Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz çykyşlarynda ýurdumyzyň raýat-hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şunda Türkmenistanyň Raýat kodeksinde halkara hususy hukugyna degişli kadalary hem beýan etmek barada berýän gymmatly maslahatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen «Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň esasynda amala aşyrylýan haýyr-sahawat işiniň kämil hukuk binýadyny emele getirmek maksady bilen, Raýat kodeksiniň borçnamalaryň aýry-aýry görnüşlerine dahylly kadalar beýan edilýän ikinji bölümine haýyr-sahawat işi bilen bagly kadalar bellenilýän täze, üçünji baby, şonuň ýaly-da, daşary ýurt raýatlarynyň ýa-da ýuridik şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da beýleki daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan halkara hususy hukugynyň kadalary beýan edilýän altynjy bölegi, jemi 61 sany täze maddalar girizildi.
Kodekse ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwerlik syýasatyna laýyklykda, täze goşulan bapdafiziki we ýuridiki şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary öz beýanyny tapýar.
Şu Kanun bilen kodekse täze goşulýan altynjy bölekde fiziki şahsyň şahsy hukugyna düşünje berilýär, ýagny bu adamyň raýatlygy bolan ýurdunyň hukugy hasap edilýändigi, eger-de daşary ýurt raýatynyň Türkmenistanda ýaşaýan ýeri bar bolsa, ýurduň çäginde ýüze çykýan raýat-hukuk gatnaşyklary babatda onuň şahsy hukugy Türkmenistanyň hukugy bolup durýandygy, eger-de şahsda birnäçe daşary ýurtlaryň raýatlygy bar bolsa ýa-da şahsyň raýatlygy bolmasa, onda olaryň ýaşaýan ýeri bolan ýurdunyň hukugy şahsy hukuk diýlip hasap edilýändigi beýan edilýär. Şonuň ýaly-da, Kanunda fiziki şahsyň hukuk ukyby, kämillik ukyby, adyna bolan hukugy, telekeçilik işi bilen meşgullanmaga bolan mümkinçiligi kesgitlenilende ulanylýan hukuk hem-de hossarlyk we howandarlyk babatda we fiziki şahs nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilende we ölen diýlip ykrar edilende ulanylýan hukuk baradaky kadalar öz beýanyny tapýar.
Şeýle hem, ýuridik şahsyň şahsy hukugy, daşary ýurt hukugy boýunça ýuridik şahs bolup durmaýan daşary ýurt guramasynyň şahsy hukugy hem-de döwletiň daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklaryna gatnaşygyny düzgünleşdirýän kadalar berkidilendir. Ýurdumyzyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, gozgalmaýan we gozgalýan emläge eýeçilik hukugy we beýleki emläk hukuklary bu emlägiň ýerleşýän ýurdunyň hukugy boýunça kesgitlenilýär. Şonuň ýaly-da, geleşigiň görnüşine, sarp edijiniň gatnaşmagyndaky şertnama we zyýan ýetirilmegi netijesinde ýüze çykýan borçnamalar babatda ulanylýan hukuk, şertnamanyň taraplarynyň hukugy saýlap almagy, miras gatnaşyklary babatda ulanylýan hukugy kesgitleýän kadalar doly kepillendirilendir.
Ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadynyň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegi we daşary ýurt şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan hukuk esaslaryň berkidilmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan bu kanunyň işlenip taýýarlanylmagy barada gymmatly maslahatlaryny beren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, bu ugurdaky belent tutumlary rowaç bolsun!
Rasul SADULLAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.