Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmen ili hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döredijilikli zähmet çekip, şanly wakalaryň şaýady bolýar. Dogrusy, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygarly üstümizdäki ýyl taryhy wakalary bilen dabaralanýar. Häzirki wagtda jemgyýetimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem-de Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň uly toýuna taýýarlyk görülýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, möhüm meseleleri il-gün bilen maslahatlaşmagyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biridigini belledi. Häzirki taryhy döwürde bu däpleriň döwletimiziň ösüşiniň esasyna, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigini nygtady. Bu mejlisde Milli Liderimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri geçen döwürde ähli tagallalarymyzyň, gujur-gaýratymyzyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendigine ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz çykyşynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi we degişli resminamalara gol çekdi.
Häzirki wagtda etrabymyzda şanly ýylymyzyň taryhy wakalaryna taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu möhüm işe syýasy partiýalaryň etrap komitetleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Wagyz-nesihat çäreleriniň talabalaýyk geçirilmegi ugrunda ähli tagallalary edýärler.
Ali RAHMEDOW. Ýolöten etrap häkimliginiň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.