​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

PARLAMENT DIPLOMATIÝASY: hyzmatdaşlygyň netijeli mümkinçilikleri

 

     Türk­me­nis­ta­nyň par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry deň­hu­kuk­ly hyzmat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da tej­ri­be alyş­ma­ga, döw­rüň ýüze çy­kar­ýan me­se­le­le­ri­ne gö­rä ze­rur­lyk dö­rän­de maslahatlaşma­la­ry gu­ra­ma­ga, öza­ra ka­bul eder­lik­li çöz­güt­le­ri tap­ma­ga, kanun­çy­lyk na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin hyzmat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na gö­nük­di­ri­lendir. Parlamenta­ra gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­sin­de par­la­ment işi­niň guraly­şy, ka­nun­çy­ka­ry­jy­lyk tej­ri­besi, par­la­men­ta­ri­le­riň iş usulla­ry öw­re­nil­ýär.

 

     4-nji awgustda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça (DÇBÖBD) üçünji maslahatynyň çäginde Parlament forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Forumda nygtalyşy ýaly, döwleti dolandyrmagyň çäklerinde parlamentler söwdany, infrastrukturany, innowasiýalary ösdürmäge, şeýle hem sebit integrasiýasyny we arabaglanyşygy gi­ňeltmäge ýardam berýän hukuk binýadyny döredýärler. Olar syýasat we býujet işlerinden başga-da, döwlet bilen raýatlaryň arasynda köpri bolup hyzmat edýärler. Şeýle hyzmatdaşlykdan gelip çykýan hukuk gatnaşyklaryna we kadalara taraplaryň ygrarlylygy, durnuklylygy hem-de özara ynanyşmak ýagdaýy ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we beýleki ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam bermek bilen birlikde, bu ugurda ygtybarly binýady emele getirýär. 

     Halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda parlament diplomatiýasyna uly orun degişli. Ol halkara gi­ňişlikde parahatçylygy berkitmek işine goşant goşmaga, dünýäniň syýasy gün tertibine oňyn täsirini ýetirmäge, ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünleriniň, esasy halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň hukuk ulanyş tejribesiniň maksadalaýyk gurnalmagyna ýardam edýär. Şeýle hyzmatdaşlyklaryň hatarynda BMG-niň Awaza maslahatynda parlament agzalary üçin guralan forumda wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralaryň özara tejribe alyşmaklary parlament diplomatiýasynyň işjeň­ligini hil taýdan täze derejä çykardy. Forumda öň­de goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde strategik häsiýetli maksatlar öňe sürüldi. 

     Gürrü­ňi edilýän parlament forumynyň ähmiýeti we maksady barada aýratyn durup geçmek zerur. BMG-niň az derejede ösen, deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýeti Awaza maslahatynda parlamentariler üçin bir günlük forum gurady. Bu forum ähli gyzyklanýan taraplaryň, şol sanda Parlamentara Birleşigiň (IPU) we GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. 

     Aslynda, ähli kanuny gatnaşyklarda parlamentler hukuk çäklerini kesgitleýän ählumumy ül­ňüleri, talaplary hem-de syýasy mehanizmler arkaly hukuk namalaryny işläp düzmek wezipelerini ýerine ýetirýärler. Hut şu maslahatda-da gatnaşyjy döwletleriň söwda amallaryny ýe­ňilleşdirmek, olaryň infrastrukturalaryny ösdürmek bilen bagly ugurdaş maksatlaryň, bu babatda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kesgitlemegiň maksadalaýykdygy beýan edildi. 

     Şu ýerde parlament diplomatiýasynyň taryhy ähmiýeti we onuň häzirki döwürde hem öz işini üstünlikli dowam etdirýändigi babatda mysallara ýüzlensek ýerlikli bolar. 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumy parlamentarileriň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda hem-de ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmakda hereketlendiriji güýje öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, şol döwürden başlap «Merkezi Aziýa+» görnüşinde birnäçe parlamentara duşuşyklar geçirildi. Bu forumy geçirmek başlangyjynyň Gahryman Arkadagymyza degişlidigini hem nygtan ýagşy. Hut şol forumda parlamentara hyzmatdaşlygyň täze görnüşiniň binýady goýlup, ol hyzmatdaşlygyň «Aşgabat görnüşi» diýlip atlandyryldy. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Ge­ňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň nygtaýşy ýaly, bu formatyň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän sebitleýin parlamentara gurama hökmünde özüniň ähmiýetini gorap saklaýar. Munuň şeýledigini gürrü­ňi edilýän forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi-de aýdyň görkezdi. Şu ýerde şol forumyň çäginde kabul edilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasynyň ähmiýetini-de nygtamak gerek. Şol resminamada — Aşgabat Jarnamasynda zenan parlamentarileriň, şol sanda telekeçi, işewür zenanlaryň syýasy çözgütleri işläp taýýarlamaga we kabul etmäge işjeň çekilmegi göz öňünde tutulýar. Şunda zenanlaryň döwletleriň durmuş-ykdysady, medeni ulgamlaryna gatnaşmagyna goldaw berilmegi, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň has çalt we üstünlikli çözülmegi üçin meýdança emele gelýär. 

