​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
08.08.2025

UGRY KESGITLEMEK — DURNUKLY ÖSÜŞI ILERLETMEK

 

     Ählimize mälim bolşy ýaly, türkmeniň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, dünýäde BMG tarapyndan ilkinji we üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak  ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Ata Watanymyz tanalmaz derejede ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar. Şeýle ösüşleriň netijesinde belent sepgitlere ýetilýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sammitleriň, duşuşyklaryň, festiwallaryň, sergileriň, dürli görnüşli bäsleşikleriň we mundan başga-da milli hem-de halkara derejede guralýan dabaraly çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Şeýle çäreleriň biri BMG tarapyndan her 10 ýyldan geçirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň biziň ýurdumyzda, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi parahatçylyk söýüjiligi we dost-doganlygy öňe sürýän, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýan oňyn Bitaraplyk syýasatymyzyň bütin dünýäde dabaralanýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezýär.

 

     Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda guralan Parlament forumy kanun çykaryjy düzümleriň derejesinde häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda we olaryň oňyn çözgütlerini gözlemekde uly ähmiýete eýe boldy.

     Ýokary derejede guralan çäräniň «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» atly plenar mejlisine BMG-niň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary, dürli ýurtlardan parlament ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri gatnaşdy. Parlament forumynyň işi mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. «Wenadan Awaza: çözülmedik meseleler, toplanan tejribeler we geljege uzaýan ýollar» atly mejlisde Wena hereketler maksatnamasyndan Awaza hereketler maksatnamasyna geçmekde toplanan milli we sebitleýin tejribelere hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin täze mümkinçiliklere daýanmak bilen, geljegi nazarlaýan seljermeler berildi. Onda parlament wekillerine kanun çykaryjylyk, wekilçilik, gözegçilik we býujet wezipeleri arkaly Awaza hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmekde ygtyýarlyklaryň berlip bilinýändigi barada bellenildi. 

     «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraplaýyn söwda ulgamyny döretmek hem-de pugtalandyrmak» atly mowzuklaýyn mejlise gatnaşyjylar Bütindünýä söwda guramasynyň düzgünleriniň netijeliligini üpjün etmekde parlamentleriň eýeleýän ornuny ara alyp maslahatlaşdylar

     «Parahatçylygy, ynanyşmagy we jogapkärçilikli dolandyryşy pugtalandyrmak: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüşiň şertleri» ady bilen geçirilen mejlise gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda netijeli we inklýuziw dolandyryşyň jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmakda, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny we Durnukly ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmekde ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

      Forumyň jemleýji mejlisinde esasy pikirler hem-de maslahatlar ulgamlaşdyryldy. Bu bolsa Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde parlamentarileriň ornuny pugtalandyrmak üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemäge mümkinçilik berdi. 

     Umumadamzat bähbitli işlere badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik başlangyçlary rowaç bolsun!

 

Muhammetberdi GELDIMÄMMEDOW Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty