Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

EKOLOGIÝA WE HOWA: halkara tagallalar, ylalaşykly hereketler

 

     Hä­zir­ki wagt­da te­bi­gat ha­kyn­da ala­da et­mek döw­rüň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my abadan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­mäge iş­jeň gat­na­şyp, bu ba­bat­da kö­pu­gur­ly ta­gal­la­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär. Şun­da ýur­du­my­zyň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ni azaltmak bo­ýun­ça öňe sür­ýän anyk baş­lan­gyçla­ry­na mö­hüm orun de­giş­li­dir.

 

     Ho­wa­nyň üýtgemegi bu ýagdaýa, ilkinji nobatda, hukuk gurallarynyň kömegi arkaly düşünjeli seslenmäge itergi berýär. Şunda halkara derejedäki hukuk ugrukdyrmasy 1992-nji ýylda BMG-niň Howanyň üýtgemegi hakynda Çarçuwaly konwensiýasynyň kabul edilmegi bilen ýüze çykýar. Ol howanyň üýtgemeginiň ählumumy täsirlerine gönükdirilen çäreleri ylalaşmak üçin esasy halkara resminama bolup durýar. Çarçuwaly konwensiýanyň kabul edilmegi howanyň üýtgemegi bilen bagly meseläniň halkara derejede ykrar edilmegini aňladýar we parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşynyň möçberini ýokarlandyrmak, bölünip çykýan kömürturşy gazynyň möçberini çäklendirmek boýunça döwletleri bilelikde hereket etmäge borçlandyrýar. 

     BMG-niň Howanyň üýtgemegi hakynda Çarçuwaly konwensiýasynyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi üçin 1997-nji ýylda Kioto teswirnamasy, 2015-nji ýylda bolsa Pariž ylalaşygy kabul edildi. Pariž ylalaşygynyň esasy maksady atmosferadaky zyňyndy gazlaryň möçberini klimat ulgamyna howpsuz derejede saklamak boýunça ýokarda agzalan konwensiýanyň we Kioto teswirnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilip başlanan çäreleri dowam etdirmekden ybaratdyr. Ol çäreler zyňyndy gazlary azaltmak, täsirine uýgunlaşmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça milli maksatlary işläp taýýarlamagy, tebigy serişdeleri gazyp almagyň, gaýtadan işlemegiň we ulanmagyň adaty tehnologiýalaryndan «ýaşyl» tehnologiýalara geçmegi göz öňünde tutýar. 

     Türkmenistan Pariž ylalaşygynyň ýörelgelerine berk ygrarly bolmak bilen, 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň täze, rejelenen görnüşini tassyklady we ähli borçnamalary gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Munuň özi ekologik wezipelerini ýerine ýetirmekde wajyp bolup, ol howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde çäreleriň sanawyny düýpli giňeltmäge hyzmat edýär. Ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy häzirki döwrüň ekologik meselelerini çözmäge jogapkärçilikli çemeleşilýändigini aýdyň görkezýän mysallaryň biridir. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 2023-nji ýylyň aýagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СОP28) hormatly Prezidentimiz tarapyndan resmi taýdan yglan edildi. Döwlet Baştutanymyz maslahatda eden çykyşynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda we howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşandyny 2022-nji ýylyň maýynda tassyklandygyny belledi. Bu strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny, 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň Bütindünýä metan borçnamasy başlangyjyna goşulmagy halkara giňişlikde «ýaşyl» energiýa boýunça ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki ornuny has-da berkidýär. Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň jogapkär hem-de işjeň agzasy hökmünde bütindünýä howa syýasaty bilen baglanyşykly döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy we «ýaşyl» maksatlara ýetmäge gönükdirilen tagallalary goldaýar. Şeýle hem öz üstüne alan borçlaryna hem-de täze başlangyçlaryna ygrarly bolup, howanyň üýtgemegi boýunça bütindünýä gün tertibiniň we syýasatynyň ilerlemegine uly goşant goşýar. 

     Metan atmosferada kömürturşy gazyndan soň, howanyň ählumumy maýlamagynyň ikinji çeşmesi bolup durýar. Metanyň atmosferada jemlenmeginiň artmagy howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagyna we parnik täsiriniň güýçlenmegine, durmuş-ykdysady hadysalara, azyk howpsuzlygyna, suw üpjünçiligine öz täsirini ýetirýär, şeýle hem howany hapalap, adamyň kesellemegine getirýär. Biziň ýurdumyz bu meseläniň wajypdygyny nazara alyp, metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreleriň giň toplumyny durmuşa geçirmegi, metany ekologik taýdan arassa energiýa çeşmesi hökmünde ýygnamagy we peýdalanmagy maksat edinýär. Nebitgaz işlerinde metan zyňyndylaryny azaltmak howa maksatlaryna ýetmek üçin ykdysady taýdan iň netijeli çäreleriň biridir. Bu maksatlara ýetmek üçin Gahryman Arkadagymyzyň durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça başyny başlan işleri häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirildi we yzygiderli dowam etdirilýär. Diňe 2024-nji ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzda metan zyňyndylary 11 göterim azaldy. Bu bolsa bellenen meýilnamadan has ýokarydyr. Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilen 2024 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnama, şeýle hem 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasy» işlenip taýýarlanyldy. Milli ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleriň biri, esasan, innowasion, energiýa tygşytlaýjy we ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalary we enjamlary ulanmak arkaly, ýangyç-energetika toplumynyň esasy önümçilik serişdelerini döwrebaplaşdyrmak bolup durýar. Ýeri gelende aýtsak, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» 17-nji ugry daşky gurşawy goramak we ekologiýa, 18-nji ugry bolsa «ýaşyl» ykdysadyýeti höweslendirmek bilen baglanyşyklydyr. 

     Türkmenistan ekologik meselelerde anyk çäreleri görmek bilen, ilkinji nobatda, ygtybarly kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döredýär. Kabul edilen milli kanunçylyk namalary döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda esasy hukuk binýady bolup çykyş edýär. Şunda «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda», «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna möhüm orun degişlidir. Şulardan görnüşi ýaly, tebigaty goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işler iňňän giň gerimlidir. 

 

Azat SEÝDIBAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.

05.07.2025 Giňişleýin

DÖWLETLI ILDEN ÝOL GEÇER

 

     Pa­ra­sat­ly pe­der­le­ri­miz  ýol çek­me­gi, köp­ri gur­ma­gy döwletlilik ha­sap­lap, ony asyl­ly ýö­rel­gä öw­rüp­dir­ler. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­kyny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň ýol-ulag dü­zü­min­de ama­la aşyr­ýan giň ge­rim­li iş­le­ri hem şol so­gap­ly ýö­rel­ge­le­riň my­na­syp dowam et­di­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Mu­nuň özi Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň üstünden geçýän se­bit we se­bi­ta­ra gat­naw ýol­la­ry­nyň çatrygynda ýer­leş­ýän ýur­du­my­zyň ägirt uly üs­ta­şyr kuwwatyndan has ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

 

     Ulag ulgamy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegidir. Onuň ösüş depgini köp babatda tutuş ýurduň ösüşini kesgitleýär. Ähli ugurlar boýunça öz wagtynda, ýokary hilli hyzmat etmek wezipesi öňünde goýlan ýük we ýolagçy daşamak hyzmaty, öz gezeginde, ulag ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegini emele getirýär. Şoňa görä, ulag ulgamyny ösdürmek ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde ulag ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu babatda ýurdumyzyň günbatar sebiti hem ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. 

     2018-nji ýylyň maýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyp ulanmaga berilmegi taryhy waka boldy. Meýdany 152 gektara golaý bolan döwrebap portuň taslamasy parom, ýolagçy we ýük terminallaryny öz içine alýar. Onuň bir wagtyň özünde gämileriň 17-sine hyzmat edip bilýän deňiz duralgalarynyň umumy uzynlygy 1 müň 800 metrden gowrakdyr. Deňiz portunyň umumy geçirijilik kuwwaty, nebit önümlerini hasaba almanyňda, 17 million tonna ýüke barabardyr. Portuň giňişliginde gämileriň hereketine, ýük ýüklemek, düşürmek işlerine gözegçilik hemra, awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Diýarymyzyň günbatar sebitinde şeýle iri «deňiz derwezesiniň» gurulmagy Ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt-çig mal bazarlaryna hem-de Hind ummany sebitiniň döwletlerine çykmagy üçin aňrybaş amatly şertleri döredýär, giň gerimli ýük akymlarynyň ýoluny we wagtyny has gysgaltmaga mümkinçilik berýär. 

     Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurulmagy, öz gezeginde, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň halkara derejedäki ähmiýetini has-da artdyrar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň awgustynda bu köpriniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşypdy. Häzirki wagtda onuň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Şu ýylyň martynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde bolup, ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag, ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berjek bu möhüm desganyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Şonda türkmen halkynyň Milli Lideri bu awtomobil köprüsiniň Diýarymyzyň dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagynda, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde, Garabogaz kölüniň tebigy baýlyklaryny özleşdirmekde, bu künjegiň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyny aýratyn nygtady. Galyberse-de, şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy yklymara ýükleri daşamak, ýolagçy gatnatmak işiniň kämilleşdirilmegine, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini has netijeli özleşdirmäge hem giň ýol açýar.

     Taryhda türkmen topragynyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly halklaryň arasyndaky dost-doganlyk, şeýle-de söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda wajyp wezipäni ýerine ýetiripdir. Häzirki döwürde Bitarap Watanymyz täze ulag üpjünçilik desgalaryny gurup, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap howa menzilleri, demir we awtomobil ýollary giň gerim bilen gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär. 2-nji maýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan Balkanabat Halkara howa menzili hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm binagärlik açylyşlarynyň birine öwrüldi. 

     Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deňdir. Onuň çäginde barlag-geçiriş nokatlary, ýangyn howpsuzlygy we halas ediş gullugynyň binasy, ýöriteleşdirilen ulaglar, aerodrom gulluklarynyň, uçarlaryň ýerüsti hem-de tehniki gullugynyň binasy, üsti ýapyk awtoduralga, ýük terminaly, myhmanhana, birnäçe tehniki binalar we beýlekiler bar. Bu ýerde emeli uçuş-gonuş zolagy, öwrüm ýoly, 6 sany howa gämisi, 4 sany dikuçar üçin niýetlenen uçar duralga meýdançasy, dolandyryş diňi-de gurlupdyr. Dünýä standartlaryna laýyk gelýän döwrebap howa menziliniň Diýarymyzyň günbatar sebitiniň ösmegine, beýleki welaýatlar bilen aragatnaşygy işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşjakdygy şübhesizdir. Bularyň ählisi Balkan welaýatynyň diňe bir senagat mümkinçiliklerine däl, eýsem, üstaşyr ulag gatnawlaryny amala aşyrmak babatda-da uly kuwwata eýedigini aýdyň görkezýär. 

     Häzirki wagtda döwletimiziň ägirt uly üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini netijeli ulanmak esasynda birleşen multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini we ulgamlary döretmek işleri giň gerime eýe bolýar. Bu ugurdaky tagallalaryň baş maksady ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr. Il bähbidini nazarlaýan şeýle beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. 

Guwanç ÇENDIROW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

05.07.2025 Giňişleýin

JEMGYÝETIŇ RUHY BAÝLYGY

 

     Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, türk­men hal­ky be­ýik sun­ga­ty, nus­ga­lyk ka­da­la­ry we gaý­ta­lan­ma­jak medeni mi­ra­sy bi­len dün­ýä­de giň­den meşhurdyr. Türk­men mede­ni­ýe­ti umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şi­ne my­na­syp goşant goş­dy. Mad­dy we ta­ry­hy-ru­hy gym­mat­lyk­lar hal­ky­myz­da ata Wa­ta­na bolan söý­gi­ni, buý­san­jy oýar­mak­da, yn­san­per­wer duý­gu­la­ry ke­mala ge­tir­mek­de, aňy­ýet hem akyl-paý­has go­ru­ny baý­laş­dyr­mak­da ba­ha­syz baý­lyk­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, ta­ry­hy-mede­ni mi­ra­sy­my­zy düýp­li öw­ren­mek, go­rap sak­la­mak we dün­ýä ýaý­mak bo­ýun­ça kö­pu­gur­ly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

 

     Me­de­ni­ýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, obalary hem-de şäherçeleri medeni taýdan düýpli ösdürmek we özgertmek, taryhy-medeni gymmatlyklar bilen birlikde, aýdym-saz, folklor, tans, sirk sungatyny, milli toý-baýramlary, däp-dessurlary ylmy taýdan öwrenmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki her bir halkyň däp-dessury, taryhy, edebiýaty, sungaty, dünýä gymmatlyklaryna goşýan goşandy bilen ýakyndan tanyşmak üçin, ilki bilen, şol milletiň medeniýeti öwrenilýär. Halkyň ruhy ahwalynyň beýany bolan medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar, jebisleşdirýär. 

     Milli Liderimiziň halkymyza peşgeş beren «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Hakyda göwheri» ýaly ençeme ajaýyp kitaplary biri-biriniň üstüni ýetirip, baý medeni mirasy sarpalamagyň kämil nusgasyny özünde jemleýär. Şunuň bilen birlikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar - Watanyň daýanjy», «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly - dünýäniň akyldary» atly pähim-parasada ýugrulan kitaplary halkymyzyň söýgüli eserlerine öwrüldi. Olarda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ösdüren we kämilleşdiren ruhy hem-de maddy gymmatlyklarynyň dünýä medeniýetindäki, sungatyndaky mynasyp orny barada giň düşünje berilýär. Bu eserleriň mazmunynda medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde hem-de kämilligiň täze belentliklerine götermekde döwlet derejesinde edilýän aladalaryň baş maksady öz beýanyny tapýar. 

     Ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň kanunçylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak hem geljek nesillerimize ýetirmek, taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy dikeltmek, milli mukaddesliklere hormat goýmak terbiýesini bermek baradaky möhüm wezipeler milli kanunçylygymyzda şöhlelenýär. Türkmenistanyň medeniýet baradaky döwlet syýasaty berk kanuny esaslara daýanýar. Bu ulgamyň ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň meseleleri «Medeniýet hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda», «Teatr we teatr işi hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilýär. 

     «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny halkymyzyň medeniýetini döretmek, gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek we peýdalanmak çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär, medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanunyň wezipeleri Türkmenistanyň raýatlarynyň medeniýet babatdaky işine bolan konstitusion hukugyny üpjün etmekden we goramakdan, döwlet syýasatynyň medeniýet babatdaky ýörelgelerini kesgitlemekden, medeni gymmatlyklaryň raýatlar üçin erkin, elýeterli bolmagyny berjaý etmekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem ol medeniýet işiniň subýektleriniň gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hukuk kadalaryny we ýörelgelerini kesgitleýär, medeniýeti aýawly saklamagyň, ösdürmegiň we ony döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk esaslary üçin binýat döredýär. Ol türkmen sungatyny, medeniýetini hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkyň medeni isleglerini kanagatlandyrmak ýaly wezipelerden ugur alýar. 

 

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mejlisiniň Dur­muş sy­ýa­sa­ty ba­ra­da­ky komite­ti­niň ag­za­sy.

03.07.2025 Giňişleýin

MÖHÜM MESELELERE GARALDY

                                                          

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň milli kanunçylygyny şu günüň talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirmek barada berýän gymmatly maslahatlaryndan, öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda ýokarda ýatlanan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

     Maslahatda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanan kanun taslamalarynyň birnäçesine garaldy. Maslahatda deputatlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna “Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary maslahatyň dowamynda “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bulardan başga-da, maslahatda deputatlar Türkmenistanyň Mejlisi we Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan bilelikde taýýarlanylan “Saýlawlaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýlelikde, milli parlamentimiziň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna hödürlenilen kanunlaryň taslamalary makulanyldy we kabul edildi. 

 

Tirkişmyrat ÝOMUDOW. “Demirýollary” AGPJ-niň 30-njy şahamçasynyň lokomotiw deposynyň işiniň operatiw-tehniki hasabat merkeziniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

03.07.2025 Giňişleýin

MAŞGALA — BAŞ GALA

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda adam hakda edilýän alada döwrüň hem-de, döwletiň öňündäki iň möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Edil şonuň ýaly, ýurdumyzda maşgalanyň berkligi, onuň maddy taýdan üpjünçiligi, ruhy taýdan goldawlylygy hem möhüm wezipedir. Muňa mysal hökmünde, hormatly Prezidentimiziň edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda ýaş çatynjalara ýeňillikli karzlaryň berilmeginiň ýola goýulmagy, dogulýan çaga sanyna laýyklykda, bir wagtlaýyn tölenýän döwlet kömek pullarynyň möçberiniň ýylsaýyn köpeldilmegi, şeýle hem sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy we olara durmuş hyzmatlarynda ýeňillikleriň döredilmegi ýaly döwlet tarapyndan kepillendirilen ýagdaýlary belläp geçmek bolar. 

     Ondan başga-da, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan kanunlara we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna döwrebap üýtgetmeler we goşmaçalar yzygiderli girizilip gelinýär. Döredilýän şeýle mümkinçilikler ýurdumyzda maşgala mukaddesligini has-da berkitmekde, jemgyýetde maşgala gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde we eneligiň, atalygyň we çagalygyň goraglylygynyň hukuk taýdan üpjünçiligini döwlet tarapyndan kepillendirmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

     Belläp geçişimiz ýaly, maşgalanyň berkligini gorap saklamak, nika bozulmalarynyň öňüni almak döwlet derejesindäki wezipeleriň biri bolup durýar. Biz — RÝNÝ bölüminiň işgärleri nika baglaşmak üçin ýüz tutan ýaşlara maşgalanyň mukaddesligi, maşgalada zenanyň we erkegiň tutýan orny, resmi tertipde nika baglaşylandan soňra gelip çykýan wezipeler we borçlar barada gürrüňdeşlik geçirip, durmuş ýolunyň başynda duran ýaş çatynjalara oňyn maslahatlar berýäris we şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda maşgalany berkitmekde alyp barýan beýik işleri barada giňişleýin wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirýäris. 

     Ýurdumyzda maşgala mukaddesligini berkitmekde, maşgala kanunçylygyny kämilleşdirmekde çäksiz mümkinçilikler döredip berýän halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun! 

 

Maýsa JUMAÝEWA, Köneürgenç etrap RÝNÝ bölüminiň müdiri, Mejlisiň deputaty.

03.07.2025 Giňişleýin

TOÝ-BAÝRAMLY EZIZ DIÝAR

 

     Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýurdumyz ösüşle­re bes­len­ýär, türk­men hal­ky bagty­ýar dur­muş­da ýaşaýar. Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry hormat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tanly­gyn­da üs­tün­lik­li do­wam ed­ýär. Bu günki gün he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­menis­ta­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýüji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan hemişe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän Türkmenis­tan hoşni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­ga, dost-do­gan­lyga be­lent sar­pa bi­len ga­ra­ýar.

     Türkmenistanyň hemi­şelik Bitarap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň toýlanýan Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da toý­la­ry­myz toý­la­ra ulaş­ýar. Ýa­kynda dünýä nusgalyk Ar­kadag  şä­he­ri­niň iki ýylly­gy my­na­sy­bet­li daba­ra­lar ge­çi­ri­lip, hal­ky­my­zyň buýsan­jy­na buýsanç goş­dy. Mu­nuň özi ag­zy­bir türk­men hal­ky­my­zyň pa­ra­hat durmuş­da, bag­ty­ýar­lyk­da ýa­şa­ýan­dygy­ny, tä­ze üs­tün­lik­le­re ruhubelent­lik bi­len bar­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Şu­nuň ýaly şanly wakalar Halkara pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň toý-baýramlarydyr, tä­ze üs­tün­lik­le­riniň şug­la­sy­dyr.

      Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de şan­ly wa­ka­lar dün­ýä ýa­ýyl­ýar, dost-do­ganlyk ýo­lu­ny has-da ber­kid­ýär. He­mi­şelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dost-do­ganly­gyň, toý-baý­ram­la­ryň me­ka­ny hökmün­de ta­nal­ýar. Ýurdu­myz Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe­rip, dost­luk­ly gatnaşyklary­my­zyň ge­ri­mi­ni has-da gi­ňeld­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýurdumyz­da hal­ka­ra mas­la­hat­lar, fo­rum­lar, da­şary döw­let­le­riň medeni­ýet gün­le­ri, şol döw­let­ler­de Türk­me­nis­ta­nyň me­de­niýet gün­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Döwle­ta­ra gat­na­şyk­lar­da deňhu­kuk­ly­lyk, öza­ra hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­rinden ugur alynýar. Türk­menistanyň hemişe­lik Bi­ta­rap­ly­gy dün­ýä­de para­hat­çy­ly­gy go­rap sak­la­mak we ony ber­kit­mek mak­sat­la­ry­na gul­luk ed­ýär. Bi­ta­rap­lyk­—­ag­zy­bir­li­giň, abadan­çyly­gyň, asu­da ýa­şaý­şyň, ýag­ty gel­je­giň berk bin­ýa­dy. Bitaraplyk pa­ra­hat­çy­lygy we howp­suz­ly­gy ber­kit­mä­ge, çalt we yzygider­li ösüş­le­re, şeý­le-de mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zy döw­re­bap dowam et­dir­me­gi­mi­ze gö­nük­di­ri­len tu­tan­ýer­li öz­gert­me­le­ri durmuşa or­naş­dyrma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

     Toý­la­ry toý­la­ra ulaş­ýan eziz Di­ýa­rymy­zyň üs­tün­lik­le­ri, halkymyzyň bagty­ýar dur­mu­şy ha­kyn­da tüýs ýü­rek­den be­ýan etmek örän ýa­kym­ly­dyr. Çün­ki hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň parasatly baştutanly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­ler şu günümi­ziň üstünlik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni, gel­je­gi­mi­ziň has-da ösüşli­di­gi­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär. Bu­laryň äh­li­si gel­jek nesillerimiziň bag­tyýar dur­mu­şy üçin ama­la aşy­ry­lan be­ýik işlerdir. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de Arkadag şä­he­ri dün­ýä nusgalyk «akylly» şä­her­dir. Döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaýla­ry, me­de­ni-dur­muş des­ga­la­ry san­ly ul­gam bi­len berk baglanyşdyry­lyp, «akylly» öý­le­riň nus­ga­sy­na öw­rül­di. Ol jaý­lar özleri­niň döwrebaply­gy, äh­li şert­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. El­betde, şeý­le döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gur­mak we hal­kyň eş­ret­li durmuşyna gö­nük­dir­mek yk­dy­sa­dy taý­dan örän kuw­wat­ly­ly­gyň alama­ty­dyr. Türk­men hal­ky­na şeý­le bag­ty­ýar­ly­gy peş­geş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň janla­ry sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri üs­tünlik­le­re bes­len­sin!

 

                                                                      Zyba NEPESOWA, 

                                    Türkmenistanyň  Mejlisiniň Ylym, bilim,

                                    medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky

                                                       komitetiniň baş hünärmeni.

02.07.2025 Giňişleýin

ÜSTAŞYR ULAG GEÇELGELERI — ROWAÇLYGYŇ KEPILI

 

     Hem­me­ta­rap­la­ýyn çalt ös­ýän dün­ýä­de äh­li ugur­lar bi­len birlik­de, bi­te­wi söw­da ul­ga­myn­da-da köp öz­ge­riş­lik­ler bo­lup geç­ýär. Mu­nuň özi Ze­mi­niň dür­li kün­jek­le­rin­de yk­dy­sa­dy, tehnolo­gik taýdan ös­ýän mer­kez­le­riň, hal­ka­ra ha­ryt we hyzmatlar ba­zar­la­ry­nyň dö­re­me­gi, ge­ri­mi­niň gi­ňe­lme­gi we ählumu­my ösüş­de ola­ryň tä­si­ri­niň, or­nu­nyň art­ma­gy bi­len bagly­dyr. Mu­nuň ýe­ne bir se­bä­bi hal­ka­ra sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gatna­şyk­lar­da kä­ha­lat­da ýü­ze çyk­ýan gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň çözül­me­si aň­sat bol­ma­dyk me­se­le­le­ri dö­red­ýän­di­gin­de­dir. Çün­ki hal­ka­ra, döw­le­ta­ra söw­da-yk­dy­sa­dy hyzmat­daş­lyk he­mi­şe parahat­çy­lyk­ly, saz­la­şyk­ly, yla­la­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry ta­lap ed­ýär

 

      Ker­wen ýollary gadymy döwürlerde-de özgerip, üýtgäp gelipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ajaýyp kitabynda il arasynda aýdylýan “Kerwen geçer, ýol galar” diýen pähime ýüzlenmek bilen, ýaýylyp ýatan ümmülmez türkmen topragynyň üstünden çar ýana uzap giden kerwen ýollarynyň ýurtlar, yklymlar üçin di­ňe bir ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem, jemgyýetleriň medeni-ynsanperwer ösüşleri üçin hem örän ähmiýetli bolandygyny nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz bu barada şeýle diýýär: “Geçmişdäki ata-babalarymyzyň şu gahrymançylykly işjeň­ligi halkara haryt dolanyşygyna dahyly bolan uly döwletleriň ykdysadyýetini öňe alyp gidipdir, her bir jemgyýetiň medeniýetini baýlaşdyrypdyr hem-de ösdüripdir. Munuň özi, göräýmäge, di­ňe söwda maksatly ýaly görünse-de, hakykatdan, birek-birekden alysda ýaşaýan kowumlary ýakynlaşdyrypdyr,olaryň düşünişmekleriniň ýola goýulmagyna täsir edipdir...”. 

     Söwda ýollarynyň ähmiýeti, möhüm orny baradaky düýpli pikirleri, başlangyçlary öňe sürmek bilen, Milli Liderimiz üstaşyr ulag geçelgeleriniň döwrebap düzümlerini ösdürmäge döwletimiziň maliýe, ykdysady, tehnologiýalar we guramaçylyk güýçlerini gönükdirip, döwrüň iň wajyp meselelerini çözmekde Türkmenistanyň mümkinçiliklerini halkara derejä çykardy. Şonuň netijesinde Beýik Ýüpek ýolunyň döwrüň şertlerine görä dikeldilmegi bilen bagly başlangyçlaryň Milletler Bileleşiginde ykrar edilmegini gazanmakda köp öňegidişliklere ýol açyldy. 

     Häzirki döwürde möhüm söwda-ykdysady ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini yzygiderli ösdürmek türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şunda 2014-nji ýylda Aşgabatda ýokary derejede halkara maslahatyň we 2016-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň geçirilmegi möhüm ädim boldy. Bu maslahatlar dünýäde, esasan-da, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda üstaşyr ulag geçelgeleri babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýüze çykýan meseleleriň az däldigini we bu meseleleri hemmelere bähbitli bolar ýaly çözmek üçin halkara tagallalaryň zerurdygyny ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Hormatly Prezidentimiz: “Biziň pikirimizçe, ulag meseleleri bütindünýä guramasynyň aýratyn iş ugry hökmünde BMG-niň gün tertibinde hemişelik we berk orny eýelemelidir. Türkmenistanyň bu ugurda işjeň syýasaty ulag meseleleri boýunça gepleşikleri ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýetde alyp barmaga gönükdirilendir” diýip belleýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 2014, 2015, 2017, 2021-nji ýyllarda durnukly ulag we bu babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda kabul edilen Kararnamalar türkmen döwletiniň alyp barýan ulag syýasatynyň uzak möhletleýin, düýpli halkara strategik maksat bolup durýandygyna güwä geçýär. Dünýäde üstaşyr ulag ýollarynyň ähmiýetiniň we ornunyň halkara derejede örän ýokarydygyny deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň tagallalarynyň işjeň­leşýändigi hem aýdyň görkezýär. 

     Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar baradaky maglumatlara ýüzlenenimizde, soň­ky ýyllarda olaryň ählumumy ykdysady ösüşdäki ornunyň artýandygyny görmek bolýar. Şeýle döwletleriň sany dünýäde 30-dan gowrakdyr. Olar ähli yklymlarda ýerleşýär. Bu döwletleriň arasynda ýangyç-energiýa serişdelerini, gazylyp alynýan magdanlary, oba hojalyk önümlerini we köp dürli taýýar önümleri daşarky bazarlara çykarmaga uly mümkinçiligi bolan ýurtlar hem bar. Bu ugurda ýüze çykýan esasy mesele eksport önümlerini dünýä bazarlaryna uly suw ýollary arkaly göni çykarmakda zerur şertleriň bolmazlygy bilen bagly döreýän kynçylyklardyr. Şol kynçylyklaryň hatarynda dünýäniň de­ňiz söwda ýollaryna çykmak üçin logistika merkezleriniň ýeterlik däldigini, ýük daşamakda goň­şy ýurtlaryň üstünden geçip, portlara ýetmek üçin köp çykdajylaryň zerur bolýandygyny, kähalatda şeýle şertleriň deň­ze çykalgasy bolmadyk ýurtlara ykdysady kynçylyklary döredýändigini bellemek bolar. Şeýle bökdençlikleri azaltmakda, bu babatda özara ylalaşykly, amatly şertleri döretmekde halkara hereketiň işjeň­leşmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy dünýäniň ähli sebitlerinde has ösdürmek bilen baglydyr. Bu ugurda hyzmatdaşlygy talabalaýyk derejä ýetirmekde zerur çäreleri işläp düzmek, amatly söwda ýollarynyň mümkinçiliklerini ýüze çykarmak, deň­ze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň döwrebap şertlerini ösdürmek ýaly möhüm meseleleri maslahatlaşmak, pikir alyşmak üçin ýörite syýasy-ykdysady halkara meýdançalaryň döredilmegi dünýä ösüşiniň täze talaplary bilen şertlendirilendir. Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde bar bolan mümkinçilikleri hökmünde Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar söwda geçelgeleri arkaly halkara ulag ulgamlaryna goşulmak, guryýer söwda ýollaryny döwrüň talaplaryna görä ösdürmek, halkara, sebitleýin guramalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ýaly wajyp wezipeleri görkezmek bolar. 

     Şeýle derwaýys wezipeleri amala aşyrmakda deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ähmiýeti uludyr. 2022-nji ýylyň awgustynda Awazada geçirilen deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat Türkmenistanyň ulag pudagyny we durnukly ulag diplomatiýasyny ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilen bu foruma 40-a golaý döwletden we halkara guramalaryň 30-dan gowragyndan wekilleriň gatnaşmagy ulag ulgamyny ösdürmegiň dünýä ykdysadyýetinde durnuklylygy gazanmagyň möhüm şertleriniň biridigini äşgär etdi. 

     Häzirki döwürde halkara gatnaşyklarda ýüze çykýan çylşyrymly meseleleriň täsiri netijesinde halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlarynyň özgerýändigini, täze söwda ýollary hökmünde “Orta geçelge” üstaşyr ulag ugruna has uly üns berilýändigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň maý aýynda Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” birinji sammitinde şeýle diýdi: “...Ulag özara baglanyşygy barada aýdylanda bolsa, dünýä ulag ugurlaryny özgertmegiň häzirki tapgyrynda biziň Aziýa — Ýewropa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigimizi bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazar sebitiniň üstünden geçýän “Orta geçelge” Ýewropa taslamasy geljegi uly taslamalaryň biridir”. Häzir bu geçelgäniň ýük geçirijilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar. “Orta geçelge” halkara söwda ýoly Ýewropa ýurtlary bilen Aziýa döwletleriniň arasyndaky iň amatly we howpsuz üstaşyr geçelgedir. Ol çalt depginde ösýän we ählumumy ösüşde täsirli ornuny pugtalandyrýan Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy gi­ňeltmäge gyzyklanmalaryň artmagyna hem sebäp bolýar. 

     Merkezi Aziýa sebiti dünýä ykdysadyýetini çig mal bilen üpjün edýän merkezleriň biri bolanlygyndan indi has ösdi. Öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalarynyň çalt depginde özleşdirilmegi, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply taýýar önümleriň öndürilmegi biziň sebitimize gyzyklanmalaryň artmagyny şertlendirýän ýagdaýlaryň biridir. Häzirki döwürde dürli ugurlardaky, esasan-da, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işjeň hereketiň barşynda “Merkezi Aziýa+” formatyndaky gatnaşyklaryň Hytaý, Russiýa, Ýaponiýa, Ýewropa Bileleşigi, Italiýa ýaly başga-da birnäçe ýurtlar bilen ýola goýulmagy, ösdürilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Bu görnüşdäki hyzmatdaşlyk ýurtlarymyzyň ygtybarly geljeginiň kepilidir. 

     Nebithimiýa, oba hojalygy, gurluşyk we dokma senagaty pudaklarynda öndürilýän önümleri­ň eksport möçberiniň ýyl-ýyldan artmagy ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelge we logistika merkezleriniň has çalt ösdürilmegine itergi berýär. Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň birnäçesiniň Türkmenistanyň ýakyn goň­şulary we esasy hyzmatdaşlary bolup durýandygy ýurdumyza, esasan, gury ýer boýunça söwda ýollaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Olaryň hatarynda Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly döwletler bar. Sebit döwletleriniň özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy bolsa ýyl-ýyldan pugtalanýar. Biziň ýurtlarymyzyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady geçelge, logistik merkezler babatda alyp barýan işlerinde ylalaşykly hereket edýändiklerini aýratyn bellemek zerurdyr. Şu ýylyň iýun aýynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitinde çykyş eden hormatly Prezidentimiz: “Türkmenistan ulag ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeň­leşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar diýip hasaplaýar. Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek strategiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy orny göz öňünde tutulýar” diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu strategiýanyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy milli ulag-logistika mümkinçiliklerini ýakynlaşdyrmaga we olary umumy bähbitler üçin ulanmaga ýardam berer. 

     Halkara, sebitleýin we döwletara derejede yzygiderli guralýan çäreler, duşuşyklar, maslahatlar döwrüň örän wajyp hakykatyny has aýdyň­lygy bilen ýüze çykarýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda her bir pudak, her bir ugur boýunça anyk, takyk we ylalaşykly hereket etmek di­ňe bir ösüş maksatlary üçin däl-de, eýsem, durnukly syýasy, durmuş, jemgyýetçilik ýagdaýlaryny üpjün etmekde-de esasy şertleriň biri bolup durýar. Munuň özi deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin hem şeýledir. Dünýäniň dürli sebitlerinde, yklymlarynda ýerleşýän bu ýurtlaryň tagallalary birleşdirip, ylalaşykly hereket etmegi çalt özgerýän dünýä ýagdaýlarynyň şertlerinde döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmäge ýardam berýär. 

     Häzir Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda bu maslahatda garaljak meseleleriň esasy ugurlary kesgitlendi. Olaryň hatarynda üstaşyr ulag geçelgeleriniň işini ilerletmek meselesi hem möhüm orun eýelär. Bu forum Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda iň möhüm wakalaryň biri bolar. 

     Eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde beýik işleri amalaaşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt weumumadamzat bähbitli döwletli tutumlary mundan beýläk-de rowaç bolsun! 

 

Ata SERDAROW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty.

02.07.2025 Giňişleýin

Земля воздаёт сторицей

 

     Земледельцы крупного многопрофильного хозяйства – Сельскохозяйственного акционерного общества имени Садуллы Розметова этрапа Шават Дашогузского велаята ознаменовали Международный год мира и доверия высокими трудовыми результатами. Под озимую пшеницу здесь отведено 2420 гектаров, размещённых на целинных землях Ашык Айдын, Вас и в культурной зоне. Всего собрано и сдано в закрома Родины 6355 тонн зерна. Предпочтение было отдано высокоурожайным сортам пшеницы «Алексеич», «Безостая», хорошо зарекомендовавшим себя в местных почвенно-климатических условиях.

 

     По результатам завершившейся жатвы высоких трудовых результатов добились передовые арендаторы­хлеборобы Санабар Кенджаева, Гульбахар Хайтакова, Мухая Юлдашова, Сайара Кадырова и многие другие дайхане, зарекомендовавшие себя опытными земледельцами. Они со своих земельных наделов получили по 56–76 и более центнеров золотистого зерна. На них равняются молодые труженики, которым предстоит продолжить славные земледельческие традиции и внести достойный вклад в развитие аграрного сектора национальной экономики. 

     Отличилась также передовая группа арендаторов­хлеборобов, руководимая опытным земледельцем Фархадом Кутубаевым. Мастерами скоростной жатвы зарекомендовали себя передовые комбайнёры Кахраман Абдуллаев, Сапарбай Ходжамурадов, Насрулла Матякубов, за которыми были закреплены мощные зерноуборочные комбайны марки «CLAAS». Каждый из них за минувший сезон намолотил свыше 600–700 тонн зерна. Своевременную перевозку урожая на приёмные пункты обеспечили водители Бахрам Кадыров, Фуркат Таджимов, за которыми закреплены грузовые автомобили марки «МАЗ» с наращенными бортами. Все они были поощрены ценными призами, учреждёнными объединением профсоюзов Дашогузского велаята, Дашогузскими городским и велаятским комитетами ДПТ и другими общественными организациями. 

     Высокие материальные стимулы, предоставленные со стороны государства, выделенные льготные денежные кредиты побудили всех дайхан работать производительно и вселили уверенность в достижение высоких трудовых результатов. В передовом многопрофильном хозяйстве за счёт льготного банковского кредита в 2014 году была приобретена дождевальная установка производства Исламской Республики Иран. Кроме того, закуплено оборудование для капельного орошения от известной турецкой компании «Jan Technologiýa» и внедрено на 107 гектарах, отведённых под хлопчатник. За счёт использования капельного орошения достигается экономия 50 процентов оросительной воды. При подаче влаги одновременно через шланги вносятся в почву минеральные удобрения. В результате хлеборобы ежегодно получают высокие урожаи. Выращивать хлеб на родной туркменской земле для них огромное счастье! 

     Трудолюбивые земледельцы САО имени Садуллы Розметова Дашогузского велаята выражают искреннюю признательность Президенту Сердару Бердымухамедову и Национальному Лидеру туркменского народа Герою­Аркадагу за огромную поддержку отечественных сельхозпроизводителей.

Расул САДУЛЛАЕВ, 

заместитель председателя 

САО имени Садуллы Розметова, 

депутат Меджлиса Туркменистана

02.07.2025 Giňişleýin

МОСТЫ ДРУЖБЫ ЧЕРЕЗ МОРЕ

 

     Туркменистан находится в очень выгодном географическом пространстве: между Азией и Европой, на перекрёстке важных маршрутов. Один из них – Великий шёлковый путь, сердцем которого является Туркменистан.

     В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства древний маршрут получил новое развитие. В этом большая заслуга Президента Аркадаглы  Героя Сердара и Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага, по инициативе которых создаются разветвлённая сеть современных мультимодальных маршрутов, дорожно-транспортная инфраструктура, новые транзитные коридоры.

     Наведение мостов дружбы между странами – одно из приоритетных направлений транспортной дипломатии Президента Туркменистана. Она находит широкую поддержку в мировом сообществе.

     Подтверждение тому – предстоящая Третья конференция ООН по развивающимся странам, не имеющим выхода к морю. Она будет проведена с 5 по  8 августа в Национальной туристической зоне «Аваза» по инициативе Туркменистана и согласно Резолюции Генеральной Ассамблеи ООН. Этот факт является ещё одним свидетельством признания мировым сообществом выдвигаемых Туркменистаном инициатив и их исторической значимости на международной арене.

     Туркменистан последовательно выступает за развитие эффективных механизмов сотрудничества с развивающимися странами, не имеющими выхода к морю, и вносит значительный вклад в разработку новой программы действий.

     Форум станет знаковым событием Международного года мира и доверия, ознаменованного 30-й годовщиной постоянного нейтралитета Туркменистана.

     Конференция создаст эффективную платформу для конкретных действий в области устойчивого развития, экологической и продовольственной безопасности путём улучшенной транспортной и цифровой взаимосвязанности, раскрытия торгово-экономического потенциала стран мира, что созвучно с национальными и внешнеполитическими приоритетами Туркменистана. Этот диалог откроет новые горизонты для международного экономического сотрудничества, станет уникальной площадкой для обсуждения ключевых вопросов, касающихся развития транспортной инфраструктуры, торговли, инвестиций и устойчивого развития в странах, не имеющих выхода к морю.

Эзиз МАТДЫЕВ, 

заместитель главного инженера АОО 

«Судостроительный и ремонтный завод 

«Balkan», депутат Меджлиса Туркменистана.

01.07.2025 Giňişleýin
1 2 3 4 5 6 7 ... 85