​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

AZYK BOLÇULYGY — YKDYSADY KUWWATLYLYK

 

     Bäs­deş­li­ge ukyp­ly oba­se­na­gat top­lu­my­ny ke­ma­la ge­tir­mek, azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek we eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­ler ma­li­ýe-ykdysady taý­dan gol­da­nyl­ýar. Daý­han­la­ra dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy oba hoja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny we en­jam­la­ry­ny sa­tyn al­mak üçin ýeňil­lik­li esas­da karz­lar be­ril­ýär. Mu­nuň özi ola­ry tä­ze zäh­met üs­tün­lik­leri­ne ruh­lan­dyr­ýar, Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuwwatynyň pug­talan­dy­ryl­ma­gy­na, hal­ky­my­zyň dur­muş hal-ýag­da­ýy­nyň ýo­kar­landy­ryl­ma­gy­na goşant goşýar. 19-njy sentýabr­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Halk Mas­la­ha­tyn­yň mejlisinde Milli Li­de­ri­miz hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz taryhy çykyşlar edip, Ga­raş­syz­lyk ýylla­ryn­da oba ho­ja­lyk işgärle­ri­niň uly zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ga­zanan­dyk­la­ry­ny bellediler. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň: «Biz oba hojalyk pu­da­gy­nyň işi­ni ylym hem-de ýo­ka­ry teh­no­logi­ýa­lar bilen bag­la­nyş­dy­ryp, gel­jek­de-de giň ge­rim­de ös­dü­re­ris» di­ýen söz­le­ri bol­sa zäh­met­keş hal­ky­my­zyň kal­byn­da buý­sanç duýgulary­ny dö­ret­di. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, mu­kad­des Garaşsyzly­gy­my­zyň şan­ly 34 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li oba zäh­metkeş­le­ri­niň en­çe­me­si­ne döw­let sy­lag­la­ry­nyň, Şa serpaýlary­nyň gow­şu­ryl­ma­gy ola­ry ýeneki zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­dy. 

 

     Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda, oba hojalyk toplumyny ulgamlaýyn dolandyrmak, onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk we Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlary döredildi. Ylym ulgamy oba hojalygyndaky meseleleriň iş ýüzünde çözülmegine gönükdirilýär. Bu ylmy-barlag institutlarynyň alymlary tarapyndan güýzlük bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ir bişip ýetişýän, ýokary hilli, bol hasyl berýän täze sortlaryny döretmek we olaryň ilkinji tohumçylyk işlerini ylmy esasda alyp barmak üçin degişli işler geçirilýär. Şu möwsümde bugdaýyň «Arkadag», «Serdar», «Pyragy» ýaly täze görnüşleri ekildi. Olar ýokary hasyllylygy, kesellere durnuklylygy we beýleki ýokary görkezijileri bilen tapawutlanýar. Bu bolsa oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilmegine, ýurtda azyk howpsuzlygynyň berkidilmegine, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. 

     2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ekerançylarda mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekmäge höwes döretdi. Şu ýyl edermen gallaçy daýhanlarymyz 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öň­de goýlan wezipeler üstünlikli berjaý edilip, 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi. 10-njy sentýabrda bolsa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda pagta ýygymyna girişildi. Häzirki wagtda edermen daýhanlarymyz «ak altynyň» bol hasylyny ýygnamak işlerini üstünlikli dowam edýärler. Pagtaçylyk oba hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek we milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

     Obasenagat toplumynyň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şeýlelikde, ABŞ, Germaniýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy ýaly dünýäniň öň­debaryjy önüm öndürijilerinden täze traktorlar, kombaýnlar, ekskawatorlar, ýer tekizleýjiler satyn alynýar. Pudagy tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Konsepsiýasy esasynda täzeçil usulda ýerine ýetirilýär. Mysal üçin, ABŞ-nyň «John Deere», Germaniýanyň «CLAAS» ýaly ýokary öndürijilikli tehnikalary tapgyrlaýyn esasda dolandyryşyň telematik sanly elektron ulgamy bilen enjamlaşdyrylýar. Kärendeçileriň we beýleki önüm öndürijileriň zerur dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen bökdençsiz üpjün edilýändigini hem aýtmalydyrys. Oba hojalyk toplumynyň ähli düzümlerinde ýaýbaň­landyrylan giň möçberli özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmek boýunça öň­de goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine giň ýol açýar. 

     Soň­ky ýyllarda maldarçylygy we guşçulygy ösdürmäge hem aýratyn uly üns we goldaw berilýär. 2025-nji ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa instituty döredildi. Ol maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek, weterinariýa barlaglarynyň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, öri meýdanlary rejeli peýdalanmak boýunça geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň, gaýtadan işlenilişiniň tehnologiýalaryny kämilleşdirmek ýaly maksatlary göz öňünde tutýar. Türkmenistanda maldarçylygy, dowardarçylygy, guşçulygy, düýedarçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary ýerli howa şertlerini we ot-iým üpjünçiligini göz öňünde tutmak, öň­debaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy gi­ňeltmek esasynda alnyp barylýar. 

     Döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň soň­ky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly suw serişdelerini rejeli ulanmak oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli meýilnamalaryň aýrylmaz bölegidir. Suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Onuň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna iri möçberli maliýe serişdeleri gönükdirilýär, ähli welaýatlarda täze gidrotehniki desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Olar suw akymlarynyň bellenen ugurlar boýunça bökdençsiz geçirilmegini üpjün edýär. Garagum sährasynyň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi möhüm ekologik, ykdysady we durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. 

     Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede ilkinjileriň hatarynda utgaşdyran ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen oba hojalyk pudagy boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalygynda durnukly ösüşe ýardam bermek ýaly möhüm ulgamda tagallalary birleşdirmek köpugurly hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biridir. Soň­ky döwürde ýurdumyzyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy täze mazmunda baýlaşdyrylýar. Bu gurama bilen bilelikde birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygy ulgamynda sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen dürli çäreler BMG hem-de onuň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlygyň netijesidir. 

