​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
27.02.2026

PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE DEREJESI

 

     «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebitleýin we ählumumy derejede deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruna üýtgewsiz ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa eýerýän Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi  maksat edinýär. Golaýda  Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň  ýolbaşçylygyndaky  türkmen wekiliýetiniň Gruziýa amala aşyran iş sapary hem parlament ugurly özara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykaran möhüm waka boldy.

 

     Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Türk­me­nista­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy Dünýä­gözel Gul­ma­no­wa Gru­zi­ýa­nyň Par­lamen­ti­niň Baş­ly­gy Şal­wa Pa­puaş­wi­li bi­len du­şuş­dy. Du­şu­şyk­da ýur­dumy­zyň Gruziýa bi­len par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ra ýo­ka­ry ba­ha ber­ýändi­gi we ony äh­li ugur­lar bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge taýýar­dy­gy mä­lim edil­di. Ta­rap­lar iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyzmat­daş­lygy mun­dan beý­läk-de iler­let­mek­de hal­ka­ra hu­kuk ul­ga­myn­da­ky öza­ra he­re­ket­le­re uly or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bellediler. Şun­da par­la­ment diplo­ma­ti­ýa­sy  mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, ol hal­ka­ra ýag­daý­la­ry sagdyn­laş­dyr­ma­ga, oňa ne­ti­je­li täsir et­mä­ge, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar­da yna­nyş­ma­gy di­kelt­mek üçin şert­le­ri dö­ret­mä­ge, halk­la­ryň öza­ra dü­şüniş­me­gi­ne ýar­dam et­mä­ge, dür­li mil­let­li we sy­ýa­sy ga­ra­ýyş­ly adamla­ryň ara­syn­da deň­hu­kuk­ly­ly­ga, öza­ra hor­mat goý­ma­ga esas­lan­ýan gatnaşyklary ýo­la goý­ma­ga gö­nükdi­ri­len­dir. Şo­ňa gö­rä, gepleşik­le­riň do­wa­myn­da par­la­men­ta­ra dost­luk to­par­la­ry­nyň işini kä­mil­leş­dir­me­giň, ugur­daş ko­mi­tet­le­riň, ýaş we zenan parla­men­ta­ri­le­riň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­me­giň, parla­ment de­re­je­sin­de du­şu­şyk­lar­dyr mas­la­hat­la­ry gurama­gyň ze­rur­dygy­na üns çe­kil­di.

     Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si bi­len Gru­zi­ýa­nyň Par­la­men­ti­niň arasyn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Ylala­şy­ga gol çe­kil­me­gi bu du­şu­şy­gyň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­dy. Res­mina­ma laýyklykda, gel­jek­de iki ýurduň par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň hu­kuk esas­la­ry­ny ber­kit­mek, bi­lelik­dä­ki iş­le­riň has-da guramaçy­lyk­ly al­nyp ba­ryl­ma­gy üçin ze­rur ta­gal­lala­ry et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

     Gru­zi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Mi­hail Kawe­laş­wi­li we Prem­ýer-minist­ri Irak­liý Ko­ba­hid­ze bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şyklar­da türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­başçy­sy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem-de Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ibe­ren mä­hir­li sa­lam­la­ry­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­ti­rip, sy­ýa­sy, söwda-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-ynsanperwer ul­gam­lar­da­ky türk­men-gru­zin hyz­mat­daş­ly­gy­nyň soň­ky ýyl­lar­da iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­menis­ta­nyň Mej­li­si­niň kö­pu­gur­ly işinde hal­ka­ra we par­la­men­ta­ra işiň me­se­le­le­ri wa­jyp or­ny eýe­le­ýär. Bu işiň giňel­dil­me­gi Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­niň syýa­sy, yk­dy­sa­dy, hu­kuk gi­ňiş­li­gi­ne has iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy­nyň ze­rur­lygy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şu nukdaý­na­zar­dan, gepleşikle­riň do­wamyn­da döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň aý­ryl­maz bö­le­gi hök­mün­de par­lamen­ta­ra gat­na­şyk­la­ry has-da ösdür­mek bi­len bag­ly pi­kir­ler be­ýan edil­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­par­lar­dyr du­şu­şyk­laryň çäk­le­rin­de ga­za­ny­lan ylalaşykla­ryň, gol çe­ki­len bi­le­lik­dä­ki res­mina­ma­la­ryň ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky öza­ra bäh­bit­li  hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeňleş­dir­mä­ge iter­gi ber­ýän­di­gi bel­lenil­di.

     Gru­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bilen bo­lan du­şu­şyk­da türk­men we gru­zin par­la­men­ta­ri­le­ri­niň iki­ta­rapla­ýyn sa­par­la­ry­nyň, şol san­da Gruzi­ýa­nyň Par­la­men­ti­niň Baş­ly­gy­nyň Türk­me­nis­ta­na ama­la aşy­ran sa­pary­nyň, türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň şu gezek­ki sapary­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ne üns çe­ki­lip, gel­jek­de bu ugur­da bile­lik­dä­ki he­re­ket­le­ri iler­let­me­giň iki hal­kyň aba­dan durmuşynyň bäh­bidi­ne hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bildi­ril­di. Şunda soň­ky wagt­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki yzy­gi­der­li sy­ýa­sy gatnaşyk­la­ryň iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ýandy­gy nyg­tal­ma­ga mynasyp­dyr. Di­ňe ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da Prem­ýer-mi­nistr Irak­liý Ko­ba­hid­ze Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çykal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji masla­haty­na hem-de Hal­ka­ra pa­ra­hat­çylyk we yna­nyş­mak ýylynyň jem­leý­ji wa­ka­sy bo­lan iri hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­mak maksa­dy bi­len iki gezek Türk­me­nis­tan­da sa­par­da bol­dy. Öza­ra gat­na­şyk­lar­da ener­ge­ti­ka, se­na­gat, ulag-lo­gis­ti­ka, sag­ly­gy goraýyş ul­gam­la­ry gel­je­gi uly ugur­lar ha­sap­lan­ýar. Türkmenistan «Ha­zar deň­zi — Ga­ra de­ňiz», «La­pis Lazu­li», «Ýa­şyl» port ýa­ly tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge we ösdürmäge gy­zyk­lan­ma bildir­ýär.

     Türk­me­nis­ta­nyň par­la­ment we­kili­ýe­ti­niň Gru­zi­ýa sa­pa­ry­nyň çäk­le­rinde Tbi­li­si şä­he­rin­dä­ki Gah­ry­man­lar meý­da­nyn­da mil­li gah­ry­man­la­ryň hor­ma­ty­na gül des­se­le­ri go­ýul­dy. 

     Umu­man, bu sa­par par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy ar­ka­ly döw­le­ta­ra hyzmat­daş­ly­gyň ösü­şi­ne go­şant goşmak­da mö­hüm ädim­le­riň biri bol­dy. Da­şa­ry döw­let­le­riň par­la­ment­le­ri bilen gat­na­şyk­la­ry iler­let­mek, Ga­raşsyz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni dün­ýä ýaýmak ba­bat­da dö­red­ýän giň mümkinçilik­le­ri üçin Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za we Gah­ry­man  Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den sagbol­sun aýd­ýa­rys. 

 

Mak­sat  KU­LY­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Hal­ka­ra we par­la­men­ta­ra ara­gat­na­şyk­lar ba­ra­da­ky komiteti­niň baş­ly­gy.