The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty halkara giňişliginde barha rowaçlanýar. Hemişelik Bitarap ýurdumyzyň sebit we ählumumy derejelerde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde uly tagallalar edýär.
Ýurdumyz halkara gatnaşyklar ulgamynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň, açyk we dostlukly ýörelgelerine gyşarnyksyz eýermek bilen, ygtybarly tarap hökmünde uly abraýa we ynama eýe boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga esaslanan daşary syýasy ýörelgeleri iş ýüzünde hil we mazmun taýdan baýlaşmak bilen bilelikde, sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň täsirli we netijeli guralynyň binýatlyk esaslary bolup hyzmat edýär. Ýurdymyzyň häzirki döwürdäki derwaýys meseleleriň çözülmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldaw tapýar.
Dünýäniň ençeme döwletleri bilen bir hatarda, 1992-nji ýylda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky ýola goýulan dostlukly gatnaşyklar syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ösdürilýär. Golaýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Gruziýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde iki döwletiň kanunçykaryjy edaralarynyň wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ýurdumyzyň Gruziýa bilen parlamentara gatnaşyklara ýokary baha berýändigi we ony ähli ugurlar boýunça ösdürmäge taýýardygy aýdyldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmekde halkara hukuk ulgamyndaky özara hereketlere uly ornuň degişlidigini bellediler. Şunda parlament diplomatiýasy möhüm ähmiýete eýe bolup, ol halkara ýagdaýlara netijeli täsir etmäge, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy dikeltmek üçin şertleri döretmäge, halklaryň özara düşünişmegine ýardam etmäge, dürli milletli we syýasy garaýyşly adamlaryň arasynda deňhukuklylyga, özara hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Gruziýanyň Parlamentiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Ylalaşyk özara hormat goýmak we deňlik ýörelgelerine esaslanýan parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Bu bolsa parlament derejesinde ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna uly goşant bolar.
Ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmakda ýadawsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Çemen REJEPOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty