​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

MAŞGALALARYŇ BAGTYÝARLYGY — ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ BINÝADY

 

Ykdysady, durnukly ösüşi gazanmakda ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny, maşgalalaryň abadançylygyny üpjün etmek wezipeleri öňe çykýar. Ösüş düşünjesiniň diňe bir innowasion özgertmeler bilen çäklenmeýändigi mälim ýagdaý. Ösüş düşünjesi tutuş taryhyň dowamynda öz ähmiýetini ýitirmeýändigini subut eden ruhy-ahlak gymmatlyklaryň, durmuş institutlaryň döwrebap äheňde dowam etmegini hem öz içine alýar. Ýaşuly we ýaş nesliň arasyndaky gatnaşyklar, milli döwletlilik ýörelgeleriniň we maşgala däp-dessurlarynyň dowamatlylygy öz gymmatlygyny ýitirmeýän ösüşleriň esasyny düzýän binýady bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen zenanlara hormat goýmak ýaly asylly ýörelgelerimiz täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. 

Şular barada gürrüň edilende, 2022-nji ýylyň maýynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň birnäçe halyçylary bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň käbesi, ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň dakylmagy Garaşsyzlyk ýyllarymyzda kemala gelen asylly ýörelgelerimizi dabaralandyrdy. 

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli özgertmeleriniň özenini döwletiň baş gymmatlygy hökmünde adam, onuň eşretli ýaşaýşy baradaky durmuşa ornaşdyrylýan işlerde öz beýanyny tapýar. Maşgala gatnaşyklarynyň hukuk binýadynyň berkidilmegi, goralmagy babatynda döwrebap kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde maşgalada är-aýal, nika, emläk gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylyşyna, çaganyň erkin ösüşine, terbiýelenişine, sosial goraglylygyna zerur ýaşaýyş şertleriň doly döredilendigini görüp bilýäris. 

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, ýurdumyzda döwlet kömek pullarynyň birnäçe görnüşleri, ýagny olar wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly, çaga doglanda berilýän birwagtlaýyn döwlet kömek puly, çaga üç ýaşaýança seretmek boýunça döwlet kömek puly, maýyplyk boýunça döwlet kömek puly we beýleki döwlet durmuş kömek puly tölenilýändigi nygtalýar. Türkmenistanda pensiýalaryň tölegleri üçin ýaşy boýunça pensiýa, gulluk ýyllary boýunça pensiýa, hünär pensiýasy, maýyplyk boýunça pensiýa, ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa, toplaýyş pensiýasy ýaly görnüşlerde bellenilýär. Kömege mätäç adamlara, raýatlaryň kesgitlenen toparlaryna Türkmenistanda ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmak hukugy bellenilýär. 

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan zenanlaryň hersine Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň talaplaryna laýyklykda, birwagtlaýyn pul baýragy berilýär. Şeýle hem şu Kodeksiň talaplaryna laýyklykda, çaga seretmek boýunça her bir çaga onuň üç ýaşy dolýança, döwlet kömek pullary tölenilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere: diş protezleri hyzmatlaryndan, jemgyýetçilik awtoulag serişdelerinden (taksiden başgasy), hormatly ada mynasyp bolan enelere we olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryna, ene ölen ýagdaýynda, onuň iň soňky çagasy kämillik ýaşyna ýetýänçä, suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukuk berilýändigi hakynda durmuş ýeňillikleri göz öňünde tutulýar. 

Garaşsyz Diýarymyzda sagdyn nesli kemala getirmegi hem-de maşgala gymmatlyklaryny sarpalamagy döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri hökmünde hemişe üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun! 

 

Merjen BORJAKOWA,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.

 

BELENT MAKSATLARYŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan taryhy tutumlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna bedew badyny eçilýär. Ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler döwlet durmuşyny pugtalandyrýar, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini berkidýär. Ähli ugurlarda işleriň döwrüň gazananlaryna laýyk derejede guralmagy öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň meýilnamalaryny talaba laýyk ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň jemine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň netijelerinden hem aýdyň görmek bolýar.

 Mejlisde geçen ýyl üçin bellenen maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň makroykdysady görkezijileriniň ýokary bolandygy barada bellenip geçildi. Bu hakykat ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň baş ýörelgesiniň esasynda ähli ugurlar babatda gazanylýan sepgitleriň durmuşy beýanydyr. 

«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen, taryhy döwrümiziň ýene-de bir şanly ýyly — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny döwlet durmuşynyň ähli ugurlary babatda üstünliklere beslemek ugrundaky meýilleşdirilen işlere badalga berildi. Maksatnamada şu ýyl üçin ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işler, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde, welaýatlarda durmuş-ykdysady, maýa goýum görkezijiler bellenilýär. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini  has-da gowulandyrmak, girdejilerini yzygiderli artdyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutulýar. 

Ýaşaýyş jaýlarynyň, umumy bilim, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň uly toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi, welaýatlarda we paýtagtymyzda köpsanly binadyr desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmagy, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, oňa laýyklykda awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz we elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberilmegi ýaly maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi buýsançly şygara beslenen ýylymyza üstünlikleriň ýar boljakdygyna ynamy berkidýär. 

Hormatly Prezidentimiziň döwletimizi bedew batly ösüşlere beslemek maksadyndaky ähli tutumlarynyň özeninde halkymyzyň abadan durmuşy, bagtyýar geljegi hakdaky aladalar öz beýanyny tapyp, taryhy döwrümizde «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatyň durmuş hakykatyna eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. Şeýle asylly işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, maksatly hem döwletli tutumlary mundan beýläk-de rowaç bolsun! 

 

Gurbangylyç DURDYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

TÜRKMEN-GRUZIN GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR

 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gynda ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na esas­lan­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de bar­ha ro­waç­lan­ýar. Hemişelik Bi­ta­rap ýurdumyzyň se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­ler­de para­hat­çy­ly­gy, howpsuzlygy üp­jün et­mek ýa­ly mö­hüm we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de uly tagal­la­lar ed­ýär. 

Ýurdumyz hal­ka­ra gatna­şyk­lar ul­ga­myn­da deňhukuk­ly we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň aý­dyň, açyk we dostluk­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne gyşarnyk­syz eýer­mek bi­len, yg­tybar­ly ta­rap hökmün­de uly ab­ra­ýa we yna­ma eýe bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bitarap­ly­ga esas­la­nan daşa­ry sy­ýa­sy ýö­rel­gele­ri iş ýü­zün­de hil we maz­mun taý­dan baýlaş­mak bi­len bi­le­lik­de, se­bit­de howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­me­giň, hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gyň tä­sir­li we ne­ti­je­li gu­ra­ly­nyň binýat­lyk esas­la­ry bo­lup hyz­mat edýär. Ýur­dy­my­zyň hä­zir­ki dö­wür­dä­ki der­wa­ýys me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan giňden gol­daw tap­ýar. 

Dün­ýä­niň en­çe­me döwletleri bi­len bir ha­tar­da, 1992-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan bilen Gruziýa­nyň ara­syn­da­ky ýo­la go­ýu­lan dost­luk­ly gatna­şyk­lar sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer ugur­lar­da ös­dü­ril­ýär. Golaýda Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýurdu­my­zyň we­ki­li­ýe­ti Gru­zi­ýa iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Sa­pa­ryň çäkle­rin­de iki döw­le­tiň ka­nunçy­ka­ry­jy edara­la­ry­nyň we­ki­li­ýet­le­ri­niň duşu­şy­gy ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­da ýur­du­my­zyň Gru­zi­ýa bi­len par­lamen­ta­ra gat­na­şyk­la­ra ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi we ony äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ösdür­mä­ge taýýar­dy­gy aý­dyl­dy. Ta­rap­lar iki ýur­duň ara­synda­ky hyzmatdaş­ly­gy iler­let­mek­de hal­ka­ra hukuk ul­ga­myn­da­ky öza­ra hereketle­re uly or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­le­di­ler. Şun­da par­la­ment diplomati­ýa­sy mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, ol hal­ka­ra ýag­daý­la­ra netije­li tä­sir et­mä­ge, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar­da yna­nyş­ma­gy di­kelt­mek üçin şertle­ri döret­mä­ge, halk­la­ryň öza­ra düşü­niş­me­gi­ne ýar­dam et­mä­ge, dür­li mil­let­li we sy­ýa­sy ga­ra­ýyş­ly adam­la­ryň ara­syn­da deň­hu­kuk­ly­ly­ga, öza­ra hor­mat goý­ma­ga esas­lan­ýan gat­naşyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga gönükdirilendir. Duşu­şy­gyň ahy­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si bi­len Gruziýanyň Par­la­men­ti­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Ylala­şy­ga gol çe­kil­di. Yla­la­şyk öza­ra hor­mat goý­mak we deň­lik ýörelge­le­ri­ne esas­lan­ýan par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gönük­di­ri­len­dir. Bu bol­sa par­la­ment de­re­je­sin­de ýurt­la­ryň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň çuň­laş­dyryl­ma­gy­na uly go­şant bo­lar. 

Ýur­du­my­zy dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň de­re­je­si­ne çy­kar­mak­da ýa­daw­syz ta­gal­la­lar ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­leri uzak bol­sun! Il-ýurt bähbit­li, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li alyp bar­ýan be­ýik iş­le­ri he­mi­şe rowaç­lyk­la­ra bes­len­sin! 

 

Çemen REJEPOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

AHALTEKE BEDEWLERINIŇ DÜNÝÄDÄKI ŞAN-ŞÖHRATYNY ARTDYRYP

 

13-nji few­ral­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mejli­sin­de hormat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň gol çeken Ka­ra­ry­na la­ýyklyk­da, «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly diý­lip yg­lan edi­len 2026-njy ýylda at­çy­lyk we at­ly sport çä­re­leri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek boýunça gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry dö­re­dil­di hem-de onuň dü­zü­mi tassyklanyl­dy. Mu­nuň özi şan­ly ýy­lyň şy­ga­ry­ny giň­den dabaralandyrmak­da, be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň dün­ýä­dä­ki şan-şöh­ra­ty­ny has-da be­len­de gö­ter­mek­de no­bat­da­ky mö­hüm ädi­mi ala­mat­lan­dyr­ýar. 

Ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir raýatyň Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere dahylly bolup, oňa öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň uludan belleniljek şanly 35 ýyllygynyň çuňňur mazmunyny hem-de berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşlerini beýan edýär. Şanly ýylyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylandygy baradaky hoş habar täze üstünlikleriň nyşany hökmünde ählimizi buýsandyrdy. Bu üstünligiň şanyna «Galkynyş» toparynyň ýurdumyzyň Arkadag şäherine, paýtagtymyza, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň merkezlerine ýörişleriniň guralmagy, onuň halkara üstünliginiň giň gerimli toý dabaralary bilen şöhratlandyrylmagy şanly ýylyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň dowamynda «La Victoria» atçylyk toplumyna hem baryp gördi. Hormatly Arkadagymyz atçylyk toplumynyň bedewleri, olaryň saklanyş şertleri bilen tanşyp, bu ýerde atlary bäsleşiklere taýýarlamaga niýetlenen mümkinçilikler, seýisleriň iş tertibi bilen gyzyklandy. Bu iri toplumda atçylyk sporty boýunça bäsleşikleri guramak, atçylyk sportunyň konkur görnüşinden halkara ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertler bar. Bu ýerde konkur boýunça halkara bäsleşikler birnäçe aýlap dowam edýär. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň arasynda atçylyk sporty boýunça ýygjam gatnaşyklary ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy, özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipleriň öwrenilmeginiň möhümdigi bellenildi. 

Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda bolsa 2026-njy ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda behişdi bedewlerimizi wagyz etmek, ahalteke atlarymyzyň geçiriljek halkara ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere hem möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2026-njy ýylyň 11 — 23-nji awgusty aralygynda Germaniýanyň Aahen şäherinde geçiriljek «FEI World Championship — 2026» çempionatyna, sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynda boljak ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigine, Fransiýada, Beýik Britaniýada geçiriljek at bilen bagly çärelere gatnaşmagy gazanmagyň we olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. 

2015-nji ýylda kabul edilen «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamak boýunça işleri düzgünleşdirmekde möhüm ädim boldy. Kanunda atlary ösdürip ýetişdirmek, zooweterinariýa, ekologiýa we sanitariýa talaplaryny berjaý etmek, ylmy-barlag işlerini immunogenetiki barlaglaryň esasynda amala aşyrmak, at çapyşyklaryny guramak, okuw-türgenleşik we sport çäreleri geçirilen mahalynda adamlaryň we atlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, atlar üçin ot-iým öndürmek, atlary öri meýdanlarynda bakmak, köpeltmek, daşamak, tebigy şertlere uýgunlaşdyrmak, atçylykda seçgi-tohumçylyk işini, weterinariýa işini alyp barmak düzgünleşdirilýär. Mundan başga-da, synag çapyşyklaryny we atly sport ýaryşlaryny, atlaryň arasynda gözellik bäsleşiklerini guramak, atly syýahatçylyk, atlaryň gelip çykyşyny tassyklamak üçin genetiki barlaglary geçirmek, eminler kollegiýasynyň işi, atçylyk babatda geçirilýän ylmy-barlag işlerini amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň kanunçylyk taraplary beýan edilýär. Şeýle hem 2022-nji ýylda kabul edilen «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny sirk we sirk sungaty babatda döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny kesgitleýär. 

Sirk işiniň döwlet tarapyndan goldanylmagynyň görnüşlerini, şeýle hem raýatlaryň sirk sungaty babatda döredijilik isleglerini kanagatlandyrmaga we düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, ýurdumyzyň atşynaslarynyň we ussat çapyksuwarlarynyň bitiren işlerine hormat goýmak maksady bilen, «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly atlary döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu Kanunlar hem degişli ugurda alnyp barylýan köpugurly işleriň kanunçylyk esaslaryny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň döredijilik zehininiň we tebigat bilen sazlaşygynyň ýokary nusgasydyr. Halkymyzyň milli buýsanjydyr. Şoňa görä-de, halkymyz «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «Aty baryň ganaty bar» diýmek bilen, öz behişdi bedewlerine uly sarpa goýýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar 2026-njy ýyl üçin möhüm maksatlary özünde jemleýär. Çünki ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň, halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň nyşanydyr. Gündogar müçenamasynda ýylky ýyly güýç-kuwwaty, asyllylygy, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin tutanýerli erki aňladýar. Ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny, dünýä medeniýetiniň özboluşly hadysasy hökmünde ähmiýetini, olaryň gelip çykyşyny, arassa ganlylygyny, nesil dowamlylygyny saklamak babatda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! 

 

Azat SEÝDIBAÝEW, 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 

oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE DEREJESI

 

     «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebitleýin we ählumumy derejede deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruna üýtgewsiz ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa eýerýän Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi  maksat edinýär. Golaýda  Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň  ýolbaşçylygyndaky  türkmen wekiliýetiniň Gruziýa amala aşyran iş sapary hem parlament ugurly özara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykaran möhüm waka boldy.

 

     Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Türk­me­nista­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy Dünýä­gözel Gul­ma­no­wa Gru­zi­ýa­nyň Par­lamen­ti­niň Baş­ly­gy Şal­wa Pa­puaş­wi­li bi­len du­şuş­dy. Du­şu­şyk­da ýur­dumy­zyň Gruziýa bi­len par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ra ýo­ka­ry ba­ha ber­ýändi­gi we ony äh­li ugur­lar bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge taýýar­dy­gy mä­lim edil­di. Ta­rap­lar iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyzmat­daş­lygy mun­dan beý­läk-de iler­let­mek­de hal­ka­ra hu­kuk ul­ga­myn­da­ky öza­ra he­re­ket­le­re uly or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bellediler. Şun­da par­la­ment diplo­ma­ti­ýa­sy  mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, ol hal­ka­ra ýag­daý­la­ry sagdyn­laş­dyr­ma­ga, oňa ne­ti­je­li täsir et­mä­ge, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar­da yna­nyş­ma­gy di­kelt­mek üçin şert­le­ri dö­ret­mä­ge, halk­la­ryň öza­ra dü­şüniş­me­gi­ne ýar­dam et­mä­ge, dür­li mil­let­li we sy­ýa­sy ga­ra­ýyş­ly adamla­ryň ara­syn­da deň­hu­kuk­ly­ly­ga, öza­ra hor­mat goý­ma­ga esas­lan­ýan gatnaşyklary ýo­la goý­ma­ga gö­nükdi­ri­len­dir. Şo­ňa gö­rä, gepleşik­le­riň do­wa­myn­da par­la­men­ta­ra dost­luk to­par­la­ry­nyň işini kä­mil­leş­dir­me­giň, ugur­daş ko­mi­tet­le­riň, ýaş we zenan parla­men­ta­ri­le­riň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­me­giň, parla­ment de­re­je­sin­de du­şu­şyk­lar­dyr mas­la­hat­la­ry gurama­gyň ze­rur­dygy­na üns çe­kil­di.

     Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si bi­len Gru­zi­ýa­nyň Par­la­men­ti­niň arasyn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Ylala­şy­ga gol çe­kil­me­gi bu du­şu­şy­gyň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­dy. Res­mina­ma laýyklykda, gel­jek­de iki ýurduň par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň hu­kuk esas­la­ry­ny ber­kit­mek, bi­lelik­dä­ki iş­le­riň has-da guramaçy­lyk­ly al­nyp ba­ryl­ma­gy üçin ze­rur ta­gal­lala­ry et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

     Gru­zi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Mi­hail Kawe­laş­wi­li we Prem­ýer-minist­ri Irak­liý Ko­ba­hid­ze bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şyklar­da türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­başçy­sy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem-de Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ibe­ren mä­hir­li sa­lam­la­ry­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­ti­rip, sy­ýa­sy, söwda-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-ynsanperwer ul­gam­lar­da­ky türk­men-gru­zin hyz­mat­daş­ly­gy­nyň soň­ky ýyl­lar­da iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­menis­ta­nyň Mej­li­si­niň kö­pu­gur­ly işinde hal­ka­ra we par­la­men­ta­ra işiň me­se­le­le­ri wa­jyp or­ny eýe­le­ýär. Bu işiň giňel­dil­me­gi Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­niň syýa­sy, yk­dy­sa­dy, hu­kuk gi­ňiş­li­gi­ne has iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy­nyň ze­rur­lygy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şu nukdaý­na­zar­dan, gepleşikle­riň do­wamyn­da döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň aý­ryl­maz bö­le­gi hök­mün­de par­lamen­ta­ra gat­na­şyk­la­ry has-da ösdür­mek bi­len bag­ly pi­kir­ler be­ýan edil­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­par­lar­dyr du­şu­şyk­laryň çäk­le­rin­de ga­za­ny­lan ylalaşykla­ryň, gol çe­ki­len bi­le­lik­dä­ki res­mina­ma­la­ryň ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky öza­ra bäh­bit­li  hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeňleş­dir­mä­ge iter­gi ber­ýän­di­gi bel­lenil­di.

     Gru­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bilen bo­lan du­şu­şyk­da türk­men we gru­zin par­la­men­ta­ri­le­ri­niň iki­ta­rapla­ýyn sa­par­la­ry­nyň, şol san­da Gruzi­ýa­nyň Par­la­men­ti­niň Baş­ly­gy­nyň Türk­me­nis­ta­na ama­la aşy­ran sa­pary­nyň, türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň şu gezek­ki sapary­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ne üns çe­ki­lip, gel­jek­de bu ugur­da bile­lik­dä­ki he­re­ket­le­ri iler­let­me­giň iki hal­kyň aba­dan durmuşynyň bäh­bidi­ne hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bildi­ril­di. Şunda soň­ky wagt­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki yzy­gi­der­li sy­ýa­sy gatnaşyk­la­ryň iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ýandy­gy nyg­tal­ma­ga mynasyp­dyr. Di­ňe ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da Prem­ýer-mi­nistr Irak­liý Ko­ba­hid­ze Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çykal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji masla­haty­na hem-de Hal­ka­ra pa­ra­hat­çylyk we yna­nyş­mak ýylynyň jem­leý­ji wa­ka­sy bo­lan iri hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­mak maksa­dy bi­len iki gezek Türk­me­nis­tan­da sa­par­da bol­dy. Öza­ra gat­na­şyk­lar­da ener­ge­ti­ka, se­na­gat, ulag-lo­gis­ti­ka, sag­ly­gy goraýyş ul­gam­la­ry gel­je­gi uly ugur­lar ha­sap­lan­ýar. Türkmenistan «Ha­zar deň­zi — Ga­ra de­ňiz», «La­pis Lazu­li», «Ýa­şyl» port ýa­ly tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge we ösdürmäge gy­zyk­lan­ma bildir­ýär.

     Türk­me­nis­ta­nyň par­la­ment we­kili­ýe­ti­niň Gru­zi­ýa sa­pa­ry­nyň çäk­le­rinde Tbi­li­si şä­he­rin­dä­ki Gah­ry­man­lar meý­da­nyn­da mil­li gah­ry­man­la­ryň hor­ma­ty­na gül des­se­le­ri go­ýul­dy. 

     Umu­man, bu sa­par par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy ar­ka­ly döw­le­ta­ra hyzmat­daş­ly­gyň ösü­şi­ne go­şant goşmak­da mö­hüm ädim­le­riň biri bol­dy. Da­şa­ry döw­let­le­riň par­la­ment­le­ri bilen gat­na­şyk­la­ry iler­let­mek, Ga­raşsyz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni dün­ýä ýaýmak ba­bat­da dö­red­ýän giň mümkinçilik­le­ri üçin Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za we Gah­ry­man  Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den sagbol­sun aýd­ýa­rys. 

 

Mak­sat  KU­LY­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Hal­ka­ra we par­la­men­ta­ra ara­gat­na­şyk­lar ba­ra­da­ky komiteti­niň baş­ly­gy.

DURMUŞ UGURLY DÖWLET SYÝASATY ROWAÇLANÝAR

 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek babatda berk binýadyny goýan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Şunlukda, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş, medeni taýdan ösüşi ýokary depginde üpjün edilýär. 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar hem ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça başy başlanan özgertmeleriň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi.

 

     Hö­kü­me­tiň giňişleýin mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklady. Aslynda, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, saglygyny berkitmek boýunça kabul edilýän ähli maksatnamalar, çuňňur oýlanyşykly çözgütler abadan ýaşaýşyň, okgunly ösüşiň möhüm şertini emele getirýär. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny güýçlendirmek döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Onuň baş maksady her bir raýatyň mynasyp derejede ýaşamagyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görmegini, ilatyň jemgyýetçilik önümçiligine işjeň gatnaşmagy üçin ykdysady höweslendirmeleriň döredilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Aslynda, adamyň özi iş öndürijiligini ýokarlandyrmagyň, girdeji almagyň, kabul edilýän maksatnamalaryň, karardyr çözgütleriň durmuşa geçirilmeginiň hem esasy çeşmesidir. Şoňa görä, onuň zähmet ukybyny işjeňleşdirmäge, başarnygyny, zehinini doly açmaga şert döretmek üçin goýberilýän serişdeler ykdysady taýdan doly delillendirilýär. Ykdysadyýet bolsa durmuş abadançylygyny berkarar etmegiň baş serişdesi bolup durýar. Adam maýasyny hil taýdan kämilleşdirmek arkaly maddy önümçiligiň netijeliligini artdyrmak ilatyň alýan girdejilerini ýokarlandyrmaga, durmuş ulgamyny maliýe taýdan üpjün etmegiň esasy çeşmesi bolup durýan Döwlet býujetiniň serişdelerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetinde-de milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durnukly ösüş depginini üpjün etmek, bazar ykdysadyýetiniň usullaryny ornaşdyrmak, durmuş maksatly ykdysady syýasaty dowam etdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, goşmaça iş orunlaryny döretmek, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy üçin ýeterlik maliýe serişdelerini bölüp bermek, sanly ulgam arkaly döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagy çaltlandyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.