     Umuman, milli parlamentleriň dürli görnüşdäki, ýagny zenan parlamentarileriň, ýaş parlamentarileriň formatlarynda hereket edýän meýdançalarda halkara hyzmatdaşlygy ynsanperwerleşdirmek işinde taraplaryň bilelikdäki tagallalary jemlenýär. Şeýlelikde, durmuş-ykdysady mümkinçiliklerden peýdalanmaga, gatnaşyklaryň hoşniýetli bolmagyny gazanmaga, geljekki nesiller barada alada etmäge gönükdirilen täze gözýetimler hem-de şertler emele gelýär. 

     «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Parlament forumy DÇBÖBD-niň täze Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmekde parlamentleriň ornuny berkider. Şeýle bolansoň, forumda DÇBÖBD-niň 2024 — 2034-nji ýyllary öz içine alýan onýyllyk üçin Hereketler maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryna we parlamentarileriň onuň netijeli ýerine ýetirilmegini goldamakdaky, has takygy, kanun çykaryjylyk, wekilçilik we gözegçilik wezipeleri arkaly, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde eýeleýän ornuna üns çekildi. 

     Parlamentiň gözegçilik we hasabatlylyk tapgyrlary gürrü­ňi edilýän maksatnamanyň möhüm tapgyrlary bolup durýar. Şunda gözegçilik wezipesi syýasatlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär, ösüşe baha berýär we maksatlara ýetmek üçin hökümetiň hasabatlylygyny öz üstüne alýar. Şeýle hem parlamentler hökümet, hususy pudak we raýat jemgyýeti bilen gyzyklanýan taraplaryň arasynda dialoglary we hyzmatdaşlygy ýola goýup bilýär. 

     Awazada geçirilen Parlament forumynyň esasy maksady DÇBÖBD-niň parlamentleriniň Hereketleriň Awaza maksatnamasynda ileri tutulýan ugurlary öz işlerine esasy wezipeleriň hatarynda (kanun çykaryjylyk, gözegçilik, býujet, wekilçilik) ornaşdyrmaklaryny, bu ugurdaky başlangyçlary goldamaklaryny hem-de onuň has gi­ňişleýin durmuşa geçirilmegi üçin ýerine ýetiriljek anyk hereketler boýunça teklipleri kesgitlemeklerini gazanmakdan ybarat boldy.

     Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde parlamentara hyzmatdaşlygyň täze gurallarynyň işlenip taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki köpugurly halkara hyzmatdaşlygyň ösüş ýoly umumadamzat bähbitlerinden ugur alyp, iş ýüzünde amal ediljek çäreleriň netijeli ugurlaryny kesgitleýär we köptaraplaýyn tagallalary dabaralandyrýar. 

 

 Merjen BORJAKOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.

Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynda täze sahypa

 

     Türkmen halky gadymdan bäri dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga uly ähmiýet berip gelýär. Häzirki döwürde bu ýörelgeler döwlet derejesinde dowam etdirilip, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry hökmünde goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde ägirt uly işler alnyp barylýar. Şol ýurtlaryň hatarynda Azerbaýjan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy aýratyn orun eýeleýärler. Türkmen, azerbaýjan we özbek halklarynyň arasynda gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän dost-doganlyk gatnaşyklary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu milletleriň taryhy, dini we medeni kökleri bir gözbaşdan gaýdýar. Şol taryhy umumylyk hem häzirki döwrüň döwletara gatnaşyklary üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. 

     Mälim bolşy ýaly, 22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu taryhy duşuşygyň çäginde gazanylan ylalaşyklaryň, gol çekilen resminamalaryň ähmiýeti örän ýokarydyr. Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ykdysady taýdan özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly mümkinçilikleri bardyr. Bu ýurtlaryň her biri ägirt uly energiýa serişdelerine, üstaşyr-ulag mümkinçiliklerine hem-de halkara bazarlara çykmagyň möhüm ýollaryna eýedir. Biziň ýurdumyz bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň üsti bilen gaz geçiriji taslamalaryň meýilleşdirilmegi, şeýle hem elektrik energiýasy boýunça hyzmatdaşlyk möhüm ähmiýetli bolup durýar. Özbegistan bilen bolsa «mawy ýangyç» we beýleki energetika serişdeleri boýunça işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şeýle-de üç doganlyk ýurt birleşip, halkara ähmiýetli möhüm ulag geçelgelerini döretmäge gatnaşýarlar. Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmeginiň möhüm bölegi bolup durýan bu ulag geçelgeleri bütin dünýäniň ykdysadyýetiniň ösmegine dahyllydyr. Awazada gazanylan ylalaşyklar goňşy döwletleriň gatnaşyklaryny täze belent derejelere çykarmaga mümkinçilik berer. 

     Dost-doganlygyň berkidilmeginde medeniýet möhüm orun eýeleýär. Türkmen, azerbaýjan we özbek halklarynyň arasynda medeni çäreler, sungat festiwallary, ylmy maslahatlar, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem dillerimiziň ýakynlygy, edebiýatymyzyň umumy çeşmelerden gözbaş almagy dostlugy has-da berkidýär. Mysal üçin Magtymguly Pyragynyň, Fizulynyň, Nowaýynyň döredijiligi üç ýurtda hem giňden öwrenilýär. Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen duşuşygyň dowamynda dünýä nusgalyk Arkadag şäheri bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuly şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmak barada gazanylan ylalaşyk bu asylly ýörelgäniň dowamat-dowamdygynyň güwäsidir. 

