​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN WEZIPELERI

 

     Türkmenistan BMG-niň adamzat ýaşaýyş-durmuşynyň goragynyň üpjün edilmegini, adam hukuklarynyň, azatlyklarynyň  kepillendirilmegini, syýasy-ykdysady çökgünligiň öňüniň alynmagyny, ýurtlaryň ösüş çygryndaky gazananlaryna hormat goýulmagyny gazanmak ugrundaky tagallalarynyň berkarar bolmagyna hem-de häzirki zaman wehimleriň we howplaryň öňüni almaga, olaryň täsirini peseltmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar. 

 

     Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary esasy ugurlaryň birnäçesini özünde jemleýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine ilkinji gezek «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly bent girizilip, onuň çäklerinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy», şeýle hem döwletimiziň halkara jemgyýetçilikde araçylyk tagallalaryna goşýan goşandy hökmünde «Halkara araçylyk güni» atly Kararnamalaryň taslamalaryny hödürlemek teklip edilýär. Bu bolsa dünýäde «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar. 

     Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary bolup durýan ulag-energetika we suw-ekologiýa diplomatiýasy boýunça täze başlangyçlar hem Bitarap Türkmenistanyň ileri tutýan wezipeleriniň esasyny düzýär. Türkmenistan Baş Assambleýanyň ýubileý sessiýasynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek baradaky Kararnamany öňe sürer hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda Dünýä sanly integrasiýa platformasyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş eder we Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip eder. Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin konwensiýalaryň taýýarlanylmagy möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu konwensiýalar serhetara suw serişdelerini netijeli we adalatly ulanmak üçin ygtybarly halkara hukuk esasyny emele getirer. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Hazar ekologik başlangyjynyň» çäginde 2026-njy ýylda ikinji Hazar ekologiýa forumyny geçirmek teklip edilýär. 

     Türkmenistan «Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi» atly halkara forumy, şol sanda parahatçylygyň, ynanyşmagyň we birek-birege hormatyň medeniýeti boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi teklip edýär. Bu sammitiň netijesinde «Halkara ynanyşmak kodeksini» işläp taýýarlamaga çagyryş beýan ediler. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» mowzugy boýunça halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýaşlaryň halkara gatnaşyklarda we parahatçylykly başlangyçlarda işjeňligini artdyrmak, Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işini giňeltmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmek başlangyjy öňe sürler. 

     BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köp dilliligi goldamak baradaky Kararnamalaryny durmuşa geçirmek üçin «Köp dilli diplomatiýanyň halkara gününi» yglan etmek boýunça başlangyjy öňe sürmek, şol sanda «Parahatçylygyň we ösüşiň esasy hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy» atly Kararnamany taýýarlamak teklip edilýär. 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyz geljekki ýyllarda BMG-niň düzüminiň degişli geňeşlerinde agza hökmünde işjeň çykyş eder. Şeýle hem ýurdumyzyň 2031-2032-nji ýyllarda Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna we beýleki saýlawly wezipelere saýlanmagy boýunça taýýarlyk işleri dowam etdiriler. 

     Ýokarda sanalan ugurlaryň her biri ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda soňky ýyllarda alnyp barylýan işleriň gerimini giňelder. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ählumumy başlangyçlar arkaly ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli ynsanperwer başlangyçlary rowaç bolsun! 

 

Kerimguly GELDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

ŞANLY ÝYLYŇ TARYHY WAKASY BOLAR

 

     Türkmen ili hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döredijilikli zähmet çekip, şanly wakalaryň şaýady bolýar. Dogrusy, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygarly üstümizdäki ýyl taryhy wakalary bilen dabaralanýar. Häzirki wagtda jemgyýetimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem-de Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň uly toýuna taýýarlyk görülýär. 

     Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, möhüm meseleleri il-gün bilen maslahatlaşmagyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biridigini belledi. Häzirki taryhy döwürde bu däpleriň döwletimiziň ösüşiniň esasyna, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigini nygtady. Bu mejlisde Milli Liderimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri geçen döwürde ähli tagallalarymyzyň, gujur-gaýratymyzyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendigine ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz çykyşynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi we degişli resminamalara gol çekdi. 

     Häzirki wagtda etrabymyzda şanly ýylymyzyň taryhy wakalaryna taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu möhüm işe syýasy partiýalaryň etrap komitetleriniň, jemgyýetçilik  guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Wagyz-nesihat çäreleriniň talabalaýyk geçirilmegi ugrunda ähli tagallalary edýärler. 

 

Ali RAHMEDOW. Ýolöten etrap häkimliginiň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Röwşen geljegiň aladasynda

 

     Döwletli Diýarymyzda eneligi we çagalygy goramak, nesilleriň sagdyn hem-de bagtyýar geljegini üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň möhüm ugruny emele getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, hormatly Prezidentimiz hem bu ugurda giň möçberli işlere badalga berýär.

 

     Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Arkadag şäherinde bolup, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän Arkadag lukmançylyk klasteriniň gurluşygy bilen tanyşmagy bu babatda möhüm ädimleriň biri boldy. Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasynda görkeziljek taslamalaryň taýýarlygy boýunça beren möhüm maslahatlary serginiň has guramaçylykly geçirilmeginde möhüm orna eýe boldy. Bu işler ýaş nesliň sagdyn ösmegi, olaryň durmuşda giň mümkinçiliklere eýe bolmagy ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

     Milli kanunçylygymyzda eneleriň, çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatynda Türkmenistanyň Mejlisinde birnäçe möhüm resminamalar kabul edildi. Bu kanunçylyk namalary ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygyny goramaga gönükdirilen döwlet tagallalarynyň berk binýadyny emele getirýär. 

     Milli parlamentimiz tarapyndan yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk ulgamy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Bu ugurda täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek işleri geljekde-de dowam etdiriler.

     Enäniň saglygyny goramak — çaganyň saglygynyň kepili. Şu ýörelgeden ugur alyp, ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň hukuklaryny goramak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Arkadag şäherinde gurulýan döwrebap lukmançylyk klasteri bolsa ýurdumyzyň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine laýyklykda ösüş ýolundan ynamly barýandygynyň, döwletimiziň ýaş nesil baradaky mähirli aladasynyň nobatdaky beýanydyr. 

     Biz eneligi we çagalygy goramak babatda alnyp barylýan işleri kanunçylyk taýdan goldamakda, täze başlangyçlary ygtybarly hukuk binýady bilen üpjün etmekde ähli güýç-gaýratymyzy gaýgyrmarys.

 

Züleýha JORAÝEWA,

Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat uýasy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Garaşsyzlyk — baky bagtyň binýady

 

     Garaşsyzlyk güni halkymyzyň özbaşdaklyk, azatlyk, erkinlik, agzybirlik, garaşsyz Watan, ene topragymyzyň goýnunda berk binýatly döwletiň kemala gelmegi hem-de birlik-bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwlarynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan şanly sene bolmak bilen, ol döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny üpjün edýär. Garaşsyzlyk türkmene baky bagty, sowulmajak bahary bagyş etdi. Onuň halkymyza eçilen miweleri hakynda mysallara ýüzlensek, şolaryň ilkinjileriniň biri hökmünde agzalmaga mynasyp bolan ulgam ylym-bilim ulgamydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, nurana geljegiň möhüm şerti bolan bu ulgamyň kämilleşdirilmegi, halkara ülňülere laýyk getirilmegi, täze innowasiýalaryň hasabyna maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi babatda durmuşa geçirilen işler göwnüňi göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň ylym­-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, watansöýüji, milli ruhda terbiýelenen kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize peşgeş beren mizemez gymmatlygydyr. Şeýle asylly işler ata Watanymyzyň ösüşinde ýaşlaryň ornunyň hem-de goşandynyň ýokarydygyna bolan uly ynamyň netijesidir. Şeýle-de parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny berkitmekde, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakda ylym-bilimiň aýratyn ornunyň bardygyny nygtamak ýerliklidir. Bu babatda ýurdumyzda ylym­-bilimden ýüki ýetik kämil nesli kemala getirmek ýaly möhüm wezipäniň ýerine ýetirilmeginde ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» aýratyn orun degişlidir. 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary netijesinde amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri röwşen geljegimiziň, bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynyň oňyn özgertmeleri halkyň beýik taryhyny kemala getirdi. Bu täze taryhy döwür dünýä giňişliginde şöhratlanýar, äleme ýaýylýar. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan baýram ediljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy ruhy joşguna, egsilmez buýsanja beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň hoşniýetli daşary syýasaty bolsa dünýä bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine eýermek bilen, häzirki zamanyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky öz täsirini we abraýly ornuny barha pugtalandyrýar. 

