Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

BITARAPLYK — UMUMADAMZAT GYMMATLYGY

 

     Ber­ka­rar­lyk we ösüş ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik, durmuş-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da ýe­ten be­lent de­re­je­si Mil­li Li­de­ri­mi­ziň dö­re­den, kä­mil­leş­di­ren döw­let­li­lik ýörel­ge­le­ri­niň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dün­ýä ösüşi­niň hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän tä­ze­çil, oý­la­ny­şyk­ly döw­let syýa­sa­ty­nyň aja­ýyp ne­ti­jesi­dir. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň ösüş ýo­lu­nyň mak­sa­dy gur­mak, dö­ret­mek, hal­kyň dur­mu­şy­ny gö­zel­lik­le­re, dost-do­gan­ly­ga, yn­san­per­wer­li­ge, yna­ma we ru­hu­be­lent­li­ge besle­mek ýa­ly be­ýik tag­lym­la­ry da­bara­lan­dyr­mak bo­lup dur­ýar. Mu­nuň özi hä­zir­ki dö­wür üçin iň paý­has­ly, iň ze­rur döw­let­li­lik ýo­lu­dyr. Türk­men paý­ha­sy­ny bü­tin dün­ýä ta­na­dan bu ýo­luň aýra­tyn­ly­gy onuň ýur­duň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik, me­de­ni-ru­hy, aňy­ýet dur­mu­şy­nyň tes­wi­ri de­re­je­sin­den has be­lent­lik­le­re ýe­tip, hal­kyň dur­mu­şy­nyň anyk gör­ke­zi­ji­si­ne, ýur­duň ösü­şi­niň ha­ky­ky maz­mu­ny­na öw­rü­len­li­gi­dir.

 

     Ber­ka­rar döwletimiziň üstünliklere beslenýän ösüş ýolunyň ruhlandyryjy güýji mukaddes Garaşsyzlygymyzda we Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzda jemlenendir. Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde: «Türkmenistanyň Bitaraplygy di­ňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza güýç-kuwwat berýär» diýip belledi. Bitarap we parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasaty biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly düşünje bolup, munuň özi häzirki zaman dünýä ýagdaýlarynyň çäginde adamzat medeniýetiniň ygtybarly geljegi baradaky ählumumy tagallalarda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Halkymyz üçin parahatçylykly ösüş ýolunyň ähli maksatlary bagtyýar, asuda durmuşyň kepilidir. Türkmen üçin geljegiň belentlikleri güneşli günüň aýdyň­lygy ýaly açyk-aýdyňdyr. Beýik geljege bolan berk ynam bilen ýaşaýan, işleýän, gurýan, döredýän halkymyzda şeýle ruhubelentlik, gülläp ösýän durmuş Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer işleri, döwletlilik ýörelgeleri netijesinde, şu günüň hakykatyna, geljege bolan synmaz ynama öwrülýär. 

     Döwlet syýasatyny, onuň hukuk esaslaryny, ruhy, aňyýet ýörelgelerini kemala getirmek, döwürleriň talabyna, şertlerine laýyk kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň hiline, adamlaryň hal-ýagdaýyna düýpli täsir etmek ugrunda adamzat jemgyýeti gadymy döwürlerden bäri uly alada edip gelipdir. Akyldarlar, alymlar, döwlet işgärleri, syýasatşynaslar we aň­ly-düşünjeli ýaşaýşyň dürli ugurlarynyň bilermenleri kämil jemgyýetiň esaslaryny döretmek ugrundaky tagallalara her döwürde öz goşantlaryny goşmaga çalşypdyrlar. Bu ugurda ençeme pelsepe mekdepleri, aňyýet akymlary, ylmy, medeni çeşmeler döräpdir. Adamzat taryhynyň içinden altyn sapak bolup geçýän umumadamzat gymmatlygy baradaky düşünje ynsan ýaşaýşynyň sazlaşygy hakyndaky ruhy kämilligiň iň täsirlisidir. Umumadamzat gymmatlygy — munuň özi ähli zamanalarda hemme medeniýetler, dinler we beýleki aňyýet akymlary tarapyndan umumy ykrar edilen ruhy-ahlak, jemgyýetçilik düşünjeleri bolup, ol adamzat ýaşaýşy üçin üýtgewsiz çelgi hasaplanýar. Umumadamzat gymmatlygyna, ilkinji nobatda, adalatlylyk, adam mertebesi, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, parahatçylyk, ýaşaýşa, zähmete hukuk, deňhukuklylyk ýaly gymmatly düşünjeler girýär. Türkmenler müň­ýyllyklaryň dowamynda umumadamzat gymmatlyklaryna uly goşant goşan halkdyr. 

     Garaşsyzlygymyzyň şan-şöhrata beslenen ösüş ýolunda dünýä ähmiýetli beýik döwletleri döreden halkymyzyň taryhynyň örän köp açylmadyk gatlary aýdyň ýüze çykdy. Türkmen halkynyň baý taryhy we medeniýeti dünýä jemgyýetçiligine-de barha giň­den aýan bolýar. Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Arkadagly Prezidentimiz häzirki döwrüň döwlet syýasatynyň düýpli garaýyşlaryna ünsi çekmek bilen, örän ähmiýetli, düýpli pikirleri öňe sürýärler. Şunda syýasatyň halkyň taryhynyň esasydygy, taryhyň bolsa diňe bir döwrüň gatynda galan ylym däl-de, geljege ynamly hereket etmekde iň zerur syýasy daýançdygy baradaky gymmatly pikir Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. 

     Taryh hakydalarda we ýazgylarda galýan durmuşdyr. Döwletleriň çalşygynda nesiller ýaşaýşyň, öňe hereket etmegiň, durmuş ýörelgeleriniň dogry ýollaryny taryhy tejribeler arkaly öwrenýärler we bu ýollary özgerýän döwürleriň şertlerine uýgunlaşdyrýarlar. Jemgyýetçilik, halkara gatnaşyklar babatda-da bu şeýledir. Munuň özi mizemez kadadyr, adamzadyň aňyna ornaşan berk düşünjedir. Bu ýoluň dogry we gyşarnyksyz dowam etmeginde belli taryhy şahsyýetleriň, döwletiň, halkyň ykbalyna jogapkär bolan liderleriň ornunyň örän uludygyny maglumat asyrynyň häzirki ösüş ýollary aýdyň görkezýär.

     Häzirki ösen zamanada meşhur syýasatçylaryň, syýasy liderleriň bitirýän işleri, öňe sürýän pikir-garaýyşlary di­ňe bir ýurduň däl-de, dünýä taryhynda orun alýar. Şu günki aýdylýan pikiriň adamzadyň geljeginiň hem kepili bolup durýandygynyň özi syýasy, milli liderleriň şu günki we geljekki taryhyň gatyndaky ornuny has çuň­laşdyrýar, berkidýär. 

     Taryhyň gatyndan beýik pederleriň biziň günlerimize gelip ýeten ruhy, aňyýet, döwletlilik, durmuş ýollarynyň nesilleriň abadan durmuşynyň ýol görkeziji ýörelgesi bolup durşy ýaly, häzirki döwrüň täze taryhynyň ýyl ýazgysy hem geljegiň mizemez ruhy, syýasy-jemgyýetçilik esaslarydyr we döwürdeşlerimiziň buýsanjy, ynamy bilen kämilleşýän ygtybarly ýaşaýyş ýoludyr. 

     Ösüşleriň ygtybarly, netijeli ýoluny döretmekde, ösdürmekde we kämilleşdirmekde Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçiren we üstünlikli dowam etdirýän il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli işlerini beýik taryhyň beýany, ägirt uly ruhy-aňyýet güýjüne eýe bolan syýasat diýip atlandyryp bolar. Bu beýik işler döwleti we jemgyýeti ösüşler bilen öňe alyp gitmegiň, halkara hyzmatdaşlygy netijeli guramagyň, şeýle hem hoşniýetli goň­şuçylyk gatnaşyklarynyň nusgalyk tejribesi bolup, ol dünýäde giň­den ykrar edilýär. Munuň özi özgerýän we çylşyrymlaşýan dünýä gatnaşyklarynyň çäginde öçmejek nur bolup, Zemine ýagtylyk saçýar. Şol ýagtylygyň esasy çeşmesi Bitaraplykdyr. 

     Ählumumy gymmatlyklary döredip, döwürlerden-döwürlere ösdürip gelýän adamzat jemgyýetiniň paýhas akabasyny, zamanalaryň özgerişini dogry ýola gönükdirmekde gudratly güýje eýedigini görkezýän Bitaraplygyň Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady bilen kemala gelen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara başlangyçlary esasynda barha ösdürilýän durmuş filosofiýasy derejesinde gymmatlydygyny wagt aýdyň görkezýär. Bitaraplyk di­ňe bir türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň çelgisi bolman, eýsem, häzirki zaman adamzat jemgyýeti we geljek nesilleriň abadançylygy üçin-de bahasyna ýetip bolmajak gymmatly taglymatdyr. 

     Milli Liderimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Bitaraplyk örän döredijilikli işdir. Ol syýasy, ykdysady, taryhy we medeni meseleleri öz içine alýar. Iş ýüzünde bu hemişe şeýledir. Özüniň dünýä bolan gatnaşygy bilen bagly asylly gymmatlyklaryny we parasatly ruhy dessurlaryny bütin dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen döwlet derejesiniň belentligine göterip bilen halkyň beýik geljegi bardyr» diýip nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu dürdäne sözleriniň çuň manysy wagt geçdigiçe has aýdyň ýüze çykýar. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän ähli başlangyçlaryny, pikir-garaýyşlaryny, ösüş maksatnamalaryny düýpli seljerip, netijeleri jemläniň­de, bir hakykat äşgär ýüze çykýar. Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde tutýan ýoly örän aýdyň­lygy, durnuklylygy, yzygiderliligi we ygtybarlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Munuň özi netijeli halkara hyzmatdaşlygy, parahatçylykly gatnaşyklary guramakda iň zerur şertdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwrüň belentligine çykaran bitaraplyk syýasaty taryhyň gidişine oňyn täsir edýän parahatçylykly we ynanyşmak ruhundaky adalatly ösüş ýoludyr. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir» diýen sözleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň umumadamzat gymmatlygy derejesindäki ähmiýetini ýene bir ýola tassyklaýar. 

     Türkmen Bitaraplygyny dünýä bileleşiginiň gymmatlygy hasap edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň paýhasly, öň­dengörüjilikli syýasaty, dünýä ähmiýetli başlangyçlary netijesinde, Bitaraplyk umumadamzat gymmatlygy derejesinde has-da meşhur bolýar. Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň mazmunyndaky ynsanperwerlik, hoşniýetli goň­şuçylyk, birek-biregiň bähbitlerine we tutýan ýoluna hormat goýmak ruhy halkara, döwletara, sebitleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda biziň ýurdumyza bolan ynamy has artdyryp, onuň ornuny pugtalandyrýar. 

     Bitaraplyk Garaşsyzlyk eýýamynda türkmen halkynyň beýik ruhy gazananydyr. Bu düşünjäniň çägine parahatçylykly durmuş, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, her bir halkyň ýetýän belentliklerini we gazanýan üstünliklerini ykrar etmek, durmuş-ykdysady ösüşleri gazanmakda arkalaşykly hereket etmek, umumy ykrar edilen halkara hukugyň esasy ýörelgelerini goldamak we goramak, deň­hukukly gatnaşyklary üpjün etmek ýaly, häzirki döwür üçin iň­ňän möhüm bolan çemeleşmeler girýär. Halkara hukugyň esasy hökmünde kesgitlenen bu ýörelgeleriň Bitaraplygyň ideýalary bilen umumy garaýyşda bir ýere jemlenmesi türkmen Bitaraplygynyň täsirini has-da artdyrýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde dabaralandyrýan bitaraplyk syýasatynyň taryhy ähmiýetini has-da çuň düşünjä öwürýär.

      Gök de­ňizde ýaşyl tugumyzy parladyp, çar tarapa ýol salýan äpet söwda gämileri bilen birlikde, ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda sak durýan döwrebap harby gämilerimiz, dünýäniň iň kämil uçarlary, şäherlerimiziň abat, asuda ýollaryna görk berýän döwrebap awtobuslar, ýe­ňil awtoulaglar, goň­şy ýurtlar bilen aralykda parahatçylykly ösüşiň ýüklerini dynuwsyz daşaýan otlular, uçarlar, ýokary tizlikli täze ýollar, abatlygyň, ösüşiň, hyzmatdaşlygyň nyşany bolan halkara gaz geçirijiler ýaly, döwrüň beýik ösüşlerini görkezýän, ruhubelentlik bilen bitirilen işleri di­ňe bir sanap çykmak hem aň­sat däl. Şeýle işler örän köp. Olaryň her biri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyl-paýhasy, başarjaň­lygy bilen ýazýan beýik türkmen taryhynyň altyn sahypalarydyr. Sebitde ilkinji «akylly» Arkadag şäheriniň özi-de beýik döwrümizden geljek nesillere miras galjak deň­siz-taýsyz peşgeşdir. Türkmen gudratynyň anyk nusgasydyr. 

     Türkmenistan bu gün parahatçylykly hyzmatdaşlygyň, ylym-bilimiň, medeni gatnaşyklaryň mekany bolup, ýokary sporta ynamly aralaşýan, sanly ulgamy çalt özleşdirýän ýurt derejesine ýetdi. Ähli ösüşlerimiz, özgerişlerimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň alyp barýan oýlanyşykly, parasatly syýasatynyň netijesi bolup, şol paýhasly, örän netijeli we üstünlikli syýasaty barha kämilleşdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy tagallalary örän uludyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun! 

 

Ata SERDAROW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty.

30.10.2025 Giňişleýin

BERKARARLYGYŇ MIZEMEZ ÝOLY BILEN

 

     Döwlet berkararlygymyzyň şanly senesiniň öňüsyrasynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi döwlet hem jemgyýetçilik durmuşyny ösüşiň täze menzillerine ýetirmekde syýasy waka öwrüldi. Halkymyzyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçen umumy milli forumda halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşlerini mundan beýläk hem ilerletmäge gönükdirilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi

 

     Taryhy mejlisiň netijeleri barada oýlananyňda, ýurdumyzyň garaşsyz ösüş ýolunda diňe bir şu günüň däl, eýsem, uzak geljegiň binýadyny goýýan maksatly wezipeleri durmuşa geçirip gelýändigine magat göz ýetirýärsiň. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda: «Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerini berkitmek esasy maksadymyzdyr» diýip, örän jaýdar belläp geçdi. Hakykatdan-da, islendik bir döwletiň özüni ykrar etdirmekde, ösüş ýolunda mertebeli menzillere ýetmekde öňünde belent maksat goýup, onuň amala aşmagyny gazanmak esasy wezipesi bolup durýar. Bu taglymat örän oýlanyşykly hem işjeň döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynda, peder ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň häzirki wagtdaky amala aşyrýan tutumlarynda özüniň doly beýanyny tapýar. 

     Taryhy döwrümizi beýgeldýän uzak ýyllar üçin kesgitlenen döwlet maksatnamasy türkmen durmuşynyň öňe ilerlemeginde iň oýlanyşykly ädilen möhüm ädime öwrüldi. Bu barada hormatly Prezidentimiz çykyşynda: «Biz ykdysadyýetimiziň ösüşini maksatnamalaýyn esasda alyp barmaga aýratyn ähmiýet berýäris» diýip, belläp geçdi. Maksatnamalaýyn wezipeleri tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirmek bilen, jemgyýetde depginli ösüşiň, syýasy durnuklylygyň, ykdysady taýdan ilerlemeleriň, döwletiň, döwrüň, halkyň bitewüliginiň amallaryna ýetmekde örän oýlanyşykly çemeleşmeleriň nusgalyk netijeleri açylyp görkezilýär. 

     Hormatly Prezidentimiziň çykyşyndan belli bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşi ýurdumyzyň býujet girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Oňa laýyklykda, şu ýyl döwletimiziň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeleri gönükdirmek bilen, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 65,6 göteriminiň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 34,4 göteriminiň sarp edilip, döwlet býujetiniň çykdajylar böleginiň maksatlaýyn peýdalanylmagy we özleşdirilmegi gazanyldy. Nesip bolsa, geljekde ýurdumyzyň ykdysady görkezijiler boýunça dünýäniň ösýän döwletleriniň sanawynda mynasyp orun almagy üçin tagallalar ediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, durmuş-ykdysady strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. 

     Halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döwletimiziň gülläp ösüşleri ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, maksatly tutumlary rowaç alsyn! 

 

Rasul SADULLAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

30.10.2025 Giňişleýin

HIMIÝA SENAGATY KUWWATLANÝAR

 

     Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatyny ösdürmäge ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Bu ugurda uly möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, iri taslamalar amala aşyrylýar, önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. 

 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň öň ýanynda Türkmenabadyň S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň düýbüniň tutulmagyna ak pata bermegi hem taryhy waka öwrüldi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işlere täze bir öwüşgin çaýdy. 

     Täze toplum ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini we içerki sarp edijileri ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa Garaşsyz döwletimizde azyk howpsuzlygyny berkitmäge hem-de daşary ýurtlardan getirilýän fosforly dökünleri özümizde öndürmäge şert döredýär. Döwlet Baştutanymyz düýbi tutulan täze toplumyň oba hojalyk önümçiliginiň köptaraplaýyn ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigine, koreýaly hünärmenleriň türkmen kärdeşleri bilen bu işe öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna uly ynam bildirdi. 

     Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin ähli serişdelerden we mümkinçiliklerden peýdalanmagyň esasy strategiki ugur hökmünde saýlanylyp alnan döwründe himiýa senagatyna şeýle ünsüň berilmegi örän bähbitlidir. Himiýa senagaty pudagynyň çalt depginlerde ösdürilmegi tutuş ykdysadyýetimiziň ösüşlerini berkidýär. Çig mallaryň gaýtadan işlenilen we baýlaşdyrylan görnüşleriniň möçberi artýar. 

     Tebigy baýlyklarymyzy toplumlaýyn özleşdirmek milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly bolan himiýa senagatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda uly öňegidişlikler gazanyldy. Welaýat merkezimizde mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurulmagy bilen ýurdumyzyň himiýa senagatynyň  kuwwaty ep-esli artar. 

 

Intizar AWLÝAKULYÝEW, Çärjew etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

30.10.2025 Giňişleýin

IRI PUDAGYŇ ÝEŇIŞLI GADAMLARY

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly içeri we daşary syýasaty Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginlerde ösdürilmegine itergi berýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine ýokary tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň, sanly ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagy  guwançly  netijeleriň gazanylmagyna ýol açýar. Garaşsyzlyk ýyllaryň içinde döredilen dokma senagaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň öňdebaryjy pudaklarynyň birine öwrülip, bu pudagyň ösüşli ýoly uly ýeňişlere beslenýär. 

     Garaşsyz döwletimiziň dokma senagatynyň dürli önümçilikli  kärhanalarynda bitirilýän tutumly işleriň bady artýar. Bu pudak dogrusynda gürrüň açylanda aýratyn nygtamaly zadyň biri, güneşli Diýarymyzda öndürilýän gymmatly çig mal bolan pagta hasylyndan bäsleşige ukyply dürli önümleriň öndürilýänligidir. Elbetde, pagta hasylyndan taýýar önüm kemala gelýänçä çylşyrymly önümçilik talap edilýär. Mysal üçin, pagta arassalaýjy kärhanalarda pagta gaýtadan işlenilip, süýüm alynýar. Soňra kämil tehnologiýaly egirme fabriklerinde pagta süýümi  gaýtadan işlenilýär hem-de ýüplük alynýar. Egirme  fabriklerinde  pagta süýüminden dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýüplükleriň birnäçe görnüşleri öndürilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň çar künjeginde, şol sanda biziň welaýatymyzda-da hereket edýän dokma fabriklerinde ýokary hilli dokma önümleriniň ençeme görnüşleri öndürilýär. Şol taýýar önümlere isleg bolsa, içerki bazarda-da uly welin, daşary bazarlarda isleg barha ýokarlanýar. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady ösüşinde aýgytly ädimdir. 

     Ýokarda ýatlan önümçilik yzygiderliliginiň gözbaşynda bolsa, pagta arassalaýjy kärhanalarynyň işçileriniň döredijilikli zähmeti durýar. Bu hakykata pagta arassalaýjy  kärhanamyzda  bitirilýän işleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Kärhanamyzyň önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmagy başarýan zähmetsöýer hünärmenlerimizdir işçilerimiz bu ýere tabşyrylýan “ak altyny” gaýtadan işlemegiň abraý bilen hötdesinden gelmegi başarýarlar. Kärhanamyzda öndürilýän süýümiň  hiliniň ýokary bolmagy ugrunda ähli tagallalar edilýär. Bu ýeriň zähmetsöýer adamlary bellenilen tabşyryklary artygy bilen berjaý edip, gowy netijeleri gazanýarlar. 

     Türkmen halky Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny uly üstünliklere beslemegi  maksat edinýär. Döredijilikli zähmetiň netijesinde bolsa, asylly maksatlarymyz myrat bolýar. 

 

Kerwen ZYRRYÝEW. Garagum pagta arassalaýjy kärhanasynyň çig mal we taýýar önümler bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

30.10.2025 Giňişleýin

MÖHÜM ÇÖZGÜTLER HALKYMYZY RUHLANDYRÝAR

 

     Mukaddes Garaşsyzlyk toýumyzyň öň ýanynda paýtagtymyz Aşgabatda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi döwletimiziň il-ýurt we halkara bähbitli meseleler boýunça giň çözgütleriň kabul edilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresi hökmünde taryhymyzyň altyn sahypalaryna ýazyldy. 

 

     Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy öňde goýulýan meseleleriň we kabul edilýän çözgütleriň aýratyn döwlet we il-ýurt ähmiýetlidigini tassyklaýar. Gün tertibine laýyklykda, Halk Maslahatynyň bu gezekki mejlisine raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we ýurduň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen strategik başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak, Türkmenistanyň halkara giňişliginde ileri tutýan ýörelgelerini alamatlandyrýan parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, daşky gurşawyň howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi, suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri girizildi. 

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde öňde goýlan wezipeleriň ýurdumyzyň her bir raýatynyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bardyr. Olary mynasyp amal etmekde halkymyz agzybir, jebis bolup, halal zähmet çekýär. 

 

Mer­dan ORAZ­ME­RE­DOW, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

28.10.2025 Giňişleýin

BEÝIK BAŞLANGYÇLARYŇ YKRARNAMASY

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda taryhy maksatnamalar we döwrebap taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Binagärlik we gurluşyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylyp, asyrlara barabar işler ýerine ýetirilýär. 

     Bu gün «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, sebitimizi ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Täze döwrebap şäherçeler we obalar, ýaşaýyş jaýlary, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary, sport merkezleri, önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. 

    Häzirki wagtda ata Watanymyzyň kuwwatly binýadyny görkezýän, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylan Arkadag şäherini ösdürmek boýunça döwrebap işleriň esasynda «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary dowam etdirilip, möhüm desgalaryň toplumy gurulýar. Bu işlerde uly möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, iri taslamalar amala aşyrylýar. Gurluşyklaryň ählisi milli binagärligiň gadymy däpleri hem-de häzirki zaman şähergurluşyk tejribeleri utgaşdyrylyp ýerine ýetirilýär. 

     «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap saglygy goraýyş edaralary we ylmy-kliniki merkezler bina edilýär. Lukmançylyk, sagaldyş-şypahana ugurly edaralaryň durky täzelenýär. Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda häzirki zaman saglygy goraýyş, bejeriş-anyklaýyş, «Ene mähri» merkezleri, saglyk öýleri, gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar, saglygy goraýyş işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda, Aşgabat şäherinde Halkara pediatriýa merkeziniň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda «Arçman» şypahanasynyň 400 orunlyk täze goşmaça binalar toplumynyň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar. Bulardan başga-da, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän ýylynda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahanalaryň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulmagy meýilleşdirilýär. Bu gurluşyk işleriniň barşynda ýokary ulanyş häsiýetnamalary hem-de ekologiýa taýdan ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan häzirki zaman gurluşyk serişdeleri peýdalanylýar.

     Ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryljak mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbi tutuldy. Ýurdumyzyň himiýa senagaty ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, toplumlaýyn senagat-innowasion özgertmeleriň çäginde okgunly ösdürilýär. Ekologik talaplary berjaý etmäge mümkinçilik döretjek mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşyk taslamasy döwletimiziň gazhimiýa senagatynyň we oba hojalygynyň ösüşine uly goşant goşar. Täze toplum ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmäge, oba hojalyk önüm öndürijilerini we içerki sarp edijileri ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge we sebitiň ykdysadyýetini ösdürmäge giň mümkinçilik berer. 

     Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde alyp barýan yzygiderli hem-de maksada okgunly işleri, şeýle hem goşan ägirt uly şahsy goşandy, jemgyýetiň we döwletiň öňünde bu ugurda bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. 

     Hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri dowamat-dowam bolsun! 

 

Jennet ÖWEKOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.

24.10.2025 Giňişleýin

Täze tapyndylar

 

     Ýur­du­myz­da­ky ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler türk­men halkynyň şan-şöh­rat­ly geç­mi­şi­ni aý­dyň şöh­le­len­dir­ýän gym­mat­ly çeş­me bo­lup hyz­mat ed­ýär. 

 

     Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, medeni mirasymyza aýawly çemeleşmek, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi ylmy taýdan düýpli öwrenmek, wagyz etmek, gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek işleri giň gerimde alnyp barylýar. Munuň şeýledigini «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi-de aýdyň görkezýär. Şunuň bilen baglanyşykly, Dehistan orta asyr şäherindäki Juma metjidinde we bu gadymy şäheriň gündogar kerwensaraýynda, Daşoguz welaýatyndaky kerwensaraý ýadygärliginde, Lebap welaýatyndaky Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary welaýatyndaky Akjagala kerwensaraýynda arheologiýa ylmy-barlag we rejeleýiş-berkidiş, ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. 

     Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, şu günler «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna degişli Abiwert-Peştag galasynyň günbataryndaky XI asyra degişli Juma metjidiniň çäginde arheologiýa gazuw-barlag we berkidiş işleri geçirilýär. Netijede, XIX asyryň ortalarynda ýykylan bu metjidiň peştagynyň sag hem çep sütünleri ýüze çykaryldy. Sütünlerde tapawutly binagärlik tilsimleri ulanylyp, olar inedördül bişen kerpiçden örülipdir. Kerpiç örümleriniň arasy «S» harpyna meňzeş bezegler bilen bezelipdir. Gazuw-barlag işleriniň dowamynda birnäçe arhitektura bezegleri-de tapyldy. Olaryň Juma metjidiniň peştag sütünleriniň bezeginde ulanylandygy anyklanyldy. 

Maýa HOJYÝEWA, «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Mejlisiň deputaty.

22.10.2025 Giňişleýin

В основе прогресса – инновационное образование

 

      В истории любого государства развитие научно-образовательной сферы всегда являлось краеугольным камнем, определяющим его будущее, экономическую мощь и международный авторитет. Для современного Туркменистана, вступившего в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства, под мудрым руководством уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова, продолжающего инновационные реформы Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Гурбангулы Бердымухамедова, этот постулат приобрёл статус стратегического приоритета. 

    Реализация в нашей стране масштабных реформ в сфере науки и образования – это не просто модернизация отдельных учреждений, это всеобъемлющий, системный процесс, направленный на формирование интеллектуального потенциала нации, способного к прорывным открытиям и обеспечению устойчивого развития Родины в условиях глобализации и стремительных технологических изменений. 

    Ключевым аспектом этой государственной стратегии является формирование национальной модели образования, которая гармонично сочетает в себе богатейшее историческое и культурное наследие туркменского народа с передовыми мировыми стандартами и инновационными методиками. Успешный поэтапный переход на двенадцатилетнюю систему общего среднего образования позволил обеспечить более глубокое освоение учебных программ, раннюю профессиональную ориентацию и качественную подготовку выпускников к поступлению в высшие учебные заведения, в том числе к обучению по востребованным на мировом рынке труда инженерным, техническим и IT-специальностям. Сегодня внедряются новые учебные планы и программы, разработанные с учётом потребностей высокотехнологичной экономики Туркменистана, активно используются цифровые технологии, интерактивные и мультимедийные средства обучения, которые помогают превратить каждую школу и вуз в настоящий центр инноваций. 

    Одним из наиболее ярких свидетельств успешности реформ является повсеместное укрепление материально-технической базы образовательных учреждений. Наша страна целенаправленно выделяет необходимые ресурсы на строительство, реконструкцию и капитальный ремонт детских садов, школ и вузов, оснащая их самым современным оборудованием. При этом особая стратегическая роль отводится развитию образовательной инфраструктуры в велаятах, чтобы обеспечить равный доступ к качественному образованию для всех граждан, независимо от их места проживания. 

    В этом контексте Балканский велаят – западный регион, являющийся ключевым звеном нефтегазового, промышленного и транспортно-логистического комплекса страны, – яркий пример такой целенаправленной работы. Динамичное развитие Каспийского побережья, Национальной туристической зоны «Аваза» и крупнейших промышленных центров, таких как Туркменбаши, обуславливает острую потребность в высококвалифицированных кадрах. В ответ на эти вызовы в Балканском велаяте осуществляется масштабное строительство объектов социального назначения. В качестве примера успешности укрепления материально-технической базы образования в этом регионе необходимо отметить, что за последние годы в Балканском велаяте открыты новые учреждения среднего и дошкольного образования, в их числе, например, новые школы в селе Саганлы на 600 мест и школа на 320 мест в селе Гызылбайыр Этрекского этрапа. Отвечающие самым высоким международным стандартам, они представляют собой комплексные образовательные пространства с оборудованными по последнему слову техники предметными кабинетами (физика, химия, биология), компьютерными и лингафонными классами, обширными библиотеками, оснащёнными современными спортивными залами, футбольными полями и площадками для командных видов спорта. 

    В своём историческом выступлении на заседании Халк Маслахаты уважаемый Президент Сердар Бердымухамедов, отмечая колоссальные преобразования, реализованные во всех сферах экономики за годы независимости, чётко определил основную цель государственной деятельности – направить все усилия на обеспечение дальнейшего процветания постоянно нейтральной Родины и повышение уровня жизни народа. Это заявление, охватывающее все аспекты жизни страны, неразрывно связано с развитием образования, поскольку именно высокий уровень подготовки специалистов и учёных, их квалификация и эрудиция являются прямым двигателем экономического роста и социального благополучия. 

 

Аннабагт МАЕВА, начальник отдела дошкольного воспитания, образования и внешкольных организаций главного управления образования Балканского велаята, депутат Меджлиса Туркменистана.

21.10.2025 Giňişleýin

Belent ösüşlere badalga

 

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan, täzeçillik ýörelgeleri maksat edinýän ykdysady syýasatynyň netijesinde ata Watanymyz bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine sary öňe barýar. Halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde, umumadamzat ösüşine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda ýurdumyzyň alyp barýan kämil syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn deňhukukly gatnaşygy nazarlaýan syýasaty ýöredýän ýurdumyz häzirki wagtda goňşy döwletler, şeýle­-de dünýäniň beýleki ýurtlary bilen parahatçylykly, hoşniýetli, özara bähbitli syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär. 

     2025-­nji ýyl üçin Baş maliýe resminamamyza hem-de ýurdumyzda yglan edilen maksatnamalara laýyklykda, Türkmenistany 2025-­nji ýylda durmuş­-ykdysady taýdan ösdürmegiň we Maýa goýum maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň döwletli karary esasynda kabul edilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Diýarymyzyň belent ösüşleri gazanjakdygyna güwä geçýär. Jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterimde saklanmagy hem­-de maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyzyň sebitleriniň we pudaklarynyň ösüşine maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi ýaly makro görkezijiler maksatnamanyň esasy özenini düzýär. 

     Maýa goýumlaryň ýylsaýyn artmagy hem­-de ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde, raýatlarymyzyň döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanmagyna giň şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynyň iş ýüzünde amal edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 

 

Amangeldi HEZZIÝEW, Le­bap ­we­la­ýat ­hä­kim­li­gi­niň baş­ hünär­me­ni,­ Mej­li­siň ­de­pu­ta­ty

 

20.10.2025 Giňişleýin
1 2 3 4 5 6 7 ... 104