Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

DÖWLETLI TUTUMLARYŇ YKRARNAMASY

 

     Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy bilen bagly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitlenilýär. Muňa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda alnyp barylýan asylly işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. 

 

     Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimize Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işlere we gazanylýan netijelere dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berilýän ýokary bahanyň ykrarnamasydyr.

     Türkmenistan dünýä derejesinde sagdynlygy we abadançylygy üpjün etmek, adamlaryň saglygyny, beden hem ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň saglygy goraýyş, ilat we ösüş ugrundaky umumy strategiýalaryny goldaýar. Ýurdumyz olar bilen bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirip, bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

     Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen öňe sürlen we işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde täze taryhy eýýamymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň işi düýpli kämilleşdirildi. Şunuň bilen bir hatarda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilaty bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, öňüni alyş işlerini geçirmek, ýokanç keselleri irki döreýiş wagtynda anyklamak we netijeli bejermek bilen bagly işlerde uly üstünliklere ýetildi.

     Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan döwletli ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar, uzak geljegi nazarlaýan taslamalar diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Häzirki günlerde paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezlerini we Stomatologiýa merkezini ulanmaga bermek, «Arçman» şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumyny işe girizmek bilen bagly alnyp barylýan düýpli işler hem şu asylly maksatdan ugur alýar. Hut şu mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly abraýly sylagyň gowşurylmagy tutuş halkymyzda çäksiz buýsanç döredýär. Biz hormatly Prezidentimizi bu ýokary derejeli sylagy bilen tüýs ýürekden gutlap, janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny, halkymyzyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň kuwwatlanmagynyň bähbidine amala aşyrýan beýik işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Gadam HEMRAÝEW, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň  başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň  Mejlisiniň deputaty.

19.02.2026 Giňişleýin

ALKYŞLARYMYZ ÝÜREKDENDIR, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ!

                                                         

— Etrabymyzyň 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýeňiji bolup,Türkmenistanyň iň gowy etraby diýlip kesgitlenendigi baradaky habar biziň başymyzy göge ýetirip, kalbymyzy joşdurdy. Çünki bu, goýny 360 pirli topragymyza, onuň taryhyna, häzirki döwürdäki bedew batly ösüşlerine, gazanýan netijelerine uly hormat hem-de ýokary baha boldy. 

     Ähli halkymyz bilen birlikde, geçen ýyl etrabymyzyň ýaşaýjylary üçin hem örän düşümli, ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Etrabymyzyň çäginde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilen Bitaraplyk şäherçesiniň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Biz häzirki wagtda bu ajaýyp şäherçäniň bagtyýar ýaşaýjylary hökmünde özümize şeýle eşretli durmuşyň miýesser bolandygyna örän guwanýarys. Bize şeýle bagtyýarlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleriniň uzak, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 

Aýgözel KUTLYÝEWA, Köneürgenç etrap bilim bölüminiň hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty:

19.02.2026 Giňişleýin

WASPYŇ DILLERDE, BEDEW!

 

     Her bir güni uly üstünliklere beslenýän güneşli ülkämizde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da has-da belent sepgitlere ýetmek ugrunda tutumly işlere badalga berilýär. Döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. 

     2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy göwünlerimizi joşdurdy. Täze taryhy eýýamda ahalteke bedewleri Türkmenistanyň esasy nyşanyna, nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyna öwrüldi. Ýylky ýylynyň ajaýyp şygary we nyşany il-günümizde buýsanç duýgularyny döretdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda gazanylýan beýik ösüşler her bir ynsany guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyz “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda: “Bedew — ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýç” diýip, belleýär. 

     Görnüşi ýaly, atyň wepasy ajaýyp duýgulary, ynsana bolan ýakynlygy özünde jemleýär. Halk arasynda “At üstüne müneni tanar”, «At — ýigidiň diregi, haly — gyzyň ýüregi”, “At saklamak — han saklamak”, «At rysgaly alnynda”, “At aýlanyp, gazygyny tapar, suw aýlanyp, ýarygyny”, “At agynan ýerde toý bolar”, “At ady bilen ýigit ody bilen”, «At basyşyndan belli, är — bakyşyndan” ýaly, türkmen halk döredijili ginde at bilen baglanyşykly nakyllar bar. 

