The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň özboluşly medeni mirasyny goramaga, baýlaşdyrmaga we dünýäde giňden wagyz etmäge uly üns berilýär. Milli we dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan behişdi bedewlerimize goýulýan sarpa bolsa, has-da dabaralanýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagynyň özeninde hem gözellikde deňi-taýy bolmadyk bedewlerimize bolan egsilmez sarpa bar. Ýylyň şygarynda bolşy ýaly, onuň nyşanynda-da bedewlerimiz öz beýanyny tapýar. Bu bolsa, berkarar Watanymyzyň şanly ýylymyzda bedew batly ösüşleriň ýolunda täze-täze sepgitlere ýetjekdigine bolan ynamdyr buýsanjymyzy goşalandyrýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalarynyň ikisine mynasyp bolmagynda-da uly many bar. Çünki şanly ýylymyzyň behişdi bedewler bilen bagly şatlykly wakalar bilen başlanmagy belent üstünlikleriň özboluşly badalgasyny alamatlandyrdy. Meşhur at üstündäki oýunlar toparymyzyň ajaýyp üstünliginiň hormatyna Aşgabatda, Arkadag şäherinde, şeýle-de welaýatlarda dabaraly çäreleriň geçirilmegi her birimizde guwanç duýgusyny döredýär.
Hormatly Prezidentimiz 13-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasyna gol çekendigini bellemek has-da ýakymlydyr. Bu resminama laýyklykda, şanly ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň geçirilmegi behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegine uly itergi berer.
Ahalteke bedewi biziň milli gymmatlygymyzdyr, buýsanjymyzdyr. Bu gün atçylyk sportunyň sazlaşykly ösdürilmegi, atçylyk sporty boýunça dürli ýaryşlardyr türgenleşikleriň geçirilmegi, şeýle-de çapyksuwarlaryň täze nesliniň kemala getirilmegi babatynda giň şertleriň döredilmegi ulus-ilimizde gyzgyn goldaw tapýar.Watanymyzyň bedew bady bilen okgunly ösmegi, ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan ýurdumyzda atçylyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösüşe eýe bolmagy, milli atşynaslyk ýörelgeleriň yzygiderli kämilleşmegi we olaryň dowamata atarylmagy boýunça taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşymyz çäksizdir.
Resul IŞANGULYÝEW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.