​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

Gerimi giňeýän gatnaşyklar

 

     Ykdysady gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegi her bir ýurt üçin ägirt uly bähbitler görnüşindäki miwelerini berýär. Hut şu nukdaý nazardan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlardaky ösüşleri göz öňünde tutýan halkara syýasatynda Fransiýa Respublikasyna hem uly ornuň degişlidigine geçen ýyllaryň dowamynda bu dostlukly ýurt bilen alnyp barlan gatnaşyklar şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň 5­nji maýda Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary şol gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyndaky möhüm wakalary taryh sahypalaryna ýazdy.

 

     Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgesi geljekki ösüşlerimizi nazarlanyp amala aşyrylýan başlangyçlarymyzyň özenini düzýär. Hut Garaşsyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG­niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylda dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklarymyzyň ýygjamlaşyp, geriminiň giňeýändigi ýurdumyzyň daşary syýasatyna bildirilýän belent ynamdan nyşan bolup durýar. Milli Liderimiziň dostlukly ýurduň Prezidenti Emmanuýel Makron bilen geçiren gepleşiginiň barşyndaky pikir alyşmalar, şeýle­de Fransiýanyň geljegi uly, durnukly ösýän türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýän işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Türkmen­fransuz ykdysady forumy Garaşsyz Diýarymyza dünýäniň iri döwletleri tarapyndan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

    Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde türkmen­fransuz gatnaşyklarynyň öz taryhy emele geldi. Taryh üçin gysga döwürde iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly sepgitlere ýetildi. Fransuz alymlarynyň, arheologlarynyň ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekde, gadymy ýadygärliklerimizde ylmy işleri alyp barmakda bitiren hyzmatlary aýratyn bellenilip geçilmäge mynasypdyr. «MAFTUR» türkmen­fransuz arheologik topary, onuň ilkinji ýolbaşçysy, meşhur alym Oliwe Lekontyň ýolbaşçylygynda Dehistan, Nusaý, Ulugdepe ýaly taryhy ýerlerimizde geçirilen ylmy­gözleg işleriniň netijesinde toplanan maglumatlar taryh üçin bahasyz gymmatlyklar bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmen­fransuz ykdysady forumyndaky Çykyşynda bu barada durup geçmek bilen, frankofoniýa günleriniň, fransuz kinolarynyň görkezilişleriniň, sergileriň, iki ýurduň sungat ussatlarynyň konsertleriniň ýurdumyzda yzygiderli geçirilip durulmagynyň ähmiýetine ýene bir gezek ünsi çekdi.

     Gahryman Arkadagymyz halkara gatnaşyklarynda medeniýet, sungat bilen bir hatarda dil öwrenmeklige-de uly ornuň degişlidigini nygtamak bilen, ýurdumyzda fransuz diliniň öwredilişine ýokary baha berdi. Şu ýerde fransuz medeniýetiniň asyrlaryň dowamynda diňe bir Ýewropada däl, onuň çäginden alyslarda hem uly orny eýeläp gelendigini ýatlap geçesimiz gelýär. «Fransuz medeniýetine aralaşmak — dünýä medeniýetine aralaşmak» diýlen düşünjäniň ir döwürlerden bäri ýörgünli bolup gelendigi muňa şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin­de Rene Dekart, Žýul Wern, Klod Mone, Onore de Balzak, Aleksandr Dýumalar, Blez Paskal, Wiktor Gýugo ýaly ägirtleriň watanynyň medeniýetini, edebiýatyny, dilini öwrenmeklige ýurdumyzda uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Çykyşynda belläp geçişi ýaly, geçen ýyl paýtagtymyzda fransuz ýazyjysy we dramaturgy Onore de Balzagyň heýkeliniň oturdylmagy medeni gatnaşyklarymyzyň täze derejelere çykýandygyny görkezýär. 

     Gahryman Arkadagymyz Türkmen­fransuz ykdysady forumyndaky Çykyşynda iki ýurduň arasynda alnyp barylmaly hyzmatdaşlygyň bäş ugry baradaky teklipleri uly seslenmä eýe boldy. Milli Liderimiz tarapyndan teklip edilen, ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiýasyny ulgamlaýyn meýilnamalaşdyrylmagy nazarlaýan ol bäş ugruň çäklerinde nebit­gaz pudagy, hemra­aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, kadastr, suw serişdeleri, himiýa senagaty, derman serişdeleri we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şäherleri ösdürmek, metan zyňyndylaryna monitoring, geologiýa gözleg­barlag işleri, nebitgaz enjamlary bilen üpjünçilik, «ýaşyl» we wodorod energetikasynda, kiçi we orta telekeçilikde, syýahatçylykda, şeýle­de ähli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen­fransuz iş toparynyň nobatdaky mejlisini şu ýyl geçirmek, 2024­nji ýylda Parižde guralan energetika forumy ýaly halkara çäreleri geçirmegiň tejribesini dowam etmek barada aýdanlary bolsa ösüşli gadamlarymyzyň ýokary depginleri göz öňünde tutýandygyny ýene bir ýola dünýä ýaýdy. 

     Hawa, döwletli gadamlarynda ata­babalarymyzyň parasat hazynasyny ýörelge edinýän Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary iki ýurduň halky üçin­de bähbitli tutumlara badalga berdi. Durnukly şäher ösüşi, ýangyç­energetika, ulag­kommunikasiýa, suw, oba hojalygy, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, ylym­bilim, medeniýet we beýleki ugurlar boýunça gol çekilen resminamalaryň hyzmatdaşlyklary hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna her birimiz ynanýarys.

     Goý, dostlukly ýollarymyzy dünýä sary uzaldýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat bähbitli başlangyçlary rowaç bolsun!

 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

ÖSÜŞLERIMIZIŇ BINÝADY

 

     Türkmenistanyň Mejlisiniň şu ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen ýedinji  çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty demokratik ýörelgeleriň dowamat tapýandygynyň güwäsine öwrüldi. Ýokary işjeňlik ýagdaýynda geçen bu maslahatda hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda,  berkarar döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ygtybarly ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň ençemesi kabul edildi.

 

     Ýeri gelende bellesek, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Esasy Kanunyna laýyklykda kämilleşdirilmegi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. 

     Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň hem-de halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, milli kanunçylygy döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek barada berýän gymmatly maslahatlaryndan we tabşyryklaryndan ugur alyp, kabul edilýän kanunlaryň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işlerini geçirmekde tagallalaryny gaýgyranoklar. Edara-kärhanalaryň zähmet toparlarynyň, şonuň ýaly-da ilatyň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Ýakynda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň işgärleriniň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, şeýle hem partiýanyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen çärede edilen çykyşlarda ýurdumyzda parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, dostlukly gatnaşyklaryň dabaralanýan ýylynda kabul edilen täze Kararnama bilen Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmegiň kesgitlenilmeginiň Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň Halkara derejede goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidigi, bu möhüm maslahata gatnaşjaklaryň Halkara deňiz portunyň ýükleri üstaşyr geçirmekdäki giň mümkinçilikleri bilen içgin tanyşdyryljakdygy barada buýsançly gürrüň edildi. Biz şeýle maksada okgunly çäreleri welaýatymyzyň Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda hem geçirdik. 

     Halkymyza kämil hukuk ulgamynyň we täze eýýamyň belent maksatlaryny durmuşa geçirmegiň dünýä nusgalyk esaslaryny döredip berýän döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň alkyşlary çäksizdir.

 

Guwanç ÇENDIROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat 

komitetiniň başlygy.

GUWANJYMYZ, BUÝSANJYMYZ WATANDYR

 

     Ýurdumyzyň ösüşlere, ýeňişlere beslenýändigine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Üstümizdäki ýylyň şanly wakalary hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasatynyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama üçünji gezek biragyzdan kabul edildi. Bu waka döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň dünýäde uly goldaw tapýandygyna şaýatlyk edýär. 

 

Çary GURBANMYRADOW.

                                                        Mary etrap hassahanasynyň 2-nji çagalar bölüminiň müdiri, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

Ýaşyl dünýä —ÝAŞAÝYŞ

 

     Ekoabadançylygyň berkidilmegi ilkinji derejeli we uly ähmiýetli mesele saýylýar. Hut şoňa görä hem geljekki ösüşlerimizi kesgitleýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda ekologiýa aýratyn uly üns berilýär.

 

     Ekologiýanyň goraglylygyny güýçlendirmek we şu maksat bilen innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak dünýä jemgyýetçiliginiň hem üns merkezinde ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda gatnaşan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň hem döwletleriň gatnaşyklarynda we ösüşlerinde göz öňünde tutan esasy maksatlarynyň biri ekoabadançylygyň berkidilmegine syrygýar. Bütindünýä sergisiniň «Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris» diýen esasy mowzugynyň «Durmuşy halas etmek», «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek», «Durmuşy birleşdirmek» diýen ugurlarynda hem innowasion tehnologiýalaryň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek wezipesi äşgär görünýär. «Durmuşy halas etmek» ugry boýunça saglyk, howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berilýär. Ähli ösüşleriň ekoabadançylygy berkitmek bilen baglanyşyklydygy döwlet syýasatynyň ählisiniň mazmunyny düzýär. Şeýle nukdaýnazardan durnukly ösüşiň ýiti meseleleri boýunça Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň möhüm başlangyçlarydyr teklipleri dünýä syýasatynda döwletimiziň abraýyny has-da belende göterdi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna işjeň goşuldy. Döwletimiz Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak ýaly ugurlarda hem işjeň orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda döwletimiziň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny hem resmi taýdan yglan etdi. 

     Ekologiýa ulgamy, hususanda, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, çölleşmegiň, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, peýdalanmagy amatlylaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler bilen üýtgewsiz baglanyşykly bolup durýar. Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň we halklarynyň tagallalaryny ekoabadançylygy berkitmek ýaly möhüm ugra gönükdirmegi başarmagyň hötdesinden gelmegi hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatynyň ynsanperwer keşbini hem açyp görkezýär. Türkmenistan diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, Ýer ýüzüniň häzirki we geljek nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilýän ählumumy ekologik meseleleriň oňyn çözgütlerini öňe sürýär. Ekoabadançylyk sagdyn durmuşdyr, tämiz howadyr. Ekoabadançylyk bagtyýar durmuşyň özenidir. Daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklarymyzy köpeltmäge we olary ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin netijeli peýdalanmaga her bir wagtdakysyndan has köp üns berilmegi netijesinde ýurdumyz bagy-bossanlyga öwrülýär.

 

Allaýar OMAROW,

Türkmenistanyň

Mejlisiniň deputaty.

Parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynanyşmagyň güwäsi

 

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ynsanperwerlik, dost­doganlyk ýörelgeleri barha rowaçlanýar. Ata Watanymyz dünýäniň iň howpsuz, asuda, parahat ýurtlarynyň biri hökmünde giňden ykrar edilýär. Bu bolsa döwletimiziň bitaraplyk syýasatynyň, parahatçylygy, durnukly ösüşi gazanmak meýilleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Parahatçylyk ýaşaýşyň ajaýyp peşgeşi, ykbalyň gymmatly serpaýydyr, durnukly ösüş bolsa eşretli şu gün, röwşen geljekdir. 

     Bitaraplyk döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň nyşanydyr. Häzirki döwürde adamzat ýaşaýşyny gözelleşdirýän, nesillere bagtyýar geljegi miras goýmagyň möhüm guraly bolup durýan bitaraplyk taglymatynyň gadyr­gymmaty artyp, binýady has­da berkeýär. 

     Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň syýasy gurşawynda öňe sürýän baş taglymaty parahatçylykdyr, ynsanperwerlikdir, ynanyşmakdyr, adamyň iň ýokary gymmatlykdygyna bolan düşünjäni, onuň erkin ýaşaýşyna ynamy berkitmekdir. Türkmen Bitaraplygy parahat ýaşamak, erkin zähmet çekmek, dost­doganlygy pugtalandyrmak ýaly ýörelgeleri rowaçlandyrýan gymmatlykdyr. Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň aýratynlygy onuň umumadamzat ýaşaýşyny gözelleşdirmäge, dünýä jemgyýetçiliginiň abadançylygyna gönükdirilýändiginde, türkmençilige mahsus milli ýörelgelere esaslanýandygynda jemlenýär. 

     Ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatyna buýsanýan, guwanýan halkymyz «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025­nji ýylda döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny dünýä halklary bilen jebislikde toýlar. Bu baýram dost­doganlygyň baýramyna öwrüler. 

     Goý, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dost­doganlygyň, ynanyşmagyň aýdyň güwäsine öwrülen türkmen Bitaraplygy biziň döwletimiziň şan­şöhratyny has­da belent derejelere ýetirsin! Bu ugurda ägirt uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaç bolsun! 

Tuwakgylyç Weliýew,

Türkmenistanyň Senagatçylar we 

telekeçiler partiýasynyň welaýat 

komitetiniň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty. 

DÖREDIJILIGIŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN

 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi döwrümiziň beýik üstünlikleriniň nyşany bolup, göwünlere ganat bekledýän waka öwrüldi. Munuň özi, ilkinji nobatda, döwletimiz, halkymyzyň ykbaly bilen baglanyşykly bolup, şol bir wagtyň özünde halkara ähmiýete eýedir. Ol Türkmenistanyň dünýä dolan at-abraýyny ýene bir gezek belende göterýär. Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, her bir meseläni oýlanyşykly, maslahatly çözmek babatdaky tejribelerini dabaralandyryp, bu ýörelgäni bütin adamzadyň hyzmatynda goýýar.

 

     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan daşary syýasatda bitaraplyk ýörelgesine eýerjekdigini Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden dünýä aýan edip başlady. Garaşsyzlyk ýyllarynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen ilkinji Kararnama türkmen Bitaraplygy bilen bagly boldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Milletler Bileleşigine şol wagtky 185 sany agza döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Şonuň netijesinde ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine eýe boldy. Hut şunuň özi-de köp zatdan habar berýär. Türkmen özi bolup dünýä çykdy. Türkmen öz sözüni dünýä ýetirip gelýär. Döwletlilik binasyny uzak asyrlaryň synagyndan geçen milli pähim-parasady bilen mizemez edýär. Halkyň durmuşyň ähli taraplaryny öz içine alýan çuňňur pähim-parasadynda bitaraplyk ýörelgesine aýratyn orun degişli. 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallalary netijesinde ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösüş gazanyldy. Abadançylygyň polat galkany hökmünde Bitaraplyk derejämiz hem barha berkidilip, ösdürilip gelindi. 2007-nji ýylda paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy şunuň bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany ikinji gezek kabul etdi. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň Kararnamasy esasynda 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edildi. Şeýlelikde, türkmen Bitaraplygynyň şanly senesi halkara baýramçylyk derejesine eýe boldy. Türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dünýäde ýene bir gezek dabaralandy. «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine degişli Kararnamalaryň onlarçasynyň kabul edilmegi hem berkarar döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýynyň uludygyndan habar berýär. 

     Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz peder ýoluny mynasyp dowam etdirýär. Bu döwür — taryhy özgertmeleriň dowamat-dowam bolýan, ähli ugurlarda uly ösüşleriň gazanylýan döwri. Türkmenistan daşary syýasatda hem Garaşsyzlygyň gysga döwri içinde gazanan uly tejribelerine, şol bir wagtda juda ygtybarly Bitaraplyk hukuk derejesine daýanmak bilen, adamzat üçin parahat durmuşyň, hyzmatdaşlygyň hem ösüşiň ýollaryny açýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Golaýda bolsa Milletler Bileleşigi üçünji gezek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamany kabul etdi. Munuň özi, birinjiden, hormatly Prezidentimiziň ata-baba ýörelgelerimize esaslanýan döwletlilik ýolumyzy, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy bilen binýady berkidilen peder ýoluny mynasyp dowam etdirýändigini aňladýar. Ikinjiden, abadançylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hyzmatdaşlyk, ösüş ýaly ynsanlar üçin örän zerur ajaýyplyklara arka durýan bu nurana ýoluň bütin dünýäde doly ykrar edilýändigini görkezýär. 

     Türkmenistan oňyn Bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edip gelýär. Şundan gelip çykýan ynsanperwer başlangyçlar, abadançylygyň we halklaryň bagtly durmuşynyň hatyrasyna amala aşyrylýan, hemmeler üçin ähmiýetli anyk işler ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýär. Türkmenistan adamzadyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär. Dürli ugurlarda taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Agzybirligiň, dost-doganlygyň, asudalygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň ýurdy hökmünde Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge we pugtalandyrmaga goşant goşýar. 

     Mundan müňlerçe ýyl ozal hem halkymyz özüne mahsus häsiýetleri, edim-gylymlary, ynsanperwerligi, halallygy, mertligi bilen dünýäde şöhratlanypdyr. Muňa taryhdan mysallary näçe diýseň getirip bolar. Gadymy rim taryhçysy Pompeý Trog biziň ata-babalarymyz bolan skifler — türkmenler barada şeýle ýazypdyr: «Adalatlylyk baradaky düşünjäni olar kanunlar bilen däl, eýsem, öz akyllary bilen durmuşa ornaşdyrdylar. Olarda iň agyr günä ogurlyk hasaplanýar. Ähli adamlarda kesekiniň zadyna el urmazlyk we şunuň ýaly belent ahlaklylyk, seresaplylyk bolan bolsady, onda asyrlardan-asyrlara munça uruşlar bolmazdy. Ýunanlaryň kanunlaryň we ylmyň üsti bilen alyp bilmedik zadyny skifler tebigatdan alýarlar». Rus ýazyjysy, gündogarşynas Dmitriý Logofet bolsa şeýle diýýär: «Türkmen bir zady ederin diýip boýun alan bolsa, hökman sözünde tapylar. Eger kasam kabul eden bolsa, onda ol daşa ýazylan ýalydyr». 

     Görnüşi ýaly, başymyzy gök diredýän buýsançly wakalaryň ählisi, hakykatdan-da, halkymyzyň gadymyýetden gelýän beýik häsiýetleriniň, durmuş ýörelgesiniň bu günki berkarar döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň özenine siňdirilendigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Oguz han atamyzdan gelýän döwletlilik ýörelgesi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ady bilen dünýä çykýar. Muňa biziň hemmämiz — atalar hem eneler, gojalar hem ýaşlar, ylym-bilim, medeniýet işgärleri, islendik kärdäki adamlar, bütin halk bolup buýsanýarys.

 

Hatyja MUSTAKOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

SAHAWAT­YNSANPERWERLIGIŇ GÖZBAŞY

 

     Golaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise­prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýurdumyza sapar bilen gelen «Al­Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşmagy we köp millionly tomaşaçysy bolan bu teleýaýlyma interwýu bermegi gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işlerini dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, bütin dünýäde çagalary goldamakda uly ynsanperwerlik kömegini berýän gaznanyň işleri bilen tanyşmaga ýardam berip, ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlarynyň dünýä halklarynda uly gyzyklanma döredýändigini görkezýär.

 

     29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat hem munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bu giň möçberli çärä hyzmatdaş ýurtlaryň birnäçesiniň döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagy ynsanperwer ugurly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Halkara maslahata bagyşlanan dabaraly çäreleriň Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde badalga almagy we oňa gatnaşyjylaryň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmaklary bejergi alýan çagalarda uly täsir galdyrdy. 

     Maslahatyň dowamynda seredilen meseleler onuň Jemleýji resminamasynda beýan edilip, ol Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerine terjime edildi we Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. 

     Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Monako Knýazlygyna iş sapary hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Saparyň dowamynda gaznanyň wise-prezidentiniň Monako Knýazlygynyň Milli Geňeşiniň Başlygy Tomas Bresso bilen duşuşyp, saglygy goraýyş işiniň, daşky gurşawy goramak babatdaky tagallalaryň we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alyşmagy aýratyn ähmiýete eýe boldy. 

     Ynsanlary hoşniýetlilige çagyrýan, hemaýata mätäji goldamak, haýyr-yhsan etmek ýaly asylly ýörelgelere milletimiz taryhyň ähli döwürlerinde ähmiýet berip, nesilden-nesle dowam etdirip gelýär. Döwürleriň synagyndan geçen ahlak ýörelgelerimiz jemgyýet tarapyndan ykrar edilen ölçegler hökmünde aýalyp, mazmun taýdan asyrlarboýy baýlaşdyrylypdyr. 

     Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda ýagşylykdyr haýyr-yhsan etmegiň şahsy, jemgyýetçilik hem-de ykdysady bähbitleriniň barmak büküp sanardan köpdügi, ýüregiň bitakat bolsa, dert basmarlasa, işiň ugrukmasa, zehiniň açylmasa, dilegiň kabul bolmasa, sadaka berip, ýagşylyk etmelidigi barada aýdylýar.  

      Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetiniň belent ruhy däplerine we ýörelgelerine eýermek bilen, mümkinçiligi çäkli çagalara goldaw bermek meselesine aýratyn ähmiýet berýär. Asylly maksatlar ykdysady we durmuş çäreleriniň giň toplumyny öz içine alýar. Ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, haýyr-sahawat işini ýaýbaňlandyrmak, ynsanperwerlik kömegi babatda döwlet tarapyndan berilýän goldawyň görnüşleri artýar. Haýyr-yhsan işlerine gatnaşyjylaryň hem sany köpelýär. Bu babatda hukuk gatnaşyklary yzygiderli kämilleşdirilýär. Ynsanperwerlik ýörelgeleriniň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda giňden orun almagyna, adamlaryň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna uly üns berýändigi, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp, 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Arkadag» medaly bilen sylaglandy. Mälim bolşy ýaly, bu sylag bilen ýurdumyzda adamyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk, hukuk, ykdysady çäreler toplumyny durmuşa geçirmekde, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek arkaly haýyr-sahawat işine giň gerim bermekde görnükli hyzmatlary bitirenler sylaglanýar. 

     Gaznanyň döredilmeginden bäri geçen dört ýylyň içinde ýüzlerçe çaganyň saglygyny dikeltmek, çylşyrymly operasiýalary geçirmek işleri mugt alnyp baryldy. Bu çygyrdaky aladanyň diňe şular bilen çäklenmän, çagalaryň operasiýalardan soňky dikeldiş döwründe-de ýerli saglyk öýleriniň aýratyn gözegçiliginde saklanmagy, mynasyp dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini bellemek gerek. Kyn durmuş ýagdaýyna düşene hemaýat bermek çäreleri döwletiň çäginde ýaýbaňlandyrylman, bu asylly ýörelgeler halkara derejede-de ýola goýulýar. Gaznanyň hasabyna Owganystana, Pakistana, Täjigistana, Türkiýä, Ukraina, Russiýa, Palestina ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy. Bilşimiz ýaly, «Adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna görä, ynsanperwer kömegi bermek üçin niýetlenen maddy-tehniki, azyk, lukmançylyk we beýleki harytlar hem-de serişdeler, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýda ejir çekenleriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin niýetlenen ilkinji zerur zatlar (iýmit önümleri, geýim, aýakgap, arassaçylyk närseleri, derman serişdeleri, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler we başgalar) ugradylýar. Şu ýylyň başynda Milli Liderimiziň Monako Knýazlygyna sapary wagtynda Şazada Albert II bilen duşuşygynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň hatarynda Şazada zenan Greýsiň gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň maksadalaýykdygyna hem üns çekilmegi işleriň geriminiň has-da giňeýändigini görkezýär. 

     Ýurdumyzda haýyr-sahawat işini amala aşyrmak kanunçylyk, ynsanperwerlik, aýanlyk, meýletinlik, bähbitleriň umumylygy we oňa gatnaşyjylaryň hukuklarynyň deňligi ýaly asylly ýörelgelere esaslanýar. Asylly işler haýyr-sahawatçylar tarapyndan amala aşyrylýar. Olaryň sogap işleri emlägini, şol sanda pul serişdelerini we intellektual eýeçiliginiň obýektlerini eýeçilige tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde geçirmegi, eýeçilik hukugynyň islendik obýektlerine eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýarlyk hukuklaryny tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde bermegi, tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde işleri ýerine ýetirmegi arkaly amala aşyrylyp bilinýär. 

     Durmuş syýasaty baradaky meseleleri oňyn çözmekde ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen giňden hem-de netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna goşulmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň güwäsi bolup durýar. Döwletimiz ady agzalan Konwensiýa 1994-nji ýylda goşuldy. Häzirki wagtda 190-dan gowrak döwletiň tassyklan bu Konwensiýasynyň maddalarynda atanyň-enäniň çaganyň ösmegi, zerur durmuş şertlerini öz ukyplarynyň mümkinçilikleriniň çäklerinde üpjün etmegi üçin esasy jogapkärçiligi çekýändigi bellenendir. 

     Haýyrly maksatlary çelgi edinip, 25-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşygynda-da ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, olaryň çeper döredijilige ukyplaryny açyp görkezmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümiň howandarlyk etmeginde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşigiň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Görnüşi ýaly, bu haýyr-sahawat gaznasy ösüp gelýän ýaş nesilleriň döredijilik ukybyny açmakda hem zerur işleri durmuşa geçirýär. 

     Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde dünýäniň öňdebaryjy ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdylyp, degişli bejergi-dikeldiş işlerini amala aşyrmak, lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary derejede guramak üçin ähli mümkinçilikler bar. Şol bir wagtda ösüp gelýän ýaş nesilleriň tebigy zehinini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak bilen bagly halkara derejedäki çäreler işjeň gerim alýar. Munuň özi körpe nesli umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer garaýyşlarda terbiýelemek, ruhy, beden taýdan sagdyn ösüşi gazanmak çygryndaky hukuklary dabaralandyrýar. Şeýle hoşmeýilli tagallalar netijesinde jemgyýetde ynsanperwerlik ýörelgeleri hem barha ilerleýär.

 

Merjen BORJAKOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş 

syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.

PARAHATÇYLYK ÝÖRELGELERI ROWAÇLANÝAR

 

     Paýtagtymyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatyň geçirilip, oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 

     Sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk durnukly ösüşi üpjün etmekde strategik ähmiýete eýedir. Bu hyzmatdaşlyk söwda, energetika, ulag we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary öz içine alýar. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek diňe bir ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmak dialogyny hem pugtalandyrýar, bu bolsa durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. 

     Milli Liderimiziň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolmagy beýik işleriň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdan, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmekden, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary alyp barmakdan ybaratdyr. Ýurdumyz dünýä döwletleriniň ençemesi bilen ykdysady, medeni, gumanitar we ylym, bilim babatynda hyzmatdaşlygy giň gerimde ýola goýýar. Häzirki döwürde energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi sebitiň we dünýäniň ösüşi, umumadamzat bähbitleri üçin täze mümkinçiliklerdir. 

 

 

Merdan ORAZMEREDOW,

Türkmenistanyň Döwlet 

energetika institutynyň mugallymy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

GADYMY ÝOLUŇ ŞÖHRATLY DOWAMATY

 

    Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze taryhy türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk ösüş ýolunyň beýikligini, dünýäde rejeli şan-şöhratyny gaýtadan ýüze çykaran aýratyn ähmiýetli döwürdir. Bu döwürde döwlet durmuşynda-da, jemgyýetçilik durmuşynda-da köp zat özgerdi. Durmuşyň özgerýän şertleri adamlaryň aň-düşünjesine, garaýyşlaryna belli bir derejede täsir etdi. Garaşsyz ösüşimiziň anyk maksatnamalary, ýurdumyzyň syýasatynda, ykdysadyýetinde, medeni-ynsanperwer ýörelgelerinde anyklygyň we kesgitliligiň ýüze çykmagy halkyň geljek baradaky ynamyny has-da berkitdi.

 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleridir maksatnamalary häzirki döwürde döwleti dolandyrmagyň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady ugurlarynda örän netijeli tejribe hökmünde nusgalyk ösüş ýoluna öwrüldi. Şunda halkymyz täze taryhymyzyň döwletlilik ýolunyň ösüşlere ukyply, döwrüň özgerişlerine çalt uýgunlaşýan döwrebap ýörelgelerini döretmekde we ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn şahsyýetlik derejesine bada-bat göz ýetirdi. Munuň özi dünýä jemgyýetçiliginiň hem nazaryndan sypmady. Öz döwründe daşary ýurtly meşhur syýasatçylaryň Milli Liderimiziň zehinli syýasatçy, başarjaň döwlet ýolbaşçysy hökmünde ornuna ýokary baha berip, Türkmenistanyň Prezidentiniň öz döwletini, öz halkyny siwilizasiýanyň gazananlaryna ýakynlaşdyrýandygy, munuň bolsa ýurduň abadançylygynyň hatyrasyna ösüşe barýan göni ýoldugy baradaky pikirleriniň örän dogrudygyny wagt görkezdi. Dünýä metbugatynda Milli Liderimiziň alyp barýan ýolunyň türkmen döwletini uly ýeňişlere ýetirjekdigi hakynda öňdengörüjilik bilen aýdylypdy. Türkmenistanyň diňe bir içerki ösüşde däl-de, halkara derejede ileri tutýan işiniň many-mazmunyndaky ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer döwlet syýasaty täze döwrüň garaýyşlary hökmünde öňe çykdy. Gahryman Arkadagymyzyň kemala getiren, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasaty ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň daýanjydyr, gazanýan ýeňişlerimiziň gözbaşydyr. 

     Häzirki döwürde dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, ylalaşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek wajyp wezipe bolup durýar. Halkara gatnaşyklardaky çylşyrymly ýagdaýlaryň çözgüdini tapmagyň aňsat bolmadyk şertlerinde Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Ählumumy

ösüşiň ýagdaýlary seljerilende, parahatçylygy üpjün etmegiň we ylalaşyk gazanmagyň şertleriniň syýasy-jemgyýetçilik çemeleşmeleriniň çygryndan has giňdigine hem-de çuňdugyna göz ýetirmek bolýar. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň MilliLideriniň häzirki döwürde dünýä gatnaşyklarynda ýüze çykýan özgerişleriň diňe birsyýasy garaýyşlary, ykdysady gatnaşyklary üýtgetmek bilen çäklenmän, eýsem, durmuş medeniýetine, jemgyýetiň ruhy durmuşyna, ylalaşykly ýaşamagyň ahlagyna wepelsepesine täsir edýändigi baradaky çuň manyly pikirine aýratyn üns bermek möhümdir. Gahryman Arkadagymyz bu ugurda täze özgerişleriň zerurdygyny nygtaýar. Şunda jemgyýetiň aňyýet, ruhy kämilligi bilenbagly iňňän derwaýys wezipäni çözmegiň jogapkärçiliginiň döwlet syýasatyndaky düýpli ornuna ünsli garamakzerurdyr. «Döwlet» diýen düşünje adamzatjemgyýetiniň öňde-soňda döreden iň kämil, iň adalatly, iň ýokary derejeli gurluşy bolup, döwletiň kämilligini kesgitleýängörkeziji hem onuň alyp barýan syýasatyna baglydyr. Döwletlilik düşünjesi, döwlet bilen halkyň arasyndaky gatnaşyklar, ilki bilen, hukuk taýdan kesgitlenilýärwe kanunçylyk arkalyaňladylýar. Munuň özi nazaryýet hemdurmuş babatda bu düşünjeleriň düýp manysyna anyklyk berýär. Şunda aňyýet işini, ynsanperwerlik ideýalaryny durmuşa geçirmegiň jemgyýetçilik ulgamlarynyň garamagyndaky iş diýlip hasaplanmagy kähalatda kadagiren düşünje bolupdurýar. Emma häzirki döwür bu garaýşa täzeçe çemeleşmegiň zerurdygyny äşgär edýär.

     Döwletiň ähli ugurlarda alyp barýan syýasaty, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine ýolbaşçylyk edýän dolandyryş, guramaçylyk düzümleriniň işleri, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny kadalaşdyrýan kanunçylyk, hukuk ulgamynyň işi jemgyýet bolup ýaşamagyň ilkinji şerti hasaplanýar. Şunuň bilen birlikde, döwletiň wezipe çygrynda raýatlaryň aňyýet, ruhy sazlaşygy baradaky tagallanyň möhüm ornunyň bolmalydygyny «maglumatlar asyrynyň» ösüş ýagdaýlary aýdyň görkezýär. Munuň özi adamzat jemgyýetiniň geljeginiň kepilligini üpjün etmek derejesindäki jogapkärli wezipe bolup durýar. Döwletiň, tutuş ýurduň, jemgyýetiň maksada okgunly, kadaly ösüş ýoluny dowam etdirmegiň esasy şerti döwlet bilen halkyň arasyndaky jebislik bolýan bolsa, döwletiň daşary syýasatynyň netijeliligi hem her bir ýurduň jemgyýetçilik, syýasy, durmuş taýdan durnuklylygyna köp derejede baglydyr. Şoňa görä-de, döwletiň alyp barýan medeni-ynsanperwer syýasaty derwaýys ugurdyr. 

     Üçünji müňýyllygyň ýaşaýyş şertleriniň «maglumatlar asyrynyň» ösen derejesi netijesinde düýpli özgerýändigini bellemek bilen, ýene bir durmuş hakykatyna üns bermek zerurdyr. Şertler näderejede özgerse-de, ynsan öz duýgy-düşünjesi, ruhy-aňyýet ýagdaýy babatda tebigy durkuny saklap galýar. Adamyň maddy we ruhy islegleri, ymtylyşlary, bu ugurdaky tagallalary öňküligine galýar. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň: 

     Sözlär bolsaň ýagşy sözle,

     Halk ýamanyň bizarydyr­

diýen setirleri-de adam ruhunyň hiç haçan özgermeýän içki özeniniň manysyny çözleýär. Düşnükli, sadalyk bilen aýdylýan bu pikirde adamzat ýaşaýşynyň beýik hakykaty hem-de adam aňyny dogry ýola gönükdirýän güýç bar. Ol duýgy güýjüdir. Ynsanlary ýagşy sözlemäge, haýyr işlere iterýän, ýürekden we aňdan gaýdýan şol güýji oýarýan köp aňyýet ulgamlary bar. Ylahyýetiň, sungatyň, medeniýetiň, edebiýatyň, halk döredijiliginiň müňýyllyklaryň dowamynda döredilen umman ýaly çäksiz hazynasy tutuşlygy bilen pany dünýäniň «ynsan» atly gudratynyň ruhuna, aňyna, duýgy-düşünjesine gönükdirilen bolsa, adam aňynyň iň belent ideýalary ynsanperwerligi ündeýän bolsa, ýaşaýşyň baky ýoly hökmünde adalatyň dowam etmegini nesihat edýän bolsa, onda bu beýik adamkärçilikli maksadyň hemişe we hemme zatdan ýokarda durmalydygy düşnüklidir. Bu düşünje halkara gatnaşyklar babatda-da esasy çelgi bolmalydyr. 

     Elbetde, dünýä ösüşinde, döwletleriň gatnaşygynda kähalatda bäsdeşligiň we bähbit aramalaryň netijesinde käbir meseleleriň ýüze çykýan halatlary bolýar. Bitarap Türkmenistan döwlet syýasatynda şeýle meseleleri çözmegiň hemmeler üçin haýyrly ýollarynyň medeniýete hem-de ahlaga bagly bolmalydygy baradaky başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şoňa görä, Milli Liderimiz dünýäde syýasatyň ahlak tarapyna üns bermelidigi baradaky pikiri hemişe nygtaýar. Syýasat nähili mazmunda, nähili derejede alnyp barylsa-da, haýryň haýyr bolup galýandygyny, şeriň bolsa hemişe şer bolup galýandygyny döwrüň täze filosofik garaýşy hökmünde öňe sürýär. Diýmek, Gahryman Arkadagymyzyň paýhas-parasatlylyk, öňdengörüjilik bilen işläp taýýarlan we durmuşa geçirýän, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän döwletlilik ýörelgesiniň çylşyrymly dünýä ýagdaýlarynyň häzirki pursatlarynda ösüşiň we durnuklylygyň ajaýyp nusgasy hökmünde öňe çykmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan içeri hem daşary syýasatynyň beýik gazananydyr. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlaryň ynsanperwer maksatlaryna beslenen bu döwlet syýasatynyň netijeliligini we döwrebaplygyny ýurdumyzyň yzygiderli ösüşleri aýdyň görkezýär. 

     Ählumumy ösüşde köp zat özgerýär. Şol sanda geosyýasy, geoykdysady gatnaşyklaryň hilinde-de täzeçe garaýyşlar adat bolup gelen ugur-ýollara özgerişlik girizýär. Ählumumy ösüşiň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ornunyň ýokarlanýandygy halkara gatnaşyklardaky möhüm özgeriş bolup durýar. Gözbaşyny gadymy taryhy köklerden alyp gaýdýan türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň döwrüň talaplary bilen sazlaşýan gymmatly tejribesi bu günki gün eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny halkara derejede belende galdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkyň ruhy-aňyýet mirasyna, türkmen taryhynyň beýik tejribesine, nusgalyk ýoluna daýanýan döwlet syýasatyny döwrüň ösüş belentligine çykarmagynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmeniň milli ösüş ýoluny häzirki zaman dünýä tejribesi bilen has-da baýlaşdyrmagynyň halkara syýasy-ykdysady giňişlikde hyzmatdaşlyk üçin örän ygtybarly merkeziň döremegine, ösen döwletleriň ünsüni özüne çekýän sebit derejesine ýetmegine uly ýardam berýändigini bellemek zerurdyr.

      Halkara gatnaşyklarda we özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli ýola goýmakda diňe bir ykdysady mümkinçilikleriň ýeterlik däldigini, ilki bilen, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň zerurdygyny, hiç bir päsgelçiliksiz öňe gitmek, bagtyýar durmuşy, okgunly ösüşleri üpjün etmek üçin dünýä syýasatyny ynsanperwerleşdirmegiň ähli ugurdaky gatnaşyklaryň esasynda durmalydygy döwrüň talabydyr. Gahryman Arkadagymyzyň dünýä döwletleriniň ylalaşykly ýaşamagynyň ahlak we pelsepe jähetlerine pugta üns bermegiň zerurdygy baradaky pikiri döwrebap halkara gatnaşyklaryň binýatlaýyn esasyny kemala getirmegiň taryhy taraplaryny açyp görkezýär. Şu nukdaýnazardan, Milli Liderimiziň: «Ahlak kadalary durmuş üçin ýöredilendir. Bu gymmatlyklar adamzady goramak we onuň hemmetaraplaýyn kämilleşmegine we ösmegine ýardam bermek üçin döredilendir. Syýasat hem şeýledir» diýen paýhasly sözleriniň häzirki zaman halkara syýasatyny kadaly dowam etdirmekde möhüm ähmiýete eýedigini ýurdumyzda, sebitde soňky wagtlarda bolup geçýän halkara wakalar hem aýdyň subut edýär. 

     Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda belleýşi ýaly, bu gün Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak, halkara gatnaşyklarda ynanyşmak medeniýetini ösdürmek babatda alyp barýan umumadamzat ähmiýetli tagallalaryna ýokary baha berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasynyň ählumumy ähmiýeti, oňa hemişe isleg bildirilýändigi, onuň oňyn häsiýete eýedigi baradaky pikirleri häzirki döwürde halkara gatnaşyklary sazlaşykly alyp barmagyň ýörelgelerini aňladýan paýhas dürdänesi bolup dünýä dolýar. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň döwrüň çylşyrymly meselelerini çözmekde, ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde esasy daýanja, ösüşleriň kepiline öwrülmeginde döwlet bilen halkyň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrýan, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy halkyň ruhy durmuşynyň binýadyna öwürýän nusgalyk tejribäniň taryhy orny bardyr. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenler öz durmuş medeni nusgasyny, parahatçylygy, agzybirligi üpjün edip gelen milli ýörelgelerini döreden halk hökmünde tanalýar» diýip nygtamak bilen, halkyň hatyrasyna bitirýän ähli beýik işlerinde şol milli ýörelgelere esaslanýar. Şeýle düşünje we döwür baradaky garaýyşlar bilen halk bähbitli beýik işleri amala aşyrýan hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäniň iň ösen döwletleri bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ýoluna düşdi. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ählumumy parahatçylyk barada belent maksadyň hasyl bolmagy ugrundaky ählumumy hereketiň öň hatarlarynda orun alýandygy türkmen halkyny buýsandyrýar. Goý, bu gadymyýetden gözbaş alýan şöhratly ösüş ýolumyz dowamat-dowam bolsun! 

 

Ata SERDAROW,

Türkmenistanyň Demokratik 

partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

1 2 3 4 5 6 7 ... 77