Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Garaşsyzlyk güni halkymyzyň özbaşdaklyk, azatlyk, erkinlik, agzybirlik, garaşsyz Watan, ene topragymyzyň goýnunda berk binýatly döwletiň kemala gelmegi hem-de birlik-bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwlarynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan şanly sene bolmak bilen, ol döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny üpjün edýär. Garaşsyzlyk türkmene baky bagty, sowulmajak bahary bagyş etdi. Onuň halkymyza eçilen miweleri hakynda mysallara ýüzlensek, şolaryň ilkinjileriniň biri hökmünde agzalmaga mynasyp bolan ulgam ylym-bilim ulgamydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, nurana geljegiň möhüm şerti bolan bu ulgamyň kämilleşdirilmegi, halkara ülňülere laýyk getirilmegi, täze innowasiýalaryň hasabyna maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi babatda durmuşa geçirilen işler göwnüňi göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, watansöýüji, milli ruhda terbiýelenen kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize peşgeş beren mizemez gymmatlygydyr. Şeýle asylly işler ata Watanymyzyň ösüşinde ýaşlaryň ornunyň hem-de goşandynyň ýokarydygyna bolan uly ynamyň netijesidir. Şeýle-de parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny berkitmekde, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakda ylym-bilimiň aýratyn ornunyň bardygyny nygtamak ýerliklidir. Bu babatda ýurdumyzda ylym-bilimden ýüki ýetik kämil nesli kemala getirmek ýaly möhüm wezipäniň ýerine ýetirilmeginde ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» aýratyn orun degişlidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary netijesinde amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri röwşen geljegimiziň, bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynyň oňyn özgertmeleri halkyň beýik taryhyny kemala getirdi. Bu täze taryhy döwür dünýä giňişliginde şöhratlanýar, äleme ýaýylýar. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan baýram ediljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy ruhy joşguna, egsilmez buýsanja beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň hoşniýetli daşary syýasaty bolsa dünýä bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine eýermek bilen, häzirki zamanyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky öz täsirini we abraýly ornuny barha pugtalandyrýar.
Halkymyzyň milli däplerine esaslanyp, mizemez durmuş kadasyna öwrülen parahatçylyk syýasatyny giňden dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri rowaç bolsun!
Annabagt Maýewa, welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.