​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
29.08.2025

ÝAŞLARYŇ HUKUK MEDENIÝETI

 

     Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň halkara derejede ylym-bilim almagymyz we Watana wepaly nesil bolup ýetişmegimiz üçin ähli şertler döredilýär. Biz hem muňa öz zähmetimiz bilen jogap bermelidiris. 

 

     Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem jemgyýetiň we her bir şahsyýetiň bähbitlerini goraýan milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işleri yzygiderli durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

     Ýaşlaryň arasynda hukuk aňynyň we hukuk medeniýetiniň kemala gelmeginde döwletiň hukuk goraýjy edaralarynyň ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň utgaşykly alyp barýan wagyz-nesihat işlerine hormatlanýan ýaşuly nesliň wekilleriniň işjeň gatnaşmagy, raýatlaryň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda aň-bilim we terbiýeçilik işlerinde möhüm orun eýeleýär. Ýaşuly nesliň özboluşly medeni gymmatlyk hasaplaýan öwüt-ündewleri we pentleri, gadymy kökleri bolan rowaýatlaryň, hekaýalaryň, nakyllaryň hemmelere sada, düşnükli görnüşde ýetirilmegi ýaşlarda hukuk medeniýetini kemala getirmek işinde millilik öwüşgünini çaýýar. 

     Ýaşlaryň şahsyýet hökmünde kemala gelýän döwründe, olarda hukuk medeniýetini ösdürmekde maşgalanyň orny hem örän uludyr. Türkmen jemgyýetinde maşgala däplerine we garyndaşlyk gatnaşyklaryna uly hormat goýulýar. Her bir terbiýäniň başy maşgaladan başlanýar we geljekde jemgyýetiň içinde özümizi alyp barşymyzyň raýat hukuk derejesini hem maşgalada alan terbiýämiz bilen kesgitleýärler. Şonuň üçin maşgalanyň türkmen jemgyýetindäki ornuna hem-de maşgala gatnaşyklaryna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda maşgala terbiýesiniň ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň şahsyýet bolup kemala gelmeklerinde nähili uly orun eýeleýändigini deliller arkaly beýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi aýratyn mana eýedir.

       Ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň hoşallygy egsilmezdir. 

 

Jahangül MYRADOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň baş hünärmeni.