     Bedew sarpasyny belende göterýän, döwletimiziň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň ýokary göterilmeginde ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin! 

 

Maral GARAGULOWA. Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

19.02.2026 Giňişleýin

TOÝ-BAÝRAMYŇ ÝARAŞYGY

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli gymmatlyklaryna goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşany boldy. Bu şygar halkymyzyň taryhy ykbalynyň, ruhy dünýäsiniň hem-de ýaşaýyş pelsepesiniň jemlenmesi hökmünde ulus-ilimizi galkyndyrdy. 

     Bedew ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden baýram ediljekdigi buýsanjymyzy artdyrýar. Toýlaryň bezegi hasaplanylýan behişdi bedewlerimiz öz gözelligi, okgunly bady bilen şan-şöhratymyzy dünýä ýaýýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünliklerini görkezmek bolar. Bu festiwalda topar sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalar bilen sylaglanyldy. Bu waka şanly ýylyň özboluşly badalgasyna öwrüldi. 

     Şeýle-de, golaýda Gahryman Arkadagymyzyň Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna we “Görogly” adyndaky Döwlet atçylyk sirkine baryp görmegi, şol ýerde “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşmagy ildeşlerimizde uly guwanç we hoşallyk duýgusyny döretdi. Bu duşuşyklar ýaşlaryň bedewlere bolan gyzyklanmasyny has-da güýçlendirdi. 

     Milli Liderimiziň “At — myrat” okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde sowgat berilýändigini aýtmagy jemgyýetimizde gyzgyn goldaw tapdy. Bu sahawatly ädim çagalaryň bedewlere bolan söýgüsini artdyrmakda, olaryň kalbynda mähir we watansöýüjilik duýgularyny terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýe boldy.

     Hormatly Prezidentimiziň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, bu topary 3 million manat bilen sylaglamak baradaky Karary halkymyzyň göwün guşuny göge göterdi. Bu goldaw toparyň döredijilik mümkinçiliklerini has-da giňeldip, onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga uly itergi berdi.

     Behişdi bedewlerimiziň şöhratyna şan goşýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Maksat JANMYRADOW. TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

19.02.2026 Giňişleýin

SANLY ULGAMYŇ MILLI HUKUK BINÝADY

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň, ähli halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň netijesinde çekilýän zähmet eziz Diýarymyzy ajaýyp zähmet üstünliklere, belent sepgitlere ýetirýär. Adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň  häzirki tapgyrynda ylmyň we tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi ähli ugurlardaky özgerişleriň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülip, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirip, dürli gurşawlarda täze mümkinçilikleri döredýär. Sanly  ulgama geçişiň  işjeňleşýän  döwründe  islendik ýurduň ykdysady ösüşi, senagatyň, sanly hyzmatlar, ylym-bilim, söwda, işewürlik we beýleki ulgamlaryň ilerlemegi maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen baglanyşykly täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilmegine esaslanýar.

 

     «Sanly ykdysadyýet» düşünjesine ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary babatda merkezi düşünje hökmünde garamagymyz gerek. Sebäbi sanly ykdysadyýet ähli düzümleriň sanly ulgam arkaly dolandyrylmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki zaman bazar gatnaşyklaryna geçilmeginiň we raýat jemgyýetiniň gymmatlyklarynyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň, Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni-durmuş taýdan ösdürmek, ähli ugurlarda sanly ulgama geçmek boýunça alnyp barylýan işleriň, gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda sanly ulgamyň kämil kanunçylyk binýadynyň bolmagy, alnyp barylýan döwlet syýasaty, maksatnamalaýyn amala aşyrylýan işler durýar. 

     Sanly ulgama geçmek, sanlylaşdyrmakda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli we öz wagtynda ýerine ýetirmegiň hökmany şertleriniň biri bu ugurda kämil kanunçylyk binýadynyň bolmagydyr. Ýurdumyzda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy üpjün etmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryň esasy binýady hökmünde Türkmenistanyň Konstitusiýasy çykyş edýär. Esasy Kanunymyzyň 16-njy maddasynda döwletiň ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýändigi, ylmy-tehniki syýasaty jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine ýöredilýändigi, ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagynyň, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýandygy barada konstitusion kadalar öz beýanyny tapýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda alnyp barylýan sanlylaşdyrylmak işleriniň kämil derejede bolmagyna hukuk taýdan esas bolup durýar. 

     Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron hökümet hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiber howpsuzlyk hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» we beýleki ençeme Türkmenistanyň Kanunlarynyň hereket etmegi ýurdumyzda innowasiýalaryň, elektron resminama dolanyşygynyň, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň, maglumatyň goraglylygynyň hukuk binýadynyň döredilendigine şaýatlyk edýär. Ýokarda agzalan Kanunlarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri, sanly hyzmatlar, täze innowasiýalar, elektron resminama dolanyşygy, pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy baradaky kadalaryň öz beýanyny tapmagy we olaryň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de döwrüň talabyna görä kämilleşdirilip durulmagy giň mümkinçilikleri döredýär. 

     Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň täze ösüşleri gazanmagynda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Sanly ykdysadyýete geçmekde ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler ýörite meýilnamalar esasynda alnyp barylýar. 

     2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny», şeýle-de bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly öňde goýlan wezipeleriň meýilnamalaýyn esasda, tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi, sanly bilim, sanly lukmançylyk, maliýe pudagyny sanlylaşdyrmak ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen sanly bilim-ylym, sanly lukmançylyk, telelukmançylyk we beýleki hyzmatlar ulgamynda täze sepgitlere ýetilýär. Hususy pudagy goldamagyň çäklerinde kiçi we orta telekeçiligi sanlylaşdyrmaga, dolandyryşyň netijeliligini we hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga şertleri döreder. Fiziki we ýuridik şahslaryň işlerinde has amatly şertleri üpjün edip, olaryň netijeliligi ýokarlandyrmaga, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda emeli aňdan ýerlikli peýdalanyp, ösüşleriň gazanylmagyna, ilatyň sanly sowatlylygynyň ýokarlanmagyna, internet  hyzmatlarynyň durnukly bolmagyna, elektron söwdanyň we sanly töleg hyzmatlarynyň has-da ösmegine, ýurdumyzda durnukly ösüşiň gazanylmagyna ýardam eder. Elektron Döwlet hyzmatlary portalyndan («e.gov.tm») peýdalanýanlaryň sany artýar hem-de maglumat tehnologiýalarynda, innowasiýalardan peýdalanmakda, programmirlemekde zenanlaryň orny hem-de inklýuziw gatnaşyklar ýokarlanar. Her bir raýatyň elektron hökümetiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyna, önümçilikde emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga, ýokary ussatlygy bolan hünärmenleri taýýarlamaga, sanly tejribeleri ornaşdyrmaga, ýurdumyzda sanly ulgamyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmäge, döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär. 

     Ýurdumyzda adamyň gündelik durmuşyna öňdebaryjy, kämil tehnologiýalary ornaşdyryp, ylmyň, tehnikanyň, önümçiligiň baglanyşygynda amala aşyrylýan tutumly işler dünýä ýurtlary we döwür bilen aýakdaş gitmäge ýardam berýär. Eziz Diýarymyzda sanly ulgam babatda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi, berkarar Watanymyzda jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hasaplanylýan adam hakynda bimöçber alada edilýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Nepes ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

13.02.2026 Giňişleýin

DÖWRÜŇ BELENT SEPGITLERI — GEÇMIŞIŇ ÝAŇY, GELJEGIŇ DAŇY

 

     Halk arasynda «Her döwür — bir döwür» diýlen aýtgy bar. Türkmeniň häzirki altyn asyrynda döwrüň döwrany üýtgeşik, ýyllary biri-birinden zyýada. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan binýat bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew batly ösüşleriň dowamat tapyp, halkymyzyň altyn taryhynyň ýazylýan döwrüdir. Bu döwür geçmişiň şöhratlanýan, geljegiň belent ynam bilen gurulýan döwrüdir. Bu döwür berkarar döwleti islän Magtymguly Pyragynyň hem-de paýhasly pederlerimiziň, watansöýer gerçekleriň arzuwlarynyň wysalydyr. Täze taryhy döwre çenli geçilen mertebeli menziller, şöhratly ýollar halkyň ýagşy niýetlerinden, agzybirliginden, ynam-ygtykadyndan, iň esasy zat hem, watanperwerliginden rowaçlanandyr. Döwrüň okgunly ösüşleriniň binýady pederlerimiziň döwlet gurmakda we dolandyrmakda döreden paýhas mekdebine, köpýyllyk tejribesine, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz zähmetine, Watan, il-halk bilen bagly tagallalaryna esaslanýar. Häzirki döwrümiziň bedew batly ösüşleri döwletimiziň at-abraýyny, halkymyzyň mertebesini dünýäde şöhratlandyrýar. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew» atly kitabyndaky: «Bedew batly wakalar döwrüň beýik sepgitleriniň durmuş hakykatynyň aýdyň subutnamalarydyr» diýen setirlerini mysal getirmek has-da ýerlikli bolar. 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak ýaly asylly däbe eýerilýän ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary esasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy «At — myrat» diýen ýagşy niýeti ýaran edinen halkymyzyň behişdi bedewlerimize bolan egsilmez söýgüsiniň bedew batly ösüşlerimiziň dowamat-dowam bolmagy baradaky arzuw-umytlary bilen sazlaşýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden toýlanyljak ýylynyň şygary bedew batly taryhy wakalary bilen halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar.

    Şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk festiwalynda Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasynyň halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy döwrümiziň beýik üstünlikleriniň üstüni ýetirip, bedew ata atlanan türkmeniň hemişe-de ýeňşe ýaran bolýandygyny ýene bir gezek subut eden waka boldy. Şu taryhy waka mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hem-de Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, «At — myrat» okuw merkeziniň çagalary, şeýle-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olar bilen söhbetdeş bolmagy, hususan-da, merkeziň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, «At — myrat» okuw merkeziniň çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde pul sowgadyny, halkara derejede uly abraýa eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna bolsa hormatly Prezidentimiziň 3 million manat sylagyny, toparyň agzalarynyň her birine ussatlyk bilen ýasalan at eýerlerini gowşurmagy at bilen örküni baglan türkmen ýaşlary bilen birlikde tutuş halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyz» atly bedew aty «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat bermegi ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň şöhratlanýan ýylynda çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Sebäbi türkmen ruhuna kybap gelýän bedewlerimiziň erkinligi halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny, behişdi jandaryň batly howalasy bolsa belentser, şirhaýbat türkmeniň ruhy keşbini suratlandyrýar.

     Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende göterip, atçylyk sportuny, atly oýunlary ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, bedew batly Diýarymyzyň ösüşleriniň dowamat-dowam bolmagy ugrunda alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Annabagt MAÝEWA, welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe, bilim we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

12.02.2026 Giňişleýin

IL-ÝURT BÄHBITLI IŞLER

 

     Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­mynyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýurdumyz ro­waç­lyk­la­ra bes­le­nip, be­ýik ösüş­ler gö­wün­le­ri galkyn­dyr­ýar. Be­dew batly ösüş­le­re bes­len­ýän ýur­du­myz­da alnyp ba­ryl­ýan giň göw­rüm­li ne­ti­je­li iş­ler hal­ky­my­zyň bagtyýarly­gy­na, ýur­duň gül­läp ös­me­gi­ne gö­nük­diri­len­dir. «Garaş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­ - ­be­dew bat­ly at-myradyň me­ka­ny» diý­lip  at­lan­dy­ryl­ýan  şöh­rat­ly ýy­ly­my­zyň her bir gü­ni, her pur­sa­dy ýat­da ga­ly­jy toý­-baý­ra­ma, şan­ly wakala­ra bes­len­ýär. Bu ha­ky­kat aja­ýyp döw­rü­mi­ziň ady­na myna­syp bagty­ýar­lyk  döw­ri  bo­lup, bu gün­ki gün ag­zy­bir jemgy­ýe­ti­mi­ziň bag­tyýar­ly­gy­nyň, aba­dan döw­le­ti­mi­ziň berkarar­ly­gy­nyň mizemez­di­gin­den ha­bar ber­ýär. 

     Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tanly­gyn­da köp san­ly ma­ýa goýum tas­lama­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Iň döw­re­bap we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly tä­ze se­na­gat kär­ha­na­la­ry yzy­gi­der­li gurul­ýar, dur­muş-­me­de­ni mak­sat­ly des­ga­lar bi­na edil­ýär. Hut şonuň neti­je­sin­de hem ýur­du­my­zyň bi­na­gärlik keş­bi ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di. Ar­ka­dag şä­he­ri döw­re­bap müm­kin­çi­likle­ri, san­ly ul­ga­myň iň ýo­ka­ry ne­ti­je­si­ni özün­de jem­läp, «akyl­ly» şäher kon­sepsi­ýa­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­rilýän­di­gi­niň aýdyň be­ýa­ny­na öw­rül­ýär. Be­lent öz­gert­me­le­re bes­len­ýän häzirki aja­ýyp döw­rü­miz­de halk bähbit­li iş­ler ro­waç­lan­ýar. Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem­-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdary­my­zyň taý­syz tagal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de gül­läp ös­ýän ýurdumyz­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­ziň her bir gü­nü­mi­ziň rowaçlyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­niň aý­dyň beýa­ny bo­lup ta­ry­ha girýär.

     Ýur­du­my­zy has-­da ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­lar üstün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le be­ýik öz­gert­me­le­ri bi­lim ulga­myn­da  hem aýdyň gör­ýä­ris. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýaş nesilleriň  bi­lim  öw­ren­mek­le­ri üçin iň döw­re­bap mümkinçilikler  döredilýär.  Hal­ka­ra  se­na­gat­çy­lar  we telekeçiler  uniwersitetiniň  aja­ýyp bi­nasy­ny, bu ýer­de dö­re­di­len giň  mümkin­çi­lik­le­ri  aý­ra­tyn  nyg­ta­mak ge­rek. Çün­ki mu­nuň özi bilim ul­ga­my­ny has­-da ösdür­mek­de  iň  tä­ze okuw bi­na­la­ryň gur­lup ulan­ma­ga berilýändigi­niň be­ýa­ny bo­lup dur­ýar. 

     Ba­şy­my­zyň tä­ji, göz­le­ri­mi­ziň  röw­şe­ni ata Wa­ta­ny­myz­da eýelen­ýän  şeý­le ýo­ka­ry sep­git­ler,  ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, ilkinji  no­bat­da, hal­ky­my­zyň  ag­zy­bir­li­gi­niň, je­bis­li­gi­niň, asyl­ly  ýörelge­si­niň  bar­ha rowaç­lan­ýan­dy­gy­nyň ny­şa­ny­dyr. Agzybirlik,  je­bis­lik  we bi­te­wü­lik  ýö­rel­ge­si ýur­du­myz­da döwlet sy­ýa­sa­ty­nyň  ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar. Äh­li üstün­lik­le­ri­mi­ziň hem ro­waçlyk­la­ry­my­zyň se­re­si bo­lan bu mukad­des ýol­-ýö­rel­gä­niň hä­zir­ki aja­ýyp za­ma­na­myz­da has­-da pug­ta­lan­ýan­dy­gy­nyň şa­ýa­dy bol­mak her bir il­de­şi­miz üçin guwan­dy­ry­jy­dyr. 

     Goý, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Arkadag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­muş derejesi­niň  üp­jün  edil­me­gi­ne, ýurdu­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len be­ýik işle­ri mun­dan beý­läk­de ro­waç­lykla­ra beslensin! 

 

Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

09.02.2026 Giňişleýin

AHYRKY GARAGYŞ

 

     Türk­men­le­riň ýyl­dyz se­ne­na­ma­sy bo­ýun­ça 8-nji few­ral­dan gy­şyň dördün­ji döw­ri — ahyr­ky ga­ra­gyş başlan­ýar. Ýig­ri­mi gün­läp  do­wam edýän  ki­çi çil­le döw­ri öz or­nu­ny ahyr­ky garagy­şa ber­ýär.

     En­tek yl­my maglu­mat­la­ra  esas­lanýan aý-gün senenamasynyň dö­re­me­zin­den ozal, hal­ky­myzyň ýyldyz­la­ryň he­re­ke­ti­ne  esaslanyp  ýö­re­den  halk se­ne­na­masy hä­li-hä­zi­re çen­li öz ähmiýeti­ni ýi­tir­män gelýär. Mun­da esa­sy asman­da­ky ýag­ty ýyldyz­la­ryň dogýan we ýaş­ýan se­ne­le­ri­ne, me­teo­ro­logik we fenolo­gik tebi­gat üýt­geş­me­le­ri­ne esas­la­nyp ýö­re­di­lip­dir. Bu sene­na­ma, esa­san, eke­ran­çy­lar we çar­wa­lar üçin ze­rur bo­lup­dyr. Şol bir wag­tyň  özün­de  hal­ky­myz ösüm­lik­le­riň, mör-möjekleriň, guş­la­ryň­dyr haýwanla­ryň özleri­ni alyp ba­ryş­la­ry bilen baglanyşyk­ly he­re­ket­lere üns be­rip, dür­li yrym-ynanç­la­ry döredip, ho­wa­ny öňün­den  çak­lap bil­me­gi ba­şa­ryp­dyr­lar. Ýyldyz se­ne­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýy­lyň döwürle­ri on iki döwre, hä­zir­ki do­wam ed­ýän gyş pas­ly hem dört döw­re bölünipdir. Bu ha­sap bo­ýunça gyş döw­ri 22-nji no­ýabr­da garagyş diý­lip at­lan­dy­ry­lan dö­wür bi­len baş­lanyp, ol on bäş gün­läp do­wam edip­dir. Soň­ra 8-nji dekabrdan 17-nji ýan­wa­ra çen­li kyrk gün­läp do­wam ed­ýän uly çil­le döw­rü­ni, 18-nji ýanwar­dan 7-nji fewra­la çen­li ýig­ri­mi gün­läp do­wam ed­ýän ki­çi çil­le döw­rü­ni, şeý­le hem 8-nji fewraldan 22-nji few­ra­la çen­li on bäş gün­läp dowam ed­ýän ahyr­ky ga­ra­gyş döw­rü­ni öz içi­ne alypdyr. Şun­luk­da, tog­san dolup, gyş döw­ri ta­mam­la­nyp­dyr. Bu ba­ra­da Mag­tym­gu­ly Pyragy «Ýa­şy­myz» at­ly şyg­ryn­da: «Ili­miz ulaş­syn sowulmaz ýa­za, Tog­san do­lup, ta­mam bol­sun gyşymyz» di­ýip ýa­zyp­dyr.

     Ahyr­ky ga­ra­gy­şyň gel­me­gi bi­len öý guş­la­ry bir aýa­gy­nyň üstün­de dur­sa, onda ho­wa­nyň so­wap, gar ýag­jak­dy­gy­na, guş­lar to­par-to­par bo­lup uç­sa­lar, Aýyň hem ýü­zi sol­gun bol­sa, ýaz aýla­ryn­da yga­lyň bol ýag­jak­dy­gy­na yna­nyp­dyrlar. Şeý­le hem bu möw­süm­de suw­lar bu­la­nyp ak­sa, Aý gy­zy­lym­tyl reň­ke gir­se, ýel­li ho­wa köp bo­lar di­ýip çak edip­dir­ler. Bu­lut­lar ýe­re ga­çaý­jak ýa­ly as­man­da top­la­nyp dur­sa­lar, ygal köp ýa­gyp, bug­daý­la­ryň bol ha­syl ber­jek­digi­ne yna­nyp­dyr­lar. Gün­diz­ki ho­wa atyň toýnagy­ny gyz­dyr­sa, gi­je­de sy­gyr­la­ryň şa­hy bur­ju­la­sa, mart aýynyň ygal­ly bolja­gy­ny aň­la­dyp­dyr. Ba­ry-ýo­gy on bäş gün dowam ed­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, bag­ba­na-da, mal­da­ra-da bu dö­wür örän ha­tyr­jem çe­me­leş­me­gi ta­lap ed­ýär.

     Gyş­da ma­za­ly­ja dynç alan köp­ýyl­lyk ösüm­lik­ler­dir agaç­lar tä­ze­den jan­la­nyp, gül­läp pyn­tyk­la­ma­ga dur­ýar. Çün­ki gi­jä­niň gys­ga­lyp, gün­di­ziň uza­ma­gy bilen, ma­ýyl ho­wa­ly gün­ler başlaýar. Gyş uku­sy­na gi­den mör-mö­jek­ler­dir haý­wanlar bol­sa gaý­ta­dan jan­lan­ýar. Bir­ýyl­lyk ösüm­lik­ler top­ra­gyň ýü­zün­de görnüp ug­ra­ýar. Meý­dan­da­ky ha­şal ot­lar bol­sa ýa­şyl öw­süp, ownuk we iri şah­ly mal­lar üçin iý­mit bo­lup hyz­mat ed­ýär. Gyrym­sy agaç­la­ryň bal­dak­la­ryn­da şi­re­je­ler dö­reýär ýa-da ozaldan bar bo­la­ny he­re­ket edip baş­la­ýar. 

