Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny belende götermek, ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.
«Atym bar — ganatym bar» diýýän türkmen halky gamyşgulak bedewlerine aýratyn sarpa goýýar. Ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjy we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysy bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» we «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynda olaryň şan-şöhratyny, türkmen bedewlerine bolan söýgüsini, milli buýsanjymyzyň baý taryhy geçmişini, wepalylygyny giňişleýin beýan edýär.
Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynyň «Taryh şaýatlyk edýär» bölüminde gadymy Parfiýa döwletinde, gadymy Marguş döwletinde türkmen atlaryna uly sarpa goýlandygyny nygtap, «Şol meşhur bedewleriň watany bolsa, Köpetdagyň gerişleriniň ugry bilen uzalyp gidýän darajyk mes toprakly giňişlik bolan Ahaldyr» diýip belläp geçýär.
Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerinde bedew ata uly orun berilýändigi bellärliklidir. Magtymguly Pyragy: «At gazanan goç ýigidiň, owal bedew aty gerek» diýip ýazýar. «Gorkut ata» kitabynda bolsa:
«—Sarp ýörerken, Gazylyk ata,
Namart ýigit müne bilmez, müninçe münmese ýeg» diýilýär. Bedew atyň çeper keşbi «Görogly» şadessanynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Mundan başga-da, Ata Gowşudowyň «Dordepel» hekaýasynda bedew atyň öz eýesine wepadarlygy beýan edilýär.
Watançy şahyr Seýitnazar Seýdi «Üsti bedewiň» diýen goşgusynda bedew atyň wepalylygyny, ýyndamlygyny, gözelligini şeýle wasp edipdir:
Münende şaý bolsa tükel esbaby,
Tagty — Süleýmandyr üsti bedewiň.
Jul eýleseň, atlaz ile zerbaby,
Şonda biarmandyr üsti bedewiň.
Magrupy şahyryň «Ýigide gaýratdyr bedew», Mollanepesiň «Bedew» atly goşgulary hem bedewleriň waspnamasydyr.
2026-njy ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirildi. Onda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň üstünlikler bilen başlanandygyna şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda milli sirk sungaty täzeden dikeldildi. Diýarymyzyň sirk sungatynyň ösüşinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Bu topar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredildi. Bu topar dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara mynasyp boldy.
Türkmen halkynyň iň oňat atşynaslyk däpleriniň nesildennesle geçirilmegi we kämilleşdirilmegi üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi milli atşynaslygy ösdürmek boýunça döwlet tarapyndan alnyp barylýan işleriň uludygyny görkezýär. Paýtagtymyz Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisleriniň, ylmy maslahatlaryň, bedewleriň gözellik bäsleşikleriniň geçirilmegi häzirki döwürde daşary ýurtlardaky atşynaslar bilen hyzmatdaşlygyň barha ýaýbaňlanýandygyny, ýurdumyzda türkmen bedewine sarpa goýulýandygyny tassyklaýar.
2015-nji ýylda kabul edilen «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamak boýunça işleri düzgünleşdirmekde möhüm ähmiýetli boldy. Şeýle hem «Sirk we sirk sungaty hakynda», «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly atlary döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Şeýle döwletli işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Azat SEÝDIBAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.