     Oba hojalyk pudagyny döwrüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmegi nazarda tutýan Türkmenistanyň kanunlary, birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary bu pudagyň kanunçylyk esaslaryny düzýär. Ýakyn we uzak möhletlere niýetlenen maksatnamalaryň hem pudagy ösdürmekde aýratyn orny bardyr. Olarda azyk, guşçulyk, et we süýt önümçilik kärhanalarynyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin şertler döredilýär. Netijede, ýurdumyzda ekologik taýdan arassa gök önümleriň, miweleriň, bugdaýyň we pagtanyň bol hasyly ýetişdirilýär. 

 

Azat SEÝ­DI­BA­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Daş­ky gurşa­wy go­ra­mak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.

HALK WEKILÇILIGINIŇ MILLI TEJRIBESI

 

     Ýurdumyzda wekilçilikli edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek, döwleti dolandyrmakda halkyň erk-islegini nazara almak, milli demokratiýany dabaralandyrmak, jemgyýetde demokratik başlangyçlary ösdürmek, raýat jemgyýeti edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak, döwletimiziň gazananlaryny we kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu işler ata-babalarymyzyň hoşniýetli ýörelgelerinden, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryndan, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyndan, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr» diýýän kadalaryndan ugur alýar.

 

     Geç­miş­de möhüm meseleleri çözmekde pederlerimiziň belli bir ýere ýygnanyp, maslahat etmegi özboluşly däbe öwrülipdir. Oguz han atamyz öz guran döwletiniň kuwwatly hem-de ygtybarly bolmagy üçin halkyny, ogullaryny ýygnap, uly maslahatlary geçiripdir. Ol ýurduň wajyp meseleleri boýunça halk köpçüligi bilen maslahatlaşmagy berk ýola goýupdyr. Il içinde hormatlanýan kethudalary, dana-danyşmentleri bir ýere jemläp, olar bilen ge­ňeş etmegiň, ýurdy halk bilen ge­ňeşli dolandyrmagyň uly ähmiýete eýedigini sargyt edipdir. Pederlerimiziň asylly ýol-ýörelgesi, görüm-göreldesi bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi ýurdumyzda halk häkimiýetiniň işine uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir, milli demokratiýanyň dabaralanmagydyr. 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Häzir Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine, döwlet, jemgyýetçilik-syýasy gurluşy kämilleşdirmekde möhüm syýasy gurama öwrüldi. Munuň özi halkyň mynasyp wekili bolup, halka wepaly hyzmat etmegiň, onuň bähbitlerini goramagyň, goldamagyň belent nusgasydyr, milli demokratik däpleri döwrebap şertlerde giň­den ulanmakdyr we ösdürmekdir. Ählihalk forumy döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny beýan etmek, ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan ruhy-taryhy tejribesini özünde jemlemek bilen, onuň mejlislerinde ilatyň giň gatlaklarynyň, aýratynda, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda wajyp durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-ynsanperwer meselelere garalýar. 

     Degişli kanunçylyga laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri ýylda azyndan bir gezek çagyrylýar. Onuň gün tertibine Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny kabul etmek, üýtgeşmelerdir goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak we olary makullamak, döwletiň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, ýurdy ösdürmegiň maksatnamalaryna garamak we olary makullamak, parahatçylyk, howpsuzlyk meselelerine garamak, Türkmenistanyň Kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak ýaly meseleler girizilýär. Olara halkyň arasyndan saýlanan, uly hormata eýe bolan, at-abraýly adamlaryň gatnaşmagynda seredilýär. Bu demokratik ýörelge türkmen halkynyň döwleti dolandyrmak babatda toplan köpasyrlyk tejribesine owal-ahyr mahsus ýagdaýdyr.

     Halkymyzyň terbiýe mekdebi müň­ýyllyklaryň dowamynda kemala geldi. Türkmenler hemişe ýaşuly nesle aýratyn hormat goýup, il-ýurt bähbitli işlerde olaryň baý durmuş tejribesine daýanypdyrlar we maslahatly çözgütleri kabul edipdirler. Şo­ňa görä-de, ýurdumyzda pähim-parasatly ýaşulularymyzyň, mährem enelerimiziň bu ugurdaky hyzmatyna ýokary baha berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular ge­ňeşiniň döredilmegi hem il sylagly ýaşulularyň iş we durmuş tejribesini halkyň bähbidi, meseleleri akylly-başly çözmek üçin peýdalanmaga gönükdirilendir. 

     Milli Liderimiziň başlyklygynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisleri hem örän möhüm ähmiýete eýedir. Çünki onda garalýan meseleler, kabul edilýän çözgütler, öň­de goýulýan wezipeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Olarda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň nobatdaky mejlislerine taýýarlyk görmek, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda, halkyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny, döwletimiziň mundan beýläkki ösüşlerini üpjün etmek boýunça degişli çözgütler kabul edilýär. 

     Merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerine eýerilip, şu ýylyň 20-nji awgustynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi hem bu ugurda nobatdaky möhüm wakalaryň biri boldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda» Karara laýyklykda, umumymilli forumyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 19-njy sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek kesgitlenildi. 

     Prezidiumyň Kararyna laýyklykda, umumymilli forumyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Guramaçylyk toparyna Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmegi forumyň ähmiýetini, ornuny we derejesini has-da belende galdyrdy. Prezidiumyň mejlisinde Milli Liderimiziň ýurdumyzda alnyp barylýan işler, halkyň hal-ýagdaýy, öň­de durýan wezipeler baradaky çykyşy, öň­de durýan wezipeler barada öz gymmatly maslahatlaryny, nesihatlaryny bermegi halk hakyndaky aladanyň ýene-de bir aýdyň ýüze çykmasy boldy. Hormatly Arkadagymyzyň: «Biz döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik kadalardan ugur alyp, döwlet ähmiýetli möhüm soraglary halk bilen maslahatlaşyp amala aşyrýarys. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi hem şol maksatlara esaslanýar» diýip bellemegi halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolup durýan Halk Maslahatynyň baş maksadynyň we esasy wezipesiniň döwletimizi durmuş-ykdysady, medeni taýdan ýokary derejede ösdürmekden, bu işleri netijeli dolandyrmakdan, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginden, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmekden ybaratdygyny görkezýär. 

