşgala jemgyýetimiziň gülläp ösmegine uly goşant goşýar. Şonuň üçin sagdyn pikirli, sagdyn bedenli maşgala sagdyn jemgyýetiň gözbaşynda durýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz şeýle belleýär: «Jemgyýetiň bir bölegi bolan her bir türkmen maşgalasyndaky saklanyp galan däp-dessurlar biziň döwletimiziň milli medeni gymmatlyklary bolup durýar». 

Maşgaladaky asudalyk, agzybirlik raýat jemgyýetiniň agzybirliginiň gözbaşydyr. Şahsyýetiň ahlaklylygynyň, edebiniň hut maşgalada düýbi tutulýar we onuň jemgyýetde özüni alyp barmagynyň, medeniýetli gylyk-häsiýetiniň emele gelmeginiň esasyny düzýär. Çagany ösdürip ýetişdirýän we terbiýeleýän ýaş maşgala uly durmuş ýüküni çekýär. Şol esasynda ýaşlary durmuşa taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek, ýaşlarda halallyga, edeplilik we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek barada yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilip durulýar. 

Türkmen maşgalasynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. 

 

Ogulşad DURDYMEDOWA, 

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

02.05.2024 Details

MAŞGALANYŇ BAGTYÝARLYGY UGRUNDA

 

Türkmen jemgyýetinde asyrlaryň jümmüşinden bäri maşgala institutynyň belent abraýy saklanyp gelýär. Maşgala ojagynyň mukaddesligi, enä we ululara hormat goýmak, geçirimlilik, sadalyk, zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetler halkymyzyň taryhy köklerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynda maşgalanyň jemgyýetiň özenidigini, özboluşly ilkinji guramadygyny, onda gatnaşyklaryň köpugurly görnüşleriniň kemala gelip, dürli meseleleriň çözülýändigini, her bir maşgalanyň maddy we ruhy taýdan üpjün bolmalydygyny, maşgalanyň näçe berk boldugyça, jemgyýetiň şonça-da hemmetaraplaýyn baýdygyny, biziň esasy wezipämiziň türkmen maşgalasynyň sütünlerini gorap saklamakdan, berkitmekden, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmakdan ybaratdygyny yzygiderli belleýär. 

Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiz şu ýylyň fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde maşgalanyň goraglylygyny we bitewüligini, çagalaryň iň gowy bähbitlerini üpjün etmegiň hukuk usullaryny berkitmegiň döwrüň zerur talaplarynyň biri bolup öňe çykýandygyny nygtady. Şoňa göräde, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň maşgala mukaddesligini gorap saklamak, agzybirligini berkitmek baradaky tabşyryklaryny amal etmek maksady bilen, milli kanunçylygymyza seljerme geçirilip, «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanuna laýyklykda, maşgala oňşuksyzlygynyň döremegine getirýän sebäpleriň hem şertleriň öňüni almak, olary aradan aýyrmak, maşgala abatlygyny gazanmak babatda hereket edýän kanunçylykda kesgitlenen öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, maşgala gymmatlygyny goramak we bitewüligini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 149-njy maddasynyň ikinji böleginden soňra, nika bozmak hakyndaky hak isleýiş arzasynda är-aýalyň bile ýaşamagy, maşgalanyň saklanyp galmagy mümkinçiliginiň aradan aýrylandygy barada nikany bozmagyň sebäpleriniň hem-de oňa getiren ýagdaýlaryň anyk görkezilmelidigi barada goşmaça bölek girizildi. 

