Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Halkymyzyň hem-de umumadamzadyň ýaşaýyş-durmuşynda täze taryhy döwrüň sahypasyny bezeýän, şöhratlandyrýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bolup geçýän syýasy wakalar, taryhy özgertmeler, öňe sürülýän başlangyçlar, ilkinji nobatda, parahatçylyk, jebislik, özara ynanyşmak ýörelgelerini berkitmäge esaslanýar. Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň, göz öňüne tutýan maksatlarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda giň goldaw tapmagy bolsa, biziň daşary syýasat ugrumyza hem-de hoşmeýilli ýörelgelerimize berilýän ýokary bahadyr, bildirilýän belent ynamdyr. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ilerledýän, berkidýän işjeň döwlet hökmünde öz abraýly ornuny barha pugtalandyrýar. Bu babatda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen 30-dan gowrak Kararnamanyň halkara guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilendigini ýatlamak has-da guwandyryjydyr.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti has-da artýar. Türkmen Bitaraplygy halklary, döwletleri birleşdirýän dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär, parahatçylyk taglymatyny dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda berkitmegi maksat edinýän gymmatly ýörelge, beýik syýasy üstünlik hasaplanylýar. Şeýle hakykata biz ýene bir halkara çäräniň, ýagny BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mysalynda hem şaýat bolduk. Nýu-Ýork şäherinde bolup geçen bu sessiýanyň plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynda dünýäniň durnukly ösmegi, adamzat ýaşaýşynyň ygtybarly dowam etmegi, şeýle-de ýüze çykýan ählumumy meseleleri çözmekde döwletleriň hem-de halklaryň tagallalaryny birleşdirmek ýaly mazmuny özünde jemleýän paýhasly pikirleri orta atyp, oňyn başlangyçlary guramanyň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlemegi ynsanperwerligiň nusgalyk görkezijisidir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk derejesiniň jogapkärçiligini aňryýany bilen duýýan hem-de gyşarnyksyz berjaý edýän döwlet bolmak bilen, howpsuzlygy, ählumumy parahatçylygy, birek-birege ynanmagy, özara hormat goýmagy, düşünişmegi goldaýan, bu babatda özara dialoglara ähmiýet berýän, Merkezi Aziýada we dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýar. Bu babatda bolsa biziň döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplygyny möhüm gural hökmünde netijeli peýdalanýar. Şonuň üçinem, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürüp, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň taslamasyna seredilmegini teklip etdi. Çünki Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini syýasat görnüşinde amala aşyrýan, hatda ony kanun esasynda berkidip, jemgyýetçilik durmuşyny şonuň esasynda dowam etdirýän, jemgyýetçilik aňyny şoňa gönükdiren döwlet. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilendigini ýatlamak hem ýerliklidir.
Möhüm başlangyçlary öňe sürüp, halkymyzyň milli ýörelgelerini dünýä ýaýýan, belent münberlerde parahatçylyk wagyzlaryny beýan edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaç bolsun!
Annabagt Maýewa, welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe, bilim we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.