Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletli tutumlar, üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň agzybir halkyna, eziz ýurduna bolan egsilmez söýgi-sarpasynyň, öňdengörüjilikli syýasatynyň ajaýyp miweleridir. Şeýle tutumly işleriň, asylly ýörelgeleriň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti örän uludyr.
Halk Maslahaty güneşli ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly wajyp meseleler babatda oňyn çözgütleriň kabul edilmegine halk wekillerini işjeň çekmäge uly ýardam edýär. Munuň özi milli demokratiýanyň kämilligiň täze belentliklerine göterilýändigini görkezýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini öňküden hem berkidip, asyrlaryň kämillik mekdebinde taraşlanan demokratik ýörelgelerimiziň has-da baýlaşmagyna itergi berer.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda döredildi. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän bu ýokary edaranyň hukuk binýadydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň köptaraply ösüşinde täze taryhy döwre gadam basmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata Watanymyzyň dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly döwletleriniň hataryndaky mynasyp ornuny yzygiderli pugtalandyrmak, halkymyzyň abadan, eşretli ýaşaýyş-durmuşynyň binýadyny has-da pugtalandyrmak maksadyna gönükdirilen taryhy tutumlar, öz nobatynda, jemgyýetiň we döwletiň sazlaşykly ösüşinde täze talaplardyr zerurlyklary ýüze çykarýar. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmak, oýlanyşykly özgertmek döwrüň öňe çykarýan wajyp meseleleriniň biridir. Bular babatda Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň anyk çözgütleri ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün etmegiň gözbaşy bolup durýar.
Ýurdumyzyň ähli ugurlarda durnukly ösüşini gazanmak ýaly asylly maksatlar nazarda tutulyp döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütlerini, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen ygtyýarlyklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisi, Ministrler Kabineti we beýleki döwlet edaralary ýerine ýetirýärler. Halk Maslahaty ýurdumyzyň Konstitusiýasyny we Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garaýar we olary makullaýar. Şol bir wagtda, bu ýokary wekilçilikli edara döwletiň içeri, daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, ýurdy syýasy, ykdysady, medeni, durmuş taýdan ösdürmegiň maksatnamalarydyr kanunlaryna garamak hem-de makullamak hukugyna eýedir. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky ýüzlenmelerini diňleýär, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar, kanun çykaryjylyk başlangyçlaryna bolan hukugyny, ýurduň kanunlarynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek babatda anyk wezipeleri kesgitledi. Şol wezipelere abraý bilen hötde gelmek syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň şu günlerki alyp barýan işleriniň mazmunyny düzýär. Welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň arasynda alyp barýan wagyz-nesihat, düşündiriş işlerimizde şanly ýylyň taryhy wakasyna öwrüljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň berkarar ýurdumyzyň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemekde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň strategik maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde, döwletlilik ýörelgelerimiziň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini gazanmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna aýratyn ünsi çekýäris. Agzybir türkmen halkyny kämillik belentliklerini nazarlaýan milli demokratiýanyň nurana ýoly bilen röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy alkyşlaýan hoşallyk sözleri bolsa geçirýän wagyz-ündew çärelerimizde belentden-belent ýaňlanýar.
Guwanç ÇENDIROW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.