     Türkmenistanda başy başlanan düýpli durmuş özgertmeleriniň ileri tutulýan ugurlary we esasy maksatlary ilatyň girdejilerini artdyrmakdan, durmuş taýdan goraglylygyny güýçlendirmekden, ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmakdan, medeni-durmuş ulgamyny netijeli ösdürmekden, daşky gurşawy goramakdan ybaratdyr. Durmuş syýasaty ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler strategiýasynyň özenini düzýär we ol ilatyň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Bu ynsanperwer syýasat ýurduň her bir raýatynyň bolelin, abadan durmuşda ýaşamagyny, döwrebap bilim almagyny, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanmagyny üpjün edýän, şeýle-de ýurtda demografik ýagdaýlaryň durnukly bolmagyny, medeniýetiň ilerlemegini, daşky gurşawyň arassa saklanylmagyny şertlendirýän çäreleri öz içine alýar.

     Diýarymyzda aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, durmuş tölegleriniň öz wagtynda bökdençsiz üpjün edilmegi ýola goýuldy. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýurdumyzda syýasy ýagdaýyň durnuklylygy, jemgyýetiň agzybirligi we bitewüligi üpjün edilýär. Türkmenistan ösen bazar gatnaşyklaryna daýanýan we kämil durmuş goraglylygy bolan, ykdysady taýdan kuwwatly döwleti döretmek maksady bilen öňe tarap ynamly gadam urýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde durmuş ulgamy kämilleşdirilýär, durmuş hyzmatlaryny etmek üçin mümkinçilikler we şertler döredilýär, şeýle hem onuň hukuk esaslary berkidilýär.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda kabul edilýän maksatnamalardan gelip çykýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenen durmuş hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak we Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasynda gol çekilen «Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek» atly bilelikdäki maksatnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun adamlaryň aýratyn toparlaryna durmuş hyzmatlarynyň edilmeginiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.

     Durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylýan ýyllarynda ýurdumyzyň medeni-durmuş pudaklarynyň ählisinde düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Döwlet tarapyndan durmuş ulgamyna gönükdirilýän serişdeleriň möçberi barha artýar. Adam maýasynyň gorlaryny ösdürmekde hem kämilleşdirmekde döwrüň öňe sürýän talaplaryndan ugur alnyp, degişli pudaklary döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitlenen adamyň abadançylygy hakyndaky aladanyň, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan durmuş syýasatynyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.

     2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralarynyň, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurlup ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini nygtady. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň mundan beýläk-de depginli ösüşini saklamak, maýa goýum işjeňligini yzygiderli üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin oňyn şertleri üpjün etmek bolsa Garaşsyz Watanymyzyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň strategik maksatlary bolmagynda galýar.

 

Annamuhammet SARJAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.

BEDEW — ÖSÜŞLERIŇ NYŞANY

 

     Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galky­ny­şy döw­rün­de halky­my­zyň öz­bo­luş­ly me­de­ni mi­ra­sy­ny go­ra­ma­ga, baýlaşdyrma­ga we dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mä­ge uly üns berilýär. Mil­li we dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ze go­ýul­ýan sar­pa bol­sa, has-da dabaralanýar. 2026-njy ýy­lyň «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türkmenis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» diýlip atlandyrylmagynyň öze­nin­de hem gö­zel­lik­de de­ňi-ta­ýy bolmadyk be­dew­le­ri­mi­ze bo­lan egsil­mez sar­pa bar. Ýy­lyň şygaryn­da bol­şy ýa­ly, onuň ny­şa­nyn­da-da be­dew­le­ri­miz öz beýa­ny­ny tap­ýar. Bu bol­sa, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň şan­ly ýylymyz­da be­dew bat­ly ösüş­le­riň ýo­lun­da täze-tä­ze sep­git­le­re ýet­jek­di­gi­ne bo­lan ynam­dyr buý­san­jy­my­zy go­şa­lan­dyr­ýar.

