​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
26.02.2026

BEDEW — ÖSÜŞLERIŇ NYŞANY

 

     Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galky­ny­şy döw­rün­de halky­my­zyň öz­bo­luş­ly me­de­ni mi­ra­sy­ny go­ra­ma­ga, baýlaşdyrma­ga we dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mä­ge uly üns berilýär. Mil­li we dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ze go­ýul­ýan sar­pa bol­sa, has-da dabaralanýar. 2026-njy ýy­lyň «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türkmenis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» diýlip atlandyrylmagynyň öze­nin­de hem gö­zel­lik­de de­ňi-ta­ýy bolmadyk be­dew­le­ri­mi­ze bo­lan egsil­mez sar­pa bar. Ýy­lyň şygaryn­da bol­şy ýa­ly, onuň ny­şa­nyn­da-da be­dew­le­ri­miz öz beýa­ny­ny tap­ýar. Bu bol­sa, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň şan­ly ýylymyz­da be­dew bat­ly ösüş­le­riň ýo­lun­da täze-tä­ze sep­git­le­re ýet­jek­di­gi­ne bo­lan ynam­dyr buý­san­jy­my­zy go­şa­lan­dyr­ýar.

     «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň il­kin­ji aýyn­da Mo­na­ko Knýazlygynyň Mon­te-Kar­lo şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 48-nji hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tündä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň sirk sun­ga­ty­na go­şan uly go­şan­dy üçin hal­ka­ra şahadat­na­ma­la­ry­nyň iki­si­ne my­na­syp bol­ma­gyn­da-da uly ma­ny bar. Çün­ki şan­ly ýy­ly­my­zyň be­hiş­di be­dew­ler bi­len bag­ly şatlyk­ly wa­ka­lar bi­len baş­lan­ma­gy be­lent üs­tün­lik­le­riň özboluşly ba­dal­ga­sy­ny ala­mat­lan­dyr­dy. Meş­hur at üs­tün­dä­ki oýunlar to­pa­ry­my­zyň aja­ýyp üs­tün­li­gi­niň hor­ma­ty­na Aş­ga­bat­da, Ar­ka­dag şä­he­rin­de, şeý­le-de wela­ýat­lar­da da­ba­ra­ly çä­re­le­riň geçi­ril­me­gi her bi­ri­miz­de gu­wanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýär.

     Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 13-nji few­ral­da ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mejli­sin­de 2026-njy ýy­lyň «Ga­raş­syz, baky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň mekany» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li at­çy­lyk we at­ly sport ugur­la­ry bo­ýun­ça çä­re­leriň Mak­sat­na­ma­sy­na gol çekendigi­ni bel­le­mek has-da ýa­kym­ly­dyr. Bu res­mi­na­ma laýyklyk­da, şan­ly ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da, şeý­le-de daşa­ry ýurt­lar­da  at­çy­lyk we at­ly sport ugur­la­ry bo­ýun­ça çäreleriň ge­çi­ril­me­gi be­hiş­di be­dewle­ri­mi­ziň dün­ýä­dä­ki şan-şöhra­ty­nyň has-da be­len­de gö­te­ril­me­gin­e uly iter­gi be­rer.

     Ahal­te­ke  be­de­wi bi­ziň mil­li gym­mat­ly­gy­myzdyr, buýsanjymyz­dyr. Bu gün at­çy­lyk spor­tu­nyň saz­la­şyk­ly ösdürilme­gi, at­çy­lyk spor­ty bo­ýun­ça dür­li ýa­ryş­lar­dyr türgenleşik­le­riň  ge­çi­ril­me­gi, şeý­le-de ça­pyk­su­war­la­ryň tä­ze nes­li­niň  ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi ba­ba­tyn­da giň şert­le­riň dö­re­dil­me­gi ulus-ili­miz­de gyz­gyn gol­daw tap­ýar.Wa­ta­ny­myzyň be­dew ba­dy bi­len ok­gun­ly ös­me­gi, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň asyl me­ka­ny bo­lan ýur­du­myz­da at­çy­lyk pu­da­gy­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şe eýe bol­ma­gy, mil­li  at­şy­nas­lyk ýö­rel­ge­le­riň  yzygi­der­li kämilleşmegi we ola­ryň do­wa­ma­ta ataryl­ma­gy bo­ýun­ça taý­syz ta­gal­la ed­ýän hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­mi­ze we Gah­ry­man Arkadagymy­za al­ky­şy­myz çäk­siz­dir.

 

Resul  IŞANGULYÝEW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.