​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
12.09.2025

TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN WEZIPELERI

 

     Türkmenistan BMG-niň adamzat ýaşaýyş-durmuşynyň goragynyň üpjün edilmegini, adam hukuklarynyň, azatlyklarynyň  kepillendirilmegini, syýasy-ykdysady çökgünligiň öňüniň alynmagyny, ýurtlaryň ösüş çygryndaky gazananlaryna hormat goýulmagyny gazanmak ugrundaky tagallalarynyň berkarar bolmagyna hem-de häzirki zaman wehimleriň we howplaryň öňüni almaga, olaryň täsirini peseltmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar. 

 

     Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary esasy ugurlaryň birnäçesini özünde jemleýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine ilkinji gezek «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly bent girizilip, onuň çäklerinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy», şeýle hem döwletimiziň halkara jemgyýetçilikde araçylyk tagallalaryna goşýan goşandy hökmünde «Halkara araçylyk güni» atly Kararnamalaryň taslamalaryny hödürlemek teklip edilýär. Bu bolsa dünýäde «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar. 

     Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary bolup durýan ulag-energetika we suw-ekologiýa diplomatiýasy boýunça täze başlangyçlar hem Bitarap Türkmenistanyň ileri tutýan wezipeleriniň esasyny düzýär. Türkmenistan Baş Assambleýanyň ýubileý sessiýasynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek baradaky Kararnamany öňe sürer hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda Dünýä sanly integrasiýa platformasyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş eder we Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip eder. Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin konwensiýalaryň taýýarlanylmagy möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu konwensiýalar serhetara suw serişdelerini netijeli we adalatly ulanmak üçin ygtybarly halkara hukuk esasyny emele getirer. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Hazar ekologik başlangyjynyň» çäginde 2026-njy ýylda ikinji Hazar ekologiýa forumyny geçirmek teklip edilýär. 

     Türkmenistan «Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi» atly halkara forumy, şol sanda parahatçylygyň, ynanyşmagyň we birek-birege hormatyň medeniýeti boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi teklip edýär. Bu sammitiň netijesinde «Halkara ynanyşmak kodeksini» işläp taýýarlamaga çagyryş beýan ediler. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» mowzugy boýunça halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýaşlaryň halkara gatnaşyklarda we parahatçylykly başlangyçlarda işjeňligini artdyrmak, Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işini giňeltmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmek başlangyjy öňe sürler. 

     BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köp dilliligi goldamak baradaky Kararnamalaryny durmuşa geçirmek üçin «Köp dilli diplomatiýanyň halkara gününi» yglan etmek boýunça başlangyjy öňe sürmek, şol sanda «Parahatçylygyň we ösüşiň esasy hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy» atly Kararnamany taýýarlamak teklip edilýär. 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyz geljekki ýyllarda BMG-niň düzüminiň degişli geňeşlerinde agza hökmünde işjeň çykyş eder. Şeýle hem ýurdumyzyň 2031-2032-nji ýyllarda Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna we beýleki saýlawly wezipelere saýlanmagy boýunça taýýarlyk işleri dowam etdiriler. 

     Ýokarda sanalan ugurlaryň her biri ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda soňky ýyllarda alnyp barylýan işleriň gerimini giňelder. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ählumumy başlangyçlar arkaly ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli ynsanperwer başlangyçlary rowaç bolsun! 

 

Kerimguly GELDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty