Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip bellemek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, sagdyn ruhly, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, şeýle-de Watanymyza, il-günümize, milli ýörelgelerimize wepaly bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagalla edýär. Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň, okuw kitaplarydyr gollanmalaryň kämilleşdirilmegi we many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagy, ýaş nesiller üçin döredilýän giň şertlerdir mümkinçilikler hem şeýle tagallalaryň netijesidir.
Bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeler ulgamyň işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Bu hakykat 11-13-nji awgustda geçirilen pedagogik işgärleriň etrap usuly-amaly okuwlarynda has aýdyň duýuldy. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmelerini maksadalaýyk durmuşa geçirmek, hil taýdan täze derejä çykarmak, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, çagalaryň innowasion tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak başarnyklaryny we döredijilik ukyplaryny ösdürmek, olara hünär öwretmek babatda durmuşa geçirilmeli işleri maslahatlaşmakda we özara pikir-tejribe alyşmakda 14-nji awgustda geçiriljek öňdebaryjy bilim işgärleriniň etrap maslahatlarynyň ähmiýeti hem uludyr.
Bilim işgärleriniň maslahatyna Kaka etrabynda hem ýokary taýýarlyklar bilen gelindi. Onda etrabymyzyň bilim edaralarynda 2024-2025-nji okuw ýylynda alnyp barlan işler hem-de täze okuw ýylynda öňde duran wezipeler dogrusynda hasabatlar diňleniler, şeýle-de geçen okuw ýylynda aýratyn tapawutlanyp zähmet çeken bilim işgärleri sylaglanar.
Biz — bilim işgärlerini begendirýän zatlaryň biri-de ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň, şeýle-de Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda Konsepsiýasynyň hereket etmegidir hem-de olarda göz öňüne tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigidir. Munuň özi ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini, derejesini we netijeliligini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Özümiz üçin döredilýän döwrebap şertlerdir mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, bagtyýar ýaşlarda Watana, milli gymmatlyklarymyza hormaty we söýgini, ynsanperwerligi terbiýelemek we ösdürmek ugrundaky tagallalara mundan beýläk-de mynasyp goşandymyzy goşarys. Şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw edýäris.
Gurbangözel MUHAMMEDOWA, Kaka etrabyndaky ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.