​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
10.10.2025

PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝÖRELGELERI

 

     Eziz Watanymyz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde Bitaraplygyň türkmen nusgasyny döretdi we ony «oňyn Bitaraplyk» diýip atlandyrdy. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine hormat goýmak, açyklyk ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýar. Döwletimiz maksada okgunly, özygtyýarly, bitarap, şol bir wagtyň özünde-de, işjeň hem netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. 

 

     Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwlet bolmak bilen, parahatçylygyň, özara düşünişmegiň işjeň tarapdary hökmünde halkara giňişlikde möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş sapary, şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisinde eden taryhy çykyşy, öňe süren umumadamzat bähbitli başlangyçlary dünýäde ylalaşygy pugtalandyrmak, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň beýany boldy. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary, möhüm ähmiýetli teklipleri dünýäde giňden goldanylýar. Munuň şeýledigine, döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler hakynda, halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny, umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlary beýan etmegi doly şaýatlyk edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmenistan hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýär» diýip, taryhy çykyşynda belledi. Hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda: «Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardyr» diýip belledi. Onda häzirki wagtda bu wezipeleri ilerletmekde we ýerine ýetirmekde iň netijeli gurallaryň biriniň ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, aýratyn-da, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugry hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şöhratyny has-da artdyrdy. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky ajaýyp üstünligidir. Milli Liderimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň, «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň jümle-jahanda ykrar edilýänligidir. Türkmen döwletiniň öz taryhy, ägirt uly syýasy hem ykdysady mümkinçiliklerini peýdalanyp, ählumumy abadançylygyň hyzmatynda goýup bilýändiginiň güwäsidir. Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy goramakdyr. Dünýä halklaryny parahatçylyga, agzybirlige çagyrýan Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleri diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, Zeminiň ähli halklarynyň abadan, rowaç durmuşyny nazarlaýar. Halkymyzy aýdyň geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri hemişe belent bolsun! 

 

Baýramgözel  MYRADOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.