Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda energetika toplumynyň, şol sanda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Diýarymyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasy durmuşa geçirilip, 2021-nji ýylda Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi, 2023-nji ýylda Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurlup ulanmaga berilmegi, şeýle-de her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň işe girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Halkalaýyn energoulgamyň emele gelmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrýar, içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini has gowulandyrýar, halkymyzyň buýsanjyna öwrülýär.
Türkmenistan dünýäniň energetika serişdelerine baý döwletleriniň biri bolmak bilen, energetika howpsuzlygynyň täze, döwrebap ulgamyny döretmäge aýratyn üns berýär. Içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen ygtybarly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, energiýany tygşytlamak we ondan netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagy ygtybarly we kämil kanunçylygyň bolmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda energiýa üpjünçiligi çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk namalary gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Esasy Kanunymyzyň 14-nji maddasynda energiýanyň çeşmeleri bolup durýan ýeriň, ýerasty baýlyklaryň, suwuň, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklaryň Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýandygy, olaryň döwlet tarapyndan goralýandygy we rejeli peýdalanylmaga degişlidigi berkidilendir.
Energetika ulgamynyň milli kanunçylyk binýady berkidilýär, kämilleşdirilýär. Ulgamy maksatnamalaýyn ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny üpjün etmekde, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini önümçilige ornaşdyrmakda birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Häzirki wagtda «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Elektrik energetikasy hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» we beýleki birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary hereket edýär. «Ýaşyl» energetikany ösdürmegiň milli kanunçylyk esaslarynyň yzygiderli berkidilmegine gönükdirilen işler uzak möhletleýin esasda alnyp barylýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 30-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynda energiýa serişdeleri baradaky kanunçylyk namalarynyň üstüni ýetiren «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunyň kabul edilmeginiň esasy maksady diňe bir ata Watanymyzyň energiýa çeşmelerinden bolelin peýdalanmakdan ybarat bolman, eýsem, energiýa serişdeleriniň tygşytlanylmagyny höweslendirmekden, energiýanyň netijeliligini goldamakdan, ýangyç-energiýa serişdelerini netijeli sarp etmekden, nesillerimizi energiýany netijeli peýdalanyp bilmek ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna esaslanýar. Ol energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň hem-de energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
Energetika pudagynda tutumly işler durmuşa geçirilip, ýangyç-energiýa serişdelerini almak, öndürmek, ulanmak, geçirmek işleri amala aşyrylanda enjamlaryň näsazlygy, turba we elektrik geçirijiler ulanylanda ýa-da energiýany sarp ediji enjamlaryň işleýiş tertibiniň berjaý edilmezligi zerarly, olaryň öndürijiliksiz sarp edilmegi ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin ýangyç-energiýa serişdelerini ulanmakda sarp edijileriň hukuklary we borçlary bu Kanunda düzgünleşdirilýär. Kanunda energiýany tygşytlamagy we ondan netijeli peýdalanmagy hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgeleri hem beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýetirýän zyýanly täsiriniň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberiniň azaldylmagyna gönükdirilendir. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, energetika pudagyny innowasiýalara daýanyp ösdürmekde ulanyljak täze tehnologiýalaryň ekologik taýdan howpsuzlygyna, arassalygyna, netijeliligine aýratyn üns berilýär. Kanunyň degişli maddasynda energiýany tygşytlamak, ondan netijeli peýdalanmak boýunça döwlet zerurlyklary üçin göz öňünde tutulan harytlara, işlere, hyzmatlara bildirilýän talaplar baradaky kadanyň bellenilmegi ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň ilerlemegine öz täsirini ýetirer. Mundan başga-da, Kanunda energiýany tygşytlamak boýunça çäreleriň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy öz beýanyny tapýar.
Ata Watanymyzda ýetilýän sepgitler, gazanylýan zähmet ýeňişleri ýurdumyz boýunça kabul edilýän we üstünlikli ýerine ýetirilýän döwlet maksatnamalarynyň netijesidir. Gürrüňi edilýän Kanunda döwlet maksatnamalaryny energiýanyň netijeliligi çygrynda hem kabul etmek, durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak milli kanunçylygymyzda, has takygy, «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilendir. Şoňa laýyklykda, munuň özi halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak babatda işleriň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Kanunda ikinji derejeli energiýa serişdelerinden, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden, ätiýaçlyk energiýa serişdelerinden peýdalanylmagynyň artmagyna ýardam berýän energiýany tygşytlamak boýunça çäreleriň işlenip düzülmegi barada bellenilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyza baştutanlyk eden döwründe energetika pudagynda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilip, geljekki ösüşleriň binýady berkden tutuldy. Kanunyň degişli babynda döwletimiz tarapyndan energiýany tygşytlamakda, energiýadan netijeli peýdalanmakda döwlet goldawynyň ugurlary, netijeli işleri alyp baran fiziki hem-de ýuridik şahslary höweslendirmek, olara ýeňillikleri döretmek göz öňüne tutulan. Energiýany tygşytlamak we ondan netijeli peýdalanmak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, energiýa taýdan netijeli tehnologiýalary ulanmak, energetiki menejmenti amala aşyrmak boýunça hünärmenleriň taýýarlanylmagy, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy barada hem Kanunda beýan edilýär.
Döwür özgerýär, ylma hem-de tejribä daýanyp, täze-täze tehnologiýalar, innowasiýalar peýda bolýar we önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Türkmenistanda energetika ulgamynyň ösmegi netijesinde täzeçilliklere zerurlyklar artýar, ulgam üçin täze binalaryň, desgalaryň gurulmagy, maýa goýumlaryň özleşdirilmegi uly ähmiýete eýe bolup, energiýany tygşytlaýjy we onuň netijeliligini ýokarlandyryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Bu işleriň kanuny esaslaryny kämilleşdirmek bilen bagly kadalar hem Kanunda öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek barada öňe süren teklibi bu ulgamda halkara hyzmatdaşlyga uly üns berilýändigini aňladýar. 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şeýle wakalar Türkmenistanyň energetika syýasatynyň dünýä derejesinde dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär. Gürrüňi edilýän Kanunda bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary beýan edilýär.
«Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda başga-da ençeme möhüm kadalar bar. Bu Kanunyň kabul edilmegi diňe bir energetika ulgamynyň däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegine ýardam eder.
Ýurdumyzyň energetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek, onuň kuwwatyny artdyrmak babatda giň gerimli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mydama rowaç bolsun!
Nepes ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet
we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.