The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

DOLANDYRYŞ-ÇÄK BÖLÜNIŞIGINIŇ NETIJELILIGI

 

     Türk­me­nis­ta­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň maksatna­ma­la­ry her bir maş­gala­nyň go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün etmäge, ila­tyň ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga gönükdirilendir. Şeý­le stra­te­gik iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­giniň ne­ti­je­sin­de ýur­duň sy­ýa­sy dur­nuk­lyly­gy­ny ber­kit­mek, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny we dur­muş amat­lyk­la­ry bo­lan des­ga­la­ryň sa­ny­ny art­dyr­mak, ila­tyň jan ba­şy­na düş­ýän gir­de­ji­le­ri­ni kö­pelt­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şun­da, il­kin­ji no­bat­da, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek, ykdysadyýetimi­zi döw­re­bap­laş­dyr­mak hem-de dün­ýä­dä­ki ornuny has-da pug­ta­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri öňe çyk­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny milli de­re­je­de uý­gun­laşdy­ran ýurtla­ryň il­kin­ji­le­ri­niň bi­ri bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň 2030-njy ýy­la çen­li Gün ter­ti­bi­niň öň­de du­ran we­zi­pe­le­ri­ni üstün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.

 

     Şeý­le aýdyň maksatlar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetimiziň hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli döwletliligimiziň binýadyny berkitmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Döwletimiziň dolandyryş-çäk gurluşynyň meseleleri babatda degişli teklipler işlenip taýýarlananda, ýurdumyzyň sebitlerini netijeli dolandyrmak, ykdysady mümkinçiliklerini, ilat üçin hyzmatlaryň elýeterliligini giňeltmek, senagatlaşdyrmak, iri ilatly ýerleri döretmek we olary geljekde ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmek esasy çelgidir. Hut şeýle wezipelere eýerip, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, döwlet derejesinde kabul edilýän çözgütleriň dessin ýerine ýetirilmegini hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösmegini üpjün etmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, welaýatlaryň häkimlikleriniň towakganamalary, Ministrler Kabinetiniň teklipnamasy nazara alnyp, 19-njy sentýabrda «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda bu babatda degişli teklipler işlenip taýýarlananda, iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek, welaýatlaryň dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek, ilatynyň durmuş-ýaşaýyş derejesini has gowulandyrmak, şol sanda raýatlardan gelen teklipleri kanagatlandyrmak, şeýle-de durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak meseleleri aýratyn ünsde saklandy. Munuň özi ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Netijede, şu bähbitlerden ugur alnyp, ýurdumyzda şeýle döwrebap özgertmeleriň hukuk binýady berkidilýär. 

     Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, Mejlis ýurduň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselesini çözýär. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, etraplary, şäherdäki etraplary, ge­ňeşlikleri döretmek we ýatyrmak, ilatly ýerleri şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň derejesine degişli etmek, olaryň adyny üýtgetmek, dolandyryş-çäk gurluşynyň beýleki meselelerini çözmek Ministrler Kabinetiniň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan amala aşyrylýar. «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, welaýatyň, etrabyň, şäheriň häkimi dolandyryş-çäk gurluşynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde teklipleri girizýär.

      «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýurduň çägi welaýatlara, welaýat hukukly şäherlere, etraplara, etrap hukukly şäherlere, etrapdaky şäherlere, şäherçelere, ge­ňeşliklere we obalara, şol sanda ilatly ýerleri bolsa şäher we oba ilatly ýerlerine bölünýär. Şäherler derejesi boýunça welaýat, etrap hukukly we etrapdaky şäherler görnüşinde hereket edýär. Ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşynyň şeýle bölünişigi belli şertlerde, talabalaýyklykda bölünýär. Bu Kanunyň 4-nji maddasyna laýyklykda, welaýat hukukly şäheriň derejesine ilat sany 500 müň adamdan geçýän hem-de Türkmenistandaky ykdysady, syýasy we medeni merkezleriň biri bolan şäher degişli edilip bilner. Etrap hukukly şäheriň derejesine ilat sany 30 müň adamdan geçýän hem-de welaýatdaky ykdysady, medeni we edara ediş merkezleriniň biri bolan şäher degişli edilip bilinýär. Käbir ýagdaýlarda etrap hukukly şäheriň derejesine senagat, durmuş-medeni we dolandyryş taýdan möhüm ähmiýetli, ykdysady hem durmuş ösüşiniň depgini we ilat sanynyň artyşy ýokary, ilat sany 30 müň adamdan az bolan etrapdaky şäher, şäherçe hem degişli bolup bilýär. Etrapdaky şäheriň derejesine ilat sany 8 müň adamdan geçýän, senagat kärhanalary, gurluşyk we gatnaw guramalary, jemagat hojalygy, ýerli ýaşaýyş jaý gaznasy, durmuş-medeni edaralarynyň ulgamy, söwda hem durmuş hyzmatlarynyň kärhanalary bolan şäherçe degişli edilip bilner. Käbir ýagdaýlarda etrapdaky şäheriň derejesine ykdysady ösüşiniň depgini we ilat sanynyň artyşy ýokary, ilat sany 8 müň adamdan az bolan şäherçe hem degişli bolup biler. 

     Häzirki wagtda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu tagallalaryň ählisi adam hakyndaky aladanyň döwletimiziň baş maksady bolup durýandygyny äşgär edýär. Ýurdumyzyň ähli çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak ugrunda Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, oba we şäher ilatynyň durmuş şertleriniň de­ňeçerlenmegi gazanylýar. Şeýlelikde, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmekde şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak, sebitleriň oba hojalyk, senagat zolagynyň mümkinçiliklerini ulanmak, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň durnukly ösüşini netijeli peýdalanmak boýunça ýerli dolandyryş edaralarynyň teklipleri nazara alynýar. 

     Umuman, dolandyryş-çäk birlikleriniň kämilleşdirilmegi ykdysadyýetimiz üçin goşmaça mümkinçilikleri emele getirýän ýerli dolandyryş, bilim, medeniýet we maliýe-ykdysady edaralaryň binalaryny, desgalaryny netijeli peýdalanmaga, ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder. Munuň özi Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmaga oňyn täsirini ýetirmek bilen, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýar. 

 

Merjen BORJAKOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni

11.10.2025 Details

PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝÖRELGELERI

 

     Eziz Watanymyz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde Bitaraplygyň türkmen nusgasyny döretdi we ony «oňyn Bitaraplyk» diýip atlandyrdy. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine hormat goýmak, açyklyk ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýar. Döwletimiz maksada okgunly, özygtyýarly, bitarap, şol bir wagtyň özünde-de, işjeň hem netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. 

 

     Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwlet bolmak bilen, parahatçylygyň, özara düşünişmegiň işjeň tarapdary hökmünde halkara giňişlikde möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş sapary, şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisinde eden taryhy çykyşy, öňe süren umumadamzat bähbitli başlangyçlary dünýäde ylalaşygy pugtalandyrmak, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň beýany boldy. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary, möhüm ähmiýetli teklipleri dünýäde giňden goldanylýar. Munuň şeýledigine, döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler hakynda, halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny, umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlary beýan etmegi doly şaýatlyk edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmenistan hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýär» diýip, taryhy çykyşynda belledi. Hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda: «Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardyr» diýip belledi. Onda häzirki wagtda bu wezipeleri ilerletmekde we ýerine ýetirmekde iň netijeli gurallaryň biriniň ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, aýratyn-da, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugry hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şöhratyny has-da artdyrdy. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky ajaýyp üstünligidir. Milli Liderimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň, «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň jümle-jahanda ykrar edilýänligidir. Türkmen döwletiniň öz taryhy, ägirt uly syýasy hem ykdysady mümkinçiliklerini peýdalanyp, ählumumy abadançylygyň hyzmatynda goýup bilýändiginiň güwäsidir. Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy goramakdyr. Dünýä halklaryny parahatçylyga, agzybirlige çagyrýan Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleri diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, Zeminiň ähli halklarynyň abadan, rowaç durmuşyny nazarlaýar. Halkymyzy aýdyň geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri hemişe belent bolsun! 

 

Baýramgözel  MYRADOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.