     Halkymyzyň milli däplerine esaslanyp, mizemez durmuş kadasyna öwrülen parahatçylyk syýasatyny giňden dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri rowaç bolsun! 

 

Annabagt Maýewa, welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

TÜRKMEN-HYTAÝ GATNAŞYKLARY dürli formatlarda işjeň ösdürilýär

 

     Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baştutan­lygyn­da Türkmenis­tanyň äh­li ýurt­lar bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy pugtalandyrmak, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek, hä­zir­ki döw­rüň der­wa­ýys mese­le­le­ri­niň oňyn çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak babat­da ed­ýän ta­gal­la­lary Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyşmak ýy­lyn­da uly ro­waç­lyk­la­ra bes­lenýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň go­laý­da Hy­taý Halk Respublikasyna ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry hem mu­nuň aý­dyň mysaly boldy. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de döw­let Baş­tuta­ny­myz Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gura­ma­sy­nyň (ŞHG) sam­mi­ti­ne hem-de Ikin­ji  jahan ur­şun­da ga­za­ny­lan ýeň­şiň 80 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan dabara­la­ra gat­naş­dy, mö­hüm iki­ta­rap­la­ýyn du­şuşyk­la­ry ge­çir­di. 

 

     Häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklary özara hormat goýmaga, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli nusgalarynyň biri bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, ilkinjileriň hatarynda ýurdumyz bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady gatnaşyklary ilerledip, döwletimiziň esasy strategik hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Dürli ulgamlarda özara hereketleriň netijeli gurallary ýola goýuldy, ygtybarly hukuk binýady döredildi. Hökümet, parlament derejesinde, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we ylym işgärleriniň arasynda gatnaşyklar giňeldilýär. Özara Medeniýet günleriniň geçirilmegi, akademiki alyşmalardyr ylmy hyzmatdaşlyk iki dostlukly halkyň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrýar. Türkmenistan bilen Hytaý köptaraplaýyn esasda — iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäginde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. 

     Türkmen we hytaý halklaryny köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary, taryhy, ruhy-medeni gymmatlyklar birleşdirýär. Geçmişde türkmen-hytaý gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen amala aşyrylypdyr. Häzirki wagtda bu ýol söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, ýokary tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer, sport, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlary boýunça gaýtadan dikeldilýär. 2009-njy ýylda işe girizilen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi bolsa iki halkyň dostlugynyň ajaýyp nyşany, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň depginli ösüşiniň we kuwwatlylygynyň alamaty boldy. «Hakykatda, bu gaz geçiriji diňe türkmen tebigy gazynyň uly möçberini Hytaýa eltmegiň serişdesi bolman, eýsem, yklymda energiýa howpsuzlygy ulgamynyň adalatly, özara bähbitli we durnukly düzümini döretmegiň hem aýdyň mysalydyr. Biz bu ugurda bitirilen işlere guwanyp bileris. Onuň netijeleri Türkmenistanyň we Hytaýyň, şeýle-de üstaşyr geçirýän ýurtlaryň ykdysadyýetiniň, Ýewraziýanyň energetika giňişliginde  ähli özara gatnaşyklar ulgamynyň ösüşine kuwwatly itergi berdi» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ŞHG-niň sammitiniň öňüsyrasynda meşhur «Ženmin Žibao» gazetinde çap edilen makalasynda belledi. 

     Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň barha okgunly ösdürilmegi iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga çalyşýandygy bilen şertlendirilendir. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary we onuň çäklerinde özara gol çekilen resminamalar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykmagyna itergi berdi. Gahryman Arkadagymyzyň şol ýylyň oktýabrynda «Bir guşak, bir ýol» atly üçünji halkara maslahata gatnaşmagy-da özara gatnaşyklaryň dürli formatlarda ilerledilýändigine şaýatlyk edýär. Şunda Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasy bilen dünýägaraýyş we amaly nukdaýnazardan sazlaşýandygyny nygtamak gerek. Bu başlangyçlaryň ikisi-de häzirki zaman şertlerinde Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli ägirt uly giňişlikleriň arasynda amatly ulag geçelgeleriniň döredilmegine, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologik ulgamlaryň hem-de senagat guşaklyklarynyň kemala getirilmegine, durmuş ugurly köp sanly meseleleriň çözülmegine, halklaryň durmuş we abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir.

     Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi boýunça tagallalara işjeň gatnaşýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň Hytaýa nobatdaky iş saparynyň dowamynda «ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem doly şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda uly ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz bu barada: «Tagallalaryň we mümkinçilikleriň birleşdirilmegi, syýasy-diplomatik, ykdysady serişdeleriň herekete getirilmegi diňe bir hyzmatdaşlygymyzyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrman, munuň özi iri we okgunly ösýän ykdysady zolaklary — Aziýa — Ýuwaş umman sebitini, Merkezi we Günorta Aziýany, Russiýany, Orta we Ýakyn Gündogary öz içine alýan, Ýuwaş ummandan Baltika deňzine çenli uzaýan bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirmek üçin şertleri döretmäge ukyply bolar» diýip, sammitde eden çykyşynda nygtady. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen geçirilen ýokary derejeli duşuşykda bolsa strategik ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berlip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

     Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Mejlisi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň arasyndaky gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyz jenap Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynda-da häzirki wagtda parlament, jemgyýetçilik, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga, halkara parlament diplomatiýasy ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady. Mejlisde Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagy bilen dostluk toparynyň döredilmegi netijeli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny kanunçylyk taýdan goldamaga ýardam edýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň şu ýylyň maýynda Hytaýa amala aşyran saparynyň dowamynda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklar hem kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga, özara gatnaşyklary berkitmek babatda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Geljekde ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, parlamentler derejesinde duşuşyklardyr maslahatlary guramak göz öňünde tutulýar. 

     Hormatly Prezidentimiziň Hytaýa amala aşyran iş sapary türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim bolup, onuň strategik häsiýetini tassyklady. Gepleşikleriň netijeleri we gol çekilen resminamalar özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açyp, iki ýurduň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge uly itergi berer. 

 

Maksat KULYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy.

BALKAN WELAÝATY: ýetilen sepgitler, gazanylan netijeler

 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:

 

  • Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilen Türkmenistanyň taryhyna bu gün şöhratly we ýeňişli sahypalar ýazylýar.

 

BALKAN WELAÝATY: ýetilen sepgitler, gazanylan netijeler

     Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si­niň göwün­le­re nur paý­la­ýan ­şat­lyk-şow­hu­ny­nyň­ sa­ha­wat­ly türkmen top­ra­gy­ny ­gur­şap ­alan ­hä­zir­ki bag­ty­ýar­ gün­le­rin­de ­şeý­le­ çuň maz­munly, ga­nat­ly jüm­le­le­re ýüz­len­me­gi­miz ýö­ne­ ýe­re­ däl. ­Bu­ paý­has­ly­ jüm­le­le­riň öze­nin­de türk­men hal­ky­nyň en­çe­me asyr­lar­ kal­byn­da ­eziz­läp,­ ne­sil­den-nesle ge­çirip ge­len iň be­ýik arzuwynyň dur­muş ýü­zün­de wy­sal bol­ma­gy­nyň my­na­syp beýany­dyr.­ Şol ­bir­ wagt­da, ­bu pa­ra­sat­ly söz­le­riň maz­mu­nyn­da be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň­ hal­ky­my­zyň­ yk­balyn­da­ky­ mö­hüm­ ornu­ny ­äh­li­ aý­dyň­ly­gy bi­len ­gör­mek, ­duý­mak ­bol­ýar. ­El­bet­de,­ öz­baş­dak­ly­gyň, er­kin­li­giň eçi­len bagty­nyň dö­re­den giň mümkinçi­lik­le­ri­ni bi­rin-bi­rin­ sa­nap­ çyk­mak ­as­la ­müm­kin däl­dir. Çün­ki dur­mu­şy­my­zyň haý­sy ug­ru­na ýüz­len­seň-de, ýurt berkarar­ly­gymy­zyň­ wa­jyp­ äh­mi­ýe­ti­ äh­li­ aý­dyň­ly­gy bi­len­ ýü­ze çyk­ýar. ­Hal­ky­my­zyň­ aba­dan,­ bag­ty­ýar ­dur­mu­şy­na ­gö­nük­di­ri­len şeý­le iri möç­ber­li tas­la­ma­lar be­ýik Ga­raş­syz­lygy­my­zyň­ mukaddes­ gym­mat­lyk­dy­gy­na hem-de onuň eş­ret çeş­me­si­di­gi­ne has iç­gin göz ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

     Hal­ky­my­zyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­lip, gur­lup ula­nyl­ma­ga berlen şeý­le iri möçber­li tas­la­ma­lar Bal­kan we­la­ýa­tyn­da hem sanar­dan kän. Şo­la­ryň bi­ri-de, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň tagalla­la­ry  ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki za­man in­no­wa­sion tehnologiýalar or­naş­dy­ry­lan, se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Türkmen­ba­şy Halkara de­ňiz por­tu­dyr. Por­tuň umu­my tut­ýan meý­da­ny 150 gek­tar­dan gow­rak bo­lup, ol bir ýyl­da 17 mil­lion ton­na go­laý ýüki ge­çir­mä­ge ukyp­ly­dyr. Bu des­ga­nyň çä­gin­de «Balkan» gämigur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dy; ýolag­çy pa­rom, kon­teý­ner, umu­my ýük­ler, ür­gün ýük­ler, po­lip­ro­pi­len terminalla­ry we beýle­ki bir­nä­çe des­ga­lar gur­lup işe giri­zil­di. Por­tuň çä­gin­dä­ki gä­migur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dy­nyň umumy meý­da­ny 166000 ine­dör­dül metr bo­lup, ol bir ýyl­da 12000 ton­na po­la­dy iş­läp taý­ýar­la­ma­ga, 4 ­gä­mi­ni gur­ma­ga we 20-sini abat­la­ma­ga ukyp­ly­dyr. Gä­migur­lu­şyk we abat­la­ýyş zawodynyň gu­rul­ma­gy mil­li flo­tu­my­za, şeý­le hem «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zolagyna dynç al­ma­ga gel­ýän­le­riň göw­ne­jaý dynç al­ma­gy­ny üpjün et­jek ge­ze­lenç we sport gä­mi­le­ri­niň gurluşy­gy­ny alyp barma­ga, Ha­zar deň­zin­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy astyn­da ýüz­ýän gä­mi­le­ri, şol san­da ýurdumyzda ba­lyk tut­mak bi­len meş­gul­lan­ýan gä­mi­le­ri, deň­ziň türk­men bö­le­gin­de ne­bit işle­ri bi­len meş­gul­lan­ýan kompaniýalaryň ne­bit des­ga­la­ry­na hyz­mat ed­ýän gä­mi­le­ri we ýü­zü­ji se­riş­de­le­ri abatla­ma­ga, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gämi abat­la­mak ba­ra­syn­da­ky is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu gä­migur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dy işe gi­ri­zi­len gü­nün­den bä­ri, sar­gyt­lar öz wagtyn­da we ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Mun­dan baş­ga-da, zawod­da­ 2 ­müň ton­na po­la­dy iş­le­mek ar­ka­ly, or­ta­ça ki­çi we or­ta göw­rüm­li gä­mi­le­riň 20­—­30-synyň­­ abatla­ýyş we be­je­riş iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge do­ly mümkin­çi­li­gi bar. 

     Ar­ka­dag­ly ­Gah­ry­man ­Ser­da­ry­my­zyň ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de, açy­lyp ula­nyl­ma­ga ber­len iri tas­la­ma­la­ryň ýe­ne bi­ri Gy­zy­larbat şä­he­rin­dä­ki ­önüm­çi­lik­ kuw­wa­ty ­her gi­je-gün­diz­de 30 müň kub metr bo­lan suw aras­sa­laý­jy tä­ze des­ga­dyr. Türkme­nis­ta­nyň­ Sena­gat­çy­lar ­we­ te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ­ag­za­sy ­bo­lan ­«Ýe­di­Ýer»­ ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan gur­lan top­lum­ je­mi ­4,5 gektar­ çäk­de­ ýer­le­şip,­ aras­sa agyz su­wu­ny 60 mü­ňe ba­ra­bar ilaty ­bo­lan ­et­rap ­mer­ke­zin­dä­ki ­ho­ja­lyk­la­ra paý­la­ma­ga ­şert­le­ri ­üp­jün et­di. ­Des­ga­da ön­dü­ril­ýän ­aras­sa ­agyz­ su­wy­ gel­jek­de,­ umu­my uzyn­ly­gy 156 ki­lo­met­re deň bo­lan tur­ba ge­çi­ri­ji­ler ar­ka­ly etrabyň çä­gin­dä­ki «Al­tyn asyr» Türk­men kölü­niň­ go­la­ýyn­da­ gurul­ýan­ tä­ze­ oba­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­na hem ýe­ti­ri­ler. Şeý­le-de etrabyň Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň goý­nun­da­ky Tut­ly,­ Ga­ra­bo­gaz, Çerkez­li­ oba­la­ry­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­ny hem aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün­çi­li­gi­niň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dy­rar. 

     Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta­sy bi­len işe gi­ri­zi­len Balkana­bat Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li hem mu­kad­des Garaşsyzlygymy­zyň aja­ýyp peş­geş­le­ri­niň biri­dir. Döw­re­bap howa men­zi­li sa­gat­da 100 ýo­lag­ça hyz­mat et­mek üçin ze­rur bolan äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri özün­de jemle­ýär. Ho­wa men­zi­li­niň ýo­lag­çy ter­mi­na­ly 3­ gat­dan yba­rat bo­lup, tut­ýan meý­da­ny 5­müň 203 ine­dör­dül met­re deň­dir. Bina­da ýo­lag­çy­lar üçin ga­ra­şyl­ýan zal­lar, pe­tek sa­tyl­ýan kas­sa­lar, luk­man­çy­lyk, güm­rük hem-de mig­ra­si­ýa ha­sa­ba alyş otag­la­ry, in­ter­net ka­fe, sow­gat­lyk dü­kan, gar­ba­nyş­ha­na, teh­ni­ki otag­lar hem-de beý­le­ki amat­lyk­lar döredilip­dir. Türkme­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler birleşme­si­niň ag­za­sy bo­lan «Gün­dog­dy» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň gur­lu­şyk­çy­la­ry tara­pyn­dan hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk bi­na edi­len Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň çä­gin­de bar­lag-ge­çi­riş no­kat­la­ry, ýangyn howpsuz­ly­gy,­ ha­las­ ediş­ gul­lu­gy­nyň­ bi­na­sy,­ ýöriteleşdiri­len ulag­lar, ae­rod­rom gul­lukla­ry­nyň, uçar­la­ryň ýerüs­ti hem-de teh­ni­ki gul­lu­gy­nyň bi­na­sy, üs­ti ýa­pyk awtoduralga, ýük ter­mi­na­ly, myh­man­ha­na, bir­nä­çe teh­ni­ki binalar ýer­leş­ýär. Bu ýer­de eme­li uçuş-go­nuş zo­la­gy, öw­rüm ýoly,­ 6 ­ho­wa gä­mi­si,­ 4­ di­ku­çar üçin ni­ýet­le­nen uçar du­ral­ga meý­dan­ça­sy, do­lan­dy­ryş di­ňi bar. Do­lan­dy­ryş di­ňi­niň be­ýik­li­gi 44 metr­den gow­rak, umu­my meý­da­ny 410,92 ine­dördül metr bo­lup, onuň daş­ky gör­nü­şin­de öz­bo­luş­ly be­zeg hem-de inženerçi­lik teh­ni­ki çöz­güt­ler öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Bu döw­re­bap des­ga ýur­du­my­zyň, şol san­da, se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň dün­ýä­niň ykdy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ul­ga­my­na has iş­jeň goşu­lyş­ma­gyn­da türk­men top­ra­gyn­da bar bo­lan ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň gerimi­ni gi­ňelt­di. Türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň tary­hy üs­tün­li­gi hök­mün­de my­na­syp ba­ha eýe bo­lan BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýunça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­me­gi­niň özem ata Wa­ta­ny­myz­da şu­nuň ýa­ly äh­lumu­my bäh­bit­le­re eýe bo­lan geoyk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­riň jem­le­nen­di­gi bi­len berk baglanyşyk­ly­dyr. Onuň yzy­sü­re «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zola­gyn­da­ky Kong­resler mer­ke­zin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ýoka­ry de­re­je­dä­ki du­şuşy­gy ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan öňe sü­rül­ýän hem-de gel­je­gi örän uly bo­lan dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li hyzmatdaşlyk gat­na­şyk­la­ry­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de ýo­ka­ry gy­zyklan­ma eýe­di­gi­ni ýe­ne bir ýo­la tas­syk­la­dy. 

     Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň ge­çen döwründe Bal­kan top­ragyn­da bo­lup ge­çen şu ta­ry­hy wa­ka­la­ryň özem mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň mi­we­le­ri­dir. El­bet­de, bu ha­ky­ka­ty tassyk­la­ýan şeý­le buý­sanç­ly su­but­na­ma­la­ry ýe­ne-de my­sal ge­ti­rip bo­lar­dy. Ýö­ne esa­sy zat şeý­le dur­muş hakykatynyň mi­ze­mezli­gin­de hem-de onuň tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da röw­şen gelje­gi­mi­ze gö­nük­di­ri­len be­ýik tu­tum­lar ar­ka­ly has-da berkidilýän­digin­de­dir. Mu­nuň özi eziz Di­ýa­ry­my­zyň bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­nyň her bi­ri­niň şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­za bo­lan buýsanjy­ny artdyrýar.

 

Guwanç ÇENDIROW, TDP-niň  Balkan welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň  deputaty.

HALKYMYZYŇ DURMUŞ ÜPJÜNÇILIGINIŇ AÝDYŇ NUSGASY

 

    Mukaddes Garaşsyzlygymyzdan, mizemez döwletliligimizden hem-de hemişelik Bitaraplygymyzdan ruhy güýç alyp, halkymyz röwşen geljege gadam urýar. Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly özgerişler bolup geçdi, täze şäherdir obalar, etraplar döredildi. Şäherlerde we döwrebap obalarda ýaşaýyş jaý toplumlary emele geldi. Häzirki ajaýyp döwürde türkmenistanlylar amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlarynda Garaşsyz we hemişelik Bitarap ýurdumyza guwanyp ýaşaýarlar. Halkymyza ylmyň soňky gazananlary ornaşdyrylan ylym-bilim, saglygy goraýyş merkezleri hyzmat edýär. 

     Ýur­du­myz­da bat­ly dep­gin­ler bi­len alnyp barylýan düýpli gurluşykda Arkadag şäheri aýratyn tapawutlanýar. 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. «Akylly» şäherde halkara ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. 

     Şäheriň köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri — elekt­ro­bus­lar  hem-de ­elekt­ro­tak­si­ler hereket edýär. Arkadag şäheri adamlaryň ýaşamagy, zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin iň kämil we amatly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän şäherleriň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň goşmaça okuw binalarynyň ulanmaga berilmegi batly depginde ösýän «akylly» şäherimizi ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmekde hem uly ähmiýete eýe bolar. 

Merdan ORAZMEREDOW, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Ruhubelentlik we ýokary derejedäki taýýarlyk bilen

 

— Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi halkymyzyň taryhy tejribesinden gaýdýan maslahatly, jebislikli ýol-ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň subutnamasydyr. 