     Şu gün — 19-njy sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Mejlise taýýarlyk işleriniň çäklerinde onda serediljek meseleleriň gün tertibini kesgitlemek, oňa gatnaşjak jemgyýetçiligiň wekillerini saýlap almak hem-de olaryň forumyň işine, beýleki medeni çärelere guramaçylykly gatnaşmagyny üpjün etmek, ýaşamak, iýmitlenmek üçin zerur bolan şertleri döretmek ugrunda sazlaşykly işler üstünlikli alnyp baryldy. Ählihalk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde dürli kärdäki, hünärdäki raýatlaryň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri öz içine alýan wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, milli maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler kabul ediler. 

     Täze taryhy döwürde ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işine, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşindäki ornuna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzda döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan täze kanunlary kabul etmek, hereket edýän hukuk namalaryny döwrüň talaplaryna, amala aşyrylýan özgertmelere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanyň Mejlisiniň esasy wezipesi bolup durýar. Çünki döwrebap kanunlar uly möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny, jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýär. Şo­ňa görä, milli parlamentiň deputatlary hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti barada ilat arasynda hemişe wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary we duşuşyklary giňden guraýarlar. Nobatdaky ählihalk forumynyň öňüsyrasynda hem şeýle çäreler giň­den ýaýbaň­landyryldy. 

     Milli halk häkimiýetlilik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny artdyrmaga, halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýan döwletli maslahatyň işi oň bolsun! 

 

Gahryman ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary.

IRI PUDAGYŇ GADAMLARY

 

     Döwlet Baştutanymyz halk hojalygynyň möhüm pudagy bolan elektroenergetika pudagynyň durnukly ösüşiniň gazanylmagyna örän uly üns berýär. Çünki, elektroenergetika pudagynyň ösdürilmegi diňe bir halk hojalygymyzyň beýleki ugurlarynyň döwrebap ösdürilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagyna-da oňyn täsirini ýetirýär. Hut şonuň üçinem elektroenergetika pudagynyň depginli ösüşini gazanmak wajyp wezipe bolup durýar.

     Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen täze taryhy eýýamyň ýyllary içinde bu pudakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň durmuşa geçirilmegi pudagyň önümçilik kuwwatynyň has-da ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berdi. Energiýa çeşmesine barha ösýän islegi has doly kanagatlandyrmakda netijeli ädimler ädildi. Şeýlelikde, Garaşsyz döwletimiziň halk hojalygynyň hem-de ilatyň arassa energiýa çeşmesi bolan elektrik energiýasyna barha ösýän islegini has doly kanagatlandyrmakda uly işler bitirilýär. Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatynyň täze tehnologiýaly elektrik stansiýalaryň hasabyna ýokarlandyrylmagy Garaşsyz döwletimiziň elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiligine-de giň ýol açdy. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da kuwwatly elektrik geçirijileriň, paýlaýjy desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegine-de örän uly üns berildi. Milli ykdysadyýetimiziň iri pudagyndaky ýokary depginli ösüş-özgerişler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da rowaçlanýar. 

     Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň öňdebaryjy pudagy bolan elektroenergetika pudagynda amal edilýän özgertmeler institutymyzyň mugallymlaryna we talyplaryna bildirilýän talabam ýokarlandyrýar. Geljekki energetiklere kämil tehnologiýaly önümçiligi dolandyrmagy öwretmekde has jogapkärli wezipeler öňe çykýar. Biz şol wezipelerden ugur alyp, ýokary taýýarlykly ýaş energetikleri ýetişdirmekde ähli tagallalary edýäris. 

 

Merdan ORAZMEREDOW. TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

BAKY BERKARARLYGYŇ BINÝADY

 

     Döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­myz ba­ra­da söz açy­lan­da, ba­da-bat bagt ba­rada­ky pi­kir­ler­dir dü­şün­je­ler se­re dol­ýar. Çün­ki ýurdumy­zyň özyg­ty­ýarly­ly­gy her bi­ri­mi­ziň bag­ty­my­zyň baş şertle­ri­niň bi­ri­dir. Hä­zir­ki dö­würde Ýer ýü­zün­de iki müň­den gow­rak mil­le­tiň bol­ma­gy­na ga­ra­maz­dan, öz­baş­dak döw­let­le­riň sa­ny­nyň iki ýü­ze-de ýet­me­ýän­di­gi ba­ra­da pi­kirlen­seň, hakykatdan-da, türk­me­niň yk­ba­ly gö­te­ri­len, bag­ty çü­wen halkdy­gy äş­gär bol­ýar. Sy­ýa­sy taý­dan dur­nuk­ly, yk­dy­sa­dy taýdan kuwwat­ly döw­le­ti­miz, gün­sa­ýyn gül­läp ös­ýän Watanymyzyň ber­ka­rar­ly­gy, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi, jemgyýetimi­ziň je­bis­li­gi mu­kad­des Ga­raş­syzly­gy­my­zyň miweleridir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan çuň­ňur oý­la­ny­şyk­ly öz­gert­me­le­ri­niň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tagallalary esa­syn­da ro­waç­ly­ga bes­len­me­gi ne­ti­je­sin­de, berkarar döw­le­ti­miz müň­ýyl­lyk­la­ra uza­ýan şöh­rat­ly taryhymyzyň kök­le­rin­den güýç alyp, bar­ha ber­ke­ýär, hal­ky­myz röw­şen gel­je­ge ynam bi­len ga­ra­ýar

 

     Häzir­ki wagt­da Mil­li Li­de­ri­mi­ziň hem-de döw­let Baştutanymyzyň da­şy­na mä­käm je­bis­le­şen hal­ky­my­zyň agzybirli­gin­den, yh­la­syndan, tu­tan­ýer­li zäh­me­tin­den Ga­raşsyz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň iň asu­da, aba­dan, çalt ösýän döw­let­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. Garaş­syz­lyk eý­ýa­myn­da, ýag­ny ge­çen 34 ýy­lyň do­wa­myn­da asyr­la­ra ba­rabar iş­le­riň bitirilen­di­gi­ni Ha­zar deňzin­den Jeý­hun der­ýa­sy­na, go­ja­man Köpet­dag­dan Üst­ýur­da çen­li ym­gyr gi­ňiş­li­gi eýe­le­ýän eziz Diýa­ry­my­zyň gün­sa­ýyn öz­ger­ýän keş­bin­de aý­dyň gör­mek bolýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­timi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da yk­dy­sa­dy taýdan gal­kyn­ýan Wa­ta­ny­myz­da döw­let dü­züm­le­ri we hu­su­sy pu­da­gyň we­kille­ri ta­ra­pyn­dan gur­lup ulan­ma­ga beril­ýän hem-de saz­la­şyk­ly iş­le­dil­ýän kuw­wat­ly önüm­çi­lik top­lum­la­ry, se­nagat kär­ha­na­la­ry, daý­han­la­ry­my­zyň bol ha­syl eçil­ýän ekin meýdanlary döw­leti­mi­ziň rys­ga­ly­nyň ar­typ, hal­ky­my­zyň ýaşaýyş-dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gider­li ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Her ýyl Di­ýa­ry­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­de döw­re­bap ýaşaýyş jaý­la­ry­nyň, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň, sag­lyk we sport merkez­le­ri­niň, dur­muş üp­jün­çi­li­gi­ne degiş­li beý­le­ki des­ga­la­ryň on­lar­ça­sy­nyň gur­lup ulan­ma­ga be­ril­me­gi «Döw­let adam üçindir!», «Wa­tan di­ňe hal­ky bilen Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe halky bi­len döw­let­dir!» di­ýen be­lent şy­gar­la­ry­myzyň iş ýü­zün­de ama­la aşy­ry­lyp, halky­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­niň bar­ha ýokarlan­dy­ryl­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk edýär. Ak mer­mer­li paýtagtymyz Aş­gabat, döw­let äh­mi­ýet­li Ar­ka­dag şä­he­ri, welaýat­la­ry­my­zyň mer­ke­zi şä­her­le­ri we «Awa­za» mil­li syýahatçy­lyk zola­gy mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň gymmatlyk­la­ry­na eýer­mek ar­ka­ly taryh üçin gys­ga dö­wür­de gaza­ny­lan üs­tün­lik­le­riň, ýe­ti­len sep­git­le­riň we gel­jek­ki mümkinçi­lik­le­riň ny­şa­ny hökmün­de kal­by­my­zy buý­san­ja besleýär. 

     Özyg­ty­ýar­ly ösüş ýo­lun­da ge­çi­len 34 ýyl­lyk dö­wür­de Garaşsyz Türk­menis­tan dün­ýä­de be­lent ab­ra­ýa eýe bolup, halkara gi­ňiş­lik­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, hyz­mat­daş­ly­gyň, dost-doganly­gyň mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Döw­le­ti­mi­ziň berka­rar­ly­gy, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň gal­ky­ny­şy ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýol-ýörelgele­ri­ne, mil­li döw­let­li­li­gi­mi­ziň kö­pa­syr­lyk däp­le­ri­ne daýan­ýar. Hal­ky­my­zyň bagt ku­ýa­şy bo­lan ýurt Garaşsyzlygymy­zyň baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da Türk­menis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň ge­çi­ri­lip, äh­li ul­gam­lar­da gazanylan üs­tün­lik­le­re, her bir ra­ýa­tyň tu­tan­ýerli we ha­lal zähme­ti­ne my­na­syp ba­ha be­ril­me­gi, has be­lent mak­sat­la­ra ýetmek üçin mö­hüm we­zi­pe­le­riň kes­gitle­nil­me­gi, şu gü­nü­mi­ziň we gel­je­gi­miziň ro­waç­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len döw­let­li çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. 

     Ga­raş­syz­lyk ýylla­ry­nyň do­wa­mynda ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çilik gurlu­şy­nyň bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek, döw­le­ti­mi­ziň gal­ky­ny­şy­ny, hal­ky­myzyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek ugrun­da be­ýik iş­ler bi­ti­ril­di. Hal­kyň bäh­bi­di­ne we­kil­çi­lik ed­ýän Türk­me­nista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň dö­re­dil­me­gi hem-de öz işini ýo­ka­ry de­re­je­de alyp bar­ma­gy halk de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň binýa­dy­ny ber­kit­mek­de, jem­gy­ýe­ti­mi­zi jebis­leş­dir­mek­de, döwlet hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýe­ke-täk göz­ba­şy bo­lan hal­ky­my­zyň öz hä­ki­mi­ýe­ti­ni ama­la aşyr­ma­ga bolan kons­ti­tu­si­on hu­kuk­la­ry­nyň ýur­dumyz­da ýokary de­re­je­de üp­jün edil­megin­de ga­za­ny­lan nusga­lyk tej­ri­bä­ni, ýo­la goý­lan däp-des­sur­la­ry ala­matlan­dyr­ýar. Mil­li je­bis­li­giň üp­jün edil­megi­niň hem-de pe­der­le­riň mi­ras goýan däp-des­sur­la­ry­nyň do­wa­ma­ta beslen­me­gi­niň döw­le­tiň ber­ka­rar­ly­gyn­da, hal­kyň bag­ty­ýar dur­mu­şyn­da iň­ňän mö­hüm orny eýe­le­ýän­di­gi­ne go­ja taryh şa­ýat­lyk ed­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan saz­la­şyk­ly ös­dür­mek­de Türk­me­nis­tanyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň öňün­de uzak gel­je­gi nazarla­ýan mö­hüm we­zi­pe­ler dur­ýar. 

     Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyşmak ýy­ly­nyň be­ýik ýeňişleri­ne, uly üs­tün­lik­le­ri­ne al­tyn rö­wüş çaý­ýan tyl­la güý­züň her bir gü­ni bi­zi baş baý­ra­mymy­za — Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ne hem-de ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da­ky mö­hüm wa­ka bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne ýakyn­laş­dyr­ýar. Şan­ly sene­le­riň öňü­sy­ra­syn­da içe­ri we da­şary sy­ýa­sat­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ryn­da ýe­til­ýän sep­git­ler, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­jesi­ni ýokarlandyrmak ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler buý­san­jy­my­zy art­dyrýar. Şeý­le aja­ýyp­lyk­lar bin­ýa­dy berkden tu­tu­lan ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň mer­da­na peder­le­ri­mi­ziň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne eýerip, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ar­zuw­lan ajap eý­ýa­my­nyň hö­zi­ri­ni gör­ýän­di­gi­ne şaýat­lyk ed­ýär. 

     Do­wa­mat­ly­lyk Ga­raş­syz, he­mi­şelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň jem­gyýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň we döw­let sy­ýasa­ty­nyň bin­ýa­dyn­da dur­ýan döw­let­li ýö­rel­ge­dir. Hal­ky­myz ata-ba­ba­la­rymy­zyň ýoluny my­na­syp do­wam etdi­rip, halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň hä­zir­ki zaman mil­li nus­ga­sy­ny dö­ret­di. Bu ýol dün­ýä tej­ri­be­si­niň gazanan­la­ry­ny we mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zy ut­gaş­dyrýar. Türkmen hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahaty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýaly, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan halk hä­ki­mi­ýeti ber­ka­rar edi­len döw­let­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de şöh­rat­ly pederlerimi­ziň halk hä­ki­mi­ýe­ti ba­ra­da­ky däp­le­ri my­nasyp dowam et­di­ril­ýär. 

     Şu ýy­lyň 20-nji aw­gus­tyn­da Türkme­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Prezi­diu­my­nyň mej­li­sin­de Gah­ry­man Arkadagymyz de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslaha­ty­nyň mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek bi­len bagly iş­le­riň çägin­de «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türkme­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taýdan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy», «Türk­me­nista­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-ykdy­sady taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­masy» ýa­ly esas go­ýu­jy res­mi­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, gel­jek ýyl­da ýur­du­my­zyň mak­ro-ykdy­sa­dy ýag­da­ýy­ny we ma­liýe, pul-karz ul­ga­my­ny dur­nuk­ly sakla­mak, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­ny dep­gin­li ös­dür­mek ar­ka­ly ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni mun­dan beý­läk-de ýokarlan­dyr­mak ba­bat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­me­li çä­re­le­ri sel­jer­megi tab­şyr­dy. Mil­li Li­de­ri­miz ma­ýa goýum­la­ryň esa­sy bö­le­gi­ni tä­ze önümçi­lik­le­re gö­nük­dir­mä­ge, pu­dak­la­ra san­ly ul­ga­my, tä­ze tehno­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­ga, hu­su­sy te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet ber­me­lidi­gi­ni bel­le­di. Mu­nuň özi umu­my­mil­li fo­rum­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sady taý­dan tä­ze be­lent­lik­le­re çy­kar­maga gö­nük­di­ri­len öz­gert­me­le­re ba­dalga be­ril­jek­di­gi­ni tassyk­la­ýar. 

     Hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­lik, döw­let­li­lik, öz­baş­dak­lyk ba­ra­da­ky kö­pa­syr­lyk arzuw-is­leg­le­rin­den bi­na bo­lan ber­ka­rar döwletimiziň — Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň gül­läp ös­me­gi, dün­ýä­dä­ki at-ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ma­gy, mähriban hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýaşamagy ug­run­da nusga­lyk iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rekden al­kyş aýd­ýa­rys. Hal­ky­my­zy belent mak­sat­lar bi­len röw­şen gel­je­giň nu­ra­na ýo­lun­da je­bis­leş­di­rip, döw­leti­mi­zi ba­ky bag­ty­ýar­ly­gyň me­ka­ny­na öwür­ýän Mil­li Li­de­ri­mi­ziň we hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, il-ýurt bähbit­li, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li be­ýik iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bolsun! 

 

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty. 

YLYMLY ÝAŞLAR NURANA GELJEGIMIZDIR

 

     Ýaş­lar — bi­ziň şu gü­nü­miz hem-de gel­je­gi­miz. Hä­zir­ki döwür­de ýaş­la­ra örän uly ynam bil­di­ril­ýär. Şol be­lent ynam bu gün­ki gün dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ryn­da aý­dyň du­ýul­ýar. Şoňa gö­rä-de, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan ýaş­lar bara­da­ky pa­ra­sat­ly döw­let sy­ýa­sa­ty hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tara­pyn­dan üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş­lar ýur­du­myz­da giň ge­rim­li özgert­mele­ri ama­la aşyr­ma­ga iş­jeň gat­naş­ýar­lar

 

      Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýaşlary ylmy-barlag işlerine çekmekde uly üstünlikler gazanyldy. Ýokary okuw mekdeplerinde ylmy jemgyýetler döredildi, ýaş alymlaryň ylmy gözlegleri alyp barmaklary üçin döwrebap barlaghanalar işe girizildi. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi bolsa ýaşlaryň dünýä derejesindäki ylmy maglumatlardan peýdalanmagyna giň ýol açdy. Ýaş alymlaryň ylma bolan höwesini artdyrmak maksady bilen döwlet tarapyndan ylmy grantlaryň berilmegi, döredijilik taslamalarynyň goldanylmagy hem üstünlikli çäreleriň biridir. Şeýle goldawlaryň netijesinde ýaş alymlarymyzyň ylmy täzelikleri dünýä derejesindäki ylmy žurnallarda çap edilýär, halkara maslahatlarynda diňlenilýär. Şu jähetden, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda döredilen Ýaş alymlar merkezi zehinli ýaşlaryň döredijilik gözlegleriniň, çeperçilik meýilleriniň barha rowaçlanmagyna oňyn täsir edýär. Ýaşlaryň ylmy taslama işlerini durmuşa geçirmekde, startap başlangyçlaryny goldamakda we höweslendirmekde, ylmy-döredijilik ukybyny artdyrmakda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlary hem tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. 

     Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy netijesinde ýurdumyzyň ýaş alymlaryny maddy taýdan goldamak, olaryň alyp barýan ylmy-barlag we tejribe-gurnama işlemelerini, taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasy döredildi. Her ýylda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde ýaşlaryň arasynda geçirýän ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglary hut şu gaznadan maliýeleşdirilýär. Bu bäsleşik ýaşlaryň täze pikirlerini ýüze çykarmakda, olaryň ylma bolan höwesini goldamakda hem-de ýaş alymlaryň öz işlerini ykrar etdirmeklerinde möhüm ähmiýete eýedir. Ýeňijiler diňe bir sylag bilen däl, eýsem, täze gözlegleri dowam etdirmek üçin giň mümkinçilikler bilen hem üpjün edilýär. Ýylyň-ýylyna geçirilýän bu bäsleşigiň ýeňijileriniň sanynyň barha artmagy, ýagny 2020-nji ýylda 46, 2021-nji ýylda 57, 2022-nji ýylda 72, 2023-nji ýylda 67, 2024-nji ýylda 107, 2025-nji ýylda bolsa 118 sany ýaş alymlaryň ýeňiji bolmagy ylmy jemgyýetçiligiň täze nesliniň kemala gelýändigini görkezýär. 

     Täze taryhy döwrümizde halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy hem barha işjeňleşdirilýär. Şunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna resmi taýdan kabul edilmegi ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ýaşlar syýasatynyň oňyn netijelere beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr. Bu üstünlik halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmakda hem-de ylym babatynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm başlangyç boldy. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ylmyň taryhynda ilkinji gezek resmi internet saýtlarda we diplomatik ýollar arkaly nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa hem-de genetika ugurlary boýunça «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara ylmy işler boýunça bäsleşik ýokary guramaçylykly geçirildi. 

     Ýaşlaryň bilim, sport, medeniýet ulgamlarynda gazananlaryny, şol sanda ylmy işleri we täzelikleri, türkmen ýaşlarynyň ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde görkezýän oňyn netijelerini, gazanýan üstünliklerini wagyz etmek babatda alnyp barylýan işler hem barha giň gerime eýe bolýar. Şunda çeper­-publisistik, ylmy-populýar žurnal bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň her sanynda hem-de yashlar.gov.tm internet saýtymyzyň bilim bölüminde ýaş alymlaryň ylmy täzelikleri boýunça makalalaryň halk köpçüligine yzygiderli ýetirilýändigini buýsançly bellemelidiris. Mundan başga-da, guramamyzyň ýanynda hereket edýän Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziň «Ýaş şahyrlar we žurnalistler», «Ýaş dilmaçlar we halypalar», «Ýaş telekeçiler we sanly mümkinçilikler» ýaly gurnaklaryna Ýaş alymlar merkeziniň agzalary, esasan hem, talyp ýaşlar işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa olaryň ylym-bilim babatynda özara tejribe alyşmaklaryna, halypa-şägirtlik gatnaşygyny pugtalandyrmaga giň ýollary açýar. 

    Jemläp aýdanyňda, ylym jemgyýetçilik ösüşine kuwwatly itergi berýän özgerdiji güýçdür. Şunda ýurdumyzyň okgunly ösüşi, esasan, ylymly, bilimli, zehinli ýaşlara we olaryň netijeli ylmy işlerine baglydyr. Ylym çygrynda ýaş alymlary goldamak we olary ylmy işlere çekmekde gazanylan üstünlikler bolsa döwletimiziň ýaşlara döredip berýän giň mümkinçilikleriniň ajaýyp miwesidir. Ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy, döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, ylym we çeper döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama üstünliklere beslensin!

 

 Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

RÖWŞEN GELJEGIŇ ÝOLUNDA

 

     Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de döw­let­li tu­tumlar, üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li özgert­me­ler Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ag­zybir halkyna, eziz ýur­du­na bo­lan eg­sil­mez söý­gi-sar­pa­sy­nyň, öňdengö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­nyň aja­ýyp mi­we­le­ri­dir. Şeý­le tu­tum­ly iş­le­riň, asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­le­re beslen­me­gin­de Türk­menis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. 

                                                                                     

     Halk Maslahaty güneşli ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly wajyp meseleler babatda oňyn çözgütleriň kabul edilmegine halk wekillerini işjeň çekmäge uly ýardam edýär. Munuň özi milli demokratiýanyň kämilligiň täze belentliklerine göterilýändigini görkezýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini öň­küden hem berkidip, asyrlaryň kämillik mekdebinde taraşlanan demokratik ýörelgelerimiziň has-da baýlaşmagyna itergi berer. 

     Türkmenistanyň Halk Maslahaty 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda döredildi. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän bu ýokary edaranyň hukuk binýadydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň köptaraply ösüşinde täze taryhy döwre gadam basmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata Watanymyzyň dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly döwletleriniň hataryndaky mynasyp ornuny yzygiderli pugtalandyrmak, halkymyzyň abadan, eşretli ýaşaýyş-durmuşynyň binýadyny has-da pugtalandyrmak maksadyna gönükdirilen taryhy tutumlar, öz nobatynda, jemgyýetiň we döwletiň sazlaşykly ösüşinde täze talaplardyr zerurlyklary ýüze çykarýar. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmak, oýlanyşykly özgertmek döwrüň öňe çykarýan wajyp meseleleriniň biridir. Bular babatda Milli Liderimiziň öň­dengörüjilikli başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň anyk çözgütleri ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün etmegiň gözbaşy bolup durýar. 

     Ýurdumyzyň ähli ugurlarda durnukly ösüşini gazanmak ýaly asylly maksatlar nazarda tutulyp döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütlerini, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen ygtyýarlyklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisi, Ministrler Kabineti we beýleki döwlet edaralary ýerine ýetirýärler. Halk Maslahaty ýurdumyzyň Konstitusiýasyny we Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garaýar we olary makullaýar. Şol bir wagtda, bu ýokary wekilçilikli edara döwletiň içeri, daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, ýurdy syýasy, ykdysady, medeni, durmuş taýdan ösdürmegiň maksatnamalarydyr kanunlaryna garamak hem-de makullamak hukugyna eýedir. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky ýüzlenmelerini diňleýär, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar, kanun çykaryjylyk başlangyçlaryna bolan hukugyny, ýurduň kanunlarynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek babatda anyk wezipeleri kesgitledi. Şol wezipelere abraý bilen hötde gelmek syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň şu günlerki alyp barýan işleriniň mazmunyny düzýär. Welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň arasynda alyp barýan wagyz-nesihat, düşündiriş işlerimizde şanly ýylyň taryhy wakasyna öwrüljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň berkarar ýurdumyzyň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemekde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň strategik maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde, döwletlilik ýörelgelerimiziň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini gazanmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna aýratyn ünsi çekýäris. Agzybir türkmen halkyny kämillik belentliklerini nazarlaýan milli demokratiýanyň nurana ýoly bilen röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy alkyşlaýan hoşallyk sözleri bolsa geçirýän wagyz-ündew çärelerimizde belentden-belent ýaň­lanýar. 

 

Guwanç ÇENDIROW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

BAŞ BAÝRAMYMYZA AJAÝYP SOWGAT

 

     Halkymyzyň milli däp-dessurlaryna laýyklykda, täze zada «Gutly bolsun!» diýilýär. «Gut» sözüniň özi «bagt» sözi bilen manydaş bolup, täze zadyň bagt getirmegini arzuw etmegi aňladýar. Her bir täze zat bilen baglanyşykly gutlagyň yzyna tirkelip aýdylýan aýratyn arzuwlar bolýar. Täze lybas geýene: «Gutly bolsun, toýlarda tozsun!» diýilse, ulag edinene: «Gutly bolsun, toýa münmek nesip etsin!» diýilýär. Täze jaýa göçüp gelene bolsa: «Gutly bolsun! Ýurt garşy alsyn, toýly, döwletli jaý bolsun!» diýlip, ýagşy arzuwlar edilýär. Olaryň hemmesine-de: «Sag boluň, size-de nesip etsin!» diýip jogap berilýär. Edilýän ýagşy dilegler adamlaryň arasyndaky dost-doganlygy, mähribanlygy berkidýär. 

     Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlan Döwletli mekan obasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy bilen, ildeşlerimiziň ýüzlerçesi täze jaýly boldular. Şol gün: «Täze jaýyňyz gutly bolsun!», «Ýurt garşy alsyn!» diýen ýakymly arzuwlar obanyň dumly-duşunda ýaňlandy. Hünji düzülen ýaly setirlenip oturan, 400 hojalyga niýetlenip gurlan döwrebap jaýlar täze obanyň oklaw ýaly köçelerine görk berýär. Ýaşamak üçin zerur bolan ähli amatlyklaryň döredilmegi, giň, ýagty otaglaryň ýokary hilli mebeller bilen üpjün edilmegi, aşhana otaglarynyň milli we häzirki zaman binagärliginiň ýörelgeleri esasynda bezelmegi, howluda ulag üçin ýörite ýeriň bolmagy bu oba göçüp gelenleriň şatlygyny goşalandyrdy. 

     Şeýle hem 320 orunlyk çagalar bagynyň, 640 orunlyk orta bilim berýän mekdebiň, sport desgasynyň, saglyk öýüniň, söwda merkeziniň, şeýle hem geňeşli giň edara binasynyň gurlup ulanmaga berilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlarynyň dabaralanmasynyň nyşanydyr. 

     Täze obanyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň Gutlagy okalandan soň, toý bagynyň kesilmegi bilen, Döwletli mekanyň ähli öýlerinde toý pişmeleri bişirilip, jaý toýlary uludan tutuldy. Täze obanyň ýaşaýjylary Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşlaryny beýan etdiler. 

     Bagtyýar zamanamyzyň rowaçlyklary ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimize daýanmak arkaly amala aşyrylýan özgertmeleriň ajaýyp miweleridir. Ýene birnäçe günden paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem döwletlilik ýörelgelerimiz täzeçil mazmun bilen baýlaşdyrylyp, ýurdumyzy mundan beýläk hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge itergi berjek çözgütler kabul ediler. Döwletli maslahatyň üstünlikli geçirilip, halkymyzyň bagtyýarlygynyň binýadynda duran mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň gutly bolmagyny arzuw edýäris. Diýarymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşynyň dowamat-dowam bolmagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Resul IŞANGULYÝEW, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

BAKY BAGTYÝARLYGYŇ ŞUGLASY

 

     Paý­has­ly hem mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­myz Ga­raş­syz döwlet­li bol­ma­gy, er­ka­na, aba­dan, asu­da dur­muş­da ýa­şama­gy asyrlarbo­ýy ar­zuw edip ge­lip­dir­ler. 1991-nji ýy­lyň al­tyn güýzünde şol ar­zy­ly ar­zuw ha­syl bol­dy. Şon­dan bä­ri ge­çen 34 ýy­lyň için­de eziz Di­ýa­ry­myz­da asyr­la­ra ba­ra­bar ösüş-öz­ge­riş­ler ga­za­nyl­dy. 30 ýy­la go­laý wagt bä­ri bol­sa ata Wa­ta­ny­myz dünýäde Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy tara­pyn­dan yk­rar edi­len ýe­ke-täk Bi­ta­rap döw­let hök­münde aý­ra­tyn uly ab­raý­dan peýdala­nyp gel­ýär. Elbet­de, bu zat­la­ryň äh­li­si Ga­raş­syz­ly­gyň eçi­len ajaýyplyklarydyr.

 

     Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ga­za­nan­la­ry­ny dün­ýä nus­ga­lyk de­re­je­de ber­ki­den we kä­mil­leş­di­ren Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň jemgyýeti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni, köp­çü­lik­le­ýin beden­ter­bi­ýä­ni giň ge­rim­de ýaý­baň­lan­dyr­mak, spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da ba­dal­ga be­ren be­ýik iş­le­ri ba­ra­da naý­ba­şy baýramymyzyň öňü­sy­ra­synda söh­bet et­mek aý­ra­tyn ýakymlydyr. Çünki sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni hem-de beý­le­ki ugur­lar­da dur­nuk­ly we do­wam­ly ösü­şi ga­zan­mak üçin jemgyýetiň sag­dyn bol­ma­gy hök­ma­ny şert­le­riň bi­ri­dir. Şol esasdan, san­ly­ja ýyl­la­ryň için­de ýur­du­my­zyň çar künje­gin­de dün­ýä­niň iň ýo­ka­ry hil de­re­je­sin­dä­ki dür­li sport des­ga­la­ry we be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş top­lum­la­ry gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Türk­men spor­ty ösü­şiň tä­ze ýo­lu­na düş­di. Spor­tuň güýç-gaýratyň, gö­zel­li­giň, sag­ly­gyň we hy­juw­ly ýa­şa­ma­gyň gözbaşydy­gyny, spor­ta söý­gi­niň dur­mu­şa söý­gü­di­gi­ni nyg­ta­ýan Gahryman Arkadagymyzyň ba­dal­ga be­ren bu be­ýik iş­le­ri­niň häzir­ki dö­wür­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ösüşle­ri­miz ösüş­le­re ulaş­ýar, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň sag­dyn­ly­gy bar­ha ber­käp, mil­li spor­tu­myzyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy tä­ze be­lent­lik­le­re gö­te­ril­ýär.

     Ga­raş­syz­lyk – bi­ziň ba­ky bag­ty­myz. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da, esa­san hem, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwrün­de ýe­ti­len be­lent sep­git­le­re, Wa­ta­ny­my­zyň, Mil­li Liderimi­ziň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dün­ýä iç­re bar­ha be­len­de gö­te­ril­ýän at-ab­ra­ýy­na, şan-şöh­ra­ty­na bo­lan buý­sanç kalplarymyz­da, dil­le­rimiz­de şy­gyr bo­lup, aý­dym bo­lup ýaňlanýar.

 

Perman SAPAROW, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň dur­muş syýasa­ty baradaky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni.

TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN WEZIPELERI

 

     Türkmenistan BMG-niň adamzat ýaşaýyş-durmuşynyň goragynyň üpjün edilmegini, adam hukuklarynyň, azatlyklarynyň  kepillendirilmegini, syýasy-ykdysady çökgünligiň öňüniň alynmagyny, ýurtlaryň ösüş çygryndaky gazananlaryna hormat goýulmagyny gazanmak ugrundaky tagallalarynyň berkarar bolmagyna hem-de häzirki zaman wehimleriň we howplaryň öňüni almaga, olaryň täsirini peseltmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar. 

 

     Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary esasy ugurlaryň birnäçesini özünde jemleýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine ilkinji gezek «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly bent girizilip, onuň çäklerinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy», şeýle hem döwletimiziň halkara jemgyýetçilikde araçylyk tagallalaryna goşýan goşandy hökmünde «Halkara araçylyk güni» atly Kararnamalaryň taslamalaryny hödürlemek teklip edilýär. Bu bolsa dünýäde «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar. 

     Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary bolup durýan ulag-energetika we suw-ekologiýa diplomatiýasy boýunça täze başlangyçlar hem Bitarap Türkmenistanyň ileri tutýan wezipeleriniň esasyny düzýär. Türkmenistan Baş Assambleýanyň ýubileý sessiýasynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek baradaky Kararnamany öňe sürer hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda Dünýä sanly integrasiýa platformasyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş eder we Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip eder. Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin konwensiýalaryň taýýarlanylmagy möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu konwensiýalar serhetara suw serişdelerini netijeli we adalatly ulanmak üçin ygtybarly halkara hukuk esasyny emele getirer. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Hazar ekologik başlangyjynyň» çäginde 2026-njy ýylda ikinji Hazar ekologiýa forumyny geçirmek teklip edilýär. 

     Türkmenistan «Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi» atly halkara forumy, şol sanda parahatçylygyň, ynanyşmagyň we birek-birege hormatyň medeniýeti boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi teklip edýär. Bu sammitiň netijesinde «Halkara ynanyşmak kodeksini» işläp taýýarlamaga çagyryş beýan ediler. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» mowzugy boýunça halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýaşlaryň halkara gatnaşyklarda we parahatçylykly başlangyçlarda işjeňligini artdyrmak, Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işini giňeltmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmek başlangyjy öňe sürler. 

     BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köp dilliligi goldamak baradaky Kararnamalaryny durmuşa geçirmek üçin «Köp dilli diplomatiýanyň halkara gününi» yglan etmek boýunça başlangyjy öňe sürmek, şol sanda «Parahatçylygyň we ösüşiň esasy hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy» atly Kararnamany taýýarlamak teklip edilýär. 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyz geljekki ýyllarda BMG-niň düzüminiň degişli geňeşlerinde agza hökmünde işjeň çykyş eder. Şeýle hem ýurdumyzyň 2031-2032-nji ýyllarda Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna we beýleki saýlawly wezipelere saýlanmagy boýunça taýýarlyk işleri dowam etdiriler. 

     Ýokarda sanalan ugurlaryň her biri ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda soňky ýyllarda alnyp barylýan işleriň gerimini giňelder. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ählumumy başlangyçlar arkaly ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli ynsanperwer başlangyçlary rowaç bolsun! 

 

Kerimguly GELDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

1 ... 6 7 8 9 10 ... 104