     Gahryman Arkadagymyzyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň bilelikde ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelere gatnaşmaklary hem bu hakykaty ýene bir ýola aýan etdi. Şol buýsançly pursatlarda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň we tutuş türkmen halkynyň adyndan Tawus atly ajaýyp ahalteke bedewiniň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine bolsa köşekli arwana düýäniň sowgat berilmegi türkmen halkynyň myhmansöýerlik ýörelgesiniň has hem dabaralanýandygynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy. 

     Goňşy döwletleriň Baştutanlaryna şeýle sowgatlaryň berilmeginiň çuňňur manysy bardyr. Çünki halkymyzda at — myrat, düýe — döwlet hasaplanylýar. Türkmen halky ir döwürlerden bäri atlara we düýelere aýratyn gadyr goýupdyr. «At — myrat» diýen pähim halkymyzyň maksada ymtylmakda çydamly, güýçli we ynamly bolmak ýörelgesiniň aňladylmasydyr. «Düýe — döwletim» diýen pähim bolsa düýäniň halkymyzyň döwletlilik düşünjesiniň bir bölegidigini görkezýär. Türkmenleriň taryhynda kerwen ýollarynyň möhüm orun eýeländigini göz öňünde tutsak, şol döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ulaglarynyň düýeler bolandygyny aýtmak ýerliklidir. Türkmenler dürli harytlary uzak ýurtlara eltmekde düýeleri peýdalanypdyr. Şeýlelikde, düýe diňe bir hojalygyň baýlygy bolman, eýsem, halkara ykdysady gatnaşyklaryň hem möhüm serişdesi bolupdyr. 

     Elbetde, Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy we häzirki döwrüň tejribesi bir hakykaty görkezýär: bu hyzmatdaşlygyň düýp manysy diňe syýasatda ýa-da ykdysadyýetde däl, eýsem, doganlykda, agzybirlikde we umumy milli gymmatlyklarda jemlenýär. Şonuň üçin bu gatnaşyklary diňe döwletara hyzmatdaşlyk däl-de, üç halkyň ýürekden ýürege barýan dostluk köprüsi diýip häsiýetlendirmek ýerlikli bolar.

 

 Baýrammyrat Ha­jy­mäm­me­dow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY UGRUNDA

 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda toýlarymyz toýa ulaşýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy toýlanylýan bu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem uly dabaralara beslenip baýram ediler. 

     Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny gazanmakda yzygiderli işler amala aşyryldy. Şeýlelikde, şu döwrüň içinde Türkmenistan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly meselelere jogapkärli çemeleşýändigini görkezip geldi. 

     Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalary bilen ekologiýa abadançylygy ugrunda hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz BMG­niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalyk guramasy ýaly ýöriteleşdirilen edaralary, şeýle hem Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem Türkmenistan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda başlangyçlary öňe sürýär. 

     Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiz ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görmek bilen, bu ugurdaky işleri kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döretmekde hem giň möçberli işleri amala aşyrdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak hakynda düzgünler berkidilendir.  «Ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerinden ugur alnyp, senagat toplumlaryny tehniki taýdan döwrebap enjamlaşdyrmak babatda zerur işler alnyp barylýar. Durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işleriň ählisi  hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tebigaty goramak babatdaky döwlet syýasatynyň, milli, sebit we halkara derejede amala aşyrylýan hem­de häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalaryň esasy ugurlary bolup durýar.

     Daşky gurşawy goramaga innowasion çemeleşmeleriň anyk mysaly hökmünde ekologik artykmaçlyklara eýe Arkadag şäherini görkezmek bolar.  Arkadag şäherinde seýilgäh toplumlary, şeýle hem şäheriň daş­töwereginde tokaý zolaklary döredildi. Tokaý zolaklarynyň döredilmegi amatly howa gurşawynyň emele gelmeginde, ekologiýa ýagdaýyň degişli derejede saklanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

     Ýaşamak üçin amatly şäherleriň biri bolan Aşgabat şäheri hem ýurdumyzda ekologiýa degişli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ak mermerli paýtagtymyzy bezeýän ýaşyl seýilgäh zolaklary şäheriň gözelliginiň we binagärlik sazlaşygynyň üstüni ýetirmek bilen, amatly howa gurşawyny döredýär. 

     BMG­niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi möhüm waka bolmak bilen, ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny gazanmakda alnyp barylýan giň gerimli işleri­de dabaralandyrdy.

     Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýän halkymyzy tutumly işlere ruhlandyrýan Gahryman  Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Allaýar OMAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan  peýdalanmak we agrosenagat toplumy  baradaky komitetiniň agzasy.

HALK MASLAHATY — HALKYŇ BÄHBIDINE

 

     Mer­da­na türk­men hal­ky özü­niň kö­pasyr­lyk ta­ry­hyn­da mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny we ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­di. Ata-babalarymyz il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar bi­len geňeş-mas­la­hat­la­ry geçirip, ýurt äh­mi­ýet­li wa­jyp me­se­le­le­ri ara alyp maslahatlaşypdyr­lar. Häzirki döwürde-de ila­tyň äh­li gatlaklarynyň mö­hüm jem­gy­ýet­çilik-sy­ýa­sy çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ne gat­naş­ma­gy üp­jün edil­ýär, de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re eýe­ri­lip, döw­let äh­mi­ýet­li ka­rar­lar, çöz­güt­ler ka­bul edil­ýär. 