     Daý­han­lar  üçin  hem jo­gap­kär­li  möwsüm baş­lan­ýar. Güýzde eken bug­da­ýy ýag­şy­ja gyş­lan­dan soň, ho­wa ma­ýyl gelen­de, olara gaý­ta­dan jan gi­rip ug­ra­ýar. Şeý­le­lik bi­len, ozaldan  eki­len  ha­sy­lyň ide­gi ar­typ baş­la­ýar. Eke­ran­çy­lar mellek ýer­le­rin­de  ýeral­ma ek­mä­ge gi­riş­ýär­ler. Bag­la­ra ideg işle­ri do­wam etdirilýär. Miwe­li agaç­la­ra, üzüm­le­re ti­mar­la­ýyş iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Zy­ýan­ly mör-mö­jek­le­re gar­şy gö­reş çä­re­le­ri görülýär.

     Mal eýe­le­ri ow­lak-gu­zy möw­sü­mi­ne taý­ýar­lan­ýar. Ow­nuk şah­ly mal­la­ryň de­ri­le­ri­niň ýum­şap baş­la­ma­gy, ma­ýyl gün­le­riň go­laý­la­ýan­dy­gy­ny ala­mat­landy­ryp­dyr. Ahyr­ky ga­ra­gy­şa durnuksyz, üýt­gäp dur­ýan ho­wa­ly gün­ler mah­sus bo­lan­soň, maldar­lar  örän  ha­tyr­jem çeme­leş­me­li. Kä ýyl­lar bu dö­wür maýyl gel­se-de, kä­te so­wuk, gar-ýa­gyş­ly, aýaz­ly gün­ler agdyklyk edip, ýer­de ga­ryň ýat­ýan wagt­la­ry-da duş gel­ýär. Şu ýyl hem ki­çi çille­de ga­ryň ýag­ma­gy, suwla­ryň doň­ma­gy ýa­ly tebi­gy  hadysalar  bo­lan­soň, «Gy­şyň gü­ni kyrk tüýs­li» diý­li­şi ýaly, tä tog­san do­lup, ýe­re ýy­ly gir­ýän­çä taý­ýar­lyk­ly bol­ma­gy ta­lap edýär.

 

Orazgeldi SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, Mejlisiň deputaty.

07.02.2026 Giňişleýin

Belent üstünlikleriň güwäsi

 

     Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünlikleriniň, ösüşiniň bedew badyna deňelýändigini, milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormatyň näderejede belentdigini ykrar edýär. Gündogar senenamasynda belgilenen ýylky ýyly güýç-kuwwaty, asyllylygy, belent maksada ýetmek üçin tutanýerli we okgunly erki aňladýar. 

     Türkmen bedewleri halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda ösdürip ýetişdiren we kämilleşdiren sungatydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan gadymy atçylyk sungatyny täzeden dikeltmek, ösdürmek boýunça giň gerimli  işler alnyp barylýar.  Seýisçilik  sungatynda  ata-babalarymyzyň iň oňat däplerini dowam etdirip, deňsiz-taýsyz tohum atlaryň arassalygyny saklamak, beden gurluşyny kämilleşdirmek, olaryň saýlama tohumlarynyň sanyny artdyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär.

     Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde janköýerleri ýetik milli gymmatlygymyz bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary has-da belende göterýär. Topar geçen ýyl Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda altyn baýraga mynasyp boldy. Watanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary we ýokary hünär ussatlygy üçin toparyň agzalary döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy. Şu ýylyň 16 - 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Bütindünýä sirk federasiýasy we Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu bolsa bedewbatly ýylymyzyň turuwbaşdanbelent üstünliklere beslenýändiginiň güwäsine öwrüldi, türkmen atçylyk sungatyny has-da dabaralandyrdy. Meşhur seýislerimiziň yhlasly zähmetiniň netijesi bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä doldurýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine bedewbatly tutumlary mundan beýläk-de rowaç alsyn! 

 

Mähriban KURAMBAÝEWA, Garaşsyzlyk etrap bilim bölüminiň hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

05.02.2026 Giňişleýin
1 ... 4 5 6 7 8 ... 115