     «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň il­kin­ji aýyn­da Mo­na­ko Knýazlygynyň Mon­te-Kar­lo şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 48-nji hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tündä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň sirk sun­ga­ty­na go­şan uly go­şan­dy üçin hal­ka­ra şahadat­na­ma­la­ry­nyň iki­si­ne my­na­syp bol­ma­gyn­da-da uly ma­ny bar. Çün­ki şan­ly ýy­ly­my­zyň be­hiş­di be­dew­ler bi­len bag­ly şatlyk­ly wa­ka­lar bi­len baş­lan­ma­gy be­lent üs­tün­lik­le­riň özboluşly ba­dal­ga­sy­ny ala­mat­lan­dyr­dy. Meş­hur at üs­tün­dä­ki oýunlar to­pa­ry­my­zyň aja­ýyp üs­tün­li­gi­niň hor­ma­ty­na Aş­ga­bat­da, Ar­ka­dag şä­he­rin­de, şeý­le-de wela­ýat­lar­da da­ba­ra­ly çä­re­le­riň geçi­ril­me­gi her bi­ri­miz­de gu­wanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýär.

     Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 13-nji few­ral­da ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mejli­sin­de 2026-njy ýy­lyň «Ga­raş­syz, baky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň mekany» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li at­çy­lyk we at­ly sport ugur­la­ry bo­ýun­ça çä­re­leriň Mak­sat­na­ma­sy­na gol çekendigi­ni bel­le­mek has-da ýa­kym­ly­dyr. Bu res­mi­na­ma laýyklyk­da, şan­ly ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da, şeý­le-de daşa­ry ýurt­lar­da  at­çy­lyk we at­ly sport ugur­la­ry bo­ýun­ça çäreleriň ge­çi­ril­me­gi be­hiş­di be­dewle­ri­mi­ziň dün­ýä­dä­ki şan-şöhra­ty­nyň has-da be­len­de gö­te­ril­me­gin­e uly iter­gi be­rer.

     Ahal­te­ke  be­de­wi bi­ziň mil­li gym­mat­ly­gy­myzdyr, buýsanjymyz­dyr. Bu gün at­çy­lyk spor­tu­nyň saz­la­şyk­ly ösdürilme­gi, at­çy­lyk spor­ty bo­ýun­ça dür­li ýa­ryş­lar­dyr türgenleşik­le­riň  ge­çi­ril­me­gi, şeý­le-de ça­pyk­su­war­la­ryň tä­ze nes­li­niň  ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi ba­ba­tyn­da giň şert­le­riň dö­re­dil­me­gi ulus-ili­miz­de gyz­gyn gol­daw tap­ýar.Wa­ta­ny­myzyň be­dew ba­dy bi­len ok­gun­ly ös­me­gi, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň asyl me­ka­ny bo­lan ýur­du­myz­da at­çy­lyk pu­da­gy­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şe eýe bol­ma­gy, mil­li  at­şy­nas­lyk ýö­rel­ge­le­riň  yzygi­der­li kämilleşmegi we ola­ryň do­wa­ma­ta ataryl­ma­gy bo­ýun­ça taý­syz ta­gal­la ed­ýän hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­mi­ze we Gah­ry­man Arkadagymy­za al­ky­şy­myz çäk­siz­dir.

 

Resul  IŞANGULYÝEW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

ÝYLLAR ÜSTÜNLIKLERE BESLENÝÄR

 

     Üstünliklere beslenip gelýän ýyllar halkymyza bagtyýarlyk eçilýär. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhynyň täze sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylyp, belent maksatlara tarap alyp barýar. Her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy netijesinde 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Bu şygar bedew batly ösüşleriň  belentliklerine  gadam urýan  eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleriň,  durmuşa geçirilýän beýik işleriň aýdyň beýanyna öwrüler.

     Täze taryhy eýýamda berkarar döwletine guwanyp, buýsanyp ýaşaýan zähmetsöýer halky bilen ata Watanymyz diňe öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, asudalygyň ygtybarly binýadyna daýanýan ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň senagatynda we oba hojalygynda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa döwlet Baştutanymyz tarapyndan kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Geçen ýylda ähli ulgamlarda ýetilen sepgitler ata Watanymyzyň täze belentlikleriň ýoly bilen aýdyň geljege tarap ynamly öňe barýandygyna, ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýynyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk etdi. 

     Gözel paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmegi geçen ýylyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmegi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik toplumlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, milli bilim ulgamyna halkara tejribeleriň ornaşdyrylmagynda nobatdaky möhüm ädim boldy. Ýurdumyzda hususy ulgamy höweslendirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda uly işler amala aşyryldy. Bu bolsa türkmen telekeçilerini öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Ajaýyp zamanamyzda telekeçilige aýratyn üns berilmegi ýurduň eksport mümkinçiligini we gaýtadan işleýän senagatyň ygtybarlylygyny artdyrýar. Döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi gönüden göni kiçi we orta telekeçiligiň işjeňligine bagly bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda hususy işewürlik ösdürilýär, telekeçilik bilen meşgullanýan raýatlary goldamak üçin amatly şertler döredilýär. Döwlet tarapyndan hususyýetçilere  edilýän  goldaw-hemaýat  özüniň  oňat netijesini hem berýär.