Şeýle-de raýat işini kazyýet seljerişine taýýarlamagyň tertibinde kazynyň nika bozmak hakyndaky işler boýunça taraplar bilen söhbetdeşlik geçirmegi, nikany bozmagyň sebäplerini deslapdan aýdyňlaşdyrmagy we taraplaryň ýaraşmagy üçin her bir işiň aýratynlyklaryndan (maşgalanyň ýaşaýyş şertleri, maşgala agzalarynyň özara gatnaşygy, çagalaryň iň gowy bähbitleriniò üpjün edilmegi, işe jemgyýetçilik wekilleriniň çekilmegi we beýleki ölçegler) ugur alyp, zerur çäreleri görmegi hem-de nika bozmagyň hakykat ýüzünde başga maksatlar üçin ulanylmagyna ýol bermezlik üçin degişli işleri geçirmegi, şunda taraplara ugurdaş işleri çözmegiň tertibiniň hökmany düşündirilmelidigi we mümkin boldugyça, olary bilelikde seretmek üçin çäreleriň görülmelidigi barada hukuk resminamasynyň 171-nji maddasynyň 2-nji bendinden soň, bir belgili 2-nji bent girizildi. Mundan başga-da, 180-nji maddada maşgala işleri boýunça önümçilikde seredilýän işlere taraplaryň özüniň gatnaşmagynyň hökmanydygy, ýöne taraplaryň biriniň ýurduň çäginden daşarda halatlary muňa degişli däldigi görkezildi. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy ýörelgelerinden ugur alnyp, Raýat iş ýörediş kodeksi bilen bagly täze Kanunyň kabul edilmeginiň Esasy Kanunymyzyň maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy baradaky kadasynyň hemme taraplaýyn durmuşa geçirilmeginiň hukuk binýadyny kämilleşdirmekde, maşgala oňşuksyzlygynyň döremegine getirýän sebäpleriň we şertleriň öňüni almakda, olary aradan aýyrmakda, maşgala abatlygyny gazanmak babatda hereket edýän kanunçylykda kesgitlenen öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmakda, maşgala gymmatlygynyň goragyny we bitewüligini, çagalaryň terbiýesini, iň gowy bähbitlerini üpjün etmegiň hukuk usullaryny berkitmekde uly gollanma boljakdygy şübhesizdir. 

 

Ýusupguly EŞŞÄÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy

 

01.05.2024 Details

BEHIŞDI BEDEWLERIŇ ŞAN-ŞÖHRATY

 

Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my ýurdu­my­zyň äh­li kün­je­gin­de bol­şy ýa­ly, Ahal we­la­ýa­tyn­da hem ulu­dan bel­le­nip ge­çil­di. We­la­ýat dere­je­sin­dä­ki esa­sy da­ba­ra Bä­herden et­ra­by­nyň Bör­me oba­sy­nyň golaýyn­da — te­bi­ga­tyň gö­zel ýe­rin­de ýaý­baň­lan­dyryl­dy. Oňa köp ­san­ly il­deş­le­ri­mi­z gat­naş­dy. 

We­la­ýa­ty­my­zyň me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýetirmegin­de ýaý­baňlan­dy­ry­lan joş­gun­ly aý­dym-saz­lar­da, mil­li ru­ha bes­le­nen tans-halk dö­re­di­ji­lik çy­kyşla­ryn­da gö­zel­lik­de we ýyn­dam­lyk­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk, şan-şöh­ra­ty dün­ýä do­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ziň was­py joş­gun­ly be­ýa­ny­ny tap­dy. 

Du­tar­çy we gy­jak­çy bag­şy­la­ryň jo­şup aýdym aýt­ma­gy, at üstündäki ji­git­le­riň aja­ýyp to­ma­şa­la­ry bi­len da­ba­ra be­zeg ber­me­gi, toý ga­zan­la­ry­nyň ata­ryl­ma­gy hem-de ol ýer­de taý­ýar­la­nan mil­li ta­gam­lar­dan toý­çy mä­re­kä hö­dür-ke­rem edil­me­gi tä­ze ta­ry­hy döw­rümiz­de ga­dy­my toý däp­le­ri­mi­ze bir­kem­siz eýe­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­dy. Da­ba­ra­nyň geç­ýän ýe­rin­de kör­pe nes­liň ýe­ri­ne ýe­tirme­gin­de hal­ky­my­zyň asyr­lar­ bo­ýy do­wam edip gel­ýän mil­li ça­ga oýun­la­ry bo­ýun­ça şü­we­le­ňe orun be­ril­di. 

To­ma­şa­ly toý­la­ry­my­zyň be­ze­gi bo­lan be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň şany­na Ak bug­daý et­ra­by­nyň Gu­ry­how­dan ýaý­la­syn­da, Ka­ka et­ra­by­nyň Hy­waa­bat jül­ge­sin­de, Sa­rahs etra­by­nyň Tä­ze gu­ýy ýaý­la­syn­da degişlilik­de «Ro­waç­ly Wa­ta­ny­myz­da sar­paň be­lentdir, be­de­wim!», «Türk­men hal­ky­nyň mil­li buý­san­jy — za­ma­naň gu­wan­jy türk­men bedewi», «Be­hiş­di be­dew — türk­me­niň buý­san­jy» ady bi­len ge­çi­ri­len baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry hem ýa­kym­ly duý­gu­la­ry bi­len ýat­da gal­dy. 

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

Ahal welaýat komitetiniň başlygy. 

01.05.2024 Details
1 2 3 4 5 6 7 ... 36