​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
11.09.2025

Röwşen geljegiň aladasynda

 

     Döwletli Diýarymyzda eneligi we çagalygy goramak, nesilleriň sagdyn hem-de bagtyýar geljegini üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň möhüm ugruny emele getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, hormatly Prezidentimiz hem bu ugurda giň möçberli işlere badalga berýär.

 

     Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Arkadag şäherinde bolup, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän Arkadag lukmançylyk klasteriniň gurluşygy bilen tanyşmagy bu babatda möhüm ädimleriň biri boldy. Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasynda görkeziljek taslamalaryň taýýarlygy boýunça beren möhüm maslahatlary serginiň has guramaçylykly geçirilmeginde möhüm orna eýe boldy. Bu işler ýaş nesliň sagdyn ösmegi, olaryň durmuşda giň mümkinçiliklere eýe bolmagy ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

     Milli kanunçylygymyzda eneleriň, çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatynda Türkmenistanyň Mejlisinde birnäçe möhüm resminamalar kabul edildi. Bu kanunçylyk namalary ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygyny goramaga gönükdirilen döwlet tagallalarynyň berk binýadyny emele getirýär. 

     Milli parlamentimiz tarapyndan yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk ulgamy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Bu ugurda täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek işleri geljekde-de dowam etdiriler.

     Enäniň saglygyny goramak — çaganyň saglygynyň kepili. Şu ýörelgeden ugur alyp, ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň hukuklaryny goramak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Arkadag şäherinde gurulýan döwrebap lukmançylyk klasteri bolsa ýurdumyzyň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine laýyklykda ösüş ýolundan ynamly barýandygynyň, döwletimiziň ýaş nesil baradaky mähirli aladasynyň nobatdaky beýanydyr. 

     Biz eneligi we çagalygy goramak babatda alnyp barylýan işleri kanunçylyk taýdan goldamakda, täze başlangyçlary ygtybarly hukuk binýady bilen üpjün etmekde ähli güýç-gaýratymyzy gaýgyrmarys.

 

Züleýha JORAÝEWA,

Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat uýasy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.