​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
09.08.2025

ÜSTAŞYR GEÇELGELER – TÄZE MÜMKINÇILIKLERIŇ ÝOLY

 

     Taryhymyzda altyn harplar bilen ýazylan, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça  üçünji Konferensiýasy uly ähmiýete eýe boldy. Onuň gün tertibinde häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň möhüm meseleleriniň birnäçesine seredildi.

                                                                              

     Bu forumda durnukly infrastruktura, üstaşyr geçelgeler we giň gerimli kommunikasiýa mümkinçilikleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler aýratyn orna eýe boldy. Durnukly infrastruktura diňe bir ýol-ulag gurluşy däl-de, eýsem bu ulgamyň ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen utgaşykly işlemegini üpjün edýän düzümdir. Täze ulag ýollarynyň gurulmagy, demirýol geçelgeleriň çekilmegi ýa-da halkara howa menzilleriň işe girizilmegi – olaryň her biri diňe bir bir ýurduň çäginde däl, eýsem, tutuş sebitde hem dünýäde söwda, maýa goýum we syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňeldýär.

     Türkmenistan bu ugurda giň möçberli taslamalary durmuşa geçirýär. Olaryň hatarynda «Lapis Lazuli» geçelgesi, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi, Türkmenistanyň çäginden geçýän köp şahaly awtomobil we demir ýol ugurlary we beýlekiler halkara hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetiň dünýä bazarlaryna utgaşmagyny çaltlandyrýar.

     Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de üstaşyr geçelgeler – sebitleýin bitewleşmegiň açary bolup durýar. Päsgelçiliksiz üstaşyr geçelgeleri döretmek, olaryň döwrebap enjamlaryň, sanly tehnologiýa ulgamlarynyň we hukuk taýdan ygtybarly binýatlaryň esasynda işlemegini üpjün etmek häzirki zaman ykdysady gatnaşyklarynyň talaby bolup durýar. Bu mesele esasan hem deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerleşýän döwlet hökmünde bu mümkinçilikden giňden peýdalanyp, öz çägini halkara ýük geçelgeleri üçin ygtybarly arabaglanyşyk merkezine öwürmekde düýpli we tutanýerli işleri durmuşa geçirýär.

     Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda çykyş eden döwlet we Hökümet ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri hem-de bilermenler infrastruktura maýa goýumlarynyň diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem bu ulgamyň syýasy durnuklylyk, sebit utgaşmasy hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly ugurlarda hem möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn bellediler. 

     Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň hatarynda – halkara bazarlara çykmakdaky päsgelçilikler, ýük daşamalaryň gymmatynyň artmagy we üstaşyr düzgün-tertipleriň çylşyrymlaşýan wagtynyň bardygyny görkezýär. Awaza forumyndaky özara maslahatlar we kabul edilen çözgütler bu kynçylyklary aradan aýyrmakda uly ähmiýete eýe bolup hyzmat eder. 

     Şeýle-de maglumat tehnologiýalarynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly ugurda sanlylaşdyrmak arkaly harytlaryň serhet üsti geçirilmegi, elektron resminamalar ulgamy, sanly logistika meýdançalarynyň döredilmegi ýaly çäreler üstaşyr geçelgeleriň netijeli işlemegini üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanda soňky ýyllarda döwrebap aragatnaşyk we internet ulgamlarynyň giňeldilmegi bu ugurda örän möhüm ösüşleriň bolandygyny görkezýär. 

     «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde ýokary derejeli duşuşyklar guralyp, olaryň hatarynda «Durnukly infrastrukturalary döretmek, kommunikasiýalaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we päsgelçiliksiz üstaşyr geçelgeleri döretmek» bilen bagly temasyna bagyşlanan duşuşyk hem boldy. Bu duşuşyga dünýäniň dürli künjeklerinden gelen döwlet wekilleri, halkara guramalaryň bilermenleri we hususy pudaklar gatnaşyp onda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan halkara logistikanyň döwrebap ösüşlerine seredildi. Onuň dowamynda çykyş eden wekiller deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň – şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň halkara bazarlara girmekde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

     Şunuň bilen baglylykda, tematik maslahatda şu teklipler öňe sürüldi:

- üstaşyr geçelgeleriň sanlylaşdyrylmagyny we maglumat alyş-çalşygyny çaltlandyrmagyny üpjün etmek;

- ulag-üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça sebitleýin ylalaşyklary giňeltmek;

- logistika düzümlerine maýa goýumlaryny çekmek üçin halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek;

- üstaşyr geçelgeleriň tizleşdirilmegi ugrunda netijeli hereketleri durmuşa geçirmek we başga-da birnäçe teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

     Şeýle-de duşuşykda çykyş eden wekiller dünýäniň birnäçe döwletleriniň bu ugurda gazanan tejribelerini aýratyn bellediler. Türkmenistanyň bu ugurda durmuşa geçiren ileri tutulýan işleri, ýurduň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleri diňe bir ýurduň içki ösüşine däl, eýsem dünýä ykdysady integrasiýasyna hem goşant goşýar. Türkmenistanda gurulýan täze demir ýollary, awtomobil ýollary, port we howa infrastrukturalary halkara ýük dolanyşygyny aňsatlaşdyrmakda we çaltlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. 

     «Durnukly infrastrukturalary döretmek, kommunikasiýalaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we päsgelçiliksiz üstaşyr geçelgeleri döretmek» atly tematiki tegelek stoluň dowamynda aýdylan pikirler we teklipler häzirki döwrüň ykdysady ösüşiniň möhüm binýadynyň halkara hyzmatdaşlyk arkaly durnukly, döwrebap we sanlylaşdyrylan infrastruktura ulgamynyň döredilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezdi. 

     Durnukly infrastruktura, giň kommunikasiýa mümkinçilikleri we päsgelçiliksiz üstaşyr geçelgeler — diňe bir ykdysady ösüşiň däl, eýsem döwletleriň arasynda ynanyşmagyň, hyzmatdaşlygyň guramaçysy bolup hyzmat edýär. Bu ugurda alnyp barylýan anyk ädimler häzirki we geljekki nesilleriň bähbitlerine hyzmat edip, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornuny has-da berkitmäge mümkinçilik berýär. 

     Foruma gatnaşyjylar mejlisiň dowamynda tanyşdyrylan öňdebaryjy tejribäniň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ulag infrastrukturasy ulgamynda maýa goýum taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

 

Serdar ARAZOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.