     «At — myrat» diýlişi ýaly, «Garasyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda maksatlarymyz myrat tapýar. Çünki halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen bedew atlar döwletliligiň, ruhy güýjüň, okgunly ösüşleriň nyşanydyr. Ata Watanymyz Türkmenistany bedewiň bady bilen röwşen geljegimize alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Bereket etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

ÝYLYŇ NYŞANY — WATANYŇ ŞANY

 

     Ýy­lyň  ­şy­ga­ryn­da  ­«Ga­raş­syz­»,­ «baky­ Bi­ta­rap­»,­ «be­dew­ batly­ at­-my­ra­dyň­ me­ka­ny»­ ýa­ly gym­mat­ly­ düşünjele­riň­ orun al­ma­gy­ aý­ra­tyn­ bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr.­ Çün­ki­ türk­men hal­ky­ Garaşsyz­lyk­  bi­len­  galky­nyp,­  he­mi­şe­lik­  Bi­ta­rap­ly­gyň  goýnunda­  ba­ky­  bag­ty­ýar­lyga,­ ber­ka­rar­ly­ga­  ýet­di.­ Be­dew at­ bol­sa­ döwlet­li­li­giň­ ny­şa­ny.­ Üs­tün­li­giň,­ýe­ňşiň­ buş­luk­çy­sy.­

 

     Döwrümiziň hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýlip atlandyrylmagy ýöne ýere däl. Geljek otuz ýyly nazarlaýan döwrümiz bilen atdaş uzak möhletleýin maksatnamanyň, onuň çäklerinde orta we gysga möhletleýin maksatnamalaryň, konsepsiýalardyr strategiýalaryň kabul edilmegi, göz öňüne tutulan wezipeleriň ýylyň ýylyna üstünlikli durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesini berýändiginiň güwäsidir.

     Ýylymyzyň şygary bilen nyşanynyň arasynda simwoliki baglanyşyk bar. Şol baglanyşyk her bir ildeşimize ruhy güýç berýär. Ol bolsa maksat tutany myradyna, arzuwyny wysala gowşurýar. 2026­-njy ýylyň nyşanynda orun alan reňkleriň, ýazgylaryň, şekilleriň giň manysy bar. Nyşanyň düşeginiň ak reňkde bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Halkymyz «Ak zat alnyňa ýagşy» diýmek bilen, aklyga aýratyn gadyr goýupdyr. Ak reňkiň rysgal, döwlet, bereket getirýändigini pähimdar pederlerimiz nygtapdyrlar. Geçmişde ata-babalarymyzyň ýaşan öýlerini «ak öý» diýip atlandyrmaklarynda hem aklygyň durmuşy hemişe ýagşylyga atarýandygy baradaky ynançlary görünýär. Ýylyň nyşanynyň hem ýerliginiň ak reňkde bolmagy, galan şekilleriňdir ýazgylaryň şol aklygyň üstünden orun almagy, her bir günümiziň aklykda, ýagşylykda, bagtyýarlykda geçjekliginden habar berýär. 

     Nyşanda zeýtun agajynyň bugdaý sümmüllerine çalymdaş altynsow şahalarynyň ýerleşdirilmegi bolsa, hemişelik Bitaraplygy üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň daşary syýasatda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine eýerýän «Açyk gapylar» syýasatynyň bütin dünýäde barha dabaralanýandygyny alamatlandyrýar. Şeýle mazmunyň dowamy bolan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-­myradyň mekany» ýazgy nyşana aýratyn bezeg berýär. Ondaky gyzyl, ýaşyl, sary, gök we mawy reňkleriň sazlaşygy ýarym aýlaw görnüşli bolup, ýurdumyzyň bäş welaýatyny alamatlandyrýar. Munuň özi halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň  alamatlandyrylmasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Agzybirlik il-­halkymyzyň owal-ahyr ygrarly, tutuş durmuşynyň manysyna öwren ýörelgesidir». 

     Nyşanyň merkezinde mawy asmanyň reňkinde Ýer şaryny ýatladýan şekiliň ýerleşmegi asudalygyň, parahatçylygyň aňladylmasydyr. Ýer şarynyň şekiliniň içinde ýurdumyzyň kartasy orun alan. Şeýle hem türkmeniň nepis haly gölleri nyşana özboluşly görk goşýar. 

     Şanly ýylyň nyşanynyň merkezi bölegine türkmeniň uçar ganaty, toýlarynyň bezegi­-buşlukçysy ahalteke bedewiniň toý bagyny kesip barýan pursady öz beýanyny tapýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, «At — türkmen üçin hemme zat. Bu geçmişde-­de, şu günlerem şeýle».

 

 Orazgeldi SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

1 ... 5 6 7 8 9 ... 118