 

10.10.2025 Details

Bagtyýarlygyň gözbaşy

 

     Milli Liderimiziň parasatly nygtaýşy ýaly, raýatlaryň saglygy we olaryň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy bilen döwletiň uzak möhletleýin ykdysady ösüşiniň arasynda jebis baglanyşyk bar. Çünki ýurduň hakyky gymmatlygy we durmuş syýasatynyň esasy ugrunyň biri bolan saglygy goraýyş ulgamyna gönükdirilen tagallalar döwletiň esasy serişdelerini özünde jemleýär. Şu jähetden, ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň düýpli hem-de esasy maksatlaryny düzýär. 

 

     Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 4-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan döwlet syýasatyny, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak maksady bilen, birnäçe Karara gol çekdi. Şeýlelikde, «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» hem-de şu Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, «Türkmenistanyň immunoöňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça şertnamalary baglaşan we degişli ätiýaçlandyryş töleglerini töleýän Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet dermanhana edaralarynda bahasynyň elli göterimi möçberde ýeňillikli şertlerde satylýan derman serişdeleriniň Sanawy hem-de tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde goýberilýän derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň Sanawy tassyklanyldy.

     Ýurdumyzyň sagaldyş ulgamynda geçirilýän sagaldyş-dikeldiş çäreleri keselleriň, şikesleriň ýa-da fiziki, himiki hem-de jemgyýetçilik täsirleriniň netijesinde ýüze çykan saglygyň bozulmalarynyň öňüni almak we işjeňligini dikeltmek maksady bilen geçirilýär. 

     Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde-de iri lukmançylyk merkezleriniň biridir. Bu merkezde ulular we çagalar üçin birnäçe köpugurly bölümler hereket edip, onda ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olary netijeli bejermek üçin ähli şertler döredilen. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde bolsa geljekde ýurdumyzyň tebigy-howa şertleriniň adam saglygyna ýetirýän täsirini öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmäge, okuwlary, ylmy barlaglary alyp barmaga döwrebap mümkinçilikler göz öňünde tutulan. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, şeýle döwrebap merkezleriň, şeýle hem häzirki zaman derman kärhanasynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň ilatyna edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar. Täze iş orunlary döredilýär, lukmanlaryň iş şertleri has-da gowulanýar. 

     Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize ilatyň durmuş-ykdysady, saglygy goraýyş ulgamynyň işini ilerletmekde alyp barýan başlangyçlarynda elmydama üstünlikler hemra bolsun! 

 

Merjen BORJAKOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.

10.10.2025 Details

ROWAÇLYKLARYŇ MEKANYNDA

 

     Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz häzirki eşretli döwrümizde beýik ösüşleri külterleýär.  Döwlet Baştutanymyzyň badalga berýän uly göwrümli özgerişlikleri we milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşleri biziň şu günümize buýsanjymyzy beýgeldip, nurana geljege bolan ynamymyzy şonça-da berkidýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi baradaky maglumatlar biziň her birimiziň döwletimize bolan buýsanjymyza buýsanç goşýar. 

 

     «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda geçen ýarymýyllykda ýurdumyzda 17 milliard 829 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlary özleşdirilen bolsa, şu ýylyň ahyryna çenli ol jemi 40 milliard 72 million manatlyga barabar bolar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meýdany ýene-de artýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda üstünlikli alnyp barylýar. 

     Şäherleriň binagärlik keşbini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ilatyň ýaşamagy, zähmet çekmegi, dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen ähli amatlylyklary bolan binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, seýilgähleriň gurluşygy dowam etdirilýär. Ýurdumyzda gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk serişdeleriniň täze önümçiliklerini we täze iş orunlaryny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta iberilýän önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek, önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ilatyň  döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny edinmegi üçin ýeňillikli we sarp ediş maksatly karzlaryň möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Eýeçiligiň dürli görnüşleriniň goraglylygy güýçlendirilýär, maliýe-karz we salgytlar ulgamy, bäsdeşligi ösdürmek, bahalar we girdejiler syýasaty, geljekki ýagdaýlary çaklamak ýaly hojalyk mehanizmini düzýän usullar ýene-de yzygiderli kämilleşdirilýär. Ykdysady pudaklaryň ählisinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümçilikler işe girizilýär. Tizden Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylyp, ulanylmaga berler, welaýatymyzda halkara derejeli onkologiýa merkeziniň düýbi tutular, Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygyna başlanylar. Bu desgalar ykdysadyýetimiziň kuwwatly güýjünden habar berýär. 

     Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen şeýle işler buýsanjyňy artdyryp, ruhuňy belende göterýär. Ýene bir guwandyryjy ýagdaý: azyk bolçulygy yzygiderli üpjün edilýär. Ýurdumyz boýunça şu ýylyň galla oragynda 1 million 400 müň tonna bugdaýyň ýygnalmagy bilen çöregiň we çörek önümleriniň saçaklarymyzda bolçulygy gazanyldy. Gallanyň zerur bolan möçberini ýygnamak däp bolan kada öwrüldi. Ýurtbaştutanymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan işleriň çägi ýene-de giňeldilýär. Milli nusgadaky özgertmeleriň baş maksady adamyň abadançylygyna, onuň ruhy we akyl taýdan ösüşine, şeýle hem ilatymyz üçin ähli eşretleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bu günküsinden hem oňat 

ýaşamagy ugrunda edýän hossarlyk aladalarynyň aýdyň güwäsidir. 

 

Bahadur ŞADYÝEW, «Lebap galla önümleri» önümçilik birleşiginiň Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşigindäki 

galla agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

09.10.2025 Details

DEPGINLI ÖSÜŞE ITERGI BERER

 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýeňişli sepgitleri, şanly wakalary il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka, milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy boldy. Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden we häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alnyp, bu forum jemgyýetimiziň dürli wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirildi. 

     Mejlisde Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady we medeni taýdan sazlaşykly ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ählihalk forumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşlary üns berlip diňlenildi. Elbetde, jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçen bu taryhy wakanyň şaýady bolmak bagtyýarlykdan nyşan. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak işinde ýokary okuw mekdeplerine aýratyn uly ornuň degişlidigini belläp geçdi. Geljekde-de, ýurdumyzda ýene-de köp sanly bilim edaralarynyň guruljakdygyny nygtady. 

     Jemgyýetimiziň giň wekilçiliginiň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli forumda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça çözgütler kabul edilip, wajyp wezipeler öňde goýuldy. Olaryň durmuşa geçirilmegi bolsa, Türkmenistan Watanymyzyň depginli ösüşine itergi berer. 

 

Merdan ORAZMEREDOW. TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

09.10.2025 Details

BEÝIK MAKSATLARA TARAP

 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka boldy. Bu ählumumy forumda kabul edilen döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli çözgütler eziz Watanymyzyň beýik geljege tarap ynamly öňe gitmegine kuwwatly itergi berer. Gadymy halkymyzyň asyrlardan gözbaşly asylly däbine eýerilip geçirilen bu mejlisde Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini has-da pugtalandyrmagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

     Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilen bu mejlis ýokary ruhubelentligi döretdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mejlisde eden çuň many-mazmunly çykyşlary üns berlip diňlenildi we uly täsir galdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhy çykyşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmekde gazanylan üstünliklere, ýetilen sepgitlere seljerme berdi. Türkmenistan döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmegiň öňde durýan wajyp wezipeleriniň üstünde durup geçdi. 

     Şeýle hem döwlet Baştutanymyz çykyşynda halkymyzyň saglygyny goramaga gönükdirilen tutumly işlere mejlise gatnaşýanlaryň ünsüni çekdi. Has takygy, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna degişli gurulmagy göz öňünde tutulýan saglygy goraýyş edaralary barada aýdyp şeýle diýdi: “Bu işleriň ählisi milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr”. Ynsanperwerlige ýugrulan bu belent maksadyň myrat boljakdygy guwandyrýar.

 

 Ýusup ANNAÝEW. Welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

09.10.2025 Details

EŞRETLI GELJEGIMIZIŇ BINÝADY

 

     Ajap eýýamymyzda nesil terbiýesinde dana pederlerimiziň şu mesele babatda miras galdyran ýol-ýörelgelerinden ugur alynýar. Ýurdumyzda ösüp gelýän nesil hakda alada çagalar baglaryndan başlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän yzygiderli tagallalar ertirimiziňem abadan, eşretli bolmagyna gönükdirilendir. Ýaş nesle döwrebap terbiýe bermekde çagalar baglarynyň terbiýeçileridir mugallymlaryna uly orun degişlidir.

