Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Halkymyzyň milli däp-dessurlaryna laýyklykda, täze zada «Gutly bolsun!» diýilýär. «Gut» sözüniň özi «bagt» sözi bilen manydaş bolup, täze zadyň bagt getirmegini arzuw etmegi aňladýar. Her bir täze zat bilen baglanyşykly gutlagyň yzyna tirkelip aýdylýan aýratyn arzuwlar bolýar. Täze lybas geýene: «Gutly bolsun, toýlarda tozsun!» diýilse, ulag edinene: «Gutly bolsun, toýa münmek nesip etsin!» diýilýär. Täze jaýa göçüp gelene bolsa: «Gutly bolsun! Ýurt garşy alsyn, toýly, döwletli jaý bolsun!» diýlip, ýagşy arzuwlar edilýär. Olaryň hemmesine-de: «Sag boluň, size-de nesip etsin!» diýip jogap berilýär. Edilýän ýagşy dilegler adamlaryň arasyndaky dost-doganlygy, mähribanlygy berkidýär.
Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlan Döwletli mekan obasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy bilen, ildeşlerimiziň ýüzlerçesi täze jaýly boldular. Şol gün: «Täze jaýyňyz gutly bolsun!», «Ýurt garşy alsyn!» diýen ýakymly arzuwlar obanyň dumly-duşunda ýaňlandy. Hünji düzülen ýaly setirlenip oturan, 400 hojalyga niýetlenip gurlan döwrebap jaýlar täze obanyň oklaw ýaly köçelerine görk berýär. Ýaşamak üçin zerur bolan ähli amatlyklaryň döredilmegi, giň, ýagty otaglaryň ýokary hilli mebeller bilen üpjün edilmegi, aşhana otaglarynyň milli we häzirki zaman binagärliginiň ýörelgeleri esasynda bezelmegi, howluda ulag üçin ýörite ýeriň bolmagy bu oba göçüp gelenleriň şatlygyny goşalandyrdy.
Şeýle hem 320 orunlyk çagalar bagynyň, 640 orunlyk orta bilim berýän mekdebiň, sport desgasynyň, saglyk öýüniň, söwda merkeziniň, şeýle hem geňeşli giň edara binasynyň gurlup ulanmaga berilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlarynyň dabaralanmasynyň nyşanydyr.
Täze obanyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň Gutlagy okalandan soň, toý bagynyň kesilmegi bilen, Döwletli mekanyň ähli öýlerinde toý pişmeleri bişirilip, jaý toýlary uludan tutuldy. Täze obanyň ýaşaýjylary Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşlaryny beýan etdiler.
Bagtyýar zamanamyzyň rowaçlyklary ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimize daýanmak arkaly amala aşyrylýan özgertmeleriň ajaýyp miweleridir. Ýene birnäçe günden paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem döwletlilik ýörelgelerimiz täzeçil mazmun bilen baýlaşdyrylyp, ýurdumyzy mundan beýläk hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge itergi berjek çözgütler kabul ediler. Döwletli maslahatyň üstünlikli geçirilip, halkymyzyň bagtyýarlygynyň binýadynda duran mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň gutly bolmagyny arzuw edýäris. Diýarymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşynyň dowamat-dowam bolmagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Resul IŞANGULYÝEW, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.