 

     Türk­men halky özboluşly milli demokratik jemgyýeti döretmegi başarypdyr. Türkmen jemgyýetinde maslahatlardyr ge­ňeşleriň ýurdy dolandyrmagyň wajyp guraly bolup hyzmat edendigini ata-babalarymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesinde sünnäläp, dilden-dile geçirip bize miras goýan «Ge­ňeşsiz iş bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes!», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ge­ňeşli ýerde kemlik ýok, ge­ňeşsiz ýerde — deň­lik» ýaly dana pähimleri hem tassyklaýar. 

     Ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän döwletlilik, ynsanperwerlik, milli däplere hormat goýmak ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik, hukuk döwletimiziň milli kanunçylygy bilen berkidilýär. Kanunçylyk namalarymyzda milli ýörelgeler bilen halkara hukuk kadalarynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagy netijesinde, halk häkimiýetliliginiň özboluşly nusgasy kemala geldi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasynda: «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýen kadanyň berkidilendigini, demokratik başlangyçlaryň ösen derejesini, halkyň pikirine hormat goýulýandygyny şu günlerde şaýady bolýan wakalarymyz ähli aýdyň­lygy bilen subut edýär. 

     Täze taryhy döwürde, Watanymyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda öň­de durýan wezipeleri durmuşa geçirýän edaralary kämilleşdirmek, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, halk häkimiýetiniň esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. Döwletimizde jemgyýetiň ykbalyna täsirini ýetirýän çözgütler kabul edilende halkyň pikiri hasaba alnyp, köpçüligiň bähbitlerini göz öňünde tutmak halk häkimiýetliliginiň ýörelgesi bolup durýar. Şeýle çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşýanlaryň deň hukuklara eýe bolmagy bolsa gelnen kararlaryň adalatlylygyna, geljekde olaryň doly we dogry ýerine ýetirilmegine täsir edýär. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň döredilmegi aýratyn bellärliklidir. Bu ugra gönükdirilen işleriň kämil kanuny esaslaryny düzýän «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň hereket etmegi halk bilen bilelikde döwletli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 20-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi bellenen nobatdaky ählihalk forumy hem Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bähbitleri üçin möhüm çözgütler kabul ediljek taryhy wakalaryň biri bolar. 

     Adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, jemgyýetçilik pikirini nazara almak, demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk ýaly ýörelgelere esaslanýan, ýurdumyzyň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetleriniň, hukuk goraýjy edaralary­ň, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özü­ňi dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylaryny, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekillerini düzüminde birleşdirýän, halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri möhüm ähmiýete eýedir. Jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda öz üstüne ýüklenen ygtyýarlyklaryny talabalaýyk ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek maksady bilen ýerine ýetirilmeli wezipeleriň hatarynda jemgyýetimizi yzygiderli ösdürmek üçin degişli işleri geçirmegi, raýatyň, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş etmek, teklipleri taýýarlamak barada Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyryklary döwletimizde wajyp ähmiýete eýe bolan bu ýokary wekilçilikli edaranyň esaslanýan ýörelgelerine pugta eýerýändiginiň aýdyň güwäsidir.

     Döwlet maşgaladan başlanýar. Her bir maşgalanyň üstünlikleri we ýetmezçilikleri, olary goldamagyň, kemçilikleri düzetmegiň ýollary, ilkinji nobatda, degişli çäkde saýlanylan halk wekillerine mälim ýagdaýdyr. Şu nukdaýnazardan her bir maşgaladan başlap, tutuş jemgyýetde jebisligi berkitmekde, raýatlaryň başarnyklaryny il-ýurt bähbitli başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirmekde we döwlet bähbitli işlerde jogapkärçiligini ýokarlandyrmakda, hukuklaryny, borçlaryny bilmeklerini, doly hem-de takyk berjaý etmeklerini gazanmakda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna, ýerli halk maslahatlarynyň agzalaryna, ge­ňeş agzalaryna möhüm orun degişlidir. Jemgyýetde tertip-düzgüni, ýokary raýat jogapkärçiligini we syýasy sowatlylygy üpjün etmekdäki ähmiýetine ünsi çekeniň­de, Gahryman Arkadagymyzyň saýlawly edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, saýlanan wekilleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda öz üstüne ýüklenen ygtyýarlyklaryny talabalaýyk ýerine ýetirmeklerini gazanmak maksady bilen öň­de goýan wezipeleriniň halkymyzyň abadan durmuşyny, röwşen geljegini nazarlaýan il-ýurt bähbitli işlere gönükdirilendigine göz ýetirýärsiň.

     Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň durmuş abadançylygy babatda bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Nepes ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

ÖSÜŞ-ÖZGERIŞLERE UZAÝAN ÝOL

 

     Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­niň sy­ýa­sy giňişligindä­ki ab­ra­ýy­ny tä­ze be­lent­lik­le­re gö­ter­ýän ta­ry­hy wakala­ra bes­len­ýär. 4 – 8-nji aw­gust ara­ly­gyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len Bir­le­şen Mil­let­ler Guramasynyň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­letler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty hem mu­nuň aýdyň su­but­na­ma­sy bol­dy

 

     Milletler Bileleşigi tarapyndan her on ýyldan bir gezek guralýan halkara foruma döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, 100-den gowrak ýurtdan, 50-ä golaý halkara guramadan ýokary wezipeli adamlaryň, iri kompaniýalaryň 20-den gowragyndan wekilleriň gatnaşmagy onuň umumadamzat ähmiýetlidigini, Ýer ýüzünde uly gyzyklanma eýe bolandygyny görkezýär. 

     Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwletiň durnukly ösüşini, şol ýurtlaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyny üpjün etmegiň ygtybarly binýady bolup durýan Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi we Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň tassyklanylmagy halkara forumyň esasy netijeleri boldy. 2024 – 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere ählumumy ösüşe doly derejede gatnaşmaga, röwşen geljege sary öňe gitmäge şert döredýän täze meýilnamalary işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigini ynam bilen aýtsa bolar. 

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýratyn işjeňlik görkezýändigi halkara derejede ykrar edilen hakykatdyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara forum muny ýene bir ýola dünýä aýan etdi. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini nobatdaky gezek subut eden halkara maslahat ýurdumyzyň tutuş Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbidine Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge işjeň gatnaşýandygynyň hem aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 

     Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda eden taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiz şeýle belledi: «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyz diňe bir şygar däldir. Ol Türkmenistanyň içeri syýasatynyň, ýaşaýyş-durmuşynyň düýpli ugruny kesgitleýän, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we halkara işiniň esasydyr. Sebäbi adamlaryň durmuşynyň ýokary standartlaryny hem-de ýaşaýşynyň hilini üpjün etmek Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň esasydyr». Elbetde, ýurdumyzyň bu ynsanperwer syýasatynyň tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilýändigi türkmenistanly hökmünde her birimiziň kalbymyzy çäksiz buýsanja besleýär. 

 

Perman SAPAROW, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Dur­muş syýasa­ty ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni

ASYLLY ÝÖRELGELERE EÝERIP

 

     Ýaşululara hormat goýmak pederlerimizden miras galan iň asylly däpleriň biridir. Her ýyl ýurt Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşulularyň maslahatlary we teklipleri diňlenilip, şolaryň esasynda döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm kararlar işlenilip düzülýär hem-de kabul edilýär. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça 19-njy awgustda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahatynda hem öňde durýan wezipelere hem-de käbir guramaçylyk meselelerine garaldy. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ähli ugurlar boýunça gazanylýan uly ösüşleri hem-de milli ýörelgeleri wagyz-nesihat etmekde, ýaş nesilleri watansöýüjilik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde uly durmuş tejribesi bolan ýaşululara aýratyn orun degişlidir. 

 

Jahangül MYRADOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň baş hünärmeni.

DEMOKRATIK ÝÖRELGELER ROWAÇLANÝAR

 

     Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda halk demokratiýasy barha dabaralanýar. Bu ugurda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik ýörelgelere esaslanyp, şöhratly ata-babalarymyzyň ýoluny dowam etdirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr

 

     Döwlet derejesinde kabul edilýän resminamalar, çözgütler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesine, abadançylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Çünki ýurdy ösdürmegiň täze belentliklerini nazarlaýan çözgütler şol ýurduň ilatynda ýagty geljege ynamy berkidýär. Ynamyň bar ýerinde agzybirligiň, rowaçlygyň pugtalanýandygy hakykat. Haçan-da, adam döwlet tarapyndan edilýän aladany, döredilýän mümkinçilikleri duýanda, jebislige, döredijilikli zähmete ymtylýar. Geňeşmelerdir maslahatlary gurap, birek-biregiň garaýşyny öwrenmek, özara düşünişmek we ylalaşykly goldaw ýaly jemgyýetçilik gatnaşyklary raýat jemgyýetiniň ýörelgelerini kemala getirýär. 

     Il bähbitli meseleleriň maslahatlaşylyp çözülmegi gadymdan gözbaş alýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň döwlet gurluşy babatda toplan tejribelerini, döwrüň talaplaryny, taryhy däp-dessurlary özünde jemlemek bilen, asylly ýörelgeleriň häzirki zaman dowamatyny alamatlandyrýar. 

     Döwleti dolandyrmakda, ýurdy gülledip ösdürmekde demokratiýa, hukuk we döwletlilik ýaly özara sazlaşykly, biri-biriniň üstüni ýetirýän, berk sütünli, çuň manyly ýörelgelere daýanýan döwlet syýasaty, onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda bolsa halkyň we döwletiň birligi esasy şertleriň hatarynda öňe çykýar. Bu gün Gahryman Arkadagymyz hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz halk bilen bitewüligiň aýdyň nusgasyny kemala getirýärler. Her bir işi «ýedi ölçäp, bir kesip», örän sabyrlylyk, yhlaslylyk bilen ýerine ýetirýän, Türkmenistany gülläp ösýän ýurda öwren halkymyzyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda türkmen topragynda ajaýyp şäherler, şäher bilen bäsleşýän obalar, yklymlary birleşdirýän döwrebap ulag ýollary, demir ýol, awtomobil, howa menzilleri, dünýä derejeli ylym-bilim ojaklary gurlup ulanmaga berildi we bu beýik işler batly depginde dowam etdirilýär. Halkymyzyň abadan, asuda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär, ýurdumyzyň sebitlerini gurşap alýan toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde obalar özgerýär, senagat önümçiligi giňeldilýär. Türkmenistan ösen senagat ýurduna öwrülýär. 

     Halk Maslahaty ýurduň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we raýatlaryň bähbitlerini sazlaýar. Döwlet häkimýetiniň ýerli edaralarynyň hatarynda welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde döredilýän ýerli wekilçilikli edaralaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Olaryň agzalary degişli dolandyryş çäk birliklerinde ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramaga gatnaşýar. Býujeti we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklaýar. Kanunçylygyň berjaý edilişine we jemgyýetçilik tertibiniň goralyp saklanmagyna ýardam edýär. Şol bir wagtda onuň jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara gatnaşygynyň ýola goýulmagy-da üns berilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary Halk Maslahatynyň geçen mejlisleriniň netijelerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde düşündirmäge işjeň gatnaşýarlar.

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ildeşlerimiz häzirki günlerden bu iri syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň taýýarlyk işlerine işjeň gatnaşýarlar. Çünki halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlarynyň has-da rowaçlanjakdygyna tüýs ýürekden ynanýar. 

 

Kakamämmet NEPESOW, Görogly etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

IL-HALKYŇ BIR IŞ TUTSA...

 

     Merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerine eýerip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde beýik ösüşler bilen nobatdaky Halk Maslahatyna barylmagy döwletimizde milli demokratiýanyň barha dabaralanýandygynyň nobatdaky ýüze çykmasydyr. 

 

     Berkarar döw­le­tiň­ tä­ze eý­ýa­my­nyň­  Gal­ky­nyşy­ döw­rün­de­  türk­men hal­ky­nyň ­ Mil­li­  Li­de­ri­ Gah­ry­man Arka­da­gy­my­zyň,­  Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man­ Ser­da­ry­my­zyň­ ýolbaş­çy­ly­gyn­da ýurdumyz­da ­ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk ­işine,­ onuň ­döw­le­ti­miziň­ we­ jemgyýe­ti­mi­ziň­ ös­me­gindä­ki ­mö­hüm ­or­nu­na ­uly ­äh­mi­ýet berilýär.­ Eziz  Watany­myz­da ­döwlet ­we­ jem­gy­ýet­çi­lik­ durmuşynyň dür­li ­ugur­la­ry­ny ­öz ­içi­ne ­al­ýan ­tä­ze ka­nun­la­ryň­ kabul­ edil­me­gi, hereket ­ed­ýän ­hu­kuk ­ka­da­la­ry­nyň ­durmuş-ykdysa­dy­ ösü­şe, ­tä­ze ­ta­ry­hy döw­rü­mi­ze,­ ýur­du­myz­da ­dur­mu­şa geçi­ril­ýän ­öz­gert­me­lere ­la­ýyk­lyk­da döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­ giň­ möçber­li­ mak­sat­na­ma­la­ryň­ üs­tün­lik­li ýe­ri­ne­ ýe­ti­ril­me­gi­ni,­ demok­ra­tik ýö­rel­ge­le­riň ­da­ba­ra­lan­ma­gy­ny­ we jem­gy­ýet­çi­lik-syýa­sy­ gat­na­şyk­laryň ber­ki­dil­me­gi­ni ­üp­jün­ ed­ýär. ­Bu ba­ra­da Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­myz:­ «Ta­ryh­ üçin­ uzak­ bol­ma­dyk­ döwür­de biz­ döw­le­ti­ do­lan­dyr­ma­gyň yg­ty­bar­ly,­ de­mok­ra­ti­ýa ­we­ hu­ku­ga esas­lan­ýan­ nus­ga­sy­ny­ dö­re­dip,­ jem­gy­ýe­ti­mi­ziň­ her­ bir­ we­ki­li­niň erk-is­le­gi­ni­ be­ýan­ et­me­gi­niň­ neti­je­li­ ul­ga­my­ny­ ke­ma­la­ ge­tir­dik»­ di­ýip­ örän­ jaý­dar­ bel­le­ýär.­ Şu nuk­daý­na­zar­dan,­ hor­mat­ly­ Preziden­ti­mi­ziň­ dö­re­di­ji­lik­li­ sy­ýa­saty­nyň­ ne­ti­je­sin­de­ ösüş­le­riň­ tä­ze belentliklerine tarap bedew bady bi­len­ öňe­ bar­ýan­ Türkmenis­tan döw­le­ti­miz­de ­türk­men­ jem­gy­ýetin­de­ de­mok­ra­tik­ baş­lan­gyç­la­ry ös­dür­mek, ­ra­ýat ­jem­gy­ýe­ti ­eda­rala­ry­nyň işjeňligini ­ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ­giň­ möç­ber­li­ iş­ler­ durmuşa ge­çi­ril­ýär. 

     Türk­me­nis­ta­nyň­ Kons­ti­tu­siýasynyň­ 3-nji­ maddasynda Türkme­nis­ta­nyň­ özyg­ty­ýar­ly­ly­gy ­halk ta­ra­pyn­dan ­ama­la aşyrylýar, ­halk döw­let­ hä­ki­mi­ýe­ti­niň­ ýe­ke-täk göz­ba­şy­dyr. Türkme­nis­ta­nyň ­halky­ öz ­hä­ki­mi­ýe­ti­ni­ gös-gö­ni­ ýa-da wekilçilik­li­ eda­ra­la­ryň­ üs­ti­ bi­len ama­la ­aşyr­ýar» ­diý­lip ­be­ýan edilýän­ ka­da­la­ryň özi, ­ha­ky­kat­da­nam bi­ziň­ ýur­du­myz­da­ demokra­tik başlangyçlaryň­ nä­hi­li­ de­re­je­de ösen­di­gi­niň­ aý­dyň be­ýa­ny­dyr. 

     Ýe­ri gelende­ bel­le­sek,­ Halk Mas­la­ha­ty­nyň ­baý ­ta­ry­hy ­kök­le­ri bar.­ Ol­ döw­let­ we­ jemgy­ýet­çi­lik sy­ýa­sy ­gur­lu­şy­ kämilleşdirmekde mö­hüm ­sy­ýa­sy ­gu­ra­ma­dyr. ­Jemgy­ýe­ti­ dolandyr­ma­gyň ­iň ­ga­dy­my ins­ti­tut­la­ry­nyň­ bi­ri­ ha­sap­lan­ýan Türkme­nis­ta­nyň­ Halk ­Mas­la­ha­ty ýurdumyzyň­ Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da­ hal­kyň­ bäh­bit­le­ri­ne we­kil­çi­lik ­ed­ýän ­ýo­ka­ry wekilçilikli­ eda­ra­dyr.­ Ol ­türk­men ­hal­ky­nyň döwleti dolandyrmak babatdaky kö­pa­syr­lyk­ tej­ri­be­si­ne­ da­ýa­nyp,­ jemgyýet­çi­lik­ we­kil­le­ri­ bi­len­ iň wa­jyp,­ sy­ýa­sy,­ yk­dy­sa­dy­ mesele­le­ri­ mas­la­hat­la­şyp­ çöz­mä­ge giň­ şert­le­ri­ döredýär. Türkmenista­nyň­ Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň­ mejlis­le­ri­ ýyl­da­ azyn­dan­ bir­ ge­zek ça­gy­ryl­ýar. ­Oňa­ Türk­me­nis­ta­nyň Konstitusiýa­sy­ny ­we ­kons­ti­tu­si­on ka­nun­la­ry­ny­ ka­bul­ et­mek,­ olara üýt­geş­me­le­ri­ we­ goş­ma­ça­la­ry gi­riz­me­giň­ me­se­le­le­ri­ boýun­ça tek­lip­le­re­ ga­ra­mak­ we­ ma­kul­lamak,­ döw­le­tiň­ içe­ri­ we­ da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň­ esa­sy­ ugur­la­ry­na,­ şeý­le­ hem­ ýur­dy­ sy­ýa­sy,­ yk­dysa­dy,­ dur­muş ­we mede­ni­ taý­dan ös­dür­me­giň maksatnamalary­na,­ pa­ra­hat­çy­lyk­ we ­howp­suz­lyk ­mese­le­le­ri­ne­ ga­ra­mak, ­Türk­me­nista­nyň kanunlarynda ­göz ­öňün­de tu­tu­lan­ gaý­ry ­yg­ty­ýar­lyk­la­ry ­ama­la aşyr­mak­ ýa­ly­ me­se­le­ler ­gi­ri­zil­ýär. 

     Hä­zir­ki­ wagt­da­ Türk­me­nista­nyň­ Halk ­Mas­la­ha­ty­ny­ ýo­ka­ry de­re­jede­ ge­çir­mek­ bo­ýun­ça­ döre­di­len gu­ra­ma­çy­lyk ­to­pa­ry­ tarapyn­dan ­bu­ äh­li­halk ­fo­ru­my­na­ jemgy­ýet­çi­li­giň ­we­kil­le­ri­ni­ saý­la­ma­gyň Ter­ti­bi­ne ­ la­ýyk­lyk­da,­ ýer­ler­de Türk­menis­tanyň Halk­ Mas­la­ha­tynyň­ ag­za­ly­gy­na­ da­laş­gär­le­ri­ seçip ­al­mak,­ ola­ryň­ şah­sy ­we­ iş­jeň hä­si­ýet­le­ri­ni­ öw­ren­mek­ bo­ýun­ça iş­ler­ üs­tün­lik­li­ al­nyp barylýar. Nobatdaky ählihalk maslahatynda ýur­du­my­zyň dür­li­ kär­dä­ki,­ hü­närdä­ki ­ra­ýat­la­ry­nyň, ­jem­gy­ýet­çi­li­giň dür­li ugur­la­ry­nyň­ we­kil­le­ri­niň ­gatnaş­ma­gyn­da­ mö­hüm­ me­se­le­ler ara al­nyp­ mas­la­hat­la­şy­lar.­ Mu­nuň özi­ asyr­la­ryň­ do­wa­myn­da­ asyl­ly ýö­rel­ge bo­lup ­gel­ýän ­hal­kyň ­yg­tyýar­ly­ we­kil­le­ri­ne ­sar­pa­ goýmagyň,­ ola­ryň­ ab­raý-mer­te­be­si­ni­ ýo­ka­ry gö­ter­me­giň,­ ösüp gel­ýän­ ýaş­ nesil­le­ri­mi­zi­ wa­tan­sö­ýü­ji­lik,­ ha­lal­lyk,­ zäh­met­sö­ýer­lik­ we­ ýo­ka­ry ah­lakly­lyk ­ru­hun­da ­ter­bi­ýe­le­mek­de, halky­my­zyň­ agzy­bir­li­gi­ni,­ je­bis­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da, ­il-ýurt­ bäh­bit­li mese­le­le­ri ­hal­kyň­ yg­ty­ýar­ly ­we­kille­ri ­bi­len­ mas­la­hat­la­şyp çözme­giň aý­dyň ­su­but­na­ma­sy­dyr.

     Umu­man,­ hal­ky­my­zyň­ abadan­ we­ bag­ty­ýar­ dur­muş­da ýaşama­gy­na­ gö­nük­di­ri­len­ ägirt uly maksatnamalary mundan beý­läk-de üs­tün­lik­li­ dur­mu­şa ­geçir­mä­ge ­gö­nük­di­ri­len­ il­ bäh­bit­li,­ döw­let ­äh­mi­ýet­li­ çöz­güt­ler,­ şeý­le hem ­Gah­ry­man Arkadagymyzyň,­ hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ sargyt­la­ry­dyr­ öwüt-ün­dew­le­ri­ tu­tuş halkymyzy yhlas bilen zähmet çek­mä­ge­ we­ ýurdu­my­zyň ­be­ýik ösüş­le­ri­ne ­my­na­syp­ go­şant­ goşma­ga ruhlandyr­ýar. 

 

Gahryman ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary

MILLI TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY

 

     Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşlarymyz ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişýärler. Şunda ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegine, il-güne, Watana wepaly bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Baý medeni mirasy bolan türkmen halky adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna uly goşant goşan millet hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Hut şonuň üçin hem milli medeniýetimiz täze taryhy döwürde giňden dünýä ýaýylýar. 

     Halkymyzyň edebi mirasyny öwrenmek, milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Geljegimiz bolan ýaşlaryň merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň milli medeniýetine, edebi döredijiligine siňen terbiýeçilik mekdebi «Kowusnamada», «Gorkut ata», «Oguznama», «Görogly» ýaly şadessanlarda, şeýle hem halk döredijiliginde doly beýan edilýär. Akyldar Magtymgulynyň, Döwletmämmet Azadynyň, şeýle hem beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň edebi mirasynda terbiýeçilik baradaky pikirler öň hatarda goýulýar. «Görogly» şadessanynda pähimdar Jygalybeg özüniň toplan durmuş, terbiýeçilik tejribesini, akyl-paýhasyny dürli ýagdaýlaryň, usullaryň üsti bilen agtygy Görogla geçirýär. Paýhasly Oguz handan, Gorkut atadan, pähimdar Jygalybegden, Göroglydan gözbaş alýan türkmen milli 

terbiýeçilik mekdebi wagtyň geçmegi bilen barha kämilleşip, döwrebaplaşyp, çeper edebiýatda öz giňişleýin beýanyny tapýar. Terbiýeçilik tejribesiniň gymmatly hazynasynyň köp bölegi dilden-dile geçip, biziň günlerimize gymmatyny birjik-de ýitirmän gelen halk döredijiliginde jemlenendir. 

     Nakyllar, dana sözler, rowaýatlar, tymsallar nesilleriň durmuş paýhasynyň çäjiniň içinden elenip alnan tylla dänejiklerdir, olarda yrýa söz ýok. Ata-babalarymyzyň bu gymmatly mirasy bahasyna ýetip bolmajak gollanmalardyr. Rowaýatlardaky, tymsallardaky, nakyllardaky durmuş tejribelerini jaýdar, ýerlikli ulanylmagynyň halkyň aňyna, ýaşlaryň terbiýeçilik işine edýän täsiri islendik döwürde hem netijeli häsiýete eýe bolýar, terbiýeçilik işinde deňsiz-taýsyz öwüt-nesihat guralyna öwrülýär. Adamzat durmuşynda gabat gelýän dürli ýagdaýlardan, meselelerden söhbet açýan rowaýatlardaky wakalaryň köpüsi iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alyp, yzygiderli taraşlanyp, diýseň çuň manylary özünde jemleýär. Olardaky düşünjeleriň, pikirleriň aglabasynda ynsan gatnaşyklary, halallyk, dogruçyllyk ýaly ýagşy gylyk-häsiýetler ilkinji orunda durýar. Belent adamkärçiligi öwüt edýän rowaýatlaryň, tymsallaryň düýp manysy, esasan, milli ýörelgä esaslanýan terbiýe mekdebini kemala getirmek bolup durýar.

     Ýüzýyllyklaryň synagyndan geçip, kämilleşip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da uly ähmiýete eýe bolýan milli däp-dessurlarymyzdaky asyllylyk, hoşniýetlilik, agzybirlik ýaly ýörelgeler ýaşlaryň durmuşyna özboluşly şugla saçýar. Halallyk, edep-terbiýelilik baradaky paýhas ummanyny emele getirýän rowaýatlardyr tymsallar, nakyllar her bir ynsan üçin nusgalyk mekdepdir.

 

Aýnabat TOÝLYÝEWA,

Köneürgenç etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

1 ... 10 11 12 13 14 ... 106