     Şeýle jogapkärçilikden ugur alýan çagalar bakja-bagymyzyň işgärleri körpe nesil hakda uly alada edýärler. Terbiýeçilerimiz çagalaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmeklerine çalyşýarlar. Dürli oýunlar, türkmen halk ertekileri esasynda guralýan gysgajyk sahnalar körpelerde uly gyzyklanma döredýär. Çagalaryň goşgy okamagy öwrenip, aýdym aýtmakda ilkinji ädimleri bilim almakdaky yhlaslary bilen utgaşdyrylýar. Bakja-bagymyzda terbiýelenýän oglanjyklar we gyzjagazlar dürli bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, şowly çykyş edýärler. Munuň özi päk zähmetimiziň guwançly miwesidir. Dürli bäsleşiklere bakja-bagymyzyň terbiýeçileridir mugallymlaram yzygiderli gatnaşýarlar. Şol bäsleşikler tejribe alyşmakda, hünär taýýarlyklarymyzy ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar. Biz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzy uly üstünliklere beslemegi maksat edinýäris.

 

 Aýjemal ALLANOWA. Murgap etrabyndaky 1-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

 

09.10.2025 Details

UMUMADAMZAT BÄHBITLI ÝÖRELGELER

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bu ajaýyp döwürde ýurdumyzyň daşary syýasy abraýy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde has-da beýgelýär. 

 

     Bu gün­ki gün­de ýur­du­myz pa­ra­hat­çy­ly­gyň me­ka­ny hökmünde dün­ýä­de giň­den ta­nal­ýar. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hukuk ýag­da­ýy­na esas­lan­ýan Türk­me­nis­tan umu­ma­dam­zat bähbit­li baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. Ýur­du­myz pa­ra­hat­çy­ly­gy we howpsuz­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ra özüniň uly go­şan­dy­ny goş­mak bi­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Guramasy­nyň be­lent mün­be­rin­de bir­nä­çe umu­ma­dam­zat bäh­bit­li tek­lip­le­ri yzy­gi­der­li öňe sür­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýa­kyn­da hormat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­da iş sapa­ryn­da bo­lup, BMG-­niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-­nji ýubileý sessi­ýa­sy­na gat­naş­dy. Şeý­le hem hor­mat­ly Prezidentimiz Birle­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş Assambleýasy­nyň 80-­nji ses­si­ýa­sy­nyň ple­nar mej­li­sin­dä­ki çykyşyn­da pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek bo­ýun­ça be­ýik baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di. Mu­nuň özi pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dost­-do­gan­ly­gy ös­dür­me­giň aý­dyň ýo­lu­dyr, dün­ýä­de dur­nuk­ly ösü­şi, aba­dan­çy­ly­gy pugtalandyr­mak­da be­ýik baş­lan­gyç­dyr. 

     Hä­zir­ki aja­ýyp dö­wür­de ýur­du­myz pa­ra­hat­çy­ly­gyň, ylalaşygyň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­lu­gyň mer­ke­zi­ne öwrüldi. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy se­bit­de halka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň we goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ösme­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­di. Ýur­du­myz ta­ryh üçin örän gysga möhlet­de dün­ýä­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­ga esas­lan­ýan daşary sy­ýasa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän döw­let hök­mün­de be­lent yk­ra­ra eýe bol­dy. Mu­nuň özi hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň be­dew ba­dy bi­len ösýän hä­zir­ki şert­le­rin­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýagda­ýy­nyň örän uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­ny aý­dyň görkezýär.

     Dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy wa­gyz et­mek­de hemi­şe­lik Bitaraplygy­my­zyň hem mö­hüm or­ny bar­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy hä­zir­ki döw­rüň esa­sy me­se­le­le­ri­ne düýp­li göz ýe­tir­mekdir hem­-de ola­ry has giň, kä­mil tej­ri­bä da­ýa­nyp çöz­mek­dir. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­let hök­mün­de Türkmenistanyň top­lan tej­ri­be­si hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de parahat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik iş­le­rin­de örän ze­rur­dyr. Türkmenistanyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäkle­rin­de hemi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa geçir­mek, pa­ra­hat­çy­ly­gy go­rap sak­la­mak, ýurt­la­ryň ara­syn­da öza­ra yna­nyş­ma­gyň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça öňe sür­ýän halka­ra baş­lan­gyç­la­ry aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Parahatçy­lyk sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän eziz Di­ýa­ry­myz dün­ýä­de be­lent abraýa eýe bolýar. 

     Ýur­du­my­zyň hoş­ni­ýet­li, yn­san­per­wer, dost-­do­gan­ly­ga ygrarly­lyk ýö­rel­ge­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan uly golda­wa eýe bol­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hukuk ýag­da­ýy pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­gä­mi­ziň dün­ýä ýaýyl­ma­gy­dyr. Dün­ýä­de dost­-do­gan­lygy, pa­ra­hat­çy­ly­gy ösdürýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag bol­sun, umu­ma­dam­zat bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! 

 

Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

08.10.2025 Details

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY milli demokratiýanyň belent nusgasydyr

 

     Mälim bolşy ýaly, 2023­-nji ýylyň ýanwar aýynda döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolmak bilen, bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däplerine, hakyky halk demokratiýasyna daýanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik» diýip nygtaýar. Ýeri gelende aýtsak, halkylyk Türkmenistan döwletiniň häsiýetli aýratynlygydyr, ol döwlet, jemgyýet, şahsyýet gatnaşyklarynyň bir bitewüliginiň beýanydyr. Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, şeýle hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-­syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi halka hyzmat etmekde, onuň bähbitlerini goramakda we bütin jemgyýetde ilerleýji ösüşi üpjün etmekde iňňän möhüm ähmiýete eýe boldy. Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, durmuş-­ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmek hem­-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-­da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. 

     Halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-­täk gözbaşydyr. Geçmişiň tejribesini beýan edýän ynsanperwer gymmatlyklar jemgyýetiň pugtalandyryjy düzümi bolup durýar. Bu asylly däplerde, türkmen döwletliliginiň gözbaşynda durýan çuňňur ynsanperwerlik, döwletiň we raýatlaryň jebisligi, agzybirligi, olaryň özara täsiri we hyzmatdaşlyk hereketleri öz beýanyny tapýar. Ýurtda jemgyýetiň jebisligi, agzybirligi, raýdaşlygy, raýatlaryň bagtyýar ýaşamagy hem ösmegi üçin döwlet derejesinde  döredilýän mümkinçilikler döwletliligimiziň şuglasy bolup ýagty saçýar. 

     Elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň baý taryhy geçmişine daýanyp esasyny goýan döwletlilik taglymaty adamzat jemgyýetiniň ösüşindäki ýetilen sepgitleri, türkmen halkynyň taryhyny we milli mirasyny, häzirki zaman tejribesini hasaba almak we olary döwrümiziň nukdaý-nazaryndan özleşdirmek esasynda işlenip düzülen ynsanperwerlik ýörelgesiniň esasyndaky garaýyşlaryň ulgamydyr. Bu asylly ýörelgä eýerip, häzirki zaman türkmen jemgyýeti adama bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde garaýar. Il­-ýurt bähbitli möhüm meseleleri maslahatlaşyp çözmek ýörelgesi ata­babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemlemek bilen milli demokratik gymmatlyklara daýanýar. Şonuň üçin hem, Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk demokratiýasynyň belent nusgasydyr. Onda ýurduň ýakyn we uzak geljegini nazarlaýan birnäçe meseleleriň oňyn çözgüdi ara alnyp maslahatlaşylýar, degişli çözgütler kabul edilýär. 

     Paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem Watanymyzyň dürli kärdäki raýatlarynyň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda il-­günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan wajyp, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän anyk kararlardyr çözgütler kabul edildi. Çünki häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň hem­-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn döwrebaplaşdyrmak, häzirki zamana kybapdaş senagatlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler, netijeli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtda­-da, zähmetde tapawutlanan raýatlar döwlet tarapyndan sylaglanylýar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan durmuş­-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde we demokratik başlangyçlary mundan beýläk hem ösdürmekde bu taryhy maslahatyň ägirt uly ähmiýetiniň boljakdygyny uly ynam bilen aýtmaga doly esas bar. 

 

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW.  Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

04.10.2025 Details
1 ... 4 5 6 7 8 ... 104