     Taryhy mejlisiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň sebitlerinde geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri hem halkymyzyň syýasy sowatlylygynyň ýokarlanmagyna, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ähmiýetiniň giňden wagyz edilmegine gönükdirilýär. Biz welaýatymyzyň dürli künjeklerinde ildeşlerimiz bilen duşuşyp, olaryň tekliplerini diňleýäris. Bu teklipler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik ösüşini täze belentliklere götermäge gönükdirilen möhüm başlangyçlardyr. Şeýlelikde, halk bilen döwletiň arasynda jebisligiň has-da berkidilmegine mümkinçilik döredilýär.

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her bir mejlisi ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen täze çözgütleriň kabul edilýän, halkymyzyň bagtyýar geljegini pugtalandyrýan meýdançasydyr. Şoňa görä-de, onuň mejlislerinde halkymyzyň öňe sürýän teklipleriniň diňlenilmegi, ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de jemgyýetimiziň dürli gatlaklarynyň işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň demokratik ösüşiniň beýanydyr.

 

Ogulnur HAÝYDOWA, « Lebap galla önümleri » önümçilik birleşiginiň Saýat etrabynyň «Watan» daýhan birleşigindäki agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty:

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ NUSGASY

 

     Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galky­ny­şy döw­rün­de ýurdu­myz be­ýik ösüş­le­re bes­len­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň beýik baş­lan­gyç­la­ryny dowam edýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz täze ta­ry­hy eý­ýamda ösü­şiň ýo­ly bi­len hal­ky­my­zy öňe alyp barýar. Gah­ry­man Ar­kada­gymy­zyň , Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len pä­him­dar pe­der­le­ri­mi­ziň döwlet gur­mak­da top­lan baý ta­ry­hy tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyl­ýar, mil­li demok­ra­tiýanyň ýö­rel­ge­leri ös­dü­ril­ýär. 

     Mä­lim bol­şy ýa­ly, ­şu ýylyň 20­-nji aw­gus­tyn­da türk­men halkynyň ­Mil­li Li­de­ri, Türkmenis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başly­gy Gur­ban­gu­ly Berdi­mu­ha­me­do­wyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Türkme­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­si geçi­ril­di. On­da Türkmenis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni hem­-de ýurdumyzyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk baýramy­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça me­se­le­le­riň giň top­lu­my­na ga­ral­dy. Şun­dan hem gör­nü­şi ýa­ly, aý­dyň mak­sat­lar bi­len bu ta­ry­hy waka­la­ra taý­ýar­lyk­ly ba­ryl­ýar. Köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­myz ag­zy­bir­li­giň, de­mok­ra­ti­ýa­nyň mil­li ýörelge­si­ni ke­ma­la ge­ti­rip­dir hem-­de ge­ňeş­me­giň, mas­la­hat etme­giň äh­mi­ýe­ti­ni ýo­ka­ry de­re­jä ýe­ti­rip­dir. Hä­zir­ki wagt­da bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler my­na­syp do­wam edil­ýär, döw­re­bap ös­dü­ril­ýär. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler, mil­li de­mokra­ti­ýa döw­le­ti­mi­ziň kanunçylyk ul­ga­myn­da hem berk orun tut­ýar. 

     Döw­let­li işiň ba­şy tu­tu­lan­da ulus-­ile ge­ňeş edil­ýär, äh­li­halk ýyg­nak­la­ry ge­çi­ril­ýär. Bu türk­men hal­ky­nyň kö­pa­syr­lyk tejribesi­niň, döw­let­li­lik ýo­lu­nyň ne­ti­je­si­dir. Bu ba­bat­da Türkmenis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty döw­let hem-­de jem­gy­ýet­çi­lik­sy­ýa­sy gur­lu­şy­ny kä­mil­leş­dir­me­giň ýo­lun­da­ky mö­hüm tap­gyr bo­lup dur­ýar. Mu­nuň özi halk de­mok­ra­ti­ýa­sy­ny dabaralandyrmak, ra­ýat jem­gyýe­ti­niň iş­jeň­li­gi­ni ýokarlandyrmak üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­red­ýär. 

Perman Saparow, Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

1 ... 7 8 9 10 11 ... 104