The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebitleýin we ählumumy derejede deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruna üýtgewsiz ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa eýerýän Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. Golaýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gruziýa amala aşyran iş sapary hem parlament ugurly özara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykaran möhüm waka boldy.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili bilen duşuşdy. Duşuşykda ýurdumyzyň Gruziýa bilen parlamentara gatnaşyklara ýokary baha berýändigi we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy mälim edildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmekde halkara hukuk ulgamyndaky özara hereketlere uly ornuň degişlidigini bellediler. Şunda parlament diplomatiýasy möhüm ähmiýete eýe bolup, ol halkara ýagdaýlary sagdynlaşdyrmaga, oňa netijeli täsir etmäge, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy dikeltmek üçin şertleri döretmäge, halklaryň özara düşünişmegine ýardam etmäge, dürli milletli we syýasy garaýyşly adamlaryň arasynda deňhukuklylyga, özara hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir. Şoňa görä, gepleşikleriň dowamynda parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmegiň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, parlament derejesinde duşuşyklardyr maslahatlary guramagyň zerurdygyna üns çekildi.
Türkmenistanyň Mejlisi bilen Gruziýanyň Parlamentiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi bu duşuşygyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Resminama laýyklykda, geljekde iki ýurduň parlamentara gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny berkitmek, bilelikdäki işleriň has-da guramaçylykly alnyp barylmagy üçin zerur tagallalary etmek göz öňünde tutulýar.
Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili we Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen geçirilen duşuşyklarda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň iberen mähirli salamlaryny, iň gowy arzuwlaryny ýetirip, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda işjeň häsiýete eýe bolýandygyny nygtady. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň köpugurly işinde halkara we parlamentara işiň meseleleri wajyp orny eýeleýär. Bu işiň giňeldilmegi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk giňişligine has işjeň goşulyşmagynyň zerurlygy bilen baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, gepleşikleriň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi hökmünde parlamentara gatnaşyklary has-da ösdürmek bilen bagly pikirler beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, ýokary derejedäki saparlardyr duşuşyklaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň, gol çekilen bilelikdäki resminamalaryň ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge itergi berýändigi bellenildi.
Gruziýanyň Premýer-ministri bilen bolan duşuşykda türkmen we gruzin parlamentarileriniň ikitaraplaýyn saparlarynyň, şol sanda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň, türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň möhüm ähmiýetine üns çekilip, geljekde bu ugurda bilelikdäki hereketleri ilerletmegiň iki halkyň abadan durmuşynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirildi. Şunda soňky wagtda ýokary derejedäki yzygiderli syýasy gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýe bolýandygy nygtalmaga mynasypdyr. Diňe geçen ýylyň dowamynda Premýer-ministr Irakliý Kobahidze Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemleýji wakasy bolan iri halkara foruma gatnaşmak maksady bilen iki gezek Türkmenistanda saparda boldy. Özara gatnaşyklarda energetika, senagat, ulag-logistika, saglygy goraýyş ulgamlary geljegi uly ugurlar hasaplanýar. Türkmenistan «Hazar deňzi — Gara deňiz», «Lapis Lazuli», «Ýaşyl» port ýaly taslamalary durmuşa geçirmäge we ösdürmäge gyzyklanma bildirýär.
Türkmenistanyň parlament wekiliýetiniň Gruziýa saparynyň çäklerinde Tbilisi şäherindäki Gahrymanlar meýdanynda milli gahrymanlaryň hormatyna gül desseleri goýuldy.
Umuman, bu sapar parlament diplomatiýasy arkaly döwletara hyzmatdaşlygyň ösüşine goşant goşmakda möhüm ädimleriň biri boldy. Daşary döwletleriň parlamentleri bilen gatnaşyklary ilerletmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň gazanýan üstünliklerini dünýä ýaýmak babatda döredýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